A. Welsapar:
IL WE NÄKES
 
Täze señ eşigiñ hem tüýüñ reñki!
Täze indi seniñ ündeýän wagzyñ.
Ýöne goşgy ýazýan elleriñ öñki,
Çüýrük pikiriñ hem ahmyrly agzyñ!
 
Il-gün diýip, göräýmäge, çekýäñ jan,
Galp sözlerden möý dek kerep dokaýañ.
Gülüp ýazan goşgyñ (sende emel kän),
Soñ minbere çykyp, aglap okaýañ!
 
Ýasyna görünmän, barman ýylyna,
Bir gerçegiñ adyn ulanyp ýörsüñ.
Ogrulara hyzmat edip, ýalyna,
Dogry görseñ, mydam bulanyp ýörsüñ.
 
Eger-de türkmeniñ tutulsa ady,
Ýüzüñ kese sowýañ, diýýärsiñ – ol gul.
Eýse kimdir seniñ tutan binýadyñ?
Göbegiñi kesen kimdir, han ogul?!
 
Köşge girdiñ, hyzmat etdiñ zalyma!
Il günäñi ötdi azanda gäbiñ.
Kekirdekden poha çümen halyña,
Özgä pitjiñ atýañ, hany ynsabyñ?!
 
Gaçgynyñ ýagşylyk, gözlegiñ – ýaman,
Il gülse – agladyñ, ýogsa güldüñ sen.
Haýyr bilen Şer arada ýalñyşman,
Ömrüñ boýy Şeri goldap geldiñ sen!
 
Sende ne utanç bar, ne-de bir haýa,
Ýogsa, ahlak hakda takal okaýañ!
Perişdesiñ öýdýäñ özüñi göýä,
Kimligiñ il-güne bolsa-da aýan.
 
Sen nätseñ-de, iliñ göwni seýikdir,
Türkmen giñdir, hökman ýola atarar.
Deñsiz bilen deñ bolmaz ol, beýikdir,
Bir gün senem gerdenine göterer.
 

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ýolla ]

turkmensahra.org