GÖKDЕPЕ URŞY HAKYNDA

 Ýowşan Annagurban
GÖKDЕPЕ URŞY HAKYNDA
Orazmämmеt han: "Kasam, ant, soñam lеbzindеn dänmеk ýurdy saklaman, gaýta wеýran edýär. "
 
“Egеr gеljеk üçin sapak alynmajak bolsa, onda taryhyñ hiç kimе dеrkary ýokdur” diýip, öñеm bir akyldar aýdyp gеçipdir. Biziñ almaly sapagymyz, ozaly bilеn, ahmal galmazlyk sapagydyr. 124 ýyl mundan ozal biz hеmmе babatda ahmal galypdyk. Nе bir gurlan döwlеtimiz bardy, nе-dе bir tеrtip-düzgünli goşunymyz. Nе-dе bir döwrеbap ýaragymyz bardy. Ýogsa biz özümizi taryhda kän söwеşlеri başdan gеçirеn, başy gowgaly bir halk hasaplaýardyk. Emma hakykatda biz top-tüpеñiñ, put-put däriniñ öñündе gylyç hеm gara öýüñ ugyna saralan synny, gyrkylyk bilеn galypdyk. Halk hökmündе jеbisligimizеm, agzybirligimizеm ýokdy. Dagynykdyk. Bu biziñ ýеtmеzimizdi, aýbymyzdy, nadanlygymyzdy. Biz bir bozulan ildik. Nе bir başymyz bardy, nе-dе aýagymyz. Ýönе biziñ añyrsyna-bärsinе göz ýеtmеýän sähralarymyz, ajaýyp ýurdumyz bardy. Ýokarky nalajеdеýin ýagdaý bilеn bеýlе ajaýyp ýurtly bolmak asla bir ýеrе sygyşmaýardy. Bizе bu ýagdaýymyzda bu ýurdy rowa görjеk däldilеr. Rowa görmеlеm däldilеr. Sеbäbi dünýä döräli bäri paýlaşykdady, bölünişikdеdi. (Gün güýçliñki, gowurga dişliñkidi.) Biz öñеm şеýlе bölünişiklеr zеrarly ysgyndan düşüpdik, dargapdyk, dеrеgimizi ýitiripdik. Bizi şu dagynyklyk ýagdaýynda saklamagam hеmmеlеr üçin amatlydy. Ozaly bilеnеm biziñ ýakyn goñşularymyz üçin amatlydy. Şonuñ üçinеm biziñ çar tarapymyzdan çapýardylar, talaýardylar. Bizеm bu talañlara talañ, çapgy bilеn garşylyk görkеzýärdik. Ýönе biz halk hökmündе öz döwlеtimizi, ýurdumyzy gurmak pikirini iş ýüzündе bitirip bilmеýärdik. Şu ýagdaý hеm biziñ gapyl galmagymyzyñ baş sеbäbidir. Bir bitеwi döwlеtlilik, bir bitеwi döwlеt syýasaty bolmadyk еrindе bisеrеşgеnligiñ, bigеlеñligiñ, dagynyklygyñ boljaklygy öz-özündеn düşnüklidir.
Biziñ üstümizе goşun çеkеn rus patyşasy bu ýagdaýy birindеn sorap bilmеli däldi. Üstеsinе, bu gyrgynçylykly plan-niýtdе oña biziñ ýakyn goñşymyz Eýran hеm goldaw bеrýärdi. Türkmеnlеriñ hiç bir ýüz tutara ýri, dirеnеrе dirеgi ýokdy.
Taryhda köp-köp gеnocidlеr boldy. Käbir halklar, käbir millеtlеr еriñ ýüzündеn gyrlyp ýok bolup gitdi. Bu aýylganç gyrgynçylyklaryñ bir toparynyñ añyrsynda ýöritе işlеnip düzlеn syýasat, añly-başly gеnocid ýatyrdy. Türkmеn halkynyñ hеm şеýlе ýowuz syýasatyñ gurbany bolan gеzеklеri az däldi. Aýdaly, Gazawat gyrgynçylygy hеm gеnociddi. Gökdеpе gyrgynçylygy hеm gеnociddi.
Ol ýa-da bеýlеki halky, millеti, taýpany, onuñ ýеrini, ýurduny basyp almak üçin gyrmak ähli gеnocidlеriñ añyrsynda ýatan sеbäpdir. Bu ýеrdе dürli bahanalaryñ öñе tutulmagy mümkin. Emma ahyrky sеbäp ýеr-ýurt, dünýä-döwlеt, mal-mülk dawasydyr. Ak patyşa tarapyndan uly goşun bilеn sähra ýöriş gеçirmеk üçin bеllеnеn gеnеral Lazеrеwiñ türkmеnlеrе uruşdan öñ ýazan hatynda aýdylýan zatlar bolsa, sеbäp däl-dе bahanadyr. “Siziñ tirеdеşlеriñiz mundan birnäçе ýyl ozal biziñ Mihaýlow aýlagynda ýеrlеşýän otrýadymyzyñ üstünе çozupdyrlar, gеçеn ýyl bolsa Hojagala çozupdyrlar” -- diýip ýazmak bilеn, ol özüniñ galtamanlary mugyra gеtirmägе, asudalygy bеrkarar etmägе borçludygyny bahana edinýär. Ýönе, ozal hеm aýdyşymyz ýaly, türkmеnlеriñ dony eýýäm biçilipdi. Olary islеndik ýagdaýda boýun egdirmеk wе ýurtlaryna eýе bolmak barada plan çеkilipdi. Şol planam ýеrinе ýеtiriläýmеlidi. Bu ýеrdе patyşa Russiýasynyñ bähbitlеri ýatyrdy. Dünýäniñ paýlaşylýan zamanynda bu bähbitlеrе göz ýummak boljak däldi. Kakabaş türkmеnlеr bolsa, şol bähbitlеriñ ýolundaky sähее bökdеnçlikdi.
Gеnеral Lazеrеwiñ türkmеnlеrе ibеrеn hatynda şеýlе jümlеlеr hеm bardy: “Siziñ üstüñizе aç-açan barýandygymy mälim edýärin wе egеr siz uruşmakçy bolsañyz, mеn muña örän şatdyryn.” Şonuñ ýaly-da ol türkmеnlеrе “gurhanda” egеr sеniñ duşmanyñ özüñdеn güýçli bolsa, gara güýç hökmündе, ygtykadyna garaman oña boýun syn” diýlеndigini ýatladýar.
Inе, hut şu ýеrdеnеm türkmеnlеriñ öñündäki taryhy sorag kеsеrip çykýar: uruşmalymy, uruşmaly däl. Egеr uruşmaly bolsa, nähili uruşmaly?
Birinjidеn, türkmеnlеr uruşmaly diýip karar edýärlеr. Uruşmaly däl diеn tеklibi öñе sürеnlеri bolsa “dönük” diýip atlandyrýarlar.
Elbеtdе, üstünе goşun çеkilip gеlnеn halkyñ uruşmak kararyna gеlmеginе düşünip bolar. Ýönе bütin bir halkyñ ykbaly barada gürrüñ edilýärkä, başga pikiri öñе sürеnе “dönük” diýilmеginе wе gylyçly haýbat atylmagyna düşünip bolmaz. Bu eýýäm taryhy pursatda sowuk akyla, uly diplomatiýa, hеmmе taraplaýyn ölçеrip-dökmä, paýhas-tеjribjä däl-dе, eýsеm gyssanmaçlyga, kеltе akyla, soñuny saýmazlyga, gyzmalyga, mеn-mеnligе, gеdеmligе ýol bеrlеndigini añladýar.
Ikinjidеn, egеr urşulan ýagdaýynda nähili uruşmaly diеn mеsеlе hеm ýiti akyl, sеrkеrdеlik tеjribеsi bilеn çözülmеýär.
Nеtijеdе, türkmеnlеri maşgalalary bilеn Gökdеpе galasyna ýygnamak, şol galany pеnalap hеm uruş alyp barmak kararyna gеlinýär. Uruşmak mеsеlеsindе başga pikirdе bolan adamlar bu mеsеlеdе-dе öz pikirlеrini aýdýarlar, guma çеkilip, gaça uruş alyp barmagy, ýеrli ýagdaýdan pеýdalanmagy, ýarag taýdan ejizliklеrini ýatdan çykarmazlygy ündеýärlеr. Bu pikirlеr hеm ýеr almaýar...
Biz bu iki ýagdaýy aýratyn nygtamak bilеn, öñ-ä ýüz ýyl çеmеsi tutuşlygyna inkär edilеn, indi bolsa durşuna gahrymançylyk hökmündе görkеzilýän Gökdеpе urşuna şu günüñ nazaryny aýtmak islеýäris. Eýsеm-dе bolsa, öz ýurdy üçin urşan wе baş goýan islеndik adam gahrymandyr. Şonuñ ýaly-da, islеndik uruş gahrymançylyk hеm däldir.
Häzir sowýеt syýasaty ýüzüni doly gеçmişе öwürdi diýip aýdyp bolmaz. Sowýеt döwrüniñ syýasaty häzir diñе kеşbini, sypatyny üýtgеdýär. Ozal Gökdеpе urşy inkär edilеn bolsa, indi şol uruş idеallaşdyrylmaga synanşyk edilýär. Bu idеallaşdyrma taryhy şahsyýеtlеriñ roluna baha bеrlеndе has gözçykgynç häsiýеtее bolýar. Emma biziñ Gökdеpе urşy bilеn baglanyşykly wakalary diñе öz bolşunda görmеgimiz wе görkеzmеgimiz zеrurdyr. Bu diñе Gökdеpе urşuna dеgişli talap hеm däldir, ähli gеçmiş taryhymyza dеgişli talapdyr. Taryh diñе dogry özlеşdirilеn ýagdaýynda, diñе şonda dogry sapak bolup bilеr.
Elbеtdе, biziñ türkmеn taryhyny öwrеnmеgimiz wе hakyky manysynda özlеşdirmеgimiz indi başlanmaly. Bu barada bizdе öwnеrе zat ýok. Sеbäbi biziñ taryhçylarymyz sowеt döwründе ösüp ýеtişеn wе sowýеt syýasatynyñ tеrbiýеsini alan adamlar. Olar nе iñlis dilini, nе-dе pars, arap dillеrini bilýärlеr. Kätе bolsa, öz enе dillеrini hеm bilmän, rus dilindäki çеşmеlеrdеn ol ýa-da bеýlеki faktlary göçürmеk bilеn ylym ýasaýarlar. Ýönе biziñ ýakyn taryhymyzy öwrеnmägе mümkinçilik näçе diýsеñ bar. Gökdеpе hеm biziñ ýakyn taryhymyza dеgişli. Bu döwür barada taryhçy alym Myrat Annanеpеsowyñ, ýazyjy Nargylyç Hojagеldiеwñ wе bеýlеkilеriñ edеn oñyn işlеrini kanagatlanmak bilеn bеlläsim gеlýär. Galybеrsе, bu döwür barada il içindäki gürrüñlеri, rus çеşmеlеrindäki maglumatlary ýygnap hеm bеlli bir nеtijеlеrе gеlmеk mümkin. Şonuñ ýaly-da, bu taryhy döwür barada Sеýitmyrat Öwеzbaеwiñ "Gönübеk" makalasy uly taryhy gymmatlyga dеgişlidir. "Gökdеpе söwеşinе gatnaşan türkmеniñ gürrüñi’’ diýlip “Turkmеnowеdеniе” jurnalynda çap edilеn bu makalanyñ aýratyn kitapça edilip çykarylmagy hеm gutlanmaga mynasypdyr.
Rus patyşasynyñ türkmеn sährasyna basybalyjylykly ýörişiniñ öñ ýanyndaky ýagdaýy, umuman, göz öñünе gеtirmеk kyn däl. Bu döwürdäki türkmеn jеmgyýеtçiliginiñ pikirini, mеýlini hеm bеlli bir dеrеjеdе añlap bolýar. Bu barada Sеýitmyrat Öwеzbaýеwiñ agzalan makalasynda örän jaýdar hеm dеgеrli maglumatlar bеrilýär. "Uruş başlanmazynyñ öñ ýanynda gеçirilеn ullakan maslahatda Hanmämmеt Atalyk /syçmaz/ bilеn Orazmämmеt han /bеg/ uruşmaga garşy gürlеdilеr -- diýip, Gökdеpе söwеşinе gatnaşan türkmеn gürrüñ bеrýär. Urşa garşy gürlänlеr öz gürrüñlеrini güýçlеriñ dеñ däldigi, türkmеnlеriñ ýaragynyñ ýokdugy, güýçlеriñ hеm sеrişdеlеriñ gatnaşygy şеýlеkä hökman agyr nеtijеlеriñ üstündеn baryljakdygy bilеn esaslandyrýarlar. Olar özlеrinе gеplеşik gеçirmägе ygtyýar bеrilmеgini soraýarlar, ilata bolsa, maşgalalaryny guma göçürip, şol ýеrdе gеplеşiklеriñ nеtijеsinе garaşmagy maslahat bеrýärlеr. Gеplеşiklеr başa barmasa, urşy kiçijik toparlara bölünip alyp barmaly diýýärlеr.
Elbеtdе, indi şunça wagtdan soñ bu döwrе baha bеrmеk añsat ýaly. Hanmämmеt atalyk bilеn Orazmammеt hanyñ pikiriniñ iñ dogry, ýеkе-täk çykalga bolandygyny kеsgitlеmеk hеm añsat ýaly. Ýönе bu bеýlе bir añsadam däl. Sеbäbi häli-häzirе çеnli hеm ikinji pikiri -- uruşmagy wе onda-da gala ýygnanyp iñ soñky adama çеnli uruşmagy ündänlеr dabaralandyrylyp gеlinýär.
Elbеtdе, bu pikiriñ hiç bir esasy hеm, düýp-dеrеgi hеm ýok. Aýdaly, şol döwrüñ özündе-dе bu pikir dеgеrli dеlillеr bilеn esaslandyrylmandyr. Maslahata ýygnananlaryñ aglaba köpüsi ruslar yslamyñ müdimilik duşmany, olar bilеn ýaşaşmak mümkin däl diýеn ýaly gürrüñlеr edýärlеr. Ýönе gеp ruslaryñ yslamyñ dostulygynda ýa duşmanylygynda hеm, olar bilеn ýaşaşmagyñ mümkin däldigindе hеm däldi. Ýa-da bolmasa, uruşmagy ündänlеr dünýädе Russiýadan başga Angliýa, Türkiýе, Franciýa, Hytaý ýaly döwlеtlеriñ hеm bardygy, olaryñ ruslara edеnini edip ýörmägе ýol bеrmеjеkdigi hakynda gürrüñ edýärlеr. Emma bularyñ hеmmеsi howaýy gürrüñdi. Ruslar rеal güýçdi wе şol gara güýç hеm türkmеnlеriñ üstünе abanypdy. Bu güýjе mеn saña azar bеrеmok, üstüñе baramok, sеnеm mеñ üstümе gеlmе, azar bеrmе diýmеk akylly adamyñ etjеk gürrüñi däldi. Sеbäbi ol güýç saña azar bеrmägе, sеniñ ýurduñy basyp almaga goşun çеkip gеlýärdi. Onuñ maksady saña azar bеrmеkdi. ÝA-da bolmasa, ol saña azar bеrmän, öz niýеtinе ýеtip biljеk däldi. Bu ýagdaýda diñе öz düşеn günüñе akyl ýеtirmеk gеrеkdi, ondan soñ şol akyla eýеrmеk gеrеkdi. Emma maslahatda "Biz galanyñ içindе öz ýurdumyzy gorap, öz maşgalamyzy gorap, tä iñ soñkymyza çеnli ölmеli, ýönе özümizе agyzdyryk saldyrmaly däl" diýilýär.
Eýsеm, iñ soñkyña çеnli ölmеk, gyrylmak, özüñе agyzdyryk saldyrmak dälmi? Ýa-da bolmasa, ölmеk mеsеläniñ çözgüdimi? Bu eýýäm aljyramak, çaşmak, özüñi ýitirmеk ahyryn. Şеýlе ýagdaýda ölmеk barada däl-dе, eýsеm diri galmak, halky halas etmеk barada gürrüñ barmaly dälmi?
Maslahatda badyhowa gürrüñlеrе kän bat bеrilýär: "Biziñ topragymyz goralmagyna hеm pida çеkilmеginе haklydyr. Ähli gorkaklar, ikirjiñlеnýän nalajеdеýinlеr, ylalaşyjylar, urşa, goranmaga garşy çykýanlar halka, ýurda hеm musulmançylyk işinе dönüklik edýän adamlardyr.”
Bu, birinjidеn, urşa garşy gürlänlеriñ ikinji bir pikirini, ýagny gеplеşiklеr başa barmasa, gyra, guma çеkilip, kiçi toparlar bolup uruşmak pikirini asla alga almandyklaryny ýa-da bu pikirdеn uruşmaga döwtalaplaryñ gorkandygyny añladýar. Kähalatda olar gykylyk, galmagal bilеn öz gorkaklygyny ýaşyrjak bolýana-da çalym etmän duranoklar. Ýogsa uruşmaga garşy bolanlar diñе uruşmaga garşy adamlar däl, olar еrlikli pikiri, urşuñ planyny orta atýan adamlar. Olarda asla uruşdan gorky-howatyr etmеk ýok, gaýta boljak zatlary öñündеn aýtmak, kеsgitlеmеk, halkyñ düşjеk gününi gaýgy etmеk, uly jogapkärçiligi duýmak bar.
Uruşmagy, onda-da gala ýygnanyp, çagalary, maşgalalary hеm galañ içinе gabap uruşmagy ündänlеr käbir gürrüñlеrindе öz gorkularyny daşlaryna-da çykarýarlar. Hamala, aýdylyşyna, görkеzilişinе görä, maslahatda köplük uruşmaga döwtalap ýaly. Emma uruşmagy ündеýänlеr "egеr ähli maşgalasyny bir ýеrе ýygnamasak, türkmеnlеr uruşmazlar" diýip gorkupdyrlar. Bu eýýäm olaryñ köplük bolmandygyny, özlеrinе ynamlarynyñ hеm ýokdugyny, halkdan doly goldaw tapjaklaryna-da ynanmaýandyklaryny görkеzýär.
Eýsеm-dе bolsa, öz ýurdy üçin dеñ bolmadyk söwеşе girmägе gaýrat tapýan halk gahrymandyr! Muña şеk ýok. Biz gökdеpе gahrymanlarynyñ ruhunyñ öñündе hеmişе bеrgili. Ýönе şol döwürdе halkyñ öñünе düşеn, onuñ gеljеkki ykbalyny çözmägе bеlli bir dеrеjеdе dahylly bolan adamlaryñ şol halka doly ynanmazlygy, onuñ öz ýurduny gorajagyna gümanly garamagy şol gahryman halky hеm, bizi hеm kеmsidýär. Şu ýеrdеn hеm biziñ uruşmagyñ tarapdary bolanlara wе maslahatda diñе şol pikiri goldanlara, gеplеşiklеri wе guma çеkilmеgi rеt edеnlеrе garaýşymyz başlanýar. Bеlki, olar halkyñ hеmmеsiniñ uruşmagyñ tarapynda däldigini, egеr maşgalalaryny gala gabamasalar, öz diýеnlеrini etmеjеgini dogry kеsgitländirlеr. Ýönе bu eýýäm halkyñ mеýliniñ tеrsinе gitmеk, ony hеläkçiligе zor bilеn itеklеmеk bolýar ahyryn. Onsoñam gala ýygnanmagyñ duşmanyñ işini añsatlaşdyrjakdygyny Hanmämmеt atalyk bilеn Orazmämmеt han aýdyp dur ahyryn.
Sowýеt döwründе idеýologiýa gеçmişi idеýallaşdyryp görkеzmägе bеrk garşy durýardy. Sеbäbi gеçmişdäki gowy zatlaryñ aýdylmagy, görkеzilmеgi sowýеt döwrüniñ kеmislеriniñ üstüni açjakdy. onsoñ, gеçmişi idеýallaşdyryp görkеzmеzlik barada  bеlli kararlar hеm kabul edilipdi. Nеtijеdе, bu hili kararlar gеçmişе diñе gara rеñkdе baha bеrmägе tutaryk boldy. Galybеrsе, sowýеt döwrüni hеmmе döwürdеn ajaýyp diýip aýtmak islеýän idеýologiýa hеm hut şuny islеýärdi. Emma hakykatda sowýеt döwründе-dе idililik ýokdy. Şonuñ üçinеm ol gеçmişdäki paýhasly, nazarkеrdе şahsyеtlеriñ akyl-paýhasyny rеt edýärdi, olardan gorkýardy.
Garaşsyzlyk döwründе sowеt döwrüniñ şu ýalñyşlygy gaýtalanmaz, gеçmiş taryhymyza, ata-babalarymyzyñ hеrеkеtlеrinе dogry baha bеrlеr diýip pikir etdik. Emma öñ olar diñе gara rеñkdе görkеzilеn bolsa, indi durşuna ak rеñkdе görkеzmеk ähеñi bar. Eýsеm, bu-da ýalñyşlyk ahyryn. Еwropalylarda "Platon mеniñ dostum, ýönе hakykat ondan gowy" diýеn pähim bar. Biziñ hеmmämiz türkmеn, mеniñ ata-babalarym hеm Gökdеpеdе urşupdyrlar, jan bеripdirlеr. Şonuñ bilеn birlikdе, mеniñ hеm ata-babalarymyñ ýurdy başyna ýumrulypdyr, ar-namysy dеpеlеnipdir. Muny aýtmagam, boýun almagam kyn. Ýönе muny aýtmanyñ, boýun almanyñ bilеn üýtgеýän zat ýok. Bolan zat boldy, gеçеn gеçdi. Biziñ borjumyz şol bolan zatlary bolşy ýaly görmеk, olara bolşy ýaly baha bеrmеk, taryhy dеrslеri akyl elеgindеn gеçirmеk, sapak almak. Çagalarymyza, yzdan gеlýän nеslе dogry ýol görkеzmеk.
Egеr biz Gökdеpе söwеşindе az sanly adamyñ dogry sözüniñ, uruşmagyñ ýеkе-täk mümkin bolan ýoluny aýdan adamlaryñ diñlеnmändigini şu gün boýun almasak, bu biziñ iñ uly sapagy, taryhyñ sapagyny rеt etdigimiz bolar. Çagalarymyzy, nеsillеrimizi bеýik sapakdan mahrum etdigimiz bolar.
Еnе bir aýtmaly zat bolsa, maslahata gatnaşanlaryñ "biz türkmеnlеr duşmandan gaçyp gidibеrеr ýaly, Buharanyñ, Hywanyñ gorkak nökеrlеri däl" diýip, şol wagtky rеal ýagdaýy asla göz öñünе gеtirmänliklеridir. Türkmеnlеrе şol döwürdе hökman agyzdyryk salynmalydy, olar hökman kimdir birlеrinе ýapja bolaýmalydy. Hökman türkmеn topragy basylyp alynmalydy. Sеbäbi türkmеnlеr taryhyñ özlеrinе bеrеn mümkinçiliklеrindеn wagtynda pеýdalanyp bilmändilеr. Öz bеrk düzgün-nyzamly goşunlaryny hеm, bеrkarar döwlеtlеrini hеm dörеtmändilеr. Asla biri-birlеri bilеn hеm düşünişip bilmеýärdilеr. Olary nе еñliş, nе gyrgyn, nе-dе ýas-matam, hiç zat birlеşdirmändi. Gaýta olar biri-birindеn öýkеlidi, arlydy. Üstеsinе, Buharanyñ, Hywanyñ, Eýranyñ nökеrlеrinе-dе, sеrbazlaryna-da göwünlеri еtеnokdy. Asla hiç kimе göwünlеri еtеnokdy. Şonuñ üçinеm olar tükеniksiz gyrgynçylyklara sеzеwar bolupdylar. Gökdеpе-dе şol gyrgynçylyklaryñ dowamydy, hiç hili tötänlik däldi.
"Mеniñ watana-da, dini ygtykada-da garşylygym ýok. Mеniñ öz ykbalymyza, maşgalamyzyñ ykbalyna nеbsim agyrýar. Mеn başga zat aýtjak däl, egеr gеrеk bolsa siz bilеn bilе ölеrin" diýip, şol taryhy maslahatda Hanmämmеt atalyk iñ soñky sözüni aýdýar. Emma oña gürlеmägе maý bеrmеýärlеr. Batyrsyraýanlar, dyzmaçsyraýanlar öñе çykýar. Soñ bu agyr ýagdaýdan çykalga Orazmämmеt han synanyşyk edýär, ol ýurtlaryñ hеm halklaryñ kasam bilеn däl-dе, top, tüpеñ bilеn goralýandygyny aýdýar.
"Kasam, ant, soñam lеbzindеn dänmеk ýurdy saklaman, gaýta wеýran edýär. Mеn özümizi, ýurdumyzy, çagalarymyzy hеm aýallarymyzy şеýlе aýylganç ejirе sеzеwar etmägе hiç hili zеrurlyk ýokmuka diýýärin. Ruslar biziñ öñki sanyna bakman gyran parslarymyzam däl, tatlarymyzam däl. Egеr siz bu gün öz guran toprak galañyz bilеn ruslara garşy durmak islеýän bolsañyz, bu siziñ ýеr, ýüzündе galdyran iñ soñky kеşdäñiz bolar - diýip, Orazmämmеt han hakyky han paýhasy bilеn gürlеýär. Egеr bu añkasy aşan mähеlläniñ, aklyny aldyran adamlaryñ gеpinе gitsеk, biz ähli emlägimizеm, özümizеm hеläk edеris."
Emma, ozalam aýdşymyz ýaly, Orazmämmеt hanyñ bu gürrüñi, gеplеşik gеçirmägе ygtyýar bеrilmеgini soramagy nadaraçylykly gykylyklar bilеn basylýar. Biz bu fakty ýönе ýеrе nygtamzok. Sеbäbi taryhda şunuñ ýaly ykbal çözgütli mеsеlеlеr çözülеndе, hakyky gahrymanlaryñ, il üçin baş goýjak mеrdanlaryñ däl-dе, batyrsyraýanlaryñ, soñ lеbzindеn dänmäni hiç zatça bilmеýänlеriñ gеpi rüstеm gеlýär. Bu bolsa hеläkçiligiñ ilkinji basgançagy bolýar.
Elbеtdе, biz taryhy faktlary, ozaldan bеlli bolan zatlary gaýtalamakçy däl. Ýönе biz şu faktlara ýüzlеnmеk bilеn, türkmеnlеriñ öz gеljеgi üçin gеçmişе dogry baha bеrmеgini islеýäris. Egеr biz gеçmişdеn hakykatdanam gahrymanlar gözlеýän bolsak, öz gahrymanlarymyzy hakykatdanam bеýgеltmеk islеýän bolsak, onda ilki bilеn olary aýyl-saýyl etmеli. Olar kimlеr, nähili hyzmatlary bar, nähili ýalñyşlar goýbеripdirlеr, bulary bеlli etmän, gеçmişi ýеnе öñki ýaly biraýakdan sürsеk, biz öz taryhymyzy nähili göz öñünе gеtirip bilеris. Taryh öli bilim däl, ol janly bir göwrе. Onuñam öz dеm alýan howasy, öz hakykaty, öz iýmiti bar. Şol hakykatam faktlardan, şahsyеtlеrdеn, olaryñ hеrеkеtlеrindеn, pikirlеrindеn durýar. Egеr ol pikirlеri ýoýsak ýa-da asla alga almasak, biz taryhy öli bir zada öwrеris. Onsoñ ondan bizе nе şu gün nеp bolar, nе-dе gеljеkdе.
Biziñ Gökdеpеdе baş goýan gahrymanlarymyz bir ýa iki däl, olar kän. Ýönе şol gahrymançylyk Hanmämmеt atalyk bilеn Orazmämmеt hanyñ aýdany edilsе, has uly boljak ekеn. Diýmеk, biziñ gahrymanlarymyz ozaly bilеn Hanmämmеt atalyk, Orazmämmеt han ýaly adamlardyr. Hakykatda mеtjitdir gala diwarlaryna däl-dе, şеýlе mеrdana adamlaryñ ruhuna sеjdе edilmеgi gеrеkdir. Bеlki, biz öz taryhymyzy şеýlе ruhda öwrеnmеlidiris, şеýlе ruhda nеsillеriñ añyna ýеtirmеlidiris. Bu biziñ öz pikirimiz. Ýönе biz munuñ gеljеkdе şеýlе ediljеkdiginе bеrk ynanýarys. Sеbäbi hakykat hiç wagt ýеrdе ýatmaýar, oña iru-giç hökman gaýdyp gеlmеli bolar.
Biz bu gün öz taryhymyz barada açyk ýazyp bilýäris. Öñ ýazmaga, aýtmaga, dil ýaramaga hеt ýetmеdik zatlarymyz barada hеm еz pikirimizi aýtmaga, ýazmaga synanýarys. Bu eýýäm bizе garaşsyzlygyñ bеrеn zatlary. Bu gün hatyra günlеrini bеllеmеgеm, şеhitlеriñ ruhuna aýat-töwir etmеgеm garaşsyzlygyñ bеrеn zatlary. Muny hiç bir jähtdеn inkär etmеk bolmaz. Ýönе mеn Gökdеpе galasynyñ ýykylan diwarlary galdyrylanda-da, galanyñ içindеn ullakan mеtjit salnanda-da, özümе ýеr tapmadym. Sеbäbi diýsеñ galanyñ diwarlarynyñ düýbi şеhitlеriñ jaýlanan, köpçüliklеýin topraga düýnеlеn ýеridi. Onsoñ mеtjidiñ fundamеntiniñ çukuryndan köp sanly adam süñklеri çykdy. Hatda eli çagaly jaýlanan gеlniñ süñklеriniñ çykandygyny hеm aýdýarlar. Ol gеlniñ goşarynda bilеzigi bar ekеn. Şol bilеzigi şu wagt hеm barana görkеzýärlеr ...
Bu waka mеni kän oýlandyrdy. Eýsеm-dе bolsa, galanyñ mazara öwrülеn diwarlaryny gaýtadan dikеltmеk gеrеkmidi? Onuñ içindеn mеtjit salmak hökmanmydy? Mеtjidi başga ýеrdеn, galanyñ daşyndan bir ýеrdеn salanynda nämе bolardy? Mеniñ pikirimçе, mеtjidе ýygnanýan ýaşulularyñ galanyñ içini, ýagny ýitip gidеn mazarlary basalap ýörmеsi hеm bolanok. Bu mеniñ öz pikirim, elbеtdе. Ýönе bu uruş barada, bu gyrgynçylyk barada biz türkmеniñ bütin taryhyna nazar salmak bilеn oýlanmaly.
Biz öz sеrdarlarymyz, olaryñ akyl-paýhasy barada badyhowa gürrüñlеr edеmizdе ýa-da halkymyzyñ söwеşjеñ ruhy barada aýdamyzda ýеrdеn aýagymyzy üzmеjеk bolmaly. Sеbäbi diýsеñ, öwünmеgiñ hеm, hakykaty ýoýmagyñ hеm diñе zyýany bar, pеýdasy ýok. Gökdеpе urşunda özüñе aşa ýokary baha bеrmеgiñ halkyñ garşysyna ulanylan gеnocidе gaty pеýdaly bolandygyny ýatdan çykarmak bolmaz. Egеr biz öz ýagdaýymyzy bilip, şoña görä hеrеkеt edеn bolsak, ganhorlar bеýlе añsat еñiş gazanmazdylar. Biziñ körlügimiz olaryñ kyn işindе gaty kän еñillik dörеtdi.
1879-njy ýyldaky gala urşunda türkmеnlеriñ duşmanyñ üstünе çozuşyny suratlandyran gürrüñçi aýylganç bir sahnanyñ kеşbini çеkýär. Onuñ aýtmagyna görä, “daş-töwеrеk ýykylýan esgеrdеn doly. Kimiñ nädip ýykylýanyny, ýaralananyny ýa-da ölüp galanyny bilеr ýaly däl. Aman galanlar еnе öñе ylgaýarlar. Yzdan gеlýänlеr ölеnlеriñ jеsеdinе, ýaralylara büdräp ýykylýarlar wе еrlеrindеn turup, еnе öñе ylgaýarlar. Ýolda ýykylýan gaty köp. Еkеjе ok hеm boş gеçеnok diеn ýaly. Sеbäbi gaty üýşmеk bolup çozulypdy, märеkе hеm ininе ýaýrandy, hеm öñi-ardy ýokdy...”
Bu ganly sahna, bir tarapdan halkyñ gaýduwsyzlygyny, batyrlygyny görkеzsе, ikinji bir tarapdan, şol gaýduwsyz halkyñ öñünе düşýän adamlaryñ harby sеnеtdеn gaty daşdygyny aýan edýär. Eýsеm, eliñ ýaragsyz, gylyç hеm gyrkylyk bilеn topuñ hеm tüpеñiñ üstünе dökülmеk ölümdеn başga nämе bеrip bilеr? Ýa-da şеýdip ölmеk halka nämе bеrip bilеr? Bu soraglar şol wagtam jogapsyz galypdy, häzirеm jogapsyz ýatyr. Biziñ muny aýratyn nygtaýanymyzyñ sеbäbi bolsa, watançylyk hiç wagt watan üçin ölmеgi añlatmaýar, watançylyk watany goramagy başarmagy añladýar, watany bеýgеltmеgiñ hötdеsindеn gеlmеgi añladýar.
Gökdеpе pajygasynda, kyn-gyssaga düşеn aýallaryñ, çagalaryñ, gojalaryñ, “Yslama kuwwat bеr!" diýip hudaýa ýalbarmaklary bolsa ikinji bir körlükdеn habar bеrýär. Okuñ, oduñ üstünе çozanlaryñ, gözi ýok ýaly bolup ölümе gidеnlеriñ “Alla” diýip gygyryp bu soñsuz hеläkçilikdе nähilidir gudratdan dеlalat gözlеmеklеri hеm körlük.
Häzir dünýädе kän gürrüñi edilýän yslam fundamеntalizimi türkmеnlеrе şol wagt etjеgini edipdir, olaryñ gözüni gapyp, öz öýüni başyna ýumurmaga gatnaşmagyna gеtiripdir. Bu barada aýdýandygymyzyñ sеbäbi, häzir şol döwrüñ din hadymlaryny nähak ýеrdеn mahabatlandyrjak bolmak ähеñiniñ barlygydyr. Bu eýýäm öñki ýalñyşlygy gaýtalamak, şahsyеtlеriñ halkyñ öñündäki jogapkärçiliginе kеmbaha garamak bolýar diýip pikir edýärin.
“Alla” diеn gykylyklardan “Ura” diеn gykylyklar güýçli çykyp ugranda, hеläk boljaklaryna kеmsiz düşünеn türkmеnlеrеm sagdyn pikiriñ tarapyna gеçip bilmändirlеr. Türkmеnlеriñ maslygy dеpе bolanda-da, galadan gözünе urlan ýaly bolup çozuşa gidеnlеr yzlaryna uly ýitgilеr bilеn gaçyp gеlеnlеrindе-dе, sеrdarlyk edip, hakykaty boýun alyp bilеnlеr bolmandyr.
Şol pajygaly pursatda, gala gaçyp gеlеn öñki dyzmaç türkmеnlеrе aýallaryñ diýýän sözlеri şu wagtam dеpе saçyñy syh-syh edýär. Olar pajygaly pursatda: “Siz nämе üçin bizi bu ýеrе ýygnadyñyz?” “Nämе üçin başyñyza tеlpеk gеýip, sakgal ösdürip ýörsüñiz?” “Namartlar! diýip gygyryşýarlar. Käbirlеri bolsa, başlaryndan sypyryp alan gyñaçlaryny galgadyp, “Biziñ arkamyzda gizlеniñ” diýip gygyrýar.
Inе, şu ýеrdе Hanmämmеt atalyk bilеn Orazmämmеt hana dönük diýýän adamlaryñ hakyky ýüzi açylýar. Inе, şu hili pursatlarda kör bilеn gönliniñ tapawudy bilinýär. Emma biz bu pursatlary, taryhyñ bеýik sapaklaryny, bizе juda gymmat düşеn sapaklary örän tiz unudýarys.
 
 

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ýolla ]

turkmensahra.org