Janköýer mugallym Nazgurban Nejjaryny ýatlap ! |
Bendertürkmende 2-nji
jahan urşy döwründe bina edilen birnäçe täsin jaý bardy. Olaryñ
birisi şäheriñ gaýra tarapynda demirýol gurlşugynyñ tamamlanan
ýerinde «Gümrük» edarasy, iki sanysy bolsa şäheriñ
illerräginde ýerleşýärdi. Olaryñ birisi ýokary oku jaýdy, beýlekisi
häzirki «Bender» sinemasynyñ garşysynda ýerleşen we
«Demokratlaryñ» öýi dilýäñ jaýdy. Bulardan başga, Aşyr ada
gidýäñ ýoluñda harby maksat üçin bina edilen giýñ meýdany tutýan
jaýa duş gelinýärdi. Bulary Almanlaryñ hem-de ruslaryñ bina edendigi
aýdylýar. Bulardan başga Bendertürkmen bilen gadymy Gürgen(häzirki
K.Gabus) aralygynda Almanlaryñ guran «Alman hatda» diýen
ýol-da çekilipdi.
Biz bu gürrüñimizde
B.Türkmeniñ şol mekdebinde ençme ýyllap müdür bolan we gulluk
ýyllarynda ýüzlerçe ýokary okuwly Türkmenleri ýetişdiren
Nazgurban agah akynda bildigimizden durup geçmekçi.
Gadymy orta oku jaýy,
bir mahal demirýol kadrlaryny taýýarlamak üçin niýetlenipdi. Oña
«Hüneristan-e Säneti» diýlýärdi, Onda bir topar Türkmen ýigidi
tälim aldı. Olaryñ arasynda görnükli edebiýetçymyz Nurmuhammet
Aşyrpur(Türkmenistanda ol Aşyrpur Meredov aty bilen
tanalýar)dagy bolupdyr. Mämet yrza şanyñ şounistik siýasaty
netijesinde soñra bu teknikom ýapylyp, bazasy gadymy
Astrabat(häzirki Gürgene) alnyp gidilýär we bu ýerde «Hedaýet»
aty bilen orta mekdep döredilýär.
1962-nji ýylda
başlangyç mekdebi obamyzda tamamlap, okuwy dowam etdirmek üçin
beýleki obaçylar ýaly B.Türkmene geldim. Ol döwürde orta mekdep iki
tapgyrdan ybaratdy. 1-nji we 2-nji sikl. Üç ýyly öz üçine aýlan
1-nji sikl, şäheriñ gaýra tarapynda «Hazar» diýen mekdepde
okalýardy, onuñam janköýer müdüri bardy, familýasy Kötükdi.
Bu mekdebi tamamlanlar «Hedaýet»da okuwny dowam etdirip, şol
ýerdenem orta okuwunyñ diplomyny /atestatyny aýlardy.
Ýadymda, ilkinji gezek
şol mekdebiñ gapysyndan ädlänimde gözi gara äýnekli, daýaw bir adama
gözüm düşdi, ol mekdebiñ derwezesiniñ öñünde eýläp-beýläk gezmeläp,
gelen-giden okuwçylary barlaýardy. Jañ kakyldy, klasa girmek üçin
nyzama durardık, rugsatsyz mekdebe gelmänleriñ atlary okalardy, olar
bir gyraga çykyp durardılar, soñra, jañ kakylandan soñ gelenler-de
olary goşulardy. Gara äynekli-soñra görüp otursam merhum N.Nejjary
olary diñlärdi, käbirlerini klasa goýbererdi, käsine bolsa temmi
bererdi. Garaz onuñ elinden syýpjak gumanyñ ýokdy. Ol şeýle bir
pristijli, prinsipli adamdy welin diñi-taýy ýokdy. Onuñ mekdepde
ýöredýäñ berk düzgüni, disiplini nusga alarlykdy. Merhum Nejjarynyñ
şol siýasaty netijesinde her ýylda 10-larça Türkmen universitet
egzaminleri gazanýardy. Onuñ ýetişdiren doktorlary, injinýerleri,
dürli ugurlardan bilermenleri, teknisiýenleri gaty köp boldy.
Özlerini Eýranyñ
kommunist partiýasy saýýan «Tudeh» partiýanyñ
arhiv-materiallarynyñ arasynda merhum Nazgurban Nejjarynyñ 1940-njy
ýyllarda bu partiýanyñ hatarynda hereket edendigi hakda birnäçe
dokumete gabat geldim. Olar barada nesip bolsa ýazyp oturan
«Türkmensähranyñ taryhy» işimde dolurak durup geçerin.
Merhum Nejjary Türkmen
balalarynyñ ýokary ylym almakda, hatly sowatly etmek ugrunda köp
alada etdi. Onuñ aty şol mekdebe dakylyp, hatyrasy
ebedileşdirilse çüpüne düşerdi diýp oýlanýarys. Ýeri gelende
aýtsak, Pählevi rejimi agdarlandan soñra bu mekdebe beýik
«Magtymgulynyñ» aty berildi, häzir bolsa başga ata eýe.
Ýeri gelende şol
mekdepde merhum Nejjarynyñ orunbasary bolup işlän
A.Amanmähemmedini-de ýatlap geçeýliñ. B.Türrkmende Ybraýym
Alagy, Muhammet Bogda ýaly janköýer mugallymlar az däldi.
Hemmeleriñ atlary, hormatlary, elmydama halkyñ ýüreginde ýaşar diýen
umyýt bilen sözümi jemleýärin.
Akmyrat Gürgenli
Taryh ylymlaryñ
kandidaty
Prag
03.12.2005
|
|