19-nji fewral
Türkmenistanda baýdak güni. Halkymyzyñ buýsanjyna buýsanç gatylan
güni. Türkmen döwletiniñ milli tugunyñ beýleki döwletleriñ hatarynda
Birleşen Milletler Guramasynyñ binasynyñ ýanynda mawy asmanda parlan
güni. Hatta oña göwüni ýetmeýän, görüp bilmeýän, içi ýetmeýän
Eýranyñ baş şäheri Tehranyñ ortarasynda al asmana galan güni.
1991-nji ýylda Türkmenistana garaşsyzlygyny jar
edenden biraz soñra- ýaranjañlar
garaşsyzlygy Niýazov alyp bedri diýýärler, aslynda Niýazov
Türkmenistanyñ garşsyz bolmagynyñ tarapynda durman geldi,
milli baýdagyñşekliniñ/formasynyñ kabul edilmegi barasynda köp
maslahat edildi, dürli pikirler, teklipler ara atyldy. Şol maslahata
hem ýurduñ içinden hem-de daşyndan gatnaşyldy. Hatta şu setirleriñ
avtory-da Türkmeniñ milli tugunyñ formasy barasynda öz garaýşyny
Türkmen döwletine hödürledi. Şonda baýdagmyzyñ sada, zenanlarymyzyñ
ketenisi ýaly ýerliginiñ gyzyl, kenarynyñ sary bolmagyny teklip
edipdi. Kerim şahyr
aýytmyşlaýyn:
«Baýdagmyzyñ gyzyl boljagyny
Göýä bilen ýaly müñ ýyllap ozal,
Ýüpegini
gülüñ suwuna boýap,
Keteni dokanmyş Gül diýen gözel…»
Türkmeniñ halysynyñ reñki gyzyl, aýaldyr
erkekleriniñ dony gyzyl, gyzyl biziñ milli reñkimiz. Emma biziñ
teklibimmize gulak gabardanam bolmady, diñlänem, edil musulman
döwletlerinde boluşy ýaly ýaşyl reñki alyp oturuberdiler. Ýüzünde
bolsa aý-ýyldyzdan başga dürli tire-taýpalaryñ haly göllerini
ýerleşdirdiler.
Baýdak diýeniñ sada bolmaly, edil beýleki
döwletlerdäki ýaly, ony mekdep çagalary hem-ä kagyza hem-de ýürklerine
nagyş edip bilmeli. Baýdakda ýerleşdirilýän nagyşlar, ulusuñ milli
simbollaryndan ylham almaly. Edil ata-babalarymyzyñ asyrlar öñ
Gurduñ kellesi, ýa-da
ok-ýaýdan peýdalanyşy ýaly, şoña
meñzeş simbollardan peýdalanmaly. Häzirki ýaşyl baýdagyñ ýüzündäki bäş
sany halynyñ gölüniñ ýerleşdirilmegini başda beýik Magtymgulynyñ
goşgusyndaky:
«Teke, Ýomur, Gökleñ, Ýazyr, Alyly,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.»
Diýen pikrinden ylham alnandygy öñe sürüldi, görseler
munda tire parazlygynyñ yýsy bar, bäş welaýatyñ simboly diýdiler.
Bir gezek 1996-njy ýylda Swedeniñ Göteborg şäher
airoportynda Aşgabatdan geljek Türkmenistanly dostum Baýram A. garşy
almaga bardym. Meni uzakdan görer ýaly elime kiçiräjik Türkmen
baýdagyny alyp zadla durdum. Elimdäki ýaşyl baýdagy görenlerden
käbiri: «Siz Marrokodanmy» diýip ýürege düşdüler, ahyry baýdagy ýygnap
jübüýme salmaly boldum.
Diktator Niýazovyñ ýaranjañlary Türkmeniñ milli
puluna onuñ suratyny ýerleşdirmek bilen ganahatlanman, milli
tugumyza-da «Türkmenbaşynyñ»suratyny goýjak bolup ummalakan atdylar.
Häzir Niýazov suratly Türkmen manady kör köpüge degenok, hatta
diktatoryñ özi-de Amerikanyñ dolarlyny sowýar.
19-njy fevral baýdak gününe, mili baýramçylyga
diktatoryñ doglan güni kölge saýlar. Şu günler Türkemenistanyñ haklara
telefonlar gatnaşygy edarasyna jañ etseñiz operator gyýz: «Beýik
Türkmenbaşynyñ doglan güni gutly bolsun, näme hyzmat» diýip jogap
berýär. Olar üçin baýdak bahana, olar öz «serdarlarynyñ» doglan gününi
belleýärler, baýdak dagy «witjik» bolup galýar.
Emma hakyky Türkmen üçin baýdak milli tagmadyr, ol
ýürklerde ebedi ýaşar. Baýdagyñ formasyny-da, keşbini-de gözelleşdirip
bolar, ýöne oña hiç haçan, hiç hili hapadyr, pislik ýokaşmaz,
ýokaşdyrybem bilmezler.
Erkinlik tugumyz hemişelik parlasyn.
Akmýrat Gürgenli
Çek jemhuriýeti
2006-njy ýylyñ 18-nji fevraly
|