<p align="center"><b><font color="#FF0000">Ajy hakykatyñ bir kitaplyk gürrüñi</font><font size="5" color="#000080"><br> AJY HAKYKAT<br> </font><font size="5">(Iki ýyl hökümetde. On üç ýyl oppozisiýada).</font></b></p>
 Turkmensahra

  ترکمنصحرا

Ajy hakykatyñ bir kitaplyk gürrüñi
AJY HAKYKAT
(Iki ýyl hökümetde. On üç ýyl oppozisiýada).



Bu kitap Sowet Soýuzynyñ Da?ary i?ler ministrliginde i?län soñky ýyllarymda, türkmen hökümetinde bolan gysga döwrümde hem uzak ýyllaryñ dowamynda oppozisiýada meniñ ba?dan geçiren wakalarym hakda. Men bolan wakalary bol?y ýaly ?dip beýan etdim. Bu wakalara gatna?an adamlaryñ käbirine özümiñ mährimi, hormatymy bildirsem, beýlekilerine ýigrenjimi, bihormat garaý?ymy görkezdim. Bu, elbetde, tebigy zat. Kitaby okanlaryñ kitapda agzalýan adamlar hem wakalar hakda öz garaýy?lary bolup biler.

Bu kitapda meniñ gatna?magymda bolup geçen wakalar beýan ýedilýär. Ol wakalara gatna?an adamlaryñ köpüsi entek diri. Olar dünýäden gaýtmankalar men bu kitaby çykarmak kararyna geldim. Belki-de, bolan i?lere diri ?aýatlaryñ öz aýtjak zatlary bardyr. Bardy-geldi irde-giçde kitapda gozgalan meseleleriñ ýa-da wakalaryñ haýsy-da bolsa birisi hakda sud i?i gozgalsa, meniñ kitabym ?aýatnama bolup hyzmat eder diýip umyt edýärin.


Türkmenistan Sowet Soýuzynyñ dargamagynyñ öñi syrasy.

Türkmenistan agrar, çig mal öndürýän respublika bolup, Sowet Soýuzynyñ soñky ýyllarynda uly depgin bilen ähli ugurlaýyn ösýärdi. Ilat sany 4,5 millon adama barabar bolup, onuñ territoriýasy tas ýarym million kwadrat kilometre baryp ýetýär. Türkmenistan çig mala baý respublikalaryñ hatarynda bolsa-da, onuñ ady kän bir tutulyberenokdy. Munuñ, elbetde, özüne ýetik birnäçe sebäpleri bardy. Ýöne gep bu ýerde ol hakda däl.

Türkmenistan o zaman ýylda 80 milliard kubmetrden a?yryp tebigy gaz (bu 80 million tonna çig nebite barabar), 3-5 million tonna çig nebit, 1,5 tonna çig pagta, 400 müñ tonna kükürt, mundan ba?ga-da ýod, ýüpek, garaköl derisi, senagata gerek bolan gymmatly minerallary öndürýärdi. Hökümetde köpden bäri i?län adamlaryñ beren gürrüñlerinden çen tutsañ, Türkmenistanyñ Orta Aziýa – Merkez gaz turbasy arkaly Merkeze (Orsýete) akdyran gazynyñ mukdary bir ýarym trillion kubmetr gaza baryp ýetipdir. Gyzylgaýadan (Balkan welaýaty) gazylyp alnyp, Merkeze ugradylan uran magdanynyñ ummasyz möçberdedigi hem ýatlanylýar. Türkmenistanyñ ortalyk sowet hazynasyna go?an go?andy, ol hazynadan alan zadyndan ?nçeme ?sse artykdy. Merkezi gazýetlerde 80-nji ýyllaryñ aýaklarynda, 90-njy ýyllaryñ ba?larynda Orta Aziýa respublikalaryna du?mançylykly göz bilen garap, Aleksandr Solženytsin (belli rus ýazyjysy, Nobel baýraginiñ laurýati) ýalylaryñ ýazan “…haçana çenli Orsýet bu respublikalara özüniñ ganyny sorduryp gezmeli, olary arkasynda hopba edip göterip ýörmeli” – diýen sözleri biziñ agzymyzy alardyp, herimizi bir ýana bakdyryp, bizi dargatmakdan ba?ga hiç hili maksat yzarlamandy. Onuñ otlyly Orsýetiñ Gündogaryndan Günbataryna bir aýlap dowam eden sapary rus halky bilen beýleki sowet halklarnyñ arasyna pahna urmakdan ba?ga hiç zat däldi. Elbetde, bu syýasat biziñ gar?ymyza hemi?e ýöredilip gelnip, N. S. Hru?ýowyñ döwründe rowaçlanyp ugrapdy. L. I. Brežnewiñ häkimlik eden zamany sowet sistemasynyñ esaslaryna uly urgylar ?dilip, ol hasam beter gow?ady. ÝU. W. Andropow döwlet ba?yna geçip, sowet kanunçylygyny dikeltjek bolup synan?yp gördi, ýöne onuñ eden tagallalary hiç hili netije bermedi. M. S. Gorbaçýow döwlet ba?yna geçenden soñ Sowet Soýuzy günsaýyn dargap, ahyry onuñ “täzeden gurmak hem aç-açanlyk” syýasaty sowet döwletiniñ ýok bolmagy bilen tamamlandy. Men bu ýerde ol wakalaryñ gürrüñini etmekçi däl, olara özümiñ analizmi hem bermekçi däl, mende ol wakalary oñlamak ýa-da ýazgarmak maksady hem ýok. Ýöne Türkmenistan bilen baglylykda ol wakalara belli bir derejede garaý?ymy aýtman, olaryñ du?undan geçip bolmansoñ, olarsyz mundan soñky bolan wakalara dü?ünmeklik asla mümkin däl bolansoñ, men muny agzaman durup bilmedim.

Sowet Soýuzynyñ dargamagy Türkmenistan ýaly ýurt üçin bir tarapdan, ýagny de-ýure (hukuk taýdan) özba?daklyk getiren bolsa, ba?ga jähetden onuñ netijesinde, de-fakto, biziñ ýurdumyz, halkymyz uly-uly betbagtçylyklara, ýitgilere sezewar boldy.

Sowet Soýuzynyñ ahyrky ýyllarynda halkymyzyñ eli giñäp, maddy taýdan hiç bir kösenç görmän, bol-telkilikde ýa?ap ba?lapdy. Eli uzadan ýerine ýetýärdi diýsemem öte geçdigim bolmazmyka öýdýärin. Bazarlarda, dükanlarda islän zadyñ tapylýardy hem ol zatlar – hala iýmit bolsun, hala geýmit – hemmelere elýeterlidi. Okuwsyz çaga, i?siz adam ýokdy. Okuwdan, i?den bo? wagtyñ teatr diýdi, kitaphana diýdi, stadion, sport zallary diýdi ýa-da bolmasa daça, mellek ýeri diýdi, garasaý, herkes öz islegine görä bir güýmenje tapýardy. Adamlar gününiñ nähili geçýänini bilmezdiler. Ol ýyllar orta mekdepleri ýüz müñe golaý oglan-gyz tamamlap, olardan 40 müñ çemesi ýokary okuw jaýlaryna okuwa ýerle?erdiler. Türkmenistanyñ da?yna çykyp, Moskwada, Leningradda, Kiewde, Minskide, Ta?kentde we Sowet Soýuzynyñ ba?ga ?äherlerinde okuwa ýerle?ip, ?ol ýerlerde okuwlarny tamamlap, i?e durýanlaryñam sany ýyl geldigiçe artýardy..
Umuman, Türkmenistan hemme taraplaýyn ösüp barýan döwletdi.

Biziñ öñe gitmegimize päsgel beren kemçiliklerem az däldi. Nogsanlyklaryñ birisi hem ?sasysy, men bu ýerde ýeke bir türkmenler barada aýdamok, ähli sowet halky barada aýdýaryn, biziñ syýasy hak-hukuklardan mahrum bolanlygmyzdyr. Sowet Soýuzynyñ ba?yna ýetenem ahyry ?ol kemçilik boldy. Halk öz ykbalynyñ, öz ýurdunyñ eýesi bolup bilmedi. Sowet Soýuzyna häkimlik eden gatlak halkdan hemi?e üzñe ýa?ap geldi. ?ol gatlak halkyñ eline hiç bir ygtyýarlyk bermän, hemi?e halka ynanman, ony diñe i?çi güýji hökmünde ulandy. Ýurduñ ykbalyna täsir etjek ykdysady, syýasy meseleleriñ çözgüdine halky gatna?dyrmady. Il gözüne halka sala salynsa salynardy, ýöne hökümetiñ ýanynda onuñ pikiriniñ bir a?ykça-da gymmaty bolmazdy. Bu aýdylanyñ aýdyñ mysaly Sowet Soýuzynyñ ýykylmagynyñ öñi syrasy geçirlen referendumyñ netijesi hem ony häkimleriñ äsgermezlik edenligidir. Sowet halkynyñ aglaba bölegi sowet döwletiniñ saklanyp galmagyna ses beripdi.
Üç slawýan respublikasynyñ ýolba?çylary 1991-inji ýylyñ awgust aýynda Belarusiýanyñ Belowež tokaýçylygynda ýygnan?yp, Sowet Soýuzyny dargatmak barada karar kabul etdiler. Halk olara edýäniñiz näme diýmän, sesini çykarman oturdy. Sowet Soýuzynyñ hiç bir böleginde ilat köçä çykyp: “Näme üçin biziñ pikirimiz äsgerlenok?” diýip, protest demonstrasiýasyny geçirmedi. Öz döwletiniñ goragyna çykmady. Munyñ sebäbini men bir zatda görýärin: halk referundum geçirilende Sowet Soýuzynyñ saklanyp galmagyna ses berenem bolsa, bu halkyñ çyny bilen gelen karary däl bolarly. Eger-de halkyñ döwlet dolandyrly?ygna i? ýüzünde gatna?ygy bolup, referendumda sowet döwletiniñ saklanmagyna ýa-da saklanmazlygyna ses beren bolsady, onda ol häkimlik edýänlere öz diýenini etdirderdi.

Ba?ga bir tarapdan bu halat halkyñ ba?yndaky oturan hökümdarlardan halys ýadandygyny, olardan nädibem bolsa dynmak isländigini görkezdi. Sowet sistemasy aradan aýrylyp, her kim özba?dak bolsa, gülala-güllük bolar öýdüldi. Soñky ýyllaryñ içinde sowet birliginiñ dargadylmagy ugrunda Moskwanyñ metbugat, radio hem telewideniýe arkaly geçiren giñ propagandasy ilat köpçüliginde-de ?eýdilse kem bolmaýjak ýaly diýen ynam döretdi.

Bir güniñ içinde dünýäniñ iki beýik döwletiñ birisi - Sowet Soýuzy - syndy. Ähli zat üýtgedi. Adamlaram üýtgedi. Jemgyýetçilik düzgünleri hem çaly?dy. Sosializmden kapitalizme, bazar gatna?yklarna geçilýänligi resmi taýdan yglan edildi. Bu bolan i? halk köpçüligi üçin ahyrzamana gopan ýaly bir zat boldy. Halk, hasam beter türkmen halky, beýle öwrüli?ige taýýar däldi. Häkimlik edýän gatlagyñ bolsa muña göhi geldi. Ol gatlak beýle öwrüli?ige köpden bäri, N. S. Hru?ýowyñ döwlet ba?yna geleninden bäri taýýarlyk görüp gelipdi. Hru?ýowyñ yglan eden “maddy höweslendiri?” syýasaty sowet sistemasynyñ düýbüne palta urup, ony igledip ugrapdy. ?u ?ygar yglan edilen günden ba?lap korrupsiýanyñ öñünde ähli gapylar giñden açyldy. Bu babatda men 1983-nji ýylda Kuweýtde Amerikanyñ Birle?en ?tatlarnyñ ilçihanasynyñ birinji sekretary jenap Donald Barnes bilen bolan gürrüñi aram-aram ýada salýaryn. Ol maña siz “maddy höweslendirmek” prinsipine eýerip, tiz wagtyñ içinde sosializmiñ ýolundan çykyp, kapitalizmiñ ýoluna dü?ersiñiz diýipdi. Men ol wagt onuñ bu aýdan sözlerine kän bir pitiwa bermändim. Soñ-soñlar oýlanyp görsem, bu hakykatdanam ?eýle bolup çykdy. 1950-nji ýyllaryñ aýaklaryndan ba?lap adamlaryñ hüý-häsiýetleri üýtgäp ba?lapdy: ýalym-ýulum etmek, aldamak, ýalan sözlemek, ogurlyk etmek, döwletiñ emlägine el urmak diýen ýaly gylyklar adaty bir häsiýetlere öwrülip ba?lapdy. Hemi?eler ?eýle gylykly adamlar bilen elle?ilmedik bolsa, indi olara toýda-tomgyda törden ýer berip, olary ýelekli dü?ekçeleriñ üstünde oturdyp ba?lapdylar. Nämemi?in olar barly, edenli adamlarmy?yn. Olaryñ nädip, nämäniñ hasabyna baýla?ýany möhüm däl. Baýla?ýarmy, baýla?ýar. Hökümet zat degenokmy, degenok. Degmeýän bolsa, olaryñ edýänleri dogrudyr, kanunydyr diýip, adamlar bolýan zatlara göz ýumýardylar. Ogurlasalar döwletiñ malyny ogurlaýarlar, saña näme, ba?arsañ senem ogurla diýen dü?ünjä eýerýärdiler. Talanýan ahyrynda döwlet däl-de, halkyñ hut özüdigine halkyñ dü?ünjesi ýetmeýärdi. “Bal tutan barmagny ýalar”, “Sen ba?lykkañ – men samsyk; men ba?lykkam – sen samsyk”, “Sen maña, men saña” diýen ýaly sözler tüýs döwrebap, ýörgünli sözler bolup, ýa?aý?yñ düzgünine öwrüldi. ?eýdip ?eýdip ?ol ýyllar jemgyýetde özbolu?ly bir elita döredi. Beýle elitany düzýänler partiýa, döwlet i?gärleri, olaryñ içinde-de hasam beter hukuk goraýan edaralaryñ adamlary boldylar. Muña intelligensiýa wekillerem, oba hojalygyny dolandyrýanlaram, söwda-satyk i?lerini ýöredýänler-de girdiler. Sowet Soýuzynyñ çag?amagy bilen halkyñ bu gatlagynyñ öñünde giñ ýol açyldy.

Beýlesine baýlyk basyp goýmadyk, aýlygyna halal zähmeti bilen ýa?ap ýören ilat köpçüligi bolsa ýurda dü?en talañdan bo? çykdy. Onuñ aýlykdan ba?ga eliniñ tutan zady bolmansoñ, onuñ eline-de ýokup galan zat bolmady. Sowet ýyllary içinde tyg?ytlan geýimdir-gejimi, çanakdyr-çemçesi, ýorgandyr-dü?egi bilen kör oñ?uk edip gelip, indi olaram sandan çyky?yp ba?lan soñ, sowet ýyllaryny ýatlap, heý, bir ol ýyllar gaýdyp gelmezmik-ä diýip, gedaý hala dü?en halk içini gepledip otyr... Indi bu gürrüñ bu ýerde galsyn. Gürrüñini edip ba?lan temama dolanaýyn.


استفاده از مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد