<address align="center"> <font color="#FF0000"><span style="font-style: normal; font-weight: 700">Akmýrat Gürgenli Tarýh ýlýmlarý? kandidatý</span></font></address> <address align="center"> <span style="font-weight: 700; font-style: normal"> <font size="5" face="Times New Roman"><font color="#000080">?kinji jahan ur?unyñ Türkmen halkyna salan ýarasy</font><br> </font><font face="Times New Roman">(1941-1945)</font></span></address>
 Turkmensahra

  ترکمنصحرا

Akmýrat Gürgenli Tarýh ýlýmlarý? kandidatý
?kinji jahan ur?unyñ Türkmen halkyna salan ýarasy
(1941-1945)


1941–45-nji ýalynly ýyllary... ol ýyllar bütin SSSR-de bolu?y kimin Türkmenistan we Türkmen halkynyñ taryhynda sönmez yz, öçmez tyg-ýara galdyrdy. SSSR halklary fa?istik hitlerçileri ýeñmek üçin 20 million ynsan pydasyny berdi. Türkmenistandan jemi 800 müñden gowrak adamynyñ ur?a gatnaçandygyny görkezilýär. Eger ?olardan azyndan 2/3 böleginiñ heläk bolandygyny çen etsek, onda Türkmenistanyñ uru?da çeken ýitgisi ýarym million adama barabar bolýar. Bu Türkmenistanyñ jemi ilatynyñ tas 1/3-ne golaýynyñ ur?uñ gurbany bolandygyny añladýar. Her bir Türkmen ma?galadan ur?a gidenlerden ortaça 1-2 hatta 3 adamynyñ gaýdyp gelmändigini nazara alsak onda ur?uñ salan ýaralary aýdyñ göz öñüne gelýär.
Eýsem bu gandökü?iklik kim üçin, näme üçin edildi? Ol Stalin üçinmi? Sowet häkimiýetini goramak üçinmi? Watan üçinmi edildi? Ba?gaça aýtsak, bu ur? Sowet taryhynda aýdyl?y ýaly «Beýik Watançylyk ur?y» boldumy? Ýa-da Sowet häkimiýeti özüni gutarmak üçin oña ba? urdumy? Ýa-da «iki at depi?er, arasynda e?ek öler» diýlen ata sözleri ýaly iki totalitar diktatura we iki diktator aralygynda baran ur?da, halklar öz ýigrenýän rejimlerini goramak üçin pyda edildimi?
1939-njy ýylyñ awgustynda Sowet-German paktini/ylala?ygyny bagla?an Stalin, Hitler bilen özara ýaranlykda 39-njy ýylda Pol?any 4 gezek paýla?dy, kiçijik Finlandiýa gar?y agressiýa ur?uny etdi, Ruminiýanyñ bir bölegi bolan Bessarabiýany we Bukowinany basyp aldy. 1940-njy ýylda gara?syz Pri-Baltika döwletlerini zor bilen SSSR-e go?up aldy. Hitler Germaniýasy bilen dildüw?iklikde dünýäni «täsir edi? sferalaryna» bölü?mek boýunça söwdala?yldy. 1939–40-njy ýylda Berlinde SSSR-iñ da?ary i?ler ministeri Molotow bilen Germaniýaly kärde?i Ribbentrop arasynda bolan ýa?ryn geple?iklerde, Stalynyñ, Balkanlarda, Türkiýäniñ suw bogazlary barasynda we Kawkaz bilen araçäklerinde ýer we täsir zonalary boýunça ?eýle-de Eýranda we Hindistanda Britan imperýasynyñ kloniýallaryny bölü?mek boýunça talaplaryny goýdy.
1939–40-njy ýyllarda Ýewropada ba?lanan ikinji dünýä ur?unda 2 ýyla golaý SSSR «bitarap» galan bolsa-da, hakykat ýüzünde Stalin çig mal, nebit we beýleki önümler bilen Hitler Germaniýasyny goldap geldi we onuñ Fransiýanyñ üstünden ýeñi?ini gutlady. ?onlukda ozal ba?da SSSR, anti-Hitler koalisýasynda däl-de, eýsem Hitler Germaniýasy bilen bir lagerde durýardy. Emma iki diktator, iki «Serdar» dünýäni böle?ip bilmediler we biri-birini aldajak boldular. ?onlukda 1941-nji ýylyñ 22-nji iýulynda fa?istik Germaniýanyñ «Serdary» Hitler ähdiýalanlyk bilen öz ýarany SSSR-iñ üstüne çozdy.
Stalin bu barada öñünden edilen anyk duýdury?lara ynanmady we oña gulak asmady. ?onda ur?uñ ilkinji hepdelerinde näme etjegini bilmän, aljyrady. Hitleriñ go?unlary ur?uñ alty aýynyñ içinde SSSR-iñ Ýewropa böleginiñ köpüsini eýeläp, Pri-Baltika ýurtlaryny, Ukraina, Belorussiýany a?yp, Moskwanyñ eteklerine çenli baryp ýetdi.
Gyzyl go?unyñ hatarynda söwe?ýän Türkmen esgerleriniñ-de sany az däldi. Türkmenistan diñe esger däl-de, eýsem ur?uñ arkasynda tyl hökmümde fronta maddy kömegi gaýgyrman ýetirip durdy, ýurtda açlyk höküm sürse-de «Hemma zat front üçin, hemme zat ýeñi? üçin» ?ygary astynda tonnalap-tonnalap azyk-imit, 7400 kg töweregi altyn-kümü?, 170 million manat pul we beýleki gymmat bahaly zatlar fronta iberildi. Atçylyk diwiziýa üçin müñläp-müñläp tohum atlar ur?a iberildi, olaryñ hemmesi diýen ýaly, edil eýeleri ýaly ojaklaryna dolanyp gelmediler.

«Hemma zat front üçin, hemme zat ýeñi? üçin!»

A?gabat ?äherinde fronta sowgat berilen pul we altyn-kümü?i kabul edýän edara
(TSE)

2-nji jahan ur?unda näçe Türkmeniñ pida bolandygy barada henize çenli resmi maglumat ýaýradylman gelýär. Bu barada ne Sowet döwründe, ne-de Gara?syzlyk ýyllarynda barlag i?i alnyp barylmady. Ýöne çak edil?ine görä 50 müñden gowrak Türkmen fa?sitik Germaniýany ýok etmek üçin gurban bolup, ?onça-da maýyp bolup ýurda dolanyp geldiler. Ýüzlerçe Türkmen ýesir dü?ýär, ýöne Staliniñ: «bizde ýesir ýok, diñe dönükler bar» diýen permanyndan howatyrlanan ýesirler, hatta ur? tamam bolandan soñam, öz öýlerine dolanyp bilmeýärler. Olardan tanaýanymlardan doganlar Aman we Gurt Berdimyradowlar, Herrikgaladan Allamyrat Halmyradow, Gökdepeden Myrat Täçmyradow, Garrygaladan Gurban (Remezan Familýasyny bilmedim) we ... ?eýle-de Eýran Türkmenleriniñ görünki alymy, Türkmenistanda we Leningratda ýokary ylym alan Ahmat Ahundow Gürgenli-de 2-nji jahan ur?a gatna?yp, fa?istik Germaniýany ýeñmek ugrunda gurban boldy.

«Hiç zat unudylmaz, hiç kim unudylmaz»

 


استفاده از مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد