|
!
shirmohammadi
shirmohammadi@web.de
Aşgabat bplan jenaýatdan bir ýyl geçdi
Eýranly(Iranly)Türkmen Oksford uniwersitetiniň öňki mugalymy Dr.Arçyn Tekiniň 2002-nji ýylyñ 25-nji dekabrynda Aşgabatda wagşyçylyk bilen öldürlmeginden bir ýyl geçdi. Arçyn näme üçin öldürildi? Jenaýatçylaryň maksady nämedi? Olar tussag edilip adalat ýerine ýetirildimi? Merhumyn yzynda galan mal-mülki onuñ hosarlaryna gowşuryldymy? Şu we şuña meñzeş soraglara Türkmen ýolbaşçylary jogap bermelidir. Türkemen jemgiýeti, ylaýtada Eýrandaky Türkmenleri şeýle soraglara jogap berilmegine garaşýarlar we indi bir ýyldan soň Aşgabatda amala aşan jenayatyň üstüniñ acylmagnyň wagtynyñ gelendigini öñe sürýärler. Türkmen häkimýetileri başda Dr. Arçyn Tekiniň ölümini gizlin saklamaga synanşdy, soňra Arçyny Türkmenistan raýaty diýp, Eýranly ýa-da Britandygyny inkär edýär. Hatta merhumyñ Jesedi Eýrana ýollanyp Türkmensährada jaýlanandan soň hem ol Britan raýaty däl diýip yglan etdiler. Arçyn 1992 nji ýylda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilse-de, ol Britan raýatlygny saklady. Bu mesele soñra jenaýatyñ üstüniñ açylmagyna belli derejede kömek etdi. Eger Arçyn Tekin Britan Raýaty bolmasaýdy onda bu jenaýatyň gizlin galmagy mümkindi. Merhumyň hossarlarnyň tagalalary şeýle-de jenaýatyň habarynyñ giýñ möçberde ýaýramagy, jenaýatyň üstüni açmaga Türkmen resmilerini mejbur etdi. Aşgabatdan gowşan habarlarad, jenaýatda eliniñ bardygy subut bolan 4 adam tussag edilipdir, olardan birisi aýal maşgala. Tussag edilenler jenaýaty boýun alypdyrlar. Olar Dr. Arcynyň öyüne baryp ony ýerzemine gitmäge mejbur edýärler. Jenaýatçylar wagşyçylyk bilen Dr. Arçyny palta bilen çapyp öldürenlerinden soň merhumyň 5 ýaşly neresse gyzyny we aýalny-da öldürýärler. Jenaýatçylaryň birsi gapyň öňünde gözegçilik edýär. Ol birsi bolsa öýi dörýär. Sutda berilen maglumatlara görä Olaryň birsi bolsa ozal merhum bilen bile işleşipdir. Ol Merhumyň öýünden ogurlan zatlarny aýaldoganynyň öýunde gizläpdir. Sutda (dadgada) bu aýala-da iş kesilipdir. Dr. Arçyn öldürlenden soň Aşgabat polisýasy çýnlakaý derñew işini geçirmeýär. Ýöne Merhumyň ýakynlarnyň, ylaýta-da onyň Britanýadaky öňky Aýalynyñ Türkmenistanyň Londondaky ilçihanasna baryp jenaýatyň üstüniniñ açylmagyny talap etmegi şeýle-de Britanyanýň Aşgabatdaky ilçihanasynyñ öz raýaty Dr. Arçyn Tekiniň ykbaly hakynda Türkmenistan resmilerinden sorandan soñra, polisýa derñewe girişýär. Polisýa derñewçisi jenaýatçylaryñ birnäçe gezek jenaýat bolan öýe girip-çykmagynda olara şek edýär we göz astyna alýar. Ganhorlardan Türkmenistanyň ýönekeý raýatlarnyň satyn alyp bilmejek gymmat baha zatlary ele salnýar we ogurlanan mallaryň satylmadyk böleklerni jenaýatçynyň aýaldoganynyň öýünden tapýärler. Sutda olar esasy maksatlarynyñ pul we gymatly mallary, altyn, elektronik aparatlary ogurlamakdygyny aýtýarlar. Olar sutda özlerni goramak üçin şahsy sebäpleri-de öñe sürüpdirler ýöne sud ony kabul etmändir. Baş jenaýatça 20 ýyl oň ýany bilen öýe girip gymatly mallary ýygnana 15 ýyl, gapyň agzynda gözegçilik edene 10 ýyl, ogurlanan mallary öýünde saklan aýala 5 ýyl iş kesilipdir. Baş jenaýatçy 20 ýylynyñ 5 ýylyny agyr işler-zähmet düzediş lagerde geçirmäge höküm edilipdir. Dr. Arçyn syýasy işler bilen maşgullanman diñe medeni işlere baş goşardy. Muña merhumym „Türkmençe dil bilgi„ ady bilen ýazan eseri şaýatlyk edýär. Galyberse ol Britaniýada "Däp" diýen medeni jemgiýeti-de esaslandyrýar. Eýrandaky Türkmenlerniň arasýnda Merhum Arçyn ilkinji dil mugallymy hökminde Latin ýazuwny öwredip başlapdy. Türkmensährada ene dilinde Latin eliýp-biýsinde sapak beripdi we onuñ rowaç tapmagyna esas bolan şahsyýet hökmünde tanaldy. Merhum Arçynyň öldürilmegi uly pajygady, ol ähli türkmenleri gynandyrdy. Dr. Arçyndan galan mal-mülk kanun boýunça onuň yzynda galanlara ýetmeli. Ýöne olar merhumyň hossarlaryna tabşyrylman gelýär. Türkmensitanly aklawçylar bolsa jogapkärçiligi boýun almaýarlar. Bir tarapdan olara kanauna laýyklykda merhumyň yzynda galanlarnyň hak hukuklarny gorap biljeklerine şek edilýär, aýry tarpdan aklawçylar daşary ýurtlylaryñ hak-hukugyny goramak üçün köp pul talap edýärler. Merhumyň ýakynlary ondan galan mal-mülküñ haýr-yhsan we sogap ýolunda ýa-da onuñ adyna bir keselhanadyr mekdep gurulmagyny arzu edýärler we bu mallaryñ edara başlyklarynyñ eline geçmegine garşylyk bildirýärler.
|