Makala

 R.Iliasian : Eje ıa maman
İaňy ıakynlykda ildeşimiz Feridun Gariı Sahranyň 159- njy nomerinde öz makalasynda türkmençiligiň ıitip gidip barıanlygyna üns berip, öz gynanjyny bildiripdir.
Kemçiligi duımak öz ıerinde oňat zat, ıöne ıeterli däl.
Her bir janly zat ıa-da önümiň ösmegine, ıaıramagyna ıa-da ıaramazlygyna, ıitip gitmegine we aňyrbaşy ölmegine belli bir sebäpler bar.
Olary barlamak we açylamak ony çuňňur tanamak ol zadyň geljegini belleıär.
Bir milletiň başga milletlerden aıratynlygy onuň däp dessur, geıim, ylaıta -da onuň dilindedir.
Dogrudan hem her kimiň diline görä onuň milli kimligi bellenilıär.
Eňlisçe gepleıänler eňlis, almança gepleıänler alman we .... tanalynıarlar.
Diımek diliň ıitmegi milletiň kimliginiň öçmegi we aradan çykmagydyr.
Eıran türkmenleriniň öz milli döwleti bolmansoň asyrlaryň dowamynda başga ıa-da dogrusy häkim millete siňip gitmese-de onda millet görnüşleri solup gider. Sebäbi millet hem, her bir diri organ ıaly,ony timarlap ösdürip we hemme taraplaıyn ıetişip durmasaň gowşap ıaramazlyga düşer.
Döwlet milletiň galmagyny,dowamyny we onuň geljegini kesgitleıär.
Dil akademiıasy saz we sungat ıokary okuw jaılary däp dessur folklor we umuman sungat we kultur bakanlygy ministerligi ıaly guramalar we institionlar milletinň bakyjysy diısek ıalňiş bolmaz öıdıärin.
Şulary öpjün etmek üçin doly döwletiň bolmasa-da ıarym döwlet hökmanydyr.
Eıran türkmenleriniň bu günki güne öz dil we däp dessurlaryny ıarym ıarty saklamaklarynyň birinji sebäbi diliň we däp dessurlaryň köküniň bizden öňki bäş müň ıyllyk taryhynda görmek bolar .
Ikinji türkmen şahyr we ıazyjylarynyň elbetde ady türkmen däl –de, türkmen dilinde ıazıanlaryň aladalarynda aı-aıdyň ıüze çykıar.
Türkmen toılarynda bagşynyň aıdymlary, sazy-gyjagy,ejeleriň hudylary, ertekileri hem ägirt rol oınaıandyr.
Eıran türkmenleriniň daıanara döwleti bolmansoň we olaryň milli bähbitlerini goraıan we ıa gorap biljek döwlet organlarynyň ıoklugy milli aň -düşünje we duıguny diri saklamak diňe türkmen köpçüliginiň onuň öňde baryjy aıdyň pikirlileriniň boınuna düşıär.
Milli ruh we aň duıgy döremek hem- de oňa halkara düzgünlerine jebisdeş ugur bermek meniň pikrime görä:
-Türkmen dilinde ıazıan ıazyjy, şahyrlary we türkmen dilinde ıazylıan kitap neşriıeleri goldamaly.
-Türkmen kitaplary, klassik dessanlary, Görogly, Magtymguly, Zöhre- Tahyr, Kemine, Molla-nepes we... okamaly,okatmaly- ıaıratmaly, gepiň gysgasy toıuň-oturyşlygyň bezegine öwürmeli.
-Saz we söhbeti üışmeleňlerde ornaşdyrjak bolmaly.
-Türkmen dilinde ıazmaly. Eger biz pars dilinde öz türkmenimiz bilen düşünişjek bolsak, ejä maman diıenden gaty görmäge haksyzdyrys.
 

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ıolla ]

turkmensahra.org