Makala

Araz Parwiş
OKUWLY GATLAK ÇYKGYNSYZ ÝAGDAÝDA

Öten asyryñ 1-nji çärýeginden bäri medeni aýratynlyklary nygtama meýliniñ güýjemegi Eýrandaky türkmenleriñ arasynda-da, gijiräk hem bolsa, bu ugurdaky çelgi hem çylşyrymlylyklaryñ ýitileşmegine getirdi. Ýöne bu gymyldylar köplenç goranyş görnüşinde bolup, daşardan gelýän hüjümlere berilýän has konserwatiw, kähalatda hem diýseñ öñe gidişlikli häsiýete eýe gaýtargylar bolup durýar.

Gapma-garsylyk bir tarapdan Türkmeniñ ýaraly kimliginden gelip çyksa, bir tarapdan-da beýleki gymmatlyklary çydamsyzlyk bilen ýere çalýan häkim medeniýetiñ medeniýetsizliginden, has dogrusy, gödekliginden gözbaş alýan bolsa gerek.

Käýarym "Türkmensährada"  ýerleşdirilýän makalalarda, çuñ pikirleri öz içine alsa-da, pars dilindediginden daşgary, ýazyjylaryñ halkynyñ baý medeni mirasyna ýetik däldigi, şol sebäpden hem tutulýan tutumlaryñ köplenç halatda özüni aklama suratynda bolup geçýänligi ünsüñi çekýär. Ýöntemlik, gözýetimiñ çäklidigi adamy gynandyrýar.

Türkmeniñ özüni aklaryna gerek ýok. Ol zulum eden halk däl-de, zulum-sütümiñ astyndaky halk. Özüni aklamaly onuñ üstünden agalyk edýänler. Özi-de bir milleti dilsiz-agyzsyz goýanlygy üçin.

Iliñ ykbaly bilen berk baglanyşykly soraglar barada, dogry ýa ýalñyş, belli bir derejä çenli pozisiýa tutup,  garaýyşlaryny beýän edip bilýän türkmen intelligensiýasynyñ öz ene dilinde iki sözlemiñ başyny çatyp bilmän, ýazýan makalalary bilen türkmen diliniñ hasabyna pars dilini baýlaşdypyp, ene dilini folklora öwürme barada barýan "tagallalara" goşant goşýanlygy, şeýdip hem öz kimlik ýitgisini güýçlendirýänligi ajy hakykat welin, ýöne bu onuñ peýda-ziýany tutuşlygyna saýgaryp bilmeýändigini belgilänok. Ol öz halkynyñ bähbitlerine gowşak hem bolsa, düşünip bilýär. Ýöne, nädersiñ, ilki bilen-hä häzirki ýagdaýy döreden ýeke geçen ýigrimi ýyllykda ýüz beren hadysalar däl. Biziñ halkymyzyñ gelejegi gönüden-göni onuñ geçmişi, medeniýeti, zehniýeti bilen baglanyşykly. Bu hem onuñ bähbitleriniñ ozal eden taryhy tejribeleriniñ üsti bilen kesgitlenmegini talap edýär. Ikinjiden-de bu barada düýpleýin pikir alyşmak onuñ öz dilinden başga dilde, subýektiw sebäplere görä, mümkin däl.

Türkmen intelligensiýasynyñ orta atýan ýüzleý çözgütleri bilen oñaýsyz ýagdaýa düşmegini ýeke maglumat çäkliligi bilen düşündirip bolanok. Aýgytly roly oýnaýan milli añ-düşünjäniñ ýetneligi. Bir güýje tabynlyk ýogsam öz kimligiñi inkär etmek derejesine baryp ýetmeli däl.

Syýasy sosýalizasiýa täsiri astyndaky gatlak bilen sada halkyñ arasyndaky tapawudy, has dogrusy türkmen intelligensiýasynyñ öz halkynyñ bähbidine dogry düşünip, ony doly kesgitläp bilmän, häkim güýjüñ wekili hökmünde çykyş edýänligini nazara alanyñda köpçülikleýin gymyldy ähtimaly garañky görünýär.

Munuñ tersi-de dogry. Türkmen jemgiýetiniñ tas iki ýüz ýyl bäri  öz içinden dörän ösüş dinimikasyndan mahrum edilenligi zerarly özüne bolan ynamynyñ gowşanlygy-de okuwly gatlagy ruhy taýdan soýgetsiz goýýar. Has düşnükliräk edip aýdanyñda, Eýranda ýazgydy daşardan ýazylyp, öz ykbalyny özi kesgitleme erkinden mahrum türkmen jemgiýetiniñ gymmatlyklaryny özleşdirip,  öz içinden dörän intelligensiýasy ýok. Barynyñ-da eýerýäni bir modern jemgiýet däl. Ol hem ony öz çagsan, dargap sandan galan ideologiýasyna örkläp bilenok-da, kimlik ýitgisinden peýdalanýar.

Syýasy gözýetimi dar, özgerişlere taýýarçylyksyzdygy zerarly ozal Tudanyñ topugynda tozap, soñ Pidaýylara pida bolan, indi-de yslam tuguny göterýän türkmen okuwly gatlagynyñ ýagdaýynda käbir gowşak, üzñe çyzgylar bolaýmasa, düýpleýin üýtgän zat göze ilenok. Onuñ agalyk edýän medeniýetiñ buýuntyrygyndan dynyp, özüne gelerine entek garasmaly ýaly bolýar.
 

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ýolla ]

turkmensahra.org