Makalalar

Türkmen hanlar we Serdarlar

Sözbaşy
 
Türki halklararynyň iň gadymylarynyň biri bolan türkmen halkyň geçmişinde uly yz galdyran görnükli şahsiýetleri sanardan köpdür. Olaryň Türkmen halky üçin biteren hyzmatlaryny hertaraplaýyn doly we dogry öwrenip, halk Köpçiligine ýetirmek bolsa öz halkyny çyn ýüregden hormatlaýan her bir ynsan üçin parz işdir.Çünki parasatly ata-bablarymyzyň örän jaýdar aýdan aýdyşlary ýaly „ könesi bolmadygyň- täzesi bolmaz.
 
 Öz ata-babalarynyň, milletiniň şohratly geçmişinden bihabar adam sözüň hakyky Manysynda milli busançsyz, ruhy taýdan goýduk bolýar.  Şoňa görä-de, Türkmenistan ylymlar akademiýasynyň „ Ensiklopediýa  “Neşirýatynyň  işgärleri ýokardaky düşünjeden ugur alyp, Türkmen halkynyň milli galkynşyna, onuň agzybirligi- ne  hem jebisleşigine azda-köpde hemaýaty deger diýen ýagşy niýet bilen, eliňizdäki ketapçany taýýarlandy.
 
Bu ketapçyda Türkmen halkynyň meşhur hanlarydyr serdarlarynyň ömür ýollary, olaryň Türkmen halkynyň agzybirligi,abadançylygy ugrunda bitiren işleri, görkezen gahramançylyklary ogurda gürrüň berilýär.
 
Mälim bolsy ýaly totalitar( şahsiýetleriň hukuklarynyň güç bilen basýan )Düzgünüň höküm süren 70 ýyldan köpräk  wagtyň dowamynda Türkmen halkyny şohratly ata-babalarynyň geçmeşinden mahrum etmek, mümkingadar goýlan, negatiw* maglumatlary bermek   ideologiysyna gulluk edildi.
 
 Şol nädogry idiologisynyň netijesinde Türkmen halkyň ruhy medeniýetiniň ähli babatynda bolşy ýaly , özünüň Nurberdi han , gawşut han, jüneýt han, eziz han ýaly gerçek ogullaryň dogurçyl tarihy maglumatlardan hem binesip galdy.
  
Eliňizdäki kitapça Türkmen  halkynyň Taryhy geçmişindäki şol Böwşeňlikleri, boluklary doldyrmaga belli derejede hemaýt eder diýip omid edäýrin.Türkmen hanlar we serdarlaratly bu kitapda belli Türkmen hanlary-
 dyr. serdarlarynyň bir näçe sanysy alynyp, olar, okuji üçin amatly bolar ýaly elipbitertibinde ýerleşdirildi.
 
Şu kitapçany taýarlamaga ýakyndan kömek eden awtorlary her makalanyň soňunda-däl, şu ýerde görkezmäni makul bildik.
Olardan Türkmenistaniň halk ýazyjysy, taryhy ylymlarynyň kandydaty Rahim esenow – „Eziz han“ maklasyny, halypa jurnalist, jüýma- gursal rawy ( gürrüňçi) Rejep gaýyipguliew „ keýmir kör“ , „ hojam şükür“ , „ gulbatyr serdar“ , „ Nurberdi han“, „ Gowşut-han“, makalasyny, Nargylyç hojageldiew- „Dykma serdar“„ Orazmämed han“„ Berdi myrad han“ makalalaryny; tarih ylymlarynyň kandidaty, ýazyji ýazmyrat Mämmediew- „Täç gök serdar“ makalasyny; Tarih ylymlarynyň kandydaty  Ata Nuriew- tarapyndan taýýarlandy.
 
Halk arasynda „ Bir kemsyz gözel bolmaz“ diýilşi ýaly, bu kitapçyda kä bir säwlikleriň bolmagy mümkin. 
 
 
Aba serdar
 
16-nji asyrda Türkmenistanin Etrek, Gürgen etrapynda ýaşap geçen görnükliTürkmen serdary Aba serdar Türkmeniň okly taýpasynyň kethudasy bolupdyr.
Ol Türkmenistaniň geçmişinde ** Aba serdaryň gozgalaňy ** ady bilen belli bolan halk gozgalyňyna başarjak serkerde hökmünde ýolbaşçylyk edipdir.Bu gozgalaňyň döremegine halk köpçüliginiň çykgansyz jebir-sütem- lere sezawar edilmegi sebäbi bolupdyr.Şol döwürlerde Etrek, Gürgen Türkmenleri( Gökleň, Okly, Emreli we beýlekiler) Hiwe hanlygynyň raýaty hökmünde  Horazym soltanlaryna agyr salgyt ( pul, mal we nöker) töleýär ekenler.Munuň üsti-üstünede 1550- nji ýylda Eýranyň Astarabad welaýatynyň täze häkimi Keçel şahberdiniň hem Türkmenlerden agyr paç ýygnamaga synanyşmagy netijesinde, halys degnesine degilen halk ezijilere garşy aýaga galýar.
Gozgalaňçylar  Aba sedaryň baştutançylygynda Eýranly salgyt ýygnaýjylaryň ýolbaşyçysy hem-de keçel şahberdiniň garyndaşy Şatyr begi öldürýär.Muny eşidip, gahar-gazaba münen Keçel şahberdi Türkmenleriň üstüne Agyr guşun çekip barýar.Okly Türkmenleri onuň goşunyny derbi-dagyn edip, özüni hem tutup öldürilýär.
Şondan soň gozgalaňyň dabarasy dag aşýar.Bütün Türkmen obalaryna şeýle hem Astarabadyň kä bir etraplary- na ýaýraýar .  Eýran şahsy Tahmasyp şanyň (1527- 78) uly goşun iberip,Aba serdaryň gozgalañyny ýatyrmak üçin eden bir näçe synanşyklary şowsyz  bolupdyr.
Aba serdar Eýran bilen öňden urşup gelýän özbek hökümdary Ali soltan bilen ylalşyk baglaşýar we onuň  köpsi özbeklerden ybarat bolan goşunyna daýanyp Eýran goşunlarynyň 1554- nji hem-de 1557-nji ýyllarynda uly hüjümlerini kül-peýkun edýär. Bu ýeňişler Aba serdara uly şohrat getirýär. Ol bütün Astarabat welaýatyny diýen ýaly öz raýatyna geçirýär.
Türkmen atly ýigitlerniň serkerdesi Aba serdaryň bu söweşlerniň  netijesinde Bütün kenarýaka Türkmenleri10-12 ýyllap Eýran häkimiýetlerine garaşsyz bolupdyrlar.Gozgalaň netijesinde Etrek sähralaryndaky Türkmen taýpala- rnyň birleşmesi emele gelipdir. Birleşme Aba serdar öldürlenden ( ol ukuda ýatyrka Eyran häkimiýetleriniň ýörite tabşyrgy bilen,öz pars aýalnyň gulytarapyndan öldürilýär) soň hem bir näçe wagtlap dowam edipdir we Türkmen leriň özbaşdaklagyny gorap saklapdyr.Batyr serkerde Aba serdaryň baştutanlyk eden gozgalaňy onuň öldüril-
-megi bilen kem-kemden ýatyşan hem bolsa,
Türkmen halkyna siýasi taýdan ulya braý getiripdir.Soň-soñlar Astarabat ülkesinde Türkmenleiň täsiri güýçli bolupdyr.Umuman, Aba serdar Türkmen halkynyň azatlygy, garaşsyzlygy ugrunda jan aýaman göreşen gaýduwsyz serkerde hökmünde tarih-da yz galdyran şahysdaryň biri-dir. 
 
 
Abdyrahym Han    
  
Belent mertebeli kakasy ýaly Hanlaryñ hany ada eýe bolan   Abdyrahym, meşhur şahir,alym serkerde,diplomat hökmünde hem tanalypdyr.                                                          
 Ol beýik mogollaryñ 3nji hökümdary Ekber  Şanyñ ýakyn egindeşidir. Abdirahim Han 961 hijri( 1556 miladi) ýylynyñ sapar aýynyñ onunda, çarşanba güni Hindistanda eneden dogulýar.Bäş ýaşynda atadan galypdyr.
1561nji ýylda Baýram Han öldürlenden soñ,Ekber onuñ dül galan  aýaly Selime soltan begime öýlenýär hem-de ýaşajyk Abdyrahima hossarlyk edýär. 
Abdyrahymyñ ejesi Selime soltan begime özi hem magfi edebi lakamy bilen Şygyrlar ýazypdyr.Ýaş oglany bir näçe ýylyñ dowamynda Baýram Hanyñ dostlary Türkmenler, Hindiler terbiýeländirler.Ekberiñ görkezmesi boýunça tiz wagytdan Ahmet abatdan añry geçirýärler Şeýlelik bilen, kiçijik Abdyrahym mogollar köşgüne düşýär,şol ýerde ymykly bilim alýar.Abdyrahymy terbiýelemek işi bilen diñe bir musulman alymlyry däl eýsem onuñ añyna bütün Hindistan söýgi dügüsini ornaşdyran Hindi nanditleri( alymlary) hem meşgullanypdyr.
Abdyrahym arap, pars, hindu, urdu, Türkmen dillerini öñat öwrenipdir.
Bu dillerde ajaýyp şygyrlary döredipdir.
Esasanam ol Hindi dilindäki edebiýatda genýal şahir diýen şohrata eýe bolupdyr.Abdyrahym Hindistanyñ görnükli şahirlary Tulsy Dasyñ we Sur dasyñ döwürdeşi bolupdur.Ony bu şahirlar bilen mizemez dostluk baglanyşdyrypdyr Abdyrahym örän  tanymal, meşhur we baý adam bolany üçin ol şahyrlara her bir jähetden kömek edipdir. Hindi edebiýatynda Abdyrahymyñ  şohraty ägirt uly bolupdyr.Hindi alymlarnyñ köp sanly işleri onuñ Hindi dilindäki poeziýasyna bagyşlanypdyr.
Abdyrahymyñ hindi dilindäki „ Madanaştak“( Biçak joşgunly düýgülar hakyndaky şygyrlar),“ Paspançahýan“( Kirişnanyñ hornunyna bäş aýdymy),ýaly çeper eserleri şu güne çenly Hindistanda uly şohrata eýe bolup gelýär. Onuñ Pars, Türkmen dilindäki eserleri öz yaşan döwründe hem,ondan soñ hem neşir edilmändir, öwrenilmändir,  toplanylmandyr.                               
 
Abdyrahymyñ Pars,Türkmen dillerindäki şygyrlary onuñ Hindi dilin- däki poetik Mirasynyñ ujypsyz bölegi bolup durýar.Abdyrahym öz döwrüniñ meşhur adamlarnyñ köpsi bilen Türki dillde hatlar ýazyşypdyr.Onuñ döwürdeş adamlaryna iberen şol hatlarynyñ Hindi horonikasynda. Esasan hem şahiriñ ömür ýazgysyny ýöreden Abdylba- ky Nahowandynyñ arhywynda saklanyp galypdyr.
Iberlen şol hatlar Türki dilde şygyr yazan dürli ýazyjylara degişli şahyrana bentlerden doly bolupdyr.Ol zahiretdin muhammed babaryñ Pars dilindäki „ Babirname“ atly meşhur işini terjime edipdir.
Abdyrahym 1622nji ( miladi) ýylda aradan çykypdyr.
 
          
Arapmuhammed Han
 
Arapmuhammed Han 1602-1621nji ýyllarda Hiwe-da Hanlyk edipdir. Ol ilki Durunyñ hökümdary, atasy Hajimuhammed Han ölenden soñ, bütün Hiwañ Hany bolýar.Onuñ höküm süren döwründe Horezimde gazaply ,gandökişikli Feodalçylyk uruşlary bolupdyr.Şol uruşlara Türkmen Han-begleri we taýpalar köpçülikleýin gatnaşypdyrlar.
Ol uruşlar Horazmy we bütün orta Aziani Russ döwleti bilen baglanyşdyrýan söwda ýollaryny, ýer-suwy,siýasy häkimiýeti eýelemek maksdy bilen alnyp barlypdyr. 
Arapmuhammed Han halkyñ suwa bolan mätäjligini ýeñilleşdirmek üçin1602nji ýylda amyderýanyñ aşak akymynda, Nöküsiñ demirgazak tarapynda uly Kanal gurdyrypdyr.Emma bu hem suw ugrundaky göreşi gowşa- dyp bilmändir suw gytçylygyny kanagatlandyrmandyr.
Arapmuhammed Han döwründe,ilki Türkmen Han-begler  agalyk ediji ýagday eýeläpdirler,emma soñra bir wagytlar göçüp giden Goñratlar Maññytly Özbek taýpalary we başgalar Horezme gaýdyp gelipdirler.
Şol taýpalaryñ Han-Begleri özlerniñ ozalky agalyk ediji ýagdaýyny eýelememek ugrunda dawa edip başlapdyr- lar.Arapmuhammed Han olaryñ talaplaryny kabul etmändir. Şoña görä-de,Naýmanlar we uýgurlar Arapmuha
-mmed Hana garşy bolupdyr.
Arapmuhammed Hanyñ ogullary,Hebeş we Ilbars bolsa şolara daýanyp,öz atasyna garşy çykypdyrlar.Ony tagtyndan agdaryp hem gözüni oýupdyrlar.
 
Atamyrat Han 
 
Atamyrat Han köneürgenç etraplarynda ýaşan ýumutlaryñ öküz urugynyñ gutlybaý tiresinden bolup,ýaş wagtyn- da Hiwa medresesinde bilim alýar.Ol Hiwa Hanlygynda ýaşaýan Türkmenleriñ 1855-67 nji ýyllarda garaşsyzlyk ugrundaky göreşine baştutanlyk edýär.
 
Türkmenleriñ bu gozgalany 19nji asyrda orta asiýada bolan halk hereketlerniñ iñ ulusydyr.Atamyrat Hanyñ atasy Orazmuhamed sedar we agasy Amannyýz serdar Hiwa goşunuñ içindäki Türkmen nökerlere baştutanlyk edip, bir näçe gezek harby ýörişlere gatnaşypdyr.Emma Mary etrapyna edilen harby ýörüşlerniñ birinde Amannyýaz serdar MILLI duýgudaşlyga eýerip,öz Türkmenlerine garşy söweşmekden boýun gaçyrandygy üçin,Hiwa Hany ony beýik minaradan zyñdyryp öldürdipdir.
Onsuz-da Türkmenler bilen Hiwa Hanyñ arasynda ýer-suw meselesi babatda ýyty gapma-garşylyk dowam
edýär. Bu waka hem üsteüsine bolýar.Hiwa Hanyñ eden-etdiligine  garşy Atamyrat Hanyñ ýolbaşçylygyna Türkmenler köpçülikleýin baş göterýärler.
Sarahs söweşinde(1855) Mädimin Han öldürilenden soñ,Hiwa-da  Abdylla Han tagta çykýar Ol 1855nji ýylyñ MAI-AWGUSTYNDA Hiwa Hanlygyndaky ýumutlaryñ gozgalañyny basyp ýatyrmak üçin harby ýöriş edýär. Aksaraý,iýlginli we Ýekedepe diýen ýerlerde bolan harby çaknaşyklarda Türkmenleriñ birleşen topary Hiwa goşununy derbi-dagyn edýärler we Abdylla Hanyñ özüni-de öldürýärler.
Şu wakadan soñ Atamyrat Han Ýumutlaryñ esasy toparnyñ baştutany hökmünde ykrar edilýär we onuñ abraýy has yokary galýar.
Abdylla Han öldürilenden soñ,Hiwa-da tagta çykan Gutlimyrat Han(1855-56) Türkmenler babatda örän hilegär siýasat alyp barýar.Bu maksady üçin ol hatda Ahal,Mary Türkmenlerinden goldaw tapmagy başarypdyr.
 
1855nji ýylyñ NOWEMBER- DESEMBER aýlarynda bolan aýgytly söweşde Ýumut,Ýemreli,Çowdur we beýleki Türkmen tire-taýpalary Atamyrat Hanyñ baştutanlygynda özara birleşip,Hiwa goşunyny ýeñýärler.Şondan soñ Hiwa Hanlygynyñ bütün demirgazak-günbatarynda Atamyrat Han öz hökümdarlygyny ýöredipdir we Türkmenler Hiwa hanyna tabynlykdan çykypdyrlar.
 
1856nji ýylyñ FEBRUAL-da Türkmenleriñ goldaw bermeginde Gutlimyrat Han hem öz garyndaşi tarapyndan öldürilýär we Hiwa-da tagta 34 ýaşly Seýit muhammet Han (1856-64)çykýar.
Ol Türkmenleri ýarag güýji bilen boýun egdirip bilmejigine göz ýetirip, Türkmen tire-taýpalaryny bir-birine garşy öjükdirmek syýasatyny alyp barypdyr.
Şol bir wagtda-da Türkmen,Özbek Gazak gozgalañçylaryna garşy harby güýç ulanypdyr.
1858nji ýylyñ OKTOBIRynda Atamyrat Hanyñ kömek bermeginde goñrat begliginde Garagalpak gozgalañçylary hem ýeñiş gazanýar.
Muhammed Pena bolsa Goñratyñ Hany diýilip ykrar edilýär.
Hakykatda Goñrat begligi ýomutlaryñ 25 sany kethudasy tarapyndan dolandyrylyp,ähli işlere Atamyrat hanyñ egindeşi Berdi Inlis ýolbaşçylyk edýär.Ýöne ýomutlar bu ýerde eden-etdilige ýol berip,halkyñ närazyçylygyny döredýär.
Bu ýagdaýdan peýdalanyp,Hiwa hany Goñrat begligini ýene-de özüne tabyn edýär.Atamyrat Han we ony goldaýan toparlar bolsa hiç wagt Hiwa Hanyna tabyn bolmandyrlar.
Emma Türkmenler agyzala bolansoñ,öz maksadynyñ amala aşmajygyny-da gowy düşünipdirler.
Şonuñ üçin Atamyrat Han 1858nji ýylyñ TOMSUNDA Hiwa Hanyñ zülmüne garşy göreşmek üçin Patyşah Russiýasyndan ok,ýarak bermeklernyñ hem-de raýatlygy kabul etmeklerini sorap haýyşnama ýazýar emma
onuñ haýyşnamasy kanagatlandyrylmaýar.
1865nji ýylda Türkmenleriñ barlyşyksyz duşmany Seýit Muammet Rahim II Hiwa tagtyna çykýar.Ol Türkmen etraplaryna akýan ýaplaryñ suwuny bekläp,olara garşy goşun sürýär.1866-67nji ýyllarda olaryñ arasynda harby çaknaşyklar izigiderli gaýtalanyp durupdyr.
 
Bu agyr ýagdaýda hiç hilli çykalgy bolmansoñ,Atamyrat Han ýene-de Patyşah Russiýasyndan howandarlyk isläp,olara bir näçe gezek ýüz tutýar.Ol hem netijesyz gutarýar.Üstesine-de,Hiwa Hany Türkmenlere Hiwa bazaryna barmagy we galla satyn almagy gadagan edýär.
Bu agyr ýagdaý Türkmenleriñ belli bir bölegini Hiwa Hany bilen umumy ylalaşyga gelmäge mejbur edýär.
Şeýlelikde Atamyrat Hanyñ hiwa hanynyñ sütemine garşy 12 ýyllap alyp baran aýgytly göreşiniñ iñ soñkisi 1867nji ýylyñ awgustynda basylyp ýatyrylýar.
Atamyrat Han bolsa Hiwa Hanyna tabyn bollmagy özüne namys edip, 40 öýli Türkmen bilen Balkan etrapyna göçýär.
Ol Çlekende ýaşaýan döwründe Russ goşunlarnyñ Gyzyl etrekdäki baş offiseri bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr.
1873nji ýylda Russiýañ Patyşahsy Hiwa Hanlygyny basyp alan soñ Atamyrat Han ýene-de öz dogduk mekanyna göçüp barýar we şol ýerde ömrüniñ ahyrna çenli ýaşaýar.
Atamyrat Hanyñ uzak ýyllaryñ dowmynda  alyp baran göreşiniñ düp maksady ähli Türkmenleri birleşdirip,Hiwa Hanynyñ zülüminden azat etmekligden we olaryñ hiç kime Garaşsyz,özbaşdak,bolmagyny üpjün etmekden ybyratdyr.Emma Türkmenleriñ bilgeşleýin öjükdirilen özara agyzalalygy bu maksady amala aşyrmaga päsgel beripdir.
Ýöne Türkmen halkynyñ  bähbidini näçe ileri hem tutan bolsa,ol özüniñ Hiwa-da hökümdarlyk etmek maksady- ny hem aradan aýyrmandyr.
 
Baýram Han
 
Türkmenleriñ Baharly kablasyndan bolan Muhammet Baýram Han, takminan, 1500-1505nji ýyllarda Badahşanda dogulýar.
Ol harby serkerde,döwlet işgäri,filosof,sazanda hem şahyr bolupdyr.Onuñ Ata-Babalary 15nji asyrda günbatar Eýranda,Azarbaýjanyñ günorta taraplarynda uly döwlet guran Garagoyunly Türkmenlerden bolup,hökümet gullugynda,harby işlerde edermenlik görkezen adamlar eken.
Baýam Hanyñ babasy Şiraly Beg hiratda häkimlik eden Soltan Hosseýni Baýkaranyñ(1471-1506) köşgünde hem hyzmat edipdir.Baýram Hanyñ kakasy Seýfali beg Gazanda şähirdarlyk wezipesini alyp barypdyr.Ol ýakyn gündogarda ady belli Taryhçy Mürze jahan şahnyñ neslinden bolan,Hindistandaky Mogol Imperiýasynyñ baştuta-ny Babyr bilen ýakyn gatnaşyk saklan,onuñ goldawsyndan peýdalanypdyr.  
 
Baýram Han 16nji asryñ başlarynda Bälh, Badahşan töwereglerine göçüp baran Seýfaly begiñ maşgalasyndan dünýä inipdir.
Başlangyç bilimi hem harby hünärleri şol ýerde alypdyr.Bälhiñ iñ güýçli alymlary oña sapak beripdir.
Baýram Hanyñ ylma we sungata bolan söýgüsi onuñ harby serkerde Bolandygyna garamazdan,ömrüniñ ahyrna çenli saklanypdyr.Bälhda Pars we Arab dillerini düýpli öwrenýär.Şol döwriñ okuw sapaklarynda goşgy düzmekli-giñ Aruz formasyna esasi  orun berlipdir.
Baýram Han hem aruz formasynda goşgy düzen belli şahirlaryñ biridir.
Ol orta boýly,bogdaý reñk,on iki süññi ýerbe-ýer,mertebeliligi Ýüzünden görnüp duran,peşeneli adam bolupdyr. Aýratyn çalasynlygy bilen illeri haýran galdyrypdyr.
Öz Ata-babalarynyñ kesp-käri bolan çabyksuwarlyk,gylyç oýnatmak,naýza sançmak,ok atmak ýaly bir näçe harby hünärleri ezberlik bilen özleşdiripdir.
 
Baýram Han on alty ýaşynda HUMAÝUNYÑ goşunyna meýletin girýär.Goşunda ol çäksiz batyrlygy, dogumlyly- gy, düşbeligi harby taýdan ugurtapyjylygy bilen tapawotlanýar.
Hatda bir ýyl geçmänkä,ol şahzada Humaýunyñ ýakyn egindeşleriniñ biri we geñeşçisi bolýar.Baýram han ilki Şah Ismaýyl Hataýynyñ(1487-1524) soñra Mogollar dinastiýasyny esaslandyran Muhammed babyryñ (1483-1530) goşun serkerdesi bolýar. Babyr ölenden soñ onuñ ogly Humaýun(1508-56) imperator (1530-56) bolýar. Humaýunyñ häkimlige geçen döwri beýik Mogol imperýasynyñ gowşan döwrüne gabat gelýär.
 
Mogol imperatory Humaýun bilen onuñ doganlary Mürze eskeriñ Kamran mürzäniñ Mürze Hindalyñ tagt üstündäki dawalary sebäpli Mogol imperýasy dargaýar.
1539nji ýylda Mogollaryñ howpli duşmany,Owgan taýpasynyn sury tiresinden bolan Şir şah özüni Imperator diýip yglan edýär.
 
Humaýun ondan gaçyp gidýär.
Baýram Han Humaýunyñ bähbidine güýçli diplomatic işleri alyp barýar.Humaýun Baýram Hanyñ maslahaty bilen Babyryñ mirasdüşeri,Eýran şahsy Tahmasypdan harby kömek soraýar.Eýran şahsy harby kömek berýär.
Eýran goşunyn kömegi,mogollaryñ edermenligi we owgan serdarlarynyn arasyndaky dawanyñ mogol goşun serkerdesi Baýram Han tarapyndan öñat peýdalanmagy netijesinde demirgazak Hindistanda beýk mogol imperýasy gaýtadan dikeldilýär.
Baýram Han imperator Humaýunyñ ähli ýörişlerine we diplomat Işlerine gatnaşýar,imperatoryñ ýanynda uly wezipe eýeleýär  hem-de onuñ hakyky dosty bolýar.
Humaýun Baýram Hanyñ döwlet derejesindäki akyl-paýhasyna uly baha beripdir we öz aralaryndaky dostlygy garyndaşlyk gatnaşygy bilen berkitmek isläpdir.Baýram Han hem özüniñ Humaýuna wepalylygyny ençeme gezek subut edipdir.
1540-nji ýylda Kannawujyñ etegindäki uruşda Baýram Han mogol goşunyñ awangardyna başlyklyk edýär we Şir şahnyñ goşuny bilen bolan söweşde ýesir düşýär.
Şol wagytlar batyr,harby serkerde Baýram Hanyñ şöhraty,at-awazy,eýýäm Awgan ýürdine hem ýaýranypdyr.Şir şah her edip hesip edip ol batyr Türkmeni öz tarapyna yrmak isleýär.oña iñ yokary derejeler,ummasyz peşgeşler wada edýär.
Emma BaýramHan Şir şahnyñ teklibini inkär edýär.Şol aralykda Baýram Han bir oñaýyny Tapyp,Humaýunyñ tarapdary,Abul  kasym bilen gaçýar.Şir şah Baýram Hanyñ gaçandygyny eşidip, ony tutup öldürilmegi buýurýar.
 
Gujaratyñ ýolunda ol iki gaçgak ýene-de ýesir düşýär.Bugezek ony Gujaratdan gaýdyp gelýän Şir şahnyñ ilçisi ýesyr alýar.Abul kasymyñ daşky keşbi Baýram Hana örän meñzeş bolupdyr.Şonda Baýram Han öñe çykyp:
 
Men­- Baýram Han! Ine,name etseñiz ediberiñ!- diýýär.Onda abul Kasym öz dostuny halas etmek üçin:
- Ýok,ýok, ol meniñ hyzmatkärim,ol öz janyny gurban edip,hojaýynyny azat etmekçi bolýar.Men onuñ dogumlylygyna, batyrlygyna we wepalylygyna haýran galýaryn.ol batyry goyberiñ! MenBaýram Han! Diýipdir.
 
Baýram Han özüniñ Baýram Handygyny näçe subut etjek bolsa-da başa barmandyr.Netijede Baýram Han azat bolup,onuñ wepaly batyr dosty Abul kasym öldürilipdir.
Şondan soñ Baýram Han uzak wagtlap sergezdançylyk edip,Humaýuna ykrarly bolan Gyjarat hökümdary mahmydyñ ýürdine barýar.
Şeýlelikde, Baýram Han iki ýyl geçenden soñ,özüniñ ýolda toplan kiçiräk goşuny bilen Humaýunyñ lagerine gaýdyp barýar.16-nji asryñ ortalarynda Babyrañ imperýasynyñ ýürdi giñelýär. .Munda talantly goşun serkerdesi Baýram Hanyñ hyzmaty bolupdyr.
Bayram Hanyñ Mogollaryñ ýeñişlerine goşandy,onuñ pähim- paýhasy üçin mogol imperatory Humaýun Eýran şahsyTahmasyp bilen bilelikde Bayram Hana şol döwrüñ iñ yokary harby derejesi `HANLARYÑ HANY` we ähli Türkmen taýpalarnyñ aksakgaly diýen titli berýär.
 Humaýunyñ karary bilen Baýram Han Gandaharyñ häkimlige bellenýär.Bayram Hanyñ Gandahary dolondyrma- ga bellenmegine Humaýunyñ doganlary Kamran Mürze,Mürze eskeri, Mürze Hindal garşy bolýarlar we Baýram Hana her hilli şyltaklar atyp,Humaýuna ýamanlaýarlar,ýöne paýhasly Humaýun beýle zatlara ynanman,ony öz ogly Ekbere atalyk belleýär.
 
Ekber on dört ýaşyna baranda Mogol imperatory Humaýun aradan çykýar we ýaşajyk Ekber beýik Mogol imperýasyna imperator bellenýär.
 
(1556-1605) Ekber on sekgiz ýaşyna ýetýänçä,Baýram Han beýik Mogol imperýasyny Ekberiñ ady bilen dolandyrýar.
Ekber Baýram Hanyñ wepalylygyna,pähim-paýhasyna hormat goýupdyr we Oña `Han baba`diýip,ýüzlenipdir. Humaýunyñ goýup giden wesýetnamasy esasynda Baýram Han babyrñ agtygy, Şah neberelerinden bolan Selime soltan begime öýlenipdir we ömrüniñ ahyrn çenli Ekberiñ atalygy hem baş weziri bolupdyr. Baýram Han ynsan üçin möhüm häsiýetlerden söz açyp, her bir ýigide üç sany synatyñ hökmandygyny nygtalapdyr:
 
1. Häkimleriñ ýanynda özüñ alyp barmagy başarmaly
2. Garyp-gasarlaryñ göwnünden turup,olara duýgudaşlyk etmeli
3. Alymlaryñ ýanynda aýtjak sözüñi bilip aýtmaly.
 
Baýram Han Abdyrahman atly ogly bolýar.
Oña-da `HANLARYÑ HANY`diýen ýokary dereje berlipdir.
Ol bäş dilde goşgy düzen uly şahyr bolupdyr.Baýram Hany 1561ýylyñ 31 nji desember-de Gujaratda mübärek pohany diýen hanyñ zalymlyk bilen arkasyndan pyçaklap öldürýär.
 
Baýram Hanyñ diñe bir sany goşgylar ýygyndasy ele salnypdyr, şonda onuñ pars dilinde ýazan goşgularnyñ 1216 setiri,Türkmen dilinde 718 setiri ýerleşdirlipdir. Onuñ Türkmen dilindäki goşgularynda geçmişde Türkmen, Özbek, Gazak, Gyrgyz, Garagalpak halklar üçin ortalyk bolan Nagataý diliniñ täsiri duýulýar.Ulanan esasy goşgy formalary gazal hem rubagydyr.
 
Goşgularyñ agramly bölegi söýgi hakda,galanlary harby gahramançylyk we aýry-aýry şahslary taryp edýän şygyrlardyr.
Baýram Han özüniñ döredijiligi ýadawsyz tagallasy bilen orta Asiýa,Owganistan,Horasan,Eýran Hindustan ýaly gadymy gündogar ýürtlerinde halklaryñ medeni hyzmatdaşlygynyñ ösmeginde hem-de olaryñ özara dostlygyn- yñ pugtalanylmagynda ägirt uly rol oýnan şahysdyr.
 
 
 Baýramaly Haný 
  
Baýramaly Han Marynyñ hökümdary bolupdyr.ol Maryda gajarlaryñ agalygyñ berkleşdyrmek ugrunda göreşip- dir.Salyr we saltyk Türkmenleri bilen hem belli bir derejede hyzmatdaşlyk edipdir Baýramaly Hanyñ döwründe Maryda ekrançylyk,hünärmençylyk we söwda ep-esli derejede ösüpdir.Şi-eler bilen sünnileriñ goreşiniñ ýitileşmegiñ netijesinde Baýramaly Hanyñ Buhara Emirligi bilen aragatnaşygy ýaramazlaşypdyr.
 
1785nji ýyllarda Şamyrad Welinamy Buharadan Mara iki sapar ýöriş edipdir.
ilkinji söweşde Baýramaly Han(1785) wepat bolupdyr. Soñra onuñ ogullary,garyndaşlary we Mary şährinde ýaşaýan muñlerçe gajarlar buhara sürülip äkidilipdir.Köne Maryny suw bilen üpjün edýän soltanbent gatlasy sakçynyñ dönüklik etmegi netijesinde weýran edilipdir.Şähir sowsyz galyp,ýürtde açlyk,gedaýçylyk başlanypdyr.
Şamyrat öz ogly Din Nasyr begi Mara häkim edip belläpdir.
Baýramaly Han ölenden soñ Maryda gajarlaryñ agalygy synyp başlapdyr we 1807nji ýylda Tekeler Gajarlaryñ iñ soñky bölegini Maşada göçüripdirler.Şondan soñ welaýat doly Türkmen taýpalarynyn eline geçipdir.
Baýramaly şäheriniñ demirgazak-gündogar tarapyndaky köne Marynyñ galyndalarynyñ bir bölegi hem Baýram- aly Han galasydyr. Baýramaly Han galasy diýlip atlandyrylsada,ol galany Baýramaly Han saldyrmandyr.15nji asryñ birinji ýarymynda Abdylla Han galasy salnypdyr,ikinji ýarymynda bolsa (teýmur leñ döwründe) Baýramaly Han galasy salnypdyr hem-de bu iki gala utgaşypdyr,bilelikde bolsa Baýramaly Han galasy diýlip atlandyrypdyr.
 
 
Berdimyrat Han
 
Berdimyrat Han Nurberdi Hanyñ birinji aýaly Nurgözelden bolan oguldyr.Ol juda ýaşka wepat bolupdyr we onuñ terjimehaly,bitiren isleri barada saklanyp galan ullakan ýazuw ýädigärligi ýok.
1879nji ýylda Nurberdi Han Marydaky hanlygyna maslahata gidende,wagtlaynça Berdimyrat Hany eýrine Ahala Han saýlapdyr.Ýöne ol entek ýaş bolan soñ,Nueberdi Hana ýakyn iki adamOrazmämet Han bilen Gurbanmmy-rat işan oña geñeşdarlyk edipdir.
Berdimyrat Hanyñ Hanlyk eden döwri Russ goşunlarynyñ generallary Lazarewiñ hem Lomakiniñ baştutanlygyn- daky ilkinji Ahal-teke ekspediýasyna gabat gelýär.ekspedisiýany taýýarlan hem oña baştutanlyk eden general Lazarow bolupdyr.
Emma ol 1879nji ýylyñ 14nji awgustynda Gökdepe galasyna Hüjüm edilmezinden bary-ýogy ýarym aý öñünden aradan çykypdyr.Onuñ deregine general Lomakin wagtlaýynça bellenipdir.
Russlaryñ gelýändigini eşidip,Tekeler Aşgabat-da maslahat geçirýärler.Şol maslahatda hem general Lazarewiñ Dykma serdaryñ adyna iberen haty okalýar.Tekeler `Russlary aşgabada goýbermeli däl uruşmaly` diýen karara gelýärler.
Gökdepe galasyny gurmaly,ilaty şol ýere ýygnamaly edýärler.
Galanyñ gurluşygyna hemme kişi meýletin gatnaşypdyr. Her on maşgala aýratyn paý bölnüp berlipdir.
Şonuñ bilen bir wagtda Russlary ahala goýbermezlik üçin söweş hereketleri hem bellenýär. Berdimyrat Han Orazmämed Han Gurbanmyrat işani ýanyna alyp,dört muñ atly,iki muñ hem pyýada goşun bilen Bendesiñ geçilgesine tarap ugraýar.Soñra bolsa pyýada goşuny Bendesende galdyryp, Berdimyrat Han bilen Dykma serdar Russ goşunlarnyñ öñünden çykmak üçin Hojagala gidýärler.Olar orta ýolda Russ Kazaklaryna gabat gelýärler.
Olara tarap ot açaýarlar.Emma aralyk ok ýeterden daş bolan soñ,olara hiç hilli zener ýetirip bilmeýärler.Russlar bolsa uzaga atýan ýarag bilen iki adamy öldürip,dokuzysyny hem ýaralaýarlar .Berdymyrat Han bilen Dykma serdar yzyna-Bendesene dolanýar.Gaty çalt hereket etmek bilen Bendesendäki pyýada goşun hem alyp,şol gijäniñ özünde Börmä ize çekilýärler.
Börmede maslahat bolýar.Ähli ilaty Gökdepe galasyna ýygnamaly edýärler.ilatyñ ol ýere göçmegine wagt berer ýaly,Tekeleriñ goşuny iki günläp şol ýerde saklanýar.Mundanam başga şol maslahatda ilatyñ gala ýygnamagy- na wagt utmak maksady bilen Dykma serdar hem gyzylarbadyñ Sopy Hany boýun egip barýan adam hökmünde Russlaryñ arasyna ibermeli edýärler.
 
Söweşe ýolbaşçylyk etmäge Berdymyrat Hana doly hukuk berilýär.Ol1879nji ýylyñ 28nji Awgustynda Lomakiiñ goşunlarnyñ hüjüme geçmeziniñ öñüsyrasynda ýygitleriñ arasynda aýlanyp,olary söweşe ruhlandyrýar.Şol gün-       ki söweşde Berdymyrat Han öýniñ üstüne Russlaryñ top oky düşýär.onuñ aýaly çagalary heläk bolýarTop okun-            yñ bölegi Berdymyrat Hanyñ agasy Gurbanyñ kellesini alýar. Berdymyrat Hanyñ özi hem şol günki söweşde agyr ýaralanýar we üç günden soñ şol ýaradan wepat bolýar.
 
Ony gökdepe galasynyñ içindäki diñli depäniñ ileri ýanysynda jaýlaýarlar onuñ mazary şu günler çenli saklanyp galypdyr.
Russlaryñ galanyñ üstüne çozanyny eşidip,Nurberdi Han hem Marydan gelýär.Nurberdi Han ogly Berdymyrat Hanyñ ölümini mertlik bilen boýun alypdyr.ol şeýle diýenmiş:
-Men oglumyñ ölenine şükür edýärin,sebäbi iliñ başyna şunuñ ýaly agyr gün düşüp,ýürt üçin gan dökülende
meniñ maşgalamdan gan çykmadyk bolsa gynanardym.
Berdymyrat Han ýaşlygynda wepat bolanam bolsa,ol Gökdepe urşunyñ tahryhynda öçmez yz galdyrandyr.onuñ il arasyndaky at-abraýy uly bolupdyr.ony parasatlygy,batyrlygy üçin sylapdyrlar.
                   
 
Garaoglan Han
 
Garaoglan Han 19nji asryñ birinji ýarymynda Ahal-da ýaşap geçen ady belli Hanlaryñ biridir.Ol häzirki Aşgabat etrapynyñ obalarnyñ birinde dogulýar.Tekeleriñ Togtamyş-wekil-ak wekil,garaýörme-onbegi tiresinden bolup, onuñ atasyna Baba onbegi diýlipdir. Baba onbegi öz döwrünin gurpli,sözy diñlenýän adamlarnyñ biri bolupdyr.
Garaoglan Han bilen Nurberdi Han Anan onbegiñ neslinden bolansoñ,olar babadaşdyr.Şonuñ üçin Nurberdi garaoglan Hanyñ hem asda-kände terbiýesini alypdyr. Garaoglan Han ýañy adygyp ugran Nurberdiniñ ýaşdygy-
na garamazdan,birnäçe meselelerde onuñ bilen geñeşipdir we maslahatyna eýeripdir.
 
Garaoglan Han ýaşlykdan gözsüz batyrlygy,edermenligi bilenTapawotlanýar.Ol şarlawuk,Teke gyrlan,bendesen ,gireý gyrgynlagy(Gyzylarbat urşy)ýaly ençeme söweşlere ýolbaşçylyk edipdir.1728nji ýylda Eýran Şahsy Tekeleri we Ýemreleri durandan Horasana göçürýär.Durana bolsa öz Dikmesini goýýar.19nji asryñ ortalarynda Tekeler bilen Ýemreliler birigip,Durany eýelemek üçin üç ýyllap söweşýärler.Bu söweşe Garaoglan Han baştutanlyk edip,uly ýeñiş gazanýar.Şondan soñ onuñ at-awazy bütün ahala dolýar.
Ol Oraz Han,Gowşut Han bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýar.
 
1846nji ýyylda Horasanly Salyr Hanyñ Eýran Şahsyna garşy eden gozgalañyna öz goşunlary bilen kömege barýar.Salyr Han Maşhat Şährini eýelemek ugrundaky söweşlerine hem gatnaşýar .Döwürdeşleri Mollanepes Ýagmyr şahyr dagy öz goşgularynda Garaoglan Hanyñ edermenligini we adalatlylygyny köp taryplapdyrlar.     Ýagmyr şahyryñ bir goşgusynda oña degişli şeýle setirler bar:
 
                    Dostlar Kesearkaçda bir är döräpdir
                    Akly dänä,kämil käri Garaoglan .
                    Hak döwlet berendir bagty ýöräpdir
                    Tekeler iliniñ Hany Garaoglan
 
 
Garaoglan Hanyñ aradan çykan ýyly anyk belli däl,ýöne taryhy çeşmelerniñ maglumatlaryna görä,1855-1856nji ýyllar bolmagy mümkin. Başga bir maglumatlara görä,1854nji ýylda Garaoglan Han Gowşut Handan öýkeläp giden Hojamşüküriñ jan penasy bolýar.Şonda Hojamşüküriñ yzyndan gelen töwellaçylaryñ arasynda Garaoglan Hanyñ öçlüsi Guwwat ýirik hem bar eken.Şol eýede ol Garaoglan Hany atyp öldürýär. Garaoglan Han Mary bilen Tejen aralygyndaky jojukly demir ýol duralgysynyñ günbatarynda jaýlanypdyr. Garaoglan Hanyñ ogly Öweznep- es serdaryñ nesilleri häzir aşgabat etrapynda Gämi obasynda ýaşaýar.
 
Garaoglan Han ýürdi kese eýrli basybaljylardan goramakda köp işleri bitiripdir,ol garyp ýa-da baý bolmagyna garamazdan,hemmelere deñ göz bilen garap,ýürdi adalatly dolandyrmaga çalyşypdyr. 
 
 
Gowşut Han
  
Gowşut Han 1823nji ýylda belli Türkmen serkerdesi Öwezdurdy batyryñ maşgalasynda dünýä inýär.Öwezdurdy batyryñ 5 ogly bolup,olaryñ iñ ulusy Gowşut,iñ kiçisi Hojaguly Handyr.
 Gowşut Hanyñ perzentleri:Baba Han,Baýramaly Han,nobat Han,Hüjren Han,Halli Han,Sary Han,Düzü(gyz). Hojaguly Hanyñ ogullay:Pena,Orazmuhemmed arçyn,Ata.Penanyñ ogullaryn: Aşyr,Durdy,Aga.
 
Gowşut Hanyñ uly ogly Baba Handan:Täç Han,Sapar,Baýramalydan:Eýüp,ondanam Annamyrat,Durdymyrat, Nurmyrat; Hüjren Handan:Bähram,Enwer,Annadurdy;  Nobat Handan.Dostmämed Ondanam:Handurdy; ondanam:Ata; Hally Handan:Ata Han,ondanam:Nepes,Baýly,Oraz önýär.Gowşudyñ uly ogly Baba Han soñ-soñlar Polkownik çinini alypdyr.
Umuman Gowşut Hanyñ nebereleri häzir Ahalda,Maryda we Türkmenistaniñ beýleki ýerlerinde ýaşap ýörler.
Gowşut Hanlaryñ tiresi:Teke –Togtamyş – Beg – Gökje – Ýary gökje – Çumalak-Çüri. Gowşut Han Tegelekden ak ýüzli,ortadan ýokarrak boýly,Eginlek,dolmuş göwreli,goýun gözli,Giñ mañlaýly,Gaşlakrak,süñkbaşy iri,Örän akylly-paýhasly,demir bedenli,ýolbars ýürekli,Towşan tüýli,Tizpähim,Herben hem çykymly adam bolupdur.
 
18nji asryñ başlarynda Ahal arkajynyñ çarwalarnyñ mal-garalarnyñ köpelmegi,örüleriñ ýetmezligiñ,ýyllaryñ gurak gelmegi ýaly sebäplere görä,Teke Türkmenlerniñ bir bölegi kem-kemden kaka sebitine süşýär.
Ol ýerlerde Eýranly talañçylaryñ çozuşlaryñ zerarli  rahatlyk bolmansoñ,olar häzirki Gowşut obasynyñ 25 km-e golaý demirgazagyna göçüp barýarlar.Ol ýerde 5 topara bölnüşip 5 sany GalaHeññam,Akja,Garaja,Garahan, (torly),Gumgala,ýaly galalar salýarlar.Olara bäşgala ýa-da Bäşgala zamany diýip at berýärler. Glalaryñ 5-isine-de bir ýerden suw çekýärler.
 
Bäşgsaladaky Tekeleriñ üstüne Eýranly alamançylar häli-şindi Çozup,olaryñ suwlaryny kesip durupdyrlar.olara ynjylyk bermändirler.Ahally aksakgallaryñ we kethudalaryñ maslahaty bilen Hojamşükür 1823-25nji ýyllarda olary bäşgaladan Sarahsa göçürýärler Ilki tire-Gala serdarlary bolan Gowşut  soñra Hojamşüküre baş serdary bolýar.1853nji ýylda bolsa Hojamşüküriñ ýerine Gowşut Hanlygy göterilýär.
 
Gowşut Han Eýranyñ howpunyñ güýçlenmegi sebäbli,Sarahs-da Gala saldyryp başlaýar.Emma Hojamşükür ýaşuly gala salynmagyna garşy bolýar we sözi ýer almansoñ,Gowşutdan we onuñ wekillerinden öýkeläp,Tejen aýagyna üçburç diýen ýere gidýär. Soñra ol Hiwa baryp,Hana ýagdaýy aýdýar.Öñki 4-5 gezegki çozyşyndanam armanly Mädemin Han yrsaryp,goşun çekip,Sarahsa gaýdýar.Gaýtmazynyñ öñüsyrasynda Köneürgençde med-
resede sapak berip ýören Gurbannazar molla ogly Ak işany çagyryp,oña Sarahs Tekelerini gyrjakdygyny aýdan-da Ak işan:
-- Hiç bir häkim öz raýatynyñ üstüne goşun çekýän däldir.olar syzyñ ata-babalarñyz bilenem süññi bolanyñyz üçin raýatlygy saklap,Garagumyñ goraýjylary,galkany bolupdyrlar.Sizi garşydaky uly duşmanlarymyz bolan Eýran Şahlardan gorap saklapdyrlar,henizem şeýle.Siz bi päliñizden el göteriñ! Eger günäkärleri bar bolsa, olary jezalandyryñ,temmi beriñ! Ýöne öz raýat il-halkyñ üstüne goşun çekip jezalandyrmañ! Bu gabahat bolar.
Bet päliñizden el çekiñ! – diýýär.
Ak işanyñ özüniñ sypaýylary bilen maslahatlaşyp,üç gezek töwella edip,Garagumdan(Tejen aýagyndan) getirdişi,onuñ öz döwriniñ iñ uly ylym ussadydygy hem-de öz islegi boýunça Köneürgençde(gadymy Horezym) medresede sapak berýändigi,aram-aram özüniñem ondan sapak alyp durýandygy ýadyna  düşsede gahar-gazabyna bäs gelip bilmedik Han:
-- Ýok,Tagsyr,eger hezreti pälwan babam menden bolsa,bu pälimden el çekmen – diýýär.Emma Ak işan suwuk ganlyk bilen:
-- Han, Pälwan babañam-a bolsa bardyr welin, hasasyny tyrkyldadyp,çepegini şyrkyldadyp,Hasym şahama ondan galmasa gerek.Beýleki ýatan tümmeglerimiz hem hallamaz.Şo-ol ýatan gerçeklerem,öwülýälerem, atañyzam unutmaweriñ! – diýip,gadymy 360 öwülýä we Burkut baba gonamçylyklaryna nazaryny aýlaýar . Gazaby ýerine uran Mädimiñ:
-- Halamasalar,goý,halamasynlar,şolaryñ barysam-gyzylmamam,Keremende Soltan baba adyny alyp,uly zyýarathana öwrilen Hasym Tekede (olar Hasym şeýha şeýle diýer ekenler),düýe boýun (Ulug baba) öwilýäside sizden.—diýende,Ak işan ellerini daldarydyp:
-- Haý, goý,munuñ hudaýdan daş çykmakdyr—diýýär.
Emma gahar-gazabdan akyl gözüni kör eden Hanyñ sesi öñkidende beter batlanyp:
-- Hawa, ahun-işan! Barysy-da sizden.Hudaýam sizden bolsun!
Diýende,Ak işan onuñ soñki aýdan sözlrini eşitmejek bolup,ellerini gulaklaryna ýetirip,kyblasyna bakýar-da : „ Enşalla barysy bizdendir “—Diýip,sena sanap başlaýar.
Öz ussady—mugallamy bilen tersleşen Han tizden goşun jemleýär.Azyk-suwluklaryny kerwnlere ýükläp,Sarahs tarapyna ugramakçy bolanda,ýagny bir aý wagt geçen soñ,ýene-de Köneürgençden Ak işany çagyryp oña:
-- Tagsyr biz gelýänçäk, siz Hiwa Tagtynyñ-köşginiñ ýanynda boluñ!—diýip tabşyrýar.Ol gazaply garaýşy bilen :
-- Han, henizem bolsa ýaman päl-niýetiñizden gaýdyñ,Gara ýeriñ özüñizde salýan dawasyny unutmañ.
Onsyzam biziñ ömrümiz öýle bilen ikindiniñ aralygy ýaly gysga.Bigünä bendeleriñ şirin janyna ajal okunyñ almatyna sebäbkär bolmañ! – Diýýär.            
 
Emma içi ahmyrdan doly gedem Han:
-- Biz gelýänçäk siz şu köşkde boluñ! Diýýär. Ak işan :
-- Enşalla,siz geleñizde bizem bolarys! Diýýär.
65-66 ýaşlaryndaky Ak işanyñ ol ýerden gaýdyp,bütün Garagumdaky halklara,Mary,Tejen Ahal ýaşulularyna:
„ Musulmanlar Hudaý bizdendir.Biliñizi berk guşaweriñ“ ! Hanyñ maksadyny düşündirmegi,agyzbirligi üpdemegi,Hiwa Hanynyñ „çeýnejek çöpüniñ azalandygy hakynda wagyz geçirilmegi;Nurberdi Hana,Gowşut hana we beýleki gala Hanlaryna habar bermegi netijesinde Sarahs-da söweşe berk taýýarlyk görýärler.
 
Şunlukda ähli çarwalaryñ,Ahal we Sarahs Tekelerniñ güýçlerni jemlemeklerinde,duşmana garşy ykjam taýýarlyk görmekde Gurbannazar molla ogly Ak işaniñ(Akmämmed)hyzmaty ulydyr.
Mädemin Han goşuny bir aý töweregi ýöräp,Mara-Murgabyñ kenaryna baryp düşleýär.Han ýerli ilata: eger şü gije gurbagalariñ ýekejisi gurruldasa-da ,7 ýaşdan70 ýaşa çenli erkek göbekleriñizi gyrjak diýýär.Howsala düşen halk çar tarapa bosup başlaýar.Emma Hanyñ atlylary olary goýbermeýär.Guşluk günorta bolanda garrylar aýal ebtatlar aglaşyp başlaýarlar.
Emma Garry burkaz atly ýaşuly çarwa-çopan: Adamlar, hapa bolmañ !Ajaldan başga zada çäresi adamzada berlendir.bir alajy bolar.Diýýär.
Soñra ol Hanyñ goşuny üçin soýlan ýüzlerçe dowaryñ içegelerini ýygnadýar,arassaladýar.olary çişirip,iki tarapyny düwdürdýär.
Soñ bolsa şol içegeleri derýanyñ kanaryndaky gamyş-gajarlaryñ düplerinden suwa tarap sallaşdyrýarlar. arasynda keseliginde-de hatarlap goýýarlar.Görseler ikindi wagty golaýlaşýar.Garry aga :
Adamlar , haýdaweriñ,indi içegeleri arasslamañ,şol durşuna goýuşdyryñ“ diýen.Şol gije suwuñ akymnyñ täsirine düşen içegeleriñ hereketlerini gören gurbagalar ýylandyr öýdüp,jyñklaryny çykarmandyrlar.
Ertir ir turan soñ Han gaharlanyp:
-- Bular bir şeýtan- Hannas- Eblis-azazyl ahyryn.gurbagalary nädip lal etdiler?- Diýip gygyran.Soñra Han ýörişini dowam etdirip, Mary bilen Tejen arasyna baryp,Sarahsyñ ekin çygryna girýär.
Ondan soñ ol Gowşut Hanyñ galasyny gündogaryndan aýlanyp,guşluk tarapyna geçýär.Tejen derýasynyñ gaýra ýakasynda we ulug babanyñ (Düýe boýun öwülýäsiniñ)gaýra gabadyndaky Ýaglydepäniñ üstünde öz ýüpek çadyrny-tugyny gurup,goşunlaryny daşyna ýygnap,1-2 gün dynç almakçy bolýar.
 
Hiwa Hanyñ Mara gelende Gowşut Hanyñ töwellaçylary kabul edilmän yzyna gaýtarlanyndan soñ,Gowşut Han taýarlygy hasda güçlendirýär.
Her niçegem bolsa olar Sarahsa gelende-de Nurberdi Hanyñ we beýleki sypaýlaryñ haýysy-maslahaty esasyn- da Gowşut Han Täç serdaryñ baştutanlygynda 9 adamy töwellaçi iberýär.
Olar baryp:
-- Han aga,sen bize garşy uruş etme.biz häli-häzirem siziñ raýatyñyz bolup gelýäris.Siz ýalan-ýaşryk sözlere ynanmañ,raýatyñyzam beýle horlamañ!- Diýip,2-3 sapar Hana arz-töwella edýäler.Emma bularyñ aýdanyny diñlemegem islemidik Han:
-- Eşidiñ,wekiller! Hanyñza,ýaşulularyñyza baryñ-da aýdyñ.Ertir ir bilen gün dogan wagtynda meniñ goşunym siziñ üstüñize çozar.Nätüsli çäräñiz bolsa,haýal etmäñ görüberiñ!—Diýýär.
 
Mädiminiñ goşuny diýen wagtynda Gowşut hanyñ galasynyñ guşluk we demirgazak tarapyndan iki bölünip çozýarlar.Emma Gowşut Hanyñ nökerleri howlukman,olary gala golaý getirip atyşyp uruşýarlar.Hiwa goşunlary muny görup gaýra çekinýärler.
Tekeleriñ atly hem pyýada goşunlary şolgün öýleden soñ,guşluk tarapdan gelen Hiwa goşunlarnyñ üstüne çozup,gylyçly hem tüpeñli urşa girişýärler.Şondan duşman köp zyýan çekýä,olaryñ bir näçesi ýesir alynýar. Şunlukda Hiwa hanynyñ goşuny derbi-dagyn edilýär.
Şol günüñ ahyrynda garşydaş taraplaryñ ikisi-de tutlarynyn berkitmelerniñ töweregine ýygnanyşýarlar.Emma Tekelerniñ goşunyñ bir bölegi Hiwa goşunyñ daşyndan aýlanyp,şol gije olaryñ 40-50 sany ýukly erkeklerini-kerwenini(Düýekeş bilen) oljalap,öz çadyrlaryna alyp gidýärler.
 
Şol gün bilen ýelli howanyñ bolmagy-da,ýerli goşun üçin amatly bolýar.Çünki duşmanlar tozanly ýeliñ içi bilen edilen çozuşlaryñ haýsy tarapdandygyny bilmäge-de maý tapmandyr.
Ilkinji güni dañdanlar Gowşut Hanyñ galasynyñ töwereginde Hiwanyñ oyýada goşunlary we onuñ izindan bolsa atly goşunlary arklaşyp durýarlar.
Şol wagt Gowşut Han Haji gaplañ Aýmet oglunýn hem-de Salar keýik hanyñ ýolbaşçylykdaky atly goşunlary bir bölegini duşmanyñ pyýada goşunynyñ arkasyndaky atly goşunyna garşy gylyçly urşa gaýdowsyzlyk bilen girişmegi büýrük berýär.
Tekelriñ goşuny ýyldyrym ýaly süýnüp,duşmanyñ üstüne gapyllykda basýar.Ejizläp ýan berip başlan Hiwa goşuny ganlaryny sarkdyryp,tuglaryna tarap çekinýärler.
Olar çozuşdan goranmak üçin penaralyk ýerlerde durýarlar.
Şol gün günortanlar Hiwa goşunyna ýene-de kömekçi goşunlar ýeriñ pesi bilen gelip,öz goşunlaryny zordan gabawdan çykaryp alyp gidýärler.Şol günki söweşden soñ Mädemin Han öz atly goşunlarnyñ Tekeleriñkiden has pesdigine we ukypsyzdygyna göz ýetirýär.uruş ençeme günläp dowam edýär.Ýazyñ elhenç harasatly- ýelli gününde gaýdosyzlyk bilen alnyp barylan söweş has-da aýylganç bolýar.
Şonda Tekeler çozma uruşa girişýärler.Çar tarapdan „Çoz Teke , ýa Allah! “diyşip,atly hem pyýadalar gylyç oýnadyp,naýza sanjyp,tüpeñ atyşyp,her hilli hünärlerini ýerlikli ulanýarlar.
Bularyñ şeýle gahramançylykly söweşmekleri netijesinde Hiwa hanynyñ goşuny ýeñilip ýeliñ ugruna gaçyp başlalaýar.    
olaryñ bir toparlary tozan-topar boluşyp ýaraglaryny taşlap,gollaryny galdyryp durýarlar.
Ençeme bolsa ýaragyny taşlap çöke düşüp oturýarlar.
Tekelerniñ çalasyn nökerlerniñ bir topary Hiwa goşunynyñ 3-4 çakyrymdaky tuguna tarap gaçanlaryñ izindan ýetip,çapyp baryşlaryna Mädemin Hanyñ çadyryna baranlaryna-da düýman galýarlar.Mädemin Han bolsa düýşeninden bihabardy.Ol ýagly kişmişli palawdan doýup,şatranç(küşt) oýnap,humarly başyny galdyrman,ýeñ-şe garaşýardy.
 
Hanyñ tuguna baran çalasyn ýigitler şol ýerde orta boýly,garaýagyzrak,hyýrsyz adama gözleri düşüp,derrow oña gylyç salyp öldürýärler.Onuñ Mädemindigini soñra bilip galýarlar.Gowşut,Nurberdi Han dagy bir näçe ýaşulular, sypaýylar bilen Mädeminiñ tuguna gelip görseler,ol öldürlipdir.Onuñ öldürilmegine gaty gynanan hem gaharlan- an Gowşut Han:
-- Siz, Hanyñ, Patyşahnyñ düzgünini bilmeýän bir topar nadanlar muny kim öldürdi? – diýip, hälki ýigitlere käýäpdir.
Tuguñ ýanyndaky çadyrlara baryp görseler,15-20 sany Özbek,ýagny Tagt ýaşululary,çadyryñ içinde,ýoragan-düşeklerniñ astynda gorkularyna gizlenip ýatyr ekenler.Bir topar emeldarlary bolsa murtlaryny tozga ýaly, gözlerini çanak ýaly edip,Howutlaryñ,çanaklaryñ aşagyna kellelerini sokup,hyklaşyp ýatypdyrlar.
Gowşut Han şol ýerde öz nökerlerniñ hem-de Özbek ýaşuli-beglerniñ häziriñ özünde başlap etmeli işleri hakyn- da dik duran ýerinde ýaşulular bilen gyssagara maslahat çagyrýar.Şonda şeýle karara gelýärler:
 
1. Şu gün Hiwa hanynyñ goşuny ýeñildi.Mädemin Han öldi.Sarahsa getirilen goşun sülsatlary Gowşut Hanyñ döwletine,Hanlygynyñ hasabyna geçirmeli.
 
2. Hiwanyñ dagan goşunlaryny ýygnap,ýesir alynan goşunlar bilen bilelikde ýol şaýlaryny tutup,azyk-suwlaryny üpjün edip,Hiwa ugratmaly.
 
3. Iki tarapdan ölen adamlary her tarapyñ özi tizden-tiz jaýlamalydyr.
 
4. Agyr hem ýeñil ýaralanlary Gowşut Hanyñ galasyna ýygnap gutulýançalar ser etmeli.Olara seretmek üçin tebipler we ýörite adamlary goýmaly,gutulansoñ,olary öz ýüwürdyna ugratmaly.
 
5. Iki sany mähremi we on sany nökeri bilen şaýlaryny tutup,hut şu gün Mädeminiñ meýdini ugratmaly.Goý olar öz Hanynyñ jesedini hala Mara,hala-da Hiwa äkidip,hala-da Sarahs babada jaýlasynlar,olaryñ ygtyyarlary özünde.
 
6. Hanyñ ýanlary bilen gelenleriñ gitjeklerine-de,galjaklaryna-da ygtyýar bermeli.Onsoñam su gandöküşikligiñ hut Mädemiñ özüdigini “ Myhmanlara “ wagyz-syýasat arkaly düşündirmeli.
 
7. Ýaşulularyñ maslahaty bilen edilen şu tabşyryklary ýerine ýetirmegi hem-de berjaý edişini barlap durmagy Täçgök serdara,Hiwa ýesirlerine degişli işleri bolsa Mätýakup serdara hem-de Mätjan ýaşula tabşyrmaly.
 
Soñra Hiwaly ýesirler hat-da Mara çenli gaçanlaram gaýtaryp, ýol şaýy tutulyp,ulaglara mündirip ugradylýar.
Mädemin Hanyñ garnynyñ ýyrtylanly sebäbli,iç goşlaryny aýryp, ýüwüp-päkizläp,ak mata dolaýarlar,soñra bolsa täze palasa çolap, güýçli ineriñ üstüne keseligine ykjam baglap,şol gün gij-ara (1855nji ýylyñ 12nji mart-da) ugratýarlar.
Şol uruşda Töre sokynyñ gyzy,Hangeldi sokynyñ uýasy Güljemal (18-19 ýaşlarynda) ýaly Teke gyz-gelinler hem elleri keserli,sydyly,pyçakly urus edýärler.Güljemalyñ garyndaşlary Çebşek batyr, Köpek batyr,Gulçar batyr, Gutly mergen,Çary gapan,Haji gaplañ( şol söweşde ölýär) dagy hem edermenlik görkezipdirler.
 
Şol söweşde Güljemalyñ adamsy Anna(Annaöwez)hem wepat bolýar.Hiwa hanyñ bigünä halkyñ üstüne goşun çekip gelmegi öñem çar tarapdan gysylan Tekeler üçin ýigitler getirýär,birnäçe gonymçylyklaryñ döremegine sebäp bolýar.
Nurberdi Hanyñ baştutanlygynda Ahaldan gelen myhmanlar heniz Sarahsdan ugrap-ugramanka,yzlaryndan Eýran Şahsynyñ goşunlarnyñ Gökdepä esasanam ilatyñ has köp ýeri bolan Hurmanda düdansiz çozup,çaga-çugalara çenli,hatda göwreli aýallara çenli çapyp,talap gidendikleri hakynda habar gelýär.
 
Gyssagly maslahatda Gowşut Han we Nurberdi Han dagy belli-külli netijä gelýär. Gowşut Hana bu ýerdäki urşuñ ýetiren nogsanlyklaryny düzetmek tabşyrylýar.Ahalli myhmanlar tiz ýola düşýärler ýolda duşmanlar barada, halka rahatlyk bermek,ogul-gyz ýetişdirip,olara hat-sowat öwretmegiñ zerurlygy,baryp Görogly zamanyndan (8-9nji asyrdan) bäriden ata-babalarynyñ başyndan geçiren agyr günler barada söhbet açýarlar.
 
Gowşut Han Hiwa ýesirleri ugradansoñ,ýaşululary we nöker başlary çagyryp,maslahat edýär.Onda uruşda iki tarapyñ köp ýitginiñ bolandygy,Hiwa Hanlygy bilen Teke Türkmenlerniñ arasynda köp wagt  bäri gamyş köpriniñ bolandygyny,emma Mädemin hat -da öz halkyna we ýaşulularyna hem maslahat salman,düdansyz gabahat işe girişip,uly bedbagtçylyka sebäpkär bolandygy,şunlukda indiden beýläk Sarahsda oturmagyñ gorkulydygyny çünki Sarahsadaky täze galany özlerniñ garşysyna göreşmek maksady bilen salnan hasanlap,Eýran Şahsydyr Hanlarnyñ höwp salýandygy ýaly meseleriñ üstünde durulýar.
 
-- Mary töwerekleri Mädeminiñ ölümini çenli Hiwa Hanlygyna garaşly Türkmen begligi bolanda-da bolsa,indiden beýläk Maryny Hiwa garaşly raýat etmeli däl.Aslymyzam Ahally bolansoñ,Ahal ýurdynda ýagdaýy agyr bolansoñ,indiden beýläk bize hanlygyñ merkezini we ilini Mara eltmegi ahally ýasulular hem makulladylar.—Diýip, Gwoşut Han sözüniñ ahyrynda aydýar.
 
Şondan soñ Mara iberlen 5 wekil Saryklaryñ Hany Sary Hanyñka barýarlar we ýagdaýy düşündirýärler.
Soñra bolsa özlerine Mary-Murgap derýasynyñ bir gapdalnyñ berilmegini haýyş edyärler.
Saryk Hanyñ garyndaşlary we ýaşululary maslahatlaşyp,Mary etrapyndan ýer bermejeklerini Gowşut Hana ýetirmegi aýdýarlar(1857).
1858nji ýylyñ başlarynda Gowşut Hanyñ iberen wekilleri Ahala-gökdepä gelýärler.Olar Nurberdi Hana habarlaryny berýärler.
Indi Sarahs-da durarlyk ýok.Eýranyñ agzy Sarahsda,Sarahsam Eýranyñ agzynda.Aslymyzam,dübümizem Ahal. Ahala barmakçy bolanymyzda “Ahalyñ ýagdaýy öñem ýabygörli,gurakçylyk,ot-suw,öri çarwalar üçin ýetmezçilik ýagdaýda,garşyda  duşmanlar has-da möwjeýän wagty.Iñ gowsy Mara süýşüñ” Diýip,netijä gelipdiñiz. Biziñ Mara barmagymyza-da Saryk garyndaşlarymyz ýaşulusy Saryk Han garşy.Olar murgabyñ bol ýer-suwuna deñ şäriklige razylyk berenoklar.Hat-da uruşmaga-da taýyndyklaryny aýdýarlar.Uruş bolsa-da nähak gan döküljek, Indi name etmeli?
Diýip, Gowşut Hanyñkyda bolan maslahatyñ netijesini hat hem dil bilen aýdýarlar.
Nurberdi Han aksakgallar bilen maslahatlaşandan soñra:
-- Eger Sarahs Eyran bilen bulaşyk ýagdaýda bolsa,derrew olar apynyñ (zähärli uly ýylan)agzyndan aýyrmaly-da Mara barmaly.
Saryk garyndaşlaram razy bolarlar.bardy-geldi kakabaşraklary uruşmakçy bolaýsalar-da,çarwa urşuny edersyñiz-taýak,gamçy ulanarsyñyz.Enşalla soñy düzeler,Garyndaşaradyr.Birek-biregi Tanarlar.Biz häzir Gökl-eñ ,Ýumut garyndaşlaryñ üstüne Japarguly hanyñ baştutanlygynda Eýranly leşger gelýän diýen habara görä,gyssakly kömege ugramakçy.Emma Saryk garyndaşlaryñ akylly sypaýylary kändir.
 
Olar Eýran Şahsynyñ öz dikmesi Baýram Hanyñ üsti bilen saryklary gadymy mekanyndan- Pendi,Şeýhy Jüneýdi(Häzirki Guşgy) sähralaryndan zor bilen gysylyp Mara getirlendigini bilýändirler. Gelenimizden soñra bararys,hemmesi oñün çözüler. Diýip,Nurberdi Han ol wekilleri ýola salýar.
 
Şondan soñra Sarahsly Tekeler kem-kemden süşüp,bir aýdan gijä galman,Mara barýarlar.Garrygaladaky söweşden ýeñişli gaýdan Nurberdi Han öz wekilleri bilen Mary- Sary Hanyñka,soñraGowşut Hanyñka baryp, Kaka başlarnyñ çaknaşyklaryny ýatyryp,Marynyñ külli Türkmene ortak ýüwürtdigini,Hiwa Hanyñ raýatyndaky-
laram indi Gowşut Hana degislidigini,ata-baba gan düşer garyndaşdyklaryny düşündirip,özara parahatçylygyny gazanýarlar.
Soñra Saryk garyndaşlaryñ bir näçesi Ýolötene,bir näçesi bolsa Pendä,Şeýhi-Jüneýde (guşga)gidýär.
 
Bir näçesi bolsa Maryda galýar.Saryk ýaşulularyñ maslahatyny alman,halkyna-da sala salman,Sary Han zoñtarlyk edip,Eýran Şhsy Naseretdine aryz edip,bolan ýagdaýlary aydýar…Öñem yrsarap,nireden urup-ýarjagyny peýläp ýören Nasseretdin Garrygalada ýeñlip gaýdan goşunynyñ ahmyryny çykarmak üçin Mara çozmaga ykjam taýýarlanyp başlaýar.    
 
Eýran Şahsynyñ agyr ýaraglandyrylan goşunlary hem-de Mürzäniñ serkerdeliginde 1861nji ýylda Murgap derýasynyñ ileri ýakasynda Nyýazmet(Porsy) galada düşüp,Gowşut Han bilen söweş etjekdiklerini habar berýärler.
Ondan habarly Gowşut Han söweşe ykjam taýýarlanypdy.
 
Ertesi Türkmen ýigitleri gün dogmanka,eserdeñlik bilen Eýran goşunyna tarap ugrap,Murgap derýasynyñ ilersine geçip,üzin ýaka düzelip,Nizam-Tertip bilen taýar bolup durýarlar.
Gowşut Han Eýranlylara bir näçe gezek töwellaçy iberse-de,olar urşa başlajakdyklaryny habar berýärler.
Eýran goşuny Tarapdan bir serdar gygyryp:
- Orta batyr-pälwanlaryñyzdan çykaryñ !Ilki bilen, goý, pälwanlar güýç synanyşsynlar! Diýýär.
Eýran goşuny tarapdan bir pälwan gara atyny münüp,orta çykyp durýar-da:” Mübäryk-bura gel,başyñy kesip aparar men” Diýip gygyrýar.
Gowşut Han: -Hany ýigitler,şol pälwanyñ garşysyna kim çykjak  Diýýär.
-- Biz çykarys! Diýip,Gurbanmeñliniñ ogly Çebşek batyr dor atyny sürüp oñe çykýar.  
Gowşut Han onuñ atynyñ çekisini çekýär,atyny ýaragyny synlap:
Bar işiñi hak oñarsyn!- Diýip,pata berip ugradýar.
 
Atyny ýüzini saldyryp barşyna Çebşek batyr ýüzüniñ ugruna gylyjyny çalasynlyk bilen salyp,onuñ gylyjyny gaçyrýar hem atynyñ badyna ol batyry dartyp,atynyñ öñüne kese basyp,izine dolanýar.At syryp gelşine onuñ boýun damaryndan şol eliniñ güýçli penjesi bilen tutup,sag ýumrygy bilen bolsa guluñ türresine urup,dolanyp gelýär.
Haçan-da nökerler:- Eý,Pälwan gul,saña näme boldy?- Diýip  soranlarynda,ol gözüni açalyk-ýumalyk edip:
- Bilmerem,walla,men bura gelip men,megerem meni ýyldyrym urup,bura getirendir! – Diýýär.
 
Soñra olardan ikinji batyr orta çykyp bilmändir.
 
Iki tarapdan agyr goşun bir-birine çozup,uly gan-döküşikli uruş başlanýar.söweş bir näçe gün dowam edip,ahyry soñ duşman ejizläp,arka berip gaçyp başlaýarlar.
 
Nurberdi Hanyñ ýany bilen Ahally serkerdeleriñ goşunlaryñam ýetişmegi netijesinde basybaljylar aljaraññylyga düşüp,aman dilýär. Türkmenler duşmanyñ berkitmede ýatan goşunlaryny-da, çeträkde ýatan goşunlary-da ýesir alýarlar.
 Olar Hemze Mürzäniñ goşunynyñ gelip ornaşan ýerniñ daşyna aýlanyp,arkalaryndan hüjüm edip,aljyraññylyga salýarlar.
Gowşut Hanyñ goşun bölegi,Eýran goşunynyñ izindan gelýän ýüklerini,sülsatlaryny Sarahs bilen aralykda oljalaýarlar.
Gije ,dañdanlar suw almaga baran duşman nökerlerini suwuñ boýundaky gamyş tokaýlarynyñ arasynad bukda ýatan Türkmen ýigitler düýdansyz tutup,suwa çümdürip,suwuñ içi bilen äkidýärler.Eýran goşunlarnyñ toplarynyñ atylşy bilen öwrenişenden soñ Türkmen jigitleri ondan gorkmandyrlar.
Şeýlelikde,söweşiñ ahyrky güni adatdakydan hem aýylganç bolýar.Porsyýañ boýundaky gazaply söweş netijesinde,duşmanlar ýeñilip,dagap başlaýarlar.
 
Ýaraglaryny taşlap çök oturýarlar.Kä birleri azan aýdyp durýarlar Garaz gaçyp dargan goşunyñ içinde ölmän, izyna gaýdyp barany barmak basyp sanaýmaly bolýar.
Haçanda Horasanyñ (Maşat) Hany we Eýran şahsy öz ýeñilmez derejede taýýarlap ugradan goşunynyñ masga- ra bolup ýeñilendigini eşidenlerinde başlary aýlanyp,ynanjagyny-ynanmajagyny bilmän,akyl-huşy çaşyp:“ Ne oldy , zernigar-zaññyr“ Diýip başyny iki baka ýaýkap durýar.
 
Bu uruşda Gurbanmeñli ogly Çebşek batyr ýaly ýigitleriñ ençemsi wepat bolýar.Şol uruş bolan ýere bolsa soñ-soñlar Porsyýap (Maslyklaryñ porsaşyp ýatmagyna sebäpli) Diýlipdir.
Mary,Ahal hanlyklarnyñ birleşen güýjünden ýeñlen şah goşuny Nyýazmet(Porsy) galadan gaçyp gaýdandansoñ, wepat bolanlaryñ ýasy tutulyp,ençeme gün sadaka berilýär,aýat-towir okalýar. 1861-62nji ýyllaryñ sepgidinde Gowşut Han uly maslahat geçirýär.Ol il bähbidini arap,edilmeli işleri baradaky gürrüñini jemläp durka,Nurberdi Hanam ýaşululardyr,serdarlary bilen myhmançylyga gelýär.
 
Myhmanlaryñ hormatyna üç günläp toý tutulýar.Myhmanlar bir näçe günläp bu ýerde bolýarlar.Salyk-salyr ýaşululary-da çagyrýarlar.olar bilen ata-baba garyndaşlyklaryny ýatlaşýarlar.
Gowşut Han myhmanlar gaýtmanka,öz wekillerini we nökerlerini çagyryp maslahat geçirýär.Şonda ol üç meselä -ni orta atýar:
 
1. Ahal ýürdi we Ahal hanlygyTeke Türkmeniñ esasy Hanlygy bolmaly,şoña görä-de Mary Hanlygy we Mary Hany Ahal hanlygyna we Hanyna garaşly Han bolup durmalydyr.
 
2. Nurberdi Hany Teke Türkmenlerniñ Hany diýip mübessa edip, ony Hanlar Hany etmeli.
                                                                         
3.Ýokardakylar bilen ugurdaşlykda  Nurberdi Hany abraýyny tutup,oña abraýly ýeriñ maşgalasyny alyp bermeli. Maryda-da bir öýini dikeltmeli.Ýer –suw,mülk berip,öz islän ýerinde oturtmaly Nurberdi Han Ahalda ýa-da Mary- da bolanda-da öz öýýinden örse hemme tarapdan gelşikli we laýyk bolar.
 
Ýaşulular Gowşut Hanyñ tekliplerini makullaýarlar.Ýöne abraýly ýeriñ tapmagy onuñ özüne ynanýarlar.
Şondan soñ Gowşut Han Marydaky gajar urşunda wepat bolan Çebşik batyryñ garyndaşy,Töre sokynyñ gyzy Hangeldi sokynyñ uýasy Güljemaly ñurberdä alyp berýärler.Nikalap üç günläp toý edýärler.Soñra Gowşut Han bir wagtlap özünden öýkeläp,sarahsdan giden Hojamşüküri getirmek üçin bir näçe ýaşululry we düýekeşli kerweni ugradyp,töwella bilen ony Mara göçürip getirýär.Ony ýene-de özüniñ iñ ýakyn maslahatçysy edinip, onuñ islegi boýunça öz obasy wekilbazarda oturdýar.
Gowşut Han aksakgallar bilen maslahatlaşyp,Eýran we Owgan çäklerine çenli dagap ýören Salyr we saryk garyndaşlaryñ gadymy mekanlary bolan Sarahsa we pendi ýürdüna ýygnanmagyny gazanýar.
 
1865nji ýyl töwerekleri Marynyñ gülläp ösen döwri hasaplanylsa-da,daşky duşmanlaryñ howpynyñ güýçlenýän wagtydy.
1868nji ýylda Buhara emiriniñ üstüne Russ padyşasynyñ goşuny çozuşa taýýarlanýar.                                  Gowşut Han Buhara emiriniñ özüni kömege çagyrýandygyny baradaky habary Kaspi tarapdan gelýän Russ basybalyjalaryna garşy taýýarlanyp Hanlar Hany Nurberdä ýollaýar-da,özi Buharadan gelen wekiller bilen agyr goşun çekip kömege ugraýar.Emma olar uruş meýdana ýetmänkä.Zerbulak beýikligindäki söweşde Buharanyñ goşuny ýeñilip,Russ genraly Kaufman bilen ýaraşyk baglaşanlygy sebäpli, Gowşut Hanyñ goşuny uruşsyz izyna dolanýar.
Soñra Gowşut Han goranyş galanyñ gurulşygyny has-da güýçlendirýär we 1874nji ýyllarda tamamlaýar.
 
Sarahsdan Mara göçülip baranda(1858),gedaý sypatyna giren Aly Han atly Russ ofiseri- içalasy peýda bolýar.Ýerly halk oña Aly mülhit diýip at berýär.
Ol haramzada gyş wagtlary çylymsazlyk edip,tomsuna gara meşik-de suw satyp gezen.Bu ýerde 15 ýyl golaý bolup,Nurberdidir Gowşut Han dagyñ gizlin maslahatlaryny,harby syrlaryny, maksat-planlaryny bilýär we aram-aram ýitrim bolýar,öz baýarlaryna habar berip durýar.
Ol kezzap ahyrysoñy ynyma girip gala aralaşýar,hyzmatkärlige ýetýär.Şonlukda,erbet dermen-däri bilen üpjün edilen Mülhit şol yzarlap ýörşine,amatly pursat tapyp,Hanyñ petekli aýakgabynyñ içine  we peteginiñ aşagyna iýiji keselini döredýän dermany gaýym dökýär.Onsoñ ýakyn günlerede:“ Gowşut Hanyñ aýagyndan ýara dümüpdir“ diyilen şum habar ýaýrap başlaýar.
Emma Aly mülhit welin,eýäm zym-zyýat,ýitrim bolýar.Ol Porsýanyñ ýaramaz niýetlidigini diñe şondan soñ bilip galýarlar.
Şondan soñ Gowşut Hanyñ aýagyndan dörän iýiji keseli ýaýrap ugraýar.Han aýagynyñ çapylmagyny soraýar ,emma bu teklip wagtynda bitirilmänsoñ,kesel ýokaryk – ýürege çenli ýaýraýar.
Şonlukda 1878nji ýylda Türkmeniñ abraýly serkerde Hany - Gowşut Han( 56 ýaşlarynda) Russ içalylar tarapyndan öldürilýär.
 
Ol Marynyñ golaýyndaky Hoja Abdyllah gonamçylygynda jaýlanýar.
Gowşut Han ölensoñ,onuñ ornuny tutan mynasyp adam bolmandyr.Daşky duşmanlaryñ hilesi täsirleri netijesin- de bulaşyklyk, oñuşsyzlyk güýçlenýär.
Täçgök serdar öz syçmaz tiresi bilen Mäne-ÇäÇä,Hojamşükürem Mary aýagyna Tejene göçýär.
 
Gowşut Hanyñ ölümi külli Türkmen üçin agyr we uly ýitgi bolan bolsa,duşmanlar üçin örän amatly utuş bolýar.
Şondan soñ Türkmen halky uzak ýyllaryñ dowamynda köp sany Muşakgatlara,zülüm-sütemlere döz gelmeli boldy.
Ýöne „ Öñüm gelenden-soñum- gelsin“ diýilşi ýaly,Ata-babalarmzyñ-erkin ýaşamagy arzuwlan Türkmenleriñ asyrlar boýy ýüreklerinde besläp gelen özbaşdak garaşsyz,berkara döwleti dördildi goý biziñ Türkmenistan döwletimiz demirgazak ýyldyzy kemin parlap ebedi dowam edip,uzaklara şöhlesi saçsyn.
 
Gowşut Hana degişli ýokarky maglumatlaryñ aglabasy merhum kyssaçy Suhanberdi Annagurban oglynyñ söhbetinden alyndy.
 
 
Jüneýit Han
  
Jüneýit Hanyñ hakyky ady Gurbanmämmed serdar bolup,ol  1862 nji ýylda häzirki tagta etrabynyñ bedirken obasynda dogulýar.onuñ kakasynyñ ady –Hajibaý. Jüneýit Han ýumutlaryñ orsukçy urugynyñ Jüneýit tiresinden- dir.
Jüneýit Han bir näçe wagt öz obasynda kazy we mirap bolup işläpdir.20nji asryñ başlarynda Hiwa Hany patyşah hökümetiniñ goldawna daýanyp,Türkmenleriñ üstünden berkitmek maksady bilen, olara agyr düşýän suw-ýer we salgyt reformasyny geçirmäge synanyşýar. Şonsyz hem patyşah hökümetiniñ kolonyýal syýasaty zerarli horluk baryn gören Türkmenler ýaraga ýapyşmaga mejbur bolýar.
 
Türkmenleriñ şeýle agyr ýagdaýa düşmegi, Jüneýit Hany orta çykarýar.ilkibada ol özüniñ gowy ýaraglanan garyndaş toparlaryny töweregine jemläp,Serdar adyna mynasyp bolýar.
Soñra ownukrak galtamanbaşlarynyñ serdarlaryñ birnäcesini özüne tabyn edýär,hatda,adalatyñ hatyrasy üçin özüniñ doganoglany-da öldürýär.
Şeýle hereketleri bilen ol il arasynda adygyp ugraýar.öz tiresiniñ ady bilen baglanşykly ony Jüneýit Han diýip atlandyryp başlayarlar.sebäbi ol öz obasyndaky ilatyñ garyp ýa-da bay bolmazdan garamazdan,olaryñ ar-nam  ys-hukugyny goramagy başarypdyr. Jüneýit Hanyñ adalatly taraplary barada ilat arasynda aýdylýan gürüñler köp.Şolaryñ birinde şeýle diýilyär : “Bir gün Jüneýit Hanyñ ýanyna ýumutlaryñ uşak ugryndan bir pukara gel-ipdir.Ol :-6ýyllap baýyñ dowaryny bakdym,keýwanym hem şolaryñ gapysynda hyzmat etdi,indem dogmamyz ýetişdi,öýli-işikli etmek üçin mal-teññe gerek diýsem,ýeñsesi bilen gepleşýär diýip,Hana arz  edipdir.
Jüneýit Han :-Näme üçin öñräk gelmediñ?—diýipdir.Ol :hudaýlygym sözlesem,şol baý siziñ bilen gatnaşykly bolansoñ çekindim—diýip jogap berýär.
Onda Jüneýit Han :--Özünden ejizi ynjydýan bolsa,iki gözümiñ birem bolsa,menden şoña eglişik bolmaz.Onda şeýdýäs,alty ýyllyk hakyñ üçin baý gyzyny seniñ ogluña berer.Häzir men seniñ üçin birküç adamy sawçylyga iberjek.
Aýalyñ hyzmatynam öýüñe ýetip-ýetmänkäñ üzleşer ýaly ederin.
Bu gürrüñe agzy uçuklan pukara zordan gürrüñini düşündiripdir.
Ýöne Han gürrüñi çagalamandyr: Bar-da toý gamyñ bilen bolubyr,saña,täze guruljak ojaga gyýa göz bilen garamaga mylt etse, men şol baýa ärmämmet diýerin—Diýipdir.
1912-13nji ýyllarda Hiwa Hany patyşah hökümetiniñ kömek bermegi netijesinde Türkmen obalaryndaky gozgalañy basyp ýatyrmak üçin harby ýöriş geçirýär.
 
Jüneýit Han bolsa Türkmenleri töweregine jemläp,olara garşylyk görkezýär.Indi Jüneýit Hany diñe Türkmenler däl,eýsem,Hiwa hökümetiniñ alyp barýan syýasatyndan nägile bolan Özbekler, garagalpaklar,gazaklar hem aktiw goldadylar.
Ol halkyñ bähbidini hiç bir zada çalyşmandyr.             
 
1913nji ýylda Türkmenleriñ ýaraglanan topary 15 müñe ýetipdir.
Türküstandan patyşah russiýasyny gysyp çykarmakda Jüneýit Hanyñ uly daýanç boljakdygyna käbir daşar ýürt hökümetleri hem oñat düşünipdirler.
Şoña görä-de 1914nji ýyldan başlap Jüneýit Hanyñ ähli alyp baran işlerine ilki Germen-Türk,soñra bolsa Ingilis-Türk razwedkasy goldaw berýär.
1916nji ýylda Hiwa Hanynyñ eden-etdiligi,patyşah russiýasynyñ koloniýal sütemi diñe bir Türkmenleri däl, eýs- em Özbekleri,Garagalpaklaryñ we beýleki halklaryñ hem halys degnasyna degýär.
 
Hiwa hany ýerli halkyñ namysyna degip,hatda ýetişen gyzlary zorluk bilen alyp,öz köşgüne getirmäge çenli baryp ýetýär.
Şonuñ üçin Jüneýit Han Türkmeniñ Ar-Namysy üçin ykjam aýaga galýar.ony goldaýan toparlar has Köpelýär Sebäbi ol her bir meseläni akylly we adalatly çözmegi başarypdyr.
Jüneýit Han gerek ýerinde näçe gazaply bolanda-da bolsa, yslam dininiñ we şerigatyñ düzgünini dogry hem berk ýöridipdir.
Bu meselede ol Han Işan bilen bilelikde hereket edip,Hiwa hanlygyny,başarsa,bütün Türküstany Russ basabaly -jalaryndan azat etmäge synanyşýar.Ýöne bu meselede Hiwa hany Isfendýar belli derejede päsgel berýärdi.
Onuñ etmişleri zerarly,Özbekler,Garagalpaklar häli-şindi Jüneýit Handan kömek sorap,arz edip gelýär eken.
1916nji ýylyñ ýanwarynda Hojailikdäki özbekler özlerniñ nägileliklerini aýtmaga Hiwa gelende,Isfendýar han olary tossag edýär.
Hojailiniñ ýaşululary kömek sorap, Jüneýit Hana ýüz tutýar.
Ol hem 3 müñ atly nöker bilen Hiwa galasynyñ sebitine gelip, tussagedenler bir gije-gündiziñ dowamynda boşadylmasa, paýtagta girip,ählisini derbi-dagyn etjekdigini Isfendýar hana düýdüryar.
Gepleşik netije bermänsoñ, Jüneýit Han diýenini hem edýär.
Isfendýar hany bolsa tagtdan düşürýär.
Emma patyşah döwletiniñ bu işe goşulmagy bilen ol ýene-de öz tagtyna geçirilýär.
Jüneýit Han bolsa ondan 60 müñ manat hun baha alyp,ýene-de izyna dolanýar.Ýöne ýürtda halk gozgalañy barha möwüç alýar.  gozgalañy basyp ýatyrmak üçin genral Galkiniñ ýolbaşçylygynda jeza beriji oterýad Türkmen obalarynyñ içinden ot we gylyç bilen geçýär.
Bu gyrgynçalyk ilat arasynda häli-şindilerem  „ Galkin ýyly „ diýip ýigrenç bilen ýatlanylýar.
1916nji ýylyñ gozgalañy basylyp ýatyrlandan soñ, Jüneýit Han owganistana gidýär.
1917nji ýylyñ Sentiýabrynda ol Owganistandan izyna dolanyp gelende , ýürtda ýagdaý düýpgöter ütgäpdi.
Hiwada wagtlaýyn hökümet Isfendýar han bilen beýleki halkyñ rewolitsiýon hereketine garşy aýgytly göreş alyp barýardy.
Jüneýit Hanyñ ozalky alyp baran ähli göreşi Russ kolonizatorlaryna we Isfendýar hanyñ eden-etdiligine garşy gönükdirlen bolsa,indi wagtlaýynça olar bilen umumy ylalyşyga gelip,Sowet hökümetine garşy göreşmeli bolýar.
Bu ýagdaýda Isfendýar han hem Jüneýit Hanyñ güjüne daýanmasa, ýürdi özbaşdak dolandyryp biljek däldi.
Hiwa tagtynda başga bir Han otursa-da, hakykatdan 1918-20 nji ýyllarda bütün Hiwa hanlygyny Jüneýit Hanyñ özi dolandyrýar.
Her beglikde öz adamlaryndan ýörite wekil goýýar.Ol berkarar eden tertip-düzgünine tabyn bolmadyklara düzümli darapdyr.
Hut şonuñ üçin Jüneýit Hanyñ ýürdi dolandyran döwründe ogurlik ,talañçylyk,günäsyz adamy öldürmek,esassyz nika bozmak ýaly Türkmençilige mahsus bolmadyk hadysalar bolmandyr.
Şol döwri gören ýaşulularyñ aýtmagyna görä,hemme zat ýatan-ýatan  ýerinde , hiç kim kişiniñ zadyna birugsat el degirmändir.
1918nji ýyliñ baharynda Bedirkent obasynda başlanan ilkinji elektrosatantsiýa gurluşugy soñy bilen hanyñ raýatyndakylary yşyk bilen üpjün etmeli eken.Ol özüniñ manatlyk teññe puluny çykardýar we salgyt systemasy- ny girizýär.
Bu ,elbetde, özbaşdak Türkmen döwletini döretmäge bolan synanşygynyñ alamatydyr.
 
Hiwa hany Isfendýar eden-etdilige ýüz urup,halkyñ nägeleligini gazanýar we Jüneýit Hanyñ geçirýän çärelerine päsgelçilik döretmäge synanyşýar.Şonuñ üçin 1918nji ýylyñ 30nji oktiýabrynda ol Jüneýit Hanyñ görkezmesi boýunça özüniñ „ Nurallabaý „ köşgünde öldürilýär. Onuñ ýerine Isfendýaryñ kiçi dogany Seýit abdylla töräni tagta çykarýar.Ol Angiliýa,Türkiýe, Owganistan,Eýran, Buhara we Türküstanyñ ähli künjükleri bilen aragatnaşyk saklaýar.
1918nji ýylyñ 25nji noýabrynda Jüneýit Hanyñ Dörtgülde sowet häkimiýetini agdarmak üçin eden hüjümi şowsyz gutarýar.Ol1919nji ýylyñ 9nji aprelindaTagta etrapynda sowet häkimiýeti bilen parahatçylykly ýaşaşmak barada-ky ylalyşyga gol çekýär.
Gol çekişligiñ iz ýany amatly pursatdan peýdalanyp,Zakaspy frontynyñ ştaby front üçin700 atly nöker ibermegini Jüneýit handan haýyş edýär.Emma Jüneýit han bu haýysy kanagatlandyrmak islemändir.Eger kömege iberäýen-dede , köp mukdarda ok-ýarag talap edipdir.
Üstesine-de kömege iberjek atlylary Musulmanlaryñ ,aýratynam Oraz serdaryñ we Eziz Hanyñ garşysyna ulan-Maly däldigini düýdurýar.(Ol Eziz han bilen ýakyn aragatnaşykda eken).
Sowet häkimiýetiniñ wekilleri bu teklibi kabul etmeýär.
1920nji ýylyñ 22-23nji ýylyñ ýanwarynda Bedirkentde we Gazawatda Gyzyl goşun bilen bolan aýgytly söweşden soñ , Jüneýeit hanyñ atlylary öz maşgalalary bilen Guma – Akja guýy diýen ýere çekilýär.
1921nji ýylyñ aprelinde Han Işanyñ ýolbaşçylygynda Owganistandan,Şyhym sülgüniñ ýolbaşçylygynda bolsa
Eýrandan 3muñ tüpeñ,54 muñ ok,bir näçe pulomýot we başga-da dürli harytlar ýüklenen kerwen gelýär.
1924nji ýylda Garagumda Palçykly diýen ýerde ornaşan Jüneýit hana,ýene-de 270 düýe ok-däri,ýarag we başga harytlar gelýär.Şol ýylyñ ýanwarynda ol Daşhowuz,Maññyt,Şabat,Gazawat,Hañka ýaly etraplary eýeleýär we Hiwa howp salýar.
Emma Gyzyl goşunyñ jemlenen uly oterýady Jüneýit hanyñ toparyna güýçli zarba uran soñ,ol ýene-de Guma çekilmäge mejbur bolýar.
Sowet häkimiýetiniñ wekilleri Garagumda ornaşan Jüneýit han bilen özara ylalyşyga gelmek üçin gepleşikler Geçirýär.Oña G,Atabaýef,H,Aýtakof dagy hem uly sarpa goýupdyrlar.Halk komisarlar soweti1925nji ýylyñ 4nji aprelindäki karary bilen onuñ emläginiñ we watançylyk hukukynyñ eldegirmesyzdigini ykrar edýär.
Jüneýit hanyñ garamagyndaky adamlar üçin 5muñ hektar ýer bölüp berip,olary 3ýyllap sargytdan boşatmak we pul kömegini bermek hem göz öñünde tutulýar.Emma Jüneýit han ylalaşyga girmändir.Ylalaşyga girmän akylly iş edipdir,Jüneýit hanyñ mamladygyny soñky wakalar görkezdi.Sebäbi Gaýgysyz Atabaýewiñ özi hem totalitar düzgüniñ pidasy boldy.
1927nji ýylda Jüneýit hanyñ Sowet häkimiýetine garşy Ýylanlynyñ töwereklerinde alyp baran bir näçe söweş hereketleri şowsyz gutarýar.Şondan soñ 1928nji ýylyñ iýun aýynyñ aýagynda az sanly nökerleri bilen Eýrana geçýär.Soñra 1929nji ýylda Owganistana göçüp,Hyrat welaýatynyñ obalarynda Türkmenleriñ arasynda mekan tutýar we1938nji ýylda şol ýerde aradan çykýar.Eşşiniñ 2 ogly Älem serdar bilen söýer Hyrat şährinde ýaşaýar.
Eşşiniñ uly ogly Taýça soñ Eýrana göçüpdir we şol ýerde aradan çykypdir.Taýçynyñ 4 ogly häzir Eýranda ýaşaýar.
Jüneýit han kä bir ýagdaýlarda kem-käs öte geçen-de bolsa,umuman oñat alyp baran işleri adalatly we külli Türtkmeni birikdirip,bitewi özbaşdak döwlet döretmäge edilen synanşyk bolupdyr.Ol daşary ýürtlerde bolanda-da Öz ýany bilen gidenleri hor-zar etmändir,Türkmen adyny belent tutupdyr.
 
  
Keýmir kör 
 
Owazadar bolup älem-jahana                       öz ilinde hökmi ýörän rawana
Eýäminda ganym geldi amana                    Keýmir atly sahipkyran geçipdir.
(Zenuby)
 
Türkmen taýpalarynyñ biri bolan Tekeler hem beýleki gowumdaş taýpalar ýaly agyr günleri başyndan geçirýär.
Halk arasynda:
 
Gökdepe çagyldyr, Tekäniñ jaýy                      oýukda,sopuda köp gezer baýy,
Torgaýyñ çömmügi, süntüñ süýrüsi                Bezirgen jülgesi,ýeriñ inresi
Çardagly Çandybil- kämil ýaýlasy                  Balkan dag,Garagum- sansyz galasy
 
Diýlip Tekeleriñ gadymy kül döken mekanlary barada söhbet açylýar.Bu şygryñ „ Çardagly Çandybil – kämil ýaýlasy „ diýen setirlerinde agzalýan ýerler Balkan daglarynyñ demirgazak-gündogar tarplary,ýagny çarwa we kämil atlary,otluk hem-de suwluk ýaýlary bolmaly,legendar gahramany Görogly begiñ mekany hem şu ýerler bolupdyr.Teke Türkmenlerniñ elmydama diýen ýaly baş Hanlary (ýöne olar serdar ornunda)we hanlyklary bolup-
dyr.Horezim şalary wagtynda-da,ondan öñ hem soñ hem Tekeler Garagumy talañçylardan ,  gelmeşiklerden  gorapdyrlar,özleri hem Gökdepe(Ahal) Tejen,Mary,Balkan,Sarygamyş we Bas sebitlerinde ýaşapdyrlar.
Horezim şalary,Hiwa Hanlary bilen hem merkezi Garagumuñ üstünden Eýran tarapdan,hiç hilli ýagy goýberme- zlik şertnamasy esasynda ýaşapdyrlar.Bu ýagdaý tä Hiwa Hany Mädemin syndyrylýança(1855) saklanypdyr.
 
Musulmanlara Çeññizden(Temuçin,Jeññiz)hem on esse ziýat zowal ýetiren Patyşah Teýmirleñ(Teýmir agsak- ölmeziniñ öñsyrasynda Musulmançylygy kabul edýär )Garagum üsti bilenKöneürgenje we Bedirkende geçmek-                       
çi bolanda,Aman ahal döwletýar begoglunyñ baştutanlygyndaky Teke Türkmenleri uly uruş edýärler,edil Gökdepe (Gala)uruşundaky ýaly söweşip gyrylýarlar.Soñra Teýmirleñ ol ýerleri basyp alansoñ,külli Tekäni tüketmek maksady bilen olary Çin serhetdindäki ot-çöp bitmeýän,tozanly,ýel öwsüp ýatan şor ýere-Taklameka-na sürgün edýär.
Tekeler bu kapyryñ gazabyna geriftar bolup,Taklamekanda,Nurgarabaýyr dagynda,Keremende,kelif-uzboýuñ ýakasynda ,Aýtgoýuda(Owganistanda),umuman,dört asra golaý ýürdünden aýraçylykda ýaşaýarlar.
Olar Aýtgoýudakylar 1712nji ýylda Hojanepes batyryñ maşgalasynda bir dogma dünýä inýär.Oña Keýmir (Añlatýan magnysy: Gaýtmaz,Dönmez,Göni,Sowulmaz )diýip at goýýarlar.
Döwletmämet düýegöz Orazmämet ogly şol wagt Tekeleriñ ýaşulusy bolupdyr.Keýmir onuñ terbiýesinde kämil-leşýär.Şirgazy Hanyñ söwer dosry Döwletmämet düýegöz aga Şirgazy handan ygtyýar alyp,1719nji ýylda külli Tekäni Basa göçürip getirýär.Şonda Keýmir ilki öz tireleriniñ,soñ Utamyş urugynyñ serdary,soñam Döwletmä-met düýegöz aganyñ baş serdary,orunbasary ýaly wezipelerde halkyna hyzmat edýär.
Şirgazy hanyñ ölüminden (1728) soñ kada-kanunlaryñ üýtgänligi,şertnamalaryñ bozulonlygy,Basa çekilen aryk-ýaplaryñ gömlüp,suwunyñ kesilendigi hem-de özüniñ gaty garrandygy sebäpli, Döwletmämet düýegöz aga „Öli diýerler ol kişä,ýaş 90 dan aşansoñ“ diýen halk pähimine eýerip,ýasululygy Keýmire tabşyrýar.
Ol Başda durarlyk galmandygy üçin gadymy mekana – Ahal we merkezi GARAGUMA dolanmagy maslahat berýär.Özi bolsa köp wagt geçmänkä şol ýerde aradan çykýar.Emma Ahala gelseler baryp Horezmiñ paýtagty Köneürgençden Hiwa geçmezinden 40-50 ýyl öñ Ýemreli oýundan ýemreliler,Alili oýundan bolsa Alililer Horezm şalary bilen tersleşip,bu ýere gelipdirler we Eýrana raýat bolupdyrlar.
Tekeler bolsa Tejen – üçburç,ýolbarsly sebitlerinde mesgen tutunyp,Damla,Erbent,Kyrkguýy,mamur,Garry çarla, Kürtüş sebitlerinden tä Balkan ýakalaryna çenli ýaýraýarlar.Emma Eýranyñ dikmeleri –Etek galalarynyñ baş hany Ugurly gazak(ýemreliniñ gazak tiresinden),Mary welaýatynyñ baş hany Baýramaly han( Şyga gajarlaryñ hany) we Eýran hanlyklary birleşip,Tekeleri ýenede sürgünli bolan ýerlerine kowmak isleýärler.
Olar Eýran goşunlary bilen goşulşyp çarwa Tekelere gün bermeýärler.ýogsam,şol garyndaş taýpalara Ahal, Tejen, Balkan,Bas sebitlerine çenli muñlerçe ýyllykdaky gadymy gonamçylyklarynyñ ýatandyklary-da aýdylýar.
Emma olar Eýranly zalymlaryñ penjesinde bolandyklary üçin öz garyndaşlarynyñ üstüne ýykgynçylykly çozuş-lar edýärler. Keýmir öz orunbasary Annaseýit wekili(çeltek,ýagly),Amandöş,Esenoglan ýaly serdarlary,Annaöwez(Gyzyl göz, ýalyñaýak) Işabaşyny(goşun serenjamçasy),onbegileri,atalyklary,ynaklary(Geñeşçilerini) çagyryp maslahat geçirýär.
Görogli soltandan(8-9 nji asyr )tä Şirgazy zamanyna çenli 18 sanly baş hanlygyñ gowgaly günlerini,Teýmirleñ bilen bolan çaknaşykda  „ Biz diñe hakdan gorkýarys,Horezim şalary bilen ähtimiz bar , ``Ähtinden dänen,nem-
bez(nesilsyz)bolar `` diýipdirler,şonuñ üçinem sizi garagumuñ üsti bilen goýbermeris….“ Diýip urşundan soñ gepleşik geçiren Teke begi aman hanyñ sözlerini,özüniñ atasy hasabynda,uly iliñ hem sahaba hökmünde gar-ap,hormatly ýasulusy Döwletmämet düýegöz aganyñ  “ biz hiç haçan,hiç kime degmedik,degendenem gaçdyk ýöne ýaý boýy gaçdyk „ …diýip,aýdan nesihetlerini ýatlap Keýmir geçmişini,häzirki we geljekki ýagdaýlaryny paýhas eleginden geçirýär,baryp,Basda oturýarkalar ençeme gezek gaça uruşlar eden duşmany Nedirguly awşaryñ 1730nji ýyllarda Hiwa hanyñkyda tussagdaky özi bilen dostlaşyşy(şol wagtlar Keýmir utamyş urugynyñ
serdary) , onuñ özüni boşatdyrmak üçin,özlenip ýalbarşy, Döwletmämet düýegöz aganyñ üsti bilen Nedirguli awşary tussaglykdan boşadyşy,onuñ Keýmir bilen eden ähtnamalary,emma Eýrana şah bolansoñ, biwepalyk edip,häli-şindi çapawolçylykly çozuşlar edip durmagy maslahata ýygnanlary oýa batyrdy.
Emma olar hic haçan Eýrana tabyn bolmandyklary we geljekde-de bolmajaklary barada bir çukura tükürip, pekir-lerini çugdamlaýarlar.
Tekeler Balkan eteginde oturanlarynda Eýran leşgerleri ençeme çozuşlae edýär.Olaryñ geljegini añlap, çagalaryny,aýal-gyzlaryny,garrylary kürtüşbaba eltip,izlaryna dolanyp gelip,eden söweşlerinden soñ köp heläkçilik çek-
ip ýeñilen duşmanlaryñ Garagum çölüne çozuşlary azalýar.Emma şol wagt Bejnurt hanyñ baştutanlygynda öz raýaty bolan Ahal arkajyndaky we Etrek galalaryndaky Türkmen taýpalarynyñ mejlis-maslahatlary köpräk çagyr-
lypdyr.Olar Tekeleri Garagumdan kowup çykarmagyñ kül-külüne düşýärler.
Keýmir kör Garagum çölünde ahyrky gaçybatalga diýip,deñiziñ demirgazak gaýrasynada Ajikölüñ töwereginde bir goluñdaşyna ojar-gum aralaşdyryp berkitme-gala hem gurýar.
Soñ-soñlar onuñ ojarlary çüräp,guma garylyp gidipdir.Olar köp ýerlerde şeýle berkitmeleri gurýarlar.
Bejjnurt hany Kesearkajyñ,Ahal we Etrek galalarynyñ hanlyklary bilen geçirmekçy bolýan uly maslahatyna Garagumda mesgen tutan Teke Türkmenleriñ serdary Keýmiri-de çagyrýar. „ Çagyrlan ýere irinme…..  „ diýen nakyla eýerip,Keýmir hem maslahata barýar.Ýygnakda ençeme düşündüriş we guramçylyk işleri hakynda gürrüñ edilýär .Soñra gala hanlary öz ýagdaýlary barada aýdýarlar. Ahyrsoñy Bejnurt hany Keýmire ýüzlenýär :
-Keýmir Teke,siziñ watanyñyz- ýürdüñiz nirede?
- Han hezretleri,biziñ mekanymyz-ýürdümiz Garagum çölüdir.
-Onuñ belli orunlary –şähirleri haýsy?
-Belli orunlarymyz-şähirlerimiz: Kürtüş,Zäkli,Üñüz,erbent,Garryçyrla,üçbürç,ýolbarsly,Damla hem beýleki ownuk şähirlerdir.
-Galalaryñyz haýsylar bolar ?
-galalarymyz Galtakgala,Hatapgala,Akjagala,Gyzylja gala,Çeltekgala,Şeýtangala hem başgalar Han aga!
Keýmir sözüniñ üstüne ýetirip,Garagum çölüniñ giñdigini,onuñ bir ýanynyñ Hiwa,ýene bir ýanynyñ Buhara emirligi,beýleki bir tarapynyñ Mañgyşlak bolup,tä Gazak ýürdüna çenlidigini,uzyn tarapynyñam Eýran şalarynyñ ýürdidygy hakynda aýdýar.—Şol aralykda biziñ ilimiz çarwaçylyk-maldarçylyk bilen meşgullanyp,mallarymyzy, mal önümlerimizi goñşy welaýatlara eltip,Galla we beýleki harytlara çalyşýarys.Biz hiç hilli şalyga,hanlyga-häkimiýete garaşly däl,öz ygtyýarymyzda,özümizi özümiz dolandyrýarys,hiç kime zyýan bermeýäris,gaýtam ýagşylyk edýäris,ýalañçylyk,erbetçylyk bolsa iñ ýigrenýän zadymyzdyr, han aga! – diýýär.
Keýmiriñ batyrgaý sözlerini diñläp,ugurli gazak äsgermezlik etjek bolýar :
-- Keýmir kör,bize argyşa gelen Tekeleriñizden habaryñyz barmy?biz olary horlap,aýallaryny-da basgylandyk diýende, Keýmir kör tarsa ýerinden turup,gazap bilen ugurli gazaga(Hana) iýiti nazaryny dikýär-de,başyndaky telpegini ýere patladyp urup,onuñ üstünde lampa oturýar.Onuñ bu hereketini synlap Bejnurt hany ugurly hana garap : „ Kör Tekäniñ telpeginiñ üstünde oturmagynda bir gep bar „ diýen. Soñra ol Keýmire garap:
- Seniñ näme aýtjak zadyñ bar,belki ýatdan çykaransyñ,ýene-de aýtjak zadyñ bolsa aýt? – diýýär.Ol bolsa:
-Meniñ aýtjak sözüm ýok,maña söz galmady- diýýär.
Eýran şasynyñ zor salmagy bilen Pendi,Şeýhy,Jüneýidi(Guşgy),giñişliklerinde ýaşaýan Türkmenler kem-kemden gysylyp,Mara göçürlip getirlýär.Şol ýyllarda Murgap derýasynyñ ýakalary Eýrana garşly bolan.
Hemişede Teke Türkmenlerni halamadyk Baýramaly han gelen ýerlerine kowmak üçin her hilli pyssy-pujurlak edýär.Marynyñ aýagynda Teke çarwalaryny talap,azar ýamanyny berýärler,hat-da oglan okadýan Mollany-da
Okaýan oglan-gyzlaryda horlap,olaryñ namyslaryna degýärler.Oglanjyklaryñ ujydyny kesmek ýaly ynsanlykdan Çykmalardan hem gaýtmaýarlar.
Bu ýagdaýdan soñ garaguma ýaýrap oturan Tekelerniñ ähli aksakgallaryny we serdarlaryny ýygnap,Keýmir uly mejlis-maslahat geçirýär.Şondan Baýramaly şyganyñ öz edişinden hem beter etmeli,olary talamaly diýip çykyş Edenler-de bolýar.Bir näçesi bolsa gyssanmazlygy,öz wagty,ýere gelende ar almagy,halkda günä ýokdygyny, eger häzir uruş edilse,ýene-de halka uly zyýan ýetmeginiñ mümkindigini maslahat berýärler.
Keýmir bolsa Teke Türkmenleriniñ hiç haçan alamançylyk etmändigini,diñe öwezine alamançylk edendigini düşündirýär.
Ol onsoñ Amandöş(öz baş serary)serdaryñ,Annaseýit wekilliñ(orunbasary)we beýleki akyldarlaryñ çykyşlaryny Diñläp,kömek sorap Hiwa hanyna ýüz tutmagy makullaýar.muny hemmeler goldaýarlar.
Annaseýit wekiliñ baştutanlygynda bäş sany adam Hiwa hanynyñka we Hiwa hanynyñ teklibi boýunça soñra Buhara emirinkä baryp,Keýmirñ haýyş-towakgalaryny ýetirýärler.
Horasan welaýatlary Jeñiz hanyñ ýörişlerinden öñem Türkmen taýpalarynyñ ýurdydy,hatda ondan añyrdaky zamanlarda-da olaryñ ýaşan watanydyr- diýip,Buhara emiri Şamyrat Welnamy maslahatda aýdýar.olar ýene-de bir aýyñ dowamynda sähätli güni duşuşmaga karar edýärler.Garagum sährasyna goşun çekip ugraýarlar. Amandöş serdaryñ baştutanlygyndaky Keýmir köriñ goşuny-da ýola düşüp,olar dänew bilen Baýramalynyñ ortalaryndaky gadymy uzboýuñ akgyt ugrunda ojar tokaýlarynyñ arasyndaky köpguýy diýen öýda duşuşýarlar.dem-dinç alansoñlar salkyn bilen Baýramala ugraýarlar.
Baýramala menzel galanda düşläp,gijöýlän ýene ýola düşýärler.Gije il ýatyp , it uklanda Baýramalynyñ 10-11 çakram (1,06km-e deñ)golaýynda düşleýärler.Hiwa hanyñ,Buhara emirniñ hem Keýmir köriñ her biriniñ saýlama Nökerlerinden200(jemi 600) atlyny jemläp,Baýramaly hanyñ üstüne hut şol gije ugradýarlar.
Olaryñ gijäñ bir wagty düýdansiz dökülmegi Baýramaly hanyñ gahar-gazabyny ýetjek derejesine ýetirýär.Çapawol atlylar aldym-gaç urşuny edýärler.Çapawollar şol gelişlerine bellenen ýere dañdanlar-namaz wagty gelýärler. Keýmiriñ we Hiwa hanynyñ goşuny ertir namazyny okap ýetişip,öz orunlarynda taýýarlykly duran bolsalar, Buhara emiriniñ goşuny namaz okap ýetişmändir.Şonda Welnam emamyna garap : „Gysga süre saña ne kyldy?
Diýip käýýäpdir.
Şonlukda,hersi bir gapdaldan,Keýmir bolsa çat garyşysyndan çykyp,Baýramalynyñ goşunlaryny dargatýarlar we Köpsini ýesir alýarlar.Baýramaly han ahyrsoñy ýaraglary taşlap,nökerleri bilen tabyn bolýar.Olar ýesirleri bilen bileligde Baýramaly şygany öñlerine salyp,şähriñ çetinden baranlarynda ilat ýaşulularyñ baştutanlygynda olary Duz-çörekli garşylap,Baýramalydan dynanlaryndan begenýärler.
Baýramalynyñ özüni bolsa bütün şähre aýlaýarlar.Keýmir kör şondan Burkaz,Aýmak,owgan,Haryn,Salyr,Saryk Soltanyz ýaly ençeme ýerli Türkmen Taýpa-tireleri bilen hiç hilli öjüniñ ýokdygyny,emma Baýramaly şyga bilen Öçlidiklerni,bu betbagtçylygyñ esasy günäkäriniñem hut Eýran dikmesi Baýramaly şygadygyny aýdýar.
Olar Baýramalydan dynansoñlar Maryda Türkmen Begligini döredip,ony Hiwa –Buhara tabyn edýärler.Alnan baýlyklary,oljalary,hatda eýer-esbapdyr ot-iýimlere çenli täze döredilen beglige tabşyrýarlar.Baýramaly hanyñ hanlgyna degişli baýlyklaryñ ählisini hasaplaýarlar,Eýranly baý şygalynyñ artyk baýlyklarynyda döwlet haýryna Alýarlar.Şygalary hem bir näçe kakabaşlary maşgalasy,mal-garasy bilen Buhara ýagny Amyderýa bilen Syrderýa aralygyna sürgün edýärler.Myhmanlary ugradyp,Keýmirem gaýdan soñ,Annaseýit wekil 100 atly nöker bilen
bir aýlyk galýar we täze begligi tertip-düzgüne salmaga kömek edýär.
 Bu waka 1785nji ýylda bolýar.
Şol gurulan Türkmen begligi 1785nji ýyldan tä 1855nji ýyla,Hiwa hany Mädiminiñ Sarahs urşundaky ölmüne çenli dowam edýär.Bu ýerde Türkmen begliginiñ döredilenini eşiden Bejnurt,Maşat hanlary öz janlaryny saklap Bilseler razy bolupdyrlar.Baýramaly han ölensoñ,ol hakda her hilli masgaralaýji goşgular düzelipdir.Şolaryñ biri-de şol döwürlerde ýaşan gara şahyryñ Maru-şahy-Jahan hakyndaky „ Seniñ üstüñde „ atly şygyrdyr.
Baýramaly han tutulyp ýoklanandan soñra Annaseýit wekil „ Garagum çarwalarynyñ guşluk tarapy Owganistana Barýança giñän ýaly bolaýdy „ diýipdir.
Şol ýylyñ tomsunyñ ahyrlarynda Ugurly han üç günlük toý  tutjakdygy hakynda çar tarapa habar ýollaýar.ol obadan ep-esli açyklykdaky toýhanasynda 2 sany örügöý ( ak öý) tutup,olaryñ içinde gelin-gyzlary oturdýar.
Toý habaryny eşiden Keýmir bolsa , ähli ýaşululary ýygnap(Bejnurt hanyñkyda bolan maslahatda ugurli hanyñ aýdan sözlerini ýatlap),indi ar-namysdan çykmaga wagtyñ gelendigi hakynda maslahat edýär.“Arym köýenden Imanym köýsün „ diýipdirler,Ar-namysyñ astyndan çykaýlyñ ! diýip sözüni jemleýär.Soñra keýmir serdarlaryny Çagyrýar, olaryñ her haýsyna gerekli nökerleriñ azyk-suwluklaryny ýüklär ýaly düýeleriñ sanyna çenli aýdýar.
Olar şondan soñ 25 güni geçirip,26nji gün jemlenip,öýle namazyny okap,güni gijikdirip ýola düşýärler.Ýol belet diýip 3 adamy getirýärler.Keýmir olary synlap,sözleşip,olaryñ birine ýüzlenip : „ Taññam(taññy göbe-amaşa) Sen taparsyñ öñe düş! „ diýipdir.Keýmir dagy Ahalata(Ahalbaba,akhalata,akhalbaba) gonymçylygynyñ bir menzel ýeñsesinde Düñölen guýusyna barýarlar.Gijäniñ ýarynda 100 atlyny eýýäm toýnyñ bir güni geçen ugurly Gazagyñ üstüne çapawolçylyga ugradýar we olary ugurli hanyñ gelinini hem gyzyny alyp gelmegine buýurýar.
Özleri-de Düñölenden atlaryny,düýelerini suwa ýakyp,çeleklerini,meşiklerini doldurýarlar.Guýynyñ agzyna gyzgan-ýylgan,ojar-çerkez ýaly çöp basyp,üstünede keçe ýapyp,mazaly örtüp,gum bilen gömýärler.Özleri-de
Guýynyñ demirgazak-gündogar taraplaryny gurşap ýatýarlar.
Dañdanlar baran atlylar Ugurli hanyñ gelin bilen gyzyny alyp,gün dogandan düñölene gaýdip gelýär.
Ugurli gazagyñ kowgy atlylary guşlykdan günorta çenli ýol geçýär.olaryñ gözi guýynyñ agzyna düşende guýy gömlüpdir diýip düşünýärler.Şol ýerde bolan çarwa urşunda(Taýakly,gamçyly uruş,eger gylyçly garaw gaýtarsa ,
ýarag ulanmaly) olar aman diläp,ellerini galdyrýarlar.Ýesirleriniñ at-ýaraglaryny alyp,ýaralylaryny ikisini bir ýaba
mündirip,şol gije obalaryna ugradýarlar we olara il-gün bilen işleriniñ ýokdygy,Ugurly hanyñ gedemligi barada aýtmaklaryny pugta tabşyrýarlar.
Keýmiriñ atlylary şol gije düñöleniñ agzyny açyp,mallaryny suwa ýakyp,gaplaryny suwdan doldyryp,ertesi irden izlaryna tarap ýola düşýärler.Iki menzil ýörän soñ ,Ugurly hanyñ iberen töwellaçy ýaşululary izlaryndan ýetýär.
Keýmir aga olaryñ töwellalaryny kabul edip,gelin bilen gyzyny gaýtaryp berýär.soñra olara:
Biziñ Ýemreli garyndaş bilen hiç hilli adawatymyz(duşmançylygymyz) ýok,emma Ugurly gazak bilen öçli bolduk ýagny Ugurly gazagyñ özüniñ sözi bilen şeýle bolduk.Şoña görä-de „ Deñleşen deñe atmaz „ diýilşi ýaly,onuñ özi bilen deñ boljak däl,siziñ töwellañyzy Il-günüñ hatyrasyna kabul edýäris—Diýipdir.
Keýmir kör şol wagtyñ 73 ýaşlaryndaky garry,sagdyn ýaşully eken.Soñabaka Tekeleriñ mallary köpelýär.Olar Balkan daglarynyñ demirgazak-gündogar taraplaryna çarwa we kämil ýaýlalary ýaly otluk,suwluk ýerlere ýaýra-
ýarlar.
Keýmir aganyñ külli Türkmen aksakgaly,howandary hasaplanypdyr.Ol bir ýany Balkan,beýleki bir ýany Saryga-
myş çöketligine , Bas sebitlerine çenli göçüp-gonup ýören,şeýle hem oturumly taýpalara janpena bolýar.
Onuñ özi-de ,nökerleri-de çarwa durmuş görnüşinde ýaşapdir.
1788nji ýylda 76-77ýaşynda Keýmir serdar ýaşululygy öz oruntutary Annaseýit wekile tabşyrýar.Elbetde,onuñ ornundan aýyrlmagyna razylyk bermeýärler.Emma Keýmir şol mejlis-maslahat toýunda direlikde öz ornuna laý-
yk adama tabşyrmagyñ miýeser etmeginiñ uly bagtdygy,bu zeýilli ýagdaýyñ añsat-añsat ýetdirmeýändigi özün-
iñ hem gaty garrandygy,80ýaşyna golaýlandygy baradaky çykyşyndan soñra Annaseýit hem başgalar-da muña razy bolýarlar.
Keýmir bolsa 1790nji ýyllarda kowumgaryndaşlary we beýleki çarwalar bilen mañyşlagyñ Hook diýen etrabyna barýar,şol ýerde 1800nji ýylda aradan çykýar.
Keýmir oglanka tyg degen zerarly,onuñ bir gözüne şikes degen eken.Emma ol soñ-soñlar gutulyp gitse-de, iz galanlygy sebäpli onuñ oglanlykdaky Keýmir kör lakamy galyberýär.Aslynda onuñ gözi kör bolmandyr.
Keýmir aksowult,at ýüzliräk,göz damarlary çylgym-çylgym gyzgylt,goýun göz,ýiti nazarly,izindan ýogyn boýun-
ly,uly süýri kelleli,erinlek,egilek,iri süñk başly,at ýeñseli,demir beden şir ýürekli,akyl-paýhasly kethudadyr.
 
Onuñ 7 ogly bir gyzy bolan.Olar:Annameñli serdar,Çarykly batyr,Bilek batyr,Çary batyr,Penjeli pälwan(ATA)
Garagol serdar,Aýnazar han,Aýlar(Il içinde tutulýan  ýörgünli ady Hakylly)dagydyr.Annameñliniñ edermenligi hakynda „ Ýusup Aymed“ , „ Döwletýar beg „ dessanlarda ýaly wasypnamalar bar.Annanazar handan 3 ogul :
Batyr,Orazguly,Tañryguly önüpdir.Orazgulydanam 3 ogul: Gul çunak,Geldy çonak, Çenbe.Geldiden bolsa1ogul:
Bäbek;ondan hemHojamuhammed dünýä inipdir.
Keýmiriñ tiresi: Teke-utamyş-Bagşy-Daşaýak-Akdaşaýak-Gyzyl.Keýmir mañgyşlagyñ Hook diýen ýerinde jaýlanýar.Ol ölensoñ nebereleri Hookdan ýürdüne gaýdyp geleni üçin olara hooklar hem diýipdirler.
Keýmiriñ nesilleri,garyndaş-kowumdaşlary Aşgabat etrabynyñ „ Akdaşaýak „ kolhozynyñ keýmir kör köçesinde
Arçmanda,Tejende,Maryda we başga ýerlerde ýaşaýarlar.
Onuñ örän dilewardygyny Tassyklaýan ençeme rowaýatlar hem bar.Şol rowaýatlaryñ birinde Bejnurt hany Keýmirden :
  -Näçe nepsiñ (ilatyñ) bar?- diýip sorapdyr.ol:
  -Ýetişmedim,baryp ibererin-diýen.(soñra keýmir ýürdüne gelip,20 düýe gurt iberýär.Iş edinip sanasalar 40 muñ
  gurt eken.Keýmir iberen adamyna özüniñ her hojalykdan bir gurt ýygnap iberendigini hana aýtmagyny tabşyr-
ýar. Häli-häzire çenli40 muñ öýli Teke Türkmenleri diýilip ýörelmegide şondan gelipdyr ).
Han:
-Keýmir siz göçeñizde näme üçin çalt göçýärsiñiz?Diýip soraýar.Keýmir:
-Gazaklar habara görä göçermiş.bizem habara görä göçýäris,şonuñ üçinem göçenimzi ýel biler,gonanmyzy gool biler – diýip jogap berýär.
Han:
-Keýmir galalaryñyz örän az-la?
- Bizde gala ornuny goollarymyz tutýar.
Han:
-Keýmir sen nähilli ene-atadan bolan adam?
-Meniñ enem bir Gär gool,atam bolsa degdi boran.
Degdi boran gär gooly alan,menem şondan bolupdyryn.
Han:
-Keýmir ,adamyñ,malyñ,agajyn, ýolun erbedi nähilli?
-kötelli dagdan igde ýükli,agzy gara eşekli ,keçe telpekli bir adam geçip barýar eken – diýip,Keýmir oña jogap beren,.
Bir gezek Keýmir aga atly barýarka,öñünden çykan bir adam,onuñ bilen salam-heleýk edýär.Ol atyñ syrtynda oturan6-7 ýaşly gyzjygyzy görup:
-Keýmir aga ,ýogsada,bu gyzjygaz seniñ nämäñ?diýip soraýar.Emma gyzjygaz Keýmirden öñürti:
-Bu-ýä meniñ janym,men munuñ jananasy,muñ ejesi meñ ejemiñ gaýynenesi – diýip,özüniñ Keýmiriñ gyzydyg-
yny aýdypdyr.şonda ol adam oña garap:
-Berekella sen-ä gaty hakyllaja ekeniñ,ömrüñ uzak bolsun,hakyllym!Diýipdir.Şondan soñ onuñ ýörginli ady Hakylly bolup galyberipdir.
Türkmen halkyñ gaýduwsyz gerçegi,Keýmir  Baba azady,Zenuby,Magtumguly ýaly akyldarlar bilenem ençeme gezek duşuşan,pekir alşan,ähli Türkmen taýpalaryny birleşdirmekde,olaryñ arasynda gatnaşygy ösdirmekde ullakan işleri amala aşyran serdardyr.
Keýmir kör baradaky şu maglumatlaryñ süññi kyssaçy Suhanberdi annagurban oglundan Alyndy.
 
 
                                                                            Kyýat han
 
 
Kümüşdepede ýa-da Esengulyda,takminan,1754nji ýylda eneden dogulýar.Kaspi deñiziniñ kenarýakasyndaky
Türkmenleriñ hany,oña Kyýat beg,Gyýat beg,Kyýas beg hem diýilyär.
Kyýat hanyñ ömrüniñ irki döwri barada maglumatlar mälim däl.Ol garamaýak halkdan saýlanyp çykan demirçi ussanyñ ogly.Özi hem ussaçylyk bilen meşgullanypdyr.ýaşap geçen ýerleri Kümüşdepe,Esenguly, Çeleken etraplarydyr.Kyýat hanyñ Ýagşymämet (Ýagşymuhammet),kadyrmämet atly ogullary bolupdyr.Onuñ ady ilkinji gezek 1813nji ýylda peýda bolýar.Etrek Gürgen Türkmenleri şol ýyl Fatali şanyn garşysyna uly gozgalañ turuz- ýarlar we Patyşah Russiýasynyñ Russiýa-Eýran urşuna gatnaşýan kafkazdaky goşunlary bilen gatnaşyk açýarl-
ar . Russiýa-Eýran uruşy gutaryp,Gülüstan şertnamasyna gol çekilende,Kyýat han öz egindeşleri bilen şol ýerde
-di .Kyýat han özünñ ýakyn adamlary bilen wekil hökmünde geplesik geçirmek üçin Kafkaza iberilýär.
Şondan soñra onuñ ady taryhy meşhurlyk gazanýar.Ol Türkmenlerniñ Russiýa raýatlygyna geçmeginiñ tarapdary bolup çykyş edýär.Astrahan,Baku we Eýran bilen söwdany ýaýbañlandyryp,uly baýlyk gazanyp,kenarýaka Türkmenlerniñ hanyna öwürilýär.Kyýat han 1819-21nji ýyllarda M.I.Ponomarýowiñ we N.N.Marawýowiñ,1836nji ýyllarda G.S.Karaliniñ ekspediýalaryna köp ýardam berendigi ,Teblisdäki Kafkaz dikmelriniñ ýanyna ençeme gezek baryp,Russiýanyñ raýatlygyna geçmek barada tagalla edendigi,Patyşah Russiýasynyñ öñünde beýleki bitiren hyzmatlary üçin Medal,gymmat bahaly sogatlar bilen sylaglanýar.
19nji asryñ 20-30nji ýyllarynda Kyýat han we onuñ ogullary Astrabat,Mazandyran,Gilan bilen Bakunyñ,Astrahan arasynda deñiz ýollary arkaly bolup geçýän söwda gatnaşyklarynda esasy täjirleriñ birine öwrülip,barlyşyksyz bäsdeşlik göreşine gatnaşýar.Şol söwda bäsdeşligi ýaramaz netijeler getirýär.Kyýat hanyñ söwdasy bolaşýar.
Deñizde we kenarda alamançylyk,Talañçylyk güýçlenýär,täjirler öldürilýär.Şeýlelik bilen,Russiýa-Eýran gatna-
şyklary ýitileşýär.Bu gapma-garşylyklaryñ ýitileşmeginiñ esasy sebäbi şol döwürde,el degirilmedik baýlyklaryñ ummasyz zapaslarynyñ barlygydyr.
Bu baýlyklara eýe bolmak üçin bir tarapdan Russiýa,beýleki tarapdan Eýran bilen kyýat hanyñ arasynda barlyşyk
-syz göreş başlanýar.Bu göreşde kyýat hanyñ garşysyna has duşmançylykly hereketi asly Eýranly,ýöne söwda bähbitleri üçin Rus raýatyna geçip,Masihi dini kabul eden Mir bagyrof amala aşyrýardy.Onuñ maksady şu söw-
da ýolundan kyýat hany aýyrmakdy,ony ýok etmekdi.
Wagtyñ geçmegi bilen kyýat han we onuñ ogullary hakykatdanam hem söwda meýdanyndaky bäsdeşligiñ pidasi
bolýar.
Şowsyzlyklara garamazdan,Kyýat han kenar ýakasynda ýaşaýan Türkmenlerniñ Eýran şalarynyñ zülüminden azat bolmagy üçin Russiýa raýtlygynyñ geçmek ugrunda göreşýär.Muña uzak wagtlap baştutanlyk edýär.
Bu hereket Russiýa-Eýran uruşy tamamlanandan soñ has hem giñ gerim alýar.Patyşah hökümeti kyýat hanyñ haýyşy boýunça kenarýaka Türkmenlere azar bermezligi telim gezek Eýran hökümetine düýdüryar.
1836nji ýylda günbatar Türkmenistany öwrenmek bahanasy bilen,G.S.Kareliniñ ýolbaşçylygynda ýörite Rus ekspediýasy gelýär.Kyýat han we kenar ýakasyndaky Türkmenler ekspedisiýany gowy garşylap;oña kömek edýärler.Şol ýylyñ iýulynda Esengulyda bütün Etrk-gürgen ýumutlarynyñ uly geñeşi bolup geçýär.Bu geñeşiñ
guramaçysy Kyýat handy.Geñeşe gatnaşan kazylar,Han-Begler Russiýa hökümetiniñ adyna ýüzlenme kabul edip,ony G.S.Kareline gowşurýarlar.20777sany maşgala özleriniñRussiýanyñ raýatlygyna kabul edilmegini haýyş edýär.
1821nji ýylda Kyýat han bir ogluny Teblisdäki aziýalalar üçin açylan gimnaziýa okuwa iberýär.Beýleki ogly Kadyrmämedi we agtyklaryny Teblisiniñ,Sankt-peterburgyñ okuw jaýlarynda okadýar,Terbiýeletýär. Kyýat hanyñ
özüniñ ýörite öz adyna ýüzüne atyn suraty çekilen möhri bolupdyr.
1842nji ýylyñ tomsunda Kyýat hanyñ we onuñ ogullarynyñ täleýin ters gelýär.Kenar ýakasyndaky Türkmenleriñ
Russiýa bilen ysnaşyp,söwda gatnaşyklaryny ösdürmeklerini,Russiýanyñ raýatyna geçmek hereketine Kyýat hanyñ we ogullarynyñ ýolbaşçylyk etmegi,Eýrany,hususan-da Muhammed şany ynjalyksyzlandyrýar.
Eýran şu tritoriýany hut öz ýerleri hasap edipdir.Şonuñ üçin hem Şah häkimleriher edip-hesip edip,Kyýat hany we onuñ ogullaryny ýok etmegiñ ýollaryny agtarýarlar.
Gülüstan we Türkmençaý şertnamalary boýunça Eýranyñ Kaspi deñizinde harby flot saklamaga haky ýokdy.
Duz,balyk,nebit satmakda Kyýat hana bäsdeşlik edýän Eýranly söwdägärleriniñ kömegi bilen dildüwşük gurulýar.Russ komandiri E.W.Putýatin 1842nji ýylyñ iýulynda ýagşymämedi (ýagşymuammedy )tussag edýär.
Ýaşynyñ soñunda oglunýñ tussag edilmegi Kyýat hana gaty agyr degýär.Ol 80 ýaşyndan geçen garrylygynyñ göz öñünde tutulmagyny,özüniñ we oglunýn watanyna göýberilmegini haýyş edip,Patyşah hökümetiniñ kafkaz-
daky häkimi genral P.Golowine arz ýazýar.Oglunyñ tussag edilmeginde bir düşünişmezlik bolandyr diýip,ol Bakuwa gaýtýar.Alty aýlap Bakuwda garantinede bolýar.Onuñ arza üstüne arzalaryna,haýyşlaryna hiç kim gulak gabartmaýar.Kyýat hanyñ30 ýylyñ dowamynda Russ-Türkmen aragatnaşyklaryny berkitmekde bitiren hyzmat-
lary hasapa alynmaýar.Oña kömek edäýjek köne tanyşlary genral A.P.Ýermolof we N.N.Murawýof dekabristlar bilen aragatnaşykda bolandyklary üçin Nikolaý 1 gazabyna duçar bolupdyr.
Kyýat han1842nji ýylyñ 12nji dekabrynda Bakuwdan Teblise getirilýär.Kafkaz häkimleriI.Paskowiç,G.W.Pozen
Ýaly genrallar ozallar Kyýat hany dabarly garşylap,oña hezzet-hormat edip ýören adamlardy.Ýöne welin bu gezek olar ony zyndana taşlatýarlar.
 
Kyýat han Teblisde 1843nji ýylyñ mart aýynyñ ortalarynda ejizläp,iki gözi gapylyp,89 ýaşynyñ içinde zyndanda aradan çykýar.
 
 
Nedir şah          
 
18nji asyrda Eýranda şahlyk süren Nedir 1688nji ýylda dünýä inýär.Ol gelip çykyşy boýunça Türkmenleriñ awşar taýpasynyn Garakly tiresindendir.Nediriñ ýaşlygy Abywert—Deregez etraplarynda geçýär.1711nji ýylda kakasy
Ymamguly han ýogalanan soñ,Nedir kerwnlere talaýan garakçylara baştutanlyk edip başlaýar,şeýle hem ol Abywedyñ häkimi Babaly begiñ hyzmatynda bolup,Türkmenleri hem-de Kürtleri özüne tabyn etmek üçin bir näçe harby ýörişleri geçiripdir.Şeýlelikde,Nediriñ şan-şohraty kem-kemden giñ gerim alyp ugraýar.
1723nji ýyldaMaşadyñ häkimi Mälik Mähmidiñ goşun serkerdesi bolansoñ,Nediriñ şohraty has-da artyp,onuñ ady bütün horasana ýaýraýar.
Nedir 1726nji ýyldaTahmasp şanyñ goşun serkerdesi hökmünde gullaga başlaýar.Ol öz bäsdeşlerini kem-kemden ýok edip,esasy serkerde öwrülýär.
1732nji ýylda Tahmasp şany tagtdan agdaryp,häkimligi öz eline alýar.Şondan soñ 1736nji ýylda Mugan çölligin-
de Nedri dabaraly ýagdaýda Şah diýip yglan edip,bşayna täç geýdirýärler.Şeýlelikde,Nedir şah zalymlygyny has-da güýçlendirip başlaýar.Sähel göwnüne ýaramadyk adamlary ýok etdirýär.Hatda öz uly ogly Rezaguly hanyñ hem gözüni oýdyrýar.
Nedir şah Kafkaza,Dagystana,Bagdada,Hyrada,Gandahara,Hindistana,Buhara,Hiwa harby ýörişler geçirip,ägirt
Uly emperiýa döredýär.Nedir şanyñ asly Türkmen bolsa-da onuñ Türkmenler barada ýöreden syýasaty Eýranyñ öñki Şahlardan tapawotlanmandyr.Ol Türkmenleri boýun egdirmek üçin olara örän rähimsizlik we zalymlyk bilen darapdyr.Şu ýagdaýlar bilen baglanşykly Eýran taryhçasy mürze mehdi han Astrabady özüniñ „Taryhe Naderi „
(Nediriñ taryhy) atly kitabynda Türkmenler dogabitdi,tebigi petneçi,gozgalañçy adamlar hökmünde nädogry baha berpdir.Nedir şah horasan we Hiwa Türkmenlerniñ üstüne telim gezek gandöküşikli harby ýörişleri geçiripdir.
Ol ilki bada Abiwert töwereklerindäki gallalary basyp alýar.Ondan soñ Nedir Mara tarap ugraýar,ýöne Tejen derýasyndan geçip bilmän,Sarahsa tarap sowulýar we ony eýeleýär.Sarahsy alandan soñ,Durana gelip gozgal- añ eden Türkmenleri gyrgyna berýär.Soñra ýene-de Mara ýöriş edip,ol ýerdäki „ Tatarlaryñ „(Türkmenleriñ bir tiresi)üstüne hüjüm edip,şähri basyp alýar.
Nedir şah amyderýa boýunda ýaşan Türkmenlerede gün bermändir.Onuñ Marydaky goşunlary Kalbaly hanyñ baştutanlygynda Çärjew,Kerki Türkmenleriniñ üstüne çozup,gyryp,malgaralaryny talapdyr.Şeýle-de bolsa,Türk-
Menler Nedir e boýun egmändir.Yzygydyrly gozgalañ turuzyp durupdyrlar.Salgydy hem doly tölemändirler.
Halk arasynda ýaýran gürrüñlere görä,dag etek Türkmenleriniñ Nedir şanyñ zulmyna garşy herketlerine keýmir kör ýolbaşçylyk edipdir.Keýmir kör özüniñ örän akyllylygy,ugurtapyjylygy,batyrlygy,delewarlygy bilen tapawotla-
Ypdyr.Ol akyl paýhas bilen öz halkyny köp sanly pyjygaly wakalardan,gyrgynçylykdan aman saklamagy başary-
pdyr.Şoña görä-de,Keýmir kör hakyndaky rowaýatlar,gürrüñler halk arasynda biziñ günlerimize çenli dowam edip gelýär.
Nedir şah hytaýy basyp almak üçin ýörişe taýýarlanyp ýörkä,dildüwşük netijesinde öz afşar garyndaşlary tarapy-
ndan 1747nji ýylyñ iýun aýynda Maşadyñ golaýynda öldürülýär.Netijede,Nedir şanyñ şeýle gysga möhletde, çaltlyk bilen guran emperýasy özi öldürlendensoñ, öñkisi ýaly çyltlyk bilen darganýar.
 
 
 
Nurberi han 
                                                                             
Nurberi han 1820nji ýylda Gökdepede dogulýar.1880nji ýylyñ ortalarynda hem şol ýerde aradan çykýar.
Nurberi han 1850nji ýyllaryñ aýagynda 1880nji ýyla çenli Ahalyñ hany bolupdyr we ömrüniñ ahyrynda Ahalyñ we Marynyñ hany bolupdyr.
1850nji ýylyñ ahyrynda Ahalyñ merkezi şähri bolan Gökdepede uly maslahat bolýar.Oña Türkmen topragynyñ dürli künjeginden Hanlar ,Serdarlar,Ýaşulular,Aksakgallar we beýleki parasatli wekiller çagyrylýar.
Maslahatda baryp,Görogli begden – soltandan(8-9nji asyrda)tä Şirgazy han zamanyna çenli Teke Türkmenlerin-
iñ 18sany baş hanlygynyñ bolandy barada söhbet açylýar.Şirgazi han zamanynda Tekeleriñ baş ýaşulusy oraz-
mämed ogly döwletmämed düýegöz agadan baş hanlygyñ keýmir köre,ondan Annaseýit wekile,ondanam Myrat
serdara geçişi,1819nji ýylda Myrat serdar ölenden soñraky 30 ýyllykda bolsa Tekelerde bir näçe gala hanlary bolup,baş hanlygyñ bolmandygy hakda gürrüñ edilýär.Uly söweşlerde han ornuna orta çykarylan gala hanlaryñ iñ ekabyry Garaoglan hanyñ (Nurberdiniñ babadaşy,baba onbegiñ ogly)1819-20nji ýyllarda diýen wagty eken.
Emma baş han bolmak üçin ýedi şertiñ zerur bolanlygy sebäpli,ol baş hanlyga göterilmeýär.
Umuman,şol mejlisde mongol talañçylary we beýleki gaýry ýatlar tarapyndan uly zarbalar urulyp,bir-birinden çetleşdirilen Türkmen taýpalarynyñ ýagdaýy barada pekirler orta atylýar.
Esasan hem Eýranly,Russlar we beýleki gelmişikleriñ jansyzlarynyñ derdinden çarwalara we beýlekilere rahatly
-gyñ ýokdygy,hemme taraplaýyn halka ýarajak,ortak,ekabyr ýolbaşçynyñ zerurdygy ýaly ençeme meselelere
garalýar.
Şonda şeýle ýolbaşçylyga iki adam : Nurberdi döwletýar bay ogly ( Ak wekillerden)hem-de Hajygurbanyñ ogly
Mämetwli kazynyñ agtygy,Ak kazynyñ çowlygy Orazmämet han(Gara goñurdan)görkezilýär.
Olaryñ ikisi-de öz tire-uruglarynyñ hany eken.Saýlaw mejlis hakyky alnyp barylýar.Haçanad sese goýlanda
Orazmämet han artykrak ses alýar.(şol wagtlarda gol galdyrylman,ses sanalar eken ).
Emma örän paýhasly hem-de halatly serdar Orazmämet hanlygy öz üstünden aýyrylmaklaryny haýyş edýär.
Öz çykyşynyñ ahyrynda şeýle diýýär :
_ Owaly biribaryñ güwäliginde men hanlyk ornuny Nurberdi döwletýar baý ogluna bagyşlaýaryn,çünki ol gady-
my Bas eýamynda ýaşululyk eden Keýmirden öñki Teke Türkmenleriniñ aksakgaly Döwletmämet düýegöz aganyñ tälimini alan Anan onbeginiñ izidyr.Muny atasy Mürrük baý,kakasy Döwletýar baý hem örän çörekli-çekimli adamlardyr.Onsoñ ynanç-yktygatda,adalat-päklikde,güýç-gaýratda hem akyl-paýhasda,delewarlyk- herba
-plykda,söweş-syýasatda Nurberdini biz tanaýarys.Agyr ile baş bolmakda pysgal-döwletliligem wajypdyr.men öz rysgalymdan närazy däl,ýöne uly iliñ öñüne düşerlik rysgalymyñ ýokdygyna-da gözüm ýetýär.Bular bolsa ata-baba rysgally-çykymly,çörekli-hamyrhana ugurdyr.
Galyberse-de,onuñ okap ýazyp bilmegi,golunyñ has giñ bolmagy,menden artyk ýerleridir.Han bolmak üçin goly giñligem gerek ahyryn.Il-günden nökerlige çekmeli,olary at-ýarag bilenem üpjün etmeli.Tekeçilikde ilden algyt-salgyt ýygnamaklygyñ ýokdygyny bilýänsiñiz.Garaz „ Goly giñiñ goly uzan ýerine ýeter,goly ýukanyñ eli ýakasy-
na-hyrçyna ýeter „ diýileni-dä,şu nokdaý nazardanam men hanlyk-ýaşululyk mertebesine öz razylygym bilen sesimi Nurberde bagyşlaýaryn…
Başga-da ençeme çykyşlar bolýar.Maslahat-mejlisiñ esasy guramaçy-kethudasy örän dilewar hem adalatly Atajyk molla(Nyýazdurdy mollanyñ ogly) sözüni jemläp pata berensoñ, „ Hangöter „ dabarasy başlanýar.
Şeýlelikde,Nurberdi döwletýar baý ogly hanlyga göterilýär.Nurberdi juda uzyn boýly,soñkbaşy iri,eginlek, süýrü-
Räkden uly kelleli,tüññüräk mañlaýy giñden ýaban,göniburunly,garasy köpräk goýun gözli,gaşlagrak,bugdaýreñ
Gyzgylt ýüzli,az-zu sözli,diñlemegi söýýän,synçy ýiti nazarly,ynanç-yktykatly,nebsinden ynsaby ýokary,rehimli hem gazaply,ýürekli,gahar-gazabyna erk edip bilýän akyl-paýhasly,söweş-syýasatdanbaşy çykýan,berk bedenli
Sabyr-kanagatly,Türki sowatly sada adam bolupdyr.
Ol Anan onbegiñ ýuwlygy,Garry baýyñ çowlygy,Mürrük baýyñ agtygy,döwletýar baýyñ bolsa ogludyr.Nurberdiniñ
Üç aýaly bolupdyr(Nurigözel,Rabygözel,Güljemal).Olardanam önen ogullary: Berdimyrat batyr,döwlet beg,magty
-mguly han,Garry han,Ýusup beg,Magtymguly hanyñ ogly Mürrük han,onuñ ogullary Suhanguly,Ata we başgalar
Ata onbeginiñ doganynyñ kowumlarynyñ biri-de Baba onbeginiñ ogly Garaoglan handyr.Ol Nurberdi bilen baba-
daş garyndaş.
Nurberdi – Teke – Togtamyş – wekil – ak wekil – Garaýörme – onbegidir.Ol 30 ýaşlarynda hanlyga göterilýär.
Garaoglan hanyñ terbiýesini alýar,emma esasy terbiýeçisi Däli tilkidir.
Şol maslahat-mejlisde Börmäniñ gala hany öwezmyrat – Dykma serdar mämetnazar ogly baş serdarlyga göterl-
Ip,ol tä hanyñ ölümine çenli onuñ sag goly bolan.Onsoñam şonda kazylyk,wekillyk,onbeglik,işabaşalyk(goşun serenjamçysy),ýüzbaşlyk ýaly ençeme wezipeler ýola goýulýar.
Şol dabara mynasybatly tutulýan üç günki toýdan soñra Döwletýar baý gylýal sürülerini ýataklara gabap,ulagsyz
Jigitleri at saýlap almagy yglan edýär.Özüniñ ähli mal-düýnýesini,baýlyk-mirasyny bolsa ogly Nurberdiniñ hanly
-gyna,halkyna bagyşlaýar.
Ahalda Nurberdiniñ,1853nji ýylad Sarahs-da Gowşydyñ hanlyga göterilmegi,olaryñ arasynda doganlyk-dostlyk
Riştesiniñ pugtalanmagy daşgy hem içki duşmanlary agyr oýa batyrýar.Şonuñ üçinem duşmanlar Türkmen taýp
-alarynyñ,Tireleriniñ,hanlyklarynyñ,serdarlarynyn,din wekilleriniñ agyzlaryny alartmak,Esasanam,şol iki läheñiñ
Nurberdi bilen Gowşudyñ başyny ýimek ýaly hilegärliklere ýüz urýarlar.
Patyşah Russiýasynyñ orta Aziýa,şol sanda,Türkmen topragyna hem dört tarapdan :Orunburgdan,gazagystan-
dan,Mangaşlakdan ,Krasnowodskdan ýörişler etmek planyny amala aşyrmaga gyssanýandygyny bilýän Tekeler
agzybirligi ünsi güýçlendirýärdi.
Nurberi hanyñ tagallasy bilen Orazmämet han,Gara batyr,Sopy han,Gülbatyr serdar,Amanaly garga,Myrat hunk- är,Gylyç batyr,Maññyt batyr,Esenoglan han,Muham serdar,Garaýüz batyr,Garaoglan han,Öwez baý,Däli tilki, Polat han,Gara döw,Amangeldi we emingeldi serdarlar,Berdi kazi,Hanmämet atalyk,Durdy mugt,Öwezli tentek,
Täçmämet(Gönebek),Anzar pälwan,Öwezgeldi ussa,Gadam mergen,Amanguly han ýaly batyrlar ;Atajyk molla
Gurbanmyrat işan,Kerimberdi işan,Mahmyt işan,Seýitmämet hoja,Muzaffar işan,Nazaraly molla,Molla ker,Seýit
Işan,Ak işan,Muham sopy ýaly ençeme din hadymlary ; Gara sähet ýaly aýylganç sesli jarçylar;Mätäji,kätibi, meskingylyç,Guba ýaly şahyrlar;Gönebek,Orazmyrat topaz,Gulgeldi tümen,Hally şaýly ýaly bagşy-sazandalary
Onlarçasy bir çukura tüýkürýärler.
Şeýlelikde,Nyýazdepe çapylşyny,Hurmant çapylşyny,Gereý gyrgynçylyg(Gyzylarwat urşy),Şarlawuk urşuny,Wel-
gyz urşuny,Goç-zaw uruşlaryny,Sarahs we Garrygala söweşlerini,Çat we beýleki uruşlary başyndan geçiren serkerde Nurberdiñ ýolbaşçylygynda Ýumut,Gökleñ,Salyr,Saryk,Ärsary ýaly,onlarça Türkmen taýpalarynyñ ara-
synda agzybirlik rowaçlanýar.Elbetde munuñ özi Nurberdiñ tagallasy bilen ýörite wagyz-nesihatçylar toparlaryn-
yñ döredilmegi netijesinde amala aşyrylýar.Ýany goragçylar bilen üpjün edilen agzamlary guma we beýleki ýerler topar-topar bolup ugraýarlar.Olar Türkmen taýpa-tireleriniñ arasynda bolup,ilata daşky we beýleki gelmiş-
ek duşmanlarynyñ kimlerdigini düşündirýärler,öçlerini ýaraşdyrýarlar,çarwalaryñ arasynda-da agzybirligi ýola goýup,ýerli halkdan 20-30-40-50-100 atlydan ybarat goraýjy Toparlary,añtaýjylary,ýolbeletleri, onbaşy,ýüzbasy- lary döredýärler.Olara at-esbap,ýaraglar bilen üpjün edýärler,atlylar başlaryna çenli saýlaýarlar.Şondan soñra olar öz obalaryny duşmanlardan,alamançylardan gorapdyrlar,birek-birege kömege ýetişip,hemişe hüşgärligi agzybirligi elden bermändirler.Beýleki taýpalar hem bu syýasaty ikielläp goldap,özaralarynda ýokary tertip-düz
-günnamany ýola goýýarlar.
 Nurberdi han 1855nji ýyldaSarahs-da Hiwa hany Mädimin bilen bolan çaknaşykda,doly abraýa mynasyp bolýar.1858nji ýylda bolsa Eýran şasynyñ goşuny Jafarguly han serkerdeliginde Garrygala Ýumut-Gökleñleriñ
Üstüne ýöriş edýär,şonda olardan Nurberdi hana dadygöý(Gyssagly habar ýetirýän)habarçy gelýär.Nurberdi han
12muñ Teke atlysyny,Mahmyt işanyñ ýardymy bilen ýygnalan 6 muñ Ýumut(Atabaý ýumutlaryndan) atlysyny toplap,Garrygala-söweşe ýöriş edýär.Ýerli halkyñ ýaşululary hanyñ özüniñ goşuna esasy ýolbaşçylyk etmegini
 haýyş edýärler.Duşman bilen uruş bir hepdeläp dowam edýär.Emma Nurberdi 7nji gün uly mejlis gurap,şonda ahyrky sözünde şeýle diýýär:
-         Ýaşulular,serdarlar,ýygitler ! Siz maña izda boluñ diýmäñ ! Bizden öñki Teke ýaşulularymyzyñky ýaly meniññem adym hanam bolsa,serdar ornundadyryn.Şonuñ üçin siz meniñ maslygymy ganhor Jafarguly hanyñ tugunyñ astyndan başga ýerden gözlemäñ ! Batyrlar ! Çozuñ azana musallat boluñ ! Ýa Allah !
Diýip,ol at salýar.
Şol soñki zarbada Bejnurdiñ hany Jafargulynyñ serkerdeliginde külli Türkmeni bakna etmek üçin Eýranyñ şasy
Nasretdin “ ýeñilmez “ Atly,toply-tophanaly,kemsyz ýaraglanan serbazlardan düzülen san hem güýç taýdan bir näçe esse artyk goşuny çym-pytrak edilýär.Şonda Eýranyñ haý-haýly sary topy-da olja alynýar.
Aýagalydygyna gaçyp barýan Jafarguly han Gökdepeli Teke jarçysy,garasähdiñ elhenç sesini eşidende zähresi
Ýarylyp,huşy başyndan uçýar.
Uly ýeñişe garaşyp oturan Nasretdin şah “ Şum habary “ eşidip özünden gitýär.Bu barada şol söweşi gören Abdy
-setdar kazynyñ “ Jeñnama “ Poemasynda şeýle diýilyär :
 
 
Diýidiler : “ Bu işler kyndyr, eý şah !
Ki ýagny leşgeriñ öldi,bol aga !
Bolup bihuş,ýykyldi jalkasyndan
Pozan boldy niçe ýel arkasyndan
 
Şondan soñra Gökleñ,Ýumut we beýleki tire-taýpalaryniñ ýaşululary Nurberdi hana we ähli Teke garyndaşlaryna alkyş baryny aýdýarlar,duşman kim,dost kim,ymykly göz ýetirýärler.Şeýdibem,Nurberdi hanyñ tagallasy netijesi-
nde Türkmen tirelerniñ arasynda duşmanlar tarapyndan düwlen düwünler çözilip,agzybirlik dikelýär.
Garrygaladan gelen dessine (1858nji ýylda) Nurberdi han özüniñ wekilleri,geñeşdarlary,serkerdeleriñ bilen Mara
Gidýär we Teke-Saryk dawasynyñ çözülmegine uly kömek edýär.Ol 1861nji ýylda Nasretdin şanyñ Mara eden çozuşynda-da duşmany derbi-dagyn etmekde özüni tanadýar.
Şondan soñra Gowşut hanyñ Teklibi boýunça Nurberdi Ahal- Marynyñ hanlarynyñ hany saýlanýar.1862nji ýylda
Bolsa hanlar hany Nurberdi han Mara gelende-de Ahaldakysy ýaly öz öýünden örsün diýen niýet bilen oña abraýly ýeriñ asylly maşgalasyny-Töre-sokynyñ gyzy,adamsy (Annaöwez) 1855nji ýylda uruşda ýogalan Güljem
-ly nikalap alyp berýärler.Nurberdi Salyr-salyk,Ärsary ýaly beýleki taýpalarynyñam arasynda uly hormata mynas-
yp-ortak ýaşululyk abraýyny saklanlygy ; alagöz bilen seretmekden daşda duranlygy,hemişe halky öñe sürüp , il-gününe hormat goýmagy başaranlygy üçin onuñ mülki Baýramalyda tutulýar.Nurberdiñ ölüminden soñ onuñ mülki Wekilbazara göçürilýär.
Nurberdidir Gowşut hanyñkyda bolan gizlin maslahatlaryñ netijesini Russ içalysy Aly mülhit (halk arasynda tutul
ýan ady )we başgalar öz baýarlaryna ýetirip durýarlar.Emma bu iki hanlygyñ barha pugtalanmagy ,halkyñ olara şalaryñ şasy ýaly ynamly garamaklary duşmanlary nugsana getirýär.Dogursy,Russ genrallary,serkerdeleriñ olaryñ bir näçesine Halat-serpaý,aýlyk-pul bermek ýaly hilelerde ýüz urýarlar.
Emma birnäçe gezek ýaraşyga baranda kabul etmäñ,amatly pursatlary elden gieren zalymlaryñ hilesi ýol almaýar. “ Han aga,bularyñ zat berip durmalary nämäniñ alamatyka? “ diýip soranlarynda Nurberdi han :
“ Aý , adamlar, “ Doñuzdan tüý ýolmak ýolmakdyr “ diýileni.Olar şu çalaran kelleler üçin berilýändir.Goy,bersinler
bakaly,berilen zady il bähbidine harçlaberiñ,munuñ astyndaky hileler ýol almaz.Ýylan,egrem bolsa,hine girende gönileýändir,tiz göneler “ diýip,başyny sypap,jogap berýär.
1878nji ýylda Gowşut hanyñ Russ ofiseri-içalasy Aly mülhit tarapyndan awy berilen öldürilendigini eşidip,Nurber
-di han “ Sag omurdanam goparylan ýaly boldum… “ diýär.Onuñ ýerine serkerde goýmak üçin tagalla etse-de gyssagarada başartmaýar.Çen edilýänler ýa garran,ýa Täçgök serdar ýaly adamçy iner häsiýetli,ýa söweş-syýasaty gowşan,ýa nepsy ynsabyndan güýçli.ýa-da gözsüz batyr…bolup çykýar.Şondan soñra Nurberdiniñ özi-de syrkawlaýar.1879nji ýylda Russ goşunlarynyñ Gökdepe çözjakdygy hakdaky habary eşidip,ol agyr halda bolsa-da Marydan ahala gaýdýar.Emma barynça urus Tekeleriñ ýeñişi bilen gutarýar.Ol şol söweşde ýolbaşçyl-
yk eden ogly Berdimyrat batyryñ ölümine şükranalyk eden,emma Gara batyryñ we beýlekileriñ ölümine gaty gyý
-lýar.
Ol gyssagly maslahatda gelnen nitije boýunça Dykma serdaryñ hem Öwez baýyñ ýolbaşçylygynda 9sany wekilli(Töwellaçyny)ýaraşyga ýollaýar.Emma olar kabul edilmän gaýtarylýar.Galanyñ günbatar we gündogar taraplaryny berkidip,22muñ goşuny jemläp,söweşe ykjamlanyp başlan Nurberdi hanyñ derdi gozgap,gaýra ýüzlip ýene-de syrkawlanýar.Şol başagaýlykda iki sany adam,biri pir beýlekisi sopysy bolan bolup,haja zyýarata barýan
sumaklar hanyñ halyny soran bolup,onuñ-da käsesine awy goýup,içirip,ölmegine sebäp bolýarlar.Ol şu wagtlar- da 60-61 ýaşynda eken.
Kakasynyñ hatyrasyna 20-21 ýaşlaryndaky ogly Magtymgulyny wagtlaýyn hana saýlaýarlar.Nurberdiniñ öz garamagyndaky hanlyklar bilen “ Ýedi ölçäp,bir kesip “ hereket etmegli sebäpli ençeme ýerde ýoly baglanan Russ goşunlary güýçli zarbalara,ýitgilere sezawar bolýarlar.Şonuñ üçinem Zakaspy harby bölümi Tekeleriñ hereketleri hakda şeýle maglumatlar berýär :
1.Tekeler Krasnowodskdan Hojagula barýan kerwenmize çozmak üçin otyrýad ýolladylar.
2.Bendesende 4nji sentiýabyrda biziñ üstümize ok atdylar.
3.Hojagalada ýerleşen lagermize gije çozdylar.
4.Ertesi düýelerimizi elimizden aljak boldular we iki gün izmyza düşüp,izarlap heläklediler.
5.Ýaragsyz topçylarmyzyñ üstüne gapyllykda çozup aldylar.
6.Bizden gaçan dönük Nurowy Tekeler öz arasynda saklaýarlar.
7.Çat berkitmesiniñ ýylki süresine çozup,Atabaý ýumutlary bilen goşulşyp-birleşip,Çekişlerdäki deñiz ýakasyn-
daky postlarymyza çozýarlar.
8.Çatdaky we Çekişlerdäki 4-5 rotany alyp gitmeseñ hiç ýana çykyp bolmaýar.olar bizi gabaw ýagdaýda saklaýarlar.
Russlar Nurberdi hanyñ baryp1870nji ýyllardaky maslahatyndan soñra Russ goşunlarynyñ ýollaryny baglamaga
Türkmen atly gosunlaryny ugradyşy,kenarýaka Türkmenleriniñem Russlara mal we beýleki kömekleri bermekd-
en ýüz döndirişi,Russ goşunlarynyñ 1872nji ýylyñ ahyrlarynda  Etrek derýasynyñ üsti bilen bärik aralaşyp,Aşga-
bat tarapa süýşmekleriniñ serpikdirilşi,Nurberdi hanyñ goşunlarynyñ bir toparynyñ Krasnowodskdan Hiwa hanly-
gyna barýan russ goşunynyñ azyk suwlaryny oljalaýyşy we olary uruşa ýetirmän,Balaişemden izlaryna gaýtma-
ga mejbur edişi ýaly hereketler Russ serkerdeleriniñ göz öñünden geçýär.Şondan soñra ýokarky maglumatlary Kafkaza ýollaýar.
Genral Lomakiniñ ýolbaşçylygynda (1877-78)Aşgabat tarapa edilen synanşyk şowsuz gutarýar,olar köp zyýan çekip,Gyzylarwatdan izyna gaýdýarlar.Şondan soñra Gowşut bilen Nurberdini öldürmek baradaky maslahatlary-
na has-da çynyrgadyp,şol kelleler üçin goýlan baýraklary öñküden-de ýokarlandyrýarlar.
Erkin ýaşap ýören Türkmenleriñ üstüne esassyz hem-de agyr ýaraglar bilen ýaraglanan goşunly ,hile ýüküni-de
tutup gelen Türkmenleriñ arasynda agyzalalyk,bölünşiklik salmak ýaly adalatsyz hereketleri etmedik bolsa,gaý-
duwsyz gahramanlarymyzyñ serlerini topraga garan duşman,eger aç-açan uruşa geçen bolsa (hilesiz)onda Türkmenleri asla alyp bilmezdi.
Ata-babalarymyzyñ ömürboýy garaşan erkana zamana indi gelip ýetdi.
Gökdepäniñ günbatarynda Hankäriz gonamçylygynda Nurberdi hanyñ we onuñ sag-solunda ýatan ogullary Döwlet beg bilen Magtymguly hanyñ – üçünjisiniñ mazarynyñ üstünde Tejenli Orazgylyç molla ogly Hoja ahmed ahunyñ baş ussatlygynda äpet ýadygärlik gümmez galdyryldy.Ol indi uly iliñ zyýarathanasyna öwrüldi.
Nurberdi han bilen baglanşykly materýallar esasan tejenli kyssaçy merhum suhanberdi annagurban oglynyñ (1898-1983)gürrüñlerinden alyndy
 
 
Oraz serdar 
 
Dykma serdaryñ ogly oraz serdar polkownik derejede Zakaspy frontynda goşun baştutany (1918-1919) bolýar.
Ol Peterburgyñ aýratyn kadet korpusyny tamamlaýar.1918nji ýylyñ 19nji noýabrynda Baýramalyda Inglis genraly Mallesony garşylaýar we oña Buhara emiriniñ adyndan  “ Buhara ýyldyzy “ ordenini gowşurýar.Ol akgwardiýaçy-
laryñ Çärjewä garşy taýýarlaýan uruş hereketlerine Inglis goşunlarynyñ gatnaşmagyny haýyş edip,Buhara emiriniñ olary goldajakdygyny habar beripdir.
Oktýabrdan soñ ol Türkestanyñ RSFSR hökümeti tarapyndan yglan edilen awtonomiýasy hakyndaky mesläni çözen welaýat musulmany komitetiniñ başlygy bolupdyr.  
1918nji ýylyñ fewralynda bu komitet dargadylypdyr.Şondan soñ ol Bäherden etrabynda gizlenip gezipdir.
1918nji ýylyñ 16nji iýulynda milli han-töreleriniñ Büzmeýinde bolup geçen gurultaýynda Oraz serdar Eziz hana öz oterýadayna goşulmagy teklip edipdir.Oña “ Eger şeýitseñ,seni garyplar hem,barlylar hem Han diýip ykrar ederler “ diýipdirler.Eziz han birbada onuñ aýdanlary bilen ylalaşypdyr.
Goşun baştutany Oraz serdar Eziz hanyñ özüne tabyn bolmagyny isläpdir.Eziz hanyñ jigitleri yhlas bilen gullak etmeýärler we Gyzyllaryñ goşunlaryna garşy geçirilýän işlere gatnaşmakdan boýun towlaýarlar diýen bahanalar bilen ony gowuşgynsyzlykda aýplaýar.
Kontrrewolýutsion güýçler häkimiýeti öz ellerine alyp,Aşgabatda sagçy Eser fontokowyñ baştutanlygynda zakas-
pi welaýatynyñ ýerine ýetiriji komiteti diýilýäni döredýärler.Onuñ wezipesi Russlara garşy göreşmek üçin Türkm-
enleri jemlemekden ybaratdy.Merkezi Türkmen komitetiniñ baştutanlygyna Türkmenleriñ onbaşyçysy Polkownik
Oraz serdar bellenilýär.
Baştutanyñ kömekçiligine,onuñ ştabyna hem-de gyssagara düzülen goşunynyñ ýokary wezipelerine ozalky ofi-seler  “ Türkestanyñ bolşewizme garşy göreş birleşiginiñ “ agzalary bellenilýär.Merkezi Türkmen komitetine bäş
Muñ golaý adam toplanyp ýaraglandyrylýar.     
„ Zakaspide Inglis goşunlarynyñ baştutany Genral Mallesoi ýerli halkyñ – Türkmeniñ özbaşdaklyga tarap öwrül-
megini güýçlendirmäge çalyşyp,özüniñ Türkmenler bilen gatnaşygynda uly işler edýärdi „ diýilip,akgwardiýaçy-
laryñ dokumentlerinde ýazylypdyr.Inglis genraly bilen Oraz serdar pikirdaş bolupdyr. „ Oraz serdar Türkmen halkynyñ özbaşdaklygyñ ugrundaky göreşde aýratyn yhlaslyk görkezdi „ diýip,genral Mallesoi belläpdir.
Oraz serdar öz döwürdeşleri Jüneýit han,Eziz han,Ýumut han we beýleki han-begler ýaly bütin Türkmen halkyna han bolmak isläpdir.Şeýlelik bilen esasy üç topar peýda bolupdyr.Russ akgwardiýaçylary,Türkmen milli goşuny,
we Inglis interwenleri öñe saýlanypdyrlar.Bularyñ üçisem sowet häkimiýetine garşy göreşýärler.
Oraz serdaryñ Inglis interwenleriniñ kömegi bilen Russiýa garaşsyz bolan döwlet döretmek barada eden umitla-
ry puja çykýar.Türkparaz we Islamparaz diýilip atlandyrylýan baýdak astynda göreşýän halk bitewi bölünmeýän
Russiýany döretjek bolup dyrjyaşýan Russ akgwardiýaçylary örän ýigrenýärdi.
1918nji ýylyñ tomsunda Oraz serdaryñ welaýatdan çykyp gitmegine Denukunçiler sebäp bolupdyr.Genral Lazarow 1919nji ýylyñ 9nji awgustynda „ Oraz serdar häzirki wagtda zakaspy welaýatyndan daşarda bir ýerlerde gezip ýör „ diýip,Denikine hat ýazypdyr hem-de Oraz serdaryñ izyna dolanyp gelmegini mümkingadar uzaga çekdirmegi ondan haýyş edipdir.
Oraz serdar 1919nji ýylyñ aýagynda – 1920nji ýylyñ başynda ýaraglanyp,gämi bilen çelekene gelýär.Ol bu ýerede ýagdaýyñ öwerlikli däldigine göz ýetirip,şol gije gämä münüp,Eýranyñ Guçan şährine gidýär.ondan soñky ykbaly belli däl.
 
 
Orazmämmet han
  
Tekänin Togtamyş – beg – Goñur – Gara goñur tiresinden bolan Orazmämmet han (Hajygurbanyñ ogly,Mämmet
-weli kazynyñ agtygy,Ak kazynyñ çowlugy) Gökdepe urşunyñ taryhynda iz galdyran şahsiýetlerniñ biridir.
Oraz mämmet han Berdimyrat han bilen bilelikde Gökdepe galasynyñ gurluşygynda ýolbaşçylyk edipdir.
Hemme işde Berdimyrat hanyñ ýakyn geñeşdary bolupdyr.Berdimyrat han söweşde agyr ýaralanyp ölenden soñ
Nurberdi han Marydan gelýänçä,Hanlyk Orazmämmet hana geçipdir.Maslahatlara onuñ özi baştutanlyk edipdir.
Russlaryñ Gökdepe birinji çozuşynda tekeler Russlary ýeñendiklerini birbada bilmändirler.Orazmämmet hanyñ
ýolbaşçylygynda 1879nji ýylyñ 28nji awgust günli gije uzaga çeken maslahat bolupdyr.Şonda Orazmämmet hanam Gurbanmyrat işanam Russlar bilen ýaraşyk barada gepleşik geçirilmegine garşy çykypdyr.Ýöne muña
garamazdan,Ahyrsoñy Polat han bilen Wepadar hany Russlaryñ üstüne ibermek,olaryñ talaplaryny bilmek kararyna gelýär.
Emma wagt giç bolansoñ,wekilleri dañdan ibermeli edýärler.29nji awgustda wekiller russlaryñ lagerine baranlar-
ynda olaryñ eýýäm gidendiklerini görýärler.Şondan soñ Orazmämmet han ýene-de maslahat geçirýär.Köp adamlar indi Russlaryñ gitdigidir diýýär we ilatyñ öñki ýürtlerine göçüp barmagyna rugsat soraýar.
Şondan soñ köp wagt geçmänkä,Nurberdi han Marydan dolanyp gelýär.Gelen dessine ony ýene-de han saýlaýarlar.Oña muñ sany nöker (perraç)bermeli edýärler.her tire 200-300atly beripdir we olary eklemek üçin her obadan paç alnypdyr.Nökerler her tiräniñ öz hanynyñ ygtyýaryna berlipdir.Beg tiresinden toplanan nökerlere Orazmämmet han serdarlyk edipdir,.Nökerler serhet ýakalarynda garawolçylyk edipdirler,gala göçüp barmakdan ýüz dönderen adamlary jezalandyrypdyrlar.
Lomakiniñ ekspediýasy döwründe gökdepe galasy entek gurlup gutarylman eken.Soñra onuñ gurluşygyny gyssagly dowam etdirilipdir.Galanyñ her ganatyny Tekäniñ bir tiresi gurupdyr,oñada şol tiräniñ serdary ýolbaşçylyk edipdir.Beg tiresiniñ gurýan ganaty Orazmämmet hanyñ ýolbaşçylygynda gurlupdyr.
Nurberdi han ölenden soñ,onuñ ortanji aýalyndan bolan ogly Magtymguly han ähli tekäniñ hany diýilip saýlanyl-
ýar.Ol şol wagtlar heniz uruş görmedik ýaş ýigit eken.Şoña çenli ylym öwrenmek bilen meşgullanypdyr.
Russlaryñ ikinji ekspediýasynyñ gelmegi bilen Magtymguly hanyñ täsiri gowşaýar.Maslahat bolup Tekäniñ 4 tiresiniñ hersinden bir han saýlanýar.Magtymguly handa diñe ähli Tekäniñ hany diýen titul galýar.Hakykat ýüzünde bolsa her tiräniñ hany öz tiresine baştutanlyk edipdir.Şol hanlar galanyñ özlerine berkidilen ganatynyñ gurl-
up gutarylmagyna,hiç kimiñ galany taşlap gitmezligine jogap beripdirler.Netijede dört hanlyk emele gelip,wekil-
lere Magtymguly han,Syçmazlara Mämmetguly han,Bagşydaşaýaga Hezretguly han,Beglere hem Orazmämmet han hana saýlanypdyr.Olaryñ her biri öz tiresiniñ doly hukukly hany bolupdyr.
Orazmämmet han uzakdan görüji,parasatly,syýasatçy bolupdyr.Ol Russlar bilen uruşmagyñ garşysyna çykyş edipdir.Maslahatda :
-         Ýürt kassam bilen goralmaýar,ýarag,top bilen goralýar.orslar güýçli,diñe ilaty gyrgyna bereris diýipdir.Ony Russlara satylan dönük diýilip atlandyrypdyrlar.“ Orslara garşy urşy Orazmämmet han bilen Hanmämmet atalygyñ kellesini almakdan başlamaly „ diýipdirler.Ol ikisi Russlara garşy uruşjajdyklaryna ilkinji bolup
Gurhana ant içmäge mejbur edipdirler,Şonda gahary gelen Orazmämmet han :
-         Akmak halk,men özümiñ akmaklygym üçin däl-de,seniñ akmaklygyñ üçin ant içýärin.Sen ölüp bilýän bolsañ menem ölerin – diýipdir.
N.I.Grodekow hatda M.D.Skobelewiñ ekspediýasy döwürde Hezretguly handan,Orazmämmet handan we Polat handan gizlin gepleşikler geçirmäge taýýarlyklary barada hat alyndyklaryny tassyklaýar.Ýöne şol hatlar 1880 nji
Ýylyñ 29nji dekabrynda,Russlaryñ ýagny hüjüm etmezleriniñ öñüsyrasynda alnypdyr we eýýäm gepleşik geçi-
rerden giç bolupdyr.
Russlar bilen uruşmazlygyñ parahatçylykda gepleşikler geçirmegiñ tarpdary bolandygyna garamazdan,Orazmä
-mmet han söweş hereketlerine işeñer gatnaşypdyr.Gökdepe galasynyñ goramagyñ guramaçylarynyñ biri bolupdyr .
1881nji ýylda 12nji ýanwarynda Russlar nagym gazyp,galanyñ diwarynyñ astynda däri goýup partladýarlar.
Galanyñ şol ganatyny begler goraýar eken.Wekillerem ol ýeriñ golaýjagynda eken.Diñe galanyñ partladylan ýerinde ýedi ýüzden gowrak adam ölüpdir.
Orazmämmet hanyñ edil haýsy gün,nähilli ýagdaýda wepat bolandygyny,tassyklaýan maglumat ýok.12nji ýanwardan öñ wepat bolan adamlaryñ arasynda hem onuñ ady agzalmaýar.Orazmämmet hanyñ 12nji ýanwarda galanyñ partladylan ýerinde wepat bolan bolmagy gaty ähtimaldyr.
Halk arasynda şeýle rowaýat bar.1900nji ýylda genral Kuropatkin gökdepe galasynyñ harabalygyny görmek üçin baranmyş.Şol ýerde oturan bir gojadan :
-         Gala goralanda näçe adam öldi ?Diýip soranmyş.
Ol hem :
    -üç adam -- diýip jogap beren.
Kuropatkin goja öz soragyny düşünen däldir öýdüp,bir näçe muñ adamyñ heläk bolanyny özüniñem görendigini,
Gojadan anykrak maglumat eşitmekçi bolýandygyny aýdypdyr.Onda ol goja :
-         Men ýanaralyñ soragyna düşündim,ölen adam köp boldy,ýöne olaryñ üçüsinden başgasyny biziñ aýallarymyz eýýäm dogurdy.Şol üç adamy welin indi hiç aýal dogurup bilmez.
Kuropatkin şol üç adamyñ kimdigini soranmyş.Halk arasynda gojanyñ sanan atlary dürlüçeräk aýdylýar.Käte olar bäş-alta-da ýetirýärler.Ýöne şolaryñ arasynda Orazmämmet han hem agzalýar.
 
 
Täçgök serdar
 
Dogulan we aradan çykan ýyllary henizem çenli anyk kesgitlenenok.Ýöne onuñ 19nji asyrda ýaşandygy belli.
Täçgök serdaryñ tiresi : Teke – Utamyş – Syçmaz –Aksupy – Gaýyr – aksakgal-alajagöz.Doglan ýeri annyk belli däl.Ýöne onuñ Bäşgala etrabynda (Takmynan,Gäwürs bilen Duşak aralygy)doglan bolmagy örän ähtimaldyr.
Täçgök serdaryñ kakasyna Atabaý diýer ekenler.Şu etrapda ýaşaýan Tekeleriñ 19nji asryñ 30nji ýyllarynyñ başlarynda Sarahsa süýşüp barmagy bilen Täçgök serdar ömrüniñ ep-esli bölegini şu ýerde,soñra 50nji ýyllaryñ ahyrlarynda Mara süýşilmegi netijesinde bolsa Mary etrabynda geçiripdir.Ol ömrüniñ soñky ýyllarynda Mäne-çäçede ýaşapdyr. Täçgök serdar  ýaşlykdan at-ýarag bilen iş salyşyp,goñşy Hanlyk bilen bolan ulyly-kiçili çakna
-şyklara gatnaşypdyr.Ol özüniñ edenliligi we guramçylyklylygy bilen özgelerden tapawotlanypdyr.Şoña görä-de ol köp wagt geçmänkä,ykrar edilen serdarlaryñ birine öwrülipdir.Ol Gowşut han bilen bilelikde 1855nji ýylda Sarahsad,1861nji ýylda Maryda bolan urşlara gatnaşyp,öz şahsy edermenligini we serdarlyk ukybyny görkezipdir. Täçgök serdar öz ýigitleri bilen Maşada ,Hyrata syýahata,zyýarata hem-de tejarata gitmekligi gowy görer eken.Şol taraplarad onuñ tanyşlary ,dostlary kän bolan.Şolaryñ arasynda gala häkimleri hem bar eken.Bir gezek şol galalaryñ biriniñ häkimi ep-esli hazynasyny ogurladanda, Täçgök serdar  ogryny we ogurlanan hazynany tapmaga kömek edýär.Bu kömek üçin häkim oña bir gyzy peşgeş beripdir.(Aýdylşyna görä,ol gyz owganistanda ýaşaýan Jemşitlerden bolmaly).Şol gyz Türkmen halkynyñ beýik ogly ,Türkmenistanyñ görnükli döwlet işgäri Gaýgysyz Atabaýewiñ ejesidir. Täçgök serdar  daş sypaty boýunça iner ýaly örän daýaw, häsiýeti boýunça juda gyzma,çäksiz batyr adam bolupdyr.
Täçgök serdar Maryda ep-esli wagt ýaşandan soñ öz tiresi we diýenlerini edýän adamlar bilenMämä-çäçä tarapa göçüp gaýdypdyr.Olar göçüp barmazyndan öñ,Mänä-çäçä sebitlerinde ýaşaýan ilat juda az eken.Sebäbi dag etegi hem-de gyrak çet bolany üçin bu ýere daşardan häli-şindi çozuş edilip durlupdyr. Täçgök serdaryñ obrazy belli ýazyji Atajan taganof “ Pereñli ýesiriñ ýatlamasy “ powestinde ,Sarahs galasy romanynda hem oñat şöhlelenipdyr.
 
 
Hajymuhammet han  
     
Hajymuhammet han (Hajym han) 1520nji ýylda Köneürgenç etrabynda eneden bolýar.Ol arakesmeler bilen
1558-1602nji ýyllarda Horezemde Hanlyk edýär.Inglis syýahatçysy A.Ženkinson ony “Türkmenleriñ patyşahsy “ diýip atlandyrypdyr.
Hajymuhammet han ilki Wezirde(Döwkesende), 1565nji ýylda Ali soltan ölenden soñ,Ürgençde(Köneürgenç) ýürdi dolandyrýar.Ol 1592nji ýylda Nusaýy we Durany basyp alýar.Ýöne köp wagt geçmänkä Buhara hany Abdylla II (1588-1597nji ýyllarda Hanlyk eden) Horezme we Horasana ýöriş edýär.Şeýlelikde,Hajymuhammet han Eýrana gaçmaga mejbur bolýar.
1595nji ýylda ol Şa Apbasyñ huzuryna barýar.Şa Apbasyñ Horasana eden ýörişinden peýdalanyp,Horezmi gaýdyp almagyñ hyýalyna düşýär , ogullary Arapmuhammedi we Muhammetgulyny alyp Türkmenleriñ arasynda gelýär.
Olara Kürendagyñ Tekelerinden  we Ýumutlaryndan 50-60 adam,Uzboýuñ Ärsary Türkmenlerinden600 adam goşulaýar.Hajymuhammet han şolara daýanyp,Buharalary Horezemden kowup çykarýar.Ol bu ýerde uzak saklanyp bilmändir, sebäbi Horezmi basyp alanlaryndan soñ, Türkmenleriñ tas hemmesi diýen ýaly yzlaryna gaýdýar –lar.
Bu ýagdaýy duýan Abdylla han Hajymuhammet hanyñ doganynyñ ogly Baba soltany öldürýär.Hajymuhammet han ogly Arapmuhammet bilen Eýrana gaçýar.Onuñ ikinji ogly Muhammetguly bolsa ilki Maññytlaryñ soñra Russlaryñ arasyna barýar we Boris godnowiñ Krym tatarlarynyñ üstüne eden ýörişine gatnaşýar,Hajymuhammet han diñe Abdylla han we onuñ ogly ölenden soñ,1598nji ýylda Horezme ymykly ornaşýar.Ol 1602nji ýylda aradan çykýar.Şondan soñ Horezmi onuñ ogly Arapmuhammet dolandyryp ugraýar.
 
      
 
Hojamşükür han
  
Nazar molla ogly Hojamşükür Tejeniñ Kyrkguýy obasynda 1792nji ýylda doglup,häzirki Babadaýhan(ozalky kyrk guýy) etrapynyñ Köpgara obasynda 1881nji ýylda 90ýaşynyñ içinde aradan çykýar.Ol şol obanyñ hojamşükür gonamçylygynda jaýlanýar.” Men ölemsoñ bir ýyla çenli meniñ mezerymy bilinmez ýaly ediñ,eger biläýseler, Hökman agtarýarlar,sebäbi bu goja kelläme köp mukdarda baýrak goýlandyr “Diýip,ol çagalaryna,garndaşlaryna  wesýet edipdir.Şonuñ üçin onuñ mazary ep-esli wagt gizlin saklanyp,soñ-soñlar aýan edipdirler.
Nazar mollanyñ ogullaryna Hojamşükür,Sary,Begnazar diýilyär.Bularyñ nebereleri Tejende,Wekilbazarda,Ahalda ýaşaýarlar.Hojamşüküriñ ogluña Nurberi han(meşhur Nurberdihanyñ atdaşy) onuñ ogluña Nurmyrat han(Pisek batyr)diýilyär ; onuñ hem üç ogly bolan.Olara Atajan batyr,Anna pisek, daş batyr dagydyr ;Atajanyñ izi ýok,Anna pisekden Gully,ondan-da Annaberdi,Orazgylyç,Rejepgylyç dagy önüpdir.
Daş batyrdan Baýram,Orazmyrat,Baýmyrat ýaly nesil galypdyr.
Hojamşükür Türkmeniñ ; Teke-Togtamyş-Wekil-Gara- Mah tiresindendir.Hojamşüküriñ ýakyn garyndaşlary Hojaahmet,Nazar çapyk(Gökdepe urşuna gatnaşyp,soñ guma göçen),Hojaberdi jezit dagy bolup,Hojaberdiden Ballyk(Hojamşüküriñ ady dakylan),Ballykdan Wellimuhammet önen.
Ahal arkajyndan süýşüp,Kaka sebitlerine gelip,Bäşgalada(Heñam,Akjagala,Garajagala,Gumgala,Garahan (Toply) galady) ýaşaýan Tekeleriñ ýagdaýy külli Tekäniñ baş hany Myrat han wepat bolandan(1819) soñ has-da
agyrlaşýar.Eýranlar bäşgalaly Tekeleriñ üstüne çozuşlaryny güýçlendirip başlaýarlar.Esasan hem Bäşgalanyñ ýaşulusy goja serdar Amandöşüñ kellesini kesip getiriñ “ Şonça muñ gyran sylagy bar “ diýlip,Eýranda jar çekdiri
-ilýär we bir topar melgun iberilýär.
Şol wagtlar hem Teke Türkmenleri Sünni bolany üçin Hiwa hanlygyñ raýatynda bolanlar.Hiwa hany Ispendýar han Tekeleriñ baş hanynyñ(Myrat serdaryñ )wepat bolandygyny eşidýär.1823nji ýylda Agöýli Türkmenleriniñ arasyndan Hojamşükür Teke Türkmenlerine baştutanlyk etmegi ynanyp,oña Hanlyk-aksakgallyk ýarlygyny berip, Ony Ahal teke hanlarynyñ arasyna iberýär.Ahalda bolan maslahatda Hojamşüküre bäşgalalyTekelere Hanlyk etmek ynanylýar.Ilaty agyr ýagdaýdan alyp çykmak üçin Sarahsa göçürmek,Eýranyñ raýatlary bilen hem hoşniýet gatnaşygy saklamak maslahat berilýär.
Şondan soñ Hojamşükür Bäşgala gelip,ýerli ýaşulular bilen maslahatlaşýar.Ol ýanyna goşulan 5sany wekili bilen Sarahsyñ ýagdaýyny bilmäge gidýär.Görseler,bu ýüwürt çarwa-çumurlar üçin has amatly ýer eken.Gaýrasy Murgaba,gündogar-guşlygy Ýeroýlandüze we Şeýhjüneýide(Guşga)çenli ýaýylip ýatyr.Ilersi Eýran araçägi, Hyrat-Tejen derýasy bolup,ol Kinniklä baryp ýetýär,ondan hem günorta dag etegi bilen Ýasydepe,añryk bolsa çägelek- leriñ hem-de daglaryñ-baýyrlaryñ arasy bilen Hojanyñ suwy we Kesearkaç serhedi bolup gidýär.
Hojamşüküriñ ýolbaşçylygynda wekiller Bäşgaladan tiz göçmegi teklip edýärler. Bu ýerde galjaklarynyda öz yhtiýarlaryna goýýarlar.Maslahatdan soñ Bäşgalalylar Sarahsa ugraýarlar.Göçüp barýanlar ýolda ýuwa-ýelmik, bürça-kösük,çekize-gurt,gataññar iýip oñmaly bolýarlar.Agşam şamynda bolsa selme,akpamyk ýaly ýumşak otlary iýýärler.Eýranly talañçylar zerarli gaty hor düşen Bäşgalalylar ýolda her hilli şygyrlar aýdyşýarlar.
Meselem :
 
Hojamşükür hanymyz,
Ýuwa-ýelmik nanymyz
Ýuwa-ýelmik gurasa
Niçik bolar ahwalymyz
 
1824nji ýylyñ nowruzynda ýola düşen çarwalar10-15 günüñ içinda Sarahsa barýarlar.Soñra Hojamşükür ýanyna 5sany ýaşulyny alyp,Eýran Sarahsynyñ etek galasynyñ 2-sine barýar,hal-ýagday soraşýar,bir ýylykça ekmäge bugdaý tohmuny hem-de garyplar iýer ýaly bir ýyllyk gallany karz soraýar.Bularyñ ýagdaýyny görup,olar eker ýaly tohumlyk bugdaýy kömek diýip,iýmek üçin hem gallany karzyna berýärler.Hojamşüküriñ dilewarlykdan, ugurtapyjylykdan, pähim-paýhaslykdan,her hilli siýasat-sypaýyçylykdan baş çykarşyny gören halk oña barha ysnaşýar.
Geçen zamanlardaky “ Hiwa argyşa gitsekmikäk ýa-da Tejende ýazlyk bugdaý eksekmikäk “ diýen atalar sözüni ýatlap,daýhanlar ýazlyk galany köp ekýärler.Ol hem iki ýarym aýdan bişip hasyl berýär.Eýranlylaryñ kömegi bilen Tekeler çörek bolçylygyna ýetýärler.Türkmenler olar bilen mallaryny dänä we beýleki gerek zatlaryna çaly-
şýarlar. Şeýdip hem ,halkyñ gerdeninden açlyk horlyk howpy sowulýar.Goñşylar bilen has ysnyşykly gatnaşykda bolan Tekeleriñ hal-ýagdaýy barha gowulaşýar.
Parasatly Hojamşükür ýaşulular bilen maslahatlaşýar.Olar belli-külli karara gelýärler.Sarahs hanyna derwaýys bolan nöker goşunyny döredýärler.Ol Baba onbegi ogly Garaoglan hanyñ serkerdeligindäki Annaguly ýaglynyñ
Ogly Oraz ýaly,Hajygaplañ Aýmämet ogly Nazar batyr,Kelhan kepele ýaly serdarlaryñ,Mämetweli kemine ýaly ylymly alymlaryñ kömegi bilen öz garamagyndaky salpaaýaklaryny,kese ýerden gelen ogry-jümürleri pugta tutup,olaryñ ellerinden mallaryny,zatlaryny alyp,halk eýelerine gowşurýar,ogurlary bolsa berk jezelandyrýar.
Eýran hanlary we raýatlary hojamşükür aksakgallyk eden döwründe onuñ parahatçylyk ugrunda tutanýerli iş alyp
Barşyndan hoşhal bolýarlar.Maşhat hany öz welaýatynyñ Mary tarapynyñ berk galaly ýaly parahat bolanyna begenip “ soñy gelsin,hernä,hudaýym,şu wagta rejesi gaty gowy “ diýip begenýär.
Sarahsda Tekeler3-4 ýylda gurplanýarlar.Uly bazar jaýyny gurýarlar.Hepde-de bir gezek Eýran-Sarahs bazaryny bazarlaýarlar.
Emma Bäşgalalaryñ hemmesiniñ Sarahsa göçmän,şol ýerde galyp,soñ-soñlar köwçüm-köwçüm bolup,Tejen derýasynyñ boýlaryna ,aýaklaryna,Ahal arkajyna tarap süýşenlerniñ-de şol zamanda Mary Türkmenleriniñ-de Hiwa hanyna garaşly bir beglik bolandygy bellidir.
Sarahsa baryp Tekeler barha baýlaşýarlar.Her bir kowmyñ 30-40süri dowary bolup,olary hançopanly uzak örülerde- Tejen derýasynyñ ýokarsynda- Pulhatyñ töwereklerinde,ondan hem aññyrrakda pisse tokaýlarynda- Agar ,Çakmakly,Adamölen,Pynhan,Burkazgyrylan,Zülnükar,hatda Ýeroýlan sebitlerinde,şeýle hem Ýolöten we Mary çarwalary bilen çykyrdaş bolup bakýarlar,Düme arpa-bugdaý ekýärler.
Hojamşükür teletilçilik,gönçülik,halyçylyk,keşdeçilik ýaly golhünärlerini,tebipçiligi,gylyç,hyrly ýasaýan demir ussaçylygyny,zergärçiligi,eýer-esbaplary,şaý-sepleri,öý we at esbaplary,abzallary ýasamak ýaly hünärmentçiligi Üns berip ösdüripdir.Ol hemişe :
 
Her kimde ki hünär ýokdur
Duşmanyna heder ýokdur –
 
Diýip,Magtymgulynyñ stirlerini tekrarlar eken.Hünäriñ ýaragyñ bolmasa,duşmanyñ öñünde hiç hilli garawyñ bolmajakdygyny düşündirer eken.Şol döwürde aýdym-saz hem has ösüpdir.Aýal bagşy ,Weýran bagşy, Ezber bagşy ýaly ussatlar,Mollanepes,Dowan,Töre ahund ýaly zehinler dogulypdyr.Gyşýñ başyndan tä aýagyna çenli Köp myhmanly toýlar tutulypdyr,olaryñ hersi üç güne çekipdir.Toý nobatyny bolsa hanyñ ýaşululary hasaba alyp öñünden belläpdirler.
Hojamşükür zamanynda uly medreseler bolmasa-da Kemine şahyr ýaly oglan okadýarlar, “ Muhteser “ okanlar, hapyz çykan mollalar bolupdyr. “ Üssi urugy boljak bolsañ,ylym hem ösdürmeli “ diýip, Hojamşükür bu meselä aýratyn ünsi çekýär.
Eýran – Owganistan ýürtlerinde Karaş atly halypasy bolan Gijen gyryk(gyryk – tiresi) ýaly okamyşlar hem bu ýere gelýär.Okuw işleri gowy ýola goýulýar.Emma soñky wagtda Tejen derýasynyñ gaýra tarapynda Gury köwüñ gapdallarynda tüm ýaly öý gazyp,agaç bilen üstüni basyryp,jaý edinip,Gijen gyryk dagy ters okuwa başlanlar.
Esasy mugallamy Gijen bolan.Soñ Eýrandan,Owganistandan,Hindistandan has sowatly mollalarda getirilýär. Şeýlelikde ,olar gijelerine obalara aralaşyp,gelin-gyzlary jadylamak ýaly gabahat işlere ýüz urýarlar.Bu ýaramazlyk ýüze çykansoñ,Garryçyrladaky Atajyk mollanyñ kömegi bilen olaryñ bir topary tutulýar,emma Gijen dagy gaçyp sypýar.Ele düşünleri öldürülýär.Bu ýagdaý Hojamşükür hana ýetýär. Ol:
-Aý, nätjek-dä,boljak iş bolupdyr – diýär.
Hüt şu wakadan soñ Hojamşüküre halk arasynda gahar-gazap artýar ;” Hojamşükür ýaşuly körlük etdi,Eýranyñ we gaýra ýürtleriñ ters okan jadygöý mollalaryny getirip,olara ynandy,halkyny masgaraçylykda galdyrdy “ diýşip Tolgunşyp başlaýarlar.Ýogsam,şol ters okanlary ýürde getiren Gijen gyryk dagy ahyryn.Şunlukda“ Ýüz ýagşy işi bir ýaman iş ýykar “ diýişi ýaly,biregine 30 ýyldan gowrak ýaşululyk eden parasatly Hojamşükür 1853nji ýylda garryçyrlaly uly ylym agzamy,kethuda,Atajyk mollanyñ ýaşululygynda Sarahsda bolan uly mejlis-maslahatda çarwalaryñ ar-namysyna deglenlegi sebäpli hanlykdan aýrylýar.Bu ýygnaga Ahaldaky,Gumdaky,Tejen ugrunda-
ky we Sarahsdaky külli Tekeleriñ atly-abraýly adadamlary gatnaşýar.Hojamşüküriñ soñky ýyllardaky baş serdary hem oruntutary,öz ýegeni Öwezdurdy batyryñ ogly Gowşut hanlyga göterilýär.Hojamşükür bolsa baş geñeşda -ar –Aksakgal edilip galdyrylýar.
Hojamşüküriñ aýrylanyny eşiden Eýran hanlyklary Tekeleriñ üstüne alaman edip,olary dagytmagy maslahatlaşýarlar. Gowşut han bolsa gyssagly maslahat çagyryp,janpena üçin bir gala salmaklagyñ gerekdigini aýdýar. Ony
makullayarlar,emma Hojamşükür aksakgal welin garşy bolýar :
-         Gala gerek däl,galamyzyñ bir gapdaly Eýran,beýleki gapdaly bolsa Owganistan,ýene bir gapdaly hem Buhara we Hiwa hanlygydyr—diýýär.
Gowşut han bolsa Eýran hanlarynyñ owalky lebizlerinden dänendiklerini,olaryñ indi alamançylyk etjekdiklerini aýdýar.Onsoñ kiçiräk gala ýeri tutulyp,salnyp başlanýar.1851nji ýylda gala gurmak işini jäht tutup,tiz ýetişdirmek niýet edýärler.
Gala salmak meselesinde Hojamşükür öz ýegeni Gowşut handan we beýleki ýaşululardan öýkeläp,özüne gulak asan kowumlygy,ýagny 30-a golaý hojalyk bilen 1854nji ýylda Tejen tarapa göçüp gaýdýar.Ertesi bu habary eşiden dessine Gowşut han Molla-işanlary jemläp,olaryñ ýanlaryna öz atly nökerlerinden adam goşup “ Göçüñ izyndan ýetiñ,Töwella ediñ-de,izlaryna alyp gaýdyñ,meniñ haýyşym hem aýdyñ,emma gedemlik etmäñ,Tekepbirlikli sözler aýtmañ,göwünlerine degmäñ! “ diýip tabşyrýar.
Töwellaçylar ertesi günortanlar häzirki Hojuklyñ günbatar tarapyndan olaryñ izyndan ýetýär.Göçüñ ýany bilen barýan ýaragly adamlar Töwellaçylara “ Göçüñ ýanyna barmañ “ diýişip,azymly gygyrarlar.Töwellaçylaryñ ara- synda Guwwat ýirik atly adam Garaoglan onbegini tanap,onuñ bilen owaldan öçli,özara duşmançylygy bolany Üçin ony atýar.Emma Töwellaçylar bu ýagdaýy görüp,Guwwat ýirigiñ elinden tüpeñini alyp,oña käýäp,soñra çäre görjekdiklerini düdürýarlar.Garaoglan han bolsa şol ýerde ölýär.Ony jojuklyñ günbatar tarapynda jaýlap, daşyna garym-haýat belgilerini edýärler.
Bularyñ töwellaçylaryny alyp,göçüñ köpsi gaydýar,emma Hojamşükür 3-4 hojalygyñ düýesini idip,Tejene tarapa gaýdýar.
Ol tokaý-jeññellige öwrülen bir wagtky Annaguly ýaglynyñ (Oraz ýaglynyñ kakasy) köne galasyna barýar.Gündizine dym-dyrslyk,emma gijesine şagal-möjekleriñ,gaplañlaryñ seslerinden zenzele turýan bu galada Hojamşüküriñ maşgalalary uzak gijeler ýatman,bedre-tüññürlerini şakyrdadyşyp,dañlaryny zordan atyrypdyrlar.Uzak gijeler aglaşyp çykypdyrlar.Şonda Hojamşükür : “ …ýeri meniñem elimden erkegiñ owsaryny silkip alaga-da izyna gidäýenlerinde näme bolardy?menem dolanyp barardym-da “ Diýip,ýalñyşyna düşünip,gözünden ýaş dökýär.
Soñra olar ýola düşüp,Tejeniñ aýagynda—Mamurda oturan çarwalaryñka barýar.Çagalaryny goýup,dört ýaşar burgaça münüp,Hiwa rowana bolýar.Ol 12günde Hiwa hany Mädemin hanyñka ýetýär.Olar ozal Agöýli Türkmenleriniñ arasyndakylar bäsdeşlik edişin işleşensoñlar bir-birlerini derrew tanaýarlar.
Hojamşükür Gowşut handan gala meselesinde närazilygyny aýdyp,öteräk käýinýär.Bu bolsa ozaldan yrsarap ýören Hiwa hany Mädemine uly tutaryk bolýar.
Onuñ goşun çekip bärik ýöriş etjeginden bihabar Hojamşükür Tejen aýagyna gelip,Mamurda,Üçburçda, Kyrkgoýda ýaşaberýär.Ol Mädeminiñ ýörişini eşidip,ony Mara gelende gabatlap,töwella barýar, emma netije bermeýär.
Hojamşüküriñ neberelerinden Pisek(Nurmyrat) batyr dagy Mädiminiñ garşysyna söweşýärler.1855nji ýylda Hiwa hany Mädiminiñ goşuny ýeñilýär,şol uruşda Mädimin öldürilýär.
Soñra Gowşut hanyñ baştutanlygynda Sarahsdan Mara göçülýär(1858).Mazaly ornaşansoñra bolsa sarpaly adamlardan ybarat töwellaçylaryñ tagallasy bilen Hojamşükür Tejenden Mara (1862)göçürlip getirilýär.
Ol Wekilbazarda garyndaşlarynyñ arasynda öz islegi boyunça ýürt tutunýar.Gowşut han dagy Mädiminiñ çozuşynda Hojamşüküriñ günäsi ýokdygyny,onuñ barybir Tekeleriñ üstüne ýöriş etjekdigini,bu ýagdaýa hut Mädiminiñ özüniñ mesliginiñ azgynlygynyñ sebäpkärdigini halka giñden düşündirýärler hem-de Hojamşüküri öñki wezipesinde – aksakgallykda galdyrýarlar.Gowşut ömrüniñ ahyryna çenli Hojamşüküriñ maslahatyny diñläp, oña uly hormat goýýar.
1878nji ýylyñ ahyrragynda Gowşut han öldürilenden soñ,goja ýaşuly Hojamşükür ýene-de Tejene göçüp gelýär.
Bir wagtky daýaw,bugdaýreñk,at ýüzli,ýiti gözli,agras,uzyn boýly Hojamşüküriñ iri süñkbaşlary örän inçelip, küýkerip,gaty garrap,90ýasynyñ içinde wepat bolýar.
Hojamşükür baradaky esasy maglumatlar tejenli meşhur kyssaçy Annagurban oglundan ýazylyp alyndy.
 
 
Çopan kir
  
Halk içinde Çopan kir ady bilen giñden tanalýan,uatmyşyñ matr tiresinden bolan Ulugberdi tagan gazan ogly 19nji asyryñ başlarynda,häzirki Garadaşaýak diýilip atlandyrylýan Aşgabat etrabynyñ “ TSSR-iñ 40 ýyllyk “ kolhozynda dünýä inipdir diýilip çaklanylýar.
Çopan kiriñ (Ulugberdiniñ) añyrsy şol döwürde belli şahsiýet bolan Garaja batyrdan gaýdýar.Garaja batyrdan Akmyrat batyr,ondanam Çopan kiriñ kakasy Tagan gazan gaýdýar.Tagan gazandanam Atamyrat,Saryhan, Ulug
-berdi(Çopan kir ),Suhanguly(alamana gidende serdar hökmünde iki paý alýanlygy üçin oña il arasynda “Paýly” hem diýen ekenler ),Nepes,Göle(Çopan kir baradaky olaryñ in kiçi dogany Göleden gaýdýar) dagy önüpdir.
Ejesi—Oguldöwlet.Çopan kiriñ birinji aýaly Bokurdak tiresinden Garsak,diýen şahasyndan ( ady belli däl) .
Ikinji ayaly – Mäser.Mäseriñ ejesi gyrnak bolan.
Birinji aýalyndan Annamuhammet diýen bir ogul bolýar.Ýöne ol 14ýaşynda ýüregi ýarylyp ölýär.Ikinji aýalyndan Mämet batyr dogulýar,Mämet batyryñ ogly Ýazmuhammet batyr, Ýazmuhammet batyryñ ogullary Meret bilen Durdy häzir bäherden sebitlerinde ýaşaýar.Çopan kir ömrüniñ agramly bölegini Bäherden,Arçman sebitlerinde geçirensoñ , ondan nyşan hökmünde gadymy Arçman obasynda “ Çopan haýat “ diýen ýer ady galypdyr.
Şeýle hem degirmen dagynyñ ileri ýüzünde “ Çopan süren “ diýilýän din saklanyp galypdyr.Şonuñ ýaly-da Bäherdende “ Çopan kärizi “ diýilen kärizler bar.
Çopan kir öz ýaşan döwründe il-ulusynyñ ar-namysy,ýürt abadançylygy ugrunda göreşip,hemişe halkyñ goragynda bolup gelipdir.Aýdyşlaryna görä, Çopan kir ata çykyp,owazasy il içinde ýaýrap ugrandan soñ,Türkmenler içden –daşdan salynýan salgytdan azat bolupdyrlar.Muny halk içinde şeýle bir rowaýata ýakyn gürrüñ bilenem esaslandyrýarlar.
Çopan kir gijelerine şöwür çekmegi,aw awlamagy öte gowy görer eken.ynha,onsoñ,günlerde bir gün ol obadan Birnäçe gün ýitirim bolup,awdan dolanyp gelse,Hiwa hanyñ dikmeleriniñ birküç sanysy obadan salgyt ýygnap ýör diýýär. Çopan kirem muny görüp,gany depesine urýar-da,olardan : “ siz kim üçin salgyt ýygnaýarsyñyz ? “
Diýip soraýar.Dikmelerem salgydyñ Hiwa hanyñkydygyny aýdýarlar.Onda Çopan kirem : Alan zatlaryñyzy gylyny gyşartman goýuñ-da,özüñizem jähennem boluñ.Hanyñyza-da baryp aýdyñ ,öwrülip Ahal etrabyna aýagyny sekäýse.edil gyzyny ýandyraryn “ diýýär.
Dikmeler elem-tas bolup baryşlaryna hana ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly aýdyp berýärler. Çopan kiriñ öñem owazasyny eşidip ýörensoñ,han onuñ näjüre adamdygyny görermen bolup,derrew Tekelere çapar ýollaýar.Hanyñ çakylygyna öñdenem garaşyp ýatan Tekeler çapar barandan,han çakylygyna üç bolup gidermen bolýarlar. Olaryñ birinjis-hä Baýly şahyr,ikinjisi Hanmämet atalyk,üçünji edibem Çopan kirii bermegi müýessa bilýärler.
Ýolda Çopan kir ýoldaşlaryna : “ sag-aman hanyñ ýanyna girip bilseg-ä bize ölüm ýok.Ýöne ýolda bir zat etselerem, kysmatdakyny görübereris “ diýip,düýdürýär.Hanam öz gezeginde ,ýanyndaky sypaýylaryna : “ men Tekeleriñ rejesini oñaryp gördüm-ä bolarly bolsa , “ çaý-çörek bilen hezzetläñ “ diýerin,onda zat diýmäñ,bolmasa-da “sylag-serpaý ediñ “ diýerin.Şonda geliñ-de kellelerini eglemän alyñ “ diýip sargaýar.
Kesearkaçdan baranlar hana salam berip,köşge girýärler welin,han olara oturmagy mürehet edýär.Şonda Çopan kir göny hanyñ gaşyna baryp,gylyjynyñ baljagyny çalarak ýazdyrýar-da ,onuñ budyndan ebşitläp tutup,göni gyragyna ser edip oturberýär.Ine,onsoñ,bular ondan-mundan gürrüñ eden bolup,iñ soñunda gürrüñ şol salgytly meselä syrygdyrýarlar,Şonda han Çopanyñ “ gyzyñy nädeýin “ diýenini ýatlap : “ hany,Tekäniñ içinde bize giew bolanam bar diýidiler-de ,giew haýsyñyz bolýarsyñyz? “ diýýär. Çopan kirem ýene çalaja gylyjynyñ baljagyny ýokarrak galdyrýar-da : “ han şol giew-ä biz bolmaly “ diýýär.Han görse,Çopanyñ rejesi geñ däl diýýär.sähel bir eýleñ-beýlelik bolsa,ýeke patyñy bermäni eşekden palan alança-da görjek däl.Şonuñ üçinem ol sypaýlaryna :
“ çaý-çörek bilen hezzetläñ  “ diýip aýdýar.
Netijede han gepde – sözde basylansoñ Ahal myhmanlaryny hezzetläp izyna ugradýar.Bu bolşy gören köşk emeldarlary : “ A-how,han aga,bu nätdigiñ boldy?sen,näme ol başbilmez Tekeleri serpaý ýapmaga çagyrypdyñmy? “ diýýärler.onda hanam : “ Olaryñ bir-ä( Baýly şahyr) iki dünýäniñem hasabyny okumyş adam.onuñ üçin ol dünýe,bu dünýe müşgil zady ýok.Ikinjisem (Hanmämmet atalyk) bir dilli tüýdük.Onuñ sözünde-de hiç hilli hata-da ýok ,bihal zadam.Göni başyny alaýmasañ ,gepleşseñ-ä,onda-da o dünýe,bu dünýe ölüm ýok.Üçünjisem bir tulum gan.onuñam haçan ýaryljagy belli däl.Bardy-geldi ýarylaýsa-da,ilkinji gan meniñ üstüme syçyrajak.onsoñ men ölenimden soñam,näme bolmady näme “ diýen.Ýöne onda-da hanyñ emeldarlary : “ ýok ,beýdip,ol gär Tekeleri aman sypdyrp bolmaz.Häzir olary şeýdip sypdyryp göýbersek,olaryñ dişinde et galar,onsoñ olar öz ýüwürdindäkä giew bolýan bolsalar,indi gelip giew bolmanam ýaltanmazlar “ diýýärler.Onda hanam : “ O zeýilli bolsa özüñiz görüñ “ diýýär.
Ýöne Çopan kir dagam hanyñ bu piriminden habarly  bolansoñlar,öñki gaýdýan ýollaryny üýtgedip,başga ýol bilen sag-aman Türkmen iline gowuşýarlar.Aýdyşlaryna görä,şondan soñ Hiwa hany çopanyñ demi düşýän ýere Salgyt salmandyr diýýärler.
Şeýle hem Çopan kir ençeme söweşlere gatnaşyp,öz ýürekliligi hemem dogumlylygy bilen il içinde “ Dogumda Tekäniñ soñky sarkyndasy “ diýen bahany hem alypdyr.
Çopan kiriñ başga-da il-ulusy üçin gylyç dişlänligi hakynda aýdylýan gürrüñler juda köp.Munuñ hakykatdanam Şeýledigi Adystdar kazynyñ „ Jeñnamasynda „ hem şeýle setirler bilen taryp edilýär :
 
Sag ýanyndan gelip Çopan kir hanyñ
Aždar dek demine dartar duşmanyn
 
Çopan kir galasynyñ synmazynyñ öñsyrasy Germaw galasynda duşman elinden dünýeden gaýdypdyr diýilip çaklanylýar.Bu babatda il içinde şeýle gürrüñem bar.
Çopan agyr ýaradan hem-de ogly Annamuhammediñ ölüminden soñ , uzak wagtlap aýlanyp bilmän gezýär.
Birnäçe wagtlap sus bolup gezenden soñ,bir gün Germaw galasyna sary alamana gidermen bolup,ýola çykýarlar welin,onuñ aty ömründe etmeýänini edip,düz ýerde büdräýýär.Çopanyñ şonda bir hilli göwnüne gümän gidýär Emma onda-da töweregine syr bermän,atyny sürüberýär welin,gara daglaryñ derreleriniñ arasynda Nepesdurdy Işak diýilýän bir agzy dogaly,halatly adam onuñ ýoluny kesip : „ Batyr,sen şu gün ýoluñdan gaýt,men ötenagş-
am erbet düýş gördüm „ diýýär.Onda çopan kirem : „ Işan aga,ajal bilen sebäbiñ arasy näçe bolýar? „diýýär.
O-da : Bolaýsa , bir aý kyrk gün bolar „ diýip ,jogap berýär.Onda Çopanam : „ Meniññem şu gün süññüm bir zat syzýan ýaly.ajaldan gaçyp,gutulup bolmaz.Goý,hamana,şol kyrk günem bolmadyk eken-dä „ diýip atyny öñe sürüberýär.
Düýş hakykatdanam oraşan çykýar.Şol söweşde Çopan dagynyñ edeni tersine bolýar.soña baka bilmezdenmi ýa ozal hudaýyñ buýrugymy-nämemi olar bir-birini sanjyp ugraýarlar.Netijede ,şo gezek Germaw galasyna alam
-ana gidenleriñ içinden ýalñyz bir adam izyna dolanýar.
Şeýdibem,Çopanyñ mazary gara daglaryñ arasynda galýar.onuñ öz topragynda bolsa mazaryna derek il içinde bir bent goşgy ýaýraýar :
 
Çopan batyr halkyñ hany
Germawda döküldi gany
Köp gyryldy adam sany
…………………………..?
Şol gün haýsy aýam bolsa ,bir aýyñ 21-i eken.Şondan bärem il-ulusy şo güni- Çopan çapylan güni,bisähet gün diýip,öz ýatlarynda berk saklap,şol gün hiç bir zady nekirt etmeýärler.Häzirem Çopan kiriñ nebereleri şo däbi pugta saklap ýöredip gelýärler.
 
 
Eziz han
 
1919nji ýylyñ ýazynda akgwardiýaçylar Eziz han Çapyk ogluny atmak üçin Krasnowodskiniñ gyrak çetine çykar-
ýarlar. „ Ýüregimden atyñ ! – ol barmagy bilen kükregini görkezýär hem-de : -- ýöne musulmançylyga laýyk jaýlañ
diýip,han olardan towakga edýär.Eziz han özüni şeýle mert alyp barşyna hatda onuñ jellatlary-da haýran galýarl-
ar. Eziz han kim bolupdyr?Ol okuw kitaplarynda,edebi eserlerde,kinoda,teatrda häzirki döwre çenli „ Galtaman „
„Milletçi „,öz halkynyñ duşmany hökmünde düşündirilip gelindi.Dogry,ol öz ýaşan zamanasy ýaly gapma-garşy-
lykly şahsiýetdi. „ Kim biziñ bilen bolmasa,onda ol bize garşydyr „diýen ýörelgä eýerleýän ýowuz döwrüñ perzendidi.
Çapyk(Gurbanmämmrt) serdaryñ ogly Eziz 1887nji ýylda Ahalyñ Herrikgala obasynda dogulýar.Çapyk serdar utamyş tiresiniñ bagşy-miriş taýpasyndan bolup,alamançylaryñ ýolbaşçy hökmünde tanalypdyr.Eziz hanyñ atasy Nepes kuwwat hem ýaşlyk döwründe alamançylyk edipdir.Hatda,ol üç ýyllap gyzylbaşlarda ýesirlikde hem bolupdyr.Eziz hanyñ kakasy bilen atasy Gökdepe galasynyñ goralyşyna aktiw gatnaşypdyrlar.
Çapyk serdar kellesindäki we ýüzündäki alty sany ýara iziniñ ikisini Gökdepe urşunda alypdyr.Garyp düşen Çapyk serdar 1917nji ýylda aýaly Ogulgerek,ogullary Salyh,Kasymguly hem-de Eziz bilen bilelikde Ahalyñ Tejeniñ Agalañ obasyna göçüp barýar we daýhançylyk bilen meşgul bolýar.
Birinji jahan urşunda Türkmenleri goşuna çagyrmadyk Patyşah hökümeti birdenkä erkek adamlary tyl işlerini çekmek barada perman berýär.Tejeniñ daýhanlary mirap Eziz çapygyñ başda durmagynda päleçilik üçin toplanylan adamlaryñ ugradylmagynda päsgelçilik berpdirler, ýaragly toplañ turzupdyrlar.Hökümet topalañy basyp ýatyrmak üçin olaryñ üstüne jeza beriji oterýady sürýär.Eziz han özüniñ has wepaly adamlary bilen birlikde ilki Tejeniñ aşak tarapynda gizlenýär,soñ bolsa Eýrana ,ondan hem Owganistana gidýär.Fewral rewoýusiýasyndan soñ Eziz han Tejene gaýdyp gelýär.Türküstaniñ ähli ýerinde bolşy ýaly bu ýerde hem iki häkimistanlyk höküm sürýärdi.Garagçylyk,ogurlyk barha artardy,açlyk abanyp gelýärdi
Tire aksakgallary,Mollalar,Baýlar,daýhanlar Tejen ilatynyñ geñeşinde Eziz handan nökerlere ýolbaşçylyk etmegi haýyş edýärler.Jemi 50sany atly nöker oña tabşyrylýar.Eziz han tiz wagtda talañçylygyñ tepbidin okap,baýlaryñ artykmaç gallasyny elinden alyp,daýhanlara paýlaýar.Garamaýak halk şundan soñ Eziz hanyñ töwerigine has pugta jebisleşip başlaýar.Halk Eziz hany Tejen deputatlar soweti bilen goşulyşan wolos ýerine ýetiriji komitetiniñ başlyklygyna ham saýlaýar.
Oktiýabrdan soñ Eziz han sowetleriñ tarapyna geçýär.Sowetler Eziz hanyñ nökerlerini ýaraglandyrandan soñ,
olaryñ bir bölegini Türküstan hökümetini goramak üçiñ Daşkende,beýleki bölegi bolsa A.I.Dutowyñ Ak kazaklaryna garşy söweşmek üçin fronta iberýärler.
1918nji ýylyñ iýulynda Zakaspy es-erleriñ we menşewikleriñ pitnesi bolup,ol Sowet häkimiýetiniñ ýykylmagyna we Türkmenistanyñ Inglis interwenleri tarapyndan eýelenilmegine getiripdir.Şol iýul günlerinde Eziz hanyñ fronta we Daşkende iberilen nökerleri ýaragsyzlandyrypdyr.Komissarlarda ynamsyzlyk hem şübhe döreden pitne,  Türkmen jigitleriniñ Türküstan hökümetiniñ gullugynda bolup-bolmazlygyñ ykbalyny çözen bolmaga çemeli.
Özüne edilen bu ynamsyzlygyñ Eziz hanyñ Sowet häkimiýetine bolan gatnaşygyna täsir etmän durmajakdygy tebigi zatdyr.Şeýlelikde,Eziz han pitneçileriñ tarapyna geçýär we milli akgwardiýaçy güýçleriñ Oraz serdaryñ ýolbaşçylygynda gulluk edýär.Ýöne ol hiç kimiñ buýrugyny ýerine ýetirmeýär,hiç kime boýun synmaýar.
Oraz serdaryñ ilatyñ gallasyny hem beýleki azyk önümlerini alýandygyny göz ýetirenden soñ,Eziz han onuñbilen tersleşip,ol nökerlerini akgwardiýaçylaryñ bolýan ýerinden aýyrýar we Agalaña çekilýär.Şol ýerde onuñ öñden tygşytlap goýan ep-esli bugdaýy bar eken.
Bu iki serdaryñ arasyndaky jetligiñ soñunyñ duşmanlyga ýazmagyñ düýp sebäbi häkimiýet ugrundaky göreşdi.
Tejen hem Mary oazisinde öz hanlygyny döretmäge çalyşýan Eziz han Türkmen topragyna hökümdar bolmagyn- yñ arzuw edip ýören Oraz serdaryñ garamagynda gulluk etmek islemändir.
Eziz han Tejen oazisinde öz häkimiýetini berkarar edenden soñ,häkimiýetleriñ buýruglaryna garamazdan, Tejenden galla äkidilmegini gadagan edipdir.Salgyt hem gümrük ýygymny ýygnapdyr,geljekki hasylyñ aladasy- ny edip ekiş,gazy-hasar işleri bilen meşgullanypdyr.Tejenleriñ adamçylyk mertebesini özçe goramagy başarypdyr, gerek bolanda juda zabun daramakdan hem gaýtmandyr.Eziz han ýerli baýlardan duşmanlaryñ köpüsini tussag edipdir.Olaryñ birnäçesini öldüripdir,birnäçesini hununy talap edipdir.Tejen hanynyñ „ eden-etdiligi „ hökümetiñ we aklar armiýasynyñ başlyklaryny gaty gaharyny getiripdir.Emma Eziz han her näme-de bolsa öz ýolundan dänmändir.Ol gallany öz halky üçin gorap saklamakda örän tutanýerlilik görkezipdir.Hatda Agalañy basyp almak üçin ilki Gyzyllaryñ soñra aklaryñ çozuşyndaky ýaly gandöküşikler hem ony raýyndan gaýtaryp bilmändir.
Daýhanlaryñ serdary hökmünde ykrar edilen Eziz hanyñ kakabaşlygyna,hüý-häsiýetine düşünmek hem-de onuñ edýän hereketlerini düşündirmek üçin Türkmen halkynyñ geçmiş taryhyny oñat bilmek gerek.Onuñ ýaşan döwrü- nde heniz patyşah goşunlarynyñ basabalyjylykly çozuşlary netijesinde Gökdepede dökülen nähak ganlar halkyñ añyndan çykyşmandy.
Eziz han Türkmenleriñ 1916nji ýyldaky gozgalañyny patyşah goşunlarynyñ gana gark edenini gözi bilen görüpdi. Koloniýal systeme sezawar edilen Türkmen daýhanlarynyñ añynda Russlaryñ hemmesine bolan ynamsyzlyk pugta ornaşypdy,her bir Russ adamsyna eziji hökmünde garalýardy.Şonuñ bilen birlikde wekilleriniñ agramly bölegi köne endik boýunça Türkmenlere ynam etmeýän ýa-da olara ulumsylyk bilen garaýan Russlardan ybarat bolan Sowet häkimiýetine hem Eziz hanyñ nä derejede ynanyndygyny aýtmak kyn.
Eziz han bir zada anyk göz ýetiripdir ; Sowetleriñ barlygynda oña hanlyk ýetdirjek däldi.Dogry,Aşgabat hökümeti
Eziz hanyñ halk arasyndaky abraýynyñ uludygyny göz öñune tutup,ilkibadalar oña päsgel bermän,gaýtan ýalyñjañlyk hem edipdi. Elbetde,“ ýeke-täk we bitewi Russiýanyñ „ dikeldilmegi hakyndaky monarhyk ideýany kalbyna besleýän A.I Denikin hem Zakaspynyñ „ özbaşdakdan soñ,Eziz han her nämede bolsa,Sowetleriñ tarapyna geçmegi dogry tapýar we öz maksadyny Sowet häkimiýetine ýetirmek üçin ýörite adam iberýär.Ýöne ol gijä galypdy – Eziz hanyñ takdyry eýýäm çözülipdi.Akgwardiýaçylar Inglisleriñ ýanyndan kömek etmekleri netijesinde Eziz hany tussag edýärler hem-de ony „ Galtaman „ hökmünde garalap atýarlar.
Eziz han şahsy durmuşynda nähilli adam bolupdyr ? Ol dine ynanýan adam hökmünde ähli dini däp-dessurlary pugta berjaý edipdir,arakdan,neşeden arassa bolupdyr.Onuñ dört sany aýaly bolup,şolardan başga göz gyzdyr- mandyr.Birinji aýaly Orazdursun Hajymuhammet atly ogluny dogurup,ýaş üstünden ýogalypdyr.Ikinji aýaly ogul- näzik bolsa agasy kasymguly ölenden soñ oña dakylypdyr.Ondan ogulabat gyz,hem Eziz han ýogalandan dört aý geçensoñ,Döwranmuhammet atly ogul bolýar.Daýhanlar serdary nähak atylyp öldürlenden soñ ýarym ýyl geçen soñ bolsa üçünji aýaly Aýnabatdan Amanmuhammet (Hummat ) dünýä inýär.Tussag edilmeziniñ öñ ýanynda öýlenen asly maryly iñ ýaş – dördünji aýaly näzikden bolsa nesil galmandyr.
Serdar ölenden soñ Eziz hanyñ agasy Salyh Aknäzigi Mara – atasy öýne äkidipdir.1937nji ýylyñ tutha-tutlygy Eziz hanyñ çagalaryndan,hatda onuñ doganlarynyñ agtyklaryndan hem sowlup-geçmändir.Serdaryñ ogullarynyñ üçüside ýedi ýaşyndaka gören kakasynyñ keşbi çala ýadyna düşýän Hajymuhamet-de,hatda kakasyny görmedik,ol ýogalandan soñ dünýä inen Döwranmuhammetdir,Amanmuhammetde(Hummat)gözenegiñ añrysyna düşmeli boldy.Hajymuhammet bilen Amanmuhammet on ýyla ýakyn tussaklykda bolup,sag-aman öýlerine dolanyp gelipdirler.Eziz hanyñ agasy Salyh çapyk hem öz gyzy Amangözel(ýazyjy Baba japarowyñ aýaly)bilen birlikde sürgün edilýär we şol ýerde ýogalýar.
Takdyr diñe Eziz hanyñ ýany-ýañylara çenli Aşgabat etrapynyñ „ Akdaşaýak „ (öñki sosýalizim) kolhozynda ýaşan ýalñyz gyzy Ogulabady tutha-tutlykdan aman saklapdyr.Muña-da onuñ durmuşa çykyp familiýasyny ütgetmegi sebäp bolupdyr.Eziz hanyñ iñ kiçi ogly Amanmuhammet ( Hummat) häzir owadandepede sag-aman ýasap ýör.
Häzir Eziz hanyñ agtyk-çowlyklary dogduk obasy Herrikgalada ýasmansalyk obasynda,Aşgabatda we Türkmeni
-staniñ beýleki ýerlerinde ýaşaýarla.
 

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ýolla ]

turkmensahra.org