Turkmensahra |
ترکمنصحرا |
TÜRKMENISTANYÑ
”AGZYBIRLIK” DEMOKRATIK HALK HEREKETI
GÖKDEPE
GALASYNYÑ SYNMAGYNYÑ WE
TÜRKMENISTANYÑ
KOLONIAL GARA?LYLYGA DÜ?MEGINIÑ ÝAS GÜNI
Gökdepe galasy 1881 ýylyñ 12-nji ýanwarynda
weýran edilýär. General Lomakiniñ ba?tutanlygyndaky birinji çozu?lary ?owsuz gutaran
rus basybalyjylary bu masgaraçylykdan çykmak üçin 1880 ýylda ikinji gezek Türkmen
topragyna çozup girýärler. Bu gezek rus go?unlaryna agressivlikde we rehimsizlikde
rus-türk ur?unda ýakasyny tanadan, ?öhratparaz we gedem general Skobelev ba?tutan
bellenýär. Ol öz ganhor paty?asynyñ ynamyny ödemek üçin hiç zatdan gaýtmajagyny
entek Peterburgdaka mälim edýär. Döwürde?leriniñ bellemegine görä, general Skobelev
türkmenleriñ Gökdepe galasyndan çykman, hemmesiniñ bir gala ýygnanyp, gorany?
ur?uny alyp barmagyny Hudaýdan diläpdir. Sebäbi ol rus paty?asynyñ go?unlarynyñ
türkmenleriñkiden has gowy ýaraglananlygyny oñat bilipdir we öz uzaga atýan agyr
toplaryny ulanyp bilseler, onda ýeñ?iñ hökman öz taraplarynda boljaklygyna ynanypdyr.
Döwürde?leriniñ ?aýatlyk etmegine görä,
general Skobelev Gökdepe galasyny gana gark etmegi we ?eýdibem ruslaryñ milli
gahrymanyna öwrülmegi arzuw edipdir. ?onuñ üçinem ol türkmenleriñ gaça uru?, ýagny
partizançylyk taktikasyny däl-de, gorany? usulyny saýlap almaklaryny isläpdir.
Çünki rus go?unlary özleriniñ ýarag taýdan artykmaçlyklaryny diñe galanyñ gar?ysyna
ulanyp biljekdiler. Eger-de türkmenler gaça uru? taktikasyny saýlap alsalar, onda
süýräp gelen köpsanly agyr toplarynyñ ruslara peýdasy degjek däldi. Üssesine-de
türkmenler gaça ur?a ökdediler.
Parasatly Hanmämmet atalyk bilen Orazmämmet
serdaryñ öwüt-ündewleri diñlenmän, Uly maslahatda rus go?unlary bilen uru?maly
diýlip karar edilensoñ, galanyñ goragynyñ ba?tutanlygy dört sany serdara ynanylsa-da,
gyzza-gyzza gelende, Gökdepe galasynyñ goragynyñ serkerdeligi alaman serdary Dykma
serdaryñ elinde jemlenýär. Ol uru?da ruslaryñ üstün geljek taktikasyny dowam etdirip,
galadan çymaly däl, ony soñky damja ganymyza çenli goramaly diýip, buýruk berýär.
General Skobeleve-de geregi ?ol eken, ol uzaga atýan agyr toplaryny edil galanyñ
alkymynda gurup, galany yzygiderli top okuna tutup ba?laýar. Netijede galadaky
ur?ujylardan we parahat ilatdan birnäçe müñüsi irginsiz ýagdyrylýan top oklarynyñ
gurbany bolýar. Gyssagara-da gazylan tümler (ýer döle) parahat ilaty top okundan
gorap bilmändir.
Agyr ýitgilere garamazdan, türkmenler
galany goramagy dowam etdiripdirler. Olaryñ gijeki duýdansyz hüjümleri bolsa,
basybalyjylaryñ hatarlarynda dowul döredipdir. Gijeki hüjümlere erkekler bilen
bir hatarda türkmen aýal-gyzlary-da gatna?ypdyrlar. Olaryñ käbiri bu söwe?lerde
gahrymanlarça wepat bolupdyrlar.
Gündizki aýgytly hüjümde türkmenler
bir gezek du?many agyr aljyraññylyga sezewar edýärler. ?onda olar ruslaryñ garymda
ýatan birinji hataryny çym-pytrak edip, olary gaçmaga mejbur edýärler. Bu söwe?de
türkmenler köp sanly ýarag olja alyp, üssesine-de Ap?eron polkunyñ söwe? baýdagyny-da
ele salýarlar. Söwe? baýdagyñy aldyrmak uru?da ýeñilmek bilen barabar masgaraçylyk
hasap edilýär.
Netijede ýüzbe-ýüz uru?da türkmenlerden
asgyn gelen rus go?unalry galany almak üçin harby hilegärlige ýüz urmaly
diýen karara gelýärler. Olar assyrynlyk bilen garym gazyp, galanyñ diwarynyñ düýbünde
ummasyz köp mukdarda däri goýýarlar. Galanyñ goragyna serkerdelik eden Dykma serdar
du?manyñ bu harby mekirligine dü?ünmändir, bu hilegärligiñ üstüni açyp, wagtynda
onuñ öñüni alyp bilmändir. Netijede 1881 ýylyñ 12-nji ýanwarynda basybalyjylar
galanyñ diwaryny partladyp, onuñ içine çozup giripdirler.
Söwe? aýlganç hem örän gandökü?ikli
bolupdyr. Basybalyjylar ululara-da, çagalara-da, aýal-gyzlara-da, garry-gurtulara-da
rehim etmändirler. Galany goraýjylar her bir öý ugrunda söwe?ip, ba? goýupdyrlar.
Türkmen ýigitleri edil aç arslan ýaly söwe?ipdirler. Olaryñ gahrymançylygyna,
gaýduwsyzlygyna du?manlaryñ özleri-de haýran galypdyrlar.
Emma gala ýarylansoñ onuñ içine çozup
giren san taýdan agdyk du?manyñ basy?y astynda parahat ilatyñ arasynda dowul döräpdir,
halk galany ta?lap, guma gaçypdyr. Du?manlar çakyr aýazly gy? güni dowla dü?üp,
gaçyp barýan eli çagaly naçarlary, garry-gurtulary, ýetginjekleri yzlaryndan ýetip,
gylyçdan we naýzadan geçiripdirler. Hiç kese rehim edilmändir. Harby taýdan asla
zerurlyk bolmasa-da, guma gaçyp barýan eli ýaragsyz, garawsyz ilaty 10-15 kilometr
yzarlap, gyryp gidipdirler. Bu wag?y kowga general Skobeleviñ hut özi ýolba?çylyk
edipdir. Onuñ gözi gandan doýmandyr. ?onuñ üçinem türkmenler oña ”gözi ganly general”
diýip at goýupdyrlar.
Gökdepe galasy goralan we soñra onuñ
ýykylan günleri aýylganç gyrgynçylygy öz gözleri bilen gören türkmenleriñ hem
ynsaply rus ofiserleriniñ galdyran ýatlamalaryndan, ?eýle-de Ahal topragynyñ ilatynyñ
uru?dan öñki we soñky sanyndan çen tutsañ, Gökdepe ur?unda 30 müñe golaý adamynyñ
wepat bolanlygyny çaklasa bolýar.
Uly gyrgynçylyga garamazdan, türkmenleriñ
Gökdepe galasyndaky görkezen gahrymançylygy taryhda ýitmejek yz galdyrýar. Gökdepe
söwe?i watana wepalylygyñ we gaýduwsyz batyrlygyñ simvolyna öwrülýär we Orta Azyýadan
has uzaklara ýaýraýar. Türkmenleriñ rus go?unlaryna berk gaýtawul berendikleri
hakyndaky habar hatda Europa çenli-de baryp ýetýär. ?onda alys Europanyñ paýtagtlarynda
ilkinji gezek bu gaýduwsyz halkyñ gahrymançylygy dogruda gürrüñ edilýär.
Gökdepe galasy synandan soñ Türkmen
topragynyñ doly basylyp alynmagyna giñ ýol açylypdyr. ?ondan üç ýyl geçensoñ,
türkmenleriñ harby taýdan ikinji güýçli merkezi hasap edilen Mary topragy-da basybalyjylara
gutarnykly boýun egdirilipdir. Marynyñ rus paty?asyna uru?syz boýun egmeginde
Nurberdi hanyñ aýaly, Marynyñ hany Güljemal han we ogly Magtymguly han uly rol
oýnapdyrlar. Gökdepe galasy goralýarka iñlisleriñ ozalky beren wadalaryny bozup,
türkmenlere harby kömek bermezligi-de Marynyñ Russiýanyñ düzümine meýletin girmegine
sebäp bolan syýasy ýagdaýlaryñ biridir. Türkmen han-begleri iñlisleriñ bo? wadalaryna
ynanmaklaryny bes edipdirler.
Hywa we lebap türkmenleri ondan has
ozal rus paty?asynyñ gulçulygyna dü?üpdirler. Çünki olar Hywa hanlygynyñ we Buhar
emirliginiñ düzüminde ruslara tabyn edilipdirler. Netije-de Gökdepe galasynyñ
ýykylmagy Türkmen topragynyñ doly kolonial gara?lylyga dü?megine getiripdir. Bu
elgaramalyk soñra 110 ýyllap dowam etdi. Gysgaça aýdanyñ-da, 1881 ýylyñ 12-nji
ýanwary türkmenleriñ erkiniñ syndyrylan günüdir.
Sovet döwründe Gökdepe galasynyñ synan
gününiñ ýasyny tutmak-da, galanyñ gahrymançylykly goralmagyny we tragiki ýagdaýda
synmgyny asla ýatlamak-da bolanokdy. Bu gadagandy. Diñe geçen asyryñ 80-nji ýyllarynyñ
ortasynda SSSR-de Üýtgedip gurmak syýasaty ba?lanansoñ, bu barada dil ýarmak mümkin
boldy. Ilkinji bolup bu meseläni Türkmenistanyñ ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketi
gozgady. Gökdepäniñ ýa?ululary we ýerli ilat bilen ylala?yp, ”Agzybirlik” 1990
ýylyñ 14-nji ýanwarynda ilkinji gezek Gökdepe galasynyñ synmagynyñ, türkmen topragynyñ
rus paty?asy tarapyndan basylyp alynmagynyñ Ýas gününi belledi. Ýas gününiñ 14-nji
ýanwarda geçirilse amatly boljakdygyny, ?onda häkimýetleriñ gadagan edenligine
garamazdan, ilatyñ Ýas gününe gatna?yp biljekligini Gökdepäniñ ýa?ululary salgy
berdiler. Sebäbi ol gün dynç günüdi.
Türkmenistanyñ kommunistik dikmeleriniñ
”Agzybirligiñ” bu döwletli ba?langyjyna di?-dyrnak gar?y çykmaklaryna garamazdan,
külli türkmen bu ba?langyjy goldady. 1990 ýylyñ 14-nji ýanwarynda Gökdepe galasyna
10 müñden gowrak adam ýygnandy. Türkmenler ?onda sovet häkimýeti ýyllary içinde
ilkinji gezek öz gahryman ata-babalarynyñ we türkmeniñ milli erkiniñ syndyrylmagynyñ
simvolyna öwrülen gahryman Gökdepe galasynyñ Ýas gününi bellediler, dogduk topragy
gorap wepat bolanlaryñ we nähak gyrgynçylyga uçradylanlaryñ ruhuna degsin etdiler,
olara hormat goýdular.
Bir ýyl soñra Türkmenistanyñ kommunistik
häkimýetleri ”Agzybirligiñ” ba?langyjyna eýe çykyp, bu senäni resmi taýdan bellemegi
girizdiler. Olary bu ädime iteren zat – aýaklarynyñ a?agyndan daýançlarynyñ gidip
barmagy we ”Agzybirligiñ” il içinde abraýynyñ göterilmegi boldy. Kommunistik häkimýetler
bu meselede: ”Eger-de hereketiñ öñüni alyp bolmasa, oña ýolba?çylyk et!” diýen
hilegär syýasatdan ugur aldylar.
Gökdepe galasynyñ synmagynyñ Ýas güni
?ondan soñ her ýylyñ 12-nji ýanwarynda bellenilýär. Ol külli türkmeniñ dogduk
topry gorap ba? goýan gahrymanlarynyñ hatyra gününe öwrüldi. Biz milli Ýas güni
mynasybetli ýag?y dilegler edýäris: Sadakalaryñyz kabul bolsun! Öten gahrymanlaryñ
ruhlary ?at bolsun! Goý, olar öz nesillerinden razy bolsunlar!
TÜRKMENISTANYÑ ”AGZYBIRLIK”
DEMOKRATIK HALK HEREKETI
|
|
استفاده از
مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد |
|
|