Poema

                      Ýowşan Annagurban
BENDIHANA POEMALARY
  
TÜRKMENIÑ OGULLARY
  
Türkmeniñ ogullary!
Bir-biregiñ şöhratyny gabanmañ,
adyny gabanmañ,       
gabanmañ zadyn...
 
Ogul boluñ,
biliñ ogullyk asla
kesgitlenýän zat däl jynsu-at bilen.
Gyzam bolsañ,
                       ogul bol!
Ogul bolsañ,
                     has beter.
Ejiz bolma,
                 egbar düşme, pesleme,
adam adyñ pisleme!
 
Gysganma, gabanma birek-birekden
bu dünýäñ,
                 geçegçi dünýäñ şöhratyn,
zadyn, zynatyn!
 
Türkmeniñ ogullary!
Eýe boluñ ýurduñyza,
                                 öýüñize, ile hem
özüñize eýe boluñ,
sözüñize eýe boluñ.
Açyñ gözüñiz,
görmedik, bilmedik,
                              añmadyk bolmañ,
okañ, öwreniñ, biliñ!
 
Ýigreniñ ýigrenmelini,
söýüñ söýmelini serhoş ser bilen.
Aýagyny köwmäñ birek-biregiñ,
bir-biregiñ depesinden gum guýmañ,
sowurmañ hapany bardan hem ýokdan,
ogurlamañ ogluñyzyñ ömürni,
talamañ gyzyñyz, gelniñiz ýene,
gömmäñ geljegin!
  
Dogry boluñ,
                   dogrulyga daýanyñ,
ogurlyga daýanmañ, daýanmañ ala,
hilä daýanmañ.
Çünki ogurlyk biliner,
açylar allar,
                hile añlanar,
dogrulyk galar.
 
Parlak gün -- hakykat,
gömseñ-de herne,
bil, geler ýerne,
                        bu gün ýa ertir,
birigün, belke.
Şu gün aldanyña, alanña bakma,
ýolanña bakma,
bakma goparanña, çökerenñe-de,
begenme irkä,
aldaw, aluw bilen
                          aýlawa, sirke
çykarlan aýy deý galyp aýagña
öñin, ardyn omman atyp, egilip,
aşyr atyp, özüñi hem özgäni
aldandan bolup ýallanma,
aldanma!
 
Bilerler adam adamy,
adam bakan, adam bakman, parhy ýok.
Hem geñ görme, bilmez adam adamy,
dünýe bazar, adam haryt, nyrhy ýok!
 
Türkmeniñ ogullary!
Şu gün bilen ýaşamañ,
şu gün bilen çäklenmäñ,
çäklendirmäñ añyñyz,
üşügiñiz üşütmäñ,
döwmäñ göwnüñiz,
gysmañ egniñiz,
ýüzüñiz sallamañ sallamasyza,
öýkelemäñ özüñizden, özgeden,
göwün etmäñ kölgesizden, kölgeden!
 
Şu gün bilen ölçemäñ
erteleri, ýollary.  
Öñe serediñ, öñe,
Günüñ dogjak ýerne serediñ hergiz,
Daña serediñ diñe!
Ýatmañ ýatmasyz wagty,
                                           oýanyñ,
galyñ garyñyza hemem daýanyñ!
 
Türkmeniñ ogullary!
Hudaýa-da ynansañyz ynanyñ,
ynamam gowy zat, uly zat belke.
Ýöne hudaý “hudaý” diýeniñ bilen
berenok börek, belke...
 
Hudaý ýüze perde üçin
                                    ýa-da bir
ogurlyk edeniñ aýdan janlysy,
berimi, peşgeşi bilen aldanyp,
eçilip ýa eçilmän ýören bolsa,
hudaý bormudy!
Ýa hudaý bormudy
                            özünden irip,
gulagyn dykana,
                        gözün gapana,
balyk deý dymana dymmasyz zada,
ýa-da gorpa özün oklan bezzada,
el uzadyp ejizi hem egbary,
hem özüne ýüki, hem özgä ýüki,
bu baglara, bu daglara, zemine,
asman arasyna ýaraşmaz koky,
hapany saklasa bela-beterden,
Hak bolarmydy!
 
Türkmeniñ ogullary!
Aýal boluñ,
                  gyz boluñ,
                                ogul boluñ has,
ogulrak bolmañ,
                          diýmäñ “bolýa-da”,
“bolanok!” diýiñ
                          bolmaýan zada,
“bolýa” diýjek boluñ bolýanyna-da,
bolmaýanna “bolýa” diýmäñ hiç haçan,
aýdyñ hudaýlygñyzy,  
                                 ýürekdäkini,   
ýürekde ýok pygly dile getirmäñ,
dildäkini dişden añryk ötüpmäñ,
aýdyñ Hak üçin,
                          haky üçin Hakyñ!
 
Gözüñiziñ haky üçin,
gulagñyzyñ haky üçin,
diliñiziñ haky üçin,
haky üçin beýniñiziñ,
başyñyzyñ haky üçin,
sözüñiziñ haky üçin,
ýüzüñiziñ haky üçin,
öz hakyñyz üçin aýdyñ bilýänñiz,
iliñ haky üçin aýdyñ bilýänñiz!
 
Günüñ haky üçin,
Aý haky üçin,
gündiz, gije üçin,
ýyldyzlar üçin,
ak ýagyşlar üçin,
säherde ýagan,
gunduz ak gar üçin,
gijeleñ nury,
suwlar üçin, gözbaşlardan syzylan,
guwlar üçin, gök ýüzünde düzülen,
elwan güller üçin, ýeriñ lälesi,
özüñ, özüñ üçin, ynsan balasy,
aýt haky, hakykaty gizleme,
ejizleme, egbar düşme,
                                   adammyñ,
özüñ gömme, tümmekleme, düzleme!
 
Türkmeniñ ogullary!
Goý, boýuñyz uzyn bolsun, pes bolman,
hem köñlüñiz gözel bolsun öñküden,
ýüregiñiz, ýüpegiñiz ulalsyn,
iñ bolman, bolmanda at başy bolsun,
hem ýagşy bolsun,
rehimli bolsun, bolsun dözümli,
özüñiz boluñ, özüñiz geliñ,
                                       göze gelüwli,
akyla gelüwli, aña gelüwli,       
adama gelüwli adamlar boluñ,    
nadanlar bolmañ!
 
Türkmeniñ ogullary!
Ogly-gyzy ýok,
söýüñ söýgiñizi göge ýetirip,
göterip göge,
söýgüden gapylsyn jöwher gözlepñiz,
söýgüden lal açsyn diliñiz käte,
söýen gyzyñ bagtdan gözi ýaşarsyn,
söýen ýigdiñ bagtdan uzasyn boýy,
köp bolsun toýy!
 
Söýüñ eneleri,
                     bagry girýany!
Söýüñ atalary,
                     sözi dür-many!
Çagalary söýüñ,
                     gözüñ monjugy,
söýüñ uýalary,
                      solmasyn ýüzñüz,
söýüñ agalary,
                       öz gapa gözñüz,
inileri söýüñ,
                    erte äp çykjak,
söýmäñ nadany,
                        mahlugy söýmäñ,
nebsiñizem agyrmasyn nadana,
öz-özünden ölüp, ýeñlip ýadana...
 
Türkmeniñ ogullary,
arkadaýançlam!
Gözümiñ guwanjy,
                           begenjim-ilim,
serediñ dünýä!
Il nireden barýa, näme dümtünýä,
                                             ymtylýar näme!
 
Siz birek-biregi iýmäñ, gysylmañ,
jaýlaşyp hem bile münüp bir gämä.
Siz birek-biregiñ elinden çekiñ,
ýykylany galdyryñ,
                               basalap ötmäñ,
geçmäñ geçmesizden, çyzykdan añryk,
beýtmäñ!
 
Türkmeniñ ogullary,
dowamy atalaryñ,
gylyç gemrip geçenleñ,
türkmeniñ gül topragna
gyrmyz ganyn seçenleñ,
                                      namardyñ dowamy däl,
ölhit gutaranlaryñ,
                            tükeneniñ, ejiziñ
gul-kaýyl owazy däl,
ölende-de mert ölen
merdana ýigitleriñ,
merdana gelinleriñ
ýürek telwasy boluñ,
“Ýurdum” diýip çyrpynyñ,
ýurt üçin asy boluñ,
günäkäp boluñ käte,
gazap bilen galkynyp,
silkinip,
             öli bolmañ,     
diri boluñ dirikäk,
                          perişde boljak bolmañ,
her işde boljak bolman,
bir işde boluñ,
ýörişde boluñ,
adam, adam, adam boluñ ýene-de,
adam bolup doglup ak ýüz eneden!
 
Türkmeniñ ogullary,
satmañ birek-biregi,
itmäñ çukura,
iki kilo işbil üçin,
                         kofe üçin,
kürsi üçin, ýyndam maşynlar üçin,
keýp üçin, loly üçin
ýurduñyz satmañ,
                           satmañ iliñiz,
köşki-eýwan üçin,
                             ýykyljak ertir,
ýumşak diwan üçin,
                             ýyrtyljak ertir,
ýalan öwgi üçin,
                             şöhrat-şan üçin,
rahat rowan üçin,
                              iki gün çekjek,
üçünji gün tamam boljak “waý” bilen,
satmañ ýurduñyz!
 
 
Türkmeniñ ogullary!
Peslikleri ýigreniñ,
belent boluñ  peslikden,
meslikden belent boluñ!
Iki gün, ikije, iki gün doýup,
gözüñizi ýag aldyrmañ, düşüniñ
doýagarna iýmeýänleñ derdine,
hesretine düşüniñ,
betbagtlyk inen öýüñ
agysyna düşüniñ,
naçaryñ, garryñ, çagañ
nalasyna düşüniñ,
                          düşünjek boluñ,
duýjak boluñ hasratyny illeriñ,
hemem birazajyk ýeñletjek boluñ
agyr ýüküni...
 
 
Ýük bolmañ ile,
                        bolmañ musallat,
bela bolmañ ýylbaşy bilen gelen,
ýylyñ aýagyna gutulyp bolmaz,
gala boluñ, başarsañyz daş gala,
galkan boluñ, başarsañyz polatdan,
kesgir gylyç boluñ iliñ haky üçin,
aldajy ok boluñ,
                           il bähbidine
kast edeniñ giriñ göwsünden parran,
il boluñ il bilen, il bolman dargan!
 
Türkmeniñ ogullary!
Ogul boluñ bir gezek,
naçar bolmañ ömürlik,
naçarlaman, aglaman,
                                 el serip göge, ýere,
akyl ediñ, oýlanyñ, oýlanyñ garyş-sere,
serediñ yza-öñe,
                       besdir lallyk hem köplük,
kerlik besdir, eşidiñ
                           azat ýelleñ owazyn,
erkin ak ýagyşlaryñ
                              takyrlary ýuwuşyn,
erkin gök bulutlaryñ
                              gök ýüzünde ygyşyn,
ýagyşyn göpüñ,
                      duýuñ ýürekden,
ýürekden berliñ ýaza,
ýaz gudraty, göçgüni
bilen ýaşañ bir gezek,
                            bir ömüp ýaza meñzäp,
güllediñ ýurduñyz bahar mysaly,
aýañ her gülüni, gunçasyn ýene
gül gögepjek ýerleri,
dökmäñ zir-zibil, hapa
galmasyn yzyñyzda!
 
Türkmeniñ ogullary,
ýara kalbyñyz ýapyp,
melhem bolup özüñiz,
dert-beladan aýñalyp,
gutulyñ özüñizden!.
   
Aşgabat, MHK-nyñ tussaghanasy, dekabr, 1995.
    

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ýolla ]

turkmensahra.org