<address style="line-height:150%" align="center"> <span style="font-style: normal; font-weight: 700" lang="TR"> <font color="#FF0000">Akmyrat Gürgenli</font></span></address> <address align="center" style="line-height: 150%"> <span lang="TR" style="font-style: normal; font-weight: 700"> <font size="5" color="#000080">Bu ýyl Göteborge hakyky Nowruz geldi !</font></span></address>
 Turkmensahra

  ترکمنصحرا

Akmyrat Gürgenli
Bu ýyl Göteborge hakyky Nowruz geldi !


   Türkmensähranyñ ajaýyp ?ahyry, halkymyzyñ ajy günlerini süýji günlerini deñ paýla?an, ?ahyr ýüregi ençeme agyr ýüklere döz gelen «Sawçy» lakamly Settar Sowgynyñ Göteborge çagyrylmagy diýseñ taryhy waka boldy. ?u sebäpli ?vetsýanyñ bu ?äherinde hereket edýän «Türkmenleriñ Medeni Ojagyny» tüýs ýürekden gutlasym gelýär.
   ?ahýryrymyzñ bu ýerde ýa?aýan Türkmenler bilen du?u?magy bir tarapdan onuñ dünýä garaý?yny hasam giñelder diýen umydymyz bolsa, aýry tarapdan Ýewropanyñ dürli ýurtlarynda ençeme ýyldan bäri Watan hasratynda ýören, aýralykdan bagyrlary köýük bolanlaryñ ýürek közüne biraz-da bolsa suw sepilen ýaly bolar. Sebäbi ?ahyrymyz Settar giýñ Sähramiziñ dürli künjeginden, ymgyr ýaýlarymyzden bizi gyzgyn salam getirendir. «Sawçynyñ» mundan ba?ga näme misiýasy, wezipesi bolup biler ahyryn!
    Ho? geldiñ, Sapa geldiñ zähmet ojagynda gaýnap bi?en, ajy günleriñ, süýji günleriñ perzenti Settar halypa!
 
   Ýene bir begendiriji, buýsandyrynjy habar-da, ýa? nesliñ bag?ysy Aramuhammet ?irmuhammedi bilen halypa sazanda, gyjakçy Ýüsüp diýbaýniñ hem onuñ parasatly ogly Jemalyñ Ýewropalay Türkmenleriñ arasyna gelmegi, aýdym-sazlary bilen olaryñ ojaklaryny, ýüreklerini ýylatmagydyr.
  Arazmuhammet bag?y uly özger?ige sebäp bold? diýsek hetden a?dygymyz däldir. Ol bag?ylyk diýen mukaddes sungatyñ ýa?laryñ arasynda ürç edip ýaýramagyna ýol açdy. Bag?ymyz aýdymlaryñ sözlerini dogry aýtmak bilen täzelik üstüne ýene bir täzelik go?dy, biz muña gaty buýsanýarys. Ýoluñ açyk bolsun, Ornuña eýe bolgun bag?ymyz Arazmuhammet!
 
  Emma halypa Ýüsüp aga! Siz hakynda näme diýip, näme ýazjagymy bilemok. Siziñ baryp garañkylygyñ, nadanlygyñ höküm sürýän pählewi ?anyñ döwründe, köpleriñ parsça aýdym-saza meýillendirilýän zamanasynda, Sährämizde Türkmen aýdyn-sazynyñ ýañlanmagynda bitiren hyzmatyñyz, eden i?leriñiz sanardan köpdir. Ho? geldiñ, Sapa geldiñ Ýüsüp haypa! ýa? Jemal ! Ýoluñyz açyk, i?iñiz rowaç bolsun.
 
    Skandiviýaniñ sowuk Göteborg ?äheri! Giñden açk gujagyñy, ynha saña Türkmen sährasyndan mylaýym hem ýyly duýguly ägirtlerimiz geldi.
 
Prag ?äheri
20. 03. 2007


استفاده از مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد