Ajy hakykatyñ bir kitaplyk gürrüñi
AJY HAKYKAT (5)
(Iki ýyl hökümetde. On üç ýyl oppozisiýada).

Turkmensahra

ترکمنصحرا

Ajy hakykatyñ bir kitaplyk gürrüñi
AJY HAKYKAT (5)

(Iki ýyl hökümetde. On üç ýyl oppozisiýada).

Ata watan? dolany?. Ilkinji du?u?yklar türkmen resmilerinden Han Ahmedow – hökümet ba?tutany, Tuwakbibi Kulyewa – hökümet ba?tutanynyñ orunbasary dagylar bilen boldy. Olar meni güler ýüz bilen gar?y aldylar diýip biljek däl. Onuñ tersine meniñ niredendir bir ýerden olaryñ içinde peýda bolanyma ho?larynyñ gelmeýändigini olar maña her bir aýdan sözleri, ýüzleriniñ gymyldysy bilen duýdurdylar. Soñra men Nyýazow bilen du?u?dym. Ol ýerinden turup meni güler ýüz, mylakatly sözler bilen gar?y aldy. Nyýazow bilen bolan du?u?ykdan hem gürrüñden soñ men bir ganat baglap uçmadym. Ol göwnümi göterdi, i?e bolan höwesimi hasam artdyrdy. Nyýazow maña öz programmam, da?ary i?ler ministri hökmümde nämeler etmekçidigim barada parlamentde çyky? etmeli boljakdygymy, ?ol çyky? esasynda deputatlaryñ meniñ kandidaturamy tassyklajakdyklaryny aýtdy. Ol bu barada parlamentiñ da?ary i?ler boýunça komitetiniñ ba?lygy Žadan Aleksandr Nikolaýewiçe görkezme berendigini aýtdy. Soñra men Žadan bilen du?u?dym. Ol mende hiç hili oñaýly täsir galdyrmady. Da?yndan göräýmäge ol iýmek-içmekden ba?ga hemme zada biperwaý garaýan adama meñzeýärdi, ýöne weli hakykatda ol Nyýazowyñ hiç haçan “ýumulmaýan gözi” hem “gapylmaýan gulagy” bolmaly. Ýeriñ astynda ýylan gäwi?ese-de, ony Nyýazowa eltip berýän Žadan bolmaly. 1990-njy ýylyñ 24-nji maýynda da?ary i?ler ministrligine meniñ kandidaturam Türkmenistanyñ ýokary sowetiniñ sessiýasynda garaldy. Men oña taýýarlykly barypdym. Tribuna çykyp uzak bir söz sözlemedim. Ministrligiñ öñünde durýan esasy meseleleriñ has derwaýysynyñ kadrlar meseleleridigini aýdyp, oña uly üns beriljekdigine, ministrlikde hubbulwatan adamlaryñ i?lemelidigine deputatlaryñ ünsini çekdim. Meniñ bu sözlerim halk wekillerniñ göwünlerinden turdy öýdýän. Olar el çarpy?dylar hem meniñ kandidaturamy goldadylar. Bu, elbetde, meseläniñ dabaraly tarapy. Onuñ humary bir gün, iki gün dowam edip, soñra ýaty?ýar. Onuñ ornyny aladalar eýeleýär. Mende uly alada döredýän mesele turuwba?dan kadrlar meselesidi. Da?ary i?ler ministrliginde bu mesele beýleki ministrliklere garanyñda hasam beter içgysdyryjydy. Her zadam bolsa sowet döwletiniñ düzüminde Türkmenistan Respublika bolup, köp zatlary belli bir derejede özi amala a?yrýardy, ?ol sebäpden döwlet apparatynyñ köp ugurlary boýunça i?ini bilýän adamlar onçakly ýeterlik bolmasa-da, bardy. Bu meselä aýratyn üns berilmelidigini men ýurdyñ prezidenti bilen bolýan du?u?yklarda aram-aram ýatladardym. 1990-ynjy ýylda Sowet Soýuzynyñ uzak dowam etmejegi, basym dargajagy köpimize aýdyñ boldy. Ýurduñ içinde eden-etdilik höküm sürüp, i?ler “it eýesini, pi?ik bikesini tanamaz” ýaly derejelere baryp ýetdi. I? bilýän, kärine ökde adamlar ýurdy terk edip, yrsgallaryny da?ary ýurtlardan, hasam beter Günbatar döwletlerinden gözläp ba?ladylar. 1990 -1991–nji ýyllarda Türkmenistanyñ döwlet adamlary, ?ol sanda menem, Moskwa köp gatnapdyk, bir aýagmyz A?gabatda bolsa, beýleki aýagmyz hemi?e Moskwadady. O zaman bir zadyñ üstünde oýlany?ylýardy – näme etmeli, mundan beýläk nähili ýa?amaly, Sowet Soýuzyny nädip üýgetmeli? Onuñ öñki dur?una saklanmaly däldigine hem saklanyp bilmejekdigine hemmeler diýen ýaly dü?ünýärdi. Ony federatiw döwletligine galdyryp, içinde düýpli ykdysady hem syýasy reformalar geçirmelimi ýa-da bolmasa düýbünden täze ýoly saýlap alyp, konfederatiw döwlet gurmalymy? Ýa-da bolmasa birek birekden aýryly?yp, özba?dak döwlet bolup ýa?amalymy? Döwlet adamlarnyñ aralarynda bolýan du?u?yklarda esasan ?u meselelere garalýardy. ?ol wagtlar bu mesele barada halkyñ pikirini sorap, referendum hem geçirilipdi. Sowet Soýuzynyñ ilatynyñ aglabasy Sowet Soýuzynyñ saklanyp galmagyna ses beripdi. Ýöne ahyrynda halkyñ garaý?y alga alynmady, ýurda ýolba?çylyk ?dýän gatlak, esasanam ol gatlagyñ slawýan respublikalarynda, ýagny Orusýetde, Ukrainada hem Belarusýada oturan bölegi, Sowet Soýuzyny dargatmak kararyna geldiler. Belorussiýanyñ Belowež tokaýlygynda Ýelsiniñ (rus prezidenti), Krawçugyñ (ukrain prezidenti) hem ?u?kewiçiñ (belarus prezidenti) aralarynda 1991-nji ýylyñ awgustynda bolup geçen du?u?yklar Sowet Soýuzynyñ dargadylmagy barada gelnen ylala?yga gol çeki?mek bilen tamamlandy. Bu habar, ?eýleräk bir wakanyñ boljagyna gara?ylan hem bolsa, köpleri e?ekden ýykylan ýaly etdi. Ýurduñ birinji adamsy bolup oturan Nyýazowyñ ke?binde ?ol günler ullakan bir gala-gopluk, aljyraññylyk duýulmaýardy. Näme üçindir ol arkaýyndy, ýüregi suwlyjady, onuñ arkasynda ynamly bir güýjüñ bardygy duýulýardy. Biz slawýan respublikalarnyñ ýolba?çylarnyñ bu eden i?ine bizi kemsitmeklik, äsgermezlik hasap edip, munuñ gar?ysyna bir hereketler etmeli diýi?sek, Nyýazow howlukman, seresaplyk bilen gymyldamalydygyny aýdýardy. Nämäniñ nämedigi aýdyñla?ýança gymyldaman oturandan gowusy bolmaz diýip, Nyýazow biziñ jylawymyzdan çekýärdi hem Moskwadan gelýän telefon jañlarynyñ ählisine, hala ol Ýanaewden bolsun, hala onuñ gar?yda?laryndan, juda mylaýym, ýakymly ses bilen jogap berip, özüniñ iki tarapyñam tarapyndadygyny duýdurýardy. Umuman alanyñda bu ýerde geñ görüp oturasy bir zat bardyr öýdemok. Gow?ak tarap hemi?e güýçlileriñ arasynda turýan dawa go?ulman güýçlileriñ haýsynyñ rüstem gelerine gara?yp oturýar hem haýsy ezber bolsa ?ony goldaýar. Nyýazowam ?eýle etdi. Belki-de, onuñ ?ol edeni dogrudyr. ?ol günler Nyýazow meni, ministrler kabinetiniñ ba?lygynyñ birinji orunbasary Ata Çaryýewi kabinetine çagyryp, biz bilen ýygy-ýygydan maslahat geçirýärdi. Näm? etmeli, bolan i?lere biziñ reaksiýamyz nähili bolmaly diýen soraglar maslahatla?ylýardy. Ata Çaryýew ikimiziñ pikirimiz meñze? çykypdy. Eger slawýan respublikalary bize sylag-hormat goýman, äsgermezlik edip öz aralarynda birle?mek kararyna gelen bolsalar, bizi hossa görýän bolsalar, goý birle?sinler. Eger olar bizsiz oñjak bolsalar, bizem olarsyz günümizi göreris diýi?dik. Nyýazow biziñ bilen ylala?yp, soñ näme etmeli diýen sowaly goýdy. Biz Orta Aziýa respublikalary bilen habarla?yp, olar bilen A?gabatda du?u?yk geçirmeli diýi?dik. Du?u?ykda garalmaly esasy mesele – Orta Aziýa döwletlerniñ bilele?igini döretmek meselesi bolsa slawýanlaryñ edenlerine mynasyp jogap bolardy diýip, biz Nyýazowy bu teklibi goldamaklyga yrdyk. Ahyry Nyýazow öz razyçylygyny berdi hem Orta Aziýa döwletlerniñ birle?igini döretmek barada ylala?ygyñ taslamasyny taýýar etmekligi bize tab?yrdy. Biz ol dokumenti taýýarlap Nyýazowa berdik. Nyýazow Orta Aziýa döwletleriniñ birinji ýolba?çylarnyñ arasynda bolan du?u?yklaryñ birinde olary bu dokument bilen tany?dyrypdyr. ?onda Karimow hem Nazarbaýew beýle dokumente gol goýmakdan entek ir, birden ruslaryñ gaharyny getirip, erbet güne dü?äýmäliñ diýip ätiýaç edipdirler. Elbetde, gara?ylan netijäni bermedigem bolsa, biziñ diýen ugrumyzdan gidilmedigem bolsa, A?gabat du?u?ygynyñ ähmiýeti uly boldy. Iñ bärkisi, Orta Aziýa respublikalary halkara arenasyna özba?dak çykyp bilip, öz siñeklerini özlerniñ gorap biljekdiklerini duýdurdylar. Ol döwür diýseñ aladaly, gyzgalañly döwür bolupdy. Bir günüñ ýerde geçse, beýleki günüñ asmanda, uçaryñ üstünde geçýärdi. Men Orta Aziýa respublikalaryna, Azerbeýjana baryp, ol döwletleriñ da?ary i?ler ministrleri bilen geple?ikler geçirip, geljekki gatna?yklarymyzy birek birege peýdaly bolar ýaly edip gurnamaklygyñ maslahatyny edýärdim. Ýöne ol gürrüñler gürrüñligne galdy. I?ler soñra, gynansagam, ba?ga ýollar bilen edilip ba?landy. Indi bu gep bu erde galsyn, soñra oña dolanaryn... Dowami bar...

استفاده از مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد