Anna Muhammed Sada şahyryň ölümine

Magtymguly adyndaky Türkmen Kultur Ojagynyň

GYNANÇ  HATY

Şahyr Anna Muhammet Sada ölipdir diýen ajy habar, Magtymguly adyndaky Türkmen Kultur Ojagynyň agzalaryny-da köp gynandyrdy. Ilki habar gömürtikdi, soňralar anyklaşdy. Merhuma ölimi ir bilip, her kim sebäbini biljek boldy. Sebäbinem bilip yürekler has gyýylyp gitdi.  Ardyndan näme boldykan diýen soraga, her kim özine jogab tapjak boldy. „ Näme?  tukat we gaygy–gam agramy artan porsatynda hemişekisi ýaly eline tamdyrany alyp omid sazlaryny ýaňlan-dyryp, özine tesselli berip bilmedimikän? ýada geljege ümitli bolup, arzuwlary ýolunda çalyşmagyň aladalary bile güýmenip, jydanmly bolmagy başarmady mykan? 

Ol,  „bu ala sahramda, ATA YURDUMDA

erkana durmuşuň köşkin gurjak men“ diýirdi.

Ol,  ,,gul bolmaga garşy gitjekler gelsin,

il ýüküni arka   atjaklar  gelsin“

diýip çagyrardy. Eýsem  näme bolup, näme görip, nämeler duýdykan?  Nämeler  şeýle agyr bolup jydam - tagatyny tüketdikan?

Ol, ümit beriji, Magtymguly Atamyzyň goşgylaryny okap; „ kakyp tumşygyna burny ýellileň, gideýliň oglanlar  gideýliň öňe“diýipdi.

 

Eýsem Kim  oňa   Sadyk Hedaýete  uýmagy öwretdikän?   Aýdyň  kim?  Türkmensähramyzyň çagdaş şahyry Anna Muhammed Sadaň ölümini galanlaryna, dost-ýarlaryna we Türkmensähraly edebiýat-sungatçylara gynanç bildirip, beýik taňryň dergasyndan merhuma rähmät we galanlaryna sabyr hem baş saglyk dileýäris.    Yzy ýarasyn,   imanly bolsun

 

 

Magtymguly adyndaky Türkmen Kultur Ojagynyň Müdiriýeti

 Berlin, 21.11.2003,  gadyr gijesi