Turkmensahra |
ترکمنصحرا |
Ajy hakykatyñ bir kitaplyk gürrüñi
AJY HAKYKAT (4)
(Iki ýyl hökümetde. On üç ýyl oppozisiýada).
Hökümet i?inde.
Hökümet i?ine men uly höwes bilen ba?lapdym. 1990-91-nji ýyllar meniñ edenim ugruna
bolup, köplenç ýurduñ ba?tutany Nyýazowdan goldaw tapýardym. Ol döwür gowgaly
hem çyl?yrymly döwürdi. Sowýet Soýuzy dargajak dargajagyñ üstündedi. Owal aýdy?ym
ýaly, Nyýazow biziñ bilen aldygna maslahat geçirýärdi: “näme etmeli, mundan beýläk
nähili ýa?amaly?” diýen soraglara jogap tapjak bolýardy.
O zaman Sowýet Soýuzynyñ dargajagy köre hasa bolup ba?lapdy. Slawýan respublikalary,
hasam beter, Orsýet, belki-de, Moskwa diýilse has dogry bolardy, bizden aýrylyp,
özba?yna bir döwlet bolmaklyga ymtylýardy. Ýöne bu göräýmäge ?eýledi, aslynda
bolsa bu syýasatyñ ahyrky maksady Sowýet Soýuzyny ýykmak, sosializmden ýüz öwrüp,
kapitalizm ýoluna dü?mekdi.
Öñ belleý?im ýali, bu ugurda gaty ir wagtdan bäri i? alnyp barylypdy. Sowýet Soýuzyny
ýykyp, ony täzeden gurmak plany Gorbaçýowyñ “aç-açanlyk hem täzeden gurmak” syýasatynyñ
netijesinde hasam aýdyñla?ypdy. 1986-njy ýylda sowýet syýasatynyñ arhitektorlary
diýilip atlandyrylýan hem ol syýasatyñ gözba?ynda duranlar diýilip tanalýan adamlaryñ
uly topary (A. Ýakowlew, W. Medwedew, E. Primakow, G. Arbatow we ba?galar) AB?,
Kanada hem Günbatar Ýewropa döwletlerine sapar edip, ol döwletlerdäki täsirli
syýasy güýçleriñ, esasanam, Bütindünýä Ýehudylar Kongresiniñ liderleri bilen du?u?yp,
Sowýet Soýuzynyñ ykbaly, geljegi barada geple?ikler geçirdiler. Olar öz geple?ikleriniñ
gidi?i barada da?ary i?ler ministrligine yzygiderli habar iberip durupdylar. Ol
telegrammalar örän syrly grif, ýagny belgi bilen iberilip, olary okamaklyk juda
çäklendirlendi. Ministrligiñ çygrynda olary diñe maslahatçy derejesinläki diplomatlar
okap bilýärdiler.
Ol telegrammalaryñ Sowýet Soýuzynyñ ýolba?çylarynyñ hemmesine ýetirilmeli edilip-edilmändigi
häzir ýadymda däl. Ýöne Sowýet Soýuzynyñ Kommunistik Partyýasynyñ Merkezi Komitetiniñ
Syýasy Býurosynyñ agzalaryna welin ol informasiýalaryñ atma-at iberilendigi ?u
günki ýaly ýadymda. Olar – elhenç habarlardy. Olary okan adamlarda Sowýet Soýuzynyñ
ýakyn wagtda dargajagyna hiç hili ?übhe dörändir öýdemok. Meniñ özümde-hä ?ol
telegrpmmalar ?eýle täsir galdyrypdy. Ýurdumyzda ondan soñky bolup geçen wakalar
?ol mahal mende dörän bu pikiriñ dogrydygyny tassyklady.
Bu söz munda galsyn, ýene-de öñki ba?lan gürrüñmize dolanalyñ.
Sowýet Soýuzy ýykylyp, gara?syzlyk bize gara?ylmadyk ýagdaýda gelen ýaly boldy.
Bir göräýmäge bu ?eýledi...
Gara?syzlyk içerki hem da?arki syýasatiñ nähili bolmalydygy barada meseläni gün
tertibine getirdi. Ozal aýdy?ym yali, men ?onda içerki syýasatda Hitaýiñ ýoluna
eýermeli diýip çyky? etdim. Da?arki syýasatda bolsa pozitiw bitaraplik, syýasi-harby
toparlany?yklara go?ulmazlyk, ulynyñ öñünde peselmezlik, kiçiniñ öñünde bolsa
beýgelmezlik syýasatyny ýöretmekligi teklip etdim. Içerki syýasat boýunça meniñ
eden teklibimi oñlan adam bolmadi, ýöne da?arki syýasat barada welin aýdanlarym
kabul edildi.
Eger Türkmenistanyñ öñe çykan adamlary, Gaýgysyz Atabaýewiñ, Nedirbaý Aýtakowyñ,
?aja Batyrowyñ derejelerindäki adamlar bolan bolsadylar, onda olar bu pursaty
elden bermän, Türkmenistany hakykatdan hem özba?dak döwlet ederdiler. Ýöne, arman,
Nyýazow hem onuñ töweregi beýle adamlaryñ hilinden däl bolup çykdylar. Netijede,
türkmen halky “gara?syzlyga çykyp”, sowýet döwründäkisinden hem has beter gara?ly
güne uçrady. Nyýazow Türkmenistanda ähli ygtyýarlyklary öz eline alyp, nebit-gaz
ýataklaryny da?ary ýurtlylara konsessiýa berip, türkmen halkyny gara?ly, gedaý
güne saldy, ony biygtyýar etdi,
Men ministr bolup i?e ba?lan ilkinji günümden ministrligiñ býujetiniñ bolmagynyñ,
onuñ i?gärleriniñ sany kesgitli bolup, olaryñ aýlyklarynyñ näçe bolmalydygnyñ
gürrüñini edipdim. Ondan ba?ga-da, ministrlik juda bir syrly edara bolup, onuñ
gapysy hemi?e sakçyly bolmalydygny hem da?ary ýurtlar bilen gatna?yklaryñ hemmesiniñ
ministrligiñ üsti bilen alnyp barylmagny öñe sürdüm.
Nyýazow meniñ aýdýanlaryma däl diýmän, ”howlukma, bu meseleleri ýakynda çözeris”
- diýip arkaýyn edýardi. Ýöne meniñ gozgan meselelerimiñ hiç birisi çözülmeýerdi.
Ministrligiñ býujeti bolmansoñ etjegiñi hem edip bolanokdy. Sen hemi?e maliýet
taýdan erkin bolman, kimdir biriniñ goldawyna mätäç bolup, eliñ-aýagyñ bagly otyrsyñ.
Men i? sapary bilen iki gezek Hindistana baryp geldim, iki gezek Türkiýä, bir
gezek Owganystana, bir gezek bolsa Belgiýa (Brýussele) baryp geldim. ?ol bary?-geli?leriñ
harjyny bir gezek Türkmenistanyñ Gossnaby hem Türkmenpotrebsoýuzy çeken bolsa,
ba?ga bir gezek bu harç türk hökümetiniñ boýnuna dü?üpdi. Ahyry ?eýle ?ertlerde
Hytaýa Nyýazowyñ resmi wizitini taýýarlamaga gitmeli bolanda, men ondan ýüz öwrüp,
ony ?ol wagtky orubasarym, B. ?yhmyradowa tab?yrdym.
Türkmenistan 1992-nji ýylda öz ilçihanalaryny açyp, diplomatlaryny da?ary ýurtlara
ugradyp ba?lady. Ýöne muña garamazdan býujet meselesi, diplomatlara tölenmeli
aýlyk heniz hem belli däldi. ?ol döwür türkmen
diplomatlarynyñ arasynda aýlyklaryny birnäçe aýlap Orsýetden alanlary-da bolupdy.
Bu masgaraçylykly ýagdaýyñ soñ näçe wagtlap dowam edendigini aýdyp biljek däl,
ýöne weli meniñ i?län döwrümde bu mesele çözülmändi.
Meniñ ýene bir uly üns beren meseläm, ministrligiñ i?i netijeli bolar ýaly, ýurdyñ
ýolba?çylarynyñ da?ary ýurt wekilleri bilen geçirýän geple?ikleriniñ ýazgylarynyñ
alnyp barylmagy hem ol ýazgylaryñ esasynda döwletiñ ýöredýän syýasatynyñ jogapkärli
hem yzygiderli bolmagyny üpjün etmekdi. Olarsyz döwlet i?ini ýöretmegiñ asla mümkin
bolmajakdygny näler aýdyp, Nyýazowyñ razylygny alyp bilmedim. Ahyry men oña ”eger
biz öz hökümet adamlarymyzyñ haçan kime näme aýdyp, näme goýanyny bilmesek, olara
da?ary ýurt hökümet hem i? adamlarynyñ näme diýip, nämä boýun bolandyklaryny bellemesek,
nädip biz döwletiñ i?ini alyp baryp bileris?” – diýip ýüzlendim. ”Galyberse-de,
biz öz ornumyzda hemi?elik däl ahbetin. Biz gideris, ýerimize ba?galar geler.
Olar döwletiñ i?ini dowam etdirmek üçin öñ näme edilipdir, näme diýlipdir diýip
köne ýazgylara seretmeli bolarlar, ýazgysyz bolmaz” - diýdim. Nyýazow muña çürt
kesik gar?y boldy hem gatyrgandy. Gar?y bolsa-da, men öz diýenmi geçirjek bolup,
Nyýazowyñ geple?iklerinden birkisiniñ ýazgysyny edip, olary Nyýazowa gow?urdym.
Ol sesini çykarman ol ýazgylary aldy, ýöne ?eýle ýazgylary ýöretmegiñ gerek däldigini
maña ýene bir gezek aýtdy. Men oña bu i?iñ juda bir möhüm i?digini dü?ündirjek
bolup synany?dym. Munsuz döwlet i?ini alyp barmagyñ kyn boljakdygny, asla mümkinem
däldigni kän aýtdym, ýöne Nyýazow muña dü?ünse-de, dü?ünmezlige saldy. Ol bir
depen ýerini depdi-de durdy.
Onuñ bu pikire gar?y bolmagnyñ düýp sebäbi döwlet derejesinde alyp barýan geple?iklerini
özünden ba?ga hiç bir adam bilmesinem, e?itmesinem, bu i?lere onuñ özünden ba?ga
hiç bir ki?iniñ dahylam bolmasyn, gaty?ybam bilmesin diýen maksat bolup çykdy.
Bu soñ-soñlar aýdyñ duýuldy.
Nähak gürrüñ edýär diýilmez ýaly, bu sözlerime delil hökmünde bir mysal getireýin.
1991-nji ýylda Amerikanyñ Birle?en ?tatlary biziñ özba?daklygmyzy ykrar edip,
A?gabatda öz ilçihanasyny entek açmanka, Merkezi Razwedka Gullugyndan (?IA) üç
adamdan ybarat bir delegasiýa A?gabada geldi. ?ol delegasiýany Nyýazowyñ ýeke
özi kabul etdi. Ol bu du?u?yga da?ary i?ler ministrliginden ne meni, ne-de terjimeçini
gatna?dyrdy. Nämemi?in, amerikanlaryñ ýanlarynda rus dilini suw ýaly bilýän öz
adamsy barmi?. Nyýazowyñ ýanynda ol geple?iklerde hiç kim bolmansoñ, hiç hili
ýazgy edilmänsoñ, taraplaryñ biri-birine näme aýdanlygy, nähili wadalar berenligi
Nyýazowdan hem amerikanlardan ba?ga hiç kime mälim däl.
|
|
استفاده از
مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد |
|
|