Turkmensahra |
ترکمنصحرا |
Ajy hakykatyñ bir kitaplyk gürrüñi
AJY HAKYKAT (3)
(Iki ýyl hökümetde. On üç ýyl oppozisiýada)
Uzak ýoluñ gysga gürrüñi.
Meniñ köne tany?larymdan birisiniñ ejesi “Uzak ýoluñ azajyk rysgyndan özüñ sakla!”
diýip, Hudaýdan dileg ederdi. Köpi gören ol garry enäniñ sözlerini hem ýüz-gözüni
?u günler oturyp-oturyp gussa bilen ýatlaýaryn hem öz özüme sorag berýärin: “Näme
üçin garry mamañ dilegini diñlemediñ?”
Men uzak ýola özüm üçin nep gözläp dü?medim. Meniñ bu ýola dü?megime sebäp bolan
esasy zat hökümetiñ içinde ?dilýän ogurluklara, talañçylyga, pyssy-pyjurlyklara,
jenaýatlara, ýalançylyklara, galplyklara, ýalym-ýulumlyga, ikiýüzlilige di?ini
gysyp oturman, kimdir biri ahyry däl diýmelidir-ä diýen pikir boldy. „Näme üçin
Nyýazowyñ ýöredýän syýasatyna “däl” diýip biläýjek ba?ga bir adamynyñ orta çykmagyna
gara?maly? Gara?anyñ bilen ?eýle birisi dörejekmi ýa-da ol hem meniñ ýaly ba?ga
bir ki?iniñ peýda bolaryna gara?yp oturjakmy? Bu dünýäde görmelisini gördüñ –
ýag?ysynam, ýamanynam, ?a-soltanlarynam, derwi?dir-gedaýlarynam, görmedik zadyñ
galmady. Hany indi ?dilýän galplyklara “däl” diýmeklige-de wagt ýetdi. Ony ?u
wagt sen diýmeseñ, ba?ga diýjek ýok ýaly görünýär“.
Kän günläp içimi diñläp hem gepledip gezip, ahyry Nyýazowa seniñ alyp barýan syýasatyñ
bilen oñu?yp biljek däl, hökümetden çykýan diýip arzamy berdim. Nyýazowa gar?y
göre? alyp barjagymy, ýöne ýatmajagymy onuñ ýüzüne aýtdym. Ol maña kim ony saña
etdirer diýdi?
Bu gürrüñ entek ?u ýerde galsyn, oña soñ dolanarys...
Uly diplomatiýa bilen ho?la?yk.
1989-njy ýylda men Katar döwletindäki i?lerimi tamamlap, Moskwa dolanyp gelipdim.
Men ol ýerde 1988-inji ýylda sowet ilçihanasyny açyp, Sowet Soýuzynyñ i?leri ynanylan
adam hökmünde 1989-njy ýyla çenli i? alyp bardym.
1968-inji ýyldan bäri arap döwletlerinde (Demirgazyk Ýemende, Günorta Ýemende,
Kuweýtde, Oman Soltanlygynda hem Katar Döwletinde) sowet ilçihanalarynda i?län
döwürlerim (ol tas ýigrimi ýyly öz içine alýar) lapykeçlik hemi?e maña hemra boldy.
Edýän i?lerimizden men hiç bir lezzet alyp bilmedim. Araplar bilen alnyp barylýan
gatna?yklar görer göze dogry ýaly bolup görünse-de, gysymyñ tutar ýaly netije
bermeýärdi. Sebäbi, diýilýän zatlar bir zat bolsa, edilýän i?ler ba?gady. Az-owlak
pul gazanýaryn diýäýmeseñ, ahlak (moral) taýdan bu i?iñ getirýän peýdasy ýokdy.
Men ýurda dolanmagyñ, peýda beräýjek bir i?iñ ba?yny tutmagyñ pikirini köp ?dýärdim.
Ahyry bu hyýaly amala a?yrmaga ba?lamaklyga Katarda bolan bir waka itergi berdi.
1988 ýylda Sowet Soýuzynyñ ykdysady gatna?yklar boýunça döwlet komitetiniñ ba?lygynyñ
orunbasarynyñ ýolba?çylygynda ykdysady delegasiýa Katar Döwletine geldi. Ol delegasiýa
Katarda birnäçe gün bolup, birnäçe geple?ikler geçirdi. Sowet Soýuzynyñ dürli
ugurlar boýunça hyzmatda?lyk ?tmeklige taýýardygyny bildirdi.
Delegasiýanyñ ba?tutany ýaponlaryñ Katarda gazda i?leýän uly bir elektrostansiýa
gurjak bolýandyklaryny aýdyp, ?ol gurlu?ygy ýaponlaryñ elinden alyp, biz gurar
ýaly edip bolmazmyka diýip menden sorady. Men oña synany?yp görmeli bolar, eger
biziñ ol i?leri etmeklige mümkinçiliklerimiz ýeterlik bolsa diýdim. Ol maña artygy
bilen ýeterlik. Galyberse-de, biziñ gurýan elektrostansiýalarymyz ýaponlaryñky
ýaly da?yndan göräýmäge beýle bir owadan bolmasa-da, olaryñky ýaly her bä? ýyldan
düýpli remont talap edenok. Bir i?läp ba?lanyndan soñ 20-25 ýyllap durman i?leýär
diýdi.
Delegasiýany yzyna ugradanymdan soñra men Kataryñ Altyn-walýuta fondynyñ ba?lygy
hem tender komitetiniñ agzasy Abdalla Haled el-Atyýa bilen bolan du?u?yklaryñ
birinde ondan ýaponlaryñ elektrostansiýa gurjak bolýandyklary- däldikleri barada
sora?dym. Ol bu habaryñ dogrydygyny tassyklady. ?onda men oña Sowet Soýuzynyñ
bu ugurda tejribesiniñ ulydygyny, onuñ gurýan ?lektrostansiýalarnyñ uzak wagtyñ
dowamynda hiç bir uly remont talap etmän i?leýändigini gürrüñ berdim. Meniñ aýdanlarym
katarlyny gyzyklandyrdy. Eger siz bu i?leri etmekligiñ hötdesinden gelýän bolsañyz,
onda men bu proýekti size tab?yrmagyñ aladasyny edip ba?laryn diýdi.
Bu gürrüñden soñ köp wagt geçmänkä Atyýa meni Kataryñ ?azadasy bilen du?u?dyryp,
elektrostansiýa baradaky gürrüñi onuñ bilen hem ?tmegimi sorady. ?azada bilen
bolan du?u?ykdan soñra Atyýa elektrostansiýanyñ gurlu?ygynyñ bize tab?yryljakdygyny,
onuñ gurlu?ygyna goýberilýän puluñ 800 million amerikan dollaryna barabardygyny
aýtdy. Bu ugurda Moskwa bilen ilkinji geple?ikleri geçirmekligiñ hem özüne tab?yrlandygyny
aýdyp, Atyýa menden bu habary resmi görnü?de Moskwa ýetirmegimi haýy? etdi.
Men ?ol günüñ özünde Kuweýte uçup baryp, ?ol ýerdäki ilçihanamyzyñ üsti bilen
bu habary Moskwa ýetirdim. Moskwa köp egletmän meniñ iberen telegrammama oñaýly
jogap berdi hem deslapky geple?ikler üçin Kataryñ wekilini haçan gelse, kabul
etjekdigini aýtdy. Bu jogaba katarlylar menden az begenmediler.
Atyýa Katar döwletiniñ adyndan geple?ikler geçirmek üçin Moskwa barjak günini
belli etdi hem ol Moskwa baranynda meniñ hem onuñ bilen bolmagymy haýy? etdi.
Men Atyýanyñ haýy?laryny Moskwa ýetirdim.
Atyýanyñ gelmegine Moskwanyñ gara?ýandygy hem meniñ Moskwa barmagyma gar?y däldikleri
barasynda SSSR-iñ da?ary i?ler ministrliginden habar geldi. Bu ýag?y habardan
soñ biz Moskwa barmaklyga ykjam taýýarlyk görüp ba?ladyk.
Atyýa zerur bir i? bilen Amerikanyñ Birle?en ?tatlaryna barýandygyny, ol ýerden
bolsa Moskwa haýsy gün barjakdygyny belli etdi. Men bu habary Moskwa ýetirdim
hem Atyýanyñ Moskwa uçmazyndan 3-4 gün öñ Moskwa uçmak üçin Kuweýte bardym. O
zaman entek Moskwa bilen Katar aralygynda uçar gatnawy ýokdy. Biziñ Katardaky
ilçiligimizem Moskwa bilen Kuweýtdäki ilçiligimiziñ usti bilen hat-habar aly?ýardy.
Men Moskwa uçmak uçin Kuweýte baramda, biziñ Kuweýtdäki ilçimiz Aleksandr Minkin
meniñ Mockwa uçmaly däldigim barada Merkezden gelen telegrammany öñüme atdy. Telegrammada
biziñ elektrostansiýa gurmaga mümkinçiligimiz ýok. Awdy Kulyew Moskwa gelmesin
we ?u habary hem katarlylara ýetirsin diýilip ýazylan eken.
Beýle görkezmä garamazdan men Moskwa gitmekligi karar etdim. Minkin maña gitmekligi
maslahat bermedi. Ol Merkezden gelen görkezmä gar?y gitmek bolmaz diýdi. Men oña
özümiñ oglan oýunjagy bolmajakdygymy aýdyp, Kataryñ ministrniñ öñünde, goý, özleri
jogap bersinler, düýn oglandylar-da, bu gün indi ulalaýdylarmy diýdim.
?ol güniñ ertesi Moskwa bardym. Da?ary i?ler ministrliginiñ sekizinji gatyna,
ýagny biziñ Golaý Gündogar bölümimiziñ ýerle?ýän ?tažyna çykdym. Ol ýerde maña
pete-pet du? gelen adam biziñ Golaý Gündogar müdirýetimiziñ ba?lygy Polýakow Wladimir
Porfiryewiç boldy. Onuñ maña birinji beren soragy “Näme üçin görkezmäni ýerine
etirmediñ?” boldy. Ol maña Ministriñ orunbasary Woroncow Ýuliý Mihaýlowiç seniñ
geleriñe gara?yp otyr diýdi. Soñra ol meniñ öñüme dü?üp meni Woroncowyñ ýanyna
alyp gitdi. Ilki orunbasaryñ kabinetine Polýakowyñ özi girdi. Köp wagt geçmänkä
meni ýanlaryna çagyrdylar. “Ministrligiñ görkezmesini ýerine ýetirmän Moskwa gelmegiñ
da?ary i?ler ministrliginiñ praktikasynda ilkinji gezek bolan waka” diýip, Woroncow
igenjine hem käýinjine ba?lady. Soñra ol “indikiñe berk bol, geljekde beýle ýagdaý
gaýtalanmasyn” diýip, da?ary ýurtlar bilen ykdysady hyzmatda?lyk saklaýan komitetiñ
Katar döwletine beren wadasyndan dänýändigini aýtdy. Men Woroncowa “men bu ýerde
Katar döwleti bilen siziñ arañyzda duran araçy. Günä mende däl-de, wada beren
tarapda. Araça taýak deger etmäli” diýdim. Woroncow birneme ýum?ady, güler ýüz
bilen maña tarap bakyp, döwlet komitetine baryp, olar bilen dü?üni?megimi teklip
etdi. Men oña “bu i?ler meniñ derejämde gürrüñi edilýän i?ler däl, oñaýly bir
netije gazanjak bolsak, bu meselä siziñ özüñiziñ gaty?magyñyz gerek” diýdim. Woroncow
“biziñ bu meselä gaty?yp, gelen netijämiz beren wadamyzdan dänmek bolupdy, ynha
indi sen geldiñ-de, bu problemany täzeden gozgamaly etdiñ” diýdi. Döwlet komiteti
seniñ hem Kataryñ ministrniñ geljeginden habarly edildi. Olar geple?ikler geçirjekler,
ýöne ol geple?ikleriñ netijesiz boljagy öñünden belli. Lapykeçlige taýýar bol-da,
geple?iklere gatna? diýip, Woroncow sözüni tamamlady.
?ol günüñ ertesi Kataryñ ministri Abdalla el-Atyýa Amerikanyñ Birle?en ?tatlaryndan
uçup Moskwa geldi. ?ol ugra-da geple?iklere ba?lady, ýöne ?dil Woroncowyñ aýdy?y
ýaly ykdysady hyzmatda?lyklar boýunça döwlet komitetinde geçirilen geple?ikler
netijesiz gutardy. Atyýa ?ol güniñ özünde ýurduna dolanmak kararyna gelip, Ewropa
döwletlerniñ haýsam bolsa birine uçmakçy boldy. Amatly bir reýs bolmansoñ, ol
bir gün Moskwada galyp, ?rtesi Londona uçdy. Atyýa Moskwa eden saparyndan gaty
näho? boldy hem Kataryñ ?azadasyna näme diýerkäm diýip tukatlandy.
Men bu bolan wakadan utanjymdan ýaña bir ýere girmedim. Bu waka Sowet Soýuzynyñ
dargap barýandygyny, onuñ uzaga çekmän gutarjakdygyny görkezýärdi. Munyñ hut ?eýle
boljagyny Atyýa-da duýup, ?ol günler özüniñ bu pikirini dile getiripdi. Ol maña:
“Ýurduñyzda ýüz beren kynçylyklar gowulyk bilen gutarmaz. Meniñ saña haýpym gelýär.
Gowusy sen SSSR-e wekilçilik etmek möhletiñ tamam bolandan soñra Katarda gal.
Saña mynasyp bir i? taparys” – diýdi. Men oña “edýän aladañ üçin sag bol, men
bu teklibiñi kabul edip bilmerin” – diýip jogap berdim.
Katarda wekilçilik möhletimi soñlap, Moskwa gaýdyp gelip, da?ary i?ler ministrligniñ
Golaý Gündogar bölüminde maslahatçy wezipesinde i?e ba?ladym. ?ol bir wagtyñ özünde-de
Türkmenistana dolanyp barmagy ýüregime düwüp, nädip ony amala a?yryp boljagynyñ
ýollaryny gözläp ugradym.
Men ilçilik eden döwrümde bolan ýene bir wakany gürrüñ bereýin. Ol bir tarapdan
gülkünç waka bolsa, ba?ga tarapdan...
Eger ilçi üçin Moskwadan bir tab?yryk gelse, ol ony derhal ýerine ýetirip, derrewem
onuñ jogabyny yzyna ugratjak bolup jan ederdi. Bu hem ilçining ilçilik edýän döwletinde
abraýynyñ nä derejede yokarydygyny alamatlandyrýan bir ny?andi. ?onung uçin Moskvadan
gelýän tab?yryklar, hala gyssagly bolsun, hala gyssagsyz, ilçiler uçin elmydam
gyssaglydy.
Men ol zaman Kuweýt döwletinde ilçiniñ maslahatçysy bolup i?leýärdim. Biziñ ilçimiz
– Akopow Pawel Semýonowiçdi. Biz ilçi bilen Kuweýtiñ da?ary i?ler ministri Sabah
Jaber el-Sabahyñ kabul edi?ligine Moskwanyñ Golaý Gündogardaky ýagdaý boýunça
iberen bir tab?yrygny ýerine ýetirmäge barypdyk. Biz gyssagly habar bilen ýanyñyza
barmakçy diýenimiz soñ el-Sabah bizi i? wagty däl hem bolsa kabul edipdi. Onuñ
bize: “Siz elmydama gyssagly. Hany, aýdyñ, näme gyssagly i? çykdy?” – diýeni,
edil ?u günki ýaly ýadymda. Ilçi Moskwanyñ Golaý Gündogardaky ýagdaýa garaý?yny
beýan etdi. Men hem onuñ aýdanlaryny terjime etdim. ?eýh Sabah bizi sabyrlylyk
bilen diñledi-de, meniñem size aýtjak gyssagly bir täzeligim bar diýdi. Ol bize:
“?u gün siziñ ba? sekretaryñyz Andropow aradan çykypdyr.” – diýdi. Biz gulagmyza
ynanmadyk. Akopow boz-ýaz boldy. Sabahyñ aýdany bir bada oña degi?me ýaly bolup
göründi. Sabah: “meniñ aýdýanym çyn, men güýçli antennanyñ üsti bilen dünýäde
bolýan wakalary bolan dessine e?idip durun, ynanmazlyk etmäñ-de, ilçihana baryp,
Moskwa bilen habarla?yñ! Andropowyñ ölendigini ?onda e?idersiñiz” – diýdi. Akopow
tä ilçihana gelip, Moskwa bilen habarla?ýança, Sabah ýalñy?ýan bolaýmasyn diýip,
onuñ sözlerine ynanmady. Bu fakt hem
ýurtda düzgün-tertibiñ gow?ap, döwletiñ çag?ap barýanlygynyñ ýene bir delilidi.
Dowami bar.
|
|
استفاده از
مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد |
|
|