Interwiýu
turkmensahra saýtynyň Teýmur
Kor bilen eden interwiýusy
turkmensahra saýty: Jenap teýmur kor ilki başda gysga
özüñizi tanadsaňyz?
Teýmur Kor: Meniñ adym Abdulteýmur kor, welin
dost-tanyşlarym meni teýmur kor diýip tanaýarlar.1344nji ýylda
Galikeş Şährinde dogulup, soñ Komed-Gawuz şährine göçüp
gelipdiris. Çagalar we orta mektebi şol ýerde okap 17 ýaşymda,
durmuş ýoly meni watandan aýra düşürip, ýad ýuwurtlerde ýaşamaga
mejbur etdi. ilki bada 1364 nji ýylda
Aşgabat şährinde, Türkmen döwlet ýokary sazçylyk okuw jaýynda Tamdyra
we ýene başga bir näçe saz ugrundaky
bilimleri öwrenmäge başladym 3/5 ýyll okan soñ, häzir Alman ýuwurdynda
ýaşap ýörin.
turkmensahra saýty: Aýdym-saza nähilli höwesjeñ boldunyz?
Teýmur Kor: Çagalykdan,
özümi tanamak we halkymy başgalardan näme tapawoty bardygyny, ýagny
halkymyñ taryh we ýaşaýyş ýoluny bilmek meni köp gyzyklandyrýardy.
Ýadyma düşýär ilkinji gezek tamdyrany
agamyň öýünde gördüm. Meniñ üçün ilki
bada tamdyrany göremde, gaty gyzykly we
nätanyş-dy.
Aýdym-saza höwesimi
hakykatdan eziz dostum merhum Hamid teke bilen tanyş bolup we hemde onuñ
dogan-garyndaşy bilen
gatnaşyp başlamdan soñ güçlendi. Hamid teke haçanda saz çalan wagty
ýureginden
hiñlenip sazyñ manysy hakda
meniñ bilen gürriñ ederdi.Onuñ saza bolan mähri, halka bolan söýgüsi meni
özüne çekdi, aslynda aýdym-saza, höwesim mähir we söýgi bilen eziz dostumiñ
üsti bilen başlandy.
turkmensahra saýty: Saz-sungat hakynda näme işleri
amala aşyrdyñyz?
Teýmur Kor : Edil häziriñ özünde
özbaşdak tamdyrany öwrenmek üçün kitabi ýazyp ýörin we basymlykda taýýar
bolýar.
Onsoñ ýene-de Türkmen
Aýdymlary ýygnap olary hem höwesjeñ Aýdym-sazlaryñ aşyglaryna hüdürlemek
niýetim bar.
turkmensahra saýty: Saz-sungat hakynda häzir we geljekde
näme işleri göz öñünde tutýarsyñyz ?
Teýmur Kor: Türkmen Saz-sungaty gaty
çuññur we ajaýyp owadan dünýä. Elbetde işlemk üçün köp zatlar bar.
Ýöne Türkmende
aýdylşy ýaly,ÝEKÄÑ ÇAÑY ÇYKMAÝAR. Eger-de ýer ýüzünde bir Türkmen meniñ
bilen
işlemäge razy bolsa,
onda has hem Türkmen aýdym-saz üçün köp baýlyklarymyzy agtaryp bilerdik!!
turkmensahra saýty: Iran-da Türkmen saz-sungat hakynda we
onuñ ösüş ýoly hem-de kynçylyklary barada näme pekir etýärsy- ñyz?
Teýmur Kor : Iranda saza höwesjeñ
Türkmenleriñ, Tamdyra öwrenmekde gaty köp zähmet çekmeli bolýarlar, eger-de
Türkmensähra-da ýörite
tamdyra ýa-da gyjakmy, bagşyçylyk
üçün klass goýulsa , has hem not ýazuw boýu- nça öwrenilse onda, biziñ Türkmensähramyzda
talantlarynyñ üsti açylmadyk saz dünýäsiniñ
höwesjeñleri
Türkmen
Aýdym-saz ösmeginde ägirt paýyny berediler.Elbetde bu ugurda ýene-de köp
kynçylyklar bar.
Mysal
edip aýtsak Aýdym-saz ösüşi üçün, hökman başardygymyzça Türkmeniñ
taryh we şoña baglanşykly edebi-
ýat hem-de, sazlaryñ
döreýiş hakyndaky rowaýatlary bilmek hem täze asryñ ýokary muzik elektro
tekniklerin-
den haýyrlanmaga
mümkinçilikler bolmaly.
Kim-de, kim tamdyra ýa gyjak
bilen gyzyklanyp öwrense onda, ol eýäm Türkmeniñ aýnasy yaly bolup, halkyñ
Ar-namys, huju-gaýrat, hak
üçün söweşleri düýgi we hasratly günleriñ hem-de Türkmeniñ durmuş
ýolunyñ
ugrukçysy bolup jemigatçylyk
ösmegine uly kömekçy rollyny eýeläp biler.
Şu ugurda esasy döwletyñ
hemaýat etmegi gerek. Elbetde men öz tarapymdan Iran-da näme edilmeli digini
anyk
aýdyp bilmerin, belkem geljekde meniñ özbaşdak tamdyra öwrenmek üçün ýazan
kitabym bir azrak-da
bolsa şu meselede kömek
bolar diýip arzuw edýärin.
turkmensahra saýty: Türkmenistanda ylmy şeklinde diýmek
, okuw jaýlarda aýdym-sazlary öwrenýärler we Türkmensährada bolsa olary
gelin-gyzlaryñ enelerinden haly dokamagy öwrenişleri ýaly, nesilden-nesle
geçirip öwrenýärler. Syz öz gazanan tejrebäñiz boýunça olarda ütgeşiklik
görýärsyñyzmy?
Teýmur Kor : Howa.Ütgeşiklik
gaty kän. Türkmenistan-da okuw jaýlarynda Aýdym ýa-da saz öwredilen wagty ,
diñe şol
Türkmen sazyñ
özi däl-de,bütün dünýä klassik sazlary bilen hem tanyşdyryp, hemme
ensanlarda saz ýa-da
Aýdymyñ haýsy dil-de
bolsada,döreýşiniñ usullaryny,hekaýalaryny öwredýärler. Bu usul saz
düşünjäniñ baý
Bolmagyna köp kömek
edýär.Ýene-de not ýazuw boýunça öwredilýärler. şol sebäpli sazlaryñ her
bir sesiñ
dogri we ýerli çalynmaga, hem
bir syhyl tempo we ritimlerde öwrenmekde rollyny alýar.
Ser edip görseñiz
Türkmenistanda şonuñ üçün güçli we has ökde sazandalar bar,we köp kompozitorlar
döreýär.
Iranda bolsa, ýagdaý
bütünleýin başgaça. Edil Türkmenistanda öñler bolşy ýaly, saz
öwrenjiler haýsydyr bir
Halypa sazandañ ýanyna baryp,
sazy elden ser edip we ýene halypañ elini kowalap çalmany öwrenýärler we
şeýdip dowam edýär. Bu bolsa
köp halypa sazanda we bagşylaryñ hemme bilýän sazlaryny şägirdine
tabşyryp
bilmän, bir topar aýdymdyr ýa
sazlar ýitip gidýär.Onsoñ ýene-de Türkmen sazyñ ylmy tarapdan bütün dünýä
saz kanunlaryna
degişliligini düşünüşmek asyl mümkinçylygy hem ýok.
turkmensahra Saýty: Iranda Tamdyra öwreniş usullary
hakynda we onuñ ösmek ýolunda nähilli garaýyşyñyz bar?
Teýmur Kor: Meniñ pikirim
boýunça,Tamdyrada diñe çalynýan saz däl-dä, ýene onuñ ýanynda piano we
aýdymlary hem
Öwrenilse, Türkmen sazyñ
özüne mahsus bolan häsiýetini has hem oñat düşünip bolýar.
Elbetde Not ýazuwsy bolany
bilen, ýenede halypa gerekdir. Eger-de not ýazuw bilen sazlar öwrenilse onda,
has
hem gowy
bolardy.Bu mesele gaty kyn we şu ugurda köp zähmet we iş gerek.
IrandaTürkmeniñ aýdym-saz
ösmeginde birinjiden hiç
hilli neşe we şoña meñzeş zatlara ýakynlamaly däl. Mümkin men
ýalñyş eşidendirin
aslynda hiç bir kişiň göwnünä degmek islemeýärin, emma Türkmensährada
tirýek we şoña meñzeş zatlar köp
ýörgin diýip
habar gelýär we Iran döwleti şoña garşy ütgeşik aýgytli ädim
görkezmeýär. Ine şeýdip her bir
içiñe çekilýän tüsse beýnini
zaýalap,ol ynsan mertebesini ýitirip, töwreginde geçýän hadysalara arsyz garap
başlaýar.Şeýdip
sanlary köpelse, haýsy ösüş hakynda omid-arzuwny eýelenip bolarka!!!
Şükür bizde ýene kän
hakyky bagşy-sazandalar bar. Tamdyra öwrenilen wagty eger-de , wagt-wagt
basymdan
Bile oturylsa, bir-bir bilen
saz hakynda bähsdeşlyk edilse, her kim öz bilýän sazyny gaýgyrman görkezip
öwret-
se, Türkmen sazyñ
rowaýatlaryny hakynda çalynýan sazlar bilen bileligde öwrenilse onda has hem,
sazlar owa
-dan ýañlanyp çalýany we
diñleyjini şat eder.
turkmensahra saýty: Modern dünýäde Türkmen saz-sungatynyñ
zamana laýyk ösüşüne nähilli baha berýärsiñiz?
Teýmur Kor : Dogursy häzirki
zamanda meniñ akydam boýunça Türkmen sazy we Türkmen dilli köp azapda!
ýaşlar az özlerniñ kultur we taryhy bilen gyzyklanýarlar. Köne wagtky
Şah zamanynda bolşy ýaly pars dilinde geplemek häžir Iranda modern
myşyn!!! Bu kynçylyga
garşy ýene-de köp saz höwesjeñler bar, emma bir halkda saz we edebiýati
ösjek bolsa
onda, ýat
kulturi söýmek we öz aslyñy unutmak gaty yalñyş.Ýene-de şahsiýetlyk
etmek, ýagny bir kişini hudaýa
yakyn edip onuñ hakynda
aýdym-saz düzüp we hem aýdyp, asyl ahlakly aydymlary unutmak hem ýalñys.
Ine bilşiñiz ýaly
Türkmen sungatynyñ ösmegi, onuñ azatlyk we jemigatçylyk ösüşüne bagly
bolýar.
turkmensahra saýty: Işlerňizde üstünlyk
gazanmaňňyzy arzuw edip turkmensahra saýtyna beren
interwiýuňiz üçün sag bolňyz.
Teýmur Kor : Size-de sag
bolsun aýtýärin.