Turkmensahra |
ترکمنصحرا |
Amerikanyñ Birle?en ?tatlarynyñ
Kongresine Ýüzlenme
Jenap Kristofer Smithiñ ýolba?çylygynda kongresmenleriñ
Türkmenistan barada amerikan Kongresine eden teklibini türkmen jemgiýetçiligi
uly minnetdarlik hem umit bilen kabul etdi. Kongresmenler Kongresi Nyýazovy
öz halkyna gar?y ýöredýän adamkärçiliksiz syýasatyny düýpgöter üýtgetmeklige borçly
edýän karar kabul etmeklige çagyrýar.
Kabul edilmäge hödür edilen rezolýusiýa jemgiýetiñ ähli ugurlaryna degi?li bolup,
aýratynam ynsan hukuklarynyñ basgylanmagy we nyýazov režiminig gara?syzlyk ýyllary
içinde eden maliýe-ykdysady jenaýatçylyklary zerarly dörän ýagdaýdan dynmaklygy
göz öñünde tutýar. Ynsan hukuklaryna degi?lilikde taslamada agzalan kanun bozmalaryñ
we ykdysady jenaýatlaryñ sanawy juda oýlan?ykly düzülipdir. Amerykanyñ Birle?en
?tatlarynda iñ bir güýçli hakimiýet ?ahasy diýilip tanalýan Kongresiñ bu herekedi
göz uçin edilen hereket bolman, eýsem onuñ Nyýazova berlen çynlakaý duýdury?dygyna,
dünýä jemgiýetçiliginiñ Nyýazovyñ öz halkynyñ gar?ysyna alyp barýan zalym, ezýetli
syýasatyna mundan artyk çydamlylyk edip bilmejekdigine ?übhelenmäsimiz gelýär.
Amerikan Kongresiniñ bu äden adimi dowamly bolup, Türkmenistanda demokratiýa ýeñýänçä
Kongres Türkmenistany demokratiýala?dyrmak boýunça ba?lan i?ini dowam eder diýen
umit hem ynam döredýär.
Häzir Türkmenistanda Muhemmetguly Aýmyradov, Ogulsapar Muradova, Annagurban Amangylyjov,
Sapardurdy Hajyev, Kakabai Tejenov, Ataev Baýmuhemmet Hajy ýaly adamlaryñ müñlerçesi
syýasy bendilikde saklanýar.
Da?ary ýurtlarda açyk hereket edýän hem jemgiýetiñ dürli gatlaklaryndan bolan
demokratik oppozisiýa ýurda gaýdyp barmaga we döwleti hem türkmen jemgiýetini
demokratiýala?dyrmak i?lerine aktiv gatna?maklyga taýýar.
Repressiv, totalitar režimden gaçyp, ýurduñ da?yna çykan on müñlerçe türkmen raýatlary-da
tiz wagtyñ içinde watana gaýdyp baryp, öz dogduk mekanynda ýa?asy gelýär.
Türkmenler demokratiýaniñ nämedigine, onuñ nämeler berip biljegine ýag?y dü?ünýärler
hem tiz demokratiýanyñ gelmegine gara?ýarlar. Biziñ halkymyzyñ demokratiýa bolan
höwesini hem adam ?ekilli, hemmelere deñ kanuna, düzgüne laýyklykda ýa?amaklyga
bolan islegini goldarsiñyz diýip umit edýäris.
Da?ary
ýurtlardaky Türkmen
Demokratlary we Opozysýonlary
17. Oktober 2006
kurtev36@hotmail.com
|
|
استفاده از
مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد |
|
|