Turkmensahra |
ترکمنصحرا |
Akmyrat Gürgenli
GoliA@rferl.org
????? ????? ????????? ?????
Türkmen intellegentsiýasyñ
?u günki ýagdaýyna syýn
«Eger bizi ýedi
gat ýere gömseñiz almaza öwrüleris,
eger-de bizi kül-owram
etseñiz, ýyldyzlara dönüp, dünýä ýagty saçarys.»
Eme Sezer. Afrikan
?ahyry
Jemgiýeti herekete
getierýänligi üçin syýasy adalgada/terminologiýada intellegentsiýa “lokomotiv”
hökmünde baha berilýär. Biziñ intellegentsiýamyz ?eýle baha mynasyp bolup bildilermi?
Olar boýunlaryna dü?ýän agyr ýükden habarlymyka, iliñ-günüñ öñe gitmegine, täze
menzillere a?magyna ýardam edip bilýärlermi? Ýa-da halkyñ arkasyna “hopba” bolup,
iliñ ger?ini ýagyr edip
gelýärlermi? Biz bu makalada
Türkmen integellentsiýasynyñ geçmi? ýoluna ser salmaga syýnan?ýarys.
Näme üçin Türkmen
intellegentsiýasy
öz syýasy hereketini/partiýasyny
döredip bilmediler ?
Ýakyn taryhymyzda ylaýta-da
Orsýetde we Eýranda öwrüli? nokat hasaplanýan «konistitutsiýon revolutsiýasy/
me?rute ynkylaby» Türkmen topragyna-da gelip ýetdi. A?gabatda we Kümü?depede emele
gelen ?ertlerden peýdalanan öñde baryjy güýçler Türkmen halkynyñ ýagty geljegi
ugrunda göre?e giri?diler. Mugallým Muhammetguly Atabaýev A?gabatda «Roozname-ýe
mavera-ýe Hazar» gazetine redaktorlyk etmek bilen halkyñ dünýäde bolup geçýän
waklarardan ylaýta-da 1-nji jahan ur?una gatna?maga mejbur edilen Türkmenler barada
maglumat bermek bilen öz halkynyñ gözýetiminiñ ösmeginde uly rol oýnady. Edil
?ol döwürde Gürgen ýaýlasynda Kümü?depede, Bä?ýusgada, Omçaly ýaly ilatly ýerlerde
Eýranda barýan ynkylaby hereketiñ täsiriniñ artmagy netijesinde Osman ahun,
Rejep ahun, Annajan ahun Ýaraly ýaly öñde barjy Türkmenler öz halkynyñ bähbidini
goramak ugrunda billerini gu?adylar. Bu hereketleriñ netijesinde 1924-nji ýylda
Türkmenistan Sovet Sosýalistik Respublikasynyñ (TSSR) hem-de Türkmensähra jemhuriýetiniñ
düýbi tutulýar.
?ondan soñra bu iki milli
hereket özbolu?ly akym bilen akmaga mejbur edilýär. TSSR Moskvanyñ penjesine dü?ýär,
Türkmensähra jemhuriýetini bolsa Britanlaryñ dikmesi Yrza ?ah gana çaýkaýar.
Biz bu wakalaryñ
jikme-jigine girmek islämizok, sebäbi ol bir makala sygmaýar. Esasy belläp geçmek
isleýän meselämiz bu hereketlerde intellegentsiýamyzyñ halkymyzyñ peýdasyna oýnan
roly hakynda. Mysal üçin ?ol döwürde äzerbegjanlylar, Kafkazdan gelýän ynkylaby
tolkunlardan ylham alyp «Sosýal Demokrat» ýaly öz syýasy partiýalaryny esaslandyr
magy ba?ardylar. Emma biziñ Türkmenlerimiz Türkmenistanda bolup geçýän revolutsiýon
hereketlerden täsir alyp bilmediler-elbetde munuñ ýene-de özüne mahsus sebäpleri
bar, ?eýlelik bilen Türkmensähraly Türkmen intellegentsiýasy kürtler ýa-da äzeriler
ýaly özlerine degi?li syýasy partiýany döredip bilmediler. Muña sebäp bolan esasy
zat, Yrza ?anyñ Türkmensährany gana çaýkap, olaryñ gözlerinde ot ýakandygy esasy
sebäp bolsa gerek.
1944-nji ýylda Eýranda
Gyzyl go?unyñ saýasynda dörän atmosferadan peýdalanyp, parslar «Tudeh» partiýasy
esaslandyrýarlar. Özlerini sosýal-demokrat we azçylykda ýa?aýan halklaryñ tarapdary
saýyp, olaryñ isleglerini-de ?ygar arkaly beýan eden bu partiýanyñ hataryna
Gaýyp Bähelke, Sapar Ensary, Nurmuhammet A?yrpur...ýaly Türkmen intellegentsiýasy
topar-topar bolup girdiler. Ýöne bu pursatdan peýdalanyp bilmedik Türkmen liderleri,
Tudeh partiýa «lepbeý aga» diýmekden ba?ga roly oýnap bilmediler.
1950-nji ýyllardan
soñra Eýranda SAVAK(rejimiñ ynkylaby hereketlere gar?y ýörite gullugy
??????
????? ? ??????? ????) azatedi? hereketlere go?ulýanlary
berk darap ba?lady. ?ol döwürde partizanlyk hereketler bilen Mämetreza ?anyñ rejimini
agdarmak ugrunda göre? alyp baran «Halkyñ Fedaýylary» we «Halkyñ Mujahidleri»
diýen gizlin hereketler esaslandy. Universitetlerde okap ýören Türkmen studentleri
bu toparlar bilen tany?yp, olar bilen gatna?yp, azda-kände olaryñ bu ideýasyny
Türkmenleriñ arasynda ýaýyp ba?ladylar. ?anyñ howpsuzlyk gullugy bu hereketiñ
köküne palta urmak maksady bilen 1971-nji ýylda 20-den gowrak Türkmen intellegentsiýasyny
tussag edip, gyýnag astyna çekdi. Türkmenleriñ medeni ugurlardaky hereketleri,
ylaýta-da Türkmenistandan ýarym gizlin getirilýän gazet-jurnallar bilen dowam
etdi. Elbetde ol ne?irlerde syýasatdan habar ýokdy, diñe ene diliñ ösmeginde kömek
etdi diýýämeseñ, olarda revelutsiýon ideýalardan nam-ny?an ýokdy. Mysal üçin Eýranyñ
çäginde ýa?aýan Türkmenleriñ milli azatedi? hereketine, olaryñ avtonomiýa ugrundaky
talaplaryna nädip ýardam bermeli diýen garaýy?lardan damja eser ýokdy. Esasan
Eýran bilen SSSR Türkmen halkyny öz penjesinde gysyp saklamakda birmeñze? syýasaty
alyp geldiler.
1979-nji ýylda Eýranda
monarhiýa rejimi agdarylýança Türkmenler özlerine degi?li syýasy hereketi esaslandyryp
bilmediler. Diñe ?a tagytdan agdarylndan soñra Türkmenleriñ intellegetsiýa wekilleri
?ol sandan ?irmuhammet Tumaç, Hajytuwak Wahedi, Abdulhekim Magtym we
Söýün Jürjäni...dagy «Medeni we Syýasy Ojak» diýen hereketi döretdiler.
Muña bir söz bilen Türkmenleriñ ilkinji milli-syýasy guramsy diýip aýtsa bolýar.
Biraz soñra ekerançylyk ýerleriñ daýhanlaryñ arasyna paýlanmak meselesi, feodallaryñ
basyp alan ýerlerini gaýtaryp daýhanlara alyp bermek we ýer-suwda reforma geçirmek
ýaly çäreleri guramaçylykly amala a?yrmak üçin «oba ?uralar», olary bir ýere birigdirýän
«daýhan birle?igi- it-tihadiýe rustaýy
???????
???????» we bularyñ hemmesiniñ bir merkezden dolandyrylmagy
üçin «?uralaryñ merkezi kargähi
???? ?????
??????? ?????????» diýen sosýo-ykdysady gurama esalandyryldy.
Ýöne mör-möjek ýaly çyrpyn?yp ýören fedaýylar bu hereketleri haýal edmän öz ellerine
almagy ba?ardylar, ony mazmundan bo?adyp, öz syýasy bähbitlerine öwürdiler. Muña
Türkmen intellegentsiýasynyñ gözýetimiñ darlygy, olaryñ ýoñ bolup gelýän agzalalyk
keseli, fedaýylaryñ kö?günde ýokary wezipelere eýe bolmak isleýänleriñ hyýanaty
sebäp boldy. Avanturist Fedaýylar öz syýasy teoriýalaryny syýnagdan geçirmek üçin
Türkmensährany laberatoriýa, Türkmen halkyny bolsa laberatoriýa ?yçany hökmünde
ulandylar. Bu syýnagda feadaýylaryñ «gany arassa bolman, olaryñ kesellidigi aýan
boldy, ýöne olar öz keselini bütin Türkmensähra ýaýradyp, Türkmen intellegentsiýasyna
bula?dyrdylar, ahyrky netijede bir topar goç-goç ýigitlerimiziñ ölümine sebäp
boldular.
1978-nji ýylyñ 26-njy
martynda/6 ferverdin 1358 we 1979-njy ýylyñ 11-nji fevralynda/ 22 behmen 1358-da
Eýran yslam rejimi iki gezek Türkmen topragyny gana çaýkady. 100-den gowrak halkymyzy
?ehit etdi. Rejimiñ ganly penjesine dü?en ýok edildi, sürgüne iberildi, dü?mejek
bolanlar bolsa da?ary ýurtlara, esasan-da Sovet Türkmenistana sygyndylar. Bu syýgynma
prossesi 1983-nji ýyldan ba?lap 1999-njy ýyla çenli dowam etdi. ?eýlelik bilen
1924-nji ýylda Osman ahunyñ ýolba?çylygyndaky hereket basylyp ýatyrlandan soñra
TSSR-e ba?lanan bosgunlyk hereketi, 1945-nji ýylda Tudeh partiýasynyñ basylyp
ýatyrylmagy netijesinde ýene-de dowam etdi, 1983-nji ýylda bolsa ýene bir gezek
gaýtalandy.
Bosa-bosluk eden Türkmensähraly
Türkmenler da?ary ýurtda-da Fedaýylaryñ duzagyndan halas bolup bilmediler. Duzaga
dü?en bu Türkmenleri ellerinden sypdyrmajak bolup olar: «siziñ azatlygyñyz, bütün
eýranlylaryñ azat bolmagy netijesinde hasyl bolar», «ýa?asyn eýran halkynyñ göre?jeñ
ogul-gyýzlary»... diýen ?ygarlary öñe sürüp, bu Türkmenleri öz gullaryna öwürip,
mañkurtla?dyrdylar. Türkmenistanda-da parslar Türkmensähraly Türkmenlere agalyk
etdiler, sebäbi öz Türkmen iline-gününe kem göz bilen garaýan käbir Türkmenler,
fedaýylara öz halkyndan köp hormat goýýardylar.
?eýdip ýene-de «Medeni
we Syýasy Ojak» Fedaýylaryñ oýnawajyna öwrüldi we bu ýagdaýy 1986-njy ýyla çenly
dowam etdi. ?ondan soñra özba?yna hereket etmeli diýen Türkmen topary bilen Fedaýylardan
göbeklerini kesip bilmedikleriñ arasyna tow dü?di we ol henize çenli dowam edip
gelýär.
Biri çykypde: «Ne bu toparyñ,
ne-de ol tarapyñ aýdýanlary dogry, M.S.O/ KANUN kyýn ?ertde, agyr pursatda, onçakly
oýlan?ykly bolmadyk ýagdaýda döredilipdi, ?oña göra munuñ ýerine ähli Türkmen
intellegentsiýasy, esasan-da bosgunlykda ýörenler geliñ “Bosgunlykdaky Türkmen
Demokrat Partiýasyny” ýa-da ?oña meñze? syýasy topar döredeýliñ.» diýmeýär,
diýýän bar bolsa-da oña gulak asylmaýar. Gaýtam «Medeni we Syýasy Ojagy»,
«Medeni–Syýasy» ojagyñ dürli görnü?däki ýazyl?ynyñ üstünde uly goh-galmagal
turuzylýar, “Ojagy” edil “Ependiñ ýorganyna” öwrüp, hersi bir çetinden çekip,
ony diýdýärler.
Häzirki höküm sürüp gelýän
ýagdaý biziñ intellegentsiýamyzyñ gözgyny, ejizligini ýagdaýyny ýene bir gezek
aç-açan subut etdi. Bir söz bilen aýdylandan obýektiv hem subýektiv sebäplere
görä Türkmen intellegentsiýasy öz milli-syýasy guramasyny döredip bilmedi ýa-da
döretmäge oña pursat berilmedi.
Birek-birege
çydam edip bilmedik,
toleranssyz
integellentsiýamyz
Gündogaryñ beýleki halklar
ýaly biz Türkmenler-de gyzmaç millet. Ozal gürläp, aýtjak zadymyzy aýdyp soñra
oýlanýarys. Biz Türkmenler örän tiz duýgulanýan, gyzy?y ýaly, tiz gahary ýata?an
adamlar bolmaly. Elbetde beýle edim-gylymlar hakynda psihiki alymlar anyk maglumatlary
aýdyp biler, biziñki diñe göze ilýärn we durmu?da özüni görkezip gelýän ýagdaýlardan
ugur alyp bir zat aýytmak.
Garaz, biziñ Türkmen intellegentsiýamyzyñ
arasynda ?eýle bir gyzmaçlyk, ?eýle bir men-menlik, pañlyk, beýlekilerden öñ wezipä
dyrma?mak ýaly köp ýaramaz häsýetler ýaýrap kök urdy. Hemme zady özi bilermen,
beýlekilere ynamsyzlyk, ýeke-mezeklik/individuallyk, toparlaýyn/kollektiv herekete
kem baha bermek olaryñ oñaýsyz taraplarydyr.
?eýle keselden saplanyp
bilen ýagdaýynda, ?ahsy bähbitden milli bähbidi öñde goýan ýagdaýynda Türkmen
intellegentsiýasy boýun alan il garamatyny maksada ýetirip biler, ýogsa ba?da
agzap geçi?imiz ýaly, iliñ boýnuna hopba bolmakdan ba?ga zada ýaramaz.
Meniñ pikrimçe biziñ intellegentsiýamyz
özleriniñ haýsy ugra, haýsy maksada doly hyzmat edýändigine doly göz ýetirip bilen
ýagdaýynda negativ häsýetlerden da?la?yp biler. Gyýnansagam biziñkiler nirä
barýandyklaryny, nämä gulluk edýändiklerini özleri-de bilenoklar. “Türkmen-Türkmen”
diýip, bir topary fedaýylaryñ, ba?ga bir topary bolsa beýleki bir pars toparyñ
guluna öwrülip, olara “ak ýürek” bilen hyzmat! edýändiklerini duýman ýörler.
Türkmen intellegentsiýasynyñ
iñ uly keçiligi öz taryhyndan, milli däp-dessurlaryndan iñ ýamany ene dilinden
habarsyzlygy ondan ?ermendeligidir. Olaryñ bir topary Ýefram han ermenini, Ysmaýyl
han Semitgo kürdi, Kolenel Pesýany, Miraza Küçek hany, baryp Afrikadaky Nelson
Mandellany, Latin Amerikadaky Çegovarany düýp-tür?egi bilen tanaýarlar-has dogrusy
olara oñat tanadyplar, emma Muhammetgulý Atabaýevi, Gaýgysyz Atabaýevi, Nedirbaý
Aýtakovy, Arazmuhammet Wepaýevy, Küm?aly Böriýevi, Allaguly Garahanovy, Abdulhekim
Gulmuhammedovy, Annadoltan Kekilovany, Paýzy Orazovy, Osman ahuny, Güllidag ?iri
Meredaly batyry, Annageldy Ajy, A?yr Kütini, Çopan serdary... tanamaýarlar,
hatta atlaryny hem e?iden bolmaly däl. Ýogsa ýokarda agzalan bu Türkmenler Stanlinçilik
ýa-da pähleviçilik rejimine gar?y göre?de gurban bolupdylar. Biziñkiler öz milli
taryhyny öwrenmäge syýnan?yp, bu gerçekleriñ göre? ýoly bilen tany? bolan ýagdaýynda
özlerine dolanyp, öz halkynyñ bähbidini gorap bilerler diýip çak edýäris. Edil
?onda intellegentsiýamyz bir ten, bir jan bolup, bir-birlerini göz göreji ýaly
söýerler, gorarlar hem syýlap hormatlarlar, ba?gaça aýdylanda «Bir çukura tüýkürerler».
Milli
mentalitetden,
ata-baba
identitetinden da?la?an intellegentsiýamyz
Geñ galmaly, diýseñ geñ
galmaly, biziñ “intellegentsiýamyz” öz ba?armadyk, ba?armaýarn we ba?aryp bilmän
gelýän i?lerini, boýun agyr borçlaryny, ýüklerini ba?galaryñ üstüne atmagy gowý
öwrenipdirler. Olar ýokardan buýruk beriji komada düzgünden, sistemada da?la?yp,
ondan el üzüp bilmän gelýändiklerini her bir ädimlerinde, sözlerine aç-açan görkezýärler.
?ntellegentsiýa
gatlagy bir tarapdan ene dilimize eýe çykmaly, milli kimligimizi, identitetimiz,
barlygymyzy goramaly diýýärler, aýry tarapdan bar güýji, “jany-teni” bilen Türkmen
diliniñ köküne palta urup gelýän pars diline we medeniýetine gulluk edip, olaryñ
dilinde gürleýärler, olaryñ dilinde ýazýarlar, muny görüp haýran galyp, otrup-oturyp
geñ galyp, näme diýjegiñi bilenok. Kä?ki bular gödek söz bilen aýdylanda maýmyn
ýaly bu üýkünmäniñ howpuny bilmeýän adamlar bolsady, bilýänleri “doñuz beter”
bilýärler. Biziñ dilimiziñ, medeniýetimiziñ niresi parslaryñkydan pes diýesiñ
gelýär. Baryp 15-njy asyrda alym Aly?ir Nowaýy «Muhakimet ul logateýin
?????? ????????
diýen eserinde Türki diliniñ pars dilinden üstündigini, söze baý dildigini subut
etdi. Pars dilçileri ?ondan bäri muña jogap berip bilmän gelýärler, dogrusy näme
jogap bersinler, hak söze jogap bolarmy? Bu zatlary bilip, bir tarapdan «aý, el
çeksene näme etseler ?ony etsinler-de, gepe-ha gulak asanoklar, goý, pälleri ýolda?lary
bolsun» diýesiñ gelýär, aýry tarapdan internet ýaly seri?delerden giýñ köpçülige
ýüzlenýändigini nazara alyp, olaryñ ile-güne hyzmat etmeýändiklerini görüp sesiñi
çykarmanam bolanok.
Golaýda Kümmetgowuzda «Türk-Türkmen»
dili konferensiýada çyky? eden Ýüsüp S, pars dili we medeniýetiniñ agalyk
edýän atmosferasynda Türkmen dilinde çyky? edip, ene mähri bilen bada?an ene dilimize
abanýan apatlary hakyndan gyzykly gürrüñ berdi. Ýüsüp S. çyky?ynda ?vetsiýada
ene dilinde okajak bosgunlara ?ol döwletiñ mümkinçilik berýändigini jaý ýerinde
belleýär, ýöne edil ?eýle açyk jemgiýetlerde, Ýevropanyñ dürli döwletlerinde öz
ene dillerine buýsanyp, ene dilinde ýazmaga mümkinçiligiñ bar bolan döwletlerde
ýa?aýan we özlerini «Türkmen halkynyñ milli hak-hukuklaryny goýajylary» hökmünde
agyzlarynda a? gatykladýanlar, dermanlyk üçin ene dillerinde ýekeje gezek-de çyky?
edmän gelýärler. Belki olar ba?arýandyr däldirler?! Pars dili bilen alynjak gala
bar bolsa alynardy. Biziñ çorba çykan syýasatçylarymyz baryp 40-50 ýyldan bäri
pars dilinde nutuk edip, märeke-meýlisde bu dilde doklad edip geldiler we gelýärler.
?ndi ýeter, has bolmanda halkara dillerde inglisçe, almança, fransuzça çyky?
ediñ. Aý howa-da pars diline gulluk edip, ba?ga dilleri öwrenmäge elleri ýeten
däldir-dä.
Günä
kimde?
Biziñ intellegentsiýamiz öz
ene dilinde okap, ýazyp bilmeseler, «gara maýak» halkdan nämä gara?maly diýýänler-de
bar. Men bu mesele-de ba?gaça oýlanýaryn, oba ýerlerine baryp görüñ, ol ýerde
“pars medeniýeti” diýen mikroba ýoka?madyk, ýugrulmadyk, ene-atalarymyz arassa
Türkmençe gürläp, bir topar men diýen intellektuallarymyzy gaýra oturdýarlar,
sag bolsunlar, uzak ýa?asynlar.
Biziñ Türkmen intellegentsiýamyzyñ
ata-baba medeniýetlerinden da?la?yp, hatta Türkmençe ýazyp ýa-da okap bilmeýäniniñ
sebäbi näme, munuñ günäkäri kim? Agalyk ediji pars dilinde hatly-sowatly bokandyklary
üçin, ene dilden mahrum galandyklaryny öñe sürmekleri mümkin. Meniñ pikrimçe bu
hakykatyñ barysy däl-de, ýarysy. Sebäbi öwrenmäge hemi?e pursat bar. Pars mekdebine
gitmän, Türkmençe go?gy-gazallary düzen ?ahyrlarymyz azmy? Bag?y Annamuhammet
Kötügi ýakeje klasda parsça okamandy emma onuñ batly sesi bilen aýdan «Dostlar!
biziñ illerimiziñ merdanadar ýigitleri», «Daglar gümmürlendi» diýen aýdymlaryny
e?ideñde, ?eýle bir ruhlanýarsyñ, arzu-hyýallaryñ ?eýle bir ganatlanýar welin,
añyrsy ýok. Müñ sany syýasy propagandany ündeýän makaladan güýçli bu jadyly sesler.
Halypa Gazak Pañ, Nazarly Mehjuby ýalylar, öz döwründe ol ýa-da bu syýasy
partiýanyñ- has dogrusy gula öwrürýän pars guramalrynyñ hatarynda göre?en Türkmenlerden
kän-kän, öz halkyna hyzmat etdiler we myras galdyran ajaýyp eserleri, simfoniýalary
bilen bizi jadylap gelýärler. Emma mysal üçin “Tuda” partiýasynyñ hatarynda göre?en,
heniz aramyzda ýa?ap ýören ýa-da dünýälerini täzelän bir topar ýa?ullarymyz, ýa?
nesile haýsy bir buýsandyryjy zady miras galdyrdylar, ilimizi galkyndyryp biljek
haýsy hyzmaty etdiler, haýsy zady ýadigär galdyrdylar?
Kämahal gaharymyz gelip: «30
ýyllap Türkenistanda bolup geldiler, kelam agyz ?ol ýerdäki hakykatlar barada
dil ýarmadylar, ýa? nesiliñ SSSR baradaky hyýalbentliginden halas bolmaga damja
kömek etmediler» diýip, ozalky bosgunlara, ýa?ullarymyza ýüzlenýäris.
Ýene-de agzap geçmeli
esasy bir mesele-de syýasy hereketlere ýolba?çylyk edýän käbirleriñ gypynç edmän
özlerini «eýran Türkmenleriniñ ... guramasy», «eýranly Türkmenler» diýmekleri.
Bular nädip öz topraklaryny, öz halkyny eýranyky diýip bilýärlerkä?! Has üwläp-çydap
bilmeseñiz «?lerki Türkmenistan», bolmanda häzirlikçe «Türkmensähra» diýiñ bir
ahyry.
Öz halkynyñ medeniýetinden
da?la?an, öz ene dilinde gürläp bilmeýän, Türkmençe ýazyp bilmeýän “intellegentlere”-de
?eýle ajy ykbalyñ gar?ýanlygy iküjsizdyr.
Hiçden
giç ýag?y !
Da?ary ýurtlarda Türkmenler
tarapyndan ýola goýlan internet site-larda ýerle?dirilýän materiallarynyñ 95%-den
gowragy pars dilinde, ýurduñ içinde bolsa tas 100% ?eýleräk. Ýurduñ içindäkilere
diñe bir zat diýesim gelýär: «Eger ene diliñde ýazyp bilmeýän bolsañyz, ýa-da
ýazdyrmaýan bolsalar, onda pars dilinde ýazyp, bu dile hyzmat etmeñizi bes ediñ.
Siziñ pars dilini reklama etmegiñiz halkymyza zyýan bermekden ba?ga zat däl. Siziñ
pars dilinde azap edip taýýarlaýan we pars dilinde ne?ir edýän maglumatlary parslar
okaýandyr oýdýäñizmi? Kä?ki maglumatlaryñyzy mysal üçin inglis dilinde taýýarlasadyñyz,
?onda rejimiñ Türkmenleri ezip horlap geli?i barada halkara hukuk goraýjy guramlar
habarly bolardy, belki ile-güne peýdasy ýeterdi.
Ýurt da?ynda internet
ýa-da weblag-lar arkaly halkymyzyñ beýnisini zäherleýänleriñ günäsi, ýurduñ içindäkilerden
köp bolsa köpdür, az däldir, sebäbi bular özlerini syýasy aktivistler, polit/syýasy
emigrantlar diýip her iki sözde dö?lerine kakyp, tum?uklaryny depä tutýarlar.
?oña görä bularyñ bizi ezip aýak astynda alyp gelýän pars diline we medeniýetine
bile-bile edýän “hyzmatlaryna” halkymyz öz wagtynda gerekli jogaby berer diýen
tama hem-de dogrudanam balyk ba?yndan porsaýan eken diýmek bilen sözümi
jemleýärin.
Parag ?äheri
1-nji maý 2007.ý
|
|
استفاده از
مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد |
|
|