Dr. Araz Parwi? bilen söhbetde?ligi? 2-nji bölegi

Mahmut Ka?garly kim?"Diwan Lugati't-Türk" nähili ktap?

Turkmensahra

ترکمنصحرا

Dr. Araz Parwi? bilen söhbetde?ligi? 2-nji bölegi

Mahmut Ka?garly kim?"Diwan Lugati't-Türk" nähili ktap?

TS. Ö?ki söhbetde?likde Mahmut Ka?garlyny? doglan senesi agzalmady. ?u barada bir durup geçäýsek. Üstesine-de siz alymy? ýa?aýy?y barada dürli pikirleri? ýa rowaýatlary? bardygyny aýtdy?yz.

A.P. Bu onu? ýa?an döwri bilen baglany?ykly. Uýgur döwleti 9-njy asyry? ortalarynda çökeninden so? gurlan Garahanly döwleti 893-de Ka?gary paýtagt edinýär. 10-njy asyry? aýaklarnyda hem bu döwlet gi?äp ugraýar. Satuk Bugra Hany? döwründe Samanlylary? ba? ?äheri Buharany alýar. Bir rowaýata görä Mahmut Ka?garlyny? kakasy Huseýn Emir Tekin-de Samanlylardan türk illerini alypdyr.

Bu ýe?i?lerden son Garahanlylar Samanly medeniýetini? täsiri netijesinde yslam dinine girip ba?laýar. Bilni?i ýaly Satuk Bugra Han döwründe yslam dini döwleti? resmi dinine öwrülýär. ?eýlelikde ilkinji musulman türk döwleti hökmünde taryha giren Garahanly döwleti bolýar.

?ular ýaly bir özgeri?li döwürde önüp-ösen Mahmut Ka?garlyny? haçan dünýä inip, haçan dünýäden ötendigi barada anyk bir zat ýok. Ýöne ol 1008-nji ýylda doglup, 1100-njy ýylda hem aradan çykypdyr diýip çak edilýär.

TS. Onu? önüp-ösen ýeri barada hem alymlary? arasynda birlik ýoga me?zeýär.

A.P. Mahmut Ka?garlyny? atasy Muhammet, kakasy Huseýn Kasgary? demirgazyk gündogarynda ýerle?en Barsganly. Ol "Diwan Lugati't-Türk" kitabynda Barsgan barada maglumat berip: „Barsgan Afrasiýaby? ogluny? ady. Barsgan ?äherini ?ol gurdurypdyr. Bu Mahmudy? atasyny? ?äheridir….“ diýýär. Ýöne bu kitapda aýdylán käbir zatlardan ugur alyp, onu? özi-de Barsganda doglupdyr, çagalyk ýyllaryny Ili derýasyny? boýunda geçiripdir diýýen garaýy?-da bar. Bu garaýy?a görä onu? özüne Ka?garly diýmegini? sebäbi "Diwan Lugati't-Türkde" Hakaniýe (Garahanly) türkçesini esas edinendigi, Ka?gary? hem döwrü? möhüm medeni merkezlerini? biri bolanlygy.

Mahmut Ka?garda Satuk Bugra Hany? saldyran Sajiýe ve Hamidiýe medreselerinde okap, döwrü? astronomiýa, matematika we beýleki bilimlerini, ?eýle hem arap, pars dillerini öwrenýär. Ýöne onu? saýlap tutan esasy ugry türk dilini, onu? dürli diýalektlerini öwrenmek, bu ugurda i? alyp barmak bolýar.

Alym töwerekdäki türki taýpalary? hemmesine aýlanyp, olary? medeniýetlerini, halk döredijiligini öwrenmäge ba?laýar. Mahmudy? türki taýpalar bilen boýdan-ba? tany?dygy ge? zat däl. Sebäbi Garahanly topragynda ýa?aýan oguzlar we beýleki taýpalary? bolýan etraplaryny Mahmudy? atalary bolan emirleri? dolandyran bolmagy ähtimal. ?eýle bolsa, onda Mahmut türki taýpalary? diýalektleri bilen çagalykdan tany?.

Aýdyl?yna görä Mahmut Ka?garly kitabyny üçin dürli türki taýpalary? arasynda bolup 15 ýyllap material toplap gezipdir. Onu? Hakaniýe türkçesinden da?gary Oguz, Gypçak, Argu we Çigil ýaly diýalektleri-de pugta öwrenendigine ?übhe ýok. Onu? özi ?eýle diýýär: “men olary? ?äherdir sähralaryna ba?dan-aýak aýlandym. Türk, Türkmen, Oguz, Çigil, Ýagma, Gyrgyz taýpalaryny? sözlerini belläp çykyp, olardan peýdalandym. ?eýlelikde bu taýpalary? dilleri meni? ýüregime pugta orna?dy”.

TS. Mahmut Ka?garlyny? kitabyny ýazmak üçin ?unça zähmet çekip, ?unça material ýygnamagy onu? öz diline hem iline bolan guwanjyny görkezýär. Ýöne näme üçin ony türk dilinde ýazman, arap dilinde ýazypdyr? Bu ýerde yslam dinine girileninden so? Orta Asiýada arap medeniýetini? täsirini? artanlygy bir rol oýnadymykan?

A.P. Meni? pikrimçe kitaby? ýazylmaganda arap medeniýetini? roluny? bolandygy ?übesiz. Ýöne bil?imiz ýaly kitapda türki sözler getirilip, olary? arap dilindäki manylary berilýär. Türki halkara arap dili öwredilenok-da, araplara türk dili öwredilýär. Araplary? türk dilini öwrenmegini? olar üçin peýdalydygy hem açyk aýdylýar.

Arap medenýetini? täsirine gelsek, Garahanlylar yslam dinini kabul edeli aradan bir asyra golaý wagt geçenso? arap elipbiýi-de kabul edilýärler. Onso? bu elipbiý gadymy uýgur ýazuwy bilen bir hatarda ulanylyp ugraýar. Mysal üçin Garahanlylary? 1057-nji ýyldan beýläk çykyp ugran te??e pullarynda gadymy uýgur ýazuwy bilen birlikde arap ýazuwy-da bar. Garahanlylar döwründe ykdysady hem medeni durmu?y? gülläp ösmegi bilen birlikde ö?ki Dokguz Oguz däbi boýunça alnyp barylýan ylmy edebiýat-da güýjeýär.

Arap yslam imperiýasy güýçden dü?üp ugranso? bolsa, so?raky halyflar öz häkimligini söwe?je? milletlere daýanyp saklamaga, ?eýdip yslam imperiýasyny? at-abraýny goramaga synany?ýarlar. Halyfatlyk ilki horasanlylardan so? hem mawerannehirlilerden ýagny türki halklardan go?un edinýär. ?eýlelikde oguz türkmenleri topar-topar bolup, Yrak we ?am taraplaryna, Kiçi Asiýa göç edýärler. Imperiýany? günbatar böleginde türkmenleri? guran Seljuk döwleti onu? syýasy durmu?yna güýçli täsir edip ugraýar. Dura-bara arap halyfatlygynda wezir-wekillik, emir-serkerdelik türkmenleri? eline geçýär. ?eýdip halyfatlygy? i?ini ýöredýän türkmenler bolýar. Halyf bolsa, di?e dini ornyny saklap galýar.

Günbatarda imperiýany? yktysady gatna?yklary seljuklary? üsti bilen, gündogarda hem söwda gatna?yklary Garahanlylary? üsti bilen amala a?magy netijesinde halyfatlygy? yktysady jan-damary-da umuman türki halklary? eline geçýär. Bu ýagdaý bolmalysy ýaly, syýasy we medeni durmu?a-da täsir edýär. Imperiýany? günbatar we gündogarynda günsaýn halky? durmu?yna si?ip duran arap-yslam medeniýeti bilen birlikde türki halklary? gadymy medeniýeti-de örboýna galyp ba?laýar.

Araplary? häkim töwereklerine, syýasy, medeny i?gärlerine, ilaty? käbir böleklerine-de türki dili öwrenmegi bir zerurlyk halatyna getiren ?u syýasy, yktysady we medeni ?ertlerdi. Ka?garly aýtmy?laýyn “Derdini dü?ündirmek we türkleri? göwninden turmak üçin olara türk dilini öwerenmekden gowy ýol ýokdy”. “Türk dili arap dili bilen ýary?a çykan, iki at ýaly ba?a-ba? çapy?yp gelýärdi”.

TS. ?ol döwürlerde gurlan türki döwletleri? arasynda öz diline hem iline guwanan ýeke-täk Garahanlylar bolupdyr. Seljuklar bolsa öz dilini ösdürmegi? deregine pars diline gulluk edipdir. Munu? sebäbi hem olary? medeni derejesini? pes bolanlygy diýýänler bar.

A.P. Garahanlylar dogrudan-da Orta Asiýany? aristokratik we medeni mirasyny? uly bölegini gorap saklapdyr. Olar türk dilini ösdürip, gadymy uýgur ýazuwyny dowam etdiripdirler. Seljuklary? pars dilini ýazuw dili edinendigi dogry. Ýöne men olar öz medeniýetlerine guwanan däldir diýip piker edemok. Seljuklar ba?ga zady ileri tutupdyr. Gaznalylar-da ?eýle.  Olary? maksady hökümdarlygy, güýç-gudraty elden çykarman saklamak bolupdyr. Munu? üçin hem pragmatik ýoly tutup, pars, arap ýa türk diýmän kim bolsa ulanypdyrlar. Maksady? ?u bolandan so? ba?gaça hereket etmek, ýagny men türkleri? häkimi diýip-de, iki uly hem gýüçli milleti özü?e du?man etmek elbetde nädogry.

Dr. Araz Parwi? bilen söhbetde?ligi? 1-nji bölegi
Mahmut Ka?garly kim? Diwan Lugati't-Türk" nähili kitap?

استفاده از مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد