Akmaýanyñ süýdi

Türkmen halk baýlary( ertekileri)

Taýýarlan: A.Gürgenli

Sweden 1997

 

 

 

 

IÇINDÄKILER

 

 

 

* Aldanan möjek

 

 

* Ýartygulak

 

 

* Ejekejan

 

 

* Akpamyk

 

 

Aldanan möjek

 

    Biri barmyş biri ýokmuş. Bir aç möjek barmyş.

Günleriñ birinde bu möjek aw gözläp ýörkä, bir guza duş gelýär.

Möjek bu guzyny imek höwesine düşüp:

- Eý, guzujyk, men ýaş haýwanlary imerin diýip şert edipdim welin, üç günden bäri elime aw düşenok. Indi seni imesem boljak däl- diýär.

   Guzujyk:

- Aýby ýok, möjek aga, seniñ ýaly bir uly haýwan ölenden, goý, men öleýin. Saña guzyñ eti süýji bolýar diýip aýdandyrlar. Ol örän dogrudyr ýöne meniñ etimi duz bilen burç garyp iseñ, has tagamly bolar- diýär.

   Onda möjek:

- Şu aýdan sözleriñi birwagtlar bir geçi hem aýdypdy. Men onuñ sözüne gulak asmadym. Indi men seniñ aýdanyña ynandym, ýöne sen şol aýdan duz bilen burjuñy tapyp ber- diýär.

   Guzujyk:

- Duz bilen burjy tapyp bererdim welin, men şundan öýe gitsem, meni öýde alyp galarlar. Iñ gawsy, men şu ýerde duraýyn. Duz bilen burjy señ özüñ tapyp gel- diýär.

   Möjek:

- Bolýar, men häzir tapyp gelerin- diýip, ylgap gitýär. Möjek gidensoñ, guzujyk hem gaçyp gidenmiş.

   Birwagtdan soñ, möjek gelip görse, guzy ýok diýär. Möjek aldanandygyny bilip:

                                   Gördüñ-ä bir guzy

                                   Etin iý-de süñkün gazy

                                   Nämä gerek burç, duzy

                 Şorsurap barýañmy, wah arman?!-

diýip, başyny aşak salyp, señkildäp gidiberenmiş. Şol barşyna öñünden bir geçi çykanmyş.

   Möjek geçä bakyp:

- Men seni iymäge geldim!- diýär. Onda geçi:

- Aýby ýok, möjek aga. Ýöne sen örän ajygansyñ, bir meni iýeniñ bilen doýmarsyñ. Şu depäniñ añyrsynda iki sany owlajygym otlap ýör, goý, üçümizi hem iý-de, bir doý- diýär.

    Möjek:

- Hany onda ýör gideýli- diýär.

   Geçi:

- Gidenmiz-ä ýagşy, ýöne ikimiz bile gitsek, olar seni görüp gaçarlar. Sen bu ýerde dur, özüm olary alyp geleýin- diýär. Möjek hem muña ynanýar.

   Geçi bolsa depäniñ üstünden añryk aşyp, oba tarap gaçýar. Möjek geçä şonça garaşsa-da, ondan derek bolmaýar. Birnäçe wagtdan soñ, möjek aldanandygyny bilip, öz-özüne:

                 Gördüñ-ä bir geçi,

                 Etin iý-de, gaçy

                 Nämä gerekdi üçi,

                 Çarwadar bolýamyñ, wah arman?!-

diýip, ýene gidiberýär. Barşyna, öñünden bir goýun çykýar. Möjek oña bakyp:

- Goyun, men seni iýmäge geldim!- diýär.

   Goýun:

- Iýseñ örän gawy, möjek aga. Men çölde haram ölenimden, seniñ ýaly güçli haýwana huruş bolanyma begenýärin, ýöne meniñ oñat bir oýnum bar, men saña şol oýny edip bereyin, onsoñ iýersiñ- diýär.

   Möjek:

- Onuñ ýaly oýnuñ bolsa, hany göreýli- diýip dyzyna düşüp ýatýar.

   Goýun tarp-tarp edip, eýläk-beýläk bökjekleýär, şol barşyna hem depeden aşyp, oba tarap gaçyberýär. Möjek köp gözleşip, özüniñ aldanandygyny bilip:

                 Gördüñ-ä bir goýun,

                 Etinden iý-de doýun,

                 Nämä gerekdi oýun,

                 Oýunçy bolýarmyñ, wah arman?!-

diýip, ýene señkildäp gidiberýär. Şol barşyna öñünden bir at çykar. Möjek ata bakyp:

- Men seni iýmäge geldim- diýär.

   At:

- Eger möjekligiñ çyn bolýan bolsa, meni iýmäge hakyñ ýokdur!- diýär. Onda möjek näme üçin? diýip soraýar.

   At:

- Mende möjekleriñ padyşasyndan siziñ hemmäñize buýruk haty bar. Ol hatda möjeklere meni iýmek ýasak( gadagan) diýlip ýazlypdyr.

   Möjek:

- At dogan men gaty açdyryn. Her zatda bolsa, şol haty bir göreyin- diýär.

   At:

- Ol hat meniñ artky aýagmyñ toynugynda berkidilendir- diýip, möjege sol aýagyny görkezýär. Şol wagt möjek atyñ artky aýagna eñilýär welin, at hem ýagşyja çemine salyp, goşa toýnugy bilen möjegiñ mañlaýyna depýär. Möjegiñ iki gözi patlap çykýar. Möjek şol ýatyşyna şeýle diýenmiş:

                 Gördüñ-ä bir at,

                 Etin iýi-de ýanynda ýat

                 Mollamydyñ, müftimidiñ,

                 Nä janyña gerek hat?

                 Ey-waý gözüm, waý gözüm!

                 Ylaýta-da çep gözüm!

 

 

Ýartygulak

 

 

   Biri barmyş, biri ýokmyş. Öñde bir daýhan adam barmyş. Onyñ aýaly göwrelimiş.

   Günlerde bir gün ol daýhan degirmene uwn üwetdirmäge gidende, yzyndan ogly bolupdyr. Ýañy bolan oglanyñ ululygy edil ýarty gulak ýaly diýär. Şoña görä oña Ýartygulak diýip ad beripdirler.

    Ýartygulak, bolan badyna dil açyp:

- Eje, eje, aý eje dädem(kakam) nirä gitdi? diýip sorapdyr.

   Ejesi oglunyñ bolan badyna gepläp başlamagyny geñ görüp, ör-gökden gelipdir-de:

- Dädeñ(kakañ) degirmene uwn üwetdirmäge gitdi- diýip aýdypdyr.

- Men-de degirmene gitjek!- diýip, Ýartygulak jedir-jedir edipdir.

   Ejesi:

- Wiy, üweden uwnyny getirmäge dädeñe(kakaña) ulagam gerekdir. Hanha ýatakda düyämiz gäwüş gaýtaryp çöküp otyr. Şony mün-de ötägit-diýipdir.

   Ýartygulak düyäni gazygyndan boşadyp, üstüne böküp münüpdir-de onuñ ýüñlek boýnuna dyrmaşyp, gulagyna baryp giripdir.

   Düýe uly ýoluñ ortasy bilen degirmene tarap gidip barýarka, ýoluñ gyrasynda oynap ýören bir topar oglan:

- Ynha bir boş düýe gelýär!- diýişip, ony saklapdyrlar.

    Ýartygulak:

- Häý, bezzatlar, goýberiñ düýäni!- diýip gaharlanypdyr.

Oglanlar töwereklerine baksalar-da, hiç kime gözleri düşmändir.

- Be, bu ses niýreden gelýärkä?- diýişip, gorkularyna düyäni öz ugruna goýberip, gaçyp gidipdirler.

    Ýartygulak düyäni sürüp, degirmeniñ agzyna barypdyr-da:

- Däde(kaka)!-diýip gygyrypdyr.

    Ýartygulagyñ dädesi(kakasy) bolsa oglunyñ bardygyny bilmänsoñ, ses bermändir.

- Aý, däde, haw!- diýip, Ýartygulak ýene-de gygyrypdyr.

Yyzyndan ogly bolup, onuñ eýýam gepläp bilyändiginden habarsyz  Ýartygulagyñ dädesi (kakasy):

- Bä, meniñ oglum ýokdy-da. Bu meni çagyrýar- diýip, degirmenden çykanda, Ýartygulak:

- däde(kaka) hany bärräk gelsene!- diýip, ýene-de gygyrýar.

- ” dädem(kakam) gelse gorkuzaýyn”-diýip  Ýartygulak düyäniñ gulagyndan tawsup düşüp, bir gysym otuñ aşagynda gizlenýär. Edil şol wagtam düýe Ýartygulagyñ giyzlenip ýatan otuny agzyna alyp, çeynäp-çeynemän yuwdup goyberýär.

   Ýartygulagyñ dädesi(kakasy) görse, ýeke düýeden başga hiç kim ýok diýär.

Ol:

- Oglum, oglum!- diýip seslenende, Ýartygulak düyäniñ içinden:

- Däde(kaka), men düyäniñ içinde, meni düýe idi- diýip jogap berýär.

    Ýartygulagyñ dädesi(kakasy) uweden uwnyny düýesine yükläp, öýne dolanyp gelýär.

    Aýaly öñünden çykyp:

- Oglumy hem getirdiñmi?- diýip soraýar.

    Ýartygulagyñ dädesi(kakasy):

- Oglumyz-a düýe idi- diýip habar berýär. Ýartygulagyñ ejesi nätjegini bilmän boýur-boýur ýaş döküp aglaýar. Soñra är-aýal  Ýartygulagy tapmak üçin düýelerini öldürüp, içegelerini bir-bir barlaýarlar. Şol barlap oturşlaryna: ”Aý, zat ýokdur-da” diýip, bir bölek içegäni zyñyp göýberýärler. Ýartygulak şonuñ içindemiş. Olar ogullaryny tapman, gynanyp oturýarlar.

   Şol agşam bir aç möjek düyäniñ soylan ýerine gelip, ýañky bölejik içegäni iýipdir. Möjek soñra bir çopanyñ goynuny darajak bolup barypdyr.

    Ýartygulak möjegiñ niýetini añlap:

- Haý, çopan, how! Goynuñ gitdi, how!- diýip gyygyrmaga başlaýar.

   Çopan hem:

- Aý, bir öwejiñ bar kowaweri!- diýip itlerini küşgürip, möjegi kawalapdyr.

- Haý-haý!- diýip, Ýartygulak hem gaçyp barýan möjegiñ içinden gopgun turzupdyr. Goyun iymekden biyzar, möjek zordan özüni gutarypdyr.

   Aç haltyldap ýören möjek ýene bir çopanyñ sürüsiniñ üstünden barypdyr. Möjek sürä ýakyynlaşanda, ýene:

- Aý, çopan, how! eşitmedim diyme, how, goyny möjek aldy, how!- diýip gygyrypdyr. Çopan hem:

- Aý, bir öwejiñ bar, kowaweri!- diýip tagyna ýapyşyp gygyrypdyr. Ýartygulak hem:

- Haý-haý!- diýip, möjegiñ içinden gopgun turzupdyr. Möjek ol çopanyñ daýaw itinden zordan gaçyp gutulypdyr. Möjek başga süri goyunlara baranda ýene-de goyun awlap bilmän aç galypdyr. Ahyry ol belanyñ öz içindendigini bilip:”Men indi bu beladan nädip sypyp bilerinkäm?...” -diýip, pikir edip, esli wagt ýatypdyr, bir tebiyp tilkiniñ ýanyna baryp:

- Ey, tilki dost, meniñ içimde bir bela bar. Ajymdan surnugyp, haýsy sürüniñ golaýyndan barsam:” Haý çopan, haw, goynuñ möjek aldy, how!...” diýip gygyrýar. Yndi bäş günüñ içidir, bir alaç et-de, em-yom salgy ber- diýip ýalbarypdyr.

   Onda tilki:

- Yçiñdäki belanyñ emini tapsam bir goyun berermisiñ?- diýipdir.

   Möjek:

- Wah, tilki dost, iki goyun diyseñem bererin! Ýöne şu belany dep etseñ bolýar!- diýip, söz beripdir.

   Onda tilki:

- Gury sözden goyun bolmaz, möjek dost, diliñden hat ber- diýipdir. Möjek hat beripdir. Tilki oña:

- Ey, möjek dost, sen bir suwjak bulamak iç-de, birnäçe gezek ýapyýokaryk ýört, şonda içiñdäki bela gaçsa gerek- diýipdir.

   Tilkiniñ maslahatyny eşiden  Ýartygulak:

- Ey, tilki, tilki! Başyna turşusy çykan tilki! Bu içmäge bulamak tapýan bolsa, şu güne düşermidimi?- diýip möjegiñ içinden seslenipdir.

   Şonda möjek:

- Ey, tilki dost, göryäñmi meniñ günümi, dad günüme! diýip gözlerini ýaşardyp gepläpdir.

   Tilki möjegiñ gözýaşyny görüp:

- Ey, möjek dost, sataşan belañ-a gaty ýaman, ýöne sen günorta bolanda üzümli baglyga bar-da biyşmedik, horarak üzümlerden köp iýi. Yçiñdäki belañ bolsa jany çykýança gyygyrsa-da gyygyrybersin. Günortan sakçy-da, iti-de bolmaz: Birden eşidip gelselerem tä golaýlaýança gaçma, üzümden köpräk iyjek bol- diýipdir.

   Möjek üzüm baga baryp iymäge başlanda, Ýartygulak bar sesi bilen:

- Aý, üzüm eýesi! üzümiñi ogry iýip gutardy- diýip gyygyrypdyr. Üzüm eýesi gelyänçä, möjek bir-iki düyp üzüm iýipdir. Şol wagt bag eýesi gelip, yuwaşja möjege ýakynkaşyp, taýak bilen kebzesine ýapypdyr. Möjek birden ikä böküpdir, şol böküşde  Ýartygulak onuñ içinden çykypdyr.

    Ýartygulak möjegiñ içinden çykandan soñ bir üzümiñ düybinde ýatypdyr. Soñra üzüm eýesiniñ üzümli sebediniñ içine giyripdir. Ol adam öýüne ugraýar. Bag eýesi ýol boyy aýdym aýdyp barýar. Ol her aýdym aýdanda, Ýartygulak:

- Jan, jan sag bol!- diýip gyygyrýar.

   Üzüm eýesi:” Yyzymdan biyri gelyändir”-diýip, iyzyna baksa, hiç kimi görmändir. Soñra:” Aý, göwnümedir-de...”-diýip ýene aýdyma başlaýar. Ýartygulak ýene-de:

- Jan, jan sag bol!- diýip gyygyrýar.

Üzüm eýesi yuwaş-yuwaş gorkup başlalaýar. Aýdym aýytmagy hem goyup,çalasym ýöräp, öýne gelýär. Ýartygulak sebetden çykyp, öýüñ içindäki çuwalyñ aşagyna giyrip ýatýar.

   Üzum eýesi heleyine bakyp:

- Men ýolda jyna sataşdym- diýär. Heleyi onuñ üstüni iki gat yorgan bilen basyrýar. Goñşulary hem, pylan aga jyn görüpdir diýişip, gelip onuñ halyny soraýarlar.

   Üzüm eýesiniñ öýüne şol agşam üç-dört sany myhman hem gelipdir. Olar garyplary talap ýören garakçymyşlar. Olaryñ talap alan zatlarynda üzümçiniñ hem paýy barmyş.

   Ögrular giycäniñ ýaryna çenli nirede, nähili ogurlyk edenleri hakynda sakyrdaşyp, Ýartygulagy hem ýatyrmandyrlar. Olar uwklanlarynda  Ýartygulak çuwalyñ aşagyndan çykyp, olaryñ sakgallaryny ikibiyr-ikibiyr, biyr-biyrine dañyp çykypdyr, ogry şärigi bolan üzüm eýesiniñ sakgaly bilen heleyniñ saçyny hem bir dañypdyr. Biraz wagtdan soñ ogrylaryn biyri daşaryyk çykjak bolupdyr ol bir ýoldaşy:

- Sakgalymy göýber, how! Hey sakgaldanam bir oyun bolarmy- diýip, ýerinden galypdyr. Bularyñ galmagalyna, ol biyrsi hem turup:

"Göýber sakgalymy"- diýipdir. Ogrular biyr-biyrini yumruklap başlapdyrlar. Öýüñ içi ala-galmagal bolupdyr. Bularyñ galmagalyna är-heley hem oýanypdyr. Äri aýalyna:

- Ey, heley, sakgalymy göýber- diýipdir. Bularyñ galmagallaryna goñşulary gelip olary aryşdyrypdyr.

   Galmagal köşesenden soñ, Ýartygulak ýene çuwalyñ aşagyna giyrip ýatypdyr. Emma ogrular ýatmandyrlar. Olar:

- Bu öýüñ indi mazasy gaçdy, biz çaltrak bu ýerden gideyli diýişip, dañ ataryna garaşman, gaçyp gidipdirler.

   Mihmanlar gidenden soñ, öýüñ aýaly:

- Öýmizdäki jyny kawmasak, indi bize rahat bolmaz. Molla agany getirip okadaýsak nähilli?- diýipdir.

   Äri: " Boljak"- diýär.

   Öýüñ aýaly mollañ ýanyna ugranda, Ýartygulak onuñ arkasyna münüp, ýalygynyñ(gyyñajynyñ) arasyna giyzlenipdir.

  Aýal mollanyñ ýanyna baryp:

- Molla aga biziñ öýmize jyn giýiripdir, bize gün berenok, kömek et- diýipdir.

   Molla ol aýalyñ aklyk üçin getiren düwünçegine gözüniñ gyytagyny aýlap:

- Ba-ha, jyn gaty erbet zatdyr, ony okyp kawmasak, ýöne-möne doga peyda bermez- diýip, aýaly bir çola jaýa eltip, okyp başlanda, Ýartygulak olaryñ ikisine-de bildirmän, mollanyñ sellesiniñ ortarasyna münýär. Molla: "Aguz billahy..." diýip başlanda, Ýartygulak hem onuñ depesinden oturan ýerinde agzyna öýkenip, bogazyna sygdygyndan gyygyrýar.

   Molla okymakdan elli biyzar bolup:

- Bu ne bela? Bu indi seni okytdyrmaz. men saña derrew bir dogajyk ýazyp bereyin-de diynaýyn- diýip, hasyr-husur bir bölejik kagyzyñ yüzüni garalap:

- Yne, şu iki dogany al-da git, biyrini äriñ dakynsyn, biyrini hem özüñ dakyn- diýip, getirlen aklygy alyp, aýaly ugradyp göberipdir.

Ýartygulak onuñ sellesiniñ üstünden düşmändir. Molla öz ýanyndan jyn aýal bilen gidipdir diýip, agşam namazyny okymak üçin metjiyde baryp, jemagata imamlyk etmekçi bolupdyr.

   Molla, adamlaryñ öñüne geçip:

- "Allahy äkber!"- diýip, ýañy bir mañlaýny ýere goymakçy bolanda, Ýartygulak hem onuñ bilen birlekde:

- "Allahy äkber!"- diýär. Birnäçe gezek şeýle bolandan soñ, molla öz içinden;” meniñ imamlygma göwnüýetmezçilik edip, arkamda duranlaryñ biyri bilgeşleyin gyygyrýar”- diýip, pikir edipdir-de, gaharlanyp çykyp gidipdir. Yyzyndaky jemagat hem: ” molla heniyz mañlaýny ýerden galdyran däldir”- diýip, mañlaýlaýlarny ýerden götermän, esli wagt ýatypdyrlar. Ahyrda olaryñ biyri başyny göterip görse, öwlerinde molla ýok diýär. Ol muny başgalara-da habar berýär. Olar:" biziñ mollamyz dälridimyka?..." diýişip, metjiytden çykyp, dargaşyp gitýärler.

   Şol agşam mollanyñ aýaly özleri hem sopylary üçin çüyçeli palaw, gullukçylar üçin bolsa uly bir gazan kädili bulamak bişirýär. Ýartygulak:” iyşi edyän-ä olar, palaw iyyänem bular, men siziñ aryñyzy alyp bererin, gullukçy doganlar!... diýip, içini gepledýär. Gün ýaşyp, molla bilen aýaly uwka gidende, Ýartygulak mollanyñ sellesini aýalyna, aýalyñ alyndañysyny hem molla geydirýär. Är-aýal iyrden turup, biyr-biyrleriniñ yüzüne geñ galyp bakýarlar. Molla aýalyna:

- Näme beyle seredyäñ, meñ yüzümden aý görjek bolýarmyñ?- diýär.

- Men-ä seniñ başyñdaky alyndaña bakýaryn!- diýip, aýaly jogap berýär.

- Men-de seniñ selläñe seredýärin!

Aýaly:- Seredseñ seredip geç! diýär

   Är-aýal dawalaşyp, ýañy ütmeleşjek boluberende, goñşy obadan bir atly gelip, nikä gyydyrmak üçin, mollany toýa çagyryp gitýär.

   Toy. Nika. bol nahar. Aklyk... Molla şu zatlary göz öñüne getirip, sellesini alýar-da, ýol şaýyny tutup, ugruýar. Ýartygulak hem sellesiniñ depesine gonýar.

 Ýartygulak mollanyñ sellesiniñ süyri depesinde daş-töweregine sin edip barýar. Molla eşegini dikgirdedip, toy ýerine ýakynlaşyberende, Ýartygulak, mollañ selesinden düşüp, eşegiñ guyrugyndan asylyp, eşegi dürtüp göýberýär. Eşek muña jidaman, bökýär-de mollany doly çuwal ýaly edip, gaty ýere urup gaçyp gitýär.

 Ýartygulak toy ýerine ugraýar. Baryp görse, toy eýesi uly bir baý diýär. Bu baý özüniñ ýekeje ogluny öýerip duranmyş

 Ýartygulak öýüñ artbagyş gamşynyñ gatlaryndan sümüp, durluk arasynda jaýlaşyp, içerik seredýär. Ol öýde täze alnyp getirlen gelin otyranmyş. Başga öýde bolsa ýaşullar bilen ýañky molla gürrüñ edip otyr diýär.

  Ýartygulak oturan gyzlary kiçiräjik taýak bilen dürtüp başlaýar. Gyzlar bu iyşi biýi-biyrinden görüp, gaharlanyşyp, çykyp gidipdirler. Gelniñ ýeke özi galypdyr.

   Gün öýleden agandan soñ, molla yigit bilen geline nika gyymak üçin iki sany adamyny pyýadakazy belläp, iyşe başlaýar. Mollanyñ bellän pyýadakazylaý çümre bürenip tersine bakyp oturan geliniñ ýanyna gelip:

- Gelin, nika wekiylçiliñizi biziñ haýsymyza beryäñiz?- diýip soraýarlar.

   Gelin bürenip, geplemän aglap otyr diýär . Birnäçe sapar gaýtalanan soraga jogap bolmansoñ, Ýartygulak:

- Şol kel hem mañkaly ogluñyz üçn biyriñize-de wekiylçiligimi berjek däl!- diýär. Pyýadakazylaryñ yürekleri ýarylara gelip, añk-tañk bolup galýarlar.

   Şol wagt bir aýal gelip, gelni irjak bolup, höre-köşe edýär. Gelin bolsa aglajagyny-da, güljegini-de bilmän, öñküsi ýaly bürenip otyrýar. Heniyz gelinden jogap bolmanka, ýene Ýartygulak:

- Bolmaz, bolmaz! Sözüm birdir! Diydim, diydim, indi gaýtalap alman! diýip gyygyrýar.

   Geliniñ daşyna yygnan gelinler hem gaýra çekişip durýarlar-da:

- Bu gelin samsykmyka, nämeka?- diýişýärler.

   Molla hem oturan ýerinden:

- Gelin bu iyşiñ erbetdir, aýyp bolar!- diýär.

   Onda Ýartygulak:

- Asil sen ýaly adamyyñ gyýan nikasy maña gerek däl!- diýär.

Molla: Toba tagsyyr, bu ne belady!- diýip, sesini çykarmaýar.

   Adamlar:

- Yndi gün ýaşdy, bu sähetli gün geçdi, nika ertiyre galmaly boldy- diýişip dargaşýarlar. "Munuñ soñy näme bolarka?" diýip, gelinler bolsa tomaşa etmäge galýarlar.

   Ýartygulak şol wagt tüynüge çykýar.

- Yndi maslahat näme?- diýip toy eýese baý aga, molladan soraýar.

Molla:

- Bu gün nika gyyp bilmedik, öýlenjek yigit gelniñ ýanyna baryp, kellesini görkezsin, yogsam "kel, kel" diýip ol pahyry biyzar etdiler.

   Muny eşiden Ýartygulak:

- Aý, gelin, baýyñ kel ogluny giyzläp, ýerine başga bir kellesi saçly yigidi görkezjek bolýarlar- diýip gyygyrýar.

   Adamlar haýran galyp, ýokarlaryna seredseler, hiç kime gözleri düşmeýär. Olar bu nämäniñ sesika diýişip, gorkup başlaýarlar. Molla hem:

- Bu jyn gapdalmyzdan aýryljak däl, bu bizden näme isleýarka?-diýär.

   Toy eýesi:

- Bolmasa okýap kawsana!- diýip, oña maslahat berýär.

Onda molla:

- Wah, men ony ozalam okydym, gaýta meniñ özümi eýerläp mündi. Bir giyje garnymyza münüp, tas bogup öldürýärdi- diýär.

   Baý:

- Onda indi näme edmeli?- diýär.

Molla:

- Güyçli mollalary yygnap, birleşip okymaly- diýär.

   Baý mollalaryñ iñ güyçlilerinden dört sanysyny derrew çagyrýar. Olar bilen bile bir porhan-da gelýär. Öýüñ bir ýan duwlunda bäş sany molla birleşip doga okymaga başlaýarlar. Öýüñ beyleki duwlunda bolsa porhan:

- Aý, pylan jülgeden, goçum gel! Aý, pylan dereden perilerim, gel!, Aý, pylan depedäki jynlarym, gel!- diýip, düw-düw edip, gyygyryp böküp-oynap agzyny köpürjedip başlaýar.

Ýartygulak bolsa:

- Hany  göreyli, seniñ jynlaryñ nähiylli zatka?- diýär.

Ýartygulak gaty ýadaw bolansoñ, derrew uwka gitýär. Birden-ikä oýanyp, öz ýanyndan:" öýüñ içi jyndan dolandyr, porhanyñ jyny, perisi, goçy nähiylli zatka bir göreyin"- diýip. aşak baksa, porhanyñ kellesi gyzyp, gyykylygy öñküden yüz esse artypdyr. Düwläp iki tarapa urnup, öýi göçürjek bolýar. Mollalar bolsa gara derlerini saçyp, heniyzem bogazlaryna sygdyklaryndan doga okyp, daşyndakylar bolsa, irkilşip otyyrlar diýär. Şolardan başga öýüñ içinde jynam ýok, peri hem ýok, goçam ýok.

  Giyje ýarymyndan geçenden soñ, halyys sütügi süynen porhan sesine bir dyynç berýär-de:

- Baý aga, gördüñmi, nätdim! Neniñ jynlarym ýerlerinden gozganyp başlanda, ol jyn gidiberendir. Meniñ jynlarym, perilerim gelip, ol jyny eyyäm ala dagdan aşyryp gelipdir-diýär.

   Molla hem bada-bad söze goşlup:

- Biziñem dogalarmyzyñ hem güyçli kömegi degendir- diýär. Şol wagt Ýartygulak olaryñ geplerine gülküsi tutýar. Adamlar geñ galyp, titreşýärler.

  Porhan:

- Gorkmañ, bu meniñ iñ uly jynymdyr, ol, bu ýañky jyny kawany üçin begenip gülyändir- diýär.

   Şondan soñ adamlar bir az arkaýyn bolýarlar.

   Porhan:

- Baý aga, maslahat bolsa men-ä jynlarymy gaýtarjak- diýär.

- Gaýtar, gaýtar- diýip, baý oña rugsat berýär.

    Jin belasyndan dynyp, öýe çaý-nahar getirýärler. Nahary iýip bolanlaryndan soñ, öýüñ bir ýan duwlunda düşek salyp ýatýarlar. Gelniñ ýanynda iki sany gyz ýatýar. Ýadaşan adamlar derrew uwklaýarlar.

   Ýartygulak aşak düşýärde, torbadaky päkini alyp, ýatan mollalaryñ daşyna geçýär."Bissimilla" diýip, ilki başda molladan başlap, onuñ uzyyn çal sakgalyny syyrýar, onuñ eñegini taýpy ýaly edenden soñ, beyleki mollalaryñ sakgallaryny biyr-biyr siyryp çykýar, ýöne iñ kiçi mollañ murtuny siyryp, sakgalyny azarak gyrkýar. Soñ bolsa porhanyñ ýanyna baryp:" hany jynly bolýan bolsañ, jynlaryñ ýetişsin bakaly"- diýip, onuñ sakgalynyñ sag gapdalyny düybünden aýryp, sol tarapyny goyýar.

 Ýartygulak,Toyda öldürlen mallaryñ pökgerşip ýatan garynlaryndan iki sanysyny alyp, geliniñ ýanynda süyji uwkuda ýatan gyyzlaryñ kellelerine geydirýär-de, börüklerini aýryp, başga ýerde giyzleýär. Soñ mollalaryñ sakgallaryny alyp, geliniñ eñegine ýelmeýär, iñ kiçi mollanyñ murtuny hem geline murt edýär, galan tüyden bolsa baýyñ sakgalyna ýelmeýär, baýyñ uzyyn sakgaly bolýar. Şondan soñ Ýartygulak:

- Hop, indi iyşimi bir laý bitirdim- diýip, ýene tüynüge çykyp oturýar.

   Dañ atyp, jahan ýaýylýar. Öý eýeleri, mihmanlar örüp başlaýarlar. Hemmeden öñ gelin oýanýar. Ýatan gyyzlaryñ kellelerindäki garny görüp, hiyç kime duydurman mys-mys gülýär.

  Şol wagt baýyñ aýaly turup:

- Aýuw, bu sakgalyñ ne beyle uzalypdyr?- diýip hor çekip ýatan ärini iralaýar. Baý gözüni açalak-yumalak edip:

- O, seniñ göwnüñedir- diýip, ýene beylesini dönüp ýatýar. Soñ baý turup, öz boyy bilen deñ sakgalyny görüp, näme diyjegini bilmeýär. Şol wagt porhan hem turup, eñegi yyldyrap duran mollalary görüp, hahahaýlap gülmäge başlaýar. Ol öz içinden:” bu haýsy edepsiziñ iyşikä?... diýip, oylanyp duwrka, mollalar hem porhanyñ yüzüne siñe-siñe seredişip, birden gülüp başlaýarlar. Porhan bir aýna tapyp, ilki öz yüzüni görüp, soñra mollalara berýär. Mollalar ýeke-ýeke aýna seredişip, öz yüzlerini görüp, başlaýarlar. Gyyzlar bolsa özlerinden habarsyz, geliniñ sakgal, murtuny görüp, birden gorkup, gaýra çekilýärler.

   Onýança baýyñ aýaly:

- Ýarylyp ölenler siziñki näme?-diýip gyygyrýar.

   Onda gyyzlar:

- Geline sakgal-murt çykypdyr- diýärler.

Baýyñ aýaly:

- Goyuñ saçy kesilenler, men sizden kelläñize geýeniñiz näme diýip soraýan! diýip, aýnany ellerine berýär.

  Gyzlar kellelerindäki garny görüp, öýlerine tarap gaçýarlar. Gelin hem sakgal-murtuny aýnadan görüp, öz-özünden gorkýar. Derrew sakgal-murty goparyp aýyrýar. Edil şol mahal düynki jynly gürrüñ nähiyl bolduka diýip, aýal-erkek dumly-duwşdan gelmäge başlaýar. Niyrä gitjeklerini bilmän duran porhandyr mollalar, baýyñ berjek sowgat-serpaýyndan elli biyzar bolup, öýden çykýarlar-da gaçyp gitýärler. Öýde diñr baý, onuñ aýaly hem gelin galýar.

   Baý uludan dem alyp:

- Bizi bu beladan gutaran adam bolsa, näme diyse bererdim- diýär.

   Ýartygulak tüynükden:

- On öweç diyse-de berermiñ?- diýär.

- Wah, on bäş diyse hem bererin- diýär.

   Ýartygulak: Sözuñ, söz bolsun! Sözüñ-de tapylgyn!- diýip, öýlerine gaýtýar.

  Ýartygulak uly ýoluñ ýaksy bilen barýarka, iyzyndan bir atly ýetýär, ol atly hem Ýartygulaklaryñ öz obalaryndan bolup, ýañky toydan gaýdyp gelyänmiş. Ol atly Ýartygulagyñ duwşuna gelip, atynyñ gowşan çekisini çekmäge durýar. Ýartygulak şol wagt görünmän atyñ guyrugyndan asylýar. Ol adam atyna münüp, ugranda, atyñ üstüne böküp çykýar. Şeýlelik bilen Ýartygulak atly öýlerine ýetýär.

 Ýartygulak ene-atasy bilen gujaklaşyp, salamlaşýar. Olar Ýartygulagyñ gelenine begenýärler. Soñra Ýartygulak başyndan geçirenlerini biyrin-biyrin gürrüñ berip:

- Däde, pylan çopanda bir öweç, ýene bir çopanda bir öweç, üçünji çopanda hem bir öweç algyymyz bar- diýip, bir topar çopany sanap çykýar.

- Sen baryp, möjek kowanmyz üçin bermeli öwejiñizi beriñ diýi-de, şol çopanlardan goyunlary al, soñ bolsa pylan baýyñ öýüne bar-da jyn kowanmyz üçin bermeli öweçleriñi ber diýip aýt, olary hem alyp gaýt- diýip dädesini iyberýär.

   Dädesi gelip, çopanlardan hem baýdan almaly öweçleri alyp, olary bir süri edip, öýüne dolanýar.

  Ýartygulak hiç haçan erbet iyş etmeýär, dogra-dogry, egrä-egri diýär, her kimiñ aýbyny öz yüzüne aýdýar, yüreginde öýke-kiyne saklamaýar, hiyle-mekirlige ýol bermeýär, ahyr soñunda hem uly iyliñ minnetdarlygyny hem hormatyny gazanyp, maksat-myradyna ýetýär.

 

Ejekejan

 

   Biyri barmyş, biyri ýokmyş. Öñler bir garyyp adam barmyş. Onuñ bir gyzy bilen bir ogly barmyş. Gyzynyñ ady Ejekejan, oglunyñ ady Baýmyratmyş. Bir gün olaryñ gapysyna bir saýyl gelip, iymäge zat diläpdir. Garyp adam oña:

-Kömek etmäge zadym ýok, arpa-bugdaýym bolmady- diýär.Saýyl:

-Gyzyñ öldürip arpa, ogluñ öldürip bugdaýa sepseñ, hasylyñ köp bolar-diýär.

   Ejekejan bu gürrüñi eşidip, derrew elbukjasyny alyp, dogany Baýmyrady çagyrýar. Baýmyrat aşyk oynap duran ýerinden gaýdasy gelmändir., Ejekejan şeýle ýalbarsa-da ol gelmändir. Ahyry Ejekejan:

- Bally, aý bally, altyndan sakga bereyin, gel- diýipdir.

   Baýmyrat Ejekejanyñ ýanyna gelende, Ejekejan oña:

   - Bally bu gün gafymyzdan bir saýyl geldi, zat diledi, ýok diylende, ol, gyyzyñ öldür arpa, ogluñ öldür bugdaýa sep didi, dädem hem bolýar diydi. Biz çalasym bu ýerden gaçaýly- diýär.

   Bular bir pikre gelip, bir ýerde oynap otyyrka, Baýmyrat Ejekejanyñ başdaragyny alyp gaçýar, Ejekejan hem onuñ yyzyndan kawan bolup öýden gaçyp gitýärler.

   Dädesi muni bilip, olaryñ iyzyndan kawýar, " ýetdim, ýetdim" diýende, Ejekejan baş daragyny zyñýar, dädesiniñ öñünden çyrmaşyk çeti çykýar, dädesi zordan çetiden çykyp ýene-de olaryñ iyzyndan kawýar. Bu gezek Ejekejan aýnasyny zyñýar, dädesiniñ öwünden uly bir derýa çykýar, dädesi suwa girýär we şol suwda boglup ölýär.

   Şeydip iki dogan çöle tarap gidiberýärler. Az ýöräp, köp ýöräp, düz ýöräp, çöl ýöräp, aç-suwsyz isgynlary galmandyr. Olaryñ öwünden bir çeşme çykydyr. Baýmyrat suw içjek bolanda, Ejekejan:

- Bally, bu suw guşlaryñ suwudyr, mundan içseñ guş bolarsyñ- diýip, ony suw içmäge goymandyr. Dem-dinç alyp, ýene ýola düşüpdirler. Öwlerinden ýene bir çeşme çykypdyr. Baýmyrat ondan suw içjek bolanda, Ejekejan:

- Bally, bu suw keyikleiñ suwudyr. Mundan içseñ keyik bolarsyñ- diýipdir.

   Baýmyrat gaty suwsansoñ, Ejekejana bildirmän, şol çeşmäniñ başynda köwşüni galdyran bolup gidipdir. Birazjyk ýöränlerinde, Baýmyrat:

- Ejekejan, köwşüm suwuñ başynda galypdyr- diýär. Köwşi getirmäge Ejekejan gaýtjak bolsa-da etmän, Baýmyradyñ özi gaýdypdyr. Suwuñ başyna baryp, ýagşy ganyp, basyny göterse, keyge öwrülip duruberenmiş.

   Baýmyrat keyik bolandan soñ, her şahyna bir köwşüni iyldirip, Ejekejanyñ ýanyna gelipdir. Ejekejan aglap:

- "Bally, içme diysem etmediñ"-diýip, doganyny izyna tirkäp, gidiberipdir. Öwlerinden bir süri keyik çykypdyr. Keyikler Baýmyratdan gaçmandyr, Baýmyrat bolsa olara goşulyp geziberipdir. Şol ýerde ulakan bir çynar barmyş, üstüne ganatly guşdan başga zat çykyp bilmezmiş. Ejekejan çynaryñ ýanyna baryp:

- "Eñil, çynarym, eñil"- diýipdir. Çynar eñlipdir, Ejekejan çynaryñ üstüne çykyp, şonda ýaşapdyr. Keyik bolan Baýmyrat bolsa käwagyt gelip Ejekejany görüp gityänmiş.

  Bir gün şol yurdyñ padyşasynyñ ogly awa çykypdyr. Ol bir keygi kawalap, şol çynaryñ üstünden gelipdir. Çynaryñ düybünden akýan suwy görüp, atyny suwa ýakjak bolanda, aty ürküpdir. Padyşanyñ ogly suwa baksa, suwuñ yüzünde bir gözel gyzyñ suwratyny görüpdir. Padyşanyñ ogly geñ galyp durka, ýanyndakylar ol gyzyñ çynaryñ üstündedigini bildiripdir. Padyşanyñ ogly gyza karap:

- Ey, gyz, insmysyñ ýa jynsmysyñ? gel, düş- diýip, köp ýalbarypdyr. Ejekejan sesini çykarmandyr. Padyşanyñ ogly bilen ýanyndaky adamlar her zat etseler-de, Ejekejany alyp bilmän izlaryna dolanypdyrlar.

   Padyşanyñ ogly atasynyñ ýanyna baryp:

- Ey, ata, pylan çynaryñ üstünde bir gyz gördüm, şeýle bir awadan, aýdar ýaly däl. Emma şony alyp bilmedim- diýär.

   Padyşa derrew pilli, paltaly, kerkili köp adamy oglunyñ ýanyna goşup, şol çynary yykmaga burupdyr. Bu adamlar baryp çynary kesmäge başlapdyrlar. Çynaryñ yykylmagyna biraz galanda gün ýaşýar. Adamlar ” ertir keseris” diýip ýatýarlar. Ertir görseler, çynar asla kesilmedik ýaly bolup duranmyş. Adamlar ýene kesmäge başlaýarlar. Agşama çenli gutaryp bilmänleri üçin giyje ýatyp, ertir görseler ýene öñküsi ýali bolup duranmyş, gaýta çynar günde iki esse yogynlanypdyr.

   Bular izlaryna dolanyp gelip, bolan zady padyşa aýtýarlar. Padyşa: "kim şol gyzy alyp getirse agramyna agram altyn berjek”- diýip jar çekdirýär.

   Bir garry kempir gelip:

- Padyşahym, maña bir gara gazan, birki sany kirlän ak geyim tapyp berseñ şol gyzy alyp getireyin- diýär.

   Padyşa derrew bu aýdylan zatlary tapyp berýär. Garry kempir çynaryñ düybüne gelip, eşikleri gazanyñ garasyna süykäp yuwmakçy bolýar. Ejekejan ony görüp:

- Ey, mama, eşikleri öñküsünden hem beter garaltýarsyñ- diýipdir.

   Kempir:

- Wah, gyzym, gözüm görenok, gelip ýardam etsene- diýär.

   Bu garrynyñ bolşuna Ejekejanyñ yüregi awip:

- Eñil, çynarym, eñil- diýipdir. Çynar eñlipdir. Ejekejan düşüp, garrynyñ eşiklerini yuwup beripdir. Soñra kempir Ejekejana:

- Gyzym, eden iyşiñe tañyrýalkasyn. Ýöne şol ýerde meniñ bir sandygym bar. Şonda iýer ýaly ojuk-bujuk zat bar, şondan garbanar ýaly al- diýipdir.

Ejekejan etmejek bosa-da, kempir goyman, sandygyñ ýanyna

getiripdir. Ejekejan sandygy açyp zat almaga eñilende, kempir derrew sandygyñ gafsyny ýapypdyr. Ejekejan näçe ýalbarsa-da açmandyr. Şol wagyt padyşanyñ ogly hem gelip Ejekejany öýüne äkitjek bolanda Ejekejan:

- Meñ bir ballym bar, ol keyik suwny içip, keyik boldy.Eger ony hem äkidip, altyndan ahyr, kümüşden köken edip saklasañ, señ bilen gityän- diýipdir. Padyşanyñ ogly razy bolupdyr. Ejekejan bir depä çykyp, ballysyny çagyrypdyr. Keyik ballysy gelende Ejekejan bolan iyşi aýdypdyr. Keyik hem muña razy bolupdyr. Şondan soñ padyşanyn ogly Ejekejan bilen keygi getiripdir. Keyige, aýdylşy ýaly, altyndan ahyr salyp, kümüşden köken edip goyupdyr. Ejekejany bolsa, toy edip, özi alypdyr. Ejekejanyñ ýanyna bir gyrnak beripdir.

   Aýdan-aý, günden-gün geçip Ejekejan göwreli bolýar. Bir gün gyrnak derýa boyuna geyim yuwmaga gidende, Ejekejan hem gidipdir. Gyrnak derýañ gyrasyna bir gazyk kakyp, oña bir uzyn yüp dakyp, bir uwjyny biyline baglap, suwa giyrýär. Ejekejan ony görüp suwa düşesi gelipdir. Ejekejan suwa giyrende, gyrnak gazygy goparyp göýberipdir. Ejekejan suwa çümüp, derýañ düybüne gidiberipdir. Ejekejanyñ ýerine geçmegi isleyän gyrnak Ejekejanyñ eşiklerini geyip, öz eşiklerini bolsa garnyna dañyp, Ejekejana meñzäp, öýe gelipdir. Padyşanyñ ogly onuñ gyrnakdygyny bilmändir.

   Gyrnagyñ kellesi kel eken. O1 giyjeler " hyrt-hyrt" edip, kellesini gaşanda, äri onuñ nämedyändigini soranda:

Atam öýünden getiren gowurgamy iyýärin- diýipdir.

Äri:

-"Maña-da bersene" - diýipdir.

Gutardy- diýip, gyrnak aýdypdyr.

   Günleriñ biyrinde keyik ertiyr bilen bularyñ ýanyna gelip olara seredipdir. Keyik:

Bu padyşanyñ oglunyñ aýagy, bu-da gyrnagyñ aýagy, Ejekejanyñ aýagy ýok- diýipdir.

   Gyrnak muny eşidip:"şu keygi öldürmesem, meñ kimdigimi bildirjek" diýip öýlanypdyr. Ertiyr turan badyna padyşanyñ ogluna:

- Şu gün keyik etini iýesim gelýär, şu keygi öldürip ber- diýipdir. Padyşanyñ ogly:

- "Sen bu güne çenli keyik meniñ doganym diýärdiñ, indi näme üçin ony iyjek diýärsiñ?"- diýip sorapdyr?

Onda gyrnak:

- "Doganym bolsa-da iyjek"- diýipdir. Ondan soñ padyşanyñ ogly keygi öldürmegi buyrupdyr.

Keyik padyşanyñ ogluna garap:

- "Men bir suw içip geleyin"- diýipdir. Padyşanyñ ogly "bolýar" diýipdir. Keyik derýanyñ boyuna baryp:

-Altyn ahyr bozuldy,

  Kümüş köken üzüldi,

          Padyşanyñ kel gyrnagynyñ,

Göwni maña düzüldi-

diýip, aglapdyr.

   Ejekejan suwa gaçandan soñ, bir yunus balygyñ agzyna düşüp, balyk ony öz garnynda saklapdyr. Ejekejan şol ýerde ýaşap ekiz çagasy bolupdyr. Ejekejan keygiñ sesini eşidip:

 

                      - Özüm balyk agzynda,

          Saçym derýa yüzünda.

          Bir ýanymda Heseljan,

 

                         Bir ýanymda Gözeljan,

        Barsañ aýtgyñ baý ogla,

                         Öldürmesin ol seni.

 

diýipdir.

Keyik gaýdyp gelipdir, emma bogazy dolup, sözüni aýdyp bilmändir. Padşanyñ ogly ony öldürjek bolanda, keyik ýenede:

- Suw içip geljek- diýipdir. Padyşanyñ ogly göýberipdir.

Üçünji gezek padyşanyñ ogly: " Şu keygiñ bir gürrüñi bar" diýip, onuñ izyna düşüpdir.

Keyik derýanyñ boyuna baryp:

 

-Altyn ahyr bozuldy,

           Kümüş köken üzüldi.

           Padyşanyñ kel gyrnagnyñ

           Göwni maña düzüldi-

diýip ýene zar-zar aglaýar. Ejekejan hem doganynyñ sesini eşidip, şeýle seslenipdir:

                       - Özüm balyk agzynda,

                          Saçym derýa yüzünda.

                         Bir ýanymda Heseljan,

                         Bir ýanymda Gözeljan,

                          Barsañ aýtgyñ baý ogla,

                          Öldürmesin ol seni.

 

Padyşanyñ ogly keygiñ nalasyny eşidip, hem-de derýadan çykan sesi eşdip, bolan iyşleriñ hemmesine düşnüpdir.

Ol gaýdyp gelip:" Şu gün hiç maly suwa ýakmaly däl" diýip jar çekdiripdir. Ertir hemme kişi suwsan mallaryny derýa sürýär. Mallar derýanyñ bar suwyny içip gutarýarlar. Görseler Ejekejan suwuñ düybünde çagalaryny gujagyna alyp otyr. Keyik bilen padyşanyñ ogly Ejekejany çykarýarlar. Öýlerine gelip, gyrnagy bolsa gyrk gatyryñ guyrugyna dañdyryp, kowup göýberýärler. Ejekejan bilen padyşanyñ ogly maksat- myratlaryna ýetip, şatlyk bilen ýaşaýarlar.

 

Akpamyk

 

   Biri barmyş, biri ýokmyş. Öñde bir adamyñ 7 sany ogly barmyş. Bular aw awlap gün göryänmiş. Olaryñ ýekeje-de gyz doganlary ýokmyş. Bir gün ejeleri göwreli bolýar. Ejeleriniñ aý-güni dolan wagty, doganlar awa gitmekçi bolup, ejesine:

- Gyz doganmyz bolsa öýüñ gafsyna gurjak asyp goy, erkek bolsa ok-ýaý goy-diýip gidipdirler.

Bularyñ bir gyz dogany bolýar. Gafyñ agzyna gurjak asýarlar. Emma bir içigara aýal ýamanlyk edip gurjagy aýryp, ýerine ok-ýaý asýar. Doganlar awdan gelip, ok-ýaýy görüp:" biziñ gyz doganmyz bolmandyr"-diýip, öýkeläp bir dagyñ köweginde jaýlaşyp, aw awlamak geziberýärler. Yndi bular bu ýerde galsyn, habary täze bolan gyzdan alaýlyñ.

   Ene-atalary täze bolan gyzyñ adyna Akpamyk dakyp, ogullarynyñ gelerine gözleşýärler. Bir gün geçdi gelmediler, bir aý geçdi gelmediler, bir yyl geçdi gelmediler. Olar ogullaryndan tamalaryny üzýärler. Ene-atalary garry bolansoñ olaryñ ugruna çykyp bilmändirler, Akpamyga hem hiç zat aýtmandyrlar.

Aý geçip, yyl geçip, Akpamyk dokguz, on ýaşyna basýar. Bir gün goñşulary üme edýär. Yüñ saýdyrmak üçin goñşulardan ýardam soraýar, Akpamygyñ ejesine hem gelip:

- Gyzyñ ümä ber!-diýip soraýarlar.

Ejesi: Honha, özi razy bolsa gidibersin-diýip jogap berýär.

Akpamyk hem göwünli bolup, ümä barýar. Yşläp oturan aýallaryñ biri Akpamygy synajak bolup:

- "kimiñ erkek dogany bolsa düypde otursyn, kimiñ erkek dogany bolmasa aşakda ojak başynda otursyn"-diýär.

Akpamyk baryp gapyñ agzynda oturýar. Bir garry aýal:

-"Weyi, keygim, sen ýokarrak geç"-diýär.

Akpamyk: "Enejan meñ erkek doganym ýok"-diýär.

- "Wah, gyzym, iyliñ birki dogany bolsa, señ ýedi sany goç ýaly doganyñ bar, ýokary geç, ýokarrak"-diýär.

Akpamyk geñ galyp:

- "Men bu wagta çenli muny eşitmändim"-diýär.

Garry daýza: "Gyzym, olar garry bolansoñ, özleri gidip bilmeýärler, sen gider diýip, aýdan däldirler. Señ doganlaryñ Gök dagyñ bir gowagynda ýaşaýarlar. Men saña ejeñe nähil aýtdyrmasy öwredeyin. Sen barda: "Eje maña gawurga edip ber!" diýi, edip berse ony her zat bilen berse alma,"eliñ bilen ber!"-diýip aýt, gazanyñ üstünden eli bilen "al" diýip uzatsa, eliniñ daşyndan gaýym tutup, doganlaryñ ýerini sora"-diýär.

Akpamyk öýe gelip:

- "Eje, kelläm agyrýar, gawurga edip bersene"-diýär.

Ejesi derrew gawurga edip berýär. Ol gawurgany gazanyñ üstünden uzadanda Akpamyk, ejesiniñ eli gaty gysyp, doganlarynyñ ýerini soraýar. Ejesi gyzgyn hawra çydaman, olaryñ ýaşaýan ýerlerini aýtýar.Soñra ejesi:

- "Gyzym, olary tapjak bolsañ, men saña bir köke bişirip bereyin, şoni tirle-de gidiber, köke nirede dursa doganlaryñ şol ýerde dir-diýär.

Akpamyk pişigini ýanyna alyp, kökejigini tirläp gidiberýär. Biraz ýöränlerinden soñ, Akpamyk dem-dinç almak üçin ýoluñ gyrasynda irkilýär.Pişik ajygyp, kökäñ bir kenaryndan gädip iyýär. Akpamyk oýanyp ýöla düşüp gitjek bolanda, ýañky kökeji tigirlemeýär. Aglap oturşuna bir atly gelip ondan näme diýip aglaýanyny soraýar, Akpamyk hem bolan zady aýtýar, onda ol adam:- "Gädilen ýere palçyk ýavşyrsañ bolar"-diýär. Akpamyk ýene-de kökesini tirläp gidiberipdir.Köke baryp Gök dagyñ bir ýerinde durupdyr. Görse uly bir gowagyñ içinde bir topar ganly geyim bar, bir näçe bölek et hem asylyp goylupdyr.

Akpamyk bu geyimleri yuwup, etden nahar bişirýär.Birden bir topar adam gelýär. Akpamyk bir  ýere bukunýar. Doganlary gelip görseler, öñki ýali däl, nahar bişirgili, geyimler yuguly. Bular geyimlerini çalşyryp, iýip-içip arkaýyn ýatýarlar. Ertir awa gidýärler. Akpamyk ýene ganly eşikleri yuwup, nahar taýýarlap bukunýar. Doganlar gelip görseler, düynkiden hem gawy edilip goylupdyr. Olar: "Geliñ, birimiz galyp,  muny kim edyändigini bileyli" diýip maslahatlaşýarlar. Ylkiji gezek uly dogany galýar, ol gaty ýadaw bolansoñ derrew uwklaýar. Akpamyk onuñ uwklanyny bilip, geyimleri yuwup, nahar bişirip, ýene-de gizlenýär. Doganlary gelip görseler, öñki ýaly nahar taýýar, geyimler bolsa yuwguly diýär.

Olar :"kim edýärka?" diýip sorasalar, uly dogan:"Men uwklap galypdyryn" diýär. Ertesi ondan kiçi dogany saklanypdyr. Bu hem uwka gidip galýar. Garaz bularyñ altysy bilebilmändir. Ahiri in kiçi dogany öýde galypdyr. Uwklamaz ýaly gülbiyke barmagyny dilip, duwz sefipdir, awudan gözüne uwky gelmändir. Görse bir gyz çykyp, geyimleri yuwup,asym asmaga duranda, dogany baryp:

- ins bolsañ-da, jyns bolsañ-da dur-da nämedigiñi aýt-diýär.

Akpamyk:- "Men siziñ doganyz "- diýipdir.

Bular tanşyp, beyleki doganlary gelyänçä, nahar taýýarlap, soñra kiçi dogany beyleki doganlarynyñ öñünden buwşlap çikipdir.Doganlar begenip, Akpamygy keygiñ yiligi bilen bakyp başlapdyrlar.

Aradan birnäçe gün geçýär.Bir gün Akpamyk öý süvrüp ýörka, bir kişmiş tapyp, "pişim-pişim" diýip, pişigini çagrypdyr. pişigi gelmändir, onsoñ kişmişi Akpamygyñ özi iýipdir.

Bir salymdan soñ pişigi gelip:

- "Näme diýip çagyrdyñ?"- diýip soraýar.

Akpamyk:

- "Bir kişmişjik tapdym, şony saña bereyin diýip çagyrdym"

diýipdir.

- "Hany nätdin?"

- "Gelmansoñ özüm iydim"- diýär.

Pişik:

- "Onda men ody söndürjek"- diýär.

Akpamyk:

- "Men çakmak daş bilen od ýakmagy bilmeýärin"- zordan pişigi

köşetýär

Ýene bir gün Akpamyk öý süvrüp ýörşine bir igde tapyp:

"Pişim-pişim" diýip pişigini çagyrýar. Pişik gelmänsoñ, ony özi iyýär. Bir salymdan soñ pişik gelip:

- "Meni näme diýip çagyrdyñ"- diýip soraýar.

- "Bir igde tapdym,şony berjekdim, gelmänsoñ özüm iydim"- diýär.

Pisik:

- "Onda ody söndürerin"- diýip, Akpamygyñ oduny söndürýär.

Akpamyk çakmak bilen od  ýakjak bolýar başarmaýar, nahar hem giyjä galyp barýar, ahyry töweregine göz aýlaýar, görse, bir ýerden tüsse çykýar. Akpamyk:" şol tüsseden od getireyin" diýip ugraýar. Baryp gafydan salam berip girýär welin görse bir çal döw otyr.

Döw Akpamygy görüp:

-" Şonça salam bermedik bolsañn, iki yüzüp, bir ýalmardym"-diýip, soñra:

- "Gel giyzym, meniñ başymy gözläp ber!"

Akpamyk biraz salym döwüñ saçyny  gözläp berýär, soñra:

- "Men od diýip geldym, gaýtjak"- diýär.

Döw:

- "Hany sen etegini tut!"- diýip, Akpamygyñ etegine ilki bir köz atyp, iyzyndan kül goyup,soñra od goyup: " bar gyzym'' diýip ugradýar.

Akpamyk ody alyp ugraýar, ýañky köz etegini deşip, ondan kül dökülüp, iyz bolup gelipdir, Akpamygyñ mundan habary ýokmyş. Öýe gelip nahary bişirýär. Doganlary awdan gelip, ertesi ýene awa gidýärler.Ýañky döw küli iyzarlap, akpamygyñ öýni tapýar. Akpamyk döwi görüp, gafyny içinden bekläp oturýar. Ol gafa gelip:

- "Gafyny aç, ýa-da barmagyñ birini gafyñ arasyndan çykar"- diyýär.

Akpamyk barmagyny çykarýar. Döw barmakdan gaýym tutup, bir temen bilen deşip, ganyny sorup, soñ:

- "Doganlaryña aýtsañ, iýerin"- diýip,gaýdýar.

Akpamyk gorkusyndan doganlaryna aýdmaýar.Döw her gün gelip, Akpamygyn ganyndan sorup gidýär. Akpamyk gün-günden    horlanyp reñki saralýar. Doganlary:"näme bolýar" diyselere:"hiç zat bolanok" diýär.

Doganlary:

- "Geliñ şuny biljek bolaýlyñ"- diyşip, awa ugran bolup, bir ýerde bukunyp ýatýarlar.

Akpamyk iyşlerini bitirip, döwüñ geler wagty bolanda, gafyny içinden bekläp oturýar. Gan içmäge öwrenen döw gelip, gafyny kakýar, doganlar ýedi ýerden dofulyp, döwüñ janyny asmanda kaýarlar. Emma onuñ kellesi: "çöpden-çörden kän bolup gelerin" diýip, togalanyp ötegidýär. Akpamygyñ doganlary onuñ iyzyndan ýetip bilmän galýarlar. Birnäçe wagt geçip-geçmänkä, ol kelle bir näçe döw bolup gelip, ýedi doganyñ ýedisini hem öldürüp, etlerini iýip, süñklerini taşlap gidýär. Akpamyk bir keygiñ derisiniñ aşagynda giyrip bukunýar. Döwler ony görmeýärler.

Döwler gidensoñ, Akpamyk doganlarynyñ süñklerini bir ýere yygnap, olary keyik hamy bilen basyryp, bir aty münüp, oba-oba aýlanyp, bilimli adamlardan doganlaryny nädip diyreldip boljagyny sorap ýörkä, ahyry bir garry aýalyñ üstünden barypdyr.

Garrl aýal:

- "Gyzym, doganlaryny diyreltmek gaty gyn iyş"- diýär.

Akpamyk: "Gyn hem bolsa aýt" - diýär

Garry aýal:

- "Akmaýa diýen bir düýe bar, onuñ süydünden getirip,olaryñ üstüne sepseñ, jana gelerler. Akmaýa adam görse iyyändir, südüni almak añsat däldir.Ýöne köşegi hamrakdyr, ol kömek berer"- diýär.

Akpamyk düýe saglanda deriden bolan ýanlik alyp akmaýanyñ ugruny gözläp ýola düşýär. Bir gün akmaýanyñ köşegini tapýar. Köşek Akpamygy görüp, oynap, bökjekläp ýanyna gelýär. Akpamygyñ yüzünden-gözünden siypap, gerek zadyny aýtýar.

Köşek:

- "Bolýar,ýöne enem bilse, ikimizi hem iýer, sen meniñ goltugumyñ aşagyna giyrip, tüýe gafsanyp bar, men emip ýanlyga guýaryn"- diýär. Düýeleriñ garyn we goltuk aşagynda köp tüy bolýar.

Akpamyk:

- "Bolýar"- diýip, köşiegiñ tüyne gafsanyp oturýar.

Köşek enesiniñ ýanyna baran mahaly akmaýa:

- "Adam iysy bar"- diýär.

"Enejan, adam näme iyşlesin?!"- diýip köşek ýalbaransoñ, akmaýa emdirip başlaýar. Akpamygyñ ýanlygy dolansoñ, köşek usullyk bilen, aýrylyp, otlan bolup, arany açyp ugraýar. Akmaýa-da bir zada şek edip,köşegiñ izindan seredýär Köşek otlan bolup, Akpamygyñ atynyñ ýanyna barýar. Akpamyk köşege "sag bol" diýip, süydi alyp gitýär. Akmaýa muny görüp, topulýar. Akpamyk ýetdirmeýär. Akmaýa köşegine bakyp:"gara daşlar bol sen balam"- diýip gargyş edýär. Köşgi şol ýerde daş bolup doñup galýar.

     Köşegi doñup galansoñ, Akmaýanyñ hem ol ýerde durasy gelmeýär, bu eden iyşine her näçe ökünse-de peydas degmändir. Emjegi bolsa süytden dolup, azary artypdyr. Ahyrsoxñ näderini bilmän, asmana göterilip gidenmiş. O1 asmanda köp wagtlap aýlanyp gezenmiş. Onuñ asmanda ýörän ýoluna bolsa, süydi seçilip gidenmiş, olaryñ her damjasy bir yyldyza öwrülenmiş, "akmaýanyn ýoly" diýilyän yyldyzlar hem şeydip döränmiş diýärler! Bu gürrün munda galsin. Yndi habary Akpamykdan alaýly.

  Akpamyk akmaýanyñ süydüni getirip, doganlarynyñ süñklerini ýerbe-ýer goyupdyr, emma biriniñ ýagyrnysynyñ süñküni tapmandyr, ony döw çeynäpmi, nädipmi, garaz tapyp bilmändir. Akpamyk süñkleriñ üstüne süydi sepip, bir gara keçä dolapdyr. Birnäçe wagt geçenden soñ, doganlary asgyrşyp:

- "Aý, kän ýatypdyrys"- diýip, ýerlerinden galýarlar.

Akpamyk bulara hemme eden iyşini aýtýar. Doganlary  Akpamygyñ özleri üçin beyle çepa çekendigini bilip, ondan köp razy bolýarlar. Hemme doganlary bütiyn bolup, iñ kiçileriniñ ýagryrn süñküniñ biýisi kem bolupdir.

Ýedi dogan täzeden öñki ýaly awa çykýarlar. Akpamyk, olary öýerip, her haýsyna gelin alyp berýär. Doganlary, Akpamygy öñküdenem gawy görýärler.

Olaryñ aýallary: "Biziñ ärlermiz bizi Akpamykça görmeýärler, geliñ bir maslahat edeyliñ! '' diýärler .

  Yñ uly doganlarynyñ aýaly:

- "Geliñ, Akpamygy basyp, bogazyna, gurşun guýaýlyñ"-diýär.

Yn kiçi doganynyñ aýalyndan başgasy razy bolýar.

Akpamygyñ kiçi gelnejesi:

- "Beyle iyş etmek bolmaz"- diýip, garşy bolanda, başgalary:

  -"Señ hem bogazyña gurşun guýarys"- diýip, ony gorkuzypdyrlar.

   Bular Akpamygy basyp, bogazyna hem gulagyna gurşun guyýarlar. Akpamyk lal hem ker bolýar. Yñ kiçi gelenjesi bu iyşe goşulmaýar. Ýöne gorkusyndan hiç zat aýdyp bilmändir. Şondan soñ, Akpamyk gün gitdigiçe horlanyp başlaýar.

Doganlary:

- "Näme bolýar?"- diyseler hem Akpamyk jogap bermeýär.

Yñ uly gelnejesi:

-"Men Akpamyga näme bolynyny bilýärin, oña är gerek, yürejigine kär gerek"- diýär.

Agalary:- "Kimi halasa barsyn"- diýärler

kiçi gelnejesi: - "Muny bir akmaýa mündürip göýberiñ" diýär.

Doganlary bir akmaýany kejebeläp, bezäp, Akpamygy mündürip göýberýärler.

Şol wagtda padyşa bilen weziriñ ogullary awa çykanmyşlar. Görseler çölüstanyñ çetinden bir gara görünýär Gel-gel, üsti bezegli kejebeli maýa öz ugruna otlap ýör.

Padyşanyñ ogly:

- "Yçi meniñki"- diýär.

Weziriñ ogly:

- "Daşy meniñki"- diýär.

Ykisi at salyp barýarlar, görseler kejebäniñ içinde bir gyz bar, iyme-içme-de seret-de otur.

Bular baryp:

- "Aý, gyz, insmysyñ, cynsmysyñ dillen"- diýärler.

Jogap bolmandyr.?"Lal bolsa-da bolýar"-diýip, ony padyşanyñ ogly özüne aýal edýär. Aradan bir yyl geçýär.Olaryñ bir ogly bolýar. Bu oglan dörd-bäş ýaşýar. Akpamyk onda-da dil açmaýar.

Padyşanyñ ogly:

- Akpamyk-a sagaljak däl, gel, ýene bir aýal alaýyn-diýip gelin gözlemäge çykýar.

Akpamyk öz içinden:"bu betbagylyk hemme ýerde maña ziýan getirýär" diýip, gahary  gelip, çörek, zad bişirmän oturýar.

Akpamygyñ ogly   gelip:

- "Eje, çörek"- diýär.

Akpamyk geplemän, ogluna çörek hem bermän, gynanyp oturan. Ogly gahary gelip, ejesiniñ ýeñsesinden kakyp:" eje çörek diyän" diýip iteleýär welin, Akpamygyñ bogazyndaky gurşun ''lak'' edip gaçýar, şeydip onuñ dili açylýar.

Akpamyk:

- "Oglum, gulagyma-da bir ur!"- diýär.

Ogly gulagyna urýar, gulagyndaky hem gaçýar, gulagy hem açylýar."Beyleki gulagyma hem ur" diýär, ogly ol gulagyna  hem urýar, Akpamygyñ ol gulagundaky gurşun hem gaçyp, sag adam bolýar.

Padyşanyñ ogly hem bir aýal alyp gelýär. Bular gelen wagty Akpamyk süyt gaýnadyp oturanmyş, birden süyt çogup, gazanyñ daşyna dökülip başlaýar. Täze gelen gelin atyñ üstünden:

- "Akylsyz aýal, süyt döküldi !"- diýip, gygyrýar. Heniz gelip atdan düşmedik geliniñ beyle zäherli sözlerine Akpamyk:

Geline bak, geline,

Gele-gelmän diline,

Geler eýer gaşynda,

Gözi ojak başynda-

diýip jogap berýär.

   Şondan soñ şazadanyñ buyrugy bilen Akpamygyñ dili acylany üçin jar üstüne jar çekdirip, toy-tomaş etdirjegini bildirýär.Täze alan gelini atdan düşürmän iyzyna iyberip, Akpamyk bilen hoş ýaşaberýär.

   Akpamyk doganlarynyñ gelerine umytly bolup, ogluna altyn aşyk ýasap, aşygyñy atañda:

"- Akpamygyñ ogly men,

Ýekýagyrnyñ ýegeni men,

Altyn aşygym, alça gop,

Ýedi daýymyñ başy üçin,

Yñ kiçisi Baýramdyr,

Baýram daýym başy üçin,

Altyn sakgam, alça gon!"

Diýip, öwretýär.

   Yndi habary Akpamygyñ ýedi doganyndan alaýlyñ. Olaryñ iñ kiçisi Baýram:

-"Bize şeýle ýagşylyk eden doganymyzy düyä mündürip göýberdik, bu yyl ýedi yyl boldy, öldümi, barmy, biziñ habarmyz ýok, geliñ onuñ ugruna çykaýlyñ" diýär.

 Başgalar hem muny dogry bilip, ýedi doganyñ her haýsy bir şäherden başlap ugraýar.

Ýekýagyryn bir şähere barýar, bir tofar aşyk oynap ýören oglanlary görýär. Yçinde biyriniñ elinde altyn aşyk, ol her gezek atanda:

 

- Akpamygyñ ogly men,

Ýekýagyrnyñ ýegeni men,

Altyn aşygym, alça gop,

Ýedi daýymyñ başy üçin,

Yñ kiçisi Baýramdyr,

Baýram daýym başy üçin,

Altyn sakgam, alça gon!"

 

Diýär.

Ýekýagyryn bularyñ ýanyna gelip:

-" Aý, oglan, ýene bir aýt !"- diýär.

Akpamygyñ ogly ýene aşygy atyp:

 

- Akpamygyñ ogly men,

  Ýekýagyrnyñ ýegeni men,

  Altyn aşygym, alça gop,

                   Ýedi daýymyñ başy üçin,

                   Yñ kiçisi Baýramdyr,

                  Baýram daýym başy üçin,

 Altyn sakgam alça gop!"

 

Diýär welin, daýsy ony tanyp:

- Hany, oglum, ýöri öýünizi görkez- diýär.

Oglanyñ iyzyna düşüp baýar, Akpamyk doganyny görüp, begip, hal-ahwal soraşýarlar. Akpamyk başyndan geçenleri biyr-biyr aýdýar.

Dogany bu zatlary eşidip gaty geñ galyr. Ol bir näçe gün galyp, iyzyna gaýtmakçy bolýar. Akpamyk bir topar möý-möjek tutduryp, ýedi halta tikip, haltalaryñ altysyny möý, çyiýandan dolduryp, birine bolsa nohutly kişmişden dolduryp:

-" Şu altysy uly gelnejelerime, şuny hem iñ kiçi gelnejeme ber!"- diýip, nohutly kişmiş salnan haltany aýratyn görkezýär.

Baýram öz obasyna gelip, her aýala bir haltany berýär.

Aýallar:

- "Baldyzymyz sowgat iyberipdir"- diyşip, haltalara ellerini sokýarlar welin, ellerinden möý-çyýan çakyp, öldire getirýär. Yñ kiçi gelnejesi haltany açyp görse içi doly nohutly kişmiş diýär.

  Ýekýagyryn doganlaryny çagyryp, Akpamygyñ başyndan geçen günlerini aýdip berýär. Ýedi dogan:" Akpamagýa şeyden bolsalar, aýallarmyzy ýok etmeli"- diýip geñeşýärler.

Akpamyk doganlaryndan hoşhal bolup, rahat hem bagytly ýaşaberýär. Doganlary hem täzeden öýlenip, hamrak gelinler alyp maksat-myradlaryna ýetip, Akpamyk bilen baryş-geliş edip agzybirlikde ýaşap ýörler.