Ajy hakykatyñ bir kitaplyk gürrüñi
AJY HAKYKAT (6)
(Iki ýyl hökümetde. On üç ýyl oppozisiýada).
?sasy mesele - kadrlar meselesi
Da?ary i?ler ministrliginiñ iñ uly problemalarnyñ birisi kadrlar meselesidi. I?ini
bilýän adamlar juda azdy, ministrlige ýerle?jek bolýan adamlaryñ bolsa sany-sajagy
ýokdy. Ol adamlaryñ kimisi ”meni i?e al diýip”, özi gelýärdi, käbirleri “men seniñ
garynda?yñ” diýip gelýärdi, kimisi tany?-bil?iniñ üsti bilen gelýärdi, kimselerini
bolsa Nyýazowyñ özi teklip edýärdi. ?ol döwür men köp adamlary i?e alman, olaryñ
göwünlerine degipdim. Ministrlige i?e ýerle?mek üçin türkmen dilinde ýazyp hem
gürläp bilmekligi biz birinji ?ert edip goýupdyk, sebäbi türkmen dili döwlet dili
diýlip yglan edilip, hökümet ähli ýazuw-pozuw i?lerini türkmen dilinde alyp barmaklyk
kararyna gelipdi.
Men bu karara gara çynym bilen ynanyp, ony durmu?a geçirip ba?lapdym. ?ahyr Baýram
Jütdiew ?ol zaman meniñ ýanyma gelip, türkmen dilini ýag?y bilýän Annaguly Nurmämmedow
diý?n ýazyjy bar, ?ony özüñe kömekçi edip alsañ ministrligiñ ýazuw-pozuw i?lerine
ýarar diýip maslahat berdi. Men onuñ beren meslahatyny kabul etdim. Ol bir iki
aý meniñ kömekçim bolup i?ledi, soñra ol prezident Nyýazowyñ teklibi bilen Türkýä
ilçiniñ orunbasary edilip bellendi. Türkmen dilini döwlet dili etmek karary edil
beýleki köp kararlar ýaly il gözüne kabul edilip, ony ýerine ýetirmek üçin asla
kabul edilen karar bolman çykdy. Haýp meniñ bir giden adamlaryñ göwünlerine degenim.
Bu mynasybetli bolan bir wakany gürrüñ bereýin.
Men Annaguly Nurmämmedowa Türkmenistanyñ premýer-ministriniñ adyna bir hat taýarlamagy
tab?yrdym. Ol hat ?ol wagtlar türkmen dilinde ýazylyp, bir edaradan ba?ga bir
edara iberilen birinji hem iñ soñ?y hat bolupdy. Bilmedim, häzir ýagdaýyñ üýtgän
bolmagy ahmal. Hatyñ gideniniñ ertesi güni Nyýazow hökümet ýygnagynda maña garap:
“Awdy, sen indiden beýläk Han Ahmedowa hat ýazsañ ýa rusça ýaz, ýa-da bolmasa
türkmençe ýazan hatyñ ýany bilen onuñ rusça terjimesini hem iber. Ýogsam bolmasa
seniñ ýazan hatyña ne Han Ahmedowyñ özi dü?ünipdir, ne-de onyñ rus kömekçileri
dü?ünipdirler”, - diýdi. Bu sözler, elbetde, ak ýürekden aýdylan sözler bolman,
bir tarapdan Han Ahmedowyñ üstünden gülmek üçin aýdylan sözler bolsa, ba?ga bir
tarapdan Han Ahmedow ikimiziñ aramyza çöp atyp, biziñ aramyzda hemi?e ynamsyzlyk
bolar ýaly etmekdi.
Kadrlar meselesinde men prezident Nyýazowyñam raýyny ýykypdym. Ol birnäçe gezek
maña Ministrler Sowetiniñ i?lerini dolandyryjysynyñ orunbasary Hydyr Amany öz
orunbasaryñ edip i?e al diýip ýüz tutupdy, men i? hem da?ary ýurt dilini bilmeýän
adamyny ministrlige i?e almajakdygymy aýtdym. Edil ?eýle teklip bilen soñra maña
Nurgylyjow Nyýazgylyjam ýüz tutdy. Ol özüniñ Türkmenpotrebsoýuzdaky orunbasary
Garýagdy Baýsähedowy maña orunbasar edip aldyrtjak boldy. Men onuñam diýenini
ýañky getiren delilim sebäpli ret etdim.
Garýagdy Baýsähedow Nyýazow bilen göni gatna?ykda duran adamlaryñ biridi. Men
onuñ ?eýledigine Da?kentde geçen halkara du?u?ygynda göz ýetirdim. Ol döwür entek
da?ary ýurt harytlaryny satýan “Berezka” magazinleri bardy, ?olaryñ birisine girip
Baýsähedow Nyýazow üçin alýandygyny maña aýdyp, bir topar zatlar aldy. Indi seredip
otursam, bu edilen hereketler ?aña sapak bermek üçin edilen hereketler ?ken. Bir
ýere gidip, ýurda dolananyñda ýanyñ sowgatlyja dolan diýildigi eken. Hydyr Amany
ýa Baýsähedowy meniñ ýanyma go?makdan maksat bolsa meniñ özümi alyp bar?ym, aýdýan
zatlarym barada Nyýazowy habarly ?dip durmakdygyna men soñ-soñlar göz ýetirdim.
Bu Nyýazowyñ ýurdy dolandyrmakda ulanýan usullarnyñ esasysy bolup, onuñ peýdalanýan
ba?ga bir emeli bolsa golaý töweregindäkileriñ agyzlaryny alartmak, olary biri
birine gar?y goýmak, hat-da du?man etmek eken. ?ger sen öz kärde?leriñ birisi
bilen ýakynla?yp, dostlukly aragatna?yk saklap ba?lasañ, ol Nyýazowa ýakanok.
Derrew ol saña igenip ba?laýar, bahana arap, seniñ bol?uñdan, i?iñden kemçilikler
gözläp ba?laýar. Men ony Ata Çary ikimiziñ mysalymyzda gördüm.
Biz Ata Çary bilen dostla?yp, dynç alýan wagtlarmyz ýygy-ýygydan du?u?ardyk. Nyýazowy
biziñ ?eýle gatna?ykda bolmagmyz juda biynjalyk edýän eken. Ol birki gezek bu
barada maña “näme beýle çaý-suw içjek bahanasy bilen çöle köp çykýañyz?” – diýip,
duýdurypdam. Onuñ göwnüne biz hamala diýersiñ dildüwü?lik gurnajak bolýan bolup
görnen bolara çemeli. “Güman imandan aýrar” diýil?i ýaly, bu ?übhelerden soñ uzak
wagt geçmänkä Nyýazow Ata Çarynyñ da?yna çyzyk çekip ba?lady.
Ata Çary bilen Mary welaýatynyñ häkimi Gurban Orazy bäsle?dirip, olaryñ aralaryny
bozmak Nyýazowa ba?artdy. Gurban Oraz, haýsydyr bir ?eýtana özüni aldadyp, Nyýazowyñ
ýanyna baryp, Ata Çaryñ üstünden arz edipdir: hamala diýersiñ, Ata Çary Marydaky
öz tarapdarlaryna pul berip, Gurban Orazy häkimlikden bo?adyp, öz adamlaryndan
birisini häkim edip oturtjak bolupdyr.
Bu habaryñ Nyýazowdan ýa-da Gurban Orazdan çykanlygy belli däl, ýöne welin onuñ
Ata Çara berk urgy edilmek, ony abraýdan dü?ürmek maksadynyñ bolanlygy welin aýdyñ.
?o zaman Ata Çary hökümetde iñ bir i? bilýän, abraýly hem agyzly adam hökmünde
tanalýardy. Onuñ Moskwada-da, Orta Aziýa respublikalarnyñ ýolba?çylarynyñ arasynda-da
abraýy ulydy. ?u-da Nyýazowy ynjalykdan dü?ürýärdi. Umuman, syýasy elitanyñ içinde
mary topary diýlip tanalýan topardan Nyýazow öler ýaly gorkýardy hem olaryñ arasyna
“doñuz salmak” Nyýazowyñ edýän uly arzuwlarnyñ biridi. Ata Çary bilen Gurban Orazyñ
arasynda turan ?o gohdan soñ marylylaryñ arasyna hakykatdanam doñuz giren ýaly
boldy.
Nyýazow gara?syzlygyñ öñi syrasy hem ilkinji ýyllary ýeke-täk häkimligine howp
abandyryp biljek ýa-da dala? edip biljek güýçleri ýolundan aýyrmaklyga bar ünsüni
gönükdiripdi.
Onyñ ny?ana alan ?ahslaryndan ýene birisi ýurduñ premýer-ministri Han Ahmedow
bolupdy. ?ol wagtky hökümetiñ düzüminde Han Ahmedowy goldajak adamlar ýokarda-da,
a?akda-da, orta gürpde-de az däldi. Nyýazowyñ ýüregine wehim salyp, ony arkaýyn
ýatyrman biynjalyk edýän zat Han Ahmedowyñ Türkmenistanyñ ýokary sowetiniñ ba?lygy
Roza Bazarowa bilen garynda?lygy, Roza Bazarowanyñ bolsa Marynyñ häkimi Gurban
Orazow bilen ýakyn gatna?ykdadygydy. Soña baka Orazowyñ gyzy Bazarowanyñ ogluna
durmu?a çykypdy. Eger bular öz aralarynda dil düwü?seler, meni ornumda uzak oturtmazlar
diýip, iki garynda? ýokary wezipede bolmaly däl bahana bilen Nyýazow ilki Roza
Bazarowany parlamentiñ ba?lyklygyndan aýryp, da?ary ýurtlar bilen dostluk hem
medeniýet gatna?yklaryny saklaýan jemgyýetiñ ba?lygy edip belledi. Gurban Orazowyñ
derejesini bolsa tilki sapalaklaryny atyp, öz iñ ýakyn adamlarnyñ birisi hökmünde
beýgeltdi. Oni saýlaw komissiýasynyñ ba?lyklygyna-da belledi. Hiç bir hökümet
ýygnagy, ol kiçi bolsun ýa-da uly, hem hepde ahyrynda Nyýazowyñ golaý töwereginiñ
arasynda gurnalýan oturly?yklar Gurban Orazowsyz geçmeýärdi. Marynyñ häkimi bolsa-da
Gurban Orazow hemi?e diýen ýaly A?gabatdady, ýagny Nyýazowyñ göz hem elýeterindedi.
Nyýazowyñ eýmenen adamlaryndan ýene birisi Söýünow Nazar Toýlydy. Söýünow özünde
prezidentlik ambisiýasynyñ barlygyny ýa?yrybam duranokdy. Ol özba?dak döwlet bolmaklygyñ,
demokratiýanyñ ýoluna dü?mekligiñ gürrüñi edilip ugralandan ba?lap özüniñ prezident
ornuna ýurtda geçiriljek saýlawlara gatna?mak üçin taýýarlan programmasyny öz
tarapdarlary bolaýjak adamlaryñ arasynda ýaýradyp ba?lapdy. Ol adamlar, elbetde,
günbatarlylardy, ýagny ýomutlardy. Bu fakt Nyýazowy ynjalykdan gaçyrýardy. Ol
nädip Söýünowyñ uguny ýekeläp boljagynyñ pikirini edýärdi. Ol döwür Söýünow hökümetiñ
agzalygyndan çykarylypdy. Ol parlamentiñ deputatydy. Onuñ hökümete dolanyp barsam
diýen arzuwy da?yna çogup çykyp duransoñ, Nyýazowa onuñ bu gow?ak ýerinden tutmak
ba?artdy. Ol Söýünowa nebit-gaz ministri hem Prezident Sowetiniñ agzasy bolmaklygy
teklip etdi. Bu teklibiñ muzdy Söýünowyñ prezidentlik saýlawlaryna gatna?makdan
el çekmegi hem prezidentlige taýýarlan programmasyny ymykly unutmagy bolupdy.
?eýdip Nyýazow ýene bir bäsde?inden dyndy.
Bu üstünliklerden soñra Nyýazow ekezlenip, özüni ýurduñ tas ýeke-täk, doly ygtyýarly
hojaýny hökmünde duýup ba?lady. Dar töwereklerde geçirilýän hökümet ýygnaklarynda
Nyýazow haýsy ugur bilen gitmeli, döwleti nädip gurmaly diýen meseleleri orta
atýardy. Men Hytaýyñ barýan ýoluna dü?üp öz syýasatymyzy hem ykdysadyýetimizi
?oña garabyrak gurmaly diýen pikiri öñe sürýärdim. Ata Çaryýew “Galkyny?” ady
bilen öz milli partiýamyzy döredip, syýasy hem ykdysady taýdan milli bähbitlermizi
araýan syýasaty ýöretmegi öñe sürüpdi. Meniñ aýdýanlarym Ata Çaryýewiñ öñe sürýän
pikirleri bilen gabat gelýärdi. Söýünow Nazar Toýly bolsa biziñ aýdýanlarymyza
düýbünden gar?y çykyp, Türkmenistanyñ nebit-gaz ýataklaryny Günbatar döwletlerine,
hasam beter Amerikanyñ Birle?en ?tatlaryna konsessiýa bermekligiñ tarapynda çyky?
edýärdi. Ol eýýäm Türkmenistanyñ nebit-gaz mümkinçiliklerini prezentasiýa etmeklige
Birle?en ?tatlara, Hustona gitmek üçin taýynlyklar görýärdi. Bu sapara Söýünow
meniñ bilen gitmekçidi. Men oña razylyk bermämsoñ, ol Han Ahmedow bilen Amerika
baryp, Türkmenistanyñ energiýa mümkinçiliklerini prezentasiýa edipdi. Ol wagtlar
entek Sowet Soýuzy bardy hem Söýünowyñ bu missiýasyny merkeziñ nebit-gaz ministri,
ýalñy?maýan bolsam onuñ ady Kostandow, goldaýardy. Ol ministr milleti boýunça
ermenedi, onuñ ýerligi a?gabatlydy. Söýünowyñ orta atan meselesi boýunça bir gezek
A?gabada-da gelip gidipdi. Nyýazowa Söýünowyñ aýdýanlary ýaraýardy. Ata Çaryýew
ikimiz bolsa Söýünowyñ aýdýanlary bilen ylala?mandyk. Biz bu ugur bilen gitsek,
ilimizi agyr güne salarys, biziñ baýlyklarmyzy da?ary ýurtlylar towsa götererler
diýip, näçe aýtsagam Nyýazow biziñ gepimizi diñlemän, Söýünowyñ tarapyny çaldy.
|