Iranyñ reformaçy hökümeti
saýlawlara guramaçylyk etmekden ýüz dönderip-de biljegini aýdýar
Esasy kanuny goraýän
dinçiler 8000 den köp kandidatyñ saýlaw hukugyny kesenden soñ,
Irranyñ reformaçy hökümeti özüniñ geljek
20. nji fewralda geçjek saýlawlara guramaçylyk etmekden ýüz dönderip-de
biljegini aýdýar.
Hökümet sözçüsi hökümetiñ adalatsyz saýlawlara guramaçy bolup bilmejegini
aýdýar.
Sakçylar Geñeşi saýlawlara kandidat boljak 8200 adamyñ
tas ýarsyny saýlawa gatnaşmaga haksys edipdi. Habarlarda aýdylmagyna görä,
parlament agzalarynyñ hem köpüsi bu gadaganlyga protest hökmünde işden çekilmäge
taýýarlyk görýär.
Sakçylar Geñeşi biraz öñ parlamentiñ saýlaw kanunyna reforma girizmek baradaky
teklibini hem ret edipdi.
|