Ýaşap ýören diri taryh
diýip Türkmenler arasynda ady belli Molla Gafur ahangeriñ aramyzdan gidenini ,
onuñ bütüýn maşgalasyna we hemme Türkmenlere tesliýet aýdýaryn.
Goñşymyz bolan, Molla Gafur ady bilen tanalan, gözüm açyp özüm
tananym bäri, ol her gün metjidä gatnap ,ýuwaş we parahat öýne gaýdardy.
Merhum Molla
Gafuriñ şol parahatçylyk we ýuwaşlygy bilen özünyñ Türkmen halka
bolan söýgüsini we Islam dininä wepadarlygyny
bütün ömür zähmeti bilen şol ugurda işlän adam.
Ol 30 ýyldan köpräk dowamynda, ömründe näme gören,bilen we Türkmen
halkyñ taryhy roly eýeleýän wakalary Türkmen
tarykhy atly kitabynda ýazyp häzirki nesilimize uly we bahasy ýok hyzmaty
etdy.
Ol 1289 nji ýylda kümüşdepe-de dogulup,şol wagtlar Ak
padyşañ Basybalyjy goşunyny gören- osman ahun we Pahlawy režimini Döräniniñ
şaýady bolup, bir
topar hadysalary başyndan geçiren
Adam bolan.
Merhum Molla Gafur deñ-duşlaryna we bile ýöräp hüjre gatnan
dostlaryna ýureginde uly mähri bolupdyr.
Ine şu ýerde onuñ Dostlardan Aýryldym diýen goşgysyny okap
bereýin. (Merhumyň şygyri soň
ýerleşýär)
Molla Gafur ahangeriñ Türkmen dili
hakynda goşan goşgysy
Türkmenler berk saklaň ene diliňizi
Lähjäňizi, keplän kepiňizi,söziňizi
Türkmen diỳip goỳjak bolsaň iliňizi
Dil öwrülse özgä , Türkmenlik
gider
Ỳene berk duruňlar
adap, rusuma
Ỳahşyja
tabşyryň, bolan iliňe
Uli-kiçä, Är-hatyna tamaman
ỳogsa Türkmenligiň
aradan gider
Ỳene berk duruňlar
barỳan ỳoluňda
Biýliň guşap galyň Islam dininde
Din-dyỳanatlar galsyn iliňde
Ỳogsa Türkmen adyň belkolli gider
Bu üçüsini tutsaň hakykat gaỳym
Türkmen iliň galar
hemişe daỳym
Onda galar Türkmen üýtgemän
salym
Türkmen ady ölmän, uzaga
gider
Molla Gafur diỳär, öz
diliň geplä
Ene dil hormatyn hemişe sakla
Beren öwütlerimi, ỳagşyja
bekle
Türkmen adyň şonda
uzaga gider