Turkmensahra

  ترکمنصحرا



Türkmenistanyñ demokratik güýçleriniñ 10-11 ýanwarda Wenada(Awstriýa) geçiriljek Konferensiýa-syna. Türkmenistanyñ Birle?en Demokratik Oppozisiýasynyñ türkmen halkyna, Türkmenistanyñ wagtlaýyn hökümetine we dünýäniñ demokratik jemgyýteçilgine
 
ýüzlenmesi
 
Türkmen halky örän çyl?yrymly döwri ba?yndan geçirýär we geljekki ösü? ýoluny saýlamak zerurlygy-nyñ öñünde dur.
Diktatoryñ aradan çykmagy bilen bize öz taryhymyzyñ gara we masgaraçylykly sahypasyny ýapmaga we adamzada mynasyp ýa?aýy? ?ertlerine, sivilizlenen jemgyýetçilik gatna?yklaryna dolanyp gelmäge mümkinçilik döredi.

Saparmyrat Nyýazovyñ ýurdy dolandyran soñky 15 ýylynyñ dowamynda Türkmenistanyñ her bir ýa?aý-jysy horluga we kemsidilmelere duçar edildi. Ýedi ýa?dan ýetmi? ýa?a chenli her bir adam diktaturanyñ zulmuny çekip geldi. Türkmen halky Nyýazovyñ düzgünleriniñ dowam etmegini, täze bir diktatoryñ ba?yna towky bolup inmegini islänok. Ol azatlygy we erkinligi küýseýär.

Emma Nyýazovyñ i?ini dowam etdirijiler bir adamyñ islegine görä köp gezek gaýtadan biçilen Ba? kanunymyza ýene el urup, Nyýazovyñ syýasatyna wepalydyklaryny jar etmek bilen biziñ halkymyzyñ juzuni j?lg?rtmajaga mengzejarler.

?ol bir wagtyñ özünde-de, halkyñ ýagdaýy ýene-de bir Nyýazovyñ zulmuny çekerden has agyr. ?onuñ üçinem wagtlaýyn hökümetiñ sagdyn pikir öwürmäge ukyply bölegine toparlaýyn shahs? bähbitlere gulluk etmekden we bir adamining høkmurowanligindan el çekip, demokratik reformalara ba?lamaga çagyrýarys! Eger-de ikijuzli syýasy oýunlar bes edilip, hakyky bäsle?ikli prezident saýlawlary geçirilse, onda bu ýurt üçinem, wagtlaýyn häkimýet üçinem örän uly we abraýly ish edildigi bolardy.

Eger öñdäki prezident saýlawlary Halkara düzgünlere görä geçirilse we Türkmenistanyñ grajadanlaryna islän adamlaryny saýlamak we saýlanmak hukugy berilse, demokratik türkmen oppozisiýasy bu ädimi ikelläp goldar.

Prezident saýlawlarynyñ demokratik esasda we Halkara normalara görä geçirilmegi ýurtda milli ylal-a?yga we grajdanlaryñ döwleti dolandyrmaga gatna?maklryna giñ ýol açyp biler. Eger saýlawlar demo-kratik ?ertlerde geçirilse, öz kandidatynyñ ýeñenligine ýa-da ýeñilenligine garamazdan, saýlaw-laryñ netijesine kajil boljakdigini Türkmenistanyñ Birle?en Demokratik Oppozisiýasy (TBDO) ?glan edýär. Biz türkmen jemgyýetinde svilizlenen gatna?yklaryñ ýol almagynyñ tarapynda.
Biz jynsparaz?k we adamzada ýigrençli gøz bilen garamak s?iasatlar?ndan ugurlardan bashga ähli dünýägaraýy?lara çydamlylyk bilen garaýarys, ?undan ötri nirede döredilenligine, nirede hasaba alnan-lygyna garamazdan, ähli partiýalaryñ öñdäki prezident saýlawlaryna gatna?dyrylmagyny hökmany hasap edýäris. Biz Türkmenistana parahatçylykly ýagdaýda, elimiz çörekli dolanyp barmak we ýurtda geçiriljek demokratiki özgeri?lere öz go?andymyzy go?mak isleýäris.

S.Nyýazovyñ ölümi bilen baglany?ykly bu günler Günbatar ýurtlarynda, Russiýada we Ukrainada Türkmenistandaky ýagdaý giñden geñe?ilýär. Ýöne hemmeler diýen ýaly Türkmenistandaky ýag-daýyñ üýtgewsiz galdyrylmagynyñ tarapyny çalýarlar. Bu ýurtlaryñ syýasatçylary we köpçülikleýin habar beri? seri?deleri türkmenleriñ hamana yzagalak halkdygy, olaryñ demokratiýa köñül bererden, oña dü?ünerden we gadyr goýardan uzakdadyklary dogruda bilimseklik bilen akyl satýarlar. ?onuñ üçinem olar Türkmenistanyñ täze ýolba?çylaryny goldamalydygyny, türkmen oppozisiýasynyñ bolsa diñe ýurdy bulamaga ukyply faktordygyny öñe sürýärler. Elbetde, biz olara dü?ünýäris. Olar öz bähbitlerine çapýarlar, olaryñ Türkmenistandaky bähbitleri bolsa kiçi-girim däl.

Biz ikiýüzli Günbatar syýasatçylaryna-da, ?ol sanda bu dartgynly günlerde öz hakyky ýüzüni gör-kezen rus we ukrain demokratsumaklaryna-da türkmen halkynyñ erkinligi tussaglykdan tapawutlan-dyryp bilýänligini, onuñ demokratiýa mynasyplygynyñ europa halklarynyñkydan, galyberse-de rus ýa ukrain halkynyñkydan pes däldigini ýatladyp goýýarys!

Bu gün Türkmenistandaky häkimlik ediji töwereklere we oppozision güýçlere türkmen topragynyñ geljeginiñ hatyrasyna özara syýasy ylala?yk gözlemeli pursat geldi. Biz Türkmenistanyñ halkyny agyr durmu?dan, garyplykdan, açlykdan, keselçilkden, ne?eke?likden, geljegimize howp salýan sowatsyz-lyk belasyndan gutarmak üçin ýurduñ häkimýetini we ähli oppozision güýçleri ?eýle syýasy ylala?ygy gözlemäge we tapmaga, ?eýle-de ony tizden-tiz durmu?a geçirmäge çagyrýarys!
 
TÜRKMENISTANYÑ BIRLE?EN DEMOKRATIK OPPOZISIÝASY
08.01.2007


استفاده از مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد