Turkmensahra |
ترکمنصحرا |
Dr. Araz Parwi? bilen söhbetde?lik
Mahmut Ka?garly
kim we"Diwan Lugati't-Türk" nähili kitap?
Türkmensahra: Mahmut Ka?garly
türki halklary? beýik alymy. Birle?en Milletleri?
magaryf, ylym we medeni i?ler boýunça guramasy UNESCO ony hormatlap, üstümizdäki
2008-nji ýyly Mahmut Ka?garlyny? ýyly diýip yglan etdi. Ýöne i?i? ge? tarapy bizi?
özümizi? bu alymy ýeterlik derejede tanamaýanlygymyz. Bizi? okuwly gatlagymyzy?
arasynda-da onu? adyny ?u wagta çenli e?itmedikler bar.
Araz Parwi?:
Howa, gynansak-da ýagdaý ?eýleräk. Ýöne mu?a ge? galasy zat ýok. Bizi? ýa?larymyzdaky
türkmenleri? hemmesi ýa Eýran ýa Owganystan ýa-da ö?ki Sowýet Türkmenistanynda
önüp-ösen adamlar. Bu ýurtlarda hem üstümizden höküm sürýänler bizi? öz geçmi?imizi
bilmegimizi, medeniýtimize baýlyk go?an alymlarymyzy ýa taryhy ?ahsiýetlerimizi
tanamagymyzy islemeýärdi. Munu? delilini hem Machiavelliden bäri bilmeýän yokdur.
Ýöne indi özba?dak döwlet hökmünde Türkmenistanda bu ýagdaý üýdgär diýen umydymyz
ýok däl.
Mahmut Ka?garly adyndan belli bol?y
ýaly Ka?garda önüp-ösen adam. Ka?gar hem onu? ýa?ap geçen döwri 11-nji asyrda
Garahanlylary? paýtagtydy, o?a Ordukent diýilýärdi. Bu ?äher ?ol bir wagty? özünde-de
Orta Asiýada ýokary dereje ösen medeniýet merkezlerini? biri bolup durýardy.
Alymy? ýa?aý?y hakda bilinýän zatlar
köp däl. Bular hem köplenç onu? "Diwan Lugati't-Türk" kitabynda göni ýa gytaklaýyn
berilýän maglumatlara esaslanylyp, kähalat hem çen-çak bilen aýdylýan zatlar.
Ol baradaky tapawutly pikirlere sebäp bolýan ?u.
Her niçik-de bolsa, onu? öz adyny?
Mahmut, kakasyny? adyny? Huseýn, atasyny? adyny? Muhammetdigi anyk. Ka?garly Türkistany?
han-beglerini? neslinden. Muny-da onu? özi aýdýar: “Bizi? atalarymyz bolan«???????»
,
«????» diýilmegini?
sebäbi ?u. Çünki Oguzlar “elip” harpyny “?”
harpyna öwürýärler. ?ol sebäpden Türk illerini Samanlylardan alan atamyza«????
???? » diýilýär”.
Ts: Mahmut Ka?garly
türki halklary? haýsyna degi?li? Bilni?i ýaly Türkiýe ony türk edip goýýar, Uýgurlar
o?a uýgur, Özbekler hem özbek diýýär. Biz-de türkmen dýýärsmi?
A.P: Mahmut Ka?garly
türki halklary? hemmesini? alymy. Meni? pikirimçe ony belli bir halka ýa taýpa
degi?li etmäge synany?mak, türki halkary? öz tarapyndan bolan halatynda, dar dü?ünjelilik
bolar. Ýöne onu? milletini kesgitlemek baradaky synany?yk alymlary? arasynda-da
ýok däl. Olar bu soragy Garahanly döwletini guranlary? üsti bilen çözmäge synany?ýar.
Hytaý dilindäki taryhy materiýallarda bu döwleti
guranlary? ady "Gök Art" diýip gelýär.
Ýöne Garahanlylary beýleki türki taýpalara degi?li
etjek bolýan alymlar bar. Käbirleri olar Tujue türklerinden diýse, käbirleri Uýgur
türklerinden, Ýagma türklerinden, Çigil türklerinden ýa-da Garluk-ýagma garymyndan
diýýär. Käbirleri hem „olar türkmenlerden” diýýär.
Ýagdaýy çyl?yrymla?dyrýan Garahanly imperiýasyna
degi?li taryhy bellikler we dil bilimi baradaky eserlerde bu hanlygy? haçan gurlandygy,
ony guranlary? kimlerdigi hakda berilýän bölek-biçik maglumatlar bolaýmasa, ba?ga
anyk zady? ýoklugy.
Bu ýerde bu hanlygy guranlar türkmenler
diýýän garaýy?y gy?gaça görkezip geçmek gyzykly bolsa gerek.
Hytaý taryhçysy Li ?u Huýi? pikiriçe
9-nji asyry? 20-nji ýyllarynda Garahanly döwletini? düýbüni tutan Oguzlary? Gynyk
taýpasy. Ol: “Gynyk taýpasy Garahanlylary? özenini emele getiren taýpa. Bilge
Köl Kadyrhan onu? ilkinji kaganydyr. So?raky kaganlar hem ?u taýpadan çykan” diýýär.
Li ?u Huý bu baradaky garaýy?laryny Mahmut Ka?garlyny? "Diwan Lugati't-Türkde"
berýän maglumatlary bilen delillendirip, onu? özüni?-de Oguzlardan bolandygyna
ynanýar.
Ts: Indi Ka?garlyny dünýä
me?hur eden "Diwan Lugati't-Türk" kitabyna geleli. Bu kitap haçan, näme üçin ýazylypdyr?
Ol nähili kitap?
A.P:
Mahmyt Ka?garlyny? “Diwan Lugati't-Türki” haçan ýazmaga ba?lanlygy barada belli
bir zady aýtmak kyn. Awtor kitaby? 1-nji tomunda türk müçe ýyllaryny dü?ündireninde:
“Bu kitaby ýazan ýylymyz dört ýüz altmy? altynjy ýyly? meherrem aýy bolup, ýylan
ýyly giripdi…” diýýär. Bu ?eýle bolsa, onda Mahmyt Ka?garlyny? hijri ýyl hasaby
bilen 466-njy ýyldan ö?räk bu kitaby ýazmaga ba?lan bolmagy ähtimal. Kitaby awtory?
golýazmasyndan göçürip alan Muhammet ibn Abi Bakri: “Kitaby? awtoryny? öz eli
bilen ýazan nusgasyny? so?undaky sözi edil bol?y ýaly edip aldym. Kitap 464-nji
ýyl jemadil owwal aýyny? ba?larynda ýazylmaga ba?lanyp, dört gezek gözden geçirilip
düzedilip, 466-njy ýyly? jemadil ahyr aýny? 10-nji güni du?enbe so?landy” diýýär.
Diýmek Mahmyt Ka?garly „Diwan Lugati't-Türki?“
1-nji nusgasyny hijri 464-466 (milady 1072-1074) ýyllarynda ýazyp tamamlap, hijri
467-nji (milady 1075) ýylda hem onu? üstüni ýetiripdir. Onso? Abbasly halyflaryny?
ýigrimi ýedinjisi, Jelaletdin Seljuklyny? ara go?ulmagy bilen tagtda oturan Abulkasym
Abdulla Mutedi Bella hödürläpdir.
„Diwan Lugati't-Türk“ ilkinji notbatda
araplara türk dilini öwretmek üçin yazylan sözlük. Ýöne bir adaty sözlük däl.
Ol ?ol bir wagty? özünde-de Garahanlylar döwründäki bütin türki halklary? yktysady,
medeni durmu?yny, ylym-magaryf, edebiýat-sungat ugurlarynda gazanan üstünliklerini,
häkimiýet, syýasat, döwleti dolandyrmaga bolan ba?arnyklaryny, filosofik-ahalk
dü?ünjelerini, däp-dessurlaryny baý dil seri?delerini? üsti bilen tanadýan bir
ensiklopediýadyr.
„ Diwan Lugati't-Türk “ mazmun taýdan
gaty gi? ýedi mü? bä? ýüzden artyk söz we söz düzümlerini öz içine alýar. Awtor
her bir sözi harplary? az-köplüne görä, arapça bogun esasynda elipbiý tertibinde
berip, sözleri? ulanyly? ýollaryny doly bildirmek üçin berk sözlemler gurupdyr.
Kä ýerlerde hem getirilýän söze degi?li hikmetler, ata sözleri, gu?ak we ?ygyr
ýaly seri?delerden peýdalanypdyr.
Ts: Bu kitaby? araplara
türk dilini öwretmek üçin yazylandygyny aýtdy?yz. Araplara bu dili öwrenmek nämä
gerek bolduka?
A.P:
Ol döwürlerde yslam dünýäsine häkim türklerdi. Yslam älemini? gündogar çeti Garahanlylary?
elinde, günbatara hem höküm sürýän Seljuklar, türkmenlerdi. Bagdatda islänini
halyf edip tagtda oturdýan, islemedigini hem tagtdan dü?ürýän Seljuklardy. Onso?
türk dilini öwrenme zeruriýeti döreýär. Mahmut Ka?garly ?ol gerekligi doldurmaga
synany?ýar.
Ts: “Diwan Lugati't-Türkde” türkmenler hakda
name maglumatlar bar?
A.P: Beýleki türki taýpalar bilen de?äni?de
onda türkmenler barada berilýän maglumatlar hemmeden köpräk bolsa gerek. Oguzça
sözler diýip häli-?indi hatarla?dyrylýan sözlerden hem-de mysallardan da?gary
Oguzlar, olary? 22 taýpasy mallaryna urulýan tagmalary bilen birlikde birin-birin
sanalyp, gi? maglumatlar berilýär. Ýene-de türkmen sözüni? nireden gelip çykanlygy
barada Zulkarnaýn bilen baglany?ykda uzyn rowaýat bar.
|
|
استفاده از
مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد |
|
|