Habarlar

 

 Saýlawlardan öň iranda döreýän dartgynly ýagdaý 

Iranda reformaçy kandidatlaryñ parlament saýlawlaryna gatnaşmak meselesi dogrusyndaky dartgynlylyk dowam edýär
Prezident Hatemi eger konserwatorlaryñ (tamamiýethahlarzň) Sakçylar Şurasy (şuraýe negahban) reformaçy kandidatlary indiki aýdaky Parlament saýlawlara gatnaşmakdan mahrum edýän kararyny yatyrmasa¸ özüniñ iranyñ ýokary derejeli resmileriniñ köpçülikleýin wezipeden çekilmelerine yolbaşçylyk etmeginiñ mümkindigini nygtady. 85 çemesi reformaçy kanun mejlis wekilleri 3 günläp Parlamentde oturyp protest edýärler. Jemi 8 müňden köp adam öz kandidatlygny hödyrläpdiler.


Olar saýlanmaýan Sakçylar Şuranyñ 3 müñ çemesi kandidatlary Parlament saýlawyna gatnaşmakdan mahrum edýän kararyna närazylyk bildirýärler. Resmilere¸ ministrler we döwlet häkimleri girip¸ Hataminiñ ýaranlary eger reformaçy kandidatlara garşy gadaganlyklar ýatyrylmasa¸ işden gitjekdigi barada haýbat atjakdygyny bildirdi. Hataminiñ özüniñ we ýaranlarynyñ ýa bilelikde gider ýa-da bilelikde galar diýendigi habar berildi.

Sakçylar Şurasy öz kararynda berk durjakdygyny bildirdi. Onuñ metbugat wekili Şura basyşa boýun egmez diýipdir. Aýatolla Hamenei dartgynly dörän ýagdaýa goşulmagy söz berdi. Emma¸ ol yagdaýlary kanun kanallary arkaly çözmäge çagyrdy. Hamaeni eger gerekli bolsa meýdana gelip pikirni aýtajagni da aýdypdy. Ol soňy berlen maglumatlara görä Sakjylar şurasyndan gaýtadan kanditalary synamaklarny talap etdi.
 

baş sahypa