T. Kor :Tamdyra sapagy(4) |
Perde we barmaklaryň teknikleri
Tamdyra öwrenjiler üçin öwrenmekde iň birinji ädim, perdäni tutmak
we ondan sesi arassa çykarmakdyr. Şu ýerde häzir barmaklar tamdyraň
perdelerinde, perdeden-perde böküp ses çykarmasyny we her perdäň
atlaryny not ýazuwsynda öwrenmek, esasi ýümüşimizdir.
Ýokarda perdelerniň adyny eýäm öwrenen bolsaňyz hem , aşakdaky
ýümüşler hökmany çalyp öwreniň.
Sesi
eştmek üçün şu ýery klik
etmely
(1-3-5 perde eýri)
^ = kaku aşak çalynýar v = kaku ýokara çalynýar
Not saçagynyň aşagyndaky 1 w 2 w san we harplar takt urgyň
sanynyň görkezmesi.Ýokardaky tonlary çalan wagtymyz örän ýuwaş we
sanap çalmaly. 1-nji we 3, 5 perdeleri çalan wagtymyz , perdeden
çykýan sesleri arassa ýaňlandyrjak bolmaly.
Ýene geljegki sahypalarda saz grameri bilen bilelikde täze öwrenmeli
heňleriň çalmasyny dowam ederis. Siz hormatly öwrenjiler saz grameri
bilen bile ädim-ädimläp ýuwaş-ýuwaşdan howlukmany her bir berilen
saz ýönkemeleri izgiderli öwreniň.
Not öňündäki bellikler
Not öňündäki bellikler, bir kiçi symbol bolup not öňünde çep
tarapynda durýar.we şol notiň ton beýikligini ýarym ton ütgetýär.
Müzik not system-de ýokara galdyrlan( beýik edýän bellik, notiň, ton
beýikligini1/2 ton galdyrýar). peseldýän bellik ( bü bellik notiň,
ton beýikligini½ ton peseldýär) , tebigi notlar ( öňki görnüşüne
getirýär) .
beýik edýän bellik pes edýän
bellik tebigi bellik
Haýsy bir bellik tak-da, not öňünde goýlan wagty , şol takt içinde
we şol aktawa dowamynda ütgeýär.diýmek not bellikleri haçanda, bir
notiň öňünde goýylsa onda diňe şol takta degişli bolýar.
Ýokara galdyrýan bllik
Ýokara galdyrýan bellik not öňünde goýlan wagty ,şol noti ½ ton
ýokardan Çalmaly-dyr.Eger piano-da çalsak, onda gara reňkli basuwny
sag tarapda tutmalydyr.ýokara galdyrýan bellig not ýazuw-da
IS söz bilen notiň söňüne
Goşulyp okalýar.Eger syz beýik edýän belligi G basuwň öňünde
görseňiz
Onda , ak G basuwň sag tarapynda gara reňkli Gis basuwny basmaly-dyr.
G ni ½
ton beýik edip çalmaly.
Tamdyra perdeleriň aralygy ½ ton-da tertiplenip durany üçin ,
bu bellik ýazylan wagty, 1 perde aşak çalmaly.
( Elbetde, ýene , perdäň adyna ser edip.)perdeleriň atlaryny doly
öwrenmelidir !!
mesal : 1 – nji perde-de eger F beýgelse, onda, 1 – nji perdäň
ýokarky kyrşyny we 2 – nji perdäň aşaky kyrşyny tutmaly.
Peseldýän bellik
Peseldýän bellik notiň öňünde gelen zaman , şol noty ½ ton aşak
çalynýar.
Piano-da çalsak onda gara raňkli basuwny,ak reňkliň basuwň çep
tarapynd-
-an
tutmalydyr.Eger H notiň öňünde (Q)
bellik dursa, onda gara reňkli B,ak H basuwň çep tarapyndan
çalynýar.
H-ni ½ ton peseldip çalynýar
Tamdyra perdelerinde bolsa bir perde ýokardan tutulýar.
Mesal : 5- nji perde-de haçan-da d sesi ½ ton peselse, onda 4 – nji
perdäň aşaky kyrşyny we 5 – nji perdäň ýokarky kyrşyny tutmalydyr.
Tebigi notlar
Tebigi bellik , öňki belligi aýryp, noty öňki görnüşüne
öwürýär.Diýmek siz notlary şol wagt belliksiz edip
çalýarsyňyz.Aşakda G ton basgançygynda siz F noti Fis edip
çalýarsyňyz. Eger tebigi belligi F notiň öňünde goýsak, siz F noty
belliksyz edip çalmaly bolýarsyňyz,welin G ton basgançygynda aslynda
Fis edip çalmaldyňyz.

Enharmoni
Enharmoni diýmek bir we şol noty dürli atlar bilen görkezmekdir.
Eger-de bir not dürli atlara eýe bolsada , şonda-da deň ton beýiklig
bilen çalynsa oňa enharmoni diýiler.
Mesal: bir B (peseldilen H) Ais not bilen, ton beýikligi deň dir.
Peseldilen F bolsa E not bilen deňdir.
Ton beýikligi dürli not atlary bilen çalyp
bolýar, muňa enharmonic diýilýär.
Eger tamdyraň perdeleriň adyna ser etseňiz , onda, enharmoniýa
Türkmen muzik-de nähilli derejede güýçlidigi görünýär.
Not taýagy
Not system-de her bir
notiň , not gurulşysy bolýar.Notiň uzak wagta ýaňlaýşyna göre not
taýagy(Not bokurdagy) bolýar. Not taýagy hemişe ýokara
çekilmeýär.Not saçagynda notiň duran ýerinden belli bir aralyg
ölçenip, not taýagy aşaklaýyn hem çekilýär.Her bir not , not
saçagynyň ortaky çyzyga ýakyn durup , ýokarsynda ýerleşse, taýagy
aşak çekilýär we tersine.
Not saçagyň orta çyzygyň aşagynda
Duran notlar , taýagy ýokarlaýyn çekilýär
not saçagyň orta çyzygyň ýokarsynda
duran
notlar, taýagy aşak çekilýär.
Akkord bilen çalynan notlar, not taýagy iň inçe ýa-da ýogyn
sesleriň(not)
Orta çyzyga uzaklygy,not taýagyň haýsy ýana çekilmeldigine bagly
bolýar.
Akkor-da not taýagyň, nähilli durmaldygyna, orta çyzykda iň uzakda
duran not şertli-dir.
Orta çyzyk
beýikde duran A orta çyzykdan G göre daşda durýar.
Bir-birine bagly notlar hem, ýokardaky deňesmesi bilen bir meňzeş
şertleri Bar.
Sorak
we ýümüş
1.Tamdyraň perdelerniň adyny 7 – nji perde – de süýem barmakda we 8
– nji perde-de baş barmakda Not boýunça adyny ýazyň.
2.Tamdyraň perdelerniň aralygy näçe ton-da durýar ?
3.Not öňündäki bellikler haýsylar we saz – da näme görkezmesi bar ?
4.Enharmoni nämel ?
5.Not taýaklary haýsy düzgün boýunça ýerleşýär ?
|
|