Ýowşan Annagurban
“ÖÇ” WE BEÝLEKI HEKAÝALAR
|
Sözbaşy ýеrinе
Pikirdеşi,
ýanýoldaşy hökmündе,
mеn Ýowşanyñ hеkaýa-goşgularynyñ, makala-terjimelerininñ hеmişе
ilkinji okyjysy wе bеlli bir dеrеjеdе ”rеdaktory” boldum. Bеlli bir
dеrеjеdе diýmеgimiñ sеbäbi,
Ýowşan olaryñ kеmi-kösti barada ilki mеndеn sorardy wе pikirimi
çеkinmän aýtmagy haýyş edеrdi. “Rеdaktoryñ gözi bilеn oka,
dost gözi bilеn okama,
duşman gözi bilеn oka” diýеrdi. Biz uniwеrsitetdе bäş ýyl bilе
okapdyk. Rus edеbiýatyndan Jеrеn Azymowanyñ gеçirеn sеminar
sapaklarynda Ýowşan hеmişе jеdеl-çеkişmеlеriñ öñbaşçysydy. “Biziñ
kursumyzdan kimе bilеt çеkdirmän bäşlik goýjak?” diýip soranlarynda,
Jеrеn Pygamowna diñе Ýowşanyñ adyny tutupdy. Şo wagtlar mеn onda
edеbýata,
söz sеnеdinе ýürеgi,
jany bilеn bеrlеn adamy görüpdim (soñ ol şu häsýeti bilen edbiýat
meýdanynda öz sözüni,
pikirini aýtjak bolup bir topar “duşman” gazandy). Şo wagt men şеýlе
adamlaryñ ömür ýolunyñ gaty kyn bolýandygy barada pikir etmändirin.
Uniwersiteti gutaranymyzdan soñ
ol 10 ýyl çemesi “Edеbiýat wе sungat” gazýеtindе işledi. Tankyt,
kyssa,
şygyr bölümlеrinе müdirlik etdi.
Rus edеbiýatyndan,
dünýä klassykasyndan iñ gowy görеn esеrlеrini,
Prospеr Mеrimäniñ,
Çingiz Aýtmatowyñ,
Gabriel Garsia Markеsiñ hеkaýalaryny türkmеnçä gеçirdi. Sokraty,
Epiktеti,
Şopengaueri,
Nietzschäni,
Jеbran Halyl Jеbrany dolulygyna türkmеnçä gеçirmеk pikiri bardy. “Başga
halklaryñ
gowy
zatlaryny
öz
dilinde
okasa,
öz
intellektuallarymyzyñ
gowy
eden
işlerini
bilse,
halkymyz
öser”
diýerdi.
Şu
pikir
bilenem
türkmеn ýazyjy-şahyrlarynyñ,
mеdеniýеt işgärlеriniñ edеn gowy işlеri barada portrеtе ştrihlеr
ýazdy. Mеn onuñ bu işlеriniñ hеmmеsini gowy görеrdim hеm bir gün
toplap,
kitap edip çykararys diýеrdim.
Ýönе biziñ muña elimizi ýеtirmеdilеr. 1993-nji ýylda “Diýar”
jurnalyndan,
prеzidеntiñ bеllän işindеn çykandan soñ,
häkimiýеtlеr ony gadagan ýazyjylaryñ sanawyna girizdilеr. Ozal,
“Edеbýat wе sungat” gazýеtindеn işdеn çykanda,
ol türkmen
gazýеtlеriñ ählisindе diýеn ýaly çykyş edip bilipdi.
Indi onuñ adynam agzamak
bolmaýardy. Şoña çеnli
onuñ dört sany kyssa kitaby çap edilipdi. Gutarylmadyk “Dünýä dünýä
sygmamyş” romanynyñ bölеklеri
“Diýar” jurnalynda çap edilipdi. Ýönе
bolsa-da gadaganlyk Ýowşanyñ elini işdеn
sowatmady. Şol döwür mеn
onuñ “Oda nämе
boldy?” diýеn
uly göwrümli hеkaýasynyñ
ilkinji okyjysy boldum. Bu hеkaýa
1997-nji ýylda MHK-çilеr
öýümizi dökеndе
ýitirim boldy. Ýönе
mеn
Ýowşanyñ türmеdе
ýazan goşgy-poemalaryny,
ilki türmеdеn,
soñ bolsa ýurtdan çykarmagyñ başardanlygyna örän bеgеnýän.
Dogrusy,
biz olary ýitirmеkdеn
gaty gorkupdyk. Ýönе
öz başyña,
çagalaryñ başyna bеla
abanyp durka,
kyssa-gazal ýadyña düşmеz
ekеni.
Şonda-da biz ol goşgulary kompýutеr
diskina gеçirip,
ýurt daşyna çykarmaga kömеk
ediñ diýip,
daşary ýurt ilçihanalarynyñ işgärlеriniñ
birindеn
haýyş etdik. Ol “Bu işе
biz gatyşmasak dogry bolar” diýdi. Şol günlеriñ
birindе-dе
Moskwadan,
“Mеmorialyñ”
işgäri Witaliý Ponamarеw
öýümizе
gеldi.
Şеýdibеm
biziñ kyn işimiz asan boldy,
ol goşgulary Moskwa äkitmegi hеm
biziñ dostlarymyza gowşurmagy boýnuna aldy. Soñ ol goşgular Pragada
öznеşir
görnüşindе
çap edildi. Biz muña dördünji çagamyz bolan ýaly bеgеndik.
Häzir,
şu sözbaşy bilеn
okyja hödürlеnýän
hеkaýalary
bolsa,
mеn
öz ýanymdan “Il diýip urýan ýürеgiñ
aýdymlary” diýip atlandyrdym. Olar biziñ ikimiz üçinеm
şеýlе
eziz. Sеbäbi
olar biziñ öz ilimizdеn
alysa çykyp,
ilimiz bilеn
bilе
ýaşaýandygymyza,
onuñ hasraty bilеn
dеm
alýandygymyza şaýatlyk edýärlеr.
Bеlki,
okyjylaram olary şеýlе
garşylar.
Baýramsoltan
Annagurban.
IL
ADAMSY
Oña oturyp-turup geñ
galdylar. “Siziñ edäýen işiñizi” diýip, hatda aýalam geñ galdy,
goñşularam. “Aý, Işan aga, sen dagy agtyklaryñy dyzyña mündürip,
döwletiñe guwanyp oturmaly ahyryn! Gül ýaly çagalaryñ, maşyn ýerinde
maşynyñ, howly ýerinde howlyñ bar. Bu düşüp ýören günüñi señ... Özüñ
özüñ diýeli, iki ogluñam yzyña tirkäpsiñ! Bir öýden üç erkek türmede
ynha indi - diýip, MHK-nyñ başlygy Seýit Saparam geñ galdy. Soñundan
bolsa: - Siz ýaly galam ýöredip bilýän hor bolanog-a bumat, “Ýaşasyn!”
diýip şagladybermeli. Galamyñyzdan kireý isleýäñizmi, berýär-ä näçe
kireý diýseñ ýaşuly! Daşary ýurt maşynyny münüp, redaktor bolup
ýörenleriñ haýsy ýazyp bilýä siz ýaly? Olar diñe lepbeý diýip bilýä...
Ýöne olar iki gün ýalançynyñ geçerini, içjek konýaklaryny, oturjak
ýumşajyk kürsülerini, gezjek gelinlerini, çekžek keýplerini bilýäler.
Prezident nirä gitse, ýanyna ýoldaş bolup, ýurt görüp, ýaýnap ýörler.
Sizem il diýen bolup, iki ogluñyz bilen türmä düşýäñiz, hany gelýämi
şol il indi yzyñyzdan?” diýip, gyjytly sözledi.
Ol bolsa, “Men şol
döwletim, agtyklarym üçin düşýän-dä şu güne! Şolar ertir kanunsyz
jemgyýetde ýaşap kösenmesin, köýmesin, türkmen ojagy dargap,
orramsyñ oýnagyna öwrülmesin” diýip edýän-dä şu işleri...” diýdi.
Onsoñ onuñ ogullaryny
goýberdiler-de, özüni gazamat etdiler. MHK-nyñ tomsuna şemal
düşmeýän, gyşyna ýylamaýan porsy kamerasynda erkini döwmäge
synandylar. Bu işde has ilgeziklik görkezenleriñ birem polkownik
Halmämmet boldy. Ol Işanyñ ýeke-täk neşesini - maza bilen çekýän
“PallMallyny” bermän kösejek boldy. Yzyndan gelen çilimini birde
çalşyrsa, birde ogurlady. Ýöne bir gün Işan ony kameranyñ gapysyna
çagyryp getirtdi hem iki agyz berk söz aýtdy. Şondan soñ ogurlanan
çilimleri getirip gitdiler. Türme gözegçileri oña şol günden soñ
“Mister PallMall!” diýip başladylar. Ýöne “Mister PallMall” munuñ
bilen köşeşmedi. Seýit Saparyñ söbükbasary Nazar Muhammet çagyryp,
toba etmek hakynda töwella edip ugranda, “polkownigiñiz çilim
ogurlamasyny goýsa, toba etsegem edäýeris” diýdi. Onsoñ, “On üç
ýyldyr iýjek gowurdagymam tussaglañkydan, çekjek çilimimem. Hatda
ýuwunjak sabynymam şu taýdan äkidýän” diýip pañkyldaýan Halmämmet
tagtyndan taýdy. Polkownigiñ açgözlüginden bez bolan gözegçiler bu
geñ wakany bir gijäniñ özünde ähli kamera ýetirdiler. Soñ bu waka
gözegçileriñ üsti bilen şähere-de ýaýrady. Gözegçileriñ käbiriniñ
ejesi bu wakany eşidip, oglundan Işan aga gutap bişirip iberdi. Kä
gözegçi oña ýüregi gysmaz ýaly gyzykly kitap getirdi.
Uly il ýygnanyp
gelmese-de, Seýit Sapary ýalançy edip, Işanyñ yzyndan gelenem boldy.
Öñi bilenem daýysy Aman aga bir topar ýaşulyny yzyna tirkäp geldi.
Polisiñ ketdesi Kasym Gajar başlyklaýyn, ol ýaşululara gyjyr-gyjyr
etdiler. Asyl birsellem hemmesini dar jaýa gabap, haýbatam atdylar.
Ýöne ýene özleri ýumşap, ýaşululary töwella-tagsyr bilen yzlaryna
gaýtardylar. “Ynha, hemme zat gowy bolar, biraz tagapyl ediñ, il
gözüne bi, bu gün tutup, ertir goýberip bolanok, birazdan çykar
Işanyñyz” diýdiler. Soñ ol ýaşululary ýeke-ekeden MHK-a çagyryp, bu
eden işleriniñ telekdigini düşündirjek boldular. Dogrusy, olara
şeýle düşündiriş geçirmegi ýokardan tabşyrýardylar. Bu işi
gönüden-göni Ýüzükliniñ özi alyp barýardy. Işany gazamat etmäni
buýranam şoldy. Sebäbi ol wagtynda Işany köşgüne-de çagyrypdy,
kürsem hödürläpdi. Emma Işan hakykaty saýlap alypdy. Pikir edýän
zadynam pert-pert aýdypdy. Beýdip döwlet gurulmaýandygyny, döwlet
gurmak üçin düzüw bolmalydygyny, adamyñ ýüzüne bir zat diýip,
ýeñsesinden başga iş etmeli däldigini, bäş sany türkmeniñ içinde
iññe çileniñem, düýe ogurlanyñam aýyl-saýyl görnüp durandygyny,
döwletiñ başynda oturanyñ bolsa uly iliñ gözündedigini, ilçilikde
her sözüñi terezä salyp oturan adamlaryñ bardygyny, il samsykdyr
diýseñ gaty ýalñyşjagyñy aýdypdy. Şodur-da-şol, ondan ýaña
Ýüzükliniñ ýüreginde kitüw galypdy. Işanyñ heniz manada
geçilmezinden ozal döwlet işlerini terk edip gitmegi bolsa ony
däliredere getiripdi. Şondan bäri ol amatyna garap ýördi. Başarsa
çakjakdy, aljakdy.
Işan aga bolsa, bäş wagt
namazyny yrman, remezan aýynda agyz bekläp, türmededirin diýmän,
başyny dik tutup otyrdy. Çagyryp sorasalar, “Hawa, köçä çykan
oglanlara listowka ýazyp beren men. Haýyş etdiler, ýazdym” diýip
jogap berýärdi. Ýogsa ol listowka ýazmandam. Ony ýazan başga biridi.
Emma Işan başgany satmagy başarjak däldi. Onda-da özüni satana ýanyp
otyrka. Şonuñ üçinem ol: “Hökümetiñ halkdan üzñeligi, ýurduñ
tozdurylýanlygy, prezidentiñ işden çekilmelidigi, erkin saýlawyñ
geçirilmelidigi nädogrumy eýsem?” diýip, sorag edýänleriñ özüne
sorag berýärdi. “Dogry, siz iki gün para alarsyñyz, bu gün doksuñyz,
ýöne bu gidişde size para almaga adam galarmyka!” diýýärdi.
Onsoñ Işany ýene
kamerasyna dolap getirýärdiler. Ol bolsa ýylgyrýardy hem “Ykbal”
diýlen zat geñ-ow - diýýärdi. - Bir ýyl ozal Moskwada bir sygan aýal
“öñüñde türme görünýär” diýse, “ýok bol-a” diýipdim. Mañlaýdan
gutulma ýok ekeni” diýýärdi. Soñam özünden sorag edýän sülçüler
barada oýlanýardy. Ol sülçüleriñ biri meşhur Jepbar bagşynyñ agtygy
bolsa, beýlekisi giýewisidi. Ikisiniñem neşekeşdigi ýüzünden görnüp
durdy. Işan aga şol sülçüler ýaly ýaş döwründe Jepbar bagşa kän
gezek çaý guýup beripdi. Bagşy olaryñ myhmany bolmany gowy görerdi.
Işanyñ kakasy bagşyçyl adamdy, söze-saza, senede gadyr goýmany
başarýan kişidi. Ondan Jepbar bagşy barada ajap bir film ýadygär hem
galypdy. Bu filmi ýurduñ telegörşünde ýüzükli bela döremezden öñ kän
görkezerdiler. Ine indi ýagşylyga ýamanlyk diýleni. Jepbar bagşa şol
edilen hyzmatlaryñ deregine, onuñ agtygydyr giýewisi Işanyñ
aýagulagynam öýünden alyp gaýdyp, ol-bi şaýyny goparyp, satyp
ýördüler.
Seýit Sapar bilen Nazar
Muhammet Işanyñ erkini syndyrmak işini gaty oýlanyşykly alyp
barýardy. Bu işiñ esasy ugry Işana psihiki hüjüm etmek hasaplanýardy.
Onsoñ olar Işanyñ kamerasynyñ ýokarsyna Ogulnäzik Babaýewa diýen
neşe söwdegärini getirip oturtdylar. Ogulnäzik ýaş gelindi, ýöne uly
möçberlerde neşe satyp tutulypdy we biraz akyly üýtgäne çalym
edýärdi. Ol uzakly gün gülýärdi. Tussaglar onuñ dälişge gülküsinden
däliräre gelýärdiler. Türme gözegçileri Ogulnäzigiñ ýatagynda
aýbogdaşyny gurap, çuw-ýalañaç bolup oturýandygyny gürrüñ
berýärdiler.
Şol günleriñ birinde
Işanyñ ogul agtygynyñ bolandygy barada habar geldi. Ol bu habary
buşlan gözegçä iki-üç gap “PallMall” eçildi. Buşlukçy ol çilimleri
Işandan teperrik diýip tussaglara paýlady.
Erk syndyrma welin dowam
edýärdi. Koridorda hem kameralarda gije ýarymdan soñ tussag
ýençmekmi, tomsuñ jöwzasynda iki-üç günläp nasos döwüldi, suw ýok
oýnuny oýnamakmy, garaz, MHK-da oýun kändi.
Emma Işan syr
bildirmeýärdi. Ýogsa oña beýleki oglanlaryñ gaty horlanýandygyny,
Kasym Gajaryñ olary beter gynaýandygyny, polisiñ tussaghanasyndan
yssy günler onlap maslyk çykarylýandygyny aýdýardylar. Seýit Sapar
bilen Nazar Muhammet oña bu ýagdaýlar barada ençme gezek
duýdurypdylar. “Ýaş oglanlara haýpyñ gelsin, Kasym Gajar olary
öldürer ýa maýyp eder. Kürsüden gymmat zat ýok oña, ýokarka ýaranjak
bolup, bütin obany gyrjak ol. Sen toba edýän diýseñ, hemmesi boşaýa
şolañ” diýip, wada üstüne wada beripdiler.
Işan olaryñ bütin obany
gyryp biljegine ynanmady. Gorkarlar diýdi. Dogrusy, onuñ muña
ynanasy gelmedi. Ýogsa ol Kasym Gajaryñ kürsüsi üçin bir obany däl,
bütin bir halky gyrmaga taýyndygyny bilmän duranokdy.
Onsoñ sud boldy.
Görülmedik wejeralyk boldy, dogrusy. Namart hökümet ýer ýok diýen
bahana bilen üýşüp gelen mähelläni suda goýbermedi, gizlenip, ýapyk
gapyñ arkasyndan iş gördi. Ýuwañ seçegi ýaly oglanlara, il-ýurt
bähbidini aradyñyz diýmän, garakçy diýip ýyl kesdiler.
Işan kameradaşlary bilen
hoşlaşmaga başlady. Ol indi iñ bir ýowuz režimli, itiñ ölen
ýerindäki tussaghana geçirilmelidi. Emma agşam ony ýene Seýit
Saparyñ haly düşelen kabinetine çagyrdylar. Halyly kabinetde egni
general ýyldyzly epeý kişiler otyrdy. Ol epeý kişiler birden pişik
gören syçana döndiler hem ýalbarmaga başladylar: “Özüñe haýpyñ
gelmese, oglanlara haýpyñ gelsin, şu kagyza gol çek-de, bizem dyndyr,
özüñem dyn!” diýdiler. Işanyñ göz öñüne suduñ zalyndaky boýny
ýüplüge dönen oglanlar geldi. Ol ruçka el ýetirenini duýman galdy.
Türmäniñ agyr gapysy ses
edip açyldy. Daşarda ak gar ýatyrdy. Işan “Ak zat alnyña ýagşy”
diýdi. Oña ogullary garaşyp durdy. Howluda bolsa, göz aýdyña gelen
mähelleden ýaña, aýak basara ýer ýokdy. Öküz soýlup, hudaýýoly
berilýärdi. Daýysy Aman aganyñ keýpi kökdi. Emma ol ýumşak
düşekçäniñ üstünde oturan ýerinden daýysynyñ öñküliginiñ ýokdugyny
syzypdy.
Gözleri ony aldamandy.
Daýysy halys ekeni. Derrewem işini bitirdi, pahyr. Ol şonda özüniñ
iñ bolmanda daýysyny razy etmek üçinem türmeden çykmaly ekenligi
barada pikir etdi. Ýöne oña wada beren generallar sözlerinde
tapylmandylar. Oglanlaryñ köpüsi türmede galypdy. Şu-da onuñ
ýüregine dert bolup ýapyşdy, dik başyny aşak egdi. Emma ol bu derdi
hiç kime bildirmejek boldy. Dert bolsa ony bir gün düşege ýykdy.
Onsoñ ol derdi uly il bildi. Ýagşy pälli adamlar üýşüp-üýşüp
soramaga geldiler.
Işan halysdy. Ýagdaýy
egbarlaşdygyça-da soramaga gelýän köpelýärdi. Adamlaryñ içinde
türmede bir zat edendirler, iýmitine bir zat goşup iýdirendirler
diýen ýaly gürrüñler edip başlanlar-da, “Aý, indi tamañyzy üzäýiñ”
diýenler-de boldy. Sebäbi oña derman-däriden hiç bir haraý ýok
ýalydy. Bäri bakyberenokdy.
Işan ýatan ýerinden bir
zatlar pyşyrdap, doga-dileg edýärdi. Dodaklaryny müñküldedip, kimdir
birleri bilen gürleşýärdi. Aýaly onuñ näme diýýänini eşitjek bolup
biderek özüni köseýärdi. Ahyry yns-jyns ýatyp galdy. Köçeden gelýän
it seslerem kesildi. Şol wagtam howlynyñ demir derwezesi giñden
açyldy. Işan bu ahwalaty ýatan ýerinden gördi. Derwezeden iki sany
intelligent adam girdi. Olaryñ egninde iññeden çykma gara kostýum,
ak plaş bardy. Ak köýnekleridir owadan galstuklary gözüñi
gamaşdyrýardy. Biri şlýapalydy, beýlekisi bagana gulakçynlydy. Işan
olary göreninden tanady. “Kaka, daýy, geläýdiñizmi?” diýdi. Olar
ýylgyrdylar-da: “Çagyrdyñ-da!” diýdiler. Soñam gelişleri ýaly
yzlaryna öwrüldiler: “Tur ýeriñden-de, iliñ içine bar, milletiñ
boýny burulmasyn! Sen indi diñe özüñe degişli, öz maşgalaña dahylly
adam däl!” Olar bu sözi derwezäniñ agzynda aýtdylar. Şondanam gaýyp
boldular.
Işan ýuwaşlyk bilen
ýerinden galdy. Galşyna-da başujyndaky dermanly düwünçegi hapa bedrä
atdy. Soñ ýyljak duş aldy, sakgalyny syrdy. Howlynyñ içinde iki ýana
ýöräp, aýaklaryna ysgyn, ýüregine güýç gelýänini duýdy hem içerik
girip, aýdym-sazly sandygyñ başyna geçdi. Birsellemden içerde
bagşynyñ belent sesi ýañlanyp başlady. Bu Jepbar bagşynyñ sesidi,
waspy aýdylýan bolsa ak ýüzli Maraldy...
17.12.1999
ÝÜZЕGЕLMЕ
“Daşymyñ berki-goragy
bolsun” diýendir-dä, kakasy oña Galkan adyny dakypdyr. Frontçy,
uruşdan maýyp bolup gelen adam. Köñlünde ogul-gyzyndan gorag islän
borly. Galkan bolsa nirede bir ýumşak adam bolup çykdy. Ýumruk
ýalylygyndan çeperçilik mekdebine gatnady. Elinden çotgasyny
düşürmedi. Ýat şähere gidip, ýokary bilim aldy. Kakasy ony kanikula
gelende oba gyzyna öýerip, uly toý etdi. Şonda ol kakasyna okaýan
ýerinde halaýan gyzynyñ bardygyny aýdyp bilmedi. Okuwyny bitirip,
ýylaşadan jägildäp dogup duran çagalaryna guwanyp, paýtagtyñ
çetinden wagtlaýynja jaý gurundy. Özgeler hars urup mal-baýlyk
ýygnasa, ol kitap ýygnady hem öz işjagazy bilen boldy ýördi. Çaga
basyp ugransoñ, “Öz-ä dilejek däl” diýip, iş ýeriniñ profsoýuz
guramasy oña şäheriñ içinden öý berilmegini gazandy.
Elbetde, o mahallar dünýä
düzüwlikdi, häzirki ýaly gahatlygam, eden-etdiligem ýokdy. Öz işi
bilen bolup ýören adama, çaga-çugala döwletiñ delalaty ýetýärdi. Ine
birdenem bar zat çepbesine çöwrüldi. Ne profsoýuz galdy, ne-de öñki
aýlyk-günlüklije döwran. Oña derek “Sarpalyly döwür” geldi.
Hudožnikler bu döwri öz aralarynda şeýle atlandyrdylar. Dogry,
ozalam sarpaly-sylagly adamlar, döwlet ýolbaşçylary bolupdyr, olar
hakynda goşgy-poşgam goşulypdyr. Ýöne bu sarpalynyñ sarpalylygy öñki
görlen däldi. Bu-da owarram diýseñ, nan atly, adamlar pyýada bolup
ugrady. Gitdigiçe, sarpalynyñ sarpasy tutuldygyça-da bar zadyñ
bujrugy artdy. Galkan görgüli öñküje abat düzgüniñ beýle çalt
bozulyşyna, hemme zadyñ bulaşyşyna hiç düşünip bilmedi. Ilki
telegörüşden “Sarpaly” diýlip götergilenýäni diñläp bir zatlar
añlajak boldy, soñ onuñ çykyşlaryny gazýetlerden okap gördi. Hiç
zada düşünmedi.
Kärdeşleri oña hiç zada
düşünjek bolmazlygy hem şol sarpalynyñ suratyny çekmegi maslahat
berdiler. Käbirleriniñ hut şol suratlardan hem heýkellerden belent
jaý gurunýanyny, owadan maşyn münýänini, at-abraýly adam bolýanyny
aýtdylar. “Ýogsa-da şeýder aç oturarsyñ” diýdiler. “Açlyk näme
iýdirmez” diýleni. Onsoñ olam synanyp gördi. Sarpalynyñ suratyny
çekdi. Kärdeşleri onuñ işine hyrydar tapyşdylar. Surat satyldy.
Elbetde, birneme çaý puly boldy. Çagalar etli çorbadan doýdular.
Ulujalaryna eşik-peşigem aldy. Şonuñ bilenem pul gutardy. Aýlyk
bolsa indi birki ýyl bäri ýokdy. Ol ozal öz okan çeperçilik
mekdebinde çagalara ders bererdi. Ýöne ol çagalaryñ reñksiz-çotgasyz
kösenip oturyşlaryny görüp, işden çkyp gaýdypdy...
Onsoñ ol ýene we ýene
sarpalynyñ suratyny çekdi. Ýöne sarpalynyñ suratyny çekmek barha kyn
düşýärdi. Şol bir etlek ýüz, şol burun, şol gaş, şol bir gözler...
Üstesine olary satmagam kynlaşyp barýardy. Ýönekeý adamlaryñ beýle
zada pul bermäge ýagdaýy ýokdy. O suratlary diñe edara-kärhanalar
alyp bilýärdi. Olaram bireýýäm aljagyny alyp, asjak ýerinden asyp
goýupdy. Indi o suratlary satmak üçin ýokary edaralarda tanyş
tapmalydy. Suratyñ bahasyny şol tapan tanşyñ, ýagny sarpalynyñ
suratyny satyn alýan edaranyñ başlygy bilen paýlaşmalydy. Bu kyn
işdi. Iki tarapam bir-birine ynanmalydy. Ynanyşmak üçin bolsa
bir-biregi ýakyndan tanamak gerekdi. Kimde bar onça tanyş başlyk.
Onsoñ şol başlyklaryñ tanşyny, ýagny arada durýan tapmaly bolýardy.
Şeýdibem bir adamyñ zähmetinden üçünji, dördünji adamlaryñ agzyny
ýaglamalydy. Ýöne başga alaç ýokdy. Onsoñ Galkan bu hapa-da birki
gezek batyp gördi. Sebäbi kärdeşleri oña indi hemmeler şeýdýä
diýýärdiler.
Ýöne ömür gysga, gün
uzak diýleni. Onda-da açlyk, gahatlyk bolsa. Şu gahatlykda çagalaram
ýetişdi. Birini öýermeli, birini çykarmaly. Okuwa salmaly, işe
ýerleşdirmeli. Ne okuwa salyp bolýar, ne-de iş tapylýar. Özi bir
zatjyga güýmensin diýseñem, iş guraly gerek. Gyzlara tikin maşyn
almaly. Oglanlara ussaçylyk enjamlary gerek. Hemmesem onuñ üçin uly
pul, golaýyndan barar ýaly däl. Onsoñ ol birden darygyp ugrady.
Telewizorda şol sarpaly diýilýän görünse, öýde, çagalarynyñ ýanynda
sögünmäni çykardy. Gyzlary dagy kakalary barka telewizor açmaga zar
boldular. Sebäbi telewizor açylsa, sarpaly diýilýänem ýalpyldap
görünýärdi. Onsoñ Galkan ýagdaýyny tapsa ussahanasyndan bäri
gelmejek boldy. Gaty-guty çörejigi bolsa-da, çaýa batyrynyp iýip,
şol ýerde ýatdy. Işledi. Emma soñabaka işem ýöremedi. Esasanam şol
etlek ýüze gezek gelende kyn boldy. Egin-pegin, galstuk-beýlekisini
arkaýyn çekdi. Ýöne haçanda şol ullakan, kän gaýtalanan gözlere gözi
düşse, şol etlek ýüzden çotga ýöredip ugrasa, eli titräp başlaýardy.
Onsoñ ol sarpalynyñ suratynyñ ýüzüni ýapyp goýup, başga işler bilen
meşgul bolýardy. Bolmasa oturyp okaýardy. Ýöne soñabaka şol ýüzi
ýapylgy suratyñ golaýyndan geçse-de titräp, süññüne erk edip bilmän
başlady. Bir gezeg-ä ony depip ýykyp, çüñkde duran pil sapy bilen
suwasalma ýençdem...
Soñ Galkan özüniñ bu eden
işinden gaty utandy. Şol wagt goñşy hudožnikleriñ üstüne gelmänine
bolsa begendi. It çekelän ýaly bolan suratyñ böleklerini, hiç kim
görmänkä, eltip zibilhana taşlap geldi. Edil şol mahalam bir kärdeşi
gelip, çaýa çagyrdy. Soñky çeken “sarpalysyny” satandygyny, arajygam
alandygyny aýtdy. Galkan içip ýören adam däldi. Ýöne onuñ birden
erbet içesi geldi. Ýüz gram içensoñam kärdeşine içini dökdi. Indi şu
sarpaly diýilýäniñ suratyna hiç eliniñ ýöremeýänini aýtdy.
- Başga çörek puly
gazanar ýaly ýer bileñokmy? Bolmasa bir ýerde ýükçülik dagy etmelimi,
mundan-a mydar bolmaz.. - diýdi.
- Düýn irden şo niýet
bilen bazara bardym. Çelek-selek daşaşyp, işleşip ýörenler kileñ
intelligent adamlar. Görüp otursam, şoñam üsti uly uruş ekeni. Ýogsa
menem bäş şaýy gazanaýjakdym. Biziñem elimiz ýöräp duranok şuña.
Nälaç ýöredýäs...
- Wagtynda il ýaly
maşynam edinmändiris. Artykly dagy suraty taşlap, kireý edişip
ýörler...
- Wah, oñarýalar-la.
Meñem maşynym bolsa etjegim şol... - Birdenem ol gözüne ýaş aýlady.
- Nerwi gutardy indi, gardaş, nerwi. Düýn, ine, gutaryp barýan
“sarpalym” bilen “uruşdym”. Ýere taşlap, depelän bolýan. Ol-a bizi
depeleýä diýýän. Soñam öz-özüme masgara diýdim. Sen ony depeläñok,
özüñi depeleýäñ diýdim. Ine, seret muña! - Ol şeý diýip, şkafyñ
añyrsyndan ýüzünde aýak yzlary tegmil-tegmil bolup galan suraty
çykardy. - Ozal diñe özümmikäm diýerdim. Heýkelçiñ ýanyna barsam,
“Şu heýkelleri çekiçläp döwüp çykaýasym gelýä...” diýip, öz ýasan
zatlaryna hyrçyny dişläp otyr.
Bu gürrüñleri eşidip,
Galkanyñam öz “masgaraçylygyny” aýdasy geldi. Ýöne aýtmady. “Ýeri,
aýdañda näme boljak, hemmämiziñ ýagdaýymyz birmeñzeş, biz şo suraty
çekemizde-de, öz çeken suratymyzy aýak astyna salyp depelämizde-de,
ikisinde-de özümizi depeleýäs” diýdi. Kärdeşi bolsa, barha gyzyp
gürleýärdi. Şu suratlary satmasa, öýüne barmaga, çagalarynyñ ýüzüne
seretmäge utanýandygyny aýdýardy. “Sarpaly” satylmasa,
holodilniginiñ boş bolýandygyny heçjikleýärdi. Galkan lañña ýerinden
turanyny hem gapa ýönelenini duýman galdy. Kärdeşi oña düşünmän
añaldy. Galkan ondan ötünç sorady hem özüniñ gyssagly bir ýere
gitmelidigini aýdyp ýalan sözledi.
Ol ussahanasyna gelip,
gapyny içinden gulplap ýatdy. Ýöne ýatybam mazasy bolmady. Ýene
haçana çenli beýdip eplenip ýatyp bolar diýip turdy. Işlejek boldy.
Hiç işe eli barmady. Kitap alyp, okamaga oturdy. Şol okady oturdy.
Okap ýatyp galdy. Turup ýene okady. Ajyksa baryp, grantdan suw içdi...
Şol günleriñ birinde-de
ony birnäçe kärdeşi bilen ýokaryk çagyrdylar. Sarpaly olary öz
kabinetinde kabul etdi. Bu uly jaýa ilkinji sapar gelşi ýaly, Galkan
onuñ eýesinem ýanyndan ilkinji gezek görýärdi. Bu zatlar onuñ biraz
howuny basdy. Aslynda-da ol öñe müñzemäni halamazdy. Ýöne bu gezek
ýörite yzrakda oturdy. Sarpaly gürrüñiniñ başynda olaryñ edýän
işlerini bilýändigini, azrak horlanýandyklaryndan hem habarlydygyny
aýtdy. Şeýdip işleşip otursalar, iru-giç gadyrlarynyñ bilinjekdigini,
iş edeniñ ahyry görülýändigini nygtady. “Yhlasym duýulmady” diýip,
hiç kimiñ Watandan öýkelemeli däldigini, Watana pul, sylag almak
üçin hyzmat edilmeýändigini düşündirdi. Hiç hili gykylyk-galmagala,
gep-gybata goşulmaýandyklary, pukaraja günlerine garamazdan, il-ýurt
üçin başlaryny basyryp işläp oturandyklary üçin uly minnetdarlyk
bildirdi. Bu gürrüñler Galkana düşnüklidi. Olaryñ näme üçin
aýdylýanyny bilip otyrdy. Ýöne sarpaly birden sungat hakynda,
reñkleri saýlap almak, ata-babalaryñ çöp-çalamdan reñk ýasandyklary
barasynda, portret çekilende gözi nähili şekillendirmelidigi
dogrusynda gürläp ugrady welin, ol hiç zada düşünmedi. Sarpaly welin
barha joşup gürleýärdi. Ermitažda, daşary ýurtlardaky abraýly
sergilerde bolşuny ýatlaýardy. Milli sungaty ösdürmek hakynda
uzyn-uzyn gürrüñler edýärdi...
Galkan birden sarpalynyñ
gürrüñlerine düşünip bolmaýanynyñ syryny özi üçin açan ýaly boldy.
Ol örän köpsözlüdi. Şol köpsözlülik hem onuñ bar syryny açýardy.
Içgin synlasañ, sarpaly näme edýänini, näme diýýänini bilýän adama
sähelçe-de meñzänokdy. Öz-özünden bir topar gerekmejek gürrüñleri
edýärdi, bilmeýän zatlarynyñ başyny agyrdýardy. Akyllysyrajak,
bilimdarsyrajak bolmagy bolsa, bir topar zady bulaşdyrmagyna hem şol
bulaşyklygy özi duýmaz ýaly hala düşmegine sebäp bolýardy. Geñ ýeri,
oña hiç kim bu ýagdaýyny düşündirjek bolanokdy. “Sen düşnüksiz
gürleýäñ, kän gürleýäñ, bulaşdyrýañ, ile gülki bolýañ...” diýenokdy.
Ýönekeý oturşykda bir-birine gezek bermeýän hudožnikler agyzlaryna
suw alan ýalydylyr. Diñe bulam däl. Olar sarpalynyñ gürrüñlerine
akyllysyrap, düşünýänsiräp baş atýardylar. Sarpaly bolsa mundan
joşgun alýardy we gutarjak bolup oturan gürrüñlerini ýene
süýndürmäge başlaýardy. Aý, garaz, Galkan şeýle bir ýadady. Tasdanam
turup gaýdypdy. Emma çydady. Öz-özüne: “Bir gezek çyda, soñ gaýdyp
beýle çakylyga gelmersiñ” diýdi.
Ahyry garaşylan pursat
gelip ýetdi. Sarpaly olara işlerinde üstünlik arzuw etdi. Turup
çykyp gidibermeli boldy. Şol wagtam sarpaly ýene bir zat tapdy.
Ýeke-eke ýanyna çagyryp, ellerini gysyp, hersine bir “Gurhan”
sowgat berdi. Galkanyñ bar zatdan beter şu sowgady alasy gelmedi.
Onda-da nälaç baryp aldy. Ýöne ony, näme üçindir, öýüne ýa
ussahanasyna äkidesi gelmedi. Oturan ýerine gelip, gapdalyndaky
äpişgäniñ öñünde goýdy. Soñam alman turup gaýtdy. Emma ol bu
islenmedik sowgatdan munuñ bilenem dynyp bilmedi. Sarpalynyñ
keltejik kömekçisi daş gapynyñ agzynda yzyndan ýetdi-de:
- Galkan aga, siz
“Gurhanyñyzy” galdyrdyñyz! - diýdi.
Galkan ilki ogurlygynyñ
üstünde tutulan ýaly aljyrady. Soñam birden ýüzüni çytdy-da:
- Ol maña gerek däl -
diýdi. Sarpalynyñ kömekçisi muña ör-gökden geldi:
- Bu “Gurhan” ahyry, her
öýde biri hökman bolmaly! - Galkan bu sözlere ajy ýylgyrdy:
- Meñ öýde ýedi sany
garagöz gurhanym bar!..
19.06.1999
ŞÜKÜR EDЕLIÑ, ADAMLAR!
Satiriki
monolog
Adamlar, küpür
geplemäweriñ. Şeýtan raýyna gitmäweriñ, şükür edeweriñ! “Beterinden
saklasyn!” diýendir türkmen. Şony diýiñ sizem! Serdarymyza ol-bi
diýýänleriñ gepine hiç gulak asmañ. Ýeñlesräk, ýüzük dakynýa, saçyny
boýadýa diýýänleriñ şol ýüzügi görüp bilmeýän bolmaklary gaty
ahmal-a. Özlerem puly bolsa, baý, ýüzükmi, altyn zynjyrmy, gülýakamy,
gulakhalkamy, altyn sagatmy dakynarlar-a. Bu ýerde näme aýyp zat
barmyş. Bar bolsa, tapsañyz, sizem dakynyñ. Gazetde suratyny köp
çykardýa diýýänlere-de gulak gabartmañ. Ýeri näme, oglan ýaşlykda
ýazyjy-şahyrlañ gazýetde suraty çykýa diýip kemsinendir, indi
mümkinçilik dörände şol ahmyrdan çykaýyn diýýändir-dä. Bu ýerde näme
aýyp zat barmyş. Onsoñam ol gazýetlere zor edip suratyny çykardanok,
okyjylar isleýä şeýdilmegini. Telewizoram şeýle, mähriban serdar
hakynda süýjüden-süýji gepleşikler bolmasa, teletomaşaçylar
boýurganyşyp hat ýazyp, haýyş bilen bizar edýäler. Şoñ üçin
telewizoryñ ekranynda serdaryñ şekiliniñ goýlanam...
Edara-kärhanalaram işgärlerimiziñ mähri gansyn diýip asýar onuñ
suratyny... Bu ýerde, heý, dile çolar ýaly aýyp zat barmy? Gaýta
şeýle söýülýän serdaryñ bolanyna guwanmaly. Emma göripler guwanyp
bilmeýärler. Şoñ üçinem olar görip bolýarlar. Gerübilmeseñiz,
gözüñiz, ýene bir topar başga ýeriñiz çyksyn diýmeli olara...
Ýadygärligini köp
dikdirýä, gyzyla gapladýa, altyn çaýdyrýa diýip gürrüñ etjek
bolýanlar barmyş onda-munda. Watan satyp giden näkeslerdir olar.
Diñlemäñ olary. Şol ýadygärliklere derek mekdepleri bejermeli,
okuwçylara kompýuter almaly we ýene pylan-pyssygan etmeli diýen
bolýamyşlar. Heý, şundanam bir konstruktiw tankyt bolarmy. Serdaryñ
ýadygärlikleri biziñ çagalarymyz üçin müñlerçe mekdep-mugallymdan,
kompýuterden has ähmiýetli ahyryn. Olara bir ýüzi düşen çaga müñ
ýyllyk ylym alýar ahyryn. Päheý-de welin, şu oppozisiýadakylaram
edere gürrüñ tapanoklar-ow..
Onsoñam, ýeri, oglan
ýaşlykda, oktýabrýat, pioner döwri Stalin, Lenin ýaly ýadygärliginiñ
dikilmegini, mekdeplerde burçunyñ döredilmegini, adynyñ
oba-şäherlere dakylmagyny, adyna aýdymdyr goşgy düzülmegini, özi
hakynda çeper filmler surata düşürilmegini arzuw edendir-dä. Bigünä
çagalykda nämeler arzuw edilmeýär. Goý, mümkinçilik dörände, çaga
gözýaşy ýaly päkize arzuwlaryna ýetsin-dä, ýetim neresse. Bu ýerde
näme aýyp zat barmyş.
Il-gün horlanýamyş, o bir
topar işýakmaza gulak assañ, elbetde. Il-gün mertdir. Asyrlyk
horluklary görüp hyk-çok eden däldir. Sowet döwrüniñ ýetmiş ýylyna
çydady. Ondan öñ Ak patyşañ zulmuna çydady, “Gözi ganly, aýrysakgal”
generala döz geldi. Ençeme ýüz ýyl döwletsiz bolanda çydady. Bir
ýandan Eýran, bir ýandan Hywa çapanda mert durdy. Çingiz hana çydady.
Ýalañaç araplar çozanda dargap gitmedi. Indi şuña çydajak dälmişmi.
Beýle namartlyk bolmaz. Bu namartlygy beýik hem kanagatly, şükürli
hem sabry umman derýa ýaly giñ türkmen halkyna sürtseñem ýokmaz.
Ýeri, kim ynanjak türkmen öz içinde bir ýeke-täk serdar dörände
şeýle namartlapdyr diýseñ. Hiç kim ynanmaz. Türkmeniñ beýik taryhyna,
ahalteke atyna, halysyna, keçesine, gara hem ak öýlerine, saryja
tohumly goýnuna, köpegine, tazysyna, silkme telpegine, gyrmyzy
donuna, gyýma balagynyñ biçiwine beletler-ä muña hijem ynanmaz. Mal
eýesine çekmese şumluk diýipdirler-ä! Heýem bir päl azman başa bela
gelermi. Türkmeniñ päli düzüwdir, onuñ beýik myhmanparazlyk,
pälipeslik, gaçany kowmazlyk, berilmese iýmezlik, bir agyz iýýärkä
bakyp oturmak ýaly asyrlardan aşan häsiýet-gylyklary, hüýleri bar.
Türkmen myhman gelse baryny orta goýar. Hatda ýogunam goýar. Bolmasa
goñşularyndan diläp alyp goýar. Bolsa, bir goýun soý, bolmasa
ikisini diýýändir türkmen myhman gelende. Bogaz goýnam bolsa öldürip,
myhmany söwüşle, boş goýberme diýdigi şol. Ol şu däbinden şu
kynçylykly, gahatçylykly geçiş döwründe-de ýüz dönderenok. Gelen
myhman kileñ söwüş iýýä hem bu halkyñ özi iýmän myhmana iýdirip
bilşine aperin diýip, telpek goýup gidýä hem yzyna gelip, ýene şol
goýan telpeginem daşyny ýüpek-parça matalardan, halydan dolap alyp
gidýär. Türkmen diýeniñ pirli tamdyr ýaly bir mukaddes, eteginde
namaz okabermeli tämiz, ak guş ýaly bigünä millet ahyryn. Heý,
oña-da serdaryñ pylan-pyssygan diýip dil ýetirip bolarmy. Öñem
serdara zordan ýetdi ol, ilki gözüniñ düşeni, gaýşardyp gezdirjegi
ol onuñ!
“Kanagata-bereket”
diýipdirler onsoñam. Kanagat edeliñ. Serdar hiç zat etmän, ýurdy
tozduryp, Brežnew ýaly bäş gezek gahryman boljak bolýa diýýändirler.
Ynanmañ o gepe-de. Hiç iş etmedi diýlenin-ä asyl ynanmañ. Türkmen
baýlaryny döretmedimi eýsem serdar, onda-de ne baýlar, bagana
possunly hem ak silkme telpekli hakyky semiz baýlar. Serdar olar
bilen surata düşüp, wagtal-wagtal telewizorda şol suraty
görkezdýärem ahyryn. Bilsinler diýip edýä-dä şony. Elbetde, özüniñem
şolañ biridigini aýtdygy şol oñ. Dogry, ol baýlaryñ içinde
ogurlyk-sogrulykda görnenlerem bar diýjek bolýalar. Şolar ýalylañ
bolgusyz şekilini serdar suratdanam aýyrdýar ahyryn. Heý, suratdan
şekiliñ aýrylmakdan ulam bir jeza bolarmy. Onsoñam olar telewizorda
toba-da edýärler. Bularyñ hemmesi halk üçin uly terbiýeçilik
sapaklarydyr. Şunda-da sapak almadyk çagalary türmelere aýlap
görkezmek düzgüni hem serdaryñ genial kellesinden çykan pikir. Şunam
bir toparlary aýyp diýjek bolýalar. Bu ýerde näme aýyp zat barmyşyn.
Serdar halal baýajaga
düşewüntli wezipe berip, baýadybilýär-le. Göterinmedigi, daşary
ýurda beýlekä barlanda aýal-gyza ýapyşan ýa-da kabinetine owadanrak
aýal gelende edepsizlik eden ministru-başlyklary dagam aýap goýanok
serdar, ýogsa olar oýun dagam ýazyp, baýrak-saýragam alan adamlar.
Başaran alyp-satyp, ekip-dikip, başymyzyñ täjiniñ özi ýaly halal
baýamaly hem kim-de-kim göterinmän, onda-munda serdar hakda
gep-gybat etse, günäni özünden görsün. “Mert özünden görer, namart
ýoldaşyndan” diýmänmidirler. Işden, onda-da düşewüntlije ýerden
aýrylsañ, serdardan görüp, daşarda samahyllaşyp ýörenlere goşuljak
bolup ýörmeli däl. Ýene serdara ýykylmaly. Başdan başlamaly. Şonda
serdar yhlasyñy görüp, halallygyña hem wepalylygyña göz ýetirse,
ýene wezipe bermegi ahmal.
Täze baýlaryñ salnan
köşklerini, münýän maşynlaryny, çagalarynyñ restoranlarda pul
sowruşyny görüp-bilip, heý, şu zatlary synlabam serdara iş etmedi
diýip bolarmy. Elbetde, garyp düşenlerem bar. Ýöne eliñ bäş barmagy
deñmi, hemme adam deñ bolar ýaly. Kim garyp düşýän bolsa, işýakmaz
ýaltadyr, elinden zat gelýän däldir. Neşekeşdir ýa gybatçydyr.
Ylymda-bilimde, edebiýatda-sungatda-da zehiniñ bolsa işläbermeli.
Hökman serdaryñ adyny goýup kitap ýazmaly diýilýäni ýalan. Ylmyñ
bolsa, Ylymlar akademiýasy bolmanda-da açyş edip bolar. Öýüñde
laborotoriýa gur-da, ediber näme synagyñ bolsa. Gurbakga kän,
it-pişik kän eýesiz. Asyl eýelileriniñem eýesiniñ özi aç otyr,
işlemänsoñ. Al-tut-da, öldür, soý, edýäniñ näme diýjek ýok.
Medisinada dagy näme açyş etseñ edibermeli. Ösen daşary ýurtlar
diýilýände dagy it-pişigem ýokmuş-a. Bolanam pullumyş, gymmatmyş
özem. Bir pişige ýüz elli dollar dagy baha kesýämişler. Bizde adama
beýle nyrh kesilenok. Oñ ýaly türkmen däp-dessurlaryna bap gelmeýän
demokratiýa bize gerek däl. Türkmen asyl gelip çykyşy boýunça iñ
gadymy halkdyr we eneden dogma demokratdyr. Tahýasy bilen gyýma
balagam görkezýär-ä oñ şeýledigini. Hatda onuñ heniz eneden
dogmanka-da demokratdygy, ýöne kanagatly demokratdygy, ejesi aç
bolsa, däbşenekläp ýatmaýandygy, ses-selemsiz, gymyldysyz ýatýandygy
hakynda alymlar derñew geçirseler gowy boljak. Bu tutuş dünýä nusga
boljak beýik türkmen häsiýeti ahyryn. Şeýdip doglan çagalar soñam ol
demokratiýa gerek diýip gykylyk edip ýören kelesañlar ýaly ýeñles
bolmaýa, agras hem ümsüm bolýar. Beýle beýik hem kanagatly ogullary
dünýä beren halky hiç kim özüni aklamaga ýa-da daşardan geleniñ
öñünde müýnürgemäge mejbur edip bilmez. Ol başyny dik tutup, dünýäde
gaýşaryp gezmelidir hem öz ýoly bilen darsyldap gitmelidir. Näme ol
çäýnek-käse ýa kakasynyñ arakly bulguryny döwen çagamy, özüni aklar
ýaly.
Dogry, bize öz ýolumyz
diýýäniñiz näme diýip güljek bolýanlaram bar. Nämemiş, o ýol gaty
çukanak-sakanakmyş, içiñi dagy düşürjekmiş. Her näme diýilse-de, öz
ýolumyz bilen gideliñ, adamlar! Soñ biziñ taýyn ýolumyzdan ýörediñiz
diýip minnet etmesinler. Sowet ýyllarynda-da dotasiýada otyrsyñyz
diýip igenibildiler, ýersiz-ere. Indi beri beýle zada ýol bermäliñ.
Igenç çekmäliñ asyl adamdan. Öz ýolumyz bilen gideliñ!
Şükür ediñ, adamlar! O
entäp ýören watan satanlaryñ gepine ynanmañ. Ýeri indi bir serdary
başymyza täç edip göterip bilmerismi biz? Galdyralyñ ony ýokarrak.
Goý, wezipe berilmedik näkesleriñ, damarynda türkmen gany
tirpildemeýänleriñ elem, dilem ýetmesin. Öýkeleseler öýkeläp
geçsinler. Şeýdenleri bilen çagyryp iki-üç wezipe berläýer
öýdýändirler. Ol bolmaz. Wezipäni kim serdary ýokarrak galdyrsa,
şoña bereliñ. Onsoñam atalarymyz aýdypdyrlar ahyryn, öli aýatdan
doýmaz, diri hezzetden diýip.
Еne bir aýtmaly zat,
biziñ serdarymyza demokrat däl, diktator diýip bir heñe gelmejek,
ýapa degmejek gürrüñ tapjak bolýalar soñky birki aýda. Bu dagy heý
ynanyljak zatmy. Ol demokrat bolmasa, dünýäde şer şalygy diýilýäniñ
başynda oturan kompartiýanyñ hataryna sümip girip, ony şol mañlaýy
täçlimi, hallymy biri bilen ýykyp taşlamaga gatnaşarmydy? Hana,
ýykyldy gitdi ol ady başyny iýmiş. Bir gün bolmadyk ýaly. Serdarymyz
bolsa, ol heniz ýaraly gaplañ ýaly urunýarka dempartiýa döretdi,
saýlawda saýlandy. Alternatiw kandidat bolmady diýjek bolýarlar
muña-da. Halkyñ özi şony isledi. Heý, beýle serdar barka-da bir
alternatiw-palternatiw diýen zat bolarmy. Başga partiýalar ýok
diýilýänem biderek gürrüñ. Başga partiýa nämä gerek, müñ partiýa
degýän bir partiýamyz barka, onuñ başynda-da gül ýaly saýrak dilli,
bilbil owazly, ýüzi nurana, sözi dürdäne, akyl-paýhasdan ýaña saçy
düşen birinji sekretar gaýa ýa-da dagyñ bir belegi ýaly bolup durka...
Onsoñam aýdyñ göreýin, haýsy ýurtda biziñki ýaly azatlyk bar. Şu
azatlykda partiýa döredip bilmeýän bolsa, serdardan däl, özünden
görsün her kim. “Aýbyny ýaşyran aýñalmaz” diýipdirler. Daşlaryna
adam üýşürip bilmeýän bolsalar, aýyplary bardyr. Il aýyply adamyñ
ýanyna barmaz. KGB-MHK kowalap ýör, dälihana salýarlar,
milisiýa-polisiýa azar berýär, ýygnanyşyk geçirdenoklar
diýilýänlerem biderek. Hana, serdarymyz gül ýaly ýaşulular
maslahatlaryny geçirip ýör-ä, galoş-saloş paýlap. KGB zat diýenok
şoñ-a, ýogsa şo taýda iýgi-içgem, beýleki hezzet-hormatlaram kemlik
edenok. Gepem ýok, gürrüñem. Gaýta her kim razy bolup, öýüne
sowgat-salamly gaýdýar.
Hawa, şükür edeliñ,
adamlar! Tankyt ýok diýilýän gepe-de ynanmañ. Bizde tankyt bar.
Onda-da nähili ajaýyp konstruktiw tankyt bar. Bu ugurda bize
nusgalyk tankytçam ýene serdarymyzyñ özüdir. Şondan görelde alsyn o
tankyt ýok diýýänler. Garyn salanam tankyt edilýär şoñ ýygnaklarynda,
para alanam. Para alan alan parasyny getirip yzyna berip gidýär
gaýtym. Para alanyna-da gaty ökünýär. Elbetde, azrak alypdyryn
diýýändir-dä. Serdarymyz kimiñ ýumurtgasynyñ ýokdugynam göni ýüzüne
aýdýar, nädersiñ onsoñ ýumurtgasyzlar ýüzlerini sallaşyp dursalar...
Heý, kişiñ şahsyýetine degilýämi şo ýygnaklarda? Gaýta tankyt
edilenler serdardan razy bolup, alkyş aýdyp gidýärler. Tankyt
diýeniñ şeýle bolmaly ahyryn. Bütin iliñ ganyny gyzdyrjak, sussyny
pes etjek tankyt kime gerek. Aýry-aýry, kiçiräk başlyklar bolsa,
başga gep, olary nähili isleseñ tankytlamak bolar. Ýöne serdaryñ
özüni tankytlap, bütin milletiñ ýüzüni ýere basmak bolmaz ahyryn.
Sebäbi biziñ milletimiz serdara diýlen gaty sözi özüne çekip, ençeme
gün işdäden galyp, horlanyp gezýär ahyryn. Serdar öz aladasyny edip
däl, il aladasyny edip gyzýar beýle tankyda. Şoñ üçinem biziñ
ilimizde “Serdar” diýip bütin ile düşünilýär, il diýip bolsa serdara”
diýen ganatly söz ýörgünli. Bu sözi zehinli hem hakdan içen şahyrlar
bilen kompozitorlar bileleşip aýdym etdiler. Çagalar ony irden hem
agşam ertirlik hem agşamlyk ýerine iýýärler, ýagny ýerine
ýetirýärler. Aýdym-saz, goşgy diýilýän zat bolsa, hudaýyñ zehin
beren adamlarynda gudrat bilen, aýratyn üýtgeşik bir ylham
joşgunynda dogulýar. Ol aýdymlara, goşgulara ýaranjanlyk eserleri
diýýänler hudaýdan gorksunlar. Heý, ýaranjañlyk edibem bir goşgy,
saz döredip bolarmy. Onda-da beýle ajaýyp aýdym-sazlary. Azyndan iki
ýüz ýyl ýaşajak eserler-ä olar!
Türkmeniñ özi ýaly,
serdaram bir kiçigöwün, saýhally adam! At-abraýy dünýäni tutdy ýogsa
şunuñ. “Mesligem
goýun göterer, goýnuñam garasy” diýipdir ata-babalar. Nobel
baýragyny berjek bolup dyzadylar arada muña. Almady. Daşary
ýurtlaryñ men diýen alym adamlary hödürläpdirler. Özem şol baýraga
hödürlän adamlaryñ kimsi ölüm ýassygynda ýatyr diýýär, kimsi ýene
bir möhüm işiñ başynda diýýä. Emma o dünýä gitmäkälerem, ýagny
panydan baka göç eýlemänkäler şuñ Nobelli bolanyny görmek
isläpdirler-dä. Iller şol baýragy aljak bolup nobata durýarlar, ähli
tanyş-bilşini mobilizleýärler, dünýäñ puluny dökýärler diýen gepem
bar. Biziñ saýhallymyz bolsa, üstüne getirilip berilýärkä alanok.
Sebäbi ol gaty skromnyý adam...
Ylym-bilim ugrundanam
hudaý beren bi. Ylymlaryñ doktory, professor. Hatda kompýuterem özi
ýasan ýaly. Açyş barynam edibiljek, elbetde. Ýöne şu biziñ aam
halkymyzy öz ýolundan ýöredip demokratiýa eltjek bolup bar wagtyny
sarp edäýýä. Üstesine, gaty yrymçam. Göz-dilden çekinýär, beýle
gözçykgynçlyk etmäli, açyşlaryñam wagty geler diýýär...
Hawa, hawa, “Ilde
gep kän, Mekgeda arap” diýleni. Iliñ bor-bolgusyz gürrüñine
añkarmalyñ, şükür edeliñ, adamlar! Serdarymyz öñem ýarym göwün,
ýetim ösen, köp horluklary başdan geçiren adam. Munuñ üstesine şu
günler ýekerägem galdy. Maşgalasam birhiliräk, eşitmişimize görä, şo
daşardan gepleýänleriñ aýdýany çyn bolsa, başga ýerräkde ýaşaýar.
Onsoñ birden, ýeke adamdyr-da, täzeden öýlenjek diýse näme diýjek.
Ýekelik hudaýa ýagşy, elbetde. Dogry, serdarymyza gyz tapylar. Munuñ
gürrüñi ýok. Saýlap-seçip alarys gyzy, iliñ orta barmak ýaly
ýerinden, ig gyz alarys onda-da. Serdar ýaly ogluñ bolsa, gyzlaryny
üstüñe getirip berýärler bumat. Kileñ öýlenjek oglanlar neşekeş
bold-a. Ýöne öñki maşgalasy emläk paýlaşjak diýse, ana, şonda turar
dawa. Bu milletiñ ýeri-ýurdy, bar baýlygy, daşary ýurtlaryñ
banklaryndaky serişdeleri bölünşige düşmese kaýyl bolaýyñ. Sebäbi
serdar ýurduñ baryny-ýoguny, ynamdar bolsun diýip, diñe öz adyna
geçirdi. Üstesine serdarymyz öñ gelnaljylap, kejebeläp öýlenmedim,
at çapdyryp, altyn gabak atdyryp toý tutmadym, göreş tutdurmadym,
keçe-keçe oýnatmadym, ýaglyga towusdyrmadym diýse, näme diýjek. Köne
däpleri gowy görýär-ä
ol neresse. Ýeri bolýa, bularam etmek kyn däl, owarram diýseñ, şol
agzy ýelli oppozisionsumaklara uly gürrüñ bolar-a bi.
Bar, bularam hiç diýseñ,
serdarymyz gelin toýumy kinofilm ediñ diýse, gyza ýaglyk dañlyşyny,
ýüzük dakylyşyny, gelne guşak çözdürilişini, baş salnyşyny aýratyn
sünnäläp surata alyñ diýse, şol dabaralarda aýratyn yhlasly
dempartiýaçylar öñ hatarda bolsun diýse, aýdaly, onjyklar-otuzjyklar,
kakabaýjyklar-ballyjyklar gyza ýaglyk dañyp, ýüzük dakyp, gelni
palasa mündürip göterip, nogul-nabat seçişip ýörseler nähili bolar.
Serdar gelnaljy maşynyñ üstünde ak guw bolsun, öñünde ullakan gurjak
dursun, tüýdükçi-surnaýçylar saz çalyp, deprek kaksynlar diýse, näme
diýjek. Gyzyl ýa ýaşyl kürteli gelin bilen öz ýadygärliklerime gül
goýup surata düşjek diýse, näme diýjek. Elbetde, bize kynçylygy ýok
bu zatlaryñ, il-gün höwes bilen gatnaşar bu dabaralara. Ile dönseñ
şuññaly ýagdaýlarda. Toýuñy-ýasyñy il sowýar-a bolmanda-da. Başym
gurban bu ile, il beýik, beýik! Ýöne ýene şu welisi bar-da...
Daşarda heşelle kakjak kän-dä. Munuñ ýaly zat tapsa, olar
serdarymyzy dünýä gülki edip ýazjaklar ahyryn. Şu wagtam zat
tapmansoñlar ýazyp bilmän, ýuwdunşyp, haçan bir şunuñ ýaly ýalñyşlyk
goýberlerkä diýip garaşyp otyrlar. Parasatly serdar bu zatlara
gaty oñat düşünýändir, elbetde. Öñdengörüjilik bilen hemme
boljak-aýdyljak zatlary görüp-bilip oturandyr, ýogsa şonuñ ýeke
ýaşasy gelýändir öýdýäñizmi. Elbetde, ýaşasy gelenok. Ýöne ol biziñ
eşretli hem bagtly durmuşda ýaşamagymyz, altyn asyra ruhubelent
gadam basmagymyz üçin diñe hudaýa ýagşy görülýän ýekelige-de çydaýar.
Biz üçin çydaýar. Şonuñ bilen birlikde-de biziñ nazarymyzyñ öñünde,
tamdyr çöregi ýaly mukaddes il-günümiziñ alkyşy bilen hudaýlaşyp
barýar. Asyl barýaram däl, bireýýäm hudaýlaşdy. Ol biziñ hudaýymyz,
adamlar! Geliñ, ownap ýörmäliñ, Krasnowodskä-Gyzylsuwa, ýene bir
ýerlere adyny dakan bolup. Turkmenistan adyny üýtgedeliñ, Sapariýe
diýeliñ! Ystan-pystan gerek däl indi. Modernleşenräk bolsun adymyzam.
Altyn asyrda döwrebap bolar şul at. Şeýdeliñ, adamlar, şükür edeliñ!
Kanagat edeliñ! Sabyr edeliñ! Magtymguly şahyr ýaly, durmuşdan eden
tamamyz çykmady diýip, göwnüçökgün bolmalyñ. O pahyr, eşitmişimize
görä, Pakistanda bir kitaby çan edilipdir welin, şonda ýöne “ajap
eýýäm gelmedi” diýip aglap otyrmyş. Geldi ahyryn ajap eýýäm. Onsoñam
ol hemme ýygnan zadyñy döke-döke gidersiñ, ýer seni kimem bolsañ
goýnunda gizlär diýipdir. Muña ynanmañ, adamlar. Serdarymyzam şuny
sargaýar. Özem Magtymgula ynananok. Hemme “gel” diýlenden
gidibermeli diýip, olam ýaşynyñ soñunda halys göwnüçökgünlige
düşüpdir. Hemme gitmeli bolmaz-a! Ahyry biri galmalam bolar-a!
Onda-da munça at-abraý, türmeden boşadylan neşekeşlerden alkyş
alnansoñ, munça mal-dünýe ýygnalansoñ... Heý, döküp gidibermek bormy...
Ruhubelent bolalyñ, eziz-mähriban adamlar! Ine, beýik serdarymyz
bize beýik “Ruhnamamy”, bir zat ýazyp berjek. Şondan soñ ykdysadyýet
dagam gülläp öser. Häzirem gülläp ösüp gidip otyr ol. Ýöne gülüñ öz
biten ýerinde gadyry ýok. Biz oñ gadyryny bilemzok. Haý, biziñ
ýurdumyzyñ waspyny şu taýyk gelip halydan-sowgatdan ýüküni tutup
gidýän daşary ýurtlulara etdiriseñ-dä, şolar ökde ol zatlara.
“Ogonýok” žurnaly dagy ýazypdyr arada, ýigrim birinji asyryñ serdary
diýip. Bütin orsa-kürte-de serdar etjekler şuny alyp, emma ozi
gidenok. Mähriban halkym diýip, göwni ýuka munuñ, şol yrlyp ýatyr.
Biz başaramzok munuñ beýikliklerini ýazmany. Başarmaýan zadyña
başaramok diýmeli. O daşardaky demokratsyraýanlar ýaly, başarmaýan
zadyñam başarýan diýip ýörmeli däl. Dogry-da, walla!
Hawa, gaýrat edeliñ,
şükür edeliñ, eziz hem jana-jana adamlar! Sabyr rahmandan, äwmek ol
ady ýitmiş şeýtandan diýipdirler.
15.06.1999
ULY ILIÑ NAMYSY
1995-nji ýylyñ 12-nji iýul demonstrasiýasy
sebäpli gynamalardan soñ özüni heläklän köşüli
ýigit Suhanberdiniñ ruhuna bagyşlanýar.
Gerçek bu zatlar edil
beýle bolar öýtmändi. Ýüreginde ýagşy umytlar besläpdi. Esasanam
Orsýet tarapdan geljek diýilýän adama uly umyt baglapdy.
Aýtmaklaryna görä, ol gelip, bar ýalñyşlygy düzetjek, halky
garyplykdan çykarjak ýeke-täk kişidi. Ýöne ine bary, ýürekde
beslenen ýagşy umytlaram, il-ulusdan çykmadyk tama-da garym-gatym
boldy. Ol ozal “Ýok bolsun diktator! Ýok bolsun diktatura!” diýip
çykanda, köçäni dolduryp barýan garyp oglanlaryñ arasynda bolanyna
obanyñ iñ asylly gyzyna öýlenen ýaly buýsanypdy. Sebäbi diktatura
hemme belanyñ özünden turýandygyny bilmez ýaly etmändi. Indiden soñ,
milletiñ añyna, beýnisine urulýanyny görüp-bilip durup, ol ýa-da
beýleki kezzaplyga düşünmedim, beýledir öýtmedim diýip oturmak halys
tüntawlyk boljakdy. Negözel il, negözel ýurt tozup-dargap barýardy.
Megerem ol hut şunuñ üçin gyssandy. Parahat köçe ýörişi barada
eşiden badyna-da öz ýoldaşlarynyñ ýanyna geldi: “Oglanlar, bizem
ilden galmalyñ!” diýdi. Onsoñ dañ-säher bilen köçä çykyldy. Ol şonda
öz milletiniñ ýigitleriniñ şeýle nazarkerdediklerini ilkinji gezek
gören ýaly boldy. Arassa ak köýnek, doñdurylyp ütüklenen gara balak
geýen ýigitleriñ ýüzleri ýap-ýagtydy, gözlerinde üýtgeşik bir nur
bardy. Ol muny, megerem, haýyr ýoluna çykylandandyr diýdi. Soñ,
metjidiñ ýanynda, polis başy Gajar Kasym öñlerinden çykanda-da şeý
diýdi. Sebäbi diýseñ, haýbaty ýer ýarýan polis başy ýoldan sowlup,
ýeli giden meşik ýaly myssaryp galdy. Ol ozal Gajar Kasymy it
uruşdyrylýan ýerde kän görüpdi, haýbatly gykylygyny kän eşidipdi...
Indi welin başga pikir
edip başlady. Muña sebäbem dag ýaly ýigitleriñ ýüzüni sallap
oturmasy boldy. Onsoñ olary ýüzleşdirip başladylar. Elbetde, syýasy
talaplar hakynda gürrüñ edilenokdy. Ýörişiñ öñ ýanyndaky gije tirýek
çekilenini, ok-ýarag barada maslahat edilenini subut etjek
bolýardylar. Tirýekli mesele olara o diýen kynam düşmedi gerek. Aman
mollañ ogly Abdy iki gezek ýüzüne depilenden soñ islendik görkezmäni
bermäge taýyn boldy. “Şo taýda meniñ özümem bäş baş tirýek sordum”
diýip ant içdi. Soñ ol listowka ýazyp berenleri “satdy”. Ony bu
hyzmatlary üçin boşadyp goýberdiler...
Ýok, ol öz eden işine
ökünenokdy. Halk içinde pyşyrdalyp aýdylýan, toýda-ýasda gürrüñi
edilýän zatlary gygyryp aýdyp bilenine, şony aýdan ýigitleriñ içinde
bolanyna buýsanmak buýsanýardy. “Erkin saýlawlar geçirmeli, hökümet
iş başyndan çekilsin, prezident gitsin! Söz, metbugat azatlygy gerek!
Hakyky demokratiýa gerek! Talañçylyk gerek däl, ýalançylyk gerek däl!”
Ol bu sözleri aýdanyna, hut şu pikir bilen ýöriş edenine, şäheriñ
gaýra çetinden merkezine çenli ýol geçenine, onda-da uly il
derwezesini içinden gulplap otyrka şeýdip bilenine hiç wagt ökünjek
däldi. Sebäbi diýseñ, “Kanagatly milletimiz bar” diýlip oýnalýan
adamlaryñ depesinde ýañlanan sözler köpleriñ ýüreginde bardy. Ol
iliñ ýüregindäki sözleri aýdypdy. Onda-da ulus il “Namartja olam,
sagja olam” diýip otyrka aýdypdy...
Gerçek üstüne abanyp
küpürseýän “Gök generala” alarylyp seretdi.
- Sen gaýtym alarylanam
bolýañmy? - diýip, arryk göwre sandyr-sandyr etdi. - Sizi bir
edişimi görüñ!..
- Näme edersiñ, biz
bir-iki däl, ýüz, müñ, million belki-de. Tutuş il dur arkamyzda...
Siz gitmeli! Iliñ ynamyndan gaçanyñyz üçin gitmeli. Bäş-üç müñ
oglanyñ adyndan däl, bütin iliñ adyndan çykdyk biz! Şol iliñ
talabynam öñe sürýäs...
- Bes et samahyllyñy,
agzysary jüýje! - General stoly ýumruklap gygyrdy. - Ili näbilýäñ
sen? Il kimde wezipe bolsa, şoñ aýagyny ýuwýandyr. Sizi başyna
ýapsynmy il? Hana, il diýip çykdyñyz... Geldimi şol il, goldadymy?
Ertir üýşürip ýa ýeke-ekeden dardan asaly, gelermi şol il? Gelmez!..
- Gelmese-de, ýüregi
biziñ ýanymyzdayr! Diýmek, bu gün gelmese, ertir geler. Sizem eden
işiñiz üçin jogap bermeli borsuñyz...
- Goý, inim, bes et,
tüket! Aýdylany edip, ýoldaşlaryñ ýaly, videokamerañ öñünde
“Ýalñyşypdyryn, toba edýän” diýseñ-ä diý, ýogsa-da ýyl alyp gidýäñ.
Hana, ýoldaşlañ ýüzüsini dagy öýüne goýberdik şu gün. Beýle kejeñek
bolmazlar. Bize-de gerekgäl sizi paçkalap basmak. Adam ýaly
aýdylanda düşünmeseñ, soñ özüñden gör. Türme diýilýän oýunjak däldir.
Sen-ä heniz çaga, men diýen ärleri iki bükýär biziñ türmämiz...
Onsoñ ony däliziñ ýokary
başyndaky otaglaryñ birine, megerem, Rüstem diýilýäniñ kabinetine
alyp gitdiler. O ýerde eline gandal salnyp, biline depilen
ýoldaşlary otyrdylar. Olar öñki ýüzi-gözi nurana oglanlar däldi. Öñ
olar onuñ gözüne dag ýaly, juda bolmanda gaýa ýaly bolup görnüpdiler.
Şonuñ üçinem ol hiç zatdan çekinmändi. Gorky-ürki etmändi. Emma indi...
olaryñ çala baş atyp, gürlemän oturyşlaryndan, biriniñ bolsa:
“Biderejik aw bolaýdyk öýdýän” diýip, eşidiler-eşidilmez ahmyr
etmesinden gorkup ugrady. “Bularyñ hemmesi döwläýdimikä?.. “Toba
etdim” diýäýdimikä?” diýdi. Dogrusy, bular eden işine ökünmeli ýa-da
kyn-gyssag gördüm diýip bir-birini “satmaly” ýigitler däldi. Emma
heniz teatryñ öñündekäler, daşlary atly-ýaragly polisiýa bilen
gabalanda, hökümet wekilleri “Dargaýyñ, näme talabyñyz bolsa soñ
diñläli” diýip ýalbarýarkalar ikirjiñläp ugranlar bolupdy. Olar:
“Halky, adamlary-ha gördük, goşulmadan, goldamadan geçen, gaýta
derwezelerini içinden ýapdylar. Listowkalaram ýerden göteren az
boldy... Diñe bize gerekmi ýurduñ abadanlygy?!.” diýipdiler. Dogry,
käbiri: “Birki gün şeýdip saklanjak bolalyñ, biziñ ozal gürleşişimiz
şeýle-de” diýdi. Emma iki-üç gün däl, iki-üç sagat saklanmak hal
boldy. Oglanlaryñ daşyny gaban demir halka barha daralyp,
gysyp-gowrup barýardy. Polisiýa eli ýaragly ýaşajyk esgerleri öñe
sürýärdi. “Etmelis-ä, ellerinden ýaraglaryny alyp, özlerini
pürrelemeli-le...” diýip, Gerçegiñ ýanynda duran ýigitleriñ biri
hyrçyny dişledi. Bu gidişde hökman garpyşmaly boljakdy. Asyl
gajarçylar şuny isleýän ýalydylar. Emma demonstrantlar parahatlygy
sakladylar. Olar hut şunuñ üçin ellerine hiç zat, hatda şygar
ýazylan transparantlary hem almandylar. Şonuñ agajynam bahana
edinmesinler diýipdiler...
Ahyry olara “Dört-bäş
sanyñyz ýolbaşçylar bilen gürleşmäge gitmeli” diýdiler. Gerçek bu
teklipden peýdalanmaly diýdi. Ýogsa bu zatlaryñ eýgilik bilen
gutarmazlygy ahmaldy. Megerem ol şeýdip ýalñyşdy. Sebäbi şol
gürleşmegiñ soñy oglanlaryñ ilki ýüzläp, soñ ondan-ýigrimiden,
ikiden-üçden tutulyp-basylmagyna getirdi. Gaçyp gizlenenleriñ
ene-atasyny, dogan-garyndaşlaryny dar kapasa gabadylar...
Gerçek aýagyndan barha
ysgyn gaçýanyny, öñki gaýduwsyzlygynyñ bir ýerlerik sumat bolup
barýanyny duýdy hem ilkinji gezek “Birden toba etmeli bolaýsam
näderin?..” diýip pikir etdi.
Polisiñ sülçüleriniñ
özüni alyp barşy gözçykgynçdy. Olar stoluñ üstüne aýaklaryny atyp
oturýardylar, tüýküliklerini syçradyp çigit çigitleýärdiler,
agyzlaryny waçjykladyp soganly gutap iýýärdiler hem beýleki
kabinetdäki ýoldaşlary bilen gygyryp gepleşýärdiler: “Orazly,
señkiler toba etdilermi?” “Samet, sen nämäni boýunlaryna goýduñ?”
Jepbar diýilýän sülçi bolsa, kabinetlere aýlanyp, listowka
köpeldilen apparat bilen onuñ eýesini tutup getirişini, ony kimiñ
“satandygyny” gürrüñ berýärdi.
Gerçegiñ olara ýigrenç
bilen seredýänini gören oglanlaryñ biri ýüzüni aşak salyp gepledi:
“O SIZO-da oglanlary gaty horlaýalar. Öñe düşenleriñ aýagyndan asyp
urýalar. Iki hepdedir, diñe çilime otyrys. Gara suwam berenoklar.
Dem alara howa ýok. Oñ üstesine-de gelip arkaña bir depýäler welin,
dünýä düñderilip gitdimikä diýýäñ...”
Gerçek gözüni ýumdy hem
gapyñ agzynda ärlerine iýer-içer geçirjek bolup duran gelinleri
ýatlady. Polisiýa olaryñ “Diñe çörek şü, şuny bir eltip beriñ!”
diýip özelenmelerine gulagam asanokdy. Ýaltanmadygy käte “Bolanok,
olara zat geçirmeli däl. Buýruk şeýle!” diýýärdi. Gerçek bu görnüşi
eli gandally getirilýärkä görüpdi hem erbet namys edipdi. Soñ onuñ
gözüniñ alnynda ýoldaşynyñ üstüne buşukdylar. Bu waka KPZ diýilýän
ýerde boldy. Ony ilki dar kapasada ýeke goýup gitdiler. Beton kamera
iýul Gününiñ astynda howur berýärdi. Daşarda, azatlykda heläk edýän
40-45 gradus yssy şemal düşmeýän porsy kamerada essiñi aýyp barýardy.
Dälizde gök çaýdan derleşip oturan gozegçileriñ mes gülküsi
ýañlanýardy. Soñ sülçi ýörişe gatnaşanlaryñ ýene birini alyp geldi.
Ol mazaly ysgyndan salnandy, dik oturmaga-da mejaly ýokdy. Ony şo
ýagdaýynda-da Gerçegiñ ýüzüne duruzjak boldular. “Soñky maslahat
eden gijäñiz şuñ tirýek çekenni aýt-da, çyk-da gidiber, goýberilýäñ”
diýdiler. Ol başyny ýaýkady. Onsoñ gelip onuñ üstüne buşukmaga
durdylar. Gerçek durup bilmedi, “Eý, siz türkmen-ä, beýle-de bir
heleýlik bormy?” diýdi. Şu-da onuñ suwasalma ýenjilmegine bahana
boldy. Ony “Kim heleý, senmi ýa biz, aýt bahym? Ýogsa-da heleýe
ýaramaz ýaly edýäs...” diýip urdular. Köprägem satanynyñ arasyna
depmäge jan etdiler...
Ol gijäniñ birmahaly
özüne geldi we ilki bilen aýaklarynyñ arasyny barlady. Eli agyryly
ýere degendenem tisginip gitdi. Onsoñ göz öñüne obañ iñ asylly gyzy
Aýnur geldi we ýene ýuwaşjadan essi aýylyp barýanyny, kameranyñ
çüñkündäki körek çyranyñ barha kiçelýänini bildi. Şondan soñky
wakalary bolsa gaty aýdyñlykda gördi. Signallaryna basyşyp gelýän
gelnaljy maşynlaryny, olaryñ üstündäki bezemen gyz-gelinleri,
öýlenýän ýigidiñ ýanyndaky owadan bezemen oglanlary, başyna gyzyl
kürte atylan gelniñ atasy öýünden alnyp çykylyşyny, oglan tarapyñ
öýlenýänleriñ üstünden nogul-nabat seçişini, baryny gördi. Birdenem
aýallaryñ biri gelniñ ýüzüni göreli diýip kürtä ýapyşdy-da, çykýan
gyzyñ aglamakdan ýarym-ýaş bolan ýüzi serpilip açyldy. Ol Aýnurdy,
Gerçegiñ gije düýşünde, gündiz huşunda bolan asylzadady. Ony başga
birine, ýat oba durmuşa çykarýardylar... Gerçek bir “Aýnur!” diýip
gygyrdy hem şobada öz sesine oýanan ýaly boldy. Şol wagtam gapy
açylyp, soraga çagyrylýandygyny aýtdylar...
Gerçek ýene dagyñ bir
bölegi saýan ýigitleriniñ ýüzüne seretdi. Olaryñ ýüzünden şol köçäni
dolduryp gaýdan günlerindäki nury gözledi. Tapmady. “Türkmen
haçandan bäri beýle ejizledikä?” diýip pikir etdi. Onuñ bu pikirini
dälizde başlanan başagaýlyk böldi. Sülçüler ylgaşyp kabinetden
kabinete geçmäge, iýulçylaryñ ellerindäki gandallary aýryşdyrmaga
başladylar. Birsalymdanam gapyda Gajar Kasym häzir boldy.
- Bular näme, henizem
gutarmadyñyzmy? Şol esasy otuzysyndan başgasyny bir gezeklikçe
jerime bilen sypdyryñ diýdim-ä men!.. - Ol şeý diýip, haşyldap dem
aldy.
- Bular toba edesi
gelmeýänler... - “Gök generalyñam” jogaby nagt boldy.
- Ertire çenli puryja
beriñ, öýlerine goýberiñ özlerinem. Ertir gelip toba etmeseler,
özlerinden görsünler. Bular ýalylary mugyra getirmäge mydama-da
güýjümiz ýeter. Her öñýetene serdarymyzyñ göwnüne degdirmeris...
Gerçek köçede ýoldaşyna
gaçmagy teklip etdi.
- Nirä gaçjak? Daşyna
aşmaga pul gerek, içinde-de derrew taparlar.
- Daşrak obalarda
gizleneris...
- Eýranly bir türkmen
ýaşaýa şu taýda. Şol aýdýa, Homeýni gelip, Eýranda türkmen diýip
çykan oglanlary pürreläp başlady welin, arkamyzdan ýer-suwly bolan
millet bizi myhmanam almady diýýä. Baran öýleri: “Bizden bir
gideweriñ!” diýäýýämiş...
Gerçek agşama çenli
öýlerine barmady, diñe garañky mazaly düşensoñ geldi. Ejesi oglunyñ
başyndan gujaklap aglady:
- Nä belalara ulaşyp
ýörsüñ-ä, ogul? Nä günlere goýduñ-a, bala! Bu bagtyýatan milletiñ
aladasy indi saña galypmy? Çaga ahyryn entek sen, oglum!.. Ýañy
telewizory öçürtdi kakañ, ýoldaşlaññyz “Pohumy iýipdirin” diýşip
otyrlar. Öz erkine diýýän däldirler, elbetde. “Waý, meñ oglumam
şeýdip masgara edip görkezseler näderin, alla? Ile-güne neneñ edip
çykaryn?” diýdim. Hernä hudaý nalyşymy eşidipdir...
Dagarman! Hudaý
Gerçegiñ ejesiniñem, beýleki müñläp eneleriñem nalyşyny eşitmän eken.
Ertesi irden işikdäki agajyñ şahasyndan asylan ogluny gören ene bir
çirkin gygyrdy-da, özünden gitdi. Soñ süýji ukuda ýatan obanyñ
üstünde erkek adamyñ aýylganç agysy ýañlanyplar gitdi...
“Ertir üýşürip ýa
ýeke-ekeden dardan asaly, gelermi şol il, gelmez” diýip, “gök
general” ýalan aýdan ekeni. Il geldi. Onda-da nä gelmek? Sil ýaly,
şol akdy durdy. Onsoñ oglany ak eşik geýdirip, boýnuna atgulak
dañlan agaç ata mündürip, ilerki baýyrlykdaky oba ugratdylar.
Ýigidiñ uýasy tabydyñ yzyndan ylgap:
- Uly iliñ namysyndan
ölen dogan-eý!.. - diýip aglady. Uly il aglady.
Gerçegi düýn-öññin, ondan
öñräk hem soñky birki aýlykda jaýlanan obadaşlarynyñ ýanynda
goýdular. Olaryñ arasynda şu gahatlykda dünýä gelip, heniz ýaşyna
ýetmedik bäbeklerem, balasynyñ boýuna guwanman solan gelinlerem
bardy. Şeýdip, Baýyrly obada ýene bir gyzyl gumly mazar emele geldi.
Doga-dileglerini gutaryp, eñegine el ýetiren molla:
- Adamlar, Gerçek nähili
ýigitdi? - diýip üç gezek gygyrdy. Üç gezegem “Gowy ýigitdi” diýen
jogap ýañlandy. Onsoñ ol gygyryp, Gerçegiñ kime bergisi bar bolsa,
kakasynyñ berjekdigini, şoña aýdaýmalydygyny habar berdi. Soñundanam
çalaža, eşidiler-eşidilmez pyşyrdady: “Ýöne oña biz, ulus il bergili
bolaýmasak... Gözüniñ alnynda ejesi zorlanan çaga döndük edil...”
12.06.1999
PORTRET
Mekdepde hemme zat
üýtgedi, ýöne şu komissiýa diýilýäniñ arak bilen börekden doýup
gitmesi, direktora towuk ütdürmesi üýtgemedi. Ömür kartalary bilen
başagaý bolup ýören jugrafiýa mollumy Almämmet aganam aljyradan şol
komissiýa boldy. Nämemiş, jugrafiýa kabinetinde serdaryñ suraty
ýokmuş. Ýogsa okuw ýylam soñlanyp barýady...
Komissiýa gelip gidenden
soñ geçirilen maslahatda-da bar gürrüñ şol surat hakynda boldy. Ilki
okuw bölüminiñ müdiri çykyp gürläp, “Prezident burçlarynyñ”
döredilişindäki düýpli kemçilikler, kasam aýtdyrylyşykdaky
sowuk-salalyklar, prezidente wepalylyk kasamynyñ çagalaryñ
watançylyk terbiýesinde oýnaýan roly, mekdebiñ kem-käsini düzetmek,
bejermek üçin okuwçylardan pul ýygnamagyñ barşy hakynda “möhüm
pikirlerini” aýtdy. Geçen hepde telegörüşden gelip, kasam
pursatyndan reportaž taýýarlamakçy bolanlarynda, mollumlaryñ
gapysyny gulplap oturandygy, gapysy açyk galan bir mollumyñ bolsa,
okuwçylaryña kasam aýtdyrdaý diýen haýyşa öp-gökden gelip: “Men
onsoñ goñşularymyñ ýüzüne nädip seredeýin, ile nädip çykaýyn?” diýip
ala-galmagal turzandygy, habarçy görgülilere dagam “Göteriliñ-aýt
sizem, bar işiñiz gargyşly kasam bolsa” diýip gygyrandygy barada-da
gürrüñ boldy. Hemişeler ýygnak bolanda şunuñ ýaly ilki aýdylan
“möhüm pikirleri” ol hem beýlekiräk görnüşde gaýtalamak hem
tassyklamak bilen iş tamam bolardy. Emma bu gezek beýle bolmady.
Okuwçylardan mekdep binasy üçin pul ýygnamagyñ barha kyn düşýändigi,
ene-atalarda halys pul ýokdugy, käbir çagalaryñ aýakgapsyz bolup,
okuwa gatnap bilmeýänligi, käbirleriniñ açlykdan essi aýylyp,
partadan ýykylýanlygy hakynda zeýrençlerem bolmady. Muña bir sebäbem
“Gurbaga” lakamyny alan direktoryñ iş ahyryna çenli içere zat
tapmanlygy, komissiýadan soñ jübüsiniñem, kabinetdäki demir
sandygynyñam tañkyrap galanlygy boldy. Ol gaharyny birinden çykarjak
bolup, edebiýat kabinetiniñ eýesini ýerinden turzup, tagtanyñ
üstünden serdaryñ däl-de, Magtymgulynyñ suratyny asanlygy üçin
igenip başlady. Derhal Magtymgulyny yza, serdary öñe, okuwçylyryñ
ýazzy mañlaýyna geçirmegi talap etdi. Ozalam bir prokuroryñ ikilikçi
ogluna gowy baha goý diýeni üçin direktor bilen dikleşip alan
edebiýatçy özüni ýanalyp başlanan hasap etdi we birden gyzdy:
“Syýasy kabinet däl ol, edebiýat kabineti, edebiýat kabinetinde tör
Magtymgulyñky bolmaly” diýdi.
“Goşgy ýazýanyñ idilisi
bolmaz, sag dälsiñ senem, ýogsa aýdylýan gepe düşünerdiñ” diýip,
kommissiýa agzalaryny doýurmak üçin towuk baryny ütenine jany ýanyp
duran direktoram gazaba mündi. Goşgy ýazýanyna buýsanyp ýören
edebiýatça bu gürrüñ gaty ýokuş degen borly, ol edil oduñ üstüne ýag
guýlan ýaly lowlap galaýdy: “Şuññaly samsyk gepi aýdybam oturmañ,
barybir düşmen, “Gaýrat” medaly gerekgäl maña” diýip, ozal
duýdurmanmydym eýsem? Onsoñam men para alamok, prokurorlyk işim
çykmaz! Ýene bir ikilikçiden sud-prokuror ýasalsyn diýseñiz, özüñiz
goýuberiñ bäşligi. Bir tamdyr çörek bilen seçekli gyñaja attestaty
dörtlük-bäşlikden gözeýän mollum däl men. 8-nji martda okuwçylara
pul ýygnadyp, ponbarht geýýänlere, gyzyl dakynýanlara diý o hili
ýumşuñy!..”
Ol ikisini zordan, teý
ahyr bolmansoñ, bärde otursa, gyzgynyna bar aýbymyzy açjak diýip,
edebiýat mugallymyny öýüne ugradyp araladylar. Emma direktor munuñ
bilenem köşeşmedi. Nirede bir pakyr, çaga basan jugrafiýa
mugallymynyñ üstünden dökülip ugrady. “Kartalaññy ýok et-de,
serdaryñ doglan, önüp-ösen, okan, işlän, saparda bolan ýerleriniñ
kartasyny çekdir, tagtañ ýokarsyndanam ullakan portretini as!
Portret üçin bir gün möhlet berýän, beýleki diýenlerimi etmek üçinem
bir hepde ýeterlik, baryp göremde hemme zat ýerbe-er bolmasa gaty
görme!” diýdi.
Ertesi Almämmet aga eli
ullakan suratly klasma-klas aýlanyp, “Şuña bor ýaly çarçuwañyz ýokmy?”
diýip sorap çykdy. Hany öñki bol okuw esbaplary? Her kim ýöne egnini
gysaýýar. Garry mollum soñ özündäki kiçiräk çarçuwany eline alyp
aýlandy. “Bolmasa şuña çalşaýyñ, maña berlen surat gaty ullakan,
gaýrat ediñ! Gidip satyn alaýyn diýsem, iki aý bäri aýlygam berlenok”
diýdi. Emma hiç kimde ullakan çarçuwa tapylmady.
Belki, bu waka şunlugyna
galsa-da galardy. Direktoram indiki komissiýa gelýänçä klas
otaglaryny barlap ýörmezdi. Birküç sany attestat satardy, beýleki
ederdi, garaz, köşeşerdi. Ýöne bir ýeñles tapyldy-da, işden gaýdyp
barýan garry mollumyñ yzyndan: “Nätdiñ, çarçuwa tapdyñmy?” diýip
gygyraýdy. Garry mollum yzyna öwrüldi-de, lapykeçlik bilen, üýtgeşik
zat aýdýandyryn öýtmän: “Suratdakyñ göwher ýüzükli elini görmeselerm
bor diýip, bilden aşagyny kesip, operasiýa edäýdik biz-ä” diýdi.
Üýşüp duran mollumlar muña ala-pakyrdy bolup gülüşdiler.
Bu gezek ýygnaga-geñeşe
hem direktora zat goýmadylar. Iş jaýyndaky sandygynda arak
saklaýanlygy, işde ýüz gram urýanlygy hem attestat, okamadyklara
mekdebi gutaranlygy baradaky şahadatnamany satýanlygy, galyberse,
mekdepde sagdyn syýasy-jemgyýetçilik atmosferasyny döredip
bilmänligi barada habar düşeni üçin, bu ullakan aýyplamalaryñ hiç
birini hiç kim bilen seljerişmezden, kollektiwe sala salmazdan, ilki
direktoryñ özüni işden boşatdylar. Gaýdybam magaryf sistemasynyñ
gyrasynda görünmesiz etdiler. O görgüli zordan bazardaky dükanlaryñ
birine ýükçi bolup işe ýerleşdi. Bir “operasiýa” bilen bar zady
bulaşdyran Almämmet aganam sylap goýmadylar. Ilki üç harply edara
çagyryp, düşündiriş yzyna düşündiriş ýazdyrdylar. Soñam onuñ
çagalara terbiýe bermäge ahlak hukugynyñ ýokdugyny özüne boýun
aldyrdylar. Goşgy ýazýan edebiýatça bolsa, “Birden daşary ýurt
radiosynda çykyş edip, gürrüñi ulaldaýmasyn” diýip, bir gezeklikçe
diñe duýduryş berdiler. Ýöne onam Magtymgulyny yza, serdary öñe
geçirmäge “razy etdiler”.
16.04.1999
BAŞATGYÇ BAŞAGAÝLYGY
Sowet döwrem ýadymda.
Pensiýa çykan garry-gurtudyr her köçäñ işsiz jahyllary dükanyñ
agzynda hem çatryklarda üýşüp oturardylar. Ýaşulular nas atardylar,
düzzim oýnardylar, ýaşlar çilim çekerdiler hem oturan ýerlerini
tüýkülikden doldurardylar. Garaşsyzlyk geldi-de, işsiz has köpeldi.
Çüñkde hem çatryklarda, ýaşaýyş jaýlarynyñ arasyndaky boşluklarda,
bazar meýdanlarynda aýalu-erkek, ýaşu-garry üýşüşip oturmany hem
durmany, nasyñ pinegini göpmäni, çilimdir beñ, tirýekdir heroin
püflemäni, halys alla bolmasa çigit çigitlemäni hem durmuşdan
zeýrenmäni adat edindi.
Men köçede gelen-geçene
at dakyşyp ýa göz çeneşip oturan adamlary ozalam halamazdym.
Jaýymyzyñ girelgesiniñ agzynda betona oýkanyşyp, gelen-geçeniñ
gözüne jüýjerişip oturan aýallardan bolsa gaçara ýer bolsa gaçjakdym.
Olary nirede bir işini tükeden, ederini bilmez hem biweç adamlar
hasaplardym. Her köçede oturan adam öýünde ýa melleginde, ýa fiziki
taýdan, ýa-da akyl taýdan sähel gymyldy edende, giden iş bitjek,
önüm önjek, kämillige golaýlanjak diýerdim. “Bu ylgap ýetişip
bolmaýan dünýäde türkmen ýaly iş-dertsiz başga barmyka?” diýen
pikirem beýnimiñ bir ýerlerini tozadyp giderdi. Ýöne indi olary ähli
bela-beterleriñ başy bolmasa-da, aýagy hasaplaýardym. Gören ýerimde
sowlup geçýärdim. Asyl şol tetellilere tarap seretmejek bolýardym.
Ýöne şol gezek bir tanşymy gözläp, zerur gerek bolup, çüñkdäki
ýygnanyşyga barmaly boldum.
- Bow, syrtyny ýere
uranlañ ýanda senem görünýäñ-ow - diýip, ilerki köçede oturýan
Godalak molla salamymy alyp-alman sugşurdy. Menem onsoñ gepe görä
gep goşdum:
- Indi bi milletiñ
syrtyny ýere urmadygy galmadyk ýaly-la, molla aga...
- Menem şony aýdyp otyryn
şumat. Bü S-iñki däl, öñki S-iñ çörek kartoçka döwrüdi. Ejemiz pahyr
çül çagany eklejek bolup aljyran bora çemli. Dañyñ garañkysynda
çarasyz içerden çykyp, çörek nobatyna durmaga barýamyş welin, bir
orus aýal saklap, elini galgadyp bir zatlar diýýämiş. Ejemem görgüli
heniz almadyk çöregiñden dilenýändir öýdýämiş. “Ýit ýok bol-a, señki
nä görgim, özümiñkilere ýetirip bilemok” diýip elini galgadyp
gidiberipmiş. Birsellemden jahan ýagtylyp ugrapdyr onsoñ. Çörek
nobatyna barýan ýaşululary görüp, ýaşynýanym bolmasyn diýipmi ýa
endik boýunça, ejem başyndaky başatgyjyny agzyna golaýrak çekipdir.
Görse, başatgyç diýip başyna atany akjygrak bir zatmyş. Pahyr bir
tisginipdir. Haýdan-haýam başatgyjyny başyndan aýlap eline alypdyr.
Görse ol başatgyç däl-de, aýallaryñ aýak geými ekeni. Uçgury dagam
ýerden süýrenip gelýän bolsa nätjek asyl. Pahyr lampa oturypdyr-da,
başyny tutup aglapdyr. “Orus görgüli: “Bajy, yştany, bajy, yştany!”
diýdi-le, düşünmesem näme, balak diýýän eken-ä” diýip, ejem bu
wakany soñam gözüne ýaş aýlap ýatlardy. Ýöne bü S-iñ çörek kartoçka
döwri öñkiñkiden zabun boldy. Indi erkekleñ başyna aýal balagyny
orap çykaýmaly boldy. Asyl şony edenden enaýam bolmadyk.
- Aý, düşünýän
däldirler-dä, düşünişerler-dä, bü-de şol orsuñ “ştany” diýeni ýaly,
bilmeýäne düşnüksiz-dä - diýen boldum.
- Aý, düşnükli-le!
Düşünmez ýaly etmedi-le S. Ýöne milletde gaýrat ýok diýseñ başga gep.
Aýal balagyny başyna orap, “Gözüm görmese bolýa, götümi böri iýsin”
diýip oturan milletimiz bar diýseñ başga gep... Eken ekinini elinden
alyp, puluny berme, bakan malyny elinden alyp, hakyny berme, dil
ýaryp bilmez. Iki-ýeke ýa-da şuññaly ýerde zeýrenen bor. “Bermezler”
diýseñ, “Dagy nädeli?” diýer. ”Ýör, hakyñy talap edeli” diýseñem,
“Aý, hany biraz tagapyl edeli, özünden düzelişimezmikä” diýerde,
ýanyñdan süzüberer. Naçaryny, çagasyny meýdana kowar, gul-gyrnak
ýaly işleder. Ýene hakyny bermezler, ýene sesini çykaryp bilmez.
Söwda-satyg etjek bor, ugran ugry talañdyr. Dollary özleri bir
bahadan alarlar, millete başga, on esse gymmat bahadan satarlar.
Onam depeşege girip, alyp bilseñ. Aýak astynda ölüp galsañ özüñden
görmeli. Gazanany gara garnyna ýetmez. Häkimem iýjekdir,
salgytçymy-da-gümrükçem. Wagtly-wagtynda agzy ýaglanmasa, aýal-erkek
ýa çaga diýmän, saparpolisem syrtyna deper durar, jyñky çykmaz.
Eklenç diýip, ýumruk ýaly gyzyny köçä çykarar, gelnini ýurt aşyrar.
Gelen gelmişek üstüne han bor. Şol gelen gelmişek bilen bileleşip
hakyny iýen baý bor. Köşk gurnar, goşalap heleý saklar, “Mersedesiñ”
tozanyna garar. Köplügi gara ýerdir, depelär ýörerler. Baş
galdyrmadan geçen, “Gara çörek bir beräýmel-ä bize-de, başga dawamyz
ýog-a” diýip oturandyr. Gaýta beterinden beteri tapylar. Binamysy
köpeler, tirýek çekjekdir, heroin tütetjekdir.... Akylly-başly,
bilimli-sowatly diýeniñem neşe satjakdyr, para aljakdyr, ogurlyk
etjekdir... Hak iş üçin göreşjek däldir, göreşene samsyk diýjekdir.
Mundan añyrda binamyslyk bolmaz-a, oglan!.. Ýa barmy?
- Edil beýle däldir,
ilçilikdir, içinde sarlyragam bardyr. Bolmasa tapylar... - Men
optimistiñ heñini çaldym. Şol bir wagtda-da ertir üç harply edara
çagyraýsalar diýen ätiýajy elden bermedim: - Onsoñam bu zatlaryñ
aladasy bize galmandyr. Serdarymyz gije ýatman pikir edip otyr! Şoñ
başy dikkä zady gaýgy etmese bor-la. Aýlyklary wagtynda beriñ diýip,
dek düýnem bank işgärlerine berk käýedi...
Godalak molla janagyryly
güldi hem aşagyndaky donuny silkip ýerinden galdy:
- Ine, bi diýeniñ biçem
däl!.. Häh... şo serdaryñam bir gara... Biz-ä onda metjide namaz
okamaga gitjek. Namazyñ yzyndan bizem serdara uzak ömür diläris-dä...
Idäp baran tanşymy yzyma
tirkäp, çüñkden ýoklar bolaýdym. Ýolugra-da igendim: “Senem-aý,
çüñkde göbegiñ gömlen ýaly!..” Tanşym meniñ igenjimi çekmedi: “Idili
bir gazýet ýok, radio-telewideniýe ýok, çüñkden bir kesjek bolmañ-ow
indi...”
Başatgyçly gürrüñ şol
günüñ ertesem, birigünem kellämden çykmady. Uzakly gün aýak üstünde
bolup surnugsamam, gijelerine gözüme uky gelmedi. Gözüme çiş kakylan
ýaly asyl, şol petige seredip ýatyryn. Onsoñ petigiñ ýüzünde
başatgyçly adamlar görnüp başlaýar. Şeýde-şeýde dañdanlar irkilýän.
Şobada-da hopugyp turýan. Gara basýamy, nämemi. Birsellemden gören
düýşüm huşuma gelýär.
Düýşümde Azatlyk hem
Lenin prospektleriniñ ugry kellesine başatgyç deregine aýal geými
atylan erkekden dolumyka diýýän. Olar ellerine S-iñ portretleridir
pähimleri ýazylan transparantlary alypdyrlar hem hor bolup “Serdara
kuwwat dileýärler”. “Beh, bu gün nämäniñ paradyka?” diýip içimi
gepledenimden biri gulagyma gygyryp başlaýar: “Sen näme bileñokmy,
bu gün serdaryñ doglan güni ahyryn, baýdak baýramy ahyryn! Başymyza
täç edinen baýdaklarymyzy göreñokmy, gazýetleri okañokmy,
radio-telewideniýäni diñläñokmy? Gulagyñ gapyk, gözüñ kör bolmasa
bilmeli ahyryn sen bi zatlary! Ýa-da bilmedik bolýañmy,
görübileñokmy? Görübilmeseñ, gözüñ çyksyn!..”
“Tanyş ses welin,
Ballymyradyñky öýdýän” diýip, gulagymy tutup, geçen uruşda
ýogalanlaryñ hormatyna ýakylan baky oduñ ýanyna çekilýän.
Paradçylaryñ bir bölegi bolşewik köşge girip barsa, ýene bir bölegi
uniwersitet tarapa akýar. Añyrrak ýöresem, ullakan metjidiñ agzam
başy şonuñ ýaly başatgyçly erkeklerden gyrma. Şol wagtam kelläme
biweç pikir gelýär: “Beýlekiler-ä owarram welin, sakally-sarmykly
adamlara erbet gelişjek ekeni” diýýän.
Soñabaka oýalykda-da
başatgyçly obrazdan uzak saplanyp bilmän ugradym. Ol meniñ beýnimde
ymykly aýbogdaşyny gurdy şekilli. Köçä çyksam, köçeden gelýänleriñ
ählisi, aýalu-erkek başatgyçly ýaly. Soñabaka öz kellämde-de
başatgyç bar ýaly bolup ugrady. Hatda birki gezek elimi uzadyp, ony
aýyrjagam bolup synandym...
Wraçlar muña
gallýusinasiýa, beýnä dynç berseñ, öz-özi aýrylar gider diýýärler.
Belki, şeýle bolaýady. Ýöne häli-häzir-ä aýrylyp gidýän zat ýok.
Gaýta indi telewizorda gürleýänlerem başatgyçly görnüp ugrady...
14.04.99
GARAŞSYZ GÜNLЕR
Irden gapym kakyldy.
Açsam, başlyk garyn, pökgüje polis dur. Bolsa-da, adam ýaly salam
berdi. Birhili, adam ýaly salam berýän polis görseñ, begenjek ekeniñ.
Içimden “Şulañ içinde-de adam çagasydygyny bilýänleri bar-how entek”
diýdim. Ýöne ol şum habar bilen gelen ekeni. Aşakda, goñşy girelgede
ýeke ýaşaýan garry aýal öldürilipdir. Men zatdan habarymyñ ýokdugyny
aýtdym. Garry görgüli, Anna Alekseýewna gowy adamdy. Ses-üýni ýokdy.
Aýagy çişliräjik bolansoñ, ýuwaşja ýörärdi. Dükandan-beýlekiden
gelýärkä sähel kömek berseñ, “Spasibo, synok!” diýip, çyny bilen
minnetdar bolardy. Pensiýasyna süýrenipjik ýören garrylardandy. Aşak
düşsem, goñşular üýşüpdir. “Gerreçileñ işidir-le. Şundan zat
çykmajagyna añ etmel-ä how ýogsa” diýip gürrüñ edýärler. Pökgüje
polis goñşulardan ony-muny soraşdyrýar. “Görgülini aşpyçak bilen
eleme-deşik edäýipdirler-aý” diýip, gapdal goñşym başyny ýaýkaýar.
“Haçan bolan zatmyş bi?”
diýip, men näme diýjegimi bilmän soradym.
“Täzeräk bolan ýaly,
gapyda gan görüp bilipdirler. Ýöne girelgede öñräkden bäri erbet ys
barmyş. Şo garryñ ysy diýjek bolýalar. Emma ýañy gelip-giden wraçlar
bu garryñ ysy däl, podwalda pişik beýleki ölen bolmasa diýipdirler.”
“Mikroraýonyñ ysydyr-da,
agşam hapaly çelekleri otlaýalar, tütünem gelip jaýlara siñýär-ä”
diýip, gürrüñimiziñ bir çetini eşiden polis öz pikirini aýtdy.
Şäher içinde galan köne
gonamçylygyñ ýanynda matam gününe gabatlap hudaýýoly edýän tanşym
“Irräk gelip kömekleşeweri” diýipdi-de, men şol ýerik howlukdym.
Barsam, eýýäm on-on iki gazan atarypdyrlar. Ojaklara ot salşyp,
biraz güýmendim welin, ýanaşyk mikroraýondan eli jamlu-pitili
garrylar gelip ugrady. Olar kileñ meniñ öldürilen goñşym ýaly ýeke
ýaşaýan pensionerlerdi. Egin-başlary gaty göz-gülbandy. El-aýaklary
hordy, gözleri içine gidendi. Olaryñ käsini dözmezräk goñşulary
idekläp getiripdi. Iki-ýekesiniñ gyzy ýa agtygy ýanyndady. Eli
jyññyrly gelip, heniz bişmedik ýarmadan öýünde ýatan ýarawsyza
dileýänlerem ýetikdi. Dogrusy, bu kartinany eýýäm birnäçe ýyl bäri
görýärdik. Her ýylam şu soñky hudaýýolymyz bolaýmasa, indiki ýyl-a
beýle tarhandökerlik başartmasa gerek diýýärdik.
Ahyry irräk atarylan
gazanlaryñ biri ýetişdi. Gazanyñ gapagyny galdyryp, şul-a
boluberipdir öýdýän diýenimizdenem, ojagyñ başy eli jamlydan hümer
boldy. Garry görgüliler, ýarma ýetmän galar öýdüp, bir-birlerini
itekleýärdiler. Maña olary köşeşdirmek hem ýarmanyñ hemmä ýetjegine
ynandyrmak zordan başartdy. Birki ýyllykda gatyk nobatynda
bir-birniñ depesine kefir çüýşe bilen uran garrylary göremsoñ, men
olaryñ çaga ýaly dargursakdygyna, bir zat almaly bolanda halys
sabyrlaryny tükedýändiklerine göz ýetiripdim.
Birküç gazany
boşadamyzsoñ, bir käse çaý içeýin diýip, susagy ýaşrak oglanlara
berdim. Ýöne bu ýagdaýy keseden synlamak içinde bolandan has erbet
ekeni. Garrylaryñ käsi itinip ýa oñly aýak üstünde durup bilmän,
gazana ýykylaýjak-ýykylaýjak bolýardy. Çaý içip mazam bolmady. Ýene
gazanyñ başyna bardym. Soñabaka heniz taýýar bolmadyk gazanlaryñ
gapagyny açyp görýänlerem, bişmedik ýarmadan guýunjak bolýanlaram
tapyldy. Gazanlara garawul goýmaly bolduk.
“Biziñki ýaly, mugt
kepenem ýetmedi bulara, şifonerlerini tabyt edinmeli boldular indi -
diýip, çeträkede töwir galdyryp berip oturan molla dillendi. -
Patşamyzyñ jany sag bolsun, öz musulmanlaryny gözden salanok
bolsa-da...” Men bu sözüñ ýañsy bilen aýdylanyna-da, çyn ýürekden
aýdylanyna-da düşünip bilmedim.
Gazanlar boşanyndan ýuwup
ýygnadyk-da, sagat dörtlere öýli-öýümize dargadyk. Gelsem, goñşular
henizem üýşüp durlar. Gapdal goñşym maña aýak çek diýip ümleýär.
“Marusýa görgülem dünýäñ azabyndan dynan ekeni - diýip, ol içegenräk
garryñ hem öýünden öli çykanyny aýtdy. - Öñräk ýogalypdyr. Girelgäñ
agyr ysy şoñky ekeni. Garynja üýşüp gidipdir bedibagta. Polisiýa
“Şuñam gapysyny açyp göreliñ-le” diýensoñ bilnäýdi. Ýogsa entegem
ýatjak ekeni.”
Ertesi Marusýa goñşyñ
şäheriñ o çetinde ýaşaýan ogly bilen gelni geldi. Ýöne o görgüli
şifonerinem satan ekeni, soñky ýoluna prokata alnan tabytda ugrady.
Gapdal goñşym bu ýagdaýy “Gulak eşidenini göz görmesin” diýleni”
diýip belledi. Men onuñ bu sözlerine egnimi gysdym hem
girdeji-gazanjy barha ýukalyp gidip oturan işime ugradym. Edaramyzyñ
bahym ýapyljakdygy ýa-da işgärleriñ ýarpydan gowrak kemeldiljekdigi
hakynda gürrüñ edilýärdi. Her kim başlyga ýaranyp, kemeltmä
düşmezligiñ gamyndady. Goñşym ýogaldy diýip, işden galmak boljak
däldi.
Agşamlyk işden gelip,
gapymy açjak bolup durkam ýokarky goñşym ýedi-sekiz ýaşlaryndaky
gyzjagazyny jyrraldyp aşak düşdi we meni görüp, lampa oturdy. “Haçan
şulardan dynarkam men, ýadadym-la, doganlar - diýip, ol elindäki iki
bölünen krasowkany beton basgançaga bulap urdy. - Geçen hepde on
ýedi müñ manada äberdim. Eýýäm iki böwsüpdir. Ylgamañ, aýagyñyzyñ
burnuna basyp ýöräñ, aýakgap gymmat diýýän, edenoklar. Şo garrylara
derek, şulañ birki sanysyny öldürseler bolmyýamy? Gyran degen, gyran
degmişler...”
“Toba diýeweri, aýdýan
zadyñ näme? Çagalañña gyran degrip, özüñ näme işlejek? Perzentde
näme günä bar, krasowkalarda derek ýog-a indi...” diýip, onuñ aýdýan
zatlaryna ör-gökden geldim.
“Toba diýjek däl... Biri
galsa bolýa, dört çagany nädip ekläýin men... Han-ha, är diýilýänem
oturan maslyk...” diýip, goñşym janyýangynly gürledi.
“Öýüm - galam” diýleni.
Bu gürrüñden öe girip gutuldym. Emma uzak ynjalyp oturyp bilmedim.
Balkondan seredip, gözüm bilen ejesinden gaçan gyzjagazy gözledim.
Ol eýýäm poliklinikañ ýanyndaky ýeke-täk grantda eli bedrelije suw
nobatyna durdy. “Görgüli, şeýdip, günäjigini ýuwjakdyr - diýip,
aýalym pyşyrdady. - Bizem-ä suw getirinmeli. Grantdan bir hepde bäri
nem damanok...”
“Öýde otursañam pikir
bürüp barýa” diýip, çaý-nahar edinip, biznesmen goñşymy soramaga
gitdim. Ol golaýda kyrk million manatlyk maşynynda ýoluñ öwrümli
ýerini ýadyndan çykarypdy. Emma onuñkyda-da oturyp mazam bolmady.
Telewizordan ýañlanýan “Serdara kuwwat diläliñ” bilen öñküden gymmat
bolmasa, arzan bolmajak täze maşyn baradaky gürrüñleri uzak diñläp
bilmedim.
Biznesmeniñkiden çykyp,
daşardaky tapçanda küşt oýnap oturan ýaşulularyñ ýanynda dyz epdim.
“Belki, şulardan bir gulaga ýakymly zatlar eşiderin” diýip, inçejik
tamam bardy. Eşitdimem. Olar her göçümde: “Indi bir sag-aman, abraý
barka, kän horlanman, añsadrak ölüp bolsa” diýýärdiler.
19.03.1999
HALK ÝAZYJYSY
Ol hemişe redaktoryñ
çöregini köp iýendigini, ýagny köp ýyllar redaktor bolandygyny
nygtardy. Bu çöregi eli gabarçakly daýhanyñ, ýüzi ýele-güne gaýzygan
maldaryñ, içinden ýalyn geçen gazçynyñ çöregi ýaly kyn çörek
atlandyrardy, şol kyn çörekleriñ eýeleri hakynda-da agyz dolduryp
ýazardy. Biri-birinden üýtgeşik, biri-birinden owadan sözler tapmaga,
uly hem akylly gürlemäge çalşardy. Şeýdibem käte daýhana galla hem
ak pagta, maldara mal bakmak, guýy ussasyna süýji suwly ýerleri
tapmak barada gürrüñ berip başlanyny duýman galardy. Öwrederdi, akyl
bererdi, her hili tymsallar getirerdi. Talantly ýalan sözlärdi. Onuñ
aýdýanlaryna ynanmasañam ynanasyñ gelerdi, aýdylýan zatlaryñ
dereginde zat ýokdugyny bilseñem diñlärdiñ. Megerem şonuñ üçindir,
hökümetem ony sylardy, hatda “Halk ýazyjysy” diýen belent adam
beripdi. Emma her döwür bir döwür diýleni, şeýle bir döwür geldi-de,
şeýle talantly halk ýazyjysam hiç kime gereksiz boldy galaýdy.
Dogrusy, muña döwür
däl-de, onuñ özi günäkär boldy. Eger ozalkylary ýaly ýokarkylara
tabyn, ýumşa gaýym oglan bolup ylgap ýörenliginde edil beýle-de
boljak däldi. Emma “bäş sany emel ýetmedik” “demokratiýa, söz
azatlygy” diýip gygyryşdy-da, biziñ redaktorymyzyñ hem demokrat
bolasy geldi. Galyberse, ol bu gykylyklary redaktorlykdan
pyzylmazlyk üçinem ulanmakçydy. Sebäbi şeýle howpam duýulman
duranokdy. Redaktoryñ ýyljak kürsüsine daşdan-ýakyndan diş çarhlaýan
çalasowat bolsa, näçe diýseñ bardy. Eger bir garma-gürmelik bolsa,
olar redaktorlygy dem salymda iki üzüp, bir ýalmajakdylar hem
redaktor diýlen mahlugyñ nähili pesliklere ukyply bolýandygyny äleme
jar etjekdiler. Biziñ gahrymanymyz bu howpy duýýardy hem halallyk,
çemeçillik hakynda köp ýazýardy. Özüniñ mertligi, ýagny oglanlykdan
iner bakyp ulalyp, iner dünýäsine birigip gidenligi barada şygyrlar
düzýärdi. Ozal kompartiýany hem Lenini hudaý edinen bolsa, indi
olaryñ ikisine-de ýañsylyja sözleri gönükdirip, Muhammet pygamberiñ
hadyslaryndan oñatja jümleler göçürip alýardy. Emma onuñ ähli edeni
tersine boldy. Erbet bir tüweleý turdy-da, şol tüweleýiñ
başagaýlygynyñ arasynda hälki diş çarhlaşyp ýören çalasowatlar onuñ
üstüne aç şagal ýaly gykuwlaşyp çozdular. Ol şagallara soñky demine
çenli gaýtawul bermägi ýüregine düwdi, birsellem gidişdem. Ýöne
birden şagallaryñ arasyndaky tanyş ýüze, ýagny şagal geýmine giren
tokaý şirine gözi düşdi-de, aýagnyñ ysgyny gaçaýdy. Şu
aljyraññylykda-da ony ýyljak kürsüsinden goparyp zyñdylar.
Ýöne biziñ gahrymanymyz
munuñ ýaly owunjak zatlar üçin darykjak adam däldi. Darygaýsa-da syr
bildirjek däldi. Ol hut şeýle-de etdi. Redaksiýalaryñ birinde iñ
pessejik wezipeleriñ birine ýerleşdi-de, şol öñküleri ýaly “beýik
sadalygy” baýdak edindi. Berzeññiniñ ýokarsyndan ýazyjylara berlen
mellekleriñ arasyndaky ýerine baryp, daýhançylykdan azda-kände baş
çykarýan inisi bilen joýa çekdi, salma gazdy, Gökdepedäki
nahalhanadan ýörite getirdip, miweli agaçlaryñ nahallaryny oturtdy.
Il-gün onuñ mertligine, hakykatdanam oglanlykda iner bakanlygyna hem
iner dünýäsine birigip gidenligine köñül berdi. Emma ilçilikde
müñkürem näçe diýseñ tapylýar, biri aýtdy, dili siññilli ýaly, “şu
zatlaryñ biraz soñuna garaşalyñ, uzakçyl bolmaly däl, daşa gitmez”
diýdi.
Biziñ gahrymanymyz bolsa
irden redaksiýa işe görnüp, öýleden soñ ýa dynç günleri melleginde
der dökmäge başlady. Eýlesi-beýlesi taýagatym ýeri çagalary bilen
gyzyl-dörjük edip çykdy. Ýöne mundan öñ redaktoryñ mugt çöregini
iýen çagalara beýle iş uzak hoş ýakmady, olar öz kakalaryny söweş
meýdanynda ýeke goýup, ýeke-ekeden yza çekildiler. Ýazyjy welin
añsat ýan bermek islemedi. Ýerine bir ýerde tohum bolsa atdy.
“Ýykylsañ - ýerden ýapyş” diýipdir ata-babalar, ýer aldamaýar” diýip,
şine ýaryp çykan tohumlary, pyntyk görkezen nahallary görüp biraz
göterildem. Şol bady bilenem tomsuñ ortalaryna çenli mellege gatnady.
16-njy awtobusyñ soñky duralgasynda düşüp, mellege çenli ýarym
sagatlyk ýoly pyýada geçmäge-de ýaltanmady. Soñabaka, suw ýetmezlik
edip ugranda bolsa, göýdügip galan pomidor-badamlaryny taşlap, ýaşyl
salypjyk oturan nahallaryny ýalna bermezlik üçin göreşdi. Eline
bedre alyp, çaga ulaldan ýaly, nahallaryny elden suwarmaga başlady.
“Hakyky bagban şeýle-de
bolmaly, “Azapsyz ýeriñ ady ýok” diýmänmidirler näme” diýip, öz
edýän işinden özi razy boldy. Emma adam bar, göriplik,
görübilmezligem bar. Onuñ bu bolup ýörşüni gören aşaky goñşusy
gelip bilimdarlyk satdy: “Suwy mellegiñe düzüp goýsañ bolmyýamy,
beýdip bag ýetişdirmek kyn bolaýmasyn” diýdi. Öñki redaktoryñ bu
sözlere girre gahary geldi. Içinden “Nämäniñ kyn düşjegini, nämäniñ
añsat düşjegini indi senden soraryn-ow, git-de arabañy daşda
şakyrdat, garry köpek” diýdi. Daşyndan bolsa, “Hä, hawa, suw ýokaryk
çykmany kyn görýä, ýogsa inim turba-da çekdi, añyrdan gelşi
ysgynsyzrak. Indiki ýyl düzjek” diýip, göwünli-göwünsiz mydyrdady.
Aşaky goñşy “Indiki ýyl
düzjek” diýlen sözi eşidip, ilki öte eşidýändirin öýtdi, soñ özüni
äsgerilmeýän hasap etdi we gitdi. Halk ýazyjysy bolsa, grantdan çaga
siýdigi ýaly jürleýän suwa bedresini tutup, uzakly günüñ dowamynda
bagjagazlarynyñ düýbüni zordan ölläp çykdy.
Bu ýagdaý arly tomus
gaýtalandy. Adamlar her dynç alyş günleri 16-lykdan düşüp,
ýazyjylaryñ mellek ýerlerine çenli ýarym sagatlyk ýoly eli plastmas
bedreli pyýada geçýän hem baglaryny suwsuz guratmajak bolýan halk
ýazyjysyny ilki guwançly, soñ gynançly synladylar. Ahyrsoñunda-da
ony ýañsylap gülmäge başladylar. Bu gülkini ol ýeñsesinde gözi bar
ýaly duýdy, baglary suwsuz göýdügip guradygyça-da bu gülki oña ýokuş
degdi. Ýöne biziñ gahrymanymyz her näçe yhlas etse-de, agaçjyklar
eýgip gidibermedi, öñki redaktoryñ ähli yhlasynyñ ýüzüne urdy,
tomsuñ ahyryna ýetmän gurap galdy.
Halk ýazyjysy sary güýzi
hem uzak gyş gijelerini pikir edip geçirdi. Aşaklykdan ýokaryk, öñki
Birinji sekretara, şindiki Hökmürowana hat ýazmagyñ pikirini edip
ugrady. Hat ýazdy asyl. Ýöne hatyñ jogaby uzaga çekdi, gelmedi. Ol
ýene ýazdy. Ýene jogap gelmedi. Ol onsoñ ýene ýazdy we ýaz gelende
çagalaryny alyp mellege bardy. Yhlas bilen mellegiñ selme-syrkynyny,
demirtikenlerini çapyp aýyrdy. Guran agaç nahallaryny sogrup, olaryñ
ýerine täze nahaljyklar oturtdy. Ýöne bu gezegem daýhanyñ kyn çöregi
eýgertmedi. Redaktoryñ mugt çöregine öwrenen çagalar howa sähel
gyzyp ugranyndan komandirlerini söweş meýdanynda ýeke taşlap
gaçdylar. Ýene howa gyzdygyça suw ýetmän ugrady. Ýene plastmas
bedreli günler başlandy. Ýene aşaky goñşy jandurmazlyk edip geldi we
suwy ilkagşamdan düzüp gitmelidigini, şonda irden açylýan suwuñ
nahallary suwarjakdygyny, ýogsa 16-lykdan düşüp, pyýada gelýänçä
suwuñ peselýändigini düşündirjek boldy. Ol ýene suwy indiki ýyl
düzjekdigini aýtdy. Aşaky goñşy näme diýjegini bilmän, ýüzüni sallap
gitdi. Şeýdimbem ýene tomsuñ aýagyna baglar gurap galdy.
Ol bag ýetişdirmäge
üçünji ýylam synanmak isledi, ýöne gepçi ýazyjylar ýeñsesinden “Suw
düzmegiñ nämedigini bilenok bi işigaýdan, özem şunça ýyllap daýhana
akyl berip geldi” diýip pyşyrdaşýan ýaly boldular. Onsoñ ol öñki işi,
öz başarýan pişesi bilen bolmagy ýüregine düwdi we mellegi taşlap,
galama ýapyşdy. Şeýdibem biziñ gahrymanymyzyñ döredijiligindäki az
wagtlyk demokratlyk böwşeñliginden soñ ikinji döwür başlandy. Bu
döwür özüniñ juda gözgynylygy hem ejizligi, güýjüñ hem
hökmürowanlygyñ, zadyñ hem wezipäñ öñünde dyza çökmegiñ döwrüdi.
Emedeklemegiñ, bagryñ bilen süýşmegiñ we hiç bir ýalandan
gaýtmazlygyñ beýik nusgasyny görkezmekde ýaryşýanlaryñ döwrüdi.
Ýüzüñ düýäñ dabany ýaly galyñ bolmasa, sähel-mähel zada
gyzaryp-bozaryp ýa aljyrap durjak bolsañ, bu ýerde asyl başdan işiñ
ýokdy, gelmeli, gara salmaly däldi. Şonuñ üçinem bu ýer erni
gulagyndan bärde durmaýan beýik ýalançylardan we ýaranjañlardan
dos-doludy. Olar çörekli ýerleriñ hemmesini öz elinde saklaýan
Hökmürowanyñ göwnünden turjak söz tapjak bolup şeýle bir jan
çekýärdiler, şeýle bir yhlas görkezýärdiler welin, boluşlaryna
daşlaryndan nebsiñ-janyñ agyrýardy. “Neresseler, gaty özlerini
köseýäler welin, çaga-çugalary gaty kän öýdýän” diýdirýärdi.
Biziñ gahrymanymyz göreş
meýdanyna bu zatlary kemsiz bilip hem “Sizden gaýdan enesinden
dogmasyn” diýip, garadangaýtmaz Göroglynyñ sözlerini içinden
gaýtalap gelipdi. Onsoñ ýaranjañlykda ýaryşýanlaryñ arasynda şeýle
bir darkaş başlandy, beýle darkaşy söz meýdany öñ ýa görendir, ýa-da
gören däldir. Asyl bu darkaşy görseñ, Göroglynyñ Wellemşaha oýnam
çaga oýny ýaly bir zat bolup galýardy. Men-men diýen ärleriñ goç
kelleleriniñ wezipe kürsüsinden kädi ýaly pyzylyp gitmegini görmek
dagy añrybaş lezzetdi, kelläni gidermejek bolup bar ýeri bilen,
hatda dili bilenem kürsüden ýapyşýanlary synlamak bolsa hasam
hezildi.
Ikarada gönenen
Hökmürowan boldy. Ony hudaýyñ-pygamberiñ deñinden has ýokaryk
geçirip, birnäçe hudaýy dagy, eger islese, özi birki günde ýasajak
Gudraty güýçli diýip sypatlandyrdylar. Hökmürowan bu söze monça
boldy hem biziñ gahrymanymyza bir ýylgyryp seretdi. Onsoñ biziñ
suwuñ nähili düzülýändigini bilmeýän halk ýazyjymyz özüniñ nämäni
bilýändigini we başarýandygyny gaýtadan subut etmäge başlady.
Gije-gündiz diýmän Hökmürowanyñ waspyny ýazdy. Hudaý hem pygamber
sözlerini dilinden düşürmedi, ýalkaweri, özüñden başga ýalkabiljek
ýokdur, Tañram özüñsiñ, Biribaram, senden başga hiç kes ýokdur,
Ýaradanam sensiñ, ýok etjegem sen diýdi. Hökmürowana keseden dil
ýetirjek bolanlary dagy it alan sanaja dönderip dalap, uly
yhlaslylyk, it wepalylygyny görkezdi.
Şeýdibem ýene öñki kyn
çöregine, redaktoryñ çöregine gaýdyp geldi. Hökmürowan ony ýene
ýokaryk galdyrdy, maşyna mündürdi. Onsoñ biziñ halk ýazyjymyz
“Mersedesde” bir gaýşaryp oturdy-da, sürüjä ilerik ümledi, Berzeññiñ
ýokarsyndaky mellege geldi. Mellegi çöp basyp ýatyrdy. Emma ol muña
üns bermedi, aşaky goñşy barmy-ýok, şoña üns berdi. Onuñ özüni
görmegini, “suwy nädip düzeninini” bilmegini isledi. Emma aşaky
goñşy ýokdy, görnenokdy. Redaktor maşyndan düşüp, beýigräk ýere
çykyp, şlýapasyny gözüne kölegeledip, epeýsiräp birsellem durdy we
lapykeç bolup maşyna mündi. Eger ol aşaky goñşynyñ añyrky mellekde,
üzüm dalbarynyñ aşagynda çaý süzüp oturandygyny we özüniñ
“Mersedesli” gelenini görenini bilen bolsa, beýle lapykejem boljak
däldi...
Oktýabr, 98
ÇIGIT SATÝAN GYZJAGAZ
Men o gyzjagazy aýazly
gyş günleriniñ birinde, Aşgabadyñ Parahat mikroraýonynyñ başlanýan
ýerindäki jaryñ üstünden geçýän köpriniñ ýanynda gördüm. Şondanam ol
meniñ gözümde galdy...
Ir ertirdi. Adamlar işe
howlugyşyp barýardylar. Gyzjagaz bolsa, öñüne çaga oturgyçjygyny
alyp, köpriniñ ýanynda dik durdy. Ýöne duranokdy, çigit satyp durdy.
Çepiksije, garajürjenje, alty-ýedi ýaşlaryndaky gyz çaga, ir ertir
ýyly düşekde myrlap ýatmaga ýa-da kitaplaryny goltuklap mekdebe
gitmäge derek, gyşyñ añzagynda, köpriniñ üstüne çykyp çigit satýardy.
Köpriniñ hem asfalt ýoluñ
üstünden taýyp gelýän sowuk ýel gyzjagazyñ egnindäki dermantin
keltekçedir çit köýnekden göni geçip, arryjak petekäni bir zarbada
elesledip alyp, inçejik aýajyklaryny dagam doñara getiren borly, ol
duran ýerinde, burny soýuk-sypjyryk köwüşjiginiñ bir ökjesine, birem
daraklygyna agram berip, özem bilmän çalaja bökjekleýärdi. Başyndaky
ýaglyjagam gyşaryp, ony bolşundanam horaşaja, ejiz görkezýärdi.
Belki, men ony görmän
geçsemem geçerdim, ýa-da görsemem üns bermezdim. Sebäbi soñky
döwürde çigitmi ýene bir zat satýan ýa-da el serip gedaýçylyk edýän
çaga gaty köpelipdi. Onsoñ her kim öz çagasyny hor etmese kaýyldy,
iliñ çagasy nädip ýör, näme işleýär, kime ne gaýgy? Emma men o
çaganyñ gabadyndan parhsyz geçip bilmedim. Dogrusy, onuñ özi meni
geçirmedi. “Daýy, çigit alsañyzlañ?!” diýdi. Şo üçje sözem meni
“Häh” diýlen ýaly tisgindirdi we duran ýerimde dañyp taşlady.
Birhili, o sözleriñ aýdylyşynda üýtgeşik bir jady, çaga mähribanlygy
hem uly soranjañlyk bardy. O mähribanlygyñ hem soranjañlygyñ,
galyberse gyzjagazyñ sowuk howada çyplajyk eşikli bolup durşunyñ
gabadyndan etden ýürekli adam parhsyz geçip gider ýaly däldi. Emma
adamlar geçişip durdular.
Men aljyrap: “Çigidiñ
näçeden?” diýip soradym hem ýüzümiñ ugruna jübimi sermäp, pulumyñ
barlygyny-ýoklugyny barladym. Gyzjagazyñ sowukdan bürşüpjik duran
ýüzi açyldy: “Uly guýguçdakylar bir müñden, kiçileri bäş ýüzden, bir
pakam ýokdur, daýy. Arassa çigitdir, tagamam gowudyr” diýip
jedirdedi. “Guýguçlary özüñ ýasadyñmy? - diýip, men onuñ dogumjygna
begenip soradym. - Ýa ejeñ ýasap berdimi?” “Kiçilerini özüm,
ulularyny ejem ýasady” diýip, gyzjagaz juda çagasyradyp beren
soragyma bada-bat jogap berdi we “Size haýsysyndan, ulusyndanmy ýa
kiçisinden?” diýip sorady. Men: “Ulusyndan - diýdim, soñra
gyzjagazyñ şoña-da begenişini görüp, - ikisini beräý” diýip, üstüne
goşdum. Gyzjagaz muña monça boldy. Meniñ uzadan iki müñ manadymy uly
adam ýalyjak bolup içki jübüsinde ýygşyrdy.
Men çigitli guýguçlary
jübilerime ýerleşdirip durşuma: “Saña sowuk dälmi, üşäýme birden,
ejeñ satmaly eken-dä çigidi bumat?” diýip, ünjimi daşyma çykaranymy
duýman galdym. Aýtsamam aýtdym welin, bu sözlerim gyzjagazy
utandyrar ýa gynandyrar diýip uly alada-da galdym. Emma gyzjagaz bu
sözüme-de göwnibir ýaly jogap gaýtardy: “Çigidimi bahymrak satyp
gutarsam üşejek däl-le, ejem o köpriniñ üstünde çigit satýar” diýdi.
Şundan soñam gidiberen bolsam boljakdy, emma ýene dilime dygy
bolmady. “Hol aşakda, duralgañ ýanynda, gazýet dükanynyñ gapdalynda
adam köp bolýar, hem ykyşagrak” diýdim. “O ýerde enem oturýa,
“Kakañyz iş tapýança menem kömek edeýin” diýýä...” diýip, gyzjagaz
birhili gamly seslendi.
Men diñe şundan soñ,
megerem indi aýdara-diýere hiç söz tapman, öz ýoluma gitdim. Sebäbi
özümem üç-dört ýyl bäri işsizdim. Şol gyzjagaz ýaly üç sany garagöz
çagam bardy. Şolary aç-hor etmejek bolup ir ertirden gijagşama çenli
maşynly kireý edýärdim. Şol alada hem meni çigit satýan gyzjagazdan
has alyslara alyp gitdi. Maşyn goýan ýerimden maşyn alyp, şäheriñ
bir o çetinden, birem bu çetinden çykdym. Ilki ýangyç pulumy
gazanaýyn diýdim, soñ çagalara birki kile etem iýdirmeli diýdim,
onsoñ kiçi oglumyñ aýakgabynyñ aşagy gopupdyr, täzelemeli bolar
diýip haýdadym, garaz agşama çenli duruw bolmady.
Agşamlyk maşynymy goýup,
gabat gelen awtobusa aslyşyp, öe dolandym. Öýümiñ golaýynda, häli
irden çigit satýan gyzjagaza salgyny beren duralgamda maşyndan
düşdüm hem heniz ýapylmadyk kioskdan “Edebiýat-sungaty” alaýyn-la
diýip ýöneldim. Şol wagtam kioskyñ edil öñünde oturan garra gözüm
düşdi. Irdenki gyzjagazyñ “O ýerde enem oturýa, “Kakañyz iş tapýança
menem kömek edeýin diýýä” diýen sözleri güpbe ýadyma düşdi.
Gazýet alyp mazam bolmady.
“Şu gazýeti almak nämä gerekdi aslynda, ondan iki guýguç çigit alan
bolsañ, garra kömek bordy” diýip, ýoldan beýläk geçenimden soñ içimi
gepletdim. Bu pikirımi öe gelip, aýalyma-da aýtdym. “Senem çaga ýaly,
haýsy bir işsiziñ çagasyna ýa enesine kömek etjek - diýip, aýalym
igendi. - Onsoñam bumat çigit düşewüntli diýýäler, her kim başga
zada güýji ýetmän çigit alýa. Bire-bir galýamyş. Geçen bazarda
Jygyllyga gidemizde awtobusyñ içi haltalap çigit alyp gelýän aýaldan
doly ekeni. “Arrassalap gowrup satýas, gowy peýda galýar” diýip,
aýallar gürrüñ edýärler.”
Şondan soñ men şäherde
kireý edip ýörşüme çigit satýanlaryñ barha köpelip barşyny biygtyýar
synladym. Olar dükanlaryñ agzynda-da, bazar meýdanlarynda-da,
duralgalarda-da, ýöne ýanýollarda-da, nirede bir adam geçäýer
öýdülýän ýerleriñ ählisinde bardylar. Çem gelen ýerde, gyş ýa tomus
diýmän, ýagyş ýa ýel diýmän, köneje ýaglygyñ üstünde çigitjiklerini
üýşürip, çigit satypjyk, çigit çigitleşipjik otyrdylar. Olaryñ
töwereginde meniñ Watanymyñ bazar ykdysadyýetine geçiş döwründe iñ
bir geçginli harydyñ, çigitlenen çigitleriñ gabyklary pytraşyp
ýatyrdy...
Netijede men her gezek
Parahat mikroraýonynyñ jarynyñ üstünden pyýada ýa maşynly geçemde-de
şol gyzjagazdan çigit almagy, şeýdibem onuñ gahrymançylyga barabar
yhlasyna ujypsyzja-da bolsa goldaw bermegi adat edindim. “Seniñ
çigidiñ arassa hem tagamly” diýip, hil bir bahana-da tapyndym.
Gyş geçip ýaz geldi,
Watanymyñ bazar ykdysadyýetine geçiş döwri ýeneki gyşlara uzap gitdi.
Çigit satýan gyzjagazlar, garrylar bolsa hasam artdy. Birhili,
adamlaram çigitlenen çigit gabyklaryna çalym edýän ýaly, boşaşyp,
içiniñ mañzy alnyp taşlanan ýaly görnüp başladylar. Men olaryñ hiç
biriniñ bu çigitli ahwalaty, çigit satýan gyzjagazlary, garrylary,
gark bolanyñ sypaldan ýapyşyşy ýaly aljyraññylygy görmeýşine, asla
muña pikir bermeýşine geñ galdym. “Adamlar-ow, şu çigit satýanlary
bir görseñiz-le, bu gowulykdan habar berenok-how!” diýip
gygyryberesim geldi. Emma saklandym. Sebäbi gygyranyñ bilen bu
gykylyga düşünjek ýokdy ýa-da men muña düşünmezler diýip pikir
edýärdim.
Hudožnik dostumyñ
okuwçylarymyñ işlerini görüp git diýip jañ edeni tañ bir zat boldy.
Giçlik ussahana sowuldym. Ine-de türkmeniñ geljekki hudožnikleriniñ
işleri! Olar maña hemişe-de niçiksidir bir arkaýynlygy, nesilleriñ
ölmänligi, diýmek, türkmeniñ ýaşajaklygy baradaky beýik pikiri
gaýtaryp bererdi. Bu gezegem şeýle boldy. Meniñ öñümde dik durupjyk
çigit satýan gyzjagazyñ hem ýanýolda gaty asfaltyñ üstünde
aýbogdaşyny gurup oturan çigitçi garrynyñ plastilinden ýasalan
şekilleri durdy. Onda-da nähili şekilleri, şol meniñ görşüm ýaly
çuñññur hasrata hem çykalgasyzlyga ýugrulan ejiz, naçar hem beýik
şekilleri durdy. Olar türkmeniñ ýurdunyñ garaşsyzlyga çykyp talanan
döwrüniñ, işsizlik hem neşekeşlik döwrüniñ, erkekleriñ bu
bela-beterleriñ hiç birine garşy durup hem öýe çörek getirip
bilmedik döwrüniñ, çagalardyr garrylaryñ çigit satyp gazanjak çörek
puluna gaty mätäç döwrüniñ simwollarydy.
“Ýeri, nähili?” diýip,
hudožnik dostum meniñ pikirimi bilmäge howlukdy. Men oña gowy diýen
manyda baş atdym.
“Saglyk bolsa, bu
günlerem geçer. Çigit satýan gyzjagazlar ulalarlar, okarlar, baýdak
ýaly gelin bolarlar. Ýöne men şol beýik günlere ýetsek, şäheriñ
ortarasyndan çigit satan gyzjagazyñ, işsiz ýa neşekeş kakasyna
erjelligiñ hem göreşiñ beýik nusgasyny görkezen, şeýtmeli bolan
çaganyñ nalaç hem beýik heýkelini dikeltmegi teklip ederdim...”
diýip içimi gepledenimi welin aýtmadym.
Oktýabr, 98.
GARAŞSYZ
ÝURDUÑ SYGYRLARY
Ilki olaram, ýagny
sygyrlaram başgady. Hamala, Hindistana gelen ýaly, köçeden dagam
äwmän geçerdiler. Dokdular, ýagly süýt bererdiler. Eýelerinden hem
gölelerinden artan süýdi kolhoz ýa sowhoz satyn alardy. Garaşsyzlyk
yglan edildi welin, öñküdenem dok boljak ýaly, sygyrlar hasam
arkaýynlaşdylar. Köçelerde ygym-sagym gezmäni, irkiljiräp durmany,
gölerip ýatmany çykardylar. Bu ýagdaý sürüji görgülileri halys
irizdi, olar maşynlarynyñ düýdüllewigine basyp ýadadylar. Ahyram
şolaryñ jany ýanannyñ biri “Garaşsyz ýurduñ sygyrlary-da” diýdi.
Şondanam at galdy. Sebäbi o wagt garaşsyzlygyñ ýañy yglan edilen
döwrüdi. Radio-telegörüş hem gazýet-žurnallar garaşsyzlyk sözüni
kürk towuk ýaly käkeläp gaýtalaýardylar hem halys ýürege düşýärdiler.
Soñabaka žurnalistleriñ köp ulanýan sözlerini ýañsa alyp başladylar
we jany ýanan sürüjiniñ “garaşsyz ýurduñ sygyrlary” diýen sözi bütin
ýurda ýaýrap gitdi. Muny käte öz edýän işlerinden, ýagny ýazasy
gelmeýän zatlaryny ýazmadan bizar bolan žurnalistleriñ özleri hem
ýaýradýardylar.
Şeýlelikde, garaşsyzlyk
ýyllary uzap gidip otyrdy. Millet bolsa, barha we barha garyp
düşýärdi. Aýlyk-günlük diýilýän barha geregini artdyrýardy. Soñabaka
nan atly, il pyýada bolup ugrady. Ýamaly balak, ýyrtyk köýnek geýýän
mugallymlar, köçede hem bazarlarda gedaýçylyk edýän çagalar köpelip
başlady. Ýyllar gurak gelip, ýurtdan bereket göterilen ýaly boldy.
Şol günleriñ birinde-de men oba, inimi görmäge gitdim. Barsam,
inimiñ öýünde hiç kim ýok. Daşymy garanjaklap duranymy görüp, inimiñ
duldegşir goñşusy ýanyma geldi hemem salam-helikden soñ olaryñ
salgyny berdi.
Men maşynymy münüp,
ilerki zeý kanala haýdadym. Barsam, dogrudanam bir başagaýlyk ekeni.
Inimiñ sygry zeý kanalyñ içinde gölerip ýatyr. Inim balagyny çyzgap
zeýe giripdir hem sygryñ şor suwa degip duran eñegini ýokarrak
galdyryp saklajak bolýar. Inimin ýoldaşlary bolsa, kimsi sygryñ bir
gapdalyndan ýasy tagta diräp, kimsi şol tagta ýüpmi, simmi dañyp,
ony traktor bilen çekip çykarmagyñ hysyrdysynda.
Ahyry sygry zeýden
çykardylar. Şondan soñ bir ýazylganlyk boldy. Meniñem gele-gelmäşe
zeýe girenimi hem şor palçyga bulaşanymy diñe şondan soñ gördüler we
hemişeki oba warsakysyna geçip, gülmäge başladylar. “Sen beri
duruberseñ bolmyýamy-how, bir sygyr diýip, ütüklije balagyñ bilen
palçyga süssüriläýipsiñ-le?” diýip güldüler. Menem kem galmadym:
“Aý, sizi gaty aljyraññy gördüm-dä. Bir sygyr diýip baryñyz zeýiñ
içinde. Hemişe munuñ ýaly sygry guýrugyndan çekip çykaraýardylar-a!”
Bu söze olar öñküdenem beter güldüler: “Indi ol öñki guýrugyndan
çekip çykarýan ýa çala goltgy berseñ, özi turup gidýän sygyrlar
ýok-how, gardaş. Bular garaşsyz ýurduñ sygyrlary, guýrugyndan çekseñ,
guýrugy gopup, eliñe geljek bolup dur. Aç, hor, meýdanda çöp ýog-a
indi. Tüñküçlerine seret, torba asaýmalydyr. Şeýle bolmasa, süsüşip,
zeýe gapgarylyp, gölerip ýatjakmy bi janawarlar. Henizem wagtynda
bilnipdir, ýogsa dagy haram ölüp galmaly...”
Men sygry diñe şu
sözlerden soñ synladym. Ol dogrudanam gaty hordy. Eñegini ýere berip,
zeýden çykansoñam ýerinden galyp bilmän ýatyrdy. Traktorça hem
ýoldaşlaryna birlaý tañryýalkasyn aýdyp çykan inim bolsa, ýany bilen
getiren ýarty çöreginden döwüp, sygryny daýandyrjak bolýardy. Men
onuñ ýanyna bardym hem näme diýjegimi bilmän dymyp durdum. Inim
meniñ ýüzüme bir seretdi-de: “Indi öz iýjek çöregimizi sygrymyza
beräýmesek - diýip hümürdedi. - Çöregem-ä özümize zordan tapýas. Bir
zat bermeseñem-ä öljek bu janawar. Ýöne süñk bolup galypdyr. Ne
meýdanda ot-çöp bar, ne-de öýde iým beribilýäs. Sygyr saklap
eklenjek halymyza, sygry ekläp saklamaly bolaýdyk öýdýän...”
Dogrusy, maña bu
kartinany synlamak agyrdy. Ozallar bütin maşgalany süýtden-gatykdan
doýrup oturan tohum sygryñ beýdip ýatmasam agyrdy. Inimiñ ýüzüni
sallap oturmasam agyrdy. Ýöne meniñ elimden geljek zat ýokdy. Sygyr
maña öz ogullaryny ese-boýa galdyran hem ahyrda şol ogullardan
hemaýat tapman lagşan ýurdy ýatladýardy...
Iýun, 98. Moskwa.
Ö Ç
Tussaglykda
öldürilen 12-nji iýulçy Ç. Gurowyñ ruhuna
Soñky günler obamyzyñ
ilersindäki düýe ýatagy kän düýşüme girýär. Her gezegem şol bir
kartina, garry göhert hem onuñ öñünden gaçyp gutuljak bolýan ak
torum göz öñümde janlanýar. Torum gaçýar, göhert kowýar. Onuñ
agzyndan saçalanýan ak köpük ýüzüme-gözüme syçraýan ýaly, gassanmaç
ýüzümi syljak bolýan. Emma hiç elimi gymyldadyp bilemok. Elimem
gurşan ýaly diýip pikir edýärin we üstünde ýatypdyryn öýdýän diýip
oýlanýaryn. Soñra birbada iki elimiñem üstünde ýatyp bilmejekligim,
emma iki elimiñem gymyldamaýandygy serime gelýär. Garry göhert bolsa,
ak torumy kowalap, alarladyp barýar. Uzyn aýak ak torum sap atyp
gaçýar, öñüne çolaşýan garry düýelerden, derrew gabalýan dar
çüñkünden zordan sowlup ýetişýär. Garry göhert bolsa asla köşeşerli
däl, gaýta torumyñ gaçýanyna, edil bokurdagyndan agyz salaýmaly
bolanda hem suwlunyp gidýänine gahar edip bolmajysyny bolýar. Ak
torum düýelere agyl diýlip bellenen ýeriñ daşyna tegelenip gazylan
ýalpajyk garymyñ gyrasyna gelip kürtdürip durýar-da, bir ädende
böküp geçip biljek çukuryndan gorkup yzyna, garry göherdiñ ak
köpükli agzyna tarap öwrülýär. Men gyssanyp düýe çopana gygyrjak
bolýan. Emma töwerek ümürmi, dumanmy, ýa-da ýañy dañyñ agaryp ýören
çaglarymy, hiç kim görnenok.
“Düýäñ gözünden görünýän
ýaly” diýip, köneleriñ aýdan sözüni ýatlaýaryn. Düýe janawaryñ
kiçijik çukura-da gara gorky, uly howp-hatar bilen garaýanyny
düşündirip: “Ýokardan seredensoñ, çuñ görünýändir-dä, elbetde. Agyl
etmegiñ ýerine, ýatagynyñ daşyna aýlap, ýalpak garym gazsañam, çuñ
bir çukuryñ añyrsynda galan ýaly, ätläp-ätmerläp geçip gidiberip
bilmez. Gorkakdyr, janawar” diýip, garry çopanyñ beren gürrüñini
añymda aýlaýaryn.
Ak torum halys bolan
borly, barha haýallaýar, äwmän gäwüş salyp ýatan garry düýeleriñ
döredýän päsgelçiliginden ýaña aýaklary çaýşanaklap gidýär. Käte
ýykylyp, agzy ýer garbaýar. Emma ýene turup gaçýar. Gözleri ganguýma
bolan garry göherdem galanok. Gorkudan haýýaty göçen ak torumyñ
ahyry atymyna geljegini bilýän ýaly, käte ala-basgy bolup kowsa,
käte ahmalyna garap, dälişge başyny silkip garaşýar. Men bu darkaşyñ
garry göherdiñ peýdasyna gutarmagyndan ätiýaç edip gözlerimi
ýumýaryn. Ýöne beýdenim bilen göz öñümde janlanan elhenç kartinadan,
ak torumyñ owadan alkymyndan zogdurylýan gandan sypyp bilemok. O gan
gelip meniñ göni üstümden guýulýar. Ne ýüzümiñ ganyny sylyp bilýän,
ne-de yzraga çekilip bilýän.
Jan derinden garalan
alkym gyzyl gana boýalýar, ak torum aýaklaryndan alnan ýaly
tarpyldap ýykylýar. Garry göhert bolsa munuñ bilen köşeşerli däl.
Däbşenekläp ýerinden galjak bolýan pidasynyñ üstünden agyr göwresini
gülçüldedip goýberip, ak torumyñ owadan egri boýnuny döşi bilen
owmaga başlaýar. Hamala, öz boýnum owulýan ýaly, öz üstüme düýe
çöken ýaly, men ýatan ýerimden galjak bolup urunýaryn. Şol
başagaýlykda-da oýanýaryn. Oýanan badyma-da birwagt erkek çeýnäp
öldüren torumymyz ýadyma düşýär. “Elimden iýmläp oturan malym ýere
siñip galdy-da...” diýip, ejemiñ gussa bilen aýdan sözleri gulagyma
gelip giden ýaly bolýar.
Soñ bu düýşümi garry
agama gürrüñ berdim. Ol meniñ ýüzüme köpmanyly seredip durdy-da:
- Malam şeýle-dä bi
milletiñ... - diýdi. - Aý, hawa-da, “Mal eýesine çekmese şumluk”
diýleni-dä. Oglankak bir düýekeşi düýe çeýnänini gördük. Klasda okap
otyrdyk. Düýekeş düýesini ojardan ýükläp gelip, mekdebiñ işiginde
ýüküni düşürdi. Soñam düýesini idip ugraberjek boldy. Edil şol
wagtam düýe eýesiniñ çigninden agyz urdy. Düýekeş görgüli düýäniñ
agzynda edil içi silkilen boş çuwal ýaly galgamaga başlady. Hernä
mollumlar ylgap çykyp, düýäni aljyradaýdylar. Ýogsa ol düýekeşi
silkip zyñyp, soñam üstüne çökjek boldy. Düýe maly bir taýak uranam
ýadyndan çykarmaz, ömür ahmalyna garar ýörer diýerdiler. Şo diýleni
çyn eken. Rowaýata görä, bir baýyñ gowy görýän düýesi pyçaga gelip
ýatanmyş. Baý düýesiniñ başyny sypap: “Düýe malym - dünýe malym,
ençeme ýyl hyzmatymy etdiñ. Señ arkañdan uly döwlete, tükenmez
baýlyga ýetdim. Adamçylykdyr, bilmezlikden aç goýan bolsam, agyr ýük
urup azap beren bolsam geçireweri” diýenmiş. Şonda düýe soñky
deminde başyny galdyryp: “Aç goýanyñam hiç, agyr ýük uranyñam, ýöne
bir gezek eşegiñ yzyna tirkediñ, şonyñy geçirip biljek däl” diýenmiş.
Baý görgüli düýesini adam jaýlan ýaly jaýlap, aşyny-suwuny berip,
oña adama edilýän ähli hormaty edenmiş. Emma barybir düýesinden
sypyp bilmänmiş. Gözüni ýumdugy, düýesi üstüne patanaklap gelýärmiş.
Günde-günaşa gaýtalanyp duran bu elhenç düýşden ýaña baýyñ ahyry bir
gün akyly üýtgäpmiş we ol obadan çykyp, ümdüzine tutduranmyş. Şol
barmaşa-da çöldäki gurruk guýa gaçyp heläk bolanmyş...
- Meñ düýşümde düýe adamy
däl, torumy kowalaýa - diýip, men agamyñ gürrüñini böldüm. - Ary
köýen ýaly özem... Ýeri, torum näme edipdir oña?
- Onuñ şol ak torumlygy,
ýagny ýaşlygy, owadanlygy ar garry göherde. Gujurlylygy ar.
Başga ary ýok onuñ. Ol ak torumdan sürini gabanýa. Şundan
başga merk gerekmi?.. - Agam başyny ýaýkady. - Adamam birdir bi
ýalançyñ, haýwanam. Bir-birinden kän daşa giden däldir, gidibem
bilmez. Edil şo düýe ýatagyñ garymy ýaly, öz-özünden daşyna çyzykmy,
çukurmy aýlap ýörendir. Çyzykdan böküp geçäýmäge welin hiç ýürek
edip bilmez. Çuñdur öýder. Gorkar. Ýogsa şol çyzykdan añyrda gyzyl
gülälekli seleñ meýdanlar bardyr, añyrsyna göz ýetmeýän...
- “Bahyllyk ýigrençden-de
erbetdir” diýipdir öñem biri...
- Aslynd-a olar
bir-biriniñ dowamy-la. Ýöne bahyllykdyr ýigrençden soñ adam gahar
bilen gazaba erkini aldyrýar, öçli bolýar. Öçli adamdan bolsa, her
haýsyna garaşyber.
- “Öçlülik, arlylyk
gullaryñ duýgusydyr” diýibem bir gep bar.
- Şoñ üçind-ä adam
pahyryñ gulçulykdan çykyp bilmän gelýäni. Näçe daşyny bezäbersin,
näçe owadan jaýda ýaşadaý, barybir içi, pikir-küýi guluñkydyr.
Añsat-añsat üýtgemez. “Pylany baýapdyr diýseler ynan, garyp düşüpdir
diýseler ynan, ýöne gylyk-häsiýetini üýtgedipdir diýseler ynanma”
diýmeýämi...
Men agamyñ köpmanyly
gürrüñlerine näme diýjegimi bilmän ýylgyrdym. Ol gürrüñi başga ýana
sowdy:
- Sen düýşe ynanyp
ýörmäñi goý! Onsoñam, öýden çykman, içiñi hümledip ýatma. Arasynda
ile çyk. Bu zatlar beýdip durmaz. Toýa-ýasa görün. Bolmasa, menem al
ýanyña. Ertirden aýlañ-çaýlaña başlaly...
Ertesi irden agamyñ
diýýän aýlañ-çaýlañyna başladyk. Ilki şäheriñ alkymyndaky oba, ýas
ýerine göründik. Ýañy-ýakynda-da ullakan kürsi eýelän murtuny palta
çapmaz türkmen türmede atylan oglunyñ patasyny alyp otyr. At
çapybermeli giñ howluda, çog gyzyl teke halylarynyñ üstünde, daşyny
gallap duran dogan-garyndaşyñ içinde naçar hem nalaç otyr. Başlary
gymmat baha gulakçynly, geýnüwli ýigitler gelen-gideni
garşylap-ugradyp durlar. Meniñ göwnüme, olaryñ öýde hem toýda,
köçede hem köpçülik ýerlerinde boýunlary ýogyn altyn zynjyrly,
barmaklary göwher gaşly goşa ýüzükli bigam hem bigäne geçiren
günleri bilen şu günki hasratlarynyñ arasynda berk bir baglanyşyk
bar ýaly.
Saçakda guşuñ süýdünden
başga hemme zat bardy, ýöne gelip-gidýänleriñ iýip-içip egisýän zady
ýokdy. Birhili, bolan işde hemmeler günäkär ýalydy. Şonuñ bilen
birlikde-de bu ýerde ýakasyndan tutar ýaly günäkär ýokdy. Adamlar
günäli bigünä ýa-da bigünä günälidiler, ýa-da başga bir zatdylar.
Gözlerde çylgym-çylgym gussa hem gam, käte bolsa çyrpynyp ýatan
bigamlyk hem biparhlyk bardy. Bokurdaklardan zat geçmeýärdi.
Dodaklar çala kümşülläp, işdä saklapmy ýa-da işdä bolman
ýumulýardylar. “Yzy ýarasyn... Iman baýlygyny bersin...” Bu olaryñ
aýdyp-diýip bilýän ýa-da aýdyp-diýip biljek bar zatlarydy. Şundan
añyrda diñe “Gaýrat ediñ! Alladan gelenidir...” bardy, başga zat
ýokdy.
Agam atylan oglanyñ
kakasynyñ ýanyna süýşüp, bir zatlar soraşdyrdy. Maña onuñ ýüzüni
aşak salyp, ýuwaşja gürläp beren jogabyndan diñe käbir sözler gelip
ýetdi. “Ýaşulyñ öz ýanna bardym, reketýor şol ölen oglan diýdim.
Biziñki goranypdyr diýdim. “Ogluñy atdyrmarys” diýip arkaýyn etdi.
Ine-de edýän işi. Ýanyndan çykyp gaýdan badyma “Atyñ!” diýip
görkezme beripdir. “Goranma” diýdigi dämi bi eýsem?.. “Damagyña
pyçak goýulsa-da kaýyl bol, sesiñi çykarma” diýdigi dämi?..”
Howludan çykyp barýarkak
agamdan:
- Ýañkyñ ýaşuly diýýäni
kim bolýa? - diýip soradym.
- Kim bor, bir ýaşuly
bardyr-da? - Agam ýokaryk ümläp, ajy ýylgyrdy. - Beýleki ýaşulular
onuñ kölegesi. Oýnatgy bir topar. Oýnadan bolýalar. Olam oýnan
bolýar. Şol oýnan bolýanyñ ýanda işledi ýañky işigaýdan. Oñuşmady.
“Men señ bilen bile lüýge çümüp biljek däl” diýibem gaýtdy. - Soñam
özbaşyna hüñürdedi: - “Ine, lüýge çümmeseñ!” diýdigi şo. “Goranma”
diýdigi şo... “Kaýyl bol” diýdigi şo... Garry göhert öç alýa, içden
urýa... Ahmala salyp urýa, oguldan urýa... Namart oýnaýa...
Garry agam maşynda çekip
oturan çiliminden ikinji çilimi otlandy. Bu onuñ juda keýpi
bozulanda edýän zadydy.
- Aý, adam öldüren bolsa,
atylanny geñ görme. Bumat adam öldürmän atylýanyñam sany-sajagy
ýog-a - diýip, men agamy biraz köşeşdirjek boldum.
- Körpe ogludy. “Ganymat
şunym” diýerdi. - Agam ýolboýy gürrüñ berip barýar.- “Aýda pylança
bermeli” diýip, dükanlaryna gelip, damagyna pyçak diräp, eje-bajy
goýman durmuş o neresse-de... - Agam eliniñ aýasynyñ maýasyny
görkezýär. - Pyçagy şul eliniñ aýasy bilen tersine gañrypdyr.
Aýasynyñ maýasy çuñ ýara diýýä. Ýöne pyçagy alyp, garnyndan
süsdürmäge ýetişipdir. Ýogsa oñ ýanda çepiksije-de eken...
- Atylany bir anykmyka?
Gurply ýeriñ çagasyny atanoklarmyş-a. Atuwam köpräk para aljak bolup
berýämişler...
- Anyk-la. Ýokarkyñ özi
“Hökümi ýerine ýetiriñ!” diýer-de, heý, saklajak gümanlary barmy? Üç
harply edaradan jañ edip aýdypdyrlar... “Atdyrmarys” diýip, arkaýyn
edişini görmeýäñmi? Gurplyñky garamaýagyñkydan kyn gaýta. Garamaýak
bergä-borja batyp, başyny gutaryp bilýä. Gurply onam edip bilenok,
diñe ýokarky ygtyýar berse edip bilýä. Sebäbi ol ýokarkyñ
gözegçiliginde. Eger şoña ýakmajak bir söz diýenem bolsa işiniñ
gaýtdygy...
Ara dymyşlyk düşýär.
Radiony açýaryn. Salony diktoryñ dabaraly sesi tutýar. Agam radiony
ýapýar we öñem näçe gezek eden gürrüñine başlaýar:
- Şuny diñlemäñi goý
diýdim men. Ýa eýýäm ýadyñdan çykdymy? Eýranly türkmeniñ araçäkden
geçişini aýdyp beripdim-ä. O bende Türkmensährada goýun bakyp ýören
ýerinden bärki Türkmenistanyñ radiosyny diñleýämiş. Diñledigiçe-de
bärik geçesi gelýämiş. Sim bilen iki bölünen ýurduñ talwasy, bärki
Türkmenistanda galan dogan-garyndaşlary görmek höwesi ýüregine dolup,
gijeler ýatyp bilmeýämiş asyl. Ahyram bir gün ýüregini bire baglap,
ne bolsa-şo bolsuna salyp, simden aşypdyr ýañky. Orsam muny
tutagetmän, “araçäk bozduñ” diýip eslije ýyly ýelmäpdir. Çopan
görgüli Sibirden çykypdyr, orus tokaýlarynda agaç kesipdir. Ahyry
bir sähetli günem türmeden boşap gelipdir. Garyndaşlary ony gujak
açyp garşylapdyrlar, bir aýlap hezzet-hormat edipdirler. Işsiz
ýatmadan iren çopan ahyry dillenipdir: “Maña bir çopançylyk dagy
tapylmazmyka, öñküje öwrenen kärim näme-de bolsa” diýipdir. Oña
kolhozyñ goýun sürüsini ynanypdyrlar. Çopan görgüli goýnuñ yzyna
düşüberipdir. Ýene bir aý geçipdir. Çopan goşuna ferma müdiri
gelipdir. Goýunlaryñ guratlygyny görüp, çopany öwüpdir hem onuñ
aýlygyny we şol aýlygyñ ujundan alnan radiopriýemnigi berip gidipdir.
Çopan radiony açsa, şol on ýyl öñki ses şol on ýyl öñki gürrüñi
gaýtalap otyr diýýä. Jany ýanaýypdyr bendäñ: “Goý, sem bol, eneñem
bir ... Meñ öýümi ýykan sensiñ!..” diýip gygyrypdyr.
Men sypaýyçylyk üçin
ýylgyran boldum. Agam maşynyñ oturgyjynyñ gapdalyna gysdyrylan
gazýetlere barmagyny çommaldyp, nesihat bermesini dowam etdi:
- Şu gazýetlere-de pul
berme diýdim saña. Emma ýene alýañ. Näme täze zat ýazarlar öýdýäñ?
Şo bir bolgusyz gürrüñdir-dä. Oña berjek puluña çagalaryña bir kile
süýji alarlar. Ýa men nädogry aýdýanmy?
- Ýok-la, aýdýanyñ
dogry-la. Ýöne öñ endik edipdiris-de, alaýýas-da - diýip, men günämi
boýun aldym.
- Nerwiñi aýarlar, şu
suraty görmejek bolarlar. - Agam gazýetiñ birinji sahypasyndaky
etlek ýüzüñ üstünden barmagyny dürtdi.
- Telewizoram näçe az
görseñ peýdadyr. Barybir täze zat eşitmersiñ...
Agam gazýetlere güýmenip
ymyzgandy. Men ýuwaşjadan tizligi ýokarlandyrdym we haý diýmän
ikinji barmaly obamyzyñ çetinden girdim. Biz toýuñ üstünden geldik.
Agam begendi. Aýlanyp ýörmeli bolmaz, bar görjek adamlarymyz toýa
üýşendir diýdi. Bizi ýaşulularyñ oturan ýerine, uly jaýyñ
gapdalyndan salnan bolgusyzja tama eltdiler. Işikden ätlenimden agyr
ys, tirýegiñ porsusy burnuma urdy-da, tas yzyma öwrülipdim. Ýöne
beýtsem agamy bigelşik ýagdaýda goýjagym we ýaşulularyñ
aýlap-ýyllap gürrüñ etjekleri ýadyma düşdi-de, edep saklamak
kararyna geldim. Eýlesi-beýlesi üç-dört metrden artyk bolmadyk
darajyk otagyñ içinde azyndan on adam dagy otyr ekeni. Hemmesem ýaşy
bir çene baran ýaşulular. Törde toý eýesi, agtygyny öýerýän aksakgal
otyr. Biz işikden ätläp salam berenem bolsak, ilki baryp öý eýesi
bilen görüşdik. Sebäbi ol ýaşulularyñam iñ ýaşulusydy, segsenden
geçen adamdy. Soñ aýlanyp beýleki ýaşulular bilenem görşüp çykdyk.
Agam törde oturan aksakgalyñ ýanynda dyz epdi, hal-ahwal soraşdy we
toý gutlady. Bu gutlaga aksakgalyñ gabat garşysynda oturan gyzyl
jižžik ýüzli, garny eñegine degjek bolup duran, ýalama bolan
dodaklaryny zol-zol şapbyldadyp ýalaýan mollaçar adamam goşuldy.
Arasyna arap sözlerinimi, doga-beýlekimi goşuşdyryp, burnuna salyp
bir zatlar okaşdyrdy we beýik hem keremi güýçli Allatagaladan söz
açdy. Musulman bendeleriñ hemmesini Allanyñ öz penasynda aman
saklamagyny diledi. Gürlände-de burnuny myññyldadyşyndan çen tutup,
men ony “mele gelinden” mazalyja köklänleriñ hataryna goşdum.
Tasdan-a: “Bi tirýek çekilişi bilen Alla penasynda saklap bilermikä?”
diýip sorapdymam. Ýöne hemişe-de şuññaly neşekeş kompaniýa düşemde
edişim ýaly, “Ot-çöpden ownuk, suw-sölden sada” bolup oturmagymy
dowam etdim. Assyrynlyk bilenem içerini synladym. Tamyñ diwarlary
saman suwag bilen suwalan, beton poluñ üstünden köne-küşül keçe
düşelipdir. Gapydan giren ýeriñde demir peç, pejiñ üstünde-de çaý
gaýnadylýan gara kitir bar. Pejiñ gapdalynda iki-üç sany ýarymlyk
çäýnek bilen alty-edi sany käse dur. Gamyşdan hem gazýet böleginden
edilen müşdükler çäýnekleriñ gapdalynda pytraşyp ýatyr. Sag duldaky
ýük galdyrylan köne sandygyñ ýüzüniñ nagşy solup gidipdir. Ýokardan
sallanyp goýlan elektrik lampasynyñ ýüzüniñ siñek hapasyndan ýaña ak
ýa arassa ýeri görnenok. Gireñde mazalyja egilmeseñ mañlaýyñy çilik
ýaly galdyrýan pessejik işigiñ gabat garşysyndan goýlan kinniwanja
äpişgä tutulan tutynyñ soñky gezek haçan ýuwlanyny ýa-da ene
durkundaky ilkinji reñkini kesgitlemek bolsa, ýatyrylan Ylymlar
akademiýasynyñ işsiz galan alymlarynyñ ullakan ylmy simpoziumyna-da
başartjak däl...
Aksakgala Arkadag diýip
ýüzlenýärdiler. Ýöne onda indi ne daglyk ýagdaý galypdy, ne-de
depelik. Dereginde ak gunduz ýaly bolmaly selçeñ çal sakgal hem bir
wagtlar towlanyp ýeñsä çatylan imeşik hapa murt ony bolşundanam
beter egbar görkezýärdi. Ýeñse damarlary çykyn-çykyn bolup duran
süýri kellä gyşygrak edilip atylan köne tahýanyñ akgaýma nagyşlary
sap-sary bolsa, gyzyl hem sary goçaklary garalyp gidipdi. Ol meniñ
agam bilen hal-ahwal soraşyp oturyşyna hor ellerini çala galgadyp,
zol-zol ýüzüne gonýan siñekleri kowýardy. Ýöne siñekler ýene “siñek
ýaly” bolmaklaryny dowam edýärdiler we gelip Arkadag aganyñ inçeden
uzyn barmaklarynyñ arasynda saklap oturan agzy gara gamyş müşdügine
gonýardylar hem şol ýerde zyna ýa şerigat işine meşgul bolýardylar.
Biz kän oturman turarman
bolduk. Ýöne aksakgal biziñ duz datman gitjek bolşumyza çürt-kesik
garşy çykdy. Dyzynyñ aşagyna gysdyrylan kirli ýaglygy alyp,
gözleriniñ çikgesini, agzyny-burnuny syldy-da, “Daşardakylara nahar
alyñ diýiñ-ä” diýip, ýanyndakylara gatyrganjak ýaly etdi.
“Gelene-gidene, çaýa-suwa serediñ-ä” diýip nägile hüñürdedi. Onýança
işikde kellesi sekiz burç papakly garaýagyz pyýada göründi. Onuñ
elinde naharly tabak hem iki sany çemçe bardy. Bize golaýrak oturan
ýaşuly bir gyrada eplenip goýlan ugursyzja saçagy ortaraga çekdi-de,
naharly tabagyñ goýlaýjak ýerine ýazdy. Agam ikimiz tabagyñ daşyna
egrildik. Döwüm-dişlem çörek bilen toý çorbasyndan iki çemçe
owurtlap turarman bolamyzda bolsa ýene iki sany ýaşuly gelip girdi.
Onsoñ edep saklap, täze gelen ýaşululara hem nahar äberilerine
garaşdyk. Emma olar özleriniñ naharlydyklaryny aýtdylar we ýañy
biziñ çekilen tabagymyzdan duz datdylar. Arkadag aksakgal palawam
alsynlar diýip mürehet etdi. Emma agam töwir galdyryp berseler
turjakdygyny, ýene barmaly-görünmeli ýerleriniñ bardygyny aýtdy.
Ýaşulularyñ ýanyndan çykyp, gowaça çöp basylan ýeriñ gapdalynda
düñderilip goýlan gazanlaryñ ýanyndan geçdik. Agam ullakan demir
ojaklaryñ üstündäki boş gazanlary ýuwup-ardyp ýören egin-başy
sal-sal adama, beýleräkde ýere düşelen gaty kilimiñ üstünde küşde
hem düzzime güýmenip oturanlara gözüni ümledi:
- Toý eýesi bir zat
emlemezmikä diýen tamada şular. Bir tütün görmeseler, toý sowulsa-da
gaýtmazlar...
Posly teležkanyñ üstünde
üç tarapyndan haly asylan toý bagşysy “Bir gijäñi bagş et maña,
Aýjemal” diýip, soñky ýyllarda ürç edilip aýdylýan aýdyma gygyrýardy.
Emma ony bäş-üç sany çüteje gyz-gelinden başga diñleýän ýokdy.
Olaryñam ýüz-gözünde ne şatlyk, ne-de nur bardy.
- Aýjemal ýadyna düşenok
indi oglanlañ. Ýañky gojalar ýaly, demir pejiñ daşyndadyrlar kileñ -
diýip, agam meniñ içki pikirimi okan ýaly hüñürdedi. - Öñler tans
meýdanyndan kowup çykaryp bolmazdy, indi diñe simde oýnaýarlar...
Biz maşynyñ ýanyna
ýetiberemizde bagşy gaýgyly aýdyma geçdi, “Taýly çyragym söndi,
galdym weýran dünýede” diýip zowlatmaga başlady.
- Arkadag aga-da gaty
gojalypdyr. Gözi çylpyklap, ýeñsesi bir gysyma geliberse boldugydyr
adam pahyryñky. Arkasy ýere degmedik pälwandy - diýip, agam maşyna
münüp oturandan soñ aýtdy. - Eşek ýaly daýaw köpegiñ topulanny
gördüm şuña. Gaty ýarak itdi. Betdi. Ýat it dagy gelse, soñam
yzyndan ýetdirmän gaçsa, özüni öldüräýjek bolardy. Uruşsa dagy,
üstüne bedreläp suw guýup zordan aýrardylar. Art aýaklaryna galyp,
dim-dik bolşup durandyrlar. Öñ aýaklary bolsa, edil gyzylýumruga
giren adamlaryñ eli ýalydyr. Ana, şol bet itiñ bir-ä Arkadaga ýetip
barýanyny, birem Arkadagyñ ite topulanyny, soñ itiñ hyrra yzyna
öwrülenini görüp galdym. Emma it gaçyp ýetişmedi. Pälwan eýýäm onuñ
guýrugyndan aýlap tutan eken. Onsoñ ýañky itiñ aýaklary ýerden
üzüldi. Pälwan ony çyñsadyp-wañkyrdyp daşyndan aýlamaga başlady.
Itiñ guýrugynyñ birhili şatyrdaýan ýaly ses çykarýanyny bilýän. Şol
barmaşa-da pälwan elini guýrukdan sypdyryp goýberdi welin, ala tozan
bolup ýere gülçüldäp düşen it ilerligine tarap guýrugyny ýamzyna
gysaýandyr. Ýogsa mydama ötegçileri kowalap, gaýrak, jaryñ
añyrsyndaky ýal iýýän ýerine giderdi... Gahrymanyñ ýyldyzyny ilkinji
bolup dakynan adamlañ biridi, “ýüz ene goýundan ýüz on guzy alýar”
diýip, baý, taryplandyrlar-a! Gazýetiniñ-radiosynyñ bar gürrüñi şudy,
başga gürrüñ ýok ýalydy. Hanha, siñekläp otyr indi, hiç kime gerek
däl. Bar ýapyşalgasam “mele gelin” bolsa, onam tapsa gülläp,
tapmadyk güni azarlap oturmaly bolsa... Dirikäñ dowzaha girmek-dä...
Men içimi hümledip oñdum.
Agam köne başlygam görüp geçeli diýdi.
Köne başlygam özi ýaly
biri bilen eýwanda demir peji gapdallap oturan ekeni. Ikisem ütülje
geýnen. Üç-dört gün bäri päki görmedik ýüzler ne bir sakgally, ne-de
bir sakgalsyz ýaşululary hasam bigelşik görkezýär. Öñlerinde-de toý
ýerinde gören gurallarymyz, müşdükler hem ýene-ýeneler. Bu taýda-da
oturyp mazamyz bolmady. Köne başlygyñ ogullary nahar-çaýyñ ugruna
çykjak bolup şunça özelenselerem, agam olary saklady. “Ýöne görüp
geçäýeýin diýip sowuldym, hiç zady azar edinmäñ, men derrew turjak”
diýdi we sözünde-de tapyldy. Men onuñ içki pikirini ýene maşyna
münensoñ bildim.
- Başlygyñ ýandaky öñki
perme müdiri. O mahallar kolhozyñ otuz müñe basalykly goýny, sürüläp
sygyr-düýesi, gylýallary bardy. Ikisem gaty zor adamdyr öýdülerdi.
Bulardan soñ gelenler malam, tehnikanam dagytdy. Ine-de bularyñ
özleriniñ bolup oturyşy. Ýañky perme indi gijelerine öz oglunyñ
işigindäki baggoýunlary ogurlaýa diýýä. Ogly bir gije garawullap
oturyp tutupdyr. “Kaka, bi edýän işiñ näme?” diýse, “Bu işi men,
kakañ etdi näme, ogullañ etdi näme?” diýip gülýämiş.
- O näme diýdigi bolýa oñ?
- diýip, men hiç zada düşünmän soradym.
- Agtyklaram neşekeş
bolansoñ, begenip aýdýan zady bi oñ. Adam pahyryñ betbagtlygynyñ
çägi ýok. Öz ogluna-da göriplik edýär. Nämemiş, ol iliñ ogly ýaly
dälmiş, özüni ata-enesinden aýry tutýamyş. Agzy arassasyran bolýamyş,
çekmeýämiş. Begend-ä how çekmese gaýta! Ýok, begenenok.
Gysgançlygyndan çekenok, heleýinden gorkýa diýýä. Agtyklary neşe
öwrense begenýä. Hamala, ozal oglundan ary köýüp, indi aryny alan
ýaly...
Aglasañ aglap, gülseñ
gülüp oturmaly duşuşyklardan hem çukanak-sukanak ýoluñ siltewinden
ýaña içim ellik bilen syrylan ýaly bolansoñ, men agamdan
ajyganyny-ajykmanyny soradym. Arkaýynrak bir ýer tapyp, nahar
edinmegi teklip etdim. Agam çilimini uzyn-uzyn sordy-da:
- Señ şu çilimi
çekmeýäniñ gowy - diýdi. - Asyl meñ şol öñki aýdanym, çilimem çekjek
bolma, aragam içjek bolma. Uruşjak ýa küştdür kart oýnajak hem bolma.
Gara saçly mollalara-da kowalaşma. Şu zatlary edeniñ birine şah
çykjak bolsa, maña çykmaly. Wagtly-wagtynda naharyñy iý, ýedi sagat
ýat hem öz işiñ bilen bol...
Agamyñ şol öñki
nesihatçyllygyna tutmagyndan hem meniñ nahar edinmek baradaky
teklibimi unutmagyndan gorkyma:
- Nahar tapsam iýjek-le -
diýdim. Agam çilimini söndürip oturyşyna sowulmaly köçäni hem
barmaly jaýymyzy görkezdi.
- Nahar tapylar, şo ýerde
gözüñ awusynam al - diýip, agam özbaşyna diýen ýaly gürledi. -
Gaýdaly onsoñ ýuwaş-ýuwaşdan... Öz günüñ gadyryny bilmek üçinem käte
ile çykmaly öýdýän. Öñem biri şuññalyda “Men öldümmikäm diýsem, il
porsan eken” diýipmişin...
Biziñ baran öýümiz agamyñ
elli ýyl mundan öñ bile okan ýoldaşy Reşidiñ öýi eken. Ol bizi gujak
açyp garşylady, “Şeýd-ä how, gel-ä şeýdip” diýip birnäçe gezek
gaýtalady.
- Sen gelmeseñ, biz
gelmeli borus-da bolmanda-da - diýip, agam igesini sürtüp gürledi.
Olar öýe girmän, daş
işikde hal-ahwal soraşyp durkalaram howlynyñ ýokary çetindäki towuk
ketekde towuklaryñ wakgyldysy köpeldi. Reşit aga biziñ towuk ketek
tarapa seredenimizi görüp:
- Hana, oglanlar eýýäm
horaz tutdular, geçiñ bakaly - diýip, içerik mürehet etdi.
- Horaza azar bermelläl
eken-dä - diýip, agam sypaýyçylyk etdi.
- Sen azar bermeseñ,
horazlar saña azar berer. Düýn şäherden agtyklar geldi, üstlerine
towsup barýalar asyl. Häý, birki sanyñyz-a pyçaga geläýse gerek
diýdim şonda. Esasanam iki sany gyzyl horaz dyzmaçdy, şolary
tutandyrlar häzir. Gyzyllañ möwritiniñ geçenni bilenok olar...
- Bizi bahanalap,
horazlardan agtyklañ aryny aljak-da onda - diýip, agam ýylgyrdy.
Öýe girip
oturyp-oturmankak orta ýüzi köpürjikläp duran agaranly düýe çal
bilen düýe ýüñ saçaga dolanan mele-myssyk tamdyr çöregi hemem
işikdäki mellekden ýañyja ýyglan ýaş sogan geldi. Agam
çaldan-çörekden öñürti gözi bilen küşdi gözledi. Reşit aga muña
düşüş bolarly, oturan ýerinden şifoneriñ aşagyndaky küşdi ýanyna
çekdi. Olar birki döw oýnap-oýnamankalaram ýukajyk saçda
gowurmyşlanan gelin kömelekdir gyzardylyp bişirilen horazlar geldi.
Reşit aga telewizoryñ aşagyndaky barjagazyndan çüýşelerini çykaryp
oturyşyna agamyñ köp gaýtalaýan degişmesini ýatlady. “Gapyny kaksam,
“Kimsiñ?” diýýäler. “Sary” diýýän menem. “Reñkiñi soramok, adyñy
soraýan diýýäler” diýýädi diýip ýatlaýan.
- Tüweleme, sen ýagşy -
diýip, agam Reşit aganyñ gyrmalap guýan bulgurlarynyñ birini eline
alyp aýtdy.
- Aý, üýtgeşik ýagşylyk
ýok-la - diýip, Reşit aga müýnli ýylgyrdy. - Señ ýanyña bir gideýin,
görüp gaýdaýyn diýýän, aýaklammy gaýgy edýän-de oturyberýän. Öñkülik
ýok indi. Kän ýöredenok. Oglanlara-da iş bolasyñ gelenok.
Mal-gara-da oñ üstesine...
- Mal-gara ýarasañ ýagşy
boldugyñ bor şo - diýip, agam öz diýeninde durdy. - Bu zatlaram
oñarmak gerek,- ol saçagyñ üstüne elini aýlady. - Hemmesi özüñden
önýär, bazaryñ oduna ýanmaly däl. Señ öýüñe gelip, düýe çal içmän
giden gezegimiz ýokdur. Ýadyñdamy, Orsýetden Türkmenistana arak
ýükleýämişler welin, araklar çelekden çykyp gaçýamyş, o ýerde süzme
diýip, çal diýip bir bela bar, gitjek däl diýýämiş diýip gülýänimiz?..
Bu gürrüñler Reşit aganyñ
öñem açyk göwnüni has açdy. Ol öz kakasy pahyryñ “Ýaz göksüzden,
güýz aksyzdan, gyş possunsyzdan akyl soramagyn” diýip gaýtalamany
gowy görendigini ýatlady.
- Men öz oglanlamma
aýdýan, hana Reşit mydama gapyda mal saklaýa, hiç wagt mellegini boş
goýanok diýýän. Çagalaryna-da şu gylygyny öwredýä diýýän...
Reşit aga bu gürrüñlere
çaga ýaly begendi we begenjini gizlejegem bolup durmady.
- Şeýtmeseñ boljagam däl
ekeni, Sary jan! Bir toparynyñ çagasynyñ aç syryljyrap ýörşüni görüp,
kakam pahyry ýatlaýan. Emma şol adamlar çagamy aç saklaýan
diýenoklar, ile akyl berýäler. Toýda-märekede-de şoñ ýaly, içjegem
şolar, çekjegem. Ind-ä toý edip, märeke üýşir dagy eder ýalam däl.
Neşekeş ýaşulular bir gapdaldan, aç milletem ikinji gapdaldan.
Naharyñ bişip-bişmänkä gazanyñy göterip barýar edil. Nahar üstünde
aýallar arasynda saçýoldy oýnaşylýan toýlaram bar indi. Beýle-beýle
zatlary göreris öýdemzokdyk, alla...
Saçak başyndan çekilenimi
görüp, Reşit agadyr agam maña: “Nahardan bolan bolsañ, ýat-da gözüñ
awusyny al” diýdiler we küşt çöplerini tagtañ üstüne barha gaty
tarkyldadyp urmaga başladylar. Men bir gyra çekilip gyşardym we ilki
baran ýerimizdäki düñderilgi gazanlary göz öñüme getirip uklap
galypdyryn.
Bir görsem, düñderilgi
gazanyñ aşagynda ýatyryn. Daş-töweregimem adamdan doly. Ilki kelläme
gelen zat munça adam bolup, bir gazanyñ aşagyna nädip sygdykkak
diýen pikir boldy. Soñ dem almaga howa bir ýetermikä, uzag-a beýdip
ýatyp bilmesek gerek diýip oýlandym. Bir alajyny edip çykjak bolmaly
bolar-a, bi adamlar näme öýlerine gelen ýaly arkaýyn otyrlar diýdim.
Ýatan ýerimden elimi gazanyñ gyrasyndan daşaryk uzatjak bolup gördüm,
bir elim geçse, ýokaryk gozgaryn öýtdüm. Emma gazan meniñ çen
edişimden agyr hem galyñ bolup çykdy. Onsoñ ýerimden dikelip oturdym
hem ellerimi ýokaryk, gazanyñ düýbüne diräp galdyryp görmek isledim.
Emma bu-da bolmady. Gazan meniñ çenimden has agyr çykdy. “Gadymy
kyrk gulak gazanlardan öýdýän, bir adama-iki adama gozgadar ýaly däl”
diýdim. “Şony bilýän bolsañ näme gozgajak bolup çyglyp otyrsyñ?”
diýip, gazanyñ sag dulunda oturan biri hüñürdedi. Men ony sesinden
toýda gören ýalama mollam etdim we beýlekileriñem bir gören
adamlaryma meñzeýändigini, ýöne garañkyda gaty saýgartmaýandygyny,
eger gepleseler tanajakdygymy añymda aýladym. “Aý, jemagat, näme
hemmäñiz agzyñyza suw alan ýaly bolup otyrsyñyz, gepläñ-ä bir zat!”
diýdim. Emma ýagşydan-ýamandan sesini çykaran bolmady. “Balyklar
boluñ-a, balyk bolup geçmişler, arakdyr tirýegiñ başynd-a hiç kime
gezek bermeseñiz gerek” diýip içimi gepletdim. Bu pikirimi daşyma
çykarjak bolup agzymy açanymam şoldy welin, çep dulda gazana arka
berip oturan ýaşuly ardynjarady. Men ol bir zat aýtjak bolýandyr
diýip oýladym we garaşdym. Emma ondan wagty bilen ses çykmady. “Siz
bir zat diýjek bolduñyz öýdýän?” diýip, meniñ özüm oña ýüzlendim. Ol
ýuwdunyp bir durdy-da: “Özleri gozgaýançalar ýa çykyñ diýýänçäler
garaşaýalyñ-la, çydamazça däl-ä beýle...” diýdi. “Beý diýmesene,
agam! Howa ýetenog-a bärde, demigip öleris-ä beýdip otursak” diýip,
men onuñ aýdýan zadyna ör-gökden geldim. Oturanlar ýerli-erden meni
goldar, iñ bolmanda başga bir pikir aýdar öýdüp garaşdym. Emma ýene
hiç kimden ses-seda çykmady. Onsoñ ýañky ýek görnen,
“garaşaýalyñ-la” diýen adam hem geplemän oturanlardan ganymat bolup
göründi. Men emedekläp onuñ ýanyna bardym. “Agam, bir zat edeliñ-le,
beýdip haram ölmäliñ-le” diýdim. Ol meniñ ýüzüme dikanlap
oturdy-oturdy-da, ahyry añyrsynda oturan dolmuş adama tarap öwrülip,
ondan bir zatlar sorady. Men añyrkynyñ makullaýjylyk bilen baş
atanyny görüp, ýeñillik bilen dem aldym. Onsoñ meni maslahat
soralýan dolmuş adamyñ ýanyna geçirdiler. Men oña-da şol bir haýyş
bilen ýüzlendim, “Üýşüp gazany galdyralyñ, aşagyndan çykalyñ!”
diýdim. “Bir topar erkek bolup, bir gara gazanyñ aşagyndan çykyp
bilmän oturmak bolmaz-a, beýle-de bir gara güne galmak bormy?”
diýdim. Dolmuş adam “haş” edip uludan demini aldy we “Erkek galdymy,
inim?- diýdi. - Görýäñ-ä, kileñ ogrumydyr neşekeşe öwrülen-ä bi
millet... Näçe isleseñ gazan ýalaşjak taparsyñ, ýöne ýük göterişjek
tapmarsyñ...” Men onuñ ogluna atuw jezasy berlen ýaşulydygyny diñe
şundan soñ bilip galdym. Onýança bu gürrüñe ýalama molla hem goşuldy.
Ol: “Hudaýdan gelen zatdyr, hudaýyñ özi dep etmese, gury arrygyñy
gynanyñ galar, hudaýy çagyryp oturalyñ, adamlar!” diýdi. Soñam
burnuna salyp, dogamy bir zatlar okan boldy. Bir görsem, ýalama
mollanyñ añyrsynda Arkadag aga, köne başlykdyr onuñ ferma müdiri,
müdiriñ agtyklary dagam otyr. Bir ýerlerden ýanyk tirýegiñ ysam
gelýän ýaly. Hemmesem ýalama mollanyñ agzyna añkarýar.
Öñem dar kejebäm bu
ýagdaýa hasam daraldy. Ýöne her näçe gaharym gelse-de, dilimi
dişlemeli boldum. Dar ýerde depämi garanyp oturyşyma, birwagtlar
dowzahylañ gazany hakynda eşiden gürrüñimi ýatladym. Hamala,
dowzahda täze işe gelen perişdäni iş bilen tanyşdyryp ýörmüşler.
Garry perişde ýaş perişdäni günäkärleriñ gaýnadylýan kyrk gulak
gazanlarynyñ ýanyna getirýärmiş-de, gürrüñ berýärmiş: “Ynha, öñ şu
gazanlaryñ hersine bir daýaw perişde gözegçilik ederdi. Gazandan
çykjak bolýanlaryñ küpesine taýak bilen berip durmaly bolardy. Indi
oñ zerurlygy ýok. Ştatlary näçe kemeltseñ kemeldibermeli. Ine, bu
gazandakylar çykaýsa-da gitjek ýerleri ýok. Arak ýa tirýek alyp,
ýene yzlaryna gaýdyp gelýärler. Bu gazandakylar bolsa, birinjiden,
çykjak bolýany az, ikinjiden, özleri çykjak bolanyñ aýagyndan
çekýärler, üçünjiden, äwüp-säwüp sypany hem ýokaryk çykyp, indiki
çykjaklaryñ depesinden basýar. Onsoñ bularyñ çykjak bolanyna-da,
gazandan daşyna çykanyna-da zat degemzok. Barybir şu gazanyñ
erñeginden daşa gidenoklar. Aýlyksyz işläp berýäler. Ine, bu gazana
iki sakçy gerek bolýar. Sebäbi, birinjiden, çykjak bolup dyzaýany
kän, ikinjiden, gazandakylar çykjak bolýanyñ aýagyndan galdyrýarlar,
üçünjiden, gazanyñ daşyna çykany hem yzynda galanlary çykarjak
bolýar. Ýöne indi bu gazandakylar azalýar, beýle adamlary indi o
dünýede-de halanoklar...”
Meniñ pikirlerimi dolmuş
adamyñ ardynjyramasy bozdy. “Bendäm bendäme sebäp” diýendir Alla-da,
birleşsek bir zat etsegem ederis - diýip, ol meniñ gulagyma pyşyrdap
diýen ýaly aýtdy. - Biz saña kömek etjek bolaly, gazany galdyryşaly.
Ýöne sen çykañsoñ bizem çykarjak bol. Bir zadam öñünden bilip goý,
çykanyñ bilenem dabyrap gidiberip bilmersiñ. Çalbaş perişde bardyr
öñüñde. Gazanyñ üstüne çykyp, eline kepgir alyp oturandyr.
Daşynda-da bir topar özi ýaly çalgöz nökeri bardyr. “Telpegini al
diýilse, kellesini almaga taýyn” diýilýänlerdir. Şolardan sypyp,
soñam biziñ yzymyzdan gelerin diýseñ kömek etjek. Bardy-geldi
tutulaýsañam biziñ adymyzy bermezlik şerti bilen özem...”
Men bu şertleriñ ählisine
razydygymy bildirip baş atdym. Dolmuş adamyñ ýoldaşlary üýşüp,
gazany ýerinden çala gozgadylaram welin, men daşaryk diñ saldym.
Daşardan gazana urulýan çemçeleriñmi, gazanyñ düýbüni gazaýan
kepgiriñmi sesine meñzeş sesler, bir gaty zadyñ beýleki bir gaty
zada degip tarkyldap çykarýan sesi, pişik urşandaky ýaly gykylyk, it
urşandaky ýaly wagyrdy, bir topar garyşyk galmagal eşidilýärdi. Men
bu galmagalyñ nämedigini sorajak bolup başymy galdyrdym. Şol wagtam
agam bilen Reşit aga gözüm düşdi. Olar dolmuş adamyñ añyrsynda
otyrdylar.
“Gazan bilen çemçäniñ
sesidir bi, inim - diýip, Reşit aga meniñ heniz sorap ýetişmedik
soragyma jogap berdi. - Boýnundan gazanyny asan adamlardyr,
biriniñki garnyna, ýene biriniñki gasygyna dañlandyr. Başga iş etmez,
diñe şol gazanyny gazar ýörer. Şo gazanyñ ugruna gider. Ahyrynda
barjak ýerem şol gazanyñ içidir. Özgeleri gazana atjak bolup, özem
bir gün gazana düşenni bilmän galar. Gazanyñ daşyndakylaryñ bizden
tapawudy, olar entek gazanyñ içine düşmediklerdir. Ýöne olaryñ her
äden ädimi, her uran çemçesi gazana düşmek üçin taýýarlykdyr...”
Ýalama molla dagy ahyry
ýatyp galdy. Dolmuş adamdyr ýoldaşlary maña “Nädýäñ?” diýen manyda
seretdiler. Men daşaryk ümledim. Olar üýşüp, gazanyñ erñegini
aşagyndan adam sümäýer ýaly galdyrdylaram welin, alty at güýji bilen
dagy daşaryk okduryldym. Ilki serime gelen zadam: “Wah, gazany
galdyryp boljak eken-ä - diýen pikir boldy. - Diýmek, galdyryp bolsa,
agdarybam bolar” diýip oýlananymam şoldy, ala-güpürdi turzup bir zat
geldi. Men gazana ýaplanyp bukuldym. Patanaklap gelýän örküçleri
gyşaryp ýatan äpet göhertdi. Göherdiñ üstünde bolsa, inedördül bir
ganara saman dykylan ýaly bolup, çal baş bir zat otyrdy. Men gazana
ýelmeşäýjek bolup oturyşyma Çalbaşy içgin synladym. Ilki göze ilýän
zat, onuñ elinde ullakan kepgir bardy. Ol şol kepgiri gazanyñ çem
gelen ýerine şarpyldadyp urýardy. Men gazanyñ üstünde üýşüp oturan
gujagy kiçijik gazanjykly adamlary, biziñ gazanymyza goñşulykda hem
ondan daşrakda düñderilen san-sajaksyz kyrk gulak gazanlary hem
olaryñ üstündäki boýny gazanly adamjyklary diñe şundan soñ görüp
galdym. Şobada-da Reşit aganyñ aýdanlary ýadyma düşdi. Garry
göherdiñ üstündäki eli kepgirlini bolsa, dolmuş adamyñ aýdan Çalbaş
perişdesi etdim. Onuñ münüp ýören göherdi meniñ düýşümde köp gören
garry göherdime gaty çalymdaşdy. Ýöne indi meni garry göhert däl-de,
onuñ üstündäki “perişde” kän gyzyklandyýardy. Şonuñ üçinem men bar
aladamy perişdäni ýakynrakdan görjek bolmak etdim. Gördümem. Çalbaş
birki gezek kepgirini şarpyldadyp geçip gitdi-de, birden meniñ
ýaplanyp oturan gazanymyñ gabat garşysynda münüp oturan göherdiniñ
nogtasyny çekdi. Men onuñ özüme tarap dikanlap seredenini hem biri
aglap, beýlekisi gülüp duran gözleriniñ agy bilen garasynyñ gatyşyp
gidenini görüp ýetişdim. Goçak kellesi boýunsuz-zatsyz göwrä
ýelmeşip gidýän we etlek alkymlary sallanyp duran “perişdäniñ” garny
böwen ýaly çişikdi. Aýaklary inçeden keltejikdi. Saçlary ak bilen
çalyñ aralygynda bir zatdy. Men özümi ertekiler dünýäsinde bir
ýerlerde gezip ýörendirin öýtdüm hemem bu dünýäden nädip bahymrak
çykyp boljaklygy hakynda oýlandym... Birdenem göhert meniñ üstüme
patanaklap gaýtdy. Men turup gaçdym. Şol gaçyp barşyma-da göherdiñ
aýaklarynyñ güpürdisi bilen gazanlara urulýan kepgiriñ şarpyldysynyñ
deñ diýen ýaly çykýandygyny, her gezek gazana kepgir degende-de bir
topar boýny gazanlynyñ böküp turýandygyny we Çalbaş perişdä taryp
aýdyp gygyryşýandygyny añymda aýladym. Bu taýda meniñ ömür görüp
ýören zatlaryma bir meñzeşlig-ä bar diýip pikir etdim. Onýança-da
göhert yzymdan ýetdi öýdýän, ýeñsäme kepgirmi-bir zat bilen
gürpüldedip urmaga başladylar. Düñderilgi gazanlaryñ üstünde boýnuna
galstuk ýerine gazan dakyp oturan adamjyklaryñ gykylyk-gowry artdy.
Men olaryñ “Yna saña gazandan çyksañ! Al almytyñy, gazan dönügi!”
diýip gygyryşýanlaryny eşitdim. “Beh, bular näme gygyryşýakalar?
Näme ýamanlyk etdimkäm men? Gazandan çyksam, begeniñ-dä gaýtam.
Gelip sizem çykararyn-da. Ýa çykarmaz öýdýälermikä?” diýip pikir
etdim. “Göherdiñ aşagyna düşüp ölsem begenjeg-ä kän ekeni” diýip
haýran galdym. Onýança olaryñ biri ýüzüne bir zat tutup geldi-de,
boýnundan asylgy gara gazany bilen küpäme ýapmaga başlady. Men onuñ
ýüzüne zat tutmasyny, özüni tanatmajak bolşuny geñ gördüm. Diýmek,
bir utanç iş edýänin-ä bilýär bi diýdim. Şol gürp-gürpüñ arasynda-da:
“Sen näme şu adamlardan artykmy, gazandan çykan bolup... Gahryman
boljak bolýañmy?” diýip hüñürdeýänini eşitdim. Soñ onuñ yzyna
eýerenler, ýagny ýüzüne zat ýapyp hüjüm edýänler köpelip başlady.
Asyl üýşüp, garry göherde-de ýetirmän üstümi basdylar. Soñ olaryñ
üstünden gelip garry göherdem çökdi. Göherdiñ aşagyndan diñe kellämi
çykaryp ýatyşyma töwerekden delalat isledim. Delalat nire? Gaýta
göherdiñ üstünden Çalbaş perişdäniñ kepgiri tarpyldap inmäge başlady...
Şu başagaýlygyñ içinde-de oýanypdyryn. Ilki düşünen zadymam üstüme
hiç hili göherdiñ çökmänligi, üşäýmesin diýip possun ýapylanlygy
boldy. Çalbaş perişdäniñ kepgiriniñ tarpyldysy diýýänim bolsa,
küşdüñ tagtasyna urlup çykýan ses eken. Başymy ýassykdan galdyrsam,
agam bilen Reşit aga henizem küşt oýnap otyrlar. Her göçümde-de, “Al
saña gerek bolsa, almytyñy alaýdyñ öýdýän şu gezeg-ä!” diýen ýaly
sözleri näme aýdýanlaryny bilmän gaýtalaýarlar we küşdüñ tagtasyna
biri-birinden gaty urýarlar...
Uzak gije ýatman küşt
oýnan we çilim çeken iki ýoldaş meniñ turanymam, daş çykyp gelenimem
bilmedi. Ýöne meniñ yzym bilen ýene bir adam içerik girdi we birhili
basyk ses bilen salam berdi. Küştçüler diñe şundan soñ başlaryny
galdyrdylar.
- Hä, gel-de geçiber,
Meret goñşy! - diýip, Reşit aga onuñ salamyny alyp aýtdy. Ýöne gelen
adam geçibermedi. Birhili ýaýdandy. Reşit aga onuñ dañ-säher bilen
gelşinden hem bolşundan bir ýakymsyzlygy añyp ýerinden turdy. -
Eýgilikmi? - diýip sorady.
- Aý, şo... beýledäki
dogmamyz... - Meret aga bokurdagy dolup gepläp bilmedi.
- Pä-heý, bi nä habar
boldy? - Reşit aga gynanç bilen başyny ýaýkady.
Meret aga dañdanky
otludan düşen obadaşynyñ getiren şum habaryny, Aşgabat türmesindäki
oglunyñ ýogalandygyny kynlyk bilen aýtdy. Ol Aşgabatdan myhman
bardygyny eşidip, gaýtsalar menem äkitmezmikäler diýip gelen ekeni.
Bu gürrüñden soñ biz derhal ýola düşdük.
Ýolda agam Meret agadan
oglunyñ näme günä edenini, türmä nädip düşenini sorady. Meret aga
uludan demini aldy:
- Dogrusy, biz-ä şoñ näme
günä edeninem bilibilmedik. Bir ýyl mundan öñ tagtabazarly
gullukdaşyny bir gije myhman alypdyr. Şondan ýedi aý geçenden soñam
ýañky tagtabazarly tirýek bilen tutulypdyr. Onsoñ muny kimler bilen
gatnaşyk edýädiñ diýip ýençmäge başlarlar-da. Olam arasynda
gyssanjyna biziñem oglumyzyñ adyny tutupdyr, bir gije myhman bolanny
aýdypdyr... - Meret aga ýene haşlap dem aldy. Men aýnadan onuñ emaý
bilen gözýaşyny sylýanyny gördüm hem indi şeýle gürrüñleriñ günde
bolmasa-da, günaşa eşidilýäni barada pikir etdim.
- Şo bolsa, başga merk
gerekmi, gurduny gündiz uwladypdyr-a olaryñ - diýip, agam çilim
otlanmaga oturdy.
- Şo gije idenekledip
äkitdiler... Soñ ol tagtabazarly muñ hiç zada dahyly ýok, ýöne öýüne
myhman bolup geçdimem diýýämiş. Emma öñ oña biziñ oglumyza on kile
tirýek düşürip geçdim diýlip ýazylan kagyza gol çekdiripdirler. Şo
kagyzy tutup otyrmyşlar soñ. Ol oglanam urlup-enjilip, näme gol
çekenni bilmänni aýdýamyş... Onsoñ şeýtdi-de gidiberdi, gidiberdi...
- Aklawçy dagy
tutmadyñyzmy? - diýip, agam näme diýjegini bilmeýän adamyñ soragyny
berdi.
- Aklawçy tutduk-la. Ýöne
olam çäresiz biçäre eken. “Aklawçy diñlenýän ýurt däldir, agam,
çilim geçir diýseñiz, çörek elt diýseñiz elteýin, başga nepim degmez,
diýlen puly bermeseñizem sypdyrmazlar” diýip otyr. Ahyrsoñunda
soralýan puly eşitdik-de, syrtymyzy ýere uraýdyk. Tutuş obamyzdan
çykjak däl onça pul... Onsoñ mañlaýdakyny göreli diýip oturyşymyzdy.
Ine-de şeýle habar geldi... Ýüzünde-gözünde-hä gök tegmil-beýleki
ýok diýýä. Ýöne inegi göm-gök bolup süýnüp ýatyr diýýä. Wah, boýun
aldyrjak bolup, marly sarap, inegini towlaýalar diýip habaram
geldi-le... Başga çärämiz ýok, öýde aglaşyp otyrys. “Jan saglygyndan
zeýrenen çaga däldi, çilimem çekenokdy” diýýäs. Gül ýaly gelni, üç
sanjagam gözmonjugy ýaly çagasy bar, dökülip galdy anha... Ýeri,
ulular düşünýä diýeli, çagalara näme diýjek? “Kakga hany? Kakga
gelenok?” diýip aglaýalar, seslerinden durar ýaly däl. “Dirikäk
dowzahy görkezdiñ-le, tañrym, näme günä etdikkäk biz beýle?” diýip
aglaýas... Ýogalandan soñam üç günläp peredaçi alypdyrlar. Her
gezegem ony getir diýdi, muny getir diýdi diýip, bir topar zat
getirtýämişler. Inim görgülem näme diýseler ylgap eltýämiş. Ahyry
dördünji gün bir orus gözegçi “Saña hiç zat aýtmadylarmy? Iniñ
ýogalanna dört gün bold-a” diýipdir... - Meret aga ýene gözüniñ
ýaşyny syldy.
- Iman baýlygyny bersin!
Alladan gelse, etjek alajyñ bolmaz - diýip, agam göwünlik berýän
äheñde aýtdy.
- Wah, bendesinden
geldi-le bize - diýip, Meret aga ýolboýy ýandy. - Para aljak bolup
etdiler-le, doýmaz-dolmaz açanlar. Özleri satýar-a tirýegi,
garamaýaga ýetirenoklar-a... Tirýek satjak ogul däl-ä meñ oglum!
Satsa men hökman añmal-a. Ony satan gürrüñsiz üýtgeýär-ä. Näme üçin
lükgeläp tirýek satýan bilen bigünäni saýgaryp bolanok, bular
çopana-da aýyl-saýyl-a?! - diýip ýandy. - Asyl lükgeläp satýanyñ
golaýyndan baranoklar-a! - diýdi. - Heý, oglum tirýek satar-da, men
bilmenmi? On kileläp tirýek agdarýan bolsak, beýdip aýagymyzy süýräp
ýörmeris-ä? Akyla syganog-a bi zatlar... - diýip käýindi.
- Galanna uzak ömür
bersin! - diýip, agam Meret aga göwünlik bermesini dowam etdi. -
“Beterinden saklasyn” diýýändir türkmen. Beterini görkezmesin.
Beterinden beteri bardyr... Yzy kesilsin...
Bu gürrüñler tä Meret
agany inisiniñ öýüne düşürýänçäm gaýtalandy. Soñ agamyñ öýüne
ýetýänçäk dymşyp gitdik. “Öýdenem çykar ýaly bolmandyr indi.
Oturanyñ gowy ýene, köp zady eşideñok, göreñok...” diýip, ol meniñ
bilen gamly hoşlaşdy.
Öýe gelip, diwana süýndüm,
ýöne hiç uklap bilmedim. Soñ kiçijik gyzym mekdepden geldi.
Gele-gelmäşe-de ejesiniñ üstünden arz etmäge başlady, “Iki bäşlik
aldymam welin kinder-sýurpriz alyp bermedi - diýip boýnumdan
gujaklady. - Kakañ gelensoñ alaý diýip otyr. Içerini ýygnañok
diýibem gygyrdy...”
- A sen içerini ýygnamaly
ekeniñ-dä! Özüñ-ä içerini ýygnaman, ýene gelip maña arz etmäñ näme?
- diýip, gyzymy biraz haýalçyratjak boldum.
- Ýör, aýlanyp gör, dagap
ýatan ýekeje oýunjagam tapmarsyñ - diýip, ol meni elimden tutup
içerik aýlamaga başlady. Ahyry bu waka gyzym ikimiziñ golaýdaky
dükanjyga gidip gelmegimiz bilen tamamlandy. Ýöne buzdany açyp
görenimden soñ öýde oturyp mazam bolmady. “Çagalary aç oturdyp
bolmaz, agşama çenli aýlanaýyn” diýdim hem ýene ruluñ başyna geçdim.
Daşarda ýagyş ýagýardy.
“Şunuñ ýaly howada müşderi köp bolagandyr öz-ä” diýip, ilatyñ
gürüräk ýaşaýan mikroraýonlarynyñ köçelerinden işe başladym. Ilki
bir garry aýal elini galdyrdy. Muny aldym. Ol aýal bir zatlar diýip
zeýrenip başlanyndanam magnitofony açdym. Bir kireýkeş ýoldaşymyñ
aýdyşy ýaly, “Adamlaryñ hemmesini diñläp, derdini paýlaşyp çykyp
bilmersiñ, gury heläk bolanyñ galar. Gowusy, hiç kimi diñleme.
Başyñy galdyrma asyl. Sen diñläniñ bilenem señ özüñi diñlemezler.
Señ diñlänleriñem diñlemez. Ondan ötri öñünden gaç, öz işiñ bilen
bol, öz öýüñ bilen bol, öz jübiñi bil!..” diýen “pähimlere” ýykyldym.
Maşynyñ salonyny del owaz
hem del aýdym tutdy. Şol del aýdym bilenem men ähli derdi-belalaryñ
öñünden gaçdym, pul gazandym. Ilki müñ manat, soñ iki müñ manat
gazandym. Soñ bir türk bäş müñ taşlap gitdi, ýene bir eýranly ýedi
müñ eçildi. Men olaryñ yzyndan başymy ýaýkadym, “öz pulumyza özümizi
münýärler, biz indi şuña-da kaýyl” diýdim. Ýöne ýene kireýkeş
ýoldaşymyñ “pähimleri” ýadyma düşdi. Ýene maşynyñ gazyna basdym.
Şeýdip agşama çenli işläpdirin. Berzeññiñ ýolundaky ýagşa ezlen
gelni almadyk bolanlygymda, allanäme iş bitiren adam bolaýmalydym.
Emma oñarmadym, “ezlip durmasyn-la, alaýyn-la” diýdim. Aldymam, bar
keýpimem uçdy. Men ondan: “Nirä gitjek, jigim?” diýip soraýan. Ol:
“Nirä äkitseñ gitjek” diýýä. Sakga durupdyryn. “O näme diýdigiñ
boldy?” “Şo diýdigim-dä..” “Bagyşla, jigim! Men señ diýjek adamyñ
däl!” “Beý diýmeseñizläñ?! - Ol aglamjyrap gepledi. - Ýüz-gözüñizden
nur ýagyp dur-a! Maña bary-ýogy otuz müñ manat gerek...” “Meñ özümem
şo manat üçin entäp ýörün, jigim! Gol doly maşgalam bar. Şu maşyndan
başga-da eklenjim ýok. Başga adam gözle sen...” Gelin birden
ýakasyny ýyrtyp aglap başlady. “Rehim ediñ-ä, jan agam! Süññümden
ýagyş geçd-ä meñ? Keýpine edýändir öýdýäñmi şu işi? Çagamy zamun
alyp otyr-a o zalym. Bir güläleklik, bir keýp ederlik pul getirmesem,
pişik bogan ýaly bogjag-a ol çagamy. Neşekeş-ä ýerçeken, sypyp
bilemog-a. Çagamy berenog-a! Bagtym ýatmasa, ärim geroin öwrenjekmi,
bagtym ýatd-a meñ!..”
Ýarym günläp kireý edip
ýygnan puluma nädip el uranymy bilmän galypdyryn: “Me, al keýgim! Al
şulañ baryny! Näçediginem bilemok. Men ýene biraz işläýerin bolmasa...”
“Alladan gaýtsyn, agam! Ýüregi rehimli adamdygyñy görenimden
bildim-le...”
Men onuñ bahymrak
maşyndan düşmegini haýyş etdim. Gelin alkyş baryny okap düşüp gitdi.
Maşyny ýerinden gozgadym, ýöne gözümiñ öñi garañkyrap duransoñ, uzak
gitmän saklanmaly boldum. “Düýşümmi, huşummy, biler ýaly bolmady,
duşup ýören zatlam näteñet-aý? Gel bir özümi dürsäýin, soñ birazajyk
işlejek borun-da” diýdim. Maşynyñ aýnasyna urulýan irimçik damjalary
synladym oturdym. Dogrusy, näçe oturanymy bilemok. Ýöne aýnadan
syrygýan damjalaryñ barha ulalyp barýanyny, siliñ güwwüldisi ýaly
goh-galmagalyñ gelýänini çalarak bilýän. “Sil gelse, dag tarapdan
gelmeli, goh-galmagal weli şäher tarapdan gelýär” diýibem pikir
edýän. Onsoñ damjalar ullakan-ullakan ak köşeklere, soñam äpet
düýelere öwrüldiler. Men olaryñ göni öz üstümden gelýänini, turup
gaçmasam depeläp geçjeklerini bilýärin, emma ýerimden butnaman
otyryn. “Barybir gaçyp ýetişmen, bular gaty ýyndam görünýär”
diýýärin. Dogrusy, olar ýyndamam. Birdenem düýeleriñ gözleri ýanyp
gidýär, edil maşynyñ çyrasy ýaly ýanýar. Şol çyralaryñ içindenem
biri üzülip gaýdýar-da, ullakan gara “Mersedese” öwrülýär. Men ony
deñämden geçip gidensoñ, “Ak “altynjyny” ýok ediñ! Ýok ediñ ak
“altynjyny” diýip gykylyklap barşyndan tanaýaryn, “polisiýa”
maşyny-la bi” diýýärin. “Ýaşuly geçjekdir-ow, işden gaýdýan wagtyna
gabat gelendirin men, ýolda maşyn bolmaly däldir o geçende” diýip
oýlanyp-oýlanmankamam iki sany “düýe”, ýagny iki sany polisiýa
maşyny daşymy alýar. “Näme bikanun zat etdimkäm beýle?” diýip
maşyndan düşjek bolýaryn. Şol wagtam polisiýanyñ dürresi depämden
inmäge başlaýar. Goranjak bolýaryn, beter urýarlar. Gözüm garañkyrap,
dünýeler agdar-düñder bolmaga başlaýar. Biriniñ ezenegimden tutup
çekýänini, başga biriniñ bolsa “Gulagyñ gapykmy? Aýryl diýil-dä saña
ýoldan! Ýa özüñe gaty göwnüñ ýetýämi?” diýip käýinýänini çala
eşidýäpin.
Ho-ol ýokardan oklanan
ýaly, ýoluñ gyrasyndaky joýañ añyrsyna gülçüldäp düşdüm. Ýene hälki
“gulagyñ gapykmy” diýip käýinýän ses eşidildi: “Muny nädeli indi?”
“Degme ýatsyn, özi turup gider!” “Gatyragam uraýdyk öýdýän?” “Indiki
gezek ýaşulyñ ýolunda durmaz ýaly gowy bor!” “Arz edip ýörmesin soñ
birden?” “Agzyna bir owurt arak guý-da, narýad çagyr. Huşagetirijä
arz edibersin onsoñ...” “Birhili bolmazmy, içgili däl ýerinden...”
“Pa-haý, birhili görjek zadyñy tapypsyñ ýagşy-da, jübüsine geroin
atmasañ razydyr. Alkyş aýdar soñ gaýta...”
Şol wagtam ýoldan uzyn
maşyn kerweni, ýaşuly hem onuñ goragçylary geçip gitdi. Men olary
görmän, maşynlaryñ goh-gowrundan tanadym. A soñ ümsümlik boldy, il
ýatyp, it uklandaky ümsümlik...
Maý,
98. Moskwa.
GULAMALY ŞAHYR
Gulamaly şahyr, Gulamaly
Mirhaýdarowiç! Il içinde ol şeýle tanalýardy. Toýlarda orny tördedi.
Çünki, uly toýlarda, başlyklaryñ üýşmeleñinde tamadalyk ederdi.
Goşgularyny labyz bilen, gerek ýerini ýerine-märkesine görä üýtgedip
okardy. Rowaýatlar getirerdi, mysal aýdyp bererdi, garaz, aam ili
agzyna añkartmagy başarardy. Şeýlelikde il oña hem onuñ görülmedik
talantyna tabyn boluberipdi. Durmuş gowudy. Ümzük öñedi. Hemme zat
öz kadasy bilen, biraz kadasyzlygam bir gapdalda bar elbetde, öwrüm
edip barýardy. Onsoñ ol birden ýa-da edil birdenem däl, bir döwürler
özüni demi dag ýarýan şahyr saýyp başlapdy. Günleriñ bir günem ant
içipdi: “Men indi halk hereketini döredip, öñüne düşmesem, atamyñ
döli bolmadygym!” diýipdi. Bu gürrüñ onuñ birnäçe ýyl başlyklyk eden
edarasynda, erte-birigün tabşyrmaly kabinetinde, pikirdeş
dostlarynyñ arasynda bolupdy. Emma döwür-döwran diýseñ çalt üýtgeýän
ekeni. Bu gün onuñ üstüne uly iliñ aksakgaly bolup ýörenlerden ikisi,
ýaşy segsene ser uran Aktuwak aga bilen ter gara sakgally Atamyrat
işan geldi.
- Biz seni sylap
geldik, sylamaýan bolsak gelmezdik - diýip, olar söze başladylar. -
Bir-biregi tanaýas, ýat-nätanyş adamlar däl. Atañam tanaýas, daýy
ugruñam bilýäs. Senem bizi tanaýañ. “Gel bir gürleşeli, düşünişeli -
diýdik. - Bu edip ýören zatlaryñy bilip, düşünip edýäñmi, ýa
düşünmän? Ilki şuny soraly” diýdik. Düşünmeýän bolsañ, düşündirmek
parzymyz, düşünip edýänem bolsañ, aýtmak-diýmek, beýtme diýmek
borjumyz. Nesihatymyzy alsañyz, elbetde...
Dogrusy, ol bu
ýaşulularyñ ýüzlerini garañka tutup gelmelerini halamandy. Ediljek
gürrüñem çen bilen añman duranokdy. Gapdal goñşusy, ençe ýyl
duz-emek bolup tirkeşen dosty, indi birneme ara sowuklyk düşen
halypasy birki sany ýaşulyñ gürleşmäge geljekdigini, bu barada ilki
özüne sala salandyklaryny, gepe düşmän duran adam däl, özüñiz
baryñ-da gürleşäýiñ diýendigini aýdyp goýupdy. Şonuñ üçinem ol
diplomatiýany elden bermedi. Ýylgyran bolup:
- Gelen bolsañyz, gowy
edipsiñiz. Aýdyp oturyñ, näme bolmaýan iş edipdiris? - diýdi. Sorag
kesgitli goýlansoñ, ýaşulularam daşdan aýlap oturmadylar:
- Soñky döwürde ýazýan,
aýdýan zatlaryñyz ynjalykdan gaçyrýa bizi... - diýip, Aktuwak aga
söze başlady. - Ilki “Bizi ýalkan” diýdiñiz. Birhili bolduk. Sebäbi
adam ýalkap bilmeýä, diñe Alla ýalkap bilýä diýýärdik. Onsoñ ymmat
täzelemek meselesini orta atdyñyz. Onuñ-munuñ ymmatyndan diýdiñiz
gidiberdiñiz. Ýadyñdadyr, Gökdepede Seýitli daýyñ aýdardy, Orazly
götdaryñ ymmaty diýip bir gürrüñi. Ýañgalañ gädiginden ýagy çozup
duransoñ, jar çekilýän borly: “Kim götdar bolsa, ýagy görende
zarladyp durmaryn öýtse, çyksyn-how gädik saklamana” diýip. Orazly
diýip biri “Men götdar” diýip çykýamyş her sapar. Ana onsoñ şol
Orazly gädik saklap, şindiki gümrükçileriñ käbiri ýaly, uly tirýek
söwdegäri bolup gidenmiş. Garransoñ onuñ öýi şire çekilýän merkeze
aýlanypdyr. Bir süpük neşekeş barýamyş bu merkeze-de, birki baş
sorjak bolup. Orazlam ondan kimiñ ymmatydygyny soraýa. Olam Muhammet
ymmaty diýýä. Bu jogaby eşiden Orazly: “Tur, göteril-aýt” diýip
kowýa. Bu neşekeş burnunyñ suwuny çekip, gapydaky talabanyñ ýanynda
zeýrenýä diýýä onsoñ. Olam bolan gürrüñi sorap, sen ýalñyşypsyñ,
täzeden bar-da, Orazly götdaryñ ymmaty diý, şonda keýpiñi köklärsiñ
diýýä. Neşekeşem şol aýdylany edip, tirýek çekýä onsoñ. Bu zatlary
şol neşekeşiñkä öwürdiñiz-le, walla...
Ara agyr dymyşlyk düşdi.
Gülmeli, ýylgyrmaly zada hiç kim ýylgyrmady. Gürrüñ gezegini
Atamyrat işan aldy:
- Bulam owarram diýsek,
soñ “pygamber” diýip ýazdyñyz. Ýene geñ galdyk. Muhammet
alaýhyssalamyñ iñ soñky pygamberdiginem inkär etdi bular diýdik.
Onsoñ, tobaestagpyrylla, ýerde arak içilip bina edilen jaýy “jenneti
allanyñ köşki” diýdiñiz. Pereñ ussalary salypdyr onam, zynahorlugyñ
ösen ýerinden gelen... O nähili jenneti Allanyñ köşkümiş ol, içinde
uzakly gün ýalan sözlense?.. Indem has gönüläp, günä-gargyşa boýy
bilen çümen bir bendäni “haktagala”, “Alla” diýip ýazýañyz... Bu
ýazýan zatlaryñ nädogrudygyny, bendeden hudaý ýasamagyñ
gabahatdygyny bilmän ýazýañ diýsek, altmyşdan agypsyñ, burnundan
añyrsyny gözi görmeýän ýaş-eleñ däl... - Atamyrat işanam şu ýere
gelende dymdy. Onuñ sakgalyny çeýnäp oturan ýoldaşyndanam ses
çykmady.
Aşhana bilen aralykdaky
tuty serpilip, gara döw ýaly daýaw pyýada iki çäýnek çaý alyp geldi
hem ýaşululara edep bilen salam berdi. Şahyr oglunyñ adyny tutup,
ony ýaşululara tanytdy hem onuñ gaýnynyñ çagalykda patşa bilen dost
bolandygyny ýatlady. “Belki, tanaýansyñyz, golaýda patşa bagyşlanan
goşgular kitabam çykdy, oña gowy synam ýazyldy, professor ýazdy”
diýdi. Soñundanam, edýänimiz şu diýýän ýaly, içýakgyç ýylgyrdy. Bu
gürrüñ sakgalyny çeýnäp oturan Aktuwak aganyñ halys alla çetine
degdi gerek, olam içýakgyç ýylgyryp gürledi:
- Bu şol goşun
gullugyndaka çaga zorlap, ýyl alyp ýöreniñmi ýa beýlekiñmi? - diýdi.
Şahyryñ ýüzi boz-ýaz boldy. Ýöne ol yza çekilmegiñ, gowşamagyñ
deregine “...batdyñmy - boýuñ bilen” diýlenine eýerdi:
- Hawa, şeýleräk bir
düşünmezlik boldy. Ýöne indi harby gazýetde işleýä, karetä gatnaýa,
kapitan çini bar...
- Bolubilýä, azaşan yzyny
tapsa ýagşy, tüweleme! Polkownigem bor bi basym - diýip, Atamyrat
işan gürrüñiñ jylawuny öz eline almaga çalyşdy. - Kejeleşik gerek
däl bu ýerde. Bize düşünişmek lazym, şol umyt bilenem gelindi. Ýogsa
gelinmezdi - diýip, ol birden gyzyşan gürrüñe sowuklyk, paýhas çaýdy.
- Siz bir uly iliñ sylagly şahyry. Owazly, mana baý goşgularyñyz
bar. Bi görünýänleñ içinde mazaly saýlanyp dursuñyz. Tüweleme. Ilem
bilýä muny. Ondan-mundanam soraýan men, şahyrlaryñ içinde haýsy
ýagşy diýip. Ozallar hormatyñyz has uludy. Bi diñe size däl, Allanyñ
beren zehinine hormat edildigi. Şahyrlyk hudaý tarapyn berilýän zat.
Her kim eline galam alyp, ýazyberip bilmeýär. Emma indi şol Alla
tarapyn berlen zehine kölege düşdi şekilli. Il-gün size gyýa garaýa,
gahar edýä...
Hemişe-de öz zehini
hakynda gürrüñ edilende bolşy ýaly, bu gürrüñ şahyry çalam-çaş edip
söküp taşlady. Ol hatda äýnegini aýryp, gözüniñ owasyna ýygnanan we
togarlanyp aşak inerli bolan ýaş damjalarynam süpürdi. Ýeñsesine
öwrülip, agyr günde hossara gözi düşen çaga ýaly hamsykdam.
Ýaşulular muña näme diýjeklerini bilmän dymdylar. Onýança şahyr
özüni dürsedi.
Aktuwak aga gürrüñi dowam
etdi:
- Bu abraýyñ añsat
gazanylmanyny bilýäs biz... “Bagyr azaplary” diýip ýazýañyz-a
özüñizem. Dogry şol. Diñe bagyr däl, ýürek, beýni, añ azaplary olar,
belki-de. Ýöne indi şol azaplardan soñ çemçeläp ýygnanyñy çanaklap
dökmek birhili dälmi?..
Şahyr haşlap bir dem
aldy-da, içerä göz aýlady:
- Tañrydan gizlemedigimi
sizdenem gizlejek däl, agalar. Serediñ şul içerä, heý, artyk zat
barmy? Ýüzi suwluja hala gözüñiz düşýän bolsa-da aýdyñ. Baýa-bege,
meslikden bögürip ýörene meñzeýänmi?
- Ýok, hudaý saklasyn,
arassaja, ýöne gaty pukara öýüñiz bar ekeni. Dogrusy, uly şahyr
şeýle ýaşaýandyr diýip pikir edemzokdyk. - Atamyrat işan bu sözi çyn
ýürekden aýtdy. Şahyr ýene gözüne ýaş aýlady:
- Hak sözüñiz üçin sag
boluñ, agalar!.. Gürrüñ konfidensial bolansoñ, menem ýüregimdäkini
gizlemäýin. - Ol Aktuwak aga ýüzlendi. -Siz wagtynda ýokary partiýa
mekdebini bitiren, uly döwlet işlerinde işlän adam, Aktuwak aga, köp
zady gördüñiz, bilýäñiz. Seýitli daýym Akmeret han barada-da kän
gürrüñ bereredi. Belki, onuñ atly gelip, ýaşulularyñ otyrýerine
depişini, “Hany, Allany çagyr göreýin, kömege gelýämikä” diýip, çiş
ökje ädik bilen adamlaryñ daraklygyna basyp aýlanyşyny eşidensiñiz.
Emma millet şonda-da çydap otyrmyş. Bi hanam Akmerediñ oýnuny edýä,
beter edýä belki-de. Milletem otyr. Çydaýa. Çydamadyk, garşylyk
bildiren nähili günlere düşýä, olam belli. Muny sizem görüp
otyrsyñyz, bizem... Mertligi gutaran, erkekligi unudan millet bi,
belki-de... - Ol şeý diýip, äýnegini düzedişdirdi-de, indi näme
diýerkäñiz diýýän ýaly. gürrüñdeşleriniñ ýüzüne mölterildi.
- Edil beý diýmeg-ä
gabahat bor, ilçilikdir... - diýip, Aktuwak aga bu sözi gaty
görenini bildirdi. - Ine, gapdal goñşyñyz, sizçe özüni gowy görýän
ýazyjy abraýyny saklap otyr-a! Ýa oña size gerek sylag-hormat gerek
däldir öýdýäñizmi?..
- Gapdal goñşuly gürrüñi
goýalyñ, her kimiñ öz işi bu zatlar - diýip, şahyr ýarasyna basylan
ýaly çytyldy. Soñam gönüledi: - Gowusy, men siziñ başda beren
soragyñyza jogap bereýin. Bilip edýän agalar men şul işi, düşünip
añyrsyna geçip edýän. Iliñ sögýäninem bilýän, gargaýanynam, gelip
göni aýdýanam bar. O nämüçin beýdýäñ diýersiñiz, oña-da jogap
bereýin. Ýöne bu gürrüñi biraz añyrdan aýlamaly boljak. Ýadyñyzda
bolsa, uly iliñ guwanjyna öwrülen bir ussadymyz bardy. Pohly
akademikligi rowa görmän, aýagyndan ýazyp, garşysyna topar gurap,
ahyry ýüreginden tutduryp öldürdiler. Hana, onuñ aýak tozuna
degmeýän akademik indi... Hemme ylymlaryñ doktory, üç gezek gahryman...
O bolsa altmyşam ýaşap bilmedi. Gowy bolsañ, etjekleri şol. Ýüregiñi
tutar gidersiñ, çagalaryñy döküp. “Şul-a şeýdip, il diýip gitdi,
çagalaryna bir goltgy edeli” diýen tapylmaz. Ýogsa uly ildir.
Gyssansañ, jañ edere adam ýog-a munuñ içinde. Işden aýrylyp, aýak
astyna taşlanan bolsañ, iñ bärkisi trubkany alyp, geplemän goýarlar...
Ozal üzeññiñden üç geçýänler salam bermezler. Aýagyñy süýräp, köwşüñ
apgyrdyna basyp ýörşüñe heşelle kakyp gülerler. Bu zatlary gördük.
Halypañ garşysyna edilen zatlary soñ biziñ garşymyza gönükdirdiler...
Aktuwak aga ardynjyrap,
gürrüñi böltejek boldy. Şahyr elinii galdyrdy:
- Sözümi bölmäñ. Siz
aýtdyñyz, menem aýdaýyn. Gydyrdanyp, gözümiñ köküni gyryp elli ýaşa
ýetdim. Zähmetsiz, azapsyz bir günüm geçmedi. Çagalarymy terjimeden
ekledim. Ahyrynda söz hukugymy kemsitdiler, gepletmän zaldan
kowdular...
- Özüñiz çykyp
gaýdypsyñyz diýip eşitdik biz-ä - diýip, Atamyrat işan oturyp bilmän
dillendi.
- Tapawudy näme, söz
berilmese, garşyña dildüwşük gurlup, arkañdan patşa bilen söwda
edilse, pohly redaktorlykdan küşdüñi berip, bir setiriñi çykarman,
döwüm çörege zar etjek bolsalar, kowuldygyñ, depildigiñ bolman, näme
bolýar eýsem? Gapdal goñşam şo günde şu wagt. Bir setirini
çykaranoklar. Ýogsa, ömür goýup kitap ýazýa... Iki sözüñ başyny
çatyp bilmeýänlerem başlyk, redaktor...
Ýaşulular näme
diýjeklerini bilmän dymdylar. Şahyr buza dönen çaýyndan owurtlap
dowam etdi:
- Eýlelem birleşdi,
beýlelem. Dildüwşik edildi. Birleşibem haramzadalyk etdiler, wezipe
paýlaşdylar. Zat dawasyny gurdular. Halk, ýurt ozalam ýatlarynda
ýokdy, soñam ýatlanmady. Söz azatlygynam çaldylar butlaryna, adam
hukugynam. Azlygyñ hukugy diýlen zadam. Aldygyna-da çypdyryp ýazyp
başladylar. Serdar, pähimdar, milletiñ atasy, tañryñ kölegesi...
Onsoñ men iki ýoldan birini, halypam ýaly, ýüregi tutup ölüp gitmäni
ýa-da haramzadalyga haramzadalyk bilen jogap bermäni saýlamaly
boldum. Üçünji ýol meniñ üçin ýokdy. Çagalarymy selpedip, ýurt aşyp
biljek däldim. Onsoñ “Gel, ýaryşsañ, garasaç, goý, haramzadalykda
bolsun! Kümsüklige kümsüklik bilen jogap bermeli” diýdim. Serdaram
diýdim, Allatagala-da, bir poha gireñsoñ, gyrasy näme, ortasy näme.
Agyrysyna çydasa, müñ ýaşasyn ilem... Söz tapman durusmy biz ýalan
sözlejek bolsak? Alyñ ýalany näçe gerek bolsa! Käbirleriniñki ýaly
çöpejanbitdi ýalanam däldir, bakylan öküz ýaly, bögürip, şahy bilen
ýer süsüp ýören ýalandyr! He-he... Biziñ depilşimize tomaşa edip
oturjakdy, şundan gowy güne mynasybam däl il... Goý, horlansyn. Indi
gelip maña aýdýalar, çagalar gedaý gezýä, aýal-gyzlar köçä çykdy,
türkmen türmede gyrylýa diýip. Öñ nirdediñiz, näme pikir edýädiñiz?
Entegem erbet bor, bu dagy näme... Ýöne indi giç, otly gitdi.
Yzyndan kän kowmaly borsuñyz. Muny biz öñünden aýtjak bolduk,
aýtdyrmadylar. Diñlemediler. Dil düwüşdiler. Anha-da netijesi...
Muny özüni aklajak bolup diýýändir öýtmäñ...
Atamyrat işan söz
gezegini aldy:
- Ilden öýkelemek bolýa
bi. Onsoñam özüñiz ýazýadyñyz-a, ar almak gullaryñ duýgusy diýip...
- Hawa, ol şeýle. Ýöne
gulçulykda dogulsañ, gul bolubam ötmeli eken. Uly il kaýyl
gulçulyga! Wezipe berilse, men diýenler aýak ogşaýa... Il çydasa,
bizem çydarys. Gaýta nirede içýakgyç sözler tapyp gamçylarysam.
Bu-da bir göreş bilene. Özboluşly demokratiýa ýaly, elbetde. Içden
urmak diýilýä muña. Daşdan urýanlaryñkydan has täsirlidir, belki.
Ilde ýigrenj-ä dörederis-dä bolmanda... - Şahyr äýneginiñ
ýokarsyndan syrygan deri syldy.
- Pelek işini bilip
bolmaz. Birden bi ýykylsa näme diýjek onsoñ? - diýip, işan pursatdan
peýdalandy.
- Bilgeşlin, halkda
zalyma ýigrennç döretjek bolup etdim diýjek, he-he... - Şahyr
alaçsyz ýylgyrdy. - Onsoñam indiki geljegiñ mundan gowy boljagyny
kim bilýä. Oñam goltugyna garpyz bereris...
- Könekesirli bir
mollamyz bar. Şol bir gün ol kasam ýazyp, aýagy çüýrän halypañyzyñ
öýüne barypdyr. “O galan ýeke aýagyñy göre sokup otyrsyñ, o dünýäñi
ýatla, ýalan ýazmañy bes et” diýipdir. Olam-a siziñ adyñyzy tutup,
Gulamalydan basylmajak bolup edýän, ýogsa etjek işim däl diýýämiş...
Şahyr indi biraz merdemsi
ýylgyrdy:
- Oñam bir sözi bormy.
Men onuñ gutaran adamdygyny şol soñky gurultaýda tribunadan aýdyp
gaýtdym.
- Onda näme soñ ýene
“Halypa” diýip ýazyp ýörsüñ? - diýip, Aktuwak aga sadalyk bilen
sorady.
- Taktika-da... - Şahyr
eginlerini ýygyrdy. - Bu kyn, elbetde, ýöne etmeli bolýar. Bolmanda
her kimiñ pohuny özüne iýdirmek üçin şeýtmeli... Ýogsa göreniñ
hapasyna çolaşar ýörsüñ. Indi şol soñky gurultaýda ýer depýänleriñ
bolup ýörşüni görýän, türresini süýräp. Kimi köne maşynynda kireý
edip ýör, kimi ady başlyk, jübüsi boşluk bolup ýör, garaz, ile
gülki-dä... Janym göneneýýä... Ha-ha... Adalat bilen hakykat ulus
ile gerek bolmasa, Gulamala näme üçin gerek bolsun? Onsoñam
Mirhaýdarlara ozal ýetdiripmi adalat, indi ýetdirer ýaly... Ýykyl,
ýumrul loly dünýe diýmändirlermi, he-he... Içi ýananyñ gülküsi bi.
Ýöne başga-da alaç ýok. Halkyñ şeýle bolsa, iliñ derejesi şu bolsa,
nätjek dagy? Türmede haram ölmegem-ä çykalga däl, belli...
Ýaşulular her neneñsi
çynlakaý gürrüñe garaşanam bolsalar, beýle açyklyga garaşmandylar.
- Açyk gürrüñ etdiñ
bolsa-da - diýip, Aktuwak aga pikirli gürledi: - Ýöne bi mertligiñ
däl, ejizligiñ açyklygy şekilli...
- “Bite gahar edip,
ýorgan otlamak” bolýa bi... - diýip, Atamyrat işanam gaharly
ardynjyrady.
- Bilýän. - Şahyram
ardynjyrady. - Ýöne men aýdyp otyryn-a, şol ýorgan ulus ile gerek
bolmasa, bize gerek däl diýip. Ilki bilenem biz ýorgandan
çykarylmaly bolsak, ýerimize bir şermendäni salyp, edýänimizem şu
diýjek bolsalar, goý, ýansyn şol ýorgan! Ýanymda duran grafindäki
suwam sepjek däl men indi o ýorgana. Özümi oduñ üstüne oklap
söndürjek bolmag-a beýle-de dursun...
- O bäş sany haramy ulus
il däl-ä! - diýip, Aktuwak aga-da sesini endiredip gepledi.
- Ulus il bolmasa, şol
ulus iliñ wekilleri şolar. Ulus iliñ adyndan gürleýänler. Hersi bir
tarapdan. Wezipe-de şol esasda paýlaşylýar. Onsoñam ulus il bu
bolýan zatlary sessiz synlap otyr, alsyn indem almytyny. Il çydasa,
bizem çydarys. Goý, haramzadalyk bolsa, haramzadalyk bolsun...
Bolmanda-da begzada bolup ýördügimiz däl. He-he...
Aktuwak aga Atamyrat
işanyñ ýüzüne soragly seretdi.
- Görüñ-dä, özüñiz
özüñizi depeleýäñiz beýtseñiz. Dost islegi däl, duşman niýeti amal
bolýa. Siz öz duşmanyñyzyñ tarapyna geçip, öz garşyñyza göreşýäne
çalym edýäñiz. Sebäbi duşmanyñam niýeti garşydaşyny gözden düşürmek,
biabraý etmek. Bir döwüm çörek diýib-ä etmeli iş däl bi. Çörek
tapylar, abraý tapylmaz. Duşman güler...
- Gülübersin, içi ýanyp
güler gülse-de. Biabraýçylykdan, masgaraçylykdan ölen ýok. O döwür
geçdi. “Namysly, edenli pälwan galmady” diýilýäni. Ýykylsañ,
galdyrjak tapylmaýa, agzyña suw damdyrjak ýok bi milletde. Gaýta
güljekler, gybat etjekler. Goý, etsinler. Menem ýumşak kürsüde
oturanymy, owadan maşyn münenimi biljek. Bir topar nadarany
güldürenimden, birine ýallaklajak. Öñem aýdylypdyr, “Günüm üçin
günim oglanny huwwalaýan”, “Köprüden geçýänçäñ doñza daýy diý” diýip.
Onsoñam diñe men däl, tüweleme, ilçilik, ýeke goýberenoklar,
molla-işanam metjitde hutba okaşyp otyr... He-he...
- Biz bu gepi bir-birege
gyjyt berjek bolup başlamadyk - diýip, Atamyrat işan gurşup ugran
aýaklaryny çalşyrdy. - Iliñ abraýly adamlary biabraý bolmasyn, bu
zatlar beýle gitmesin, herki zadyñ çeninde saklanmagyñ bir çäresi
tapylsyn diýip başladyk...
Aktuwak aga-da bu gepe
baş atdy:
- Ýalñyşan diñe siz
diýmekçi bolamzok biz. Ýalñyşan kän. Ýöne ahyry zeleliñ ýaryndan
gaýdylsa-da peýda...
Şahyr gülümsüredi:
- Beýle gürrüñler ozal
kän edildi. Men diýen intelligent kişiler etdiler onda-da. Emma
ertesi gidip, beýleligine döndüler. Soñam arkadan gelip pyçak
urdular. Siz bu gürrüñleri ýañy gozgap ýörsüñiz. Ara gaty açyk
şekilli. Bar bela-da şundadyr, belki. Bize düşünişmek kyn bolar.
Bilmedim. “Dinden çyksañ çyk, ilden çykma” diýleni. Iliñ ýoly-ha şu,
tersmi-dogry, barýan ýolumyz. Agzyna mikrofon tutulan çypdyryp
başlaýa. Ýogsa şolara şeýt diýýänem ýok. Biz ýaly mejburam edenoklar,
çöregem şondan iýmeli däl...
- Göreldesinden, olaram
size seredýäs diýýäler - diýip, Aktuwak aga başyny ýaýkady.
- Gowy göreldämiz-ä
eýermediler. Döş gerip orta-da çykyp gördük, ýa başga çykyp ýörenler
bar. Çyn sözi üçin türmä duşüp ýörenem ýetik. Biri barýamy şol
halkyñ... Bi millet üçin jan çekmän, “Ölşüñe görä gömşüm” etmek
dogry...
- Beh, biz düşünişjek
däl-ow - diýip, Aktuwak aga telpegini başyna geýdi. - Şeýleräk boram
çen etdim özi. Il bilýä, baryp oturmañ diýip, öñünden aýtdylar...
- Gaty görüşmesi ýok -
diýip, şahyram gürrüñi jemleýän ýaly etdi. - Şol il diýip, ýokardan
ýykylyp, soñ ýene itiñ güni bilen sana geçdik. Indi ol ertekilere
ynanar ýagdaýymyz ýok. Bäş gün ýalançyda biraz dem alasymyz gelýä.
Iliñki ýaly, çaga-çugamyz bar, ýaşamaly. Başga günämiz ýok.
Galanynam Allañ özi görüp-bilip oturandyr, bendesine galmandyr bizi
ýazgarmak. Kim näme diýse, öz işi...
- “Ýalanyñ soñy waý”
diýlendir öz-ä! - Aktuwak aga bu sözi ýerinden turup aýtdy.
- Bizem ozal şeý diýip
kän ýazdyk - diýip, şahyram ýerinden turdy. - Ýöne heniz-ä “waý”
görnenok. Gaýta nirede mes ýaşaýanlar ýalan sözleýänler... Şolaryñky
ýörgün...
- Bar maksat meslik
däldir-ä, şükür-kanagatdan, pukara günemadan beýik zat barmy
düşünene - diýip, Aktuwak aga gapa ýöneldi.
-Wah, şol pukara günümize
goýulmansoñ edýäs-dä bizem şu zatlary - diýip, şahyram söz alyp
galmady.
- “Haramzadalyga
haramzadalyk” diýsene onda? - diýip, üçünji bolup dikelen Atamyrat
işan donunyñ syýyny düzedişdirdi. - Bolýa-da, “Geçinem öz aýagyndan
asarlar, goýnam”. Ýöne geljek nesillerem-ä bardyr. Olaram-a bi
ýazylýan zatlary okar soñ...
Şahyr gaharyny basyp,
kynlyk bilen gürledi:
- Diñe gazýete çykanyny
okmaz-a geljek nesiller, ýazylýan zatlañ. Stoluñ çekerine, sandyga
basylan zatlaram okar-a!..
Gürrüñ şu ýerde
gutaraýmalydy. Emma Aktuwak aga şahyryñ ýüzüne çiñerilip
durdy-durdy-da, ýene bir zat tapdy:
- Bi, başga milletler hak
söz üçin pidakärlik edeniñ ulugyz halyna, binika çaga dogran
ejesini mukaddesleşdirýä, depesine göterýä, ogluny pygamber edinýä
welin, siz ata-eneli, uly iliñ tanaýan ogullaryna hak sözi üçin
haramzada diýiberýäñiz-le?!. Şony bir etmäñ bolmasa!..
Şahyr bu söze-de
müýnürgäp durmady:
- Aý, onam keýpine, öz
erkimize edemzok. Et diýilýä, etmeli bolýas. Ýöne belli, haramzada
diýleni bilen, haramzada bolup barýan ýok. Muña ilem düşünýä, şol
sögülýän bendelerem. Biz diýmäge çydaýas, olaram çydarlar-da...
- Aýdylan sözüñem-ä
günäsi bardyr - diýip, Atamyrat işanam soñky sözüni aýtdy.
- Onam bilýäs, molla aga.
Bize-de ene-atamyz terbiýe-tälim berdi. Beýle tüntaw däl. Ondan ötri,
bir ýalan söz aýtmaly bolanda, “Günäsi biziñki däl, bizi şu güne
salanlañky” diýýäs...
Şu-da bu uly gürrüñiñ
soñy boldy. Şahyryñ gara döw ýaly kareteçi oglam çykyp, ýaşulular
bilen edepli sagbollaşdy. Şol ikaralykda-da pyşyrdap, şahyr Aktuwak
aga ýene bir zatlar diýdi.
Çatrykdan öwrülenlerinden
soñ, Atamyrat işan şahyryñ näme pyşyrdany bilen gyzyklandy.
- Konfidensial gürrüñdir,
hiç kim bilmesin diýýä-laý, bedibagt... - diýip, Aktuwak aga paýyş
sögündi.
- Häýt-häýt! - diýip,
Atamyrat işan ony haýalçyratdy. - Bolmanda-da amanat gürrüñi ile
ýaýyp ýörüp bolasy ýog-a...
Indiki çatrykda olara
milli howpsuzlyk komitetiniñ gyzyl “Jipi” garaşyp durdy..
31.10.1999
BAŞIZM ZAMANY
Labyrdan çykmagym gümana,
Umman
derýa, amman-amman...
Aýdymdan.
Türkmençilik, gapydan
gelene “git” diýip bolanok. Ýakyn garyndaşyñ ýa tanşyñ bilen
tirkeşip gelseler-ä hasam. Ýöne şo gezek aýda-ýylda gara salýan agam
bilen tirkeşip gelen suratça gaty “git” diýesim geldi. Emma çydadym.
Sebäbi bu ýerde öz günämem bardy. Agam ilki jañ edip, goñşy
mikroraýonda klasdaşynyñkyda oturandyklaryny aýdypdy we meniñem şol
ýere gelmegimi sorapdy. Ýanynyñ ýoldaşlydygyny, şonuñ menlik
gürrüñiniñ bardygyny syzdyrypdy. Klasdaşy uzak ýyllar söwdada işlän
hem soñky az wagtlyk ýazylganlykda merkezden birbada üç jaý satyn
alan täze baýlardan bolansoñ, onuñka barasym gelmän, agama özüñiz
geläýiñ diýipdim. Emma olar gapydan girenlerinden ýalñyşanymy bildim.
Agamyñ ýoldaşynyñ agzyndan haplap uran arak ysy añrymy bärik getirdi.
Ýöne soñky gürrüñler arak ysyndan has aýylganç bolup çykdy.
- Etrabymyzda Öwez diýip
biri ilki aýaly bilen ejesini, soñam özüni heläkledi... Ölmänkä
ýetişip, “Nämüçip beýtdiñ?” diýip sorapdyrlar. “Köçede el serip
ýaşanlaryndan, ýaşamasynlar” diýdim” diýipdir... Şuny bir gowy edip
ýazsana!..
- Ynanyljak gürrüñ
däl-laý munyñ! - diýip, men onuñ ýüzüne dikanladym. Ol dyzyna urdy:
- “Surata düşürip ber”
diýip, milisiýa bölümine çagyrdylar, şol ýerde eşitdim. Öý durşuna
läş bolup ýatyrmyş...
- Düşürdiñmi onsoñ surata?
- Wah, etmedim-dä!
Ýüregim bolanok oñ ýaly zada. Eşidenimden ysgynym gaçyp, lampa
oturaýypdyryn...
- Milisiýañ öz suratçysy
ýokmudy?
- Şo wagt ýok ekeni. Bir
ýere gidipdirmi, nämemi.
- Başga näme eşitdiñ
onsoñ?
- Milisiýadamy? “Aý,
neşeden azarlap eden işidir-dä” diýip gürrüñ etdiler. Soñky ýyllarda
hiç ýerde işlemänmiş...
- Soñky ýyllarda işleýän
barmy bolmanda - diýip, dymyp oturan agamam gürrüñe goşuldy. - Ýöne
sen suratyny almaly ekeniñ. Dokument bordy.
- Aý, surata alañda-da,
getirip görkezip bilesiñ ýok-la. Soñ bir ýerde çyksa, gelip öz
ýakañdan tutarlar-da... - Suratçy ýene arak ysyny kükedip pallady.
Bu gürrüñ meñ öñem
püre-pürlenip duran sabyr käsämi mazaly dolduryp-dökdi:
- Janynyñ toşapdygyn-aý
bi milletiñ! Hemmesi özüni gaýgy etjek, çeke durjak, çöp gymyldatjak
däl. Senem bir çetinden gyrlyp ýatyr diýip ýazmalymyşyñ. Düýnem biri
gelip: “Türmede garyndaşymy urup öldürdiler, onuñ kamerasynda bir
gijede sekiz tussag özüni asypdyr, şony hiç kime aýtmasyn diýip
edipdirler” diýýä. “Adyny-familiýasyny, adresini aýt” diýseñem,
“Meni bulaşdyrarsyñ” diýip gaçyp gidýä... “Tohumlyk galarsyñyz-ow
siz!” diý-dä...
Agam käsesindäki çaýyny
owurtlap, ýoldaşyna ümledi:
- Çaýyñ sowady-ow! Şo
käse çaýy iç, ýöräli onsoñ...
- Bu wagtdan soñ nirä
ýörejek? Ýatyp gidiberiñ - diýip, üç ýyl bäri işsiz kösenip ýören
agamyñ iç işikde çykaran ýyrtyjak köwşi göz öñüme gelip dillendim. -
Hem bir oturyp derdinişeris. Görşübem bolanok hemişe. Çagalary alyp
geläýmel-ä!..
- Aý, geleýin diýip,
gelip bolýan zamana boldumy! Şul duşdy-da, seni göreli diýensoñ hem
elin maşyn bolansoñ gaýdaýdym bi saparam... Sen bu wakany ýazyp, bir
zadyñ üstünden baraýma. Dokument goýmaz bular. Tassyklajagam
tapylmaz. Eger gözüniñ alnynda birini kerçäp dursañam gaçar bi
millet. “Görmedim” diýer. Ýöne muñ diýýänini uly il içini çekip
gürrüñ etdi.
- Bolmajak zat ýok bumat,
çyndyr, oña şübhelenemok - diýip, agamyñ içgili ýoldaşy bilen ýola
ugrajak bolmagyny halaman dillendim. - Ýöne siziñ bu ýagdaýda
ýörejek bolmañyz birhili...
Agam ýylgyryp elini
egnime goýdy-da:
- Meñ agzymyñ
arassadygyny bilýäñ-ä, maşyny özüm sürýän - diýdi. Ömür
özdiýenliliginden kösenip ýören agamy ýoldan alyp galyp bilmejegime
düşündim hem onuñ çagalaryna bir zatjyk iberjek bolup hysyrdanyp
başlan aýalyma ümledim.
Gijeki myhmanlar gitdi.
Meniñ welin ne ýatyp mazam boldy, ne-de ýazyp. Durşuna läş bolup
ýatan öý göz öñüme geldi durdy. Arasynda “Köçede el serip
ýaşanlaryndan, ýaşamasynlar” diýip pyşyrdaýan betbagt türkmeniñ
sesem eşidilýän ýaly boldy. “Bi ne bedähet zamana bold-aýt? Bi
millet şeýdip gyrylžak ýatžakmyka indi? Heý bir ýaşajak boljagy,
pikir etjegi, iş bitirjegi tapylmazmy? - diýip, uzak gijäni
düşegimde togalanyp hem dik oturyp geçirdim. - Ýa hemmesi
ikiçäklikde zeýrenen bolup, işe gezek gelende busup geçäýjekmikä?”
Dañyñ ujy çala
çyzylandan krossowkamy geýip, daşaryk çykdym. Garasuw bolýançam
leñkildedim. Daçada ertirden agşama ýer depýän garry ýazyjynyñ “Bu
döwürden diñe ölmän geçjek bolmaly, pikire basdyrmaly däl, fiziki iş
bilen meşgul bolmaly” diýen sözlerini ýatlap ylgadym. Ýöne agşam
ýatmamsoñmy ýa siñirlerimiñ kiriş ýalylygyndan, oturyp-turup maşk
etjek bolsam, aýaklarym saññyldady durdy. Tasdanam jalkyldap arkan
gaýdypdym. Gözümiñ öñi ümezläp, başym aýlanyp başlansoñ dyz epdim
hem wagty bilen ýerimden galyp bilmän oturdym.
Bu ýagdaý bir hepde-on
güne çekdi. Her gün irden ylgamaga çykýan, halys bolubam öýe atýan.
Pikir etmejek boldugymça beter bolýar, asyl şol bir pikirlerden
başym garjaşdy gitdi. “Nähili millet bi, öz-ä gymyldy etjek däl,
senem munuñ derdine ýanmalymyşyñ, ýazmalymyşyñ. Siz näme meñ üçin
ýaşaýañyzmy? - diýip, içimden hüñürdeýän. - Ýeri, men ýazdymam-da,
heý, üýtgejek zat barmy? Okajagam-a ýok içiñizde” diýýän...
Gijeki myhmanlarymyñ
gürrüñinden doly aýñalyp bilmän ýörkäm, “Biriniñ iki sany çagasyny
gapysyndaky guýa taşlap gidipdirler” diýen habar ýaýrady. Görgüli
ene irden turup: “Waý, çagalarym ýog-eý” diýip bagyrýamyş.
Goñşy-golam zähresi ýarylan ýaly üýşüp gelenmiş. Ahyram çagalar
gapydaky guýudan çykanmyş...
Bu habar meni edil
aýagymdan alnan ýaly etdi. Agam bilen gelen suratçynyñ “eşidenimden
ysgynym gaçyp, lampa oturypdyryn” diýeni boldy. Asyl wagty bilen
galyp bilmesem näme. Ýöne indi öýde oturyp mazam bolmajagyna, bu
wakanyñ anygyna ýetmesem ynjalmajagyma, ýazmanam bilmejegime gözüm
ýetikdi. Onsoñ wakanyñ bolan ýerine, şäher alkymyndaky obada ýaşaýan
tanşymyñ ýanyna gidip görmek kararyna geldim.
Tanşym melleginiñ ýokary
başynda bir zatlara güýmenip duran ekeni. Ol meniñ maşynymy
göreninden çaga ýaly begendi. “Şeýd-ä how, aýlan-a käte!” diýip,
mellegiñ aýagujynda duran ýerinden gyzjagazyna gygyrdy. Dogrusy,
men onuñ “çaý goýuñuna” beletdim. Aýaly görgüliniñ çaý diýlenden
hökman naharyñ ugruna çykžagyny bilýärdim. Şonuñ üçinem ony bada-bat
haýalçyratdym:
- Çaý içjek däl-ow, sen
çagalaryña “otboý” ber, ýogsa-da häzir yzyma dolanýan. Ýör gowusy,
şu töwerege aýlañ-çaýlañ edeli - diýip, özüni maşyna mündürdim. Ol
meniñ aladaly ýüzümden bir zatlar añan ýaly dymdy hem biraz
ýörämizsoñ: “Eýgilikmi?” diýip sorady. Men oña eşiden gürrüñimi
aýtdym.
- Hawa, şoññaly bir iş-ä
bolupdyr, - tanşym ýüzüni sallap çilim otlandy. - Şo gün irdenem
onuñ habary “Iñ ula” ýetipdir. Ol milisiýañ irki swodkasyny okap,
“Ýer ýykyñ welin, tapyñ kim eden bolsa” diýipdir. Şu wagt ýer ýykyp
gözleýämişler. Goñşy-golamlaryna çenli soraga çagyrypdyrlar...
- Kakalary ýokmuşmy o
neressejikleñ?
- Bar-la. Şojagaz
çagalaryny eklejek bolup, ýola gidipdir. Gazaklar tarapa... Ýük
äkidipdir...
- Beýle zalymlyk näme
üçin edildikä? Ant içen ýaly, radio-telewideniýe-de hiç zat aýdanok...
- Baý, senem... Bir
awtobus adam Amyderýa gark bolanda aýdýamy olar. Radio-telewideniýe
däl biziñki, hanyñ hakyna tutan jarçysy. Şol näme diýip gygyr diýse
gygyrýa, näçe gaýtala diýse-de gaýtalaýa...
- Aý, hawa-da. Henizem
şol orta asyrlar biziñki. “Myş-myş” bilen ýaşaşyp otyrys...
- Hawa, “myş-myş-a” kän.
Käbirleri dollar üçindir diýýä. Arada ullakan algy-bergi bolmagy
mümkinmiş. Bumat adamlar pul üçin näme eder diýseñ ynanaýmaly. Ýöne
şol aýalyñ özem düzüw gezenok diýjek bolýalar. Hol señ bäriñde
ýaşaýan sary altynjyly alny sakar sülçi derñeýämiş...
Mañlaýyndaky bir çogdam
ak saçy üçin “Alnysakar” at galan sülçi uniwersiteti biz bilen
deñeçerräk gutarypdy. Men ony oguljygyny boýnuna mündürip çagalar
bagyna barýarka ýa-da maşynly öýüne getirýärkä kän görýärdim.
Sowugrak salam-salamymyzam bardy. Ýöne men şo mahal bu sülçi bilen
“hä” diýmän ýoldaş boljagymy hem ondan ömür akylyma getirip bilmejek
zatlarymy eşitjegimi bilemokdym. Garaz-haý, “Agtaran tapar” diýleni
boldy. Men oña şol elhenç wakanyñ boldy diýlen gününden ylaýyk bir
hepde soñ pete-pet geldim. Alnysakar sülçi hemişekileri ýaly
şadyýandy, agzy salamly, dili dogaly diýilýänlerdendi. Men muña az
begenmedim. Sebäbi bu ýagdaý maña onuñ bilen açyk gürleşmäge, islän
zadymy soramaga şert döredýärdi. Şonuñ üçinem men kän sypaýyçylyk
edip durmazdan gürrüñe başladym. Ol mekirleç ýylgyrdy-da, şeý diýdi:
- Bu hemişeki ýüzi agyr
ýazyjy meñ bilen näme beýle gadyrly salamlaşdam diýdim-le. Men häzir
Babadaýhana barýan, ýola ýoldaş bol, baryny gür bereýin.
Men diñe:
- Öýe duýduraly - diýdim.
Birsalymdan biz Alnysakar sülçiniñ sary altynjysynda Tejen ýolundan
gaýyp barýardyk. Alnysakar sülçülik tejribesinden gür berýärdi, indi
özüne-de rahadrak wezipe eýelemäge çen boluberendigini, etraplaryñ
birinde sudýalygy ýa prokurorlygy satyn almaga pul jemläbilse, gaty
aýlyga dañlyp ýörmekden dynjakdygyny, onsoñ o taýda-da birneme pul
jemläp, merkezde ulurak wezipe edinmekçidigini düşündirýärdi. Ýöne
meni bu gürrüñler gyzyklandyrmaýardy. Bahymrak guýuly gürrüñe
başlanmagyny isleýärdim. Ahyry ol meniñ agyr-agyr dymmagymyñ
sebäbine dogry düşündi. “Hä, seni o waka gyzyklandyrýandyr-ow” diýdi.
- Hawa, men şo waka akyl
ýetirip bilemok - diýip, öz ýagdaýymy boýun aldym.
- Akyl ýetirmez ýaly zat
ýok o taýda, - Alnysakar maşynyñ çala aşak düşürilen aýnasynyñ
ýokarsyndan jytyladyp tüýkürdi. - Men ol aýaly görenimdenem çen
etdim, şol çenimem dogry çykdy. Onda-da ilki goñşulary bilen
gürleşdim. Olaryñ biri onuñ irden walalaýlap ugranda “Guýyny barlap
görüñ, guýyny” diýenini dilinden sypdyraýdy. Şondanam göwnüme güman
gitdi...
Sülçi ýene bir topar
gerekmejek gürrüñleriñ başyny agyrtdy. Dogrusy, maña ony esasy
gürrüñiñ üstünden eltmek iş boldy. Ýol welin eýýäm ýarpydan agypdy.
Ynha, haý diýmän Tejen görünjekdi. Meniñ başda uzak ýol-la, hemme
zady anyklap ýetişerin-le diýen çakymyñ çykaryndan çykmazy ýakynlap
barýardy. Onsoñ men halys gönülemeli boldum. Sebäbi onuñ myhman
ýerimizde-de, gaýdyşynam agzyna añkaryp oturyp biljek däldim, eger
oturaýyn diýemde-de, muña sabrymyñ ýetmejegini bilýärdim.
- Ynha, sen ýazyjy! -
diýip, sülçi ýene gep owadanlamaga başlady. - Aýt hany göreýin, daş
görnüşinden çaga dograndyr öýtdürmeýän, ýuka dodak, gözleri
bagçebşiñki ýaly, endamy ter, alkymy ak, göwüsleri ýañy ýetişen
gyzyñky ýaly taýzaryp duran otuz bir-otuz iki ýaşlaryndaky mes gelin
ärini ýola ugradyp, iki-üç hepdeläp ýeke ýatyp bilermi?
- Adamsyna bagly o zatlar,
ýöne bumat o diýýän mesligiñ galdymyka? - diýip, men onuñ aýtjak
bolýan zadynyñ soñuny eşitmäge howlukdym.
- Gepem şol adam barada
barýar-da. Ol aýal ozalam bir sklad iýen mesiñ çagasy, indem zatdan
kösenýäne meñzänok. Bedibargt äri hars urup gazanýa. Başyny etegine
salyp, uzak ýola ýük äkidýä. Goñşularynyñ bir-ä oña “Ýola aýalyndan
gaçyp gndýä-de” diýdi...
- Ýeri onsoñ, Mustapañy
aýtsana bahymrak!
- Mustapa şol, hemmesini
eden şo mes heleý.
- O nähili? Öz çagalaryny
öldüripmi? - diýip, men hopugyp soradym. - Näme üçin ahyryn?
- Menem ilki şu soraga
jogap gözledim. Guýa taşlanan çagalar ilki boglupdyr. Olañ
ejeleriniñ elinde, ýüzünde bolsa dyrnak yzy bar. Ol “Irden çagalam
guýudan çykarylanda, el-ýüzümi ýyrtyp aglapdyryn” diýýä. Bu bolup
biljek zat. Men onsoñ “Bu işi kim edip biler öýdýäñiz, duşmanyñyz
barmy? - diýdim. - Ozal çagalaryñyza, maşgalañyza haýbat atan dagy
ýokmy, pul, algy-bergi gürrüñiñiz barmy?” diýip soradym. Ol ilki bu
soraglara gümmi-sümmi jogap berjek boldy, birdenem “Adamym ýola
ugran gününiñ ertesi irden bir nätanyş adam “Dollar bergiñiz bar”
diýip geldi. Menem oña ärim gelmän hiç kime dollar bermejegimi
aýtdym. Ol “Görüberýäs oñ ýaly bolsa” diýip gitdi” diýdi. Şu hili
haýbatdan soñ nädip ýeke ýatyp bilýänlerini soradym, dollar üçin
kanala atylýan bar, maşynynda ýakylýan bar, öýi otlanýan bar, siz
näme beýle arkaýyn diýdim. “Dogan-garyndaşlaryñyza hiç zat
aýtmadyñyzmy?” diýdim. Ol muny hiç kime duýdurmandygyny, ýöne ätiýaç
üçin agşamlaryna ýüwürjisini çagyrandygyny aýtdy. Onsoñ ýüwürji
diýilýäniñ yzyndan çakylykçy iberdim. Özünem gelen badyna kabul
etmedim, karidorda esli garaşdyrdym hem eýlesinden-beýlesinden geçip
mazaly synladym. Ol müýnlüdi. Gara dere basdyryp, galpyldap otyrdy.
Men ony ilki hiç zat diýmän, üç-dört gün ýeke adamlyk kamera taşlap,
aç-suwsuz gynaýynam diýdim. Ýöne ýene ministriñ gyssap durany ýadyma
düşäýdi. Onsoñ bada-bat hüjüme geçdim. Hemme zady bolşy ýaly aýtsa,
az-maz kömek etjegimi, ýogsa-da bar günäniñ üstüne syrykjagyny, atuw
ýa-da ýigrimi ýyl aljagyny aýtdym. Ýalñyş görkezme berse, öz
aýagyndan palta salýandygyny düşündirdim. Ol ilki berk durjak ýalam
etdi. Ýöne gelnejesiniñ agşamlaryna ýoldaş bolup ýatmak üçin
ýüwürjisini çagyrandygy hem “beýleki käbir zatlar” barada
aýdandygyny duýduranymdan soñ gowşap ugrady. Onsoñ gapyny içinden
gulpladym-da, “Hany eşikleriñi çykar” diýdim. Ol ilki buýtar-suýtar
etjek boldy. Özi çykarmasa, zor bilen çykartjagymy aýtdym. Görsem,
döşünde hem çiginlerinde köneräk hem täzeräk, asyl täp-täzeje
gögeren ýerler, diş yzyna çalymdaş bir zatlar bar. Boýnunyñ ýüzünde
gögümtil tegmiller görünýär. Bilinde, ýagyrnysynda dyrnak yzyna
meñzeş yzlar bar. Men ol ýerlere barmagymy uzadyp: “Näme, pýan bolup,
it bilen uruşdyñmy? - diýip soradym. Ol sesini çykarmady. - Ýa
diş-dyrnak yzymy? Aýbygadym biriniñ eline düşen ýaly-la sen?..”
Sülçi ýene aýnanyñ
ýokarsyndan jytyladyp tüýkürdi. Gürrüñi gyzykdyrjak bolupmy ýa
endigi boýunça, uzaklara seredip dymdy.
- O näme diýdi onsoñ? -
diýip, dymyşlygy ahyry özüm bozdum. Sülçi parhsyz gülümsiredi:
- Näme diýer? Diýere zady
ýok oñ... Onsoñ ýene üstüne süründim. “Dawagäriñ aýal bolmasyn,
gardaş, onda-da oñ ýaly aýbygadymy. Çamalagyñy çaşyryp bir eliñe
berer welin, “Beh, bi dogrudanam meñ çamalagymmyka?” diýer oturarsyñ.
Señkem şeýle bolaýdy öýdýän indi...” diýdim. Ýigrimi üç-ýigrimi dört
ýaşlaryndaky ýetişen ýigidem bolsa, köpi görmedik, ýuwaş-ýuwaşdan
ýüzi ak tam boldy. Onsoñ indi wagty geläýdi gerek diýen çen bilen:
“Ýöne gelnejeñ bar günäni señ üstüñe atýa-da... Bizem näme, aýalyñ
sözüne ynanmaly-da” diýdim. Ol gözlerini tegeläp, demi içine dolup,
esli wagt gepläp bilmän oturdy. Men başymy ýaýkadym: “Daş sypatyñdan
gelnejesini zorlajak oglan diýer ýaly däl” diýdim. Şampan çakyryndan
boşan çüýşäni görkezip, hemme zady bolşy ýaly gürrüñ bermese, häzir
üç sany degenek pyýadanyñ gelip, şonuñ üstünde ýalañaçlygyna
oturtjakdyklaryny, türmede bolsa aýal zorlap düşeni umumy heleý edip
ulanýandyklaryny aýtdym...
- Munyñ şantaž bolýar-a!
- Bar işimiz şantaz-da
biziñ. Şantažsyzam bir jenaýat agtaryş bormy?
- Onda etmedik işinem
boýun aldyrsa bor-la! Stalin döwründäki ýaly, her gün agşamara
eşekli gidip, Angliýa bilen Ýaponiýañ haýryna içalyçylyk etdimem
diýdirip bolar.
- Elbetde, oñ ýaly
ýagdaýam kän. Ýöne ol oglan etmedik işini däl, eden işini boýun aldy.
Her gezek agasy ýola gidende gelnejesine ýoldaş bolýanyny, bir
gezegem onuñ özüniñ gelip ýorganyna girenini hem “el urdy” diýip
gygyraryn” diýip gorkuzanyny gürrüñ berdi. Döşündäki hem
çiginlerindäkileriñ diş, arkasyndakylaryñ dyrnak yzlarydygyny
tassyklady. Bu o heleýiñ erkek bilen ýanaşanda özüni bilmän edýän
işleri ekeni...
- Çagalary guýa atmak
kime gerek bolupdyr onsoñ?
- Elbetde, ejelerine. Şo
gije onlarda çyra öçüpdir. Olam çagalaryny irräk ýatyryp,
uklandyrlar-da diýip, ýüwürjisi bilen işe başlapdyr. Hatda çagalar
bilen aralykdaky gapynam ýapmandyr. Gije ýarym töwereginde-de
içerdäki öçürilmän goýlan çyralar ýanypdyr we uluja oglunyñ “Hih...
Waý, kakam bir gelsin” diýen jynssyz sesi eşidilipdir. Gelneje söen
ýigit hasyr-husur aýaguçda düýrülen ýorgana topulypdyr. Gelnejesi
bolsa ogurlygyñ üstüne gelen ogluna. Emma oglanjyk çykyp gaçypdyr.
Haladyny geýmäge güýmenen heleý onuñ yzyndan guýynyñ ýanynda
ýetipdir. Ýöne çaga şonda-da “Kakama aýdaryn, aýdaryn” diýip
gygyrýamyş. Ejesi onuñ sesini kesdirjek bolup agzyna ýapyşypdyr hem
bogupdyr. Soñam agzy açyk guýa oklapdyr. Soñ bu ýagdaý galmagala
doganjygynyñ yzyndan ylgap çykan hem bolan işi gözleri bilen gören
beýleki çaga bilenem gaýtalanypdyr... Ýüwürji batyr bolsa yzyny
garaman gaçypdyr...
Men başymy tutup dymdym.
- Onsoñ maña hemme zady
bolşy ýaly dokumentleşdiräýmek galdy. O heleýi ýygnatdym. Ýokarka
habar etdiler. “Ýok ediñ-de atyñ” diýipdir. Ýöne şondan iki gün
geçip-geçmänkä menden “işi” aldylar hem bu barada hiç ýerde gürrüñ
etmezligi tabşyrdylar. Baý ýeriñ adamsy tutulanda adaty bolýan zat,
eýýäm ýaglamaly ýeri ýaglap ýetişen borlular diýdim. Ikarada aç it
ýaly kañkanam, ymsynyp galanam biz bolduk... Hi-hi-hi... - Alnysakar
sülçi içi ýananyñ gülküsini edip çylkasyz güldi. Sary altynjy bolsa
köçeleri çukanak-da-sukanak obanyñ çetinden girdi.
- Başlygyñ öýi şü -
diýip, ýoldaşym durşuna mal ýatagy bolup ýatan howla sowuldy. -
Birki sany goýnuny alyp gideli, ýogsa mal yzynda sermenip öljek...
Biri azalsa-da işi ýeñlär...
Başlyk öýünde ýok ekeni.
Kirlije hem döşüniñ üstünde we eteginde iki ýeri dagy ýyrtyk
köýnekli gyzjagaz bize çaý getirdi. Alnysakar meniñ köýnegiñ
ýyrtygynda göz eglänimi gördi we ajy ýylgyrdy.
- “Ýetişip barýan çaga,
öýde-de bolsa abatja eşik geýäýmeli ekeni” diýensiñ.
- Hawa. Juda bolmanda
iññe-sapak alyp ýörmäýse-de boljak ekeni.
- Bi çagalañ iññe-sapaga
eli ýetenok, gardaş. Dañ çyzylandan meýdanda bular. Başlyk diýer
ýaly däl bi, çagalaryny bek işledýä. Öz gektary bar. Dogry,
näçedigini bilemok. Ýöne gowaçasynyñ içinde ýeke çöp görmersiñ diýip
gürrüñ edýäler. Şu çagalar edýä, biziñ başlyklarymyz ýaly tussag ýa
soldat işledenok bi. Işden gelensoñlaram-a özüñ gördüñ, işikde iki
öküz, on-onki goýun baka dur, iki-üç ýüze golaý towuk... Ýene şu
çagalar seretmeli...
Ahyry başlyk geldi. Ol o
diýen gürrüñçi adam däl ekeni. Ýöne myhmany içirmäni hem bahymrak
yzyna ugratmany başarýan ekeni. Gazet habarçysy bolup kän
komandirowka gidemsoñ, bu professional endige öñdenem beletdim. Ýöne
onuñ özüniñ içişmän içirip bilşini, geplemän gepledip bilşini ýeser
gördüm. Ýeke özi gürläp, ýeke özi içen Alnysakar bahym “ýola taýyn”
boldy. Uly ýoluñ başynda, gapdalymda hyllygyny akdyryp oturan Şerlok
Holmsa seredip, “düýş ýaly-aýt” diýdim. Ýöne indi rulda özüm otyrdym,
bu meniñ üçin gelşinden kän ýeñildi.
- Ýene salan goýnuny
görkezmedi... - diýip, nätekizräk ýerdäki sarsgyna oýanan sülçi
hümürdedi. - Öñki gezeg-ä nirede bir arrygyny tapyp atypdyr yzyma...
- Beh, sen o diýen
serhoşam däl ýaly-low - diýip, eşiden zatlarymdan agdar-düñderem
bolsam, men onuñ içgiden tersine öwrülen ýüzüne seredip ýylgyrdym.
- Hawa, däl, ýöne maña
bumat serhoş görünmek sag bolup görnenden has amatly... Hi-hi... -
Ol ýene irkildi. Ýöne ýene birsalymdan sarsgyna oýandy-da, başlygyñ
ýolda garbanarsyñyz diýip salan düwünçegini sermäp başlady. Agzy
dykylgy arak çüýşäni çykarybam çylkasyz güldi: - Seret, şuñam
ýartysyny salypdyr, hi-hi... - Ol aragy çüýşäniñ bokurdagyndan
owurtlap içip başlady. Ýöne meniñ içip ýatar diýen çenim çykmady. Ol
içdigiçe ukudan açyldy. Gelşindäkidenem dilewar boldy. Birdenem
dikelip oturdy-da:
- Sen näme menden “O
zatlary nädip bildiñem” diýip soramadyñ, hi-hi... - edip, çylkasyz
güldi. - Ministrem haýran galdy, hi-hi... “Beýle çalt nädip
gürletdiñ ol oglany?” diýdi. Ýöne oña aýdyp bilmedim. Saña welin
aýdyp biljek, hi-hi... Ýaz özüñem şu zatlary, ýöne adymy üýtget,
hi-hi... Soñ sudýa bolsamam ýazmaga material bererin. Meñ ýazyjym
bol asyl sen. Bile işleşeli. Ganoraryñ ýarsy meñki bolmaly, hi-hi...
- Şantaž edip bilipsiñ,
ony eýýäm aýtdyñ-a maña...
- Ýok, şantažy hemme
sülçi edýä, ýöne beýle çalt jenaýat açany bar diýip eşitdiñmi?
Eşiden dälsiñ, hi-hi...
- Bi siziñ işiñiz, bäş
ýyllap şol ugurdan okadyñyz...
- Ýok, okuwy sokma
bikara! Okuw okaldymy näme? Kakam pahyryñ arkasyndan, kitap gatyny
açman gutardym-a uniwersiteti!
- Onda perişdeler gelip,
gulagyña çawuş çakandyr-da...
- Ha-ha... Olam däl!
Tejribeden bildim. Öz tejribämden... Hi-hi...
- O nähili tejribe? Ýa
öñem şuññaly wakalar bolýadymy?
- Hi-hi... Gepem şonda-da!
- Ol barmagyny çommaldyp, hil bir zat aýtjak ýaly, ýüzüme jüýjerilip
seretdi. Soñra gapdalyndan eliniñ tersi bilen alan çilimini otlap,
uzaklary nazarlan bolup dymdy. Men özümi dedektiw filmlerdäki köpi
gören jenaýat agtaryjy bilen oturan däldirin öýtmedim. Maşynyñ
salony çilim tüssesinden doldy gitdi. Aýnalary açyşdyrdym hem onuñ
sorag berdiresiniñ gelýänini añyp:
- Ýene bir täsin zad-a
aýtjak bolýañ sen? - diýdim. Ol çylkasyz güldi:
- Bildiñ... Tejribe
diýýänimi aýtjak bolýan. Oñatja diñle şuny! Beýle gürrüñleri eşidip
duranam dälsiñ... Aýdybam ýörmez il meñ ýaly... Hi-hi... Akdagda
aýaldan oñmadyk bir agam ýaşaýa. Şoñ ikinji toýundan başlandy bi
zatlar. Gelinlik diýilýän añyrsy görnüp duran ak köýnek geýip,
bar-ýoguny güjeñläp otyr welin, içimden “Aý, meñ agama eýgertmäýmese
bi” diýip pikir edýän. Gözleri dagy ýanyp dur. Göni seretse, ýüzüñi
aşak sallaýmasañ, nazaryny sowanok. Toýdan soñ ýarym ýyl geçirip
bardym onsoñ. Agam pahyr, näme diýse tigirlenip, şoñ diýeni bilen
ylgap ýör. Öñ ýaltady, ýatakdy, nebsini bilmezdi, indi gije ýatman
hars urýa... Hi-hi... Gelniñ welin, gözi ýanyp dur. Ýöne menem onuñ
derrew añyrsyna-bärsine göz ýetirdim. Özümi tanatman, klasdaş
oglanlary bilen oturyşdym. Asyl ol öñem biri bilen nikalaşman ýaşan
ekeni. Hi-hi... - Ol ýene çylkasyz güldi. Men özümiñ daşyndan
göräýmäge hiç kimden tapawutlanmaýan, içini çöwürse ysyndan durup
bolmajak adama duşanyma ökünip ugradym. Emma indi gidere ýerim ýokdy.
- Gelin welin, gelin
jan-da! - diýip, ol başlan gürrüñini dowam etdi. - Gözüñi aýrasyñ
gelenok... Hi-hi... Ýogsa agamyñ maşgalasy, bet niýet bilen bakmak
günä... Bir diýenim, gaýtjak bolamda, “Gelip duruñuna” jogap
hökmünde “Sizem geliñ” boldy. Bir hepde-on gün geçendir-dä şondan
soñ, boýdaşy bilen gapymda ýylgyryp dur. Myhman aldyk onsoñ bulary.
Çagalar bilen şäheriñ daşyna, oña-muña aýladym... Hi-hi... O zatlar
bilen däl ol. “Gaýtjak, ugrat” diýdi. Eltip otla mündürdim.
Sagbollaşyp durkak, gözüni güldürip: “Özüñem bir gije myhman
alaýmalydyñ-da” diýýä. Ugran otludan elinden çekip düşürdim. Jorasy
gitdi... Hi-hi...
Men ellerimiñ titreýänini
hem ruly barha gaty gysyp başlanymy duýup, maşynyñ gazyny gowşatdym.
Aýna seredip, gan-guýma bolan gözlerimden özüm gorkdum. Tanyş wraçyñ
“Dynç al, özüñe seret, nerwiñ harap bolansoñ giç bor, ýykylmakañ
dikeljek bol” diýen maslahatyny ýatladym hem ýoldaşymyñ gürrüñlerine
kän bir üns bermezligi ýüregime düwdüm. Ýalandan ýylgyran boldum.
Alnysakar bu ýylgyryşa
monça boldy hem “yzyny diñle” diýen manyda pezzerdi:
- Gyssagarada ýerem
tapylmaz ekeni. Hi-hi... Ahyry ýoldan gök dükanynyñ gapysyny gulplap
duran tanşymy göräýdim. Göni sürdüm ýanna. Açaryny taşlap gitdi.
Baý-bow, sen bir ony gören bolsadyñ! Daşyndan synlap, gördüm diýmeli
däl ekeni... “Bagty gelen agam” diýip, o bagtygara-da gözüm gidýär...
O gijäñ tarypyny edere söz tapmak üçin şahyr bolmaly. Soganly
haltalar per düşekden ýumşak oldy-heý! Gelin däl, ýalyn ekeni-heý!
Ýülügimi sordy-heý!.. Ertesi agşam öe gelip seretsem,
döşümde-ýagyrnymda gögermedik ýa dyrnak geçmedik ýer ýok. Nädersiñ
ýöne çagasy alnan pişige duşan ýaly bolaýsam... Hi-hi... Şodur-da-şo,
sypynsam Akdaga eñäýendirin. Gyzyl satýan baý ejesi bar ekeni. Adyñy
jansyz tutanok. Hi-hi... Bir günem agam geldi, ganyny gaçyryp.
“Çynmy aýdylýan zatlar? - diýip, titr-titr edýä. - “Gurhandan” ant
iç” diýýä. Ant näme, oñ ýaly gelin üçin awam içersiñ, hi-hi... Ýöne
soñ kowdy onsuny. Ýeke meñ bilenem däldi ol aýal... Hi-hi... Indi
düşdüñmi meñ tejribeden diýýänime? Şo tejribeler bolmasa, elim bilen
edip, egnim bilen çekmesem, o zatlary biljek gümanym barmy?.. Hi-hi...
Men içimden: “Bu zatlary
ýazyp bolmaz, ýürek etmez - diýip oýlandym. Soñundanam: - Ýazaýsañam
çap etmezler, özüñ ýigrenji borsuñ...” diýdim. Garry galamdaşymyñ
köp gaýtalan nesihaty ýadyma düşdi: “Ýa-ha ile görä bol, ýagny ýalan
ýaz, ýa-da taryh ýaz, juda bolmasa-da söýgi samramajyklaryny çyrşa,
ýogsa bu bolşuñ bilen bir zadyñ üstünden bararsyñ...”
Uzak ýoluñ ýadawlygyndan
soñky gijäni aýak üstünde gezmeläp geçirdim. Ýöne bir zat, bu
gün-erte Moskwanyñ etegine, döredijilik öýüne ugrajaklygym göwne
teselli berýärdi. Hemem özümi indiden eýläk çyn ýazjak bolup
kösenmezlige yrmagy ymykly ýüregime düwüpdim...
Döredijilik öýi çolalyk
ekeni. Iki-ýeke öýünde idegsiz garry ýazyjy bar diýmeseñ, başga adam
ýok. Munuñ üstesine ýeñillikli putýowka-da berdiler, eger islesem
ikinji möhletem galyp biljegimi aýtdylar. Ýüregimi barlatdym.
Derman-däri, bejergi aldym. Aşak-ýokaryk böküp duran gan basyşym
kadalaşyp başlady. Irden tokaý ýodajygynda ylgap, maşk edip,
günortana çenlem kitaphanada oturyp, okasym gelýän zatlary okap,
mazaly özüme geldim. Elektrik otlusynda ýa-da metro wagonlarynda
gedaýçylyk edýän çagalary hem maýyplary görüp keýpimi gaçyrmaýyn,
dilegçi milisiýa gaharymy getirtmäýin diýip, şähere-de çykmadym.
Şonuñ bilen birlikde-de öz daşyma ullakan gala galdyrdym: “Ýurdam
diñe maña gerek däl, ýurdamanam! Diñe özüme bagly däl zatlara janymy
ýakyp ýörmämi goýaýyn, oglan-oglanjyk däl indi. Milletem öz gamyny
iýer gerek bolsa, beýlekem” diýdim. Ýazdym özümem. Janymy agyrtman,
ýeñiljek ýa-da uzak taryhy geçmişde bolup geçen gahrymançylyklar,
umumy durmuş ýörelgeleri, türkmençilik we beýlekiler hakynda ýazdym.
Süýjüden-süýji söýgi pursatlaryny çöşledim...
Gowy günler tiz geçýär.
Bir görsem, gelenime kyrk bäş gün bolupdyr. Goşlarymy düwdüm. Başymy
belent tutdum hem ýene üçje gün ýatyp yzyma uçdum. Bu golaýda
bolmadyk zat - ýanymam sowgat-salamly. “Günüñ özüñden geçýär, il
bilen nä işiñ señ?” diýip, ýolboýam özümi berçinläp geldim. Hudaýa
şükür, gelsem çagalar gurgun, ýurt asuda... Kynçylyk bar, elbetde.
Ýöne kynçylyksyz ýer barmy?.. Men bu pikiri içimden birnäçe gezek
heçjikledim. Birbada arkaýynlaşan ýalam boldum. Dogrusy,
arkaýynlaşýan diýip, biparhsyrap, öz-özümi aldadym. Indiden eýläk
men hut şu aldaw bilen ýaşamalydym. Bu meniñ uzak oýlanmalardan soñ
gelen netijämdi.
Ertesi irden turup,
hemişeki marşurutym bilen gara der bolýançam ylgadym. Ylgadygymça-da
şähdim açyldy. Gelip sowujak duş aldym. Çagalar bilen degşip
ertirlik edindim. Içimden bolsa, berçinimi berkitmek üçin däl, çynym
bilen özümi goldadym: “Dünýe gowam eken-le” diýdim. Çagalara
oduk-buduk alaly diýip, aýalym bilen bazara çykdym onsoñ. Ýoluñ
gyrasynda ýarty halta gaýnadylan mekgejöwen bilen bir banka duzy
öñüne alyp oturan tanyş aýala gözüm düşdi.
- Sülçiñ aýaly-maý ol? -
diýip pyşyrdadym.
- Hawa, şol! - Aýalym
başga tarapa seredip gürledi. - Adamsy birki gezek Ukrainamy,
Leningradamy äkidipdir welin, “Indi bir Ortaýer deñzinde ýüzmek
arzuwym bar” diýip aldy... Hana, Ortaýer deñzine gelipdir indi.
Adamsyny etraplañ birine sudýa edipdirler. Olam muny taşlap,
Akdagdaky agasynyñ kowan aýalyny alyp gidipdir...
Başym aýlanyp gitdi. Ýene
şol öñki gije ýatyrmadyk pikirler süri bolup geldiler. Gözümiñ öñi
garañkyrap, gulagyma birhili sesler eşidilip başlady. “Köçede el
serip
ýaşanlaryndan,
ýaşamasynlar” diýip biri iñleýär. “Waý, kakam bir gelsin, kakama
aýdaryn” diýip, ikinji biriniñ sesi gelýär. Lampa aşak oturypdyryn.
Şobada-da bir gapdala gyşaryp gitdim. Aýalym ýetişip golumdan tutdy...
Ýüzümiñ sowap gidenini bilýän. Şondan soñ bir agdar-düñderlik boldy.
Ýöne men anyk näme bolanyny añşyryp bilmedim. Onýança-da
satygçylaryñ syganyñ çadyry ýaly alabeder taşalary hem gyşyk-çaýşyk
stollary daşymdan aýlanmaga başlady. Hemişe süzme alýan gökdepeli
daýzamyzyñ sesi eşidildi: “Wah-eý, allanäme ýöräp gelýän adam
ýykyldy ýatyberdi! Daşyndan görseñ, derdi bardyr diýer ýaly däl özem...”
Soñ onuñ bärsinde oturýan nas satýan gojanyñ sesi eşidildi: “Başizm
zamanydyr bi, saglyk añsat däldir...” Şu “däldirden” soñ men gözümi
açdym hem öz-özümi aldap ýaşamak barada gelen berk netijämiñ beýle
tiz puç bolşuna ajy ýylgyrdym. Onsoñ ýene süzme satýan daýzanyñ sesi
eşidildi: “Şeýd-ä, oglum, galdyr-a çynar başyñy, dikel-ä!..”
25.04.1999
Sözsoñy ýеrinе
“Ozaly Näzik Annatyýеwanyñ “Üç ýigit” diýеn goşgusyny doly okap
çykalyñ:
Ýowşan Annagurbana,
Annaguly N.M-е
hеmеm
D.M.Gurbana.
Üç
ýigit -- üç ezizlеm,
Mеniñ
pikirdеşlеrim,
Kir-kimirsiz asmanda
Erkin uçýan guşlarym.
Sagdyn ganatly-pеrli,
Çеşmеlеrdе
joşlarym,
Ýatladýañyz bugdaýyñ
Tylla tygly başlaryn.
Sygynyp päk niýеtе
Hеm
gol bеrip
ynsaba,
Goşuldyñyz zеhinlеñ
Ol
ýanbеrmеz
ykbalna.
Kätе
mеñziñiz
gamly,
Dünýäñ dеrdi
-- dеrdiñiz,
Türkmеnimiñ
saçagna --
Rysgal bolup gеldiñiz.
Erеýär
mеniñ
ýürеgim
Sizi diñlän pursatym.
Ynam bilеn
ak nurdan
Dolýar joşly gursagym.
Gijеlеr
ak ýyldyzlam,
Ýagty günlеm
Günüm siz!
Al
shеrlеr
açylan
Ýanwarly bägülim siz!
Siz şu günki uçarym --
Ertеlеriñ
ynamy,
Tеbsirеýän
topragmyñ
Tüýs ýagmaly ygaly,
Pеdеrlеriñ
dowamy,
Gеçmişlеri
açmaly!
Şu
günе
hеm
ertämе
Siz tylla nur saçmaly.
Siz guruljak binalañ
Baky synmaz syrçasy,
Daglañ gursagyn ýaryp,
ösýän ýaşyl arçasy.
Daşgyny siz dеrýalañ
Hеm
joşguny akaryñ,
Sizi bu dünýä bеrеn
Enеlеrе
apеrin!
Atalara apеrin!
...Şahyr gеlniñ
“Sagdyn ganatly-pеrli”,
“Ertеlеriñ
ynamy”, “Pеdеrlеriñ
dowamy” diýip waspyny ýеtirýän
üç ýigidiniñ ilkinjisi Ýowşan Annagurban hakynda kеlam
agyz söz. “Kеlam
agyz” diýýänimiziñ sеbäbi,
bu günki gün tutuş Türkmеnistanda
hеm-dе
onuñ çäklеrindеn
daşarda hеm
“mеn
türkmеn”
diýýän kişilеr
ony gowy tanaýarlar. Bu at häzir ata Watanda ulynyñ-kiçiniñ dilindе.
Ol gowy ýazyjy hökmündе-dе,
syýasy görеşiji
hökmündе-dе
özüni tanadybildi.
Şahyr zеnanyñ
öz goşgusyny bagş edеn
üç ýigidiniñ biri Ýowşan Annagurban dеñ-duşlarynyñ
arasynda ilkinji nobatda edеbiýat
mеýdanyna
gorka-gorka ädimläp ýa-da emеdеkläp
däl-dе,
mеrdеmsi
ylgaýyş bilеn
kürsäp girеndigi
bilеn
tapawutlanýar. Eýsеm
onuñ “Magallak ýap” atly powеsti
durmuşdaky janagyryly, ýürеkýakarly
mеsеlеlеriñ,
wakalaryñ edil şol duruşjygy, şol boluşjygynda kagyza gеçirilеnligi
bilеn
özünе
çеkmеýärmi
nämе?
Eýsеm
onuñ nеşir
edilеn
kitaplarynda Haýyr üçin, Söýgi üçin, Adalatly durmuş üçin dökülýän
şol ganly gözýaşlar görnеnokmy
nämе,
olarda burugsap ýanýan ýürеklеriñ
ýanyk ysy kükäp duranokmy nämе?
Şеýlе-dе
ýazyjynyñ “Kömеlеkli
mеýdan”,
“Ynsan partiýasyna kandidat”, “Durnam, toýnuk”, “On alty ýaşly
lýotçik” ýaly esеrlеri
hеm
okyjy halar boldy. Olarda awtoryñ özboluşly galam ýörеdişi
bildirýär. Ýöñе
Ýowşany Ýowşan Annagurban edеn
onuñ halkyñ agysyny aglap, ar-namysyny, ýagşy günе
bolan umytlaryny bеýan
edýän, Şеriñ
däl-dе,
Haýryñ üstün çykjakdygyna bolan ynamy özünе
siñdirýän, social adalatlylyk, onuñ dabaralanmagyna päsgеl
bеrýän,
özüni “gowy» diýip ykrar etdirmägе
çalyşýan Zulumy wе
onuñ ýеrasty
wе
ýеrüsti
köklеrini
edil gözеl
gyza zor etjеk
bolup çykarynýan haýsydyr bir tüýli Mahlugyñ ýalañaçlanyşy ýaly
ýalañaçlap görkеzýän,
milli azatlyk, erk-ygtyýarlylyk, dеmokratik
añ-düşünjе
baradaky esеrlеrdir.
Özеm
bu babatda onuñ ullakan öñdеngörüjiliginе
gеñ
galýarsyñ. Ynanmasañyz, ýazyjynyñ hut şu tеmadan
söhbеt
açýan “Çyra söndürýäniñ agtyklary”, “Ak köýnеkli
adamlar”, “Ýalñyzlygyñ ýüz on ýyly”, “Tawus guş uçup gitdi”, “Gögеrçingala”
atly esеrlеrini
hеm-dе
nеşеkеşligiñ
türkmеniñ
egninе
düşеn,
köñlünе
çökеn
agyr labyrdygyny öñdеlik
hеm-dе
ökdеlik
bilеn
açyp görkеzýän
“Gеplеsеm
ýalñyş bolar öýdýän” diýеn
hеkaýasyny
okap göräýiñ! Misli 80-nji ýyllaryñ ahyrynda, 90-njy ýyllaryñ
başynda häli SSSR-iñ sostawyndaky Türkmеnistanyñ,
türkmеn
halkynyñ gеljеkdе
başyndan injеk
zulum-sütеmi
hut ýürеgi
syzan, añy añan ýaly, Ý. Annagurbanyñ hut şеýlе
esеrlеri
dörеdişini
diýsеnе!
Şеýlе-dе,
bu awtoryñ milli azatlyk, syýasy erkinlik ýaly şu mahala çеnli
mizеmän,
gaýa ýaly garalyp ýatan tеmadan
goparan daşy, türkmеn
edеbiýatyny
hеm
çеpеrçilik,
hеm
çuññurlyk babatda bеlеndе
galdyrmakda bitirеn
işi hakynda aýratyn gürrüñ etmеgiñ,
okanyña-da, bеýniñе
wе
ýürеgiñе
agram salanyña-da dеgýän
bu esеrlеri
ýöritеläp
analizlеmеgiñ,
olar barada has giñişlеýin
hеm-dе
çuññurlaýyn söhbеt
açmagyñ wagty gеlеr.
Ý. Annagurbanyñ edеbi
gory barada kän gürrüñ edip durmalyñ, ony ýеnеki
bir öwrümdе
edеris.
Ýönе
şahyr zеnan
N. Annatyýеwa
öz ýaş kärdеşlеrindеn
Ýowşan Annagurbana ynam bildirip wеlin
ýalñyşmandyr, bu ýigit barada ol wеlilik
bilеn
öñdеn
görüp bilipdir. Ýowşan barada şahyr zеnan
“Hеm
gol bеrip
ynsaba, Goşuldyñyz zеhinlеñ
ol ýanbеrmеz
ykbalna...” diýibеm,
“Şu günе
hеm
ertämе
Siz
tylla nur saçmaly” diýibеm
ýalñyşmandyr. Goý, ýalñyşmasynam! Sеbäbi
Ýowşan Annagurban özüni diñе
bir
gowy ýazyjy hökmündе
tanatman, ol bеlеnt
syýasy idеallar
ugrunda görеşýär
hеm.
Bu ýigit öz Watanyna abanan “başizm” atly tümlügiñ öñüni almak üçin
görеşе
başlanlaryñ hataryna ilkinjilеriñ
biri bolup goşulyp, halkyñ azatlygy ugrundaky bеýik
işdе
nе
özüni, nе-dе
saglygyny, nе-dе
esеrlеrini
aýaýar, bularyñ hеmmеsini
diñе
şu
maksada hyzmat etdirmägе
çalyşýar. Ol 1995-nji ýylyñ iýul aýynda, türkmеn
topragyna 30-njy ýyllaryñ çеkirtgеlеri
ýaly, uly bеla
bolup inеn
bu gara howpa garşy ilkinji bolup baş götеrеnlеriñ
arasynda bolupdy. Ösümlik dünýäsini däl-dе,
türkmеn
halkynyñ namysyny, milli buýsanjyny wе
erk-ygtyýaryny, azatlyga, milli ösüşе
tеlwas
edýän ynjalyksyz ýürеgini
gеmirýän,
batyrlardan namartlary, namys-arlylardan binamyslary,
akyl-parasatdan akmaklygy, nadanlygy, päklikdеn-aklykdan
añryñy bärik gеtirýän
porsy hapa-hupalygy ýasaýan bu “gara çеkirtgеlеrе”
garşy görеşi
ol häli hеm
dowam etdirýär. Bu adamynyñ, bu ýazyjynyñ özlеri
üçin howp kеminiñ
ýokdugyna gowy düşünýän nyýazowçy rеjim
bolsa, türkmеniñ
bu oglunyñ erkini syndyrmaga çalyşýar. Onuñ üçin özüni oda-suwa
urmaga taýyn wе
hut
“Türkmеnim”
diýip janyndan gеçmägе
taýyn ogluny goraýyn diýip bolsa, Türkmеn
aga, pikirеm
edеnok,
ol şol gün-güzеrany
bilеn
başagaý bolup, urulýan ýеrini
eli bilеn
goraglap, dünýä bilеn
sеri
bolman gеzip
ýör. Eý, bеýlе-bеýlеlеrеm
bolarmy, türkmеn
halkym, şеýlе-şеýlеlеrеm
etmеk
bolarmy, türkmеn
aga?! Hеý,
pеrzеndiñ
döşündеn
hanjar gеzеlеr-dе,
onuñ bokurdagyna pyçak goýlar-da, ýеrindеn
towsup turup, öz janyndan gеçjеk,
emma balasyny ölümdеn
halas etjеk
bolmaýan enе-ata,
hеý,
ýеr
ýüzündе
barmyka, hеý,
göbеgindеn
döräninе
kast edilip durka ýüzüni kеsä
sowup, görmеdiksirän
bolýan ynsan öñdе-soñda
bolan zatmyka?!
Gürrüñiñ akymyny akardan sowmalyñ! Ýowşan Annagurban häli köp
gürrüñlеriñ
tеmasy,
kän synlaryñ wе
synlamalaryñ, edеbi
hеm-dе
syýasy barlaglaryñ sеbäpkäri
bolar. Ol Türkmеnistanda
sagdyn pikiriñ hеm-dе
erkin oý-düşünjäniñ, öz ynanjyñy goramak üçin görеşmegiñ
gowy nusgalarynyñ biri bolar. Onuñ gеljеgi
öñdе...
Näzik Annatyýеwanyñ
bu uly gürrüñе
gеpbaşy
bolan ”Üç ýigit” goşgusyna ýеnе
bir
gеzеk
nazar aýlanyñda, şol ýigitlеriñ
atlarynyñ ýеrlеşdiriliş
tеrtibinе
gözüñ düşýär-dе,
birhili, iniñ tikеnеklp
gidýär. Bu nähili üýtgеşik
piramida! Şahyr ony nähili guran bolsa, ol häzirеm
şol durkuny üýtgеdеnok.
Ýagdaý N. Annatyýеwanyñ
arzuw edişi ýaly däl-dе,
eýsеm,
şol piramidany nähili diklän bolsa, edil şonuñ ýaly bolup çykdy. Bеlеntlеr
bеýikdе,
ortadaky “altyn ortalykda”, ýagny “gamyşlykda”, pеsdäki
bolsa pеsdе
bolup çykdy. Bu ýеrdе
nämе
bar, nähilidir bir mistika barmy ýa-da ykbalyñ oýny... Piramida
ýеnе
bir
nazar aýlanyñda, kalbyña birhili gorkuly tolgunma aralaşjak bolýar.
Ýenе-dе
durmuşyñ häli dowam edýändigi, onda käbir zatlaryñ tеlim
ýylda däl, asyl tеlim
sagatda bar zady agdar-düñdеr
edýändigi, Andеrsеniñ
bir ertekisindkisi ýaly, diñе
bir
wiwеskalary
däl-dе,
eýsеm,
adam ykballaryny hеm
kä “uçuryp”, kä bulaşdyryp, özüçе
üýtgеdýändigi
ýadyña düşýär-dе,
ýеnе
kalba giñlik aralaşýar...”
Rеjеbaly
Dönmеzowyñ
1998-nji ýylda “Azatlyk” radiosynda eşitdirilеn
“Üç ýigit wе
bir
zеnan”
atly makalasyndan.
Hekaýalary toplan we redaktorlyk işlerını eden Baýramsoltan
Annagurban.
Praga.
Noýabr. 2004.
|
|