Turkmensahra |
ترکمنصحرا |
Dr. Araz Parwi? bilen söhbetde?ligi? 3-nji bölegi
Mahmut Ka?garly
kim?"Diwan Lugati't-Türk" nähili ktap?
TS. Ö?ki söhbetde?liklerde Mahmut Ka?garlyny?
bize miras goýan gymmatly eserine käbir salgylanmalar bolsa-da, gürrü? umuman
alymy? özi barada boldy. Bu gezek onu? eseri "Diwan Lugati't-Türk" barada gi?räk
maglumat beräýse?iz.
Söhbetde?ligi? ba?ynda aýdy?ymyz ýaly "Diwan Lugati't-Türk" nähili
kitap?
A.P. Mahmut Ka?garlyny
dilçilik hem ylym dünýäsine tanadan "Diwan Lugati't-Türk" türki dilleri? bir ensiklopedik
sözlügidir. Alym bu eserini, ö?ki söhbetde?likler-de hem aýdyp geçi?imiz ýaly,
1072 ýylda ýazmaga ba?lap, 1074-nji ýylda so?lapdyr. Ol muny Ka?garda ýazypdyrmy
ýa-da Bagdatda? Bu soraga kitaby? özünde berilýän jogap ýok. Ýöne köplenç ol Bagdatda
ýazylandyr diýen pikirden ugur alynýar.
Nirede hem bolsa,
"Diwan Lugati't-Türk" bir-iki ýyly? içinde ýazyp boljak kitap däl. Ozal aýdyp
geçi?imiz ýaly, Mahmut Ka?garly bu eserini ýazmak üçin ençeme ýyllap türki taýpalay?
arasyna birin-birin aýlanyp materiýal ýygnapdyr. Muny hem özi aýdýar. So? hem
bu materiýallary? üstünde i?läp, arap dilini? düzgünlerine görä tertibe salyp,
ony bir sözlük edipdir. "Diwan Lugati't-Türkü?" häzir dünýäde birje golýazmasy
bar. Ol hem türki halkary? bagtyna tötänden tapylan zat.
TS. "Diwan Lugati't-Türkde"
türki sözlere arap dilinde dü?ündiri? berilýändigini aýdypdy?yz. Onda takmynan
näçe söz bar?
A.P. Kitap 2 bölümden
durýar. Birinji bölümde türki dili? umumy ulany? düzgünleri barada arap okyjylaryna
maglumat berilýär. 2-nji bölüm hem mazmun taýdan gaty gi? ýedi mü? bä? ýüzden
artyk söz we söz düzümlerini öz içine alýar. Alym her bir sözi harplary? az-köplüne
görä, arapça bogun esasynda elipbiý tertibinde berip, sözleri? ulanyly? ýollaryny
doly bildirmek üçin berk sözlemler gurupdyr. Kä ýerlerde hem getirilýän söze degi?li
hikmetler, ata sözleri, gu?ak we ?ygyr ýaly seri?delerden peýdalanypdyr. Ka?garly
halk dilini, köne dil, ?eýle hem beýleki dil faktorlaryny bir bulak hökmünde ökdelik
bilen ýugrup beripdir.
TS. Kitaby? mazmuny
barada biraz durup geçsek. Alymy? türki halklary? taryhy, geografiýasy, çeper
edebiýaty hakda gi? maglumatlar berenligi aýdylár.
A.P. "Diwan Lugati't-Türkde"
okyjylar türki taýpalar bilen tany?dyrylyp, olary? taryhyna degi?li gymmatly maglumatlar
berilýär. Kitaby? ýazylan mahallary taryha yslam filosofiýasy nuktaýynazaryndan
baha bermek birinji orunda durýardy. Ýöne Mahmut Ka?garly bu dini-idea çäklendirmelere
garaman, bu halkara degi?li taryhy wakalary beýan edeninde ba?artdygyndan olary
bol?y ýaly edip bermäge synany?ypdyrr. Onu? aýdyp geçen ýagdaýlary arap, pars
syýhatçylaryny? ýatlamalaryna, Hytaý dilindäki taryhy kitaplarda bellenen käbir
wakalara ters gelenok-da, köplenç olary? bolup geçen ýerlerini anyklamaga kömek
bolýar. Eserlerini arap dilinde ýazan awtorlary? arasynda Mahmut Ka?garly Orta
Aziýa halklary dogrusynda berýän maglumatlaryny ýeke kitaplar däl, eýsem halk
arasyndaky janly faktlar ve rowaýatlar esasynda döreden ýeke-täk awtordyr.
Kitapda türki tire-taýpalary?
ýa?aýan ýerleri, aýratyn-da Garahanlylar topragy, ?eýle hem türki taýpalar bilen
go??y illere degi?li geografik atlary? tanymallary berilýär. Kähalatda hem bular
ýeke bir at hökmünde berilmän, eýsem käbir möhüm wakary? üsti bilen has içgin
aýdy?la?dyrylýar. Onu? dürli ?äherler barada berýän gysgaça maglumatlaryny? üsti
bilen biz ozal bilmeýän köp wakalarymyzy bilip galýarys.
Mysal üçin Mahmut
Ka?garly ?ol wagtlarda yslam dinine girmedik gündogar uýgurlary? uly ?äherlerini
birin-birin sanap geçýär. Aýratyn-da „Hakaniýe Ülkesini“ tanadanynda ýeke uly
?äherler däl, eýsem ownuk obalary, daglary we ýollary-da agzaýär. Yslam ýurtlaryna
degi?li maglumatlary ýazanda Ka?garlyny? arap-yslam materiýallaryndan peýdalanan
bolmagy mümkin. Ýöne türki halklary? ýa?aýan ýerleri, ylaýta-da Garahanlylar geografiýasy
barada berlen maglumatlary onu? özüni? toplandygyna ?übhe ýok.
Mahmut Ka?gary türki
halklary? ýurt edinen regiýonlaryny ýer ?ary dü?ünjesi boýunça çak bilen karta
edip çyzyp-da beripdir. Awtory? öz dili bilen aýdany?da „daire“ diýip atlandyrylan
bu karta Aziýany? ?ol döwre çenli düzülen i? kämil, i? gadymy kartasy bolup durýar.
Bu kartada daglar, de?izler, derýa we köller sada hem geometrik suratda ?ekillendirilip,
möhüm ?äherler we dürli milletleri? oturýan ýerleri görkezilýär.
Edebiýat barada
bolsa,, kitapda köp sözleri? a?ladýan manylary gi?leýin dü?ündirilip, edebi bölekler
beriýär. Bu edebi bölekler türki halklary? gadymy baý edebi mirasyny? ajaýp nusgalarydyr.
Türki halkar arasyndaky
Oguz Han, Afrasiýp ýaly gahrymanlar baradaky agy we öwgülerden Ka?garly bize az
hem bolsa, gaty gymmatly bölekler beripdir.
"Diwan Lugati't-Türkde"
dürli temalar hakda jemi 242 edebi bölek bar. Bu edebi bölekleri mazmun we ?ekil
taýdan 4 bölege bölmek mümkin. Birinjisi, dessanlar, ýagny Tangutlar bilen bolan
uru?, tire-taýpalary? özara çakny?yklary, musulman „türkler?“ din sebäpli
Uýgurlara „Tatlara“ gar?y alyp baran ýöri?leri, Türge?ler we Ýabagular bilen bolan
söwe?ler, Dokguz Oguz taýpalaryny? birliginde durýan uly taýpalary? özara o?u?mazlyklary
hakday dessanlardan bölekler. Ikinji, Alp Är Tu?a we ýene bir näbelli gahryman
hakdaky agylar. Üçünji, söýgi, zähmet, tebigat, watan, il-gün baradaky go?uklar.
Dördünji ?eraply meýlisler, awçylyk baradaky go?uklar. Bu go?uklary? käbiri gaty
irki zamanlary ýatladýar.
Kitapda berlen çu?
manyly sözler, ýagny hikmetler, nakyllar, ata sözleri 200-den ýokary. Bular dünýä
we durmu?a bolan garaýy?lary, uzak geçmi?däki jemgiýetçilik-ahlak kadalaryny ?öhlelendirýän
sözlerdir. ?eýle hem türki halklary? ?ol sanda türkmenleri?-de maddy we medeni
durmu?yna degi?li diýse? ähmiýetli maglumatlar bar.
Dr. Araz Parwi? bilen söhbetde?lik
Mahmut Ka?garly
kim?
Diwan Lugati't-Türk" nähili kitap?
2-nji
bölüm
1-nji
bölüm
|
|
استفاده از
مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد |
|
|