Ajy hakykatyñ bir kitaplyk gürrüñi
AJY HAKYKAT (2)
(Iki ýyl hökümetde. On üç ýyl oppozisiýada).

Turkmensahra

ترکمنصحرا

Ajy hakykatyñ bir kitaplyk gürrüñi
AJY HAKYKAT (2)
(Iki ýyl hökümetde. On üç ýyl oppozisiýada).

Türkmenistan Sowet Soýuzy dargandan soñ özba?dak döwlet bolmaklyga taýýarmydy?
Bu soraga türkmen halky maddy, ahlak hem medeni taýdan taýyndy diýmeklige doly esas bardy. Sowet häkimiýeti ýyllarynda biziñ halkymyz ylymly, bilimli halk bolup ýeti?ip, sözüñ doly manysynda häzirki zaman durmu?yna uýgunla?an halklaryñ hataryndakylaryñ birisi bolup barýardy. Ol demokratiýanyñ bosagasynda durdy. Bir ädim öñe ätse, Türmenistan demokratik düzgünli döwlete öwrülip biljekdi. Ýöne Türkmenistan öñe, demokratiýa tarap gitmedi-de, yza, feodalizme tarap ýöredi. Ýogsam bolmasa demokratiýanyñ tarapynda çyky? eden hem etjek güýçler ýurtda azlyk edenokdy. Olaryñ dürli pikirli hem dü?ünjeli adamlar bolandyklary, dünýägaraý?larnyñ tapawutlanýandygy hem aralarynda dörän bolgusyz dawalar birle?ip bir güýje öwrülmeklerine päsgelçilikler döredipdi. Türkmenistanda ilkinji bolup demokratiýanyñ baýdagyny göteren “Agzybirlik” demokratik halk hereketi hem onuñ ýolba?çysy Nurberdi Nurmämmedowdyr. Bu gurama töweregine müñlerçe adamyny toplap bilip, uly bir syýasy güýje öwrülip, ?ol hem ?u wagtky ýurdy dolandyran we dolandyrýan, häkimlik edýän gatlagyñ ýüregine wehim salýardy. Bu gatlak häkimligi elinden aldyrmajak bolup, “Agzybirligiñ” hem onuñ ýolba?çylarnyñ gar?ysyna hyýanatçylykly i?ler geçirdi. “Rus jemgyýetini”, ruslary “Agzybirligiñ” üstüne kü?gürip, “Agzybirligi” milletçilikde aýyplady. Türkmenistanda güýjäp barýan demokratik prosesiñ öñüni almakda hökümetiñ eden bu prowokasiýasy ýol aldy. Henize bu güne çenli ruslar hem rus dilli türkmenler “Agzybirligi” milletçilikde aýyplap, özlerini türkmen köpçüliginden aýry tutup gelýärler. Olar özlerini Günbatara “ýewropa pikirli türkmenler hem türkmenistanlylar” hökmünde tanatjak bolup jan edýärler we türkmen halk köpçüligini yza galak, entek tire-taýpa çilesinden çykyp bilmän, köne adat-düzgünlere çola?yp ýören adamlar edip görkezjek bolýarlar. ?eýle ýalan pikirleri ýaýradýan alymsumaklardan ?öhrat Kadyrowyñ adyny tutsa bolar. Ol il içinde entek bar bolan “köçe tireparazçylygny” jemgyetiñ ýa?aý?yna öz täsirini ýetirýän uly sosial faktor hasap edip, öñe gitmekligiñ ters ýollarny salgy berýär. Bir görseñ ol ýurduñ parçalanmagynyñ, ýagny tireler esasynda Türkmenistanyñ bir giden kiçijik döwletlere bölünmeginiñ tarapynda çyky? edýär, bir görseñ hem türkmenleri “tireler milleti” atlandyryp, bela körüginiñ ?u meselededigini aýdyp bir zatlar diýjek bolýar, ýöne näme diýjek bolýanyna özem dü?ünmeýän bolarly. Dünýäde bar bolan hemme milletler tirelerden durýarlar. Bu – aksioma. Oña aýratyn bir many berjek bolup, arrygñy gynap oturmak gerek dälmikä diýýärin.

Türkmenistanda döwleti dolandyrýanlaryñ aglabasy hemi?e ruslar hem rus dilli türkmenler bolup geldiler. Olar halkyñ iñ sowatly bölegi hasaplanypdylar hem ähli ygtyýarlyklar ?olaryñ ellerine berlipdi. Özba?daklyk alnandan soñra demokratik meýilli adamlar öz aralarynda birigip täze hökümet döredip, i?läp ba?lamakçydylar, ýöne Nyýazow dürli ýollar bilen olaryñ agyzlarny alardyp bildi. Bu topara «Agzybirlikden” ba?ga“, “Demokratik ösü? partiýasy”, Kompartiýa, köp sanly erkin pikirli žurnalistler, döredijilik intelligensiýasynyñ wekilleri girýärdi. “Sowet edebiýaty” žurnalynyñ, “Ýa?kom”, “Edebiýat we Sungat” gazýetlerniñ i?gärleri demokratik özgeri?leriñ geçirilmegi ugrunda otlukly makalalar bilen çyky? edýärdiler. ?ol wagtlar Muhemmetmyrat Salamatow “Daýanç” atly özüniñ birinji gara?syz, syýasy žurnalyny çykaryp ba?lapdy. Zehinli ýazyjylardyr, ?ahyrlar Bapba Gökleñ, Akmyrat ?ir, Rahym Esen, Baýram Jütdi, A?yrguly Baýry we ba?galar öz döwrüni ötüren köne hökümeti syndyrmak üçin oña berk urgular edip ba?lapdylar. Nyýazow özüniñ administratiw ygtyýarlyklaryny ulanyp, gar?ysyna çykanlaryñ hemmesinden dynmagy ba?ardy. Akmyrat ?iri hem Bapba Gökleñi ol heläkçilige uçradyp, ýok etdi. Muhemmetmyrat Salamatowyñ “Daýanjyny” gadagan etdi, onuñ özüni, entek okuw ýa?yna ýetmedik çagalarny gizlin gulluklaryñ i?gärlerine urduryp, sesi çykmaz ýaly etdi. Baýram Jütdini hem A?yrguly Baýryny i?lerinden aýryp, olary özba?dak i?lemez ýaly etdi.

Milli demokratik güýçleriñ goýberen birinji ýalñy?y Türkmenistanda ýa?aýan etniki ruslary alga almazlyk boldy diýsem, ýalñy?masam gerek. Häzirki wagtyñ her bir demokratik döwletden edýän talaby, ýurtda ýa?aýan azlyklaryñ hak-hukuklaryny iýmezlik, olary hiç bir jähtden kemsitmezlik bolup durýar. Gynansagam, gara?syzlygyñ ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyñ halkynyñ rus bölegine “gelmi?ekler”, “basybalyjylar” hökmünde garaldy. Ruslaryñ eden ýamanlyklary çi?irlip, ýag?ylyklary ýa?yryldy. Ruslar ýurdy terk edip gitseler, türkmenleriñ örüsi giñäp, özba?dak döwlet gurmak olar üçin has ýeñil dü?äýjak ýaly bolup göründi. Ruslar hem özleriniñ ýekirlip ba?lanandyklarny duýup go?larny dañyp, Orsýete göçüp ba?ladylar. Bu tendensiýa rus hökümetem uly itergi berdi. Ol Türkmenistanda hem ozalky Sowet Soýuzynyñ beýleki respublikalarynda ýa?aýan etnik ruslaryñ hemmesini öz watanda?lary diýip yglan etdi hem Orsýet Dumasynda bu mesele boýunça ýörite komitet döretdi. Orsýediñ bu eden hereketinden soñra ruslaryñ göçe-göçligi hasam beter güýjedi.

Bu, elbetde, Türkmenistanda häkimlik edýän gatlagyñ haýryna boldy. Nyýazow mundan peýdalanyp, özba?dak türkmen döwletini gurjak diýen bahana bilen, ur-tut ruslary tiz wagtyñ içinde ýurtdan çykyp gider ýaly edip ba?lady. Beýle syýasatdan Nyýazow go?a peýda görüpdi. Birinjisi, türkmenleriñ ruslar bilen birle?mek ätiýaçlygynyñ öñüni almak bolsa, ikinjisi, ruslara gar?y ?eýle syýasat alyp baryp, Günbataryñ öñünde özüni Russiýa tabyn bolmadyk, özba?dak syýasatçy hökmünde görkezmek bolupdy. Elbetde, bu Günbatara ýakman durmady, sebäbi Günbatar Orsýeti Orta Aziýadan gysyp çykarmak syýasatyny göz öñünde tutýardy.

Rus demokratik güýçleri bilen türkmen demokratlary hiç haçan birle?mez, bir dil tapmaz ýaly Nyýazow dürli usullary, ?ol sanda hapa tilsimleri hem ulanypdy, ?u wagta çenli hem ulanyp gelýär. Türkmen auditoriýasynyñ öñüde çyky? edip, ol ruslaryñ basybalyjykly syýasat alyp baryp, türkmenleri äsgermän gelendiklerni, türkmenleri ezendikderni aýdyp, indi ruslar bilen bellisini edip, olara Türkmenistandan go?laryny saýlatjakdygyny nygtasa, rus auditoriýasynyñ öñünde çyky? edip, olary türkmen milletçilerinden gorajakdygyny wada berýärdi. Ýeke bir wada bermegem däl, ol türkmenleriñ yza galak adamlardygyny, olaryñ ruslardan entek köp zatlary öwrenmelidigini, ?ol sanda kirini ýuwmagy-da bilmelidigini aýdyp, biziñ ?ntek-entekler ruslara mätäç bolup, olaryñ tejribesinden peýdalanmaly boljakdygmyzy öz çyky?larynda öwran-öwran gaýtalapdy. Ol bir çyky?ynda “meniñ aýalymam rus, oglum-gyzymam rus. Sizden aýrylyp men nirä gideýin” hem diýipdi.

Nyýazow Sowet Soýuzynyñ ýykylmazynyñ öñi syrasy hem ýykylanyndan soñky birinji ýyllarda täze türkmen döwletini gurup, halky bolçulykda ýa?atjakdygyny yzly-yzyna wada beripdi. Ol: “indi özba?dak döwlet bolduk, özümiz özümize hojaýyn, baýlygmyz bolsa ýere-göge syganok, ol baýlyklar halka hyzmat eder, öñkisi ýaly Merkeze iberilmez, biz türkmenleri dünýäniñ hemme ýerlerinde gaý?aryp gezer ýaly ederis, Kuweýtde halk nähili ýa?aýan bolsa, türkmenleri hem ?onuñ ýaly ýa?adarys, türkmenleri i?letmän, ýatyp iýer ýaly ederis, her türkmen ma?galasynyñ göleli sygry bolar, “mersedes” ma?yny bolar,,,” diýen ýaly bo? sözler bilen ilatyñ garnyny doýurdy.

Ol ýeke bir wadalar bermek bilenem çäklenmän, kärhanalara, bazarlara aýlanyp, günde-günde adamlar bilen du?u?yp, her hepde-de diýen ýaly haýsam bolsa ýurduñ da? raýonlarnyñ birisine sapar edip, ýokarda aýdan sözlerniñ bo? sözler däldigini, i? ýüzünde ?eýle boljakdygyny görkezmeklige çaly?ýardy. Ol wagtlar halk hiç bir zadyñ ýokluk ýa-da bolmasa ýetmezçilik edýäninden entek horlananokdy.

Nyýazowyñ türkmenleriñ ynamyna girmek üçin eden akylly hereketlerniñ birisi hökmünde A?gabatda hem Türkmenistanyñ beýleki ?äherlerinde özba?yna jaý salmakçy bolan ma?galalara ýerler paýlap bermegi, ol ýerlerem öñki ýaly 600 kwadrat metrden däl-de, 1200-den 1800 kwadrat metre çenli köpeldip paýlap bermegi karar edenligidir. Bu iliñ gözüne erkinligiñ aýdyñ bir delili bolup görnüpdi.

Nyýazow Sowet Soýuzy ýykylan badyna diýen ýaly, ara köp salym salman, Türkmenistanyñ kompartiýasyny bir güniñ içinde dargadyp, onuñ deregine dempartiýany döredýändigini yglan etdi. Ol kompartiýanyñ agzalarnyñ arza berip dempartiýanyñ agzalygyna geçip biljekdiklernem ?ol ýygnakda aýtdy. ?eýdip bir partiýadan ba?ga bir partiýa geçmeklik e?ik çal?andanam az wagt aldy. Kompartiýanyñ agzalarnyñ käbirlerniñ Nyýazowyñ bu kararyndan nägiledikleri bilindi, ýöne olar özlerniñ bu duýgusyny da?yna çykarmakdan saklandylar. Bu Nyýazowyñ ýene bir üstünligi boldy. ?ol günler Nyýazow ozalky Sowet Soýuzynyñ territoriýasynda birinjileriñ hatarynda depme halal “saýlawlar” geçirip, özüni prezident diýip yglan etdi.

?undan soñ Nyýazowyñ pozisiýasy hasam berkedi. Ol halk bilen günde diýen ýaly prezident hökmünde du?u?yp, oña ozalky beren wadalarny uly ynam bilen gaýtalady. Ilat prezidentiñ aýdanlaryna çyny bilen ynandy. Il içinde onda-munda ?undan gowy prezidentiñ bolmajakdygy barada gürrüñler ýaýrap ba?lady.

Yzy bar...

استفاده از مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد