Turkmensahra |
ترکمنصحرا |
Akmyrat
Gürgenli
Taryh ylymlaryñ
kandidaty
"Milletçilik"
dü?ünjesi
ýa-da
Tire parazlyk
keseli
«Ýomut, Gökleñ täsip edip özünden,
Çekse
goşun, öñi, ardy bilinmez,
Teke,
Salyr ýöriş etse ýokardan,
Ýagynyñ namardy, merdi bilinmez.»
Magtymguly
Adamzat indi ýer şaryndan daşarda başga planetalarda diriligiñ alamatlary
barmy, ol ýerde ýaşap boljakmy, dünýä howp abandyrýan global ysslyga, terrorçy
döwletlerdir guramalara garşy toparlanşyp göreşilýän bir döwründe, Türkmen
halky ýañy bir garaşsyzlygyñ hözürini görjek mahalynda, arkasyna ýel çaljak
wagtynda, dilini, medeniýetini, taryhyny ösdürjek zamanasynda, onuñ ýüzüni
solduran, boýnuny büken, ruhuny çökdüren, malyny-mülküni talan, Magtymguly
aýtmyşlaýyn «oramsydan bolan haramhor begler» depesdine çykdy oturuberdi, «il
aglak bolsa doñuz depä çykar diýlşi» boldy. Türkmenistanda ýagdaý şeýle bolup
durka, Eýranyñ çäginde, kesekiniñ golunyñ astynda ýaşaýan Türkmenleriñ ýagdaýy
neneñsi bolar oýdýärsiñiz? Elbetde diýseñ tragik, diýseñ gözgyny, gaýgy, alada
beriji. Sebäbi pars şaunistleri bu ýerde diñe Türkmenleriñ maddy baýlygyna
däl-de, eýsem medeniýetine, diline, däp-dessuruna göz dikip, onuñ ýoguna
ýanmak ýollaryny agtarýar, kimde-kim bu meselä ýeñil-ýelpaý seredse, bu şum
siýasatyna az baha berse, daat gününe, sebäbi gämi deşilse, bir adam däl-de
hemme ýolagçy gark boýlandyr. Şeýle jemgiýetde, şeýle zäherlendiriji
atmosferada önüp-ösen Türkmenleriñ intellegentsiýa wekillei, aýdyñ düşünmeli
gatlaklary öz iline-gününe bar bolan borçlaryny ýerine ýetirip bildilermi,
esasan ulusyna bar bolan borjuny ýerine ýetirmäge ukyýplary barmy diýen sorag
orta atylýar. Bularyñ hemmesi jogaby tapylmadyk soraglar. Kimde-kim iliñ
bähbidi ugrunda janyny aýaman, başyny goýsa, ol milli gahryman saýylýar, onuñ
adyna daýanylýar, adyna alkyş okalýar, dura-bara ol nerreseleriñ atlary, watan
urgunda beren ganlary unudylýar-de ýene «MEN» diýýänler orta çykýar.
Türkmenlere degişli käbir internet sitlarynda parslaryñ, milli halklaryñ
hak-hukuklaryny kemsidiji samramalaryna biziñ Türkmenlerimiz jan edip, olaryñ
dillerinde--parsça jogap bermäge syýnanşýarlar, bu iş yýzygiderli dowam edip
gelýär, men-de şeýle bir şüphe döredi: «bu, parslar biziñ Türkmenlerimizi
şeýdip parsça ýazmaga endik etdirmejek bolmaýar alla!» Şeýle oýnunyñ soñunyñ
puçdygy, utulýanyñ ýene-de biz boljakdygy ikujsuz. Şoña görä ene süýdümizi
halal etjek bolsak, ene dilinde ýazmaly, ene dili, duýgusy bilen düşünjek
bolmaly, bu bir milli borçdur, milletçilik derejesine ýetenmiziñ nyşanydyr.
Men
bu girişi «Milli düşünjä» nädip ýetmek barasynda aýtjak sözlerim üçin ara
atdym.
«Milli
düşünje» diýildigi näme, geliñ bu barada giýñräk durup geçeýliñ.
«Türkmen» bir milletmi?
«Halk», «kowum», «millet» ýaly siýasy etnomimleriñ hersi özüne mahsus mana
eýe. Kä mahal dar düşünjä eýerýänler, bir milleti «kowum» (köwçümleýin oturan
halk) diýseler- mysal üçin Eýranda Türkmenlere «kowum» diýýärler, özüni hondan
bäri görýän şaunistler, bir kowmy «millet» derejesine göterýärler. Eýran,
ýurduñ ady, emma parslaryñ şaunistik terminologiýasynda bu toprakda
ýaşaýanlar, ýeke-täk bir milleti emele getirýär, olam «millet-e iran/
iran milleti». Eýsem, ýagdaý biz Türkmenlerde nähili?
Mälim boşluna görä Türkmenleriñ arasynda birnäçe esasy tire-taýpa bölünşigi
bar, olar häzir şulardan ybarat: Ärsary, Salyr, Teke, Gökleñ, Ýomut, Çowdur.
Bular şahalara, uruglara hem ownuk tirelere bölünýärler. Sorag şu ýerde,
Türkmen başda bitewi bir millet/ halk bolup soñra bölünipmi, ýogsa bu
tire-taýpalaryñ birigimeginden Türkmen milleti/ halky emele gelipmi? Muña
jogap tapmak üçin etnogaf alymlarymyz ençeme ýyllap ömrüni sarp etdiler, ylmy
işler ýazdylar, ýatan ýeri ýagty bolan professor Soltanşa Atnaýazov bar
ömrüni Türkmen etnonimlere sarp etdi, tire-taýplaryñ gelip çykyşy, ýer-ýurt
atlarynyñ manysy düşündirjek bolup ençeme ylmy iş ýazdy. Etnograf alym Ata
Jyýkyýev bu meselä jogap tapmak üçin Türkmistany paý pyýada diýen aýlanyp
çykdy. Şol alymlaryñ gelen netijelerine görä Türkmen halky başda bitewi bir
millet bolup, soñra dürli jeografiýa, ykdysady we siýasy sebäplere görä dürli
taýpalara bölnüpdir. Türkmen başda bitewi bir millet/ halk bolup soñra
bölünipmi, ýogsa bu tire-taýpalaryñ birigimeginden Türkmen milleti/ halky
emele gelipmi? diýen soraga jogap hökmünde ýene-de şu fakty-da agzap geçeýliñ,
irki döwür taryhymyzda ýokarda agzalan tire-taýpalaryñ birsine-de duş
gelnenok, biz bitewy Oguz ýa-da Türkmen diýilip taryhda yýz galdyrypdyrys.
Türkmenleriñ tire-taýpa bölünmegi ýokarda agzap geçişimiz ýaly jeografiýa,
ykdysady ýa-da siýasy şertler esasynda emele gelipdir. Bu esasan Mongollaryñ
çozunda, 14-nji, 15-nji asyrdan soñra Türkmenlere berilen gysyşlary
netijesinde başga ýurtlere göçmekleri sebäpli, şol jebir esasynda bolupdyr,
biz bu döwürde ilkinji gezek Türkmenleriñ arasynda täze atlara- has dogrusy
bölünşiklere gabat gelýäris. Ýaýlym gözläp bir tarapa gidenleriñ bir ady, bir
ýerde ýumak ýaly bolup oturanlaryñ bir ady, gök ýaýlalarda mesgen tutanlaryñ
bir ady bolup, dürli tire-taýpalar emele gelip başlapdyr. Abulgazy hanyñ
«Şejere Terakime»sinde tire-taýpalaryñ ýönekeý ýerden gelip çykandygy
agzalýar. Eserde, «pylanlaryñ hany gara ýagyz, olara Gara-lar»,
planlara Sary, pylanlar, baý/emir bolany üçin Ýermeli
diýlýär…diýen görnüşde gürrüñ berilýär. Eýranda Yraza şanyñ döwründe 1930-njy
ýyllarda ilkinji ezek dogluş şahadet hatý/sejil berip başlaýarlar, şonda geñ
hem ajaýyp, köp halatlarda kemsidiji äheñde familýa ady dakylypdyr. Muña
elbetde belli bir derejede özümizem günäkär, heý-de birisi özüne «kem»,
«kör», «kel», «pañ», «ketle», «pakga», «tana», «gotur», «bok burun», «gysyr»,
«ganjyk» «har», «syçmaz»… ýaly at dakarmy?! Özüñi, özüñ kemsidýän bolsañ,
duşmanyñ nädip kemsimdesin?! Men-ä bilmedim!
Özüni «Dünýä Türkmenleriñ lideri», «Türkmenistanyñ ýeke-täk hem ömürlik
prezidenti» saýan, adyny ýerdäki zatlar-a dursun, gökden inen meterik
daşlara-da dakdyran, dädesiniñ ady Atamyrat-ka, familýasy Saparmyrat Ataýeviç
bolan Niýazov iki gezek Balkana, bir gezegem Daşoguza baranda: «Siz ýomutlar
agyzala millet, sizden ýolbaşçy goýjak däl» diýip, tire parazlygy gös-göni
orta atyp, halkyñ azgyny alartmaga syýnanşdy. Hamana beýleki taýpalaryñ arsy
gülala-güllükmiş!
Mahlasy, başda aýdyp geçişimiz ýaly bu tire-taýpa bölünşigi, soñradan emele
gelen ýagdaý, onuñ negativ täsiri jemgiýetimiziñ depesinden bela bolup indi,
köp adamynyñ pikrini, ruhuny zäherledi, gyýnansagam käbir halatlarda henizem
bu zäher bir toparyñ endamyndan çykman gelýär we onuñ pis yýsy ýeke özlerini
däl, eýsem jemgiýeti, daş-töweregi-de bi-ynjalyk edip gelýär. Bu biziñ
«milletçilik» diýen düşünjä ýetmänimiziñ nyşanasy bolup görünýär. Oña tire
parazlyk belasy diýilýär.
Tire parazlyk belasy Türkmen jemgiýetiniñ taryhyna, diline, edebiýatyna,
medeniýetine, umum alnanda durkuna zyýanyny ýetirip gelýär.
Tire parazlyk belasy,
taryhy wakalary
beýan etmäge nähili zyýan
ýetirýär?
Soñky döwürde eli galam tutan käbir ildeşlerimiz taryhy wakalara örän
dugy/emotsiýa bilen baha berýärler. Mysal üçin Gökdepe urşuna deglip geçilende
günbatar Türkmenleriñ serkerdelerini ruslara satylan, dönük, haýyn edilip
görkezilmegi mahal-mahal agzalýar. Hamana Hazar ýaka Türkmenleriñ belli
ýaşulusy Kyýat han orsuñ adamsy, Hojanepes diýen bir täjir,
ilkinji haýyn we şm… ýöne Nurberdi hana, Gowşut hana gezek gelende olar
kem-kässiz serdarlar, Türkmen halkynyñ ideýal şahsyýetleri edilip görkezilýär.
Bu meselä azda, kem-de siñeräjik nazar aýlaýlyñ, sebäbi bu wakalar Türkmen
halkynyñ soñki 200 ýylky taryhynda, ululsumyzyñ häzirki ýagdaýa düşmeginde
tire parazlyk keseli diýseñ täsirli rol oýnap gelýär.
Hazar ýaka, Gürgendir Etrek derýalarynyñ boýlarynda ýaşaýan Türkmenler baryp
15-nji, 16-njy asyrlardan bäri «Gyzylbaş» şaýy mezhepli Sefevidler, Nedir
Owşar we Gajarlara garşy dyýnygsyz göreşip geldiler. Her döwürde şol
Türkmenleriñ arasyndan batyr serdarlar duşmana gan ýuwtdurupdyr, Aba
serdar, Weli serdar (Sefevidlere), Begençaly begdir Keýmir kör
(Nedir Owşara), Magtymguly han, Gurbangylyç ýomut (Gajarlara) garşy
göreşlerinde özlerinden şanly-şöhratly at galdyrdyrlar. Hywa ýomutlarynyñ Hywa
hanyna, Ärsarlaryñ Buhara emirliginiñ zumluna garşy göreşleri we bu ugruda
özünden batyrlyk görkezen merdana ärleri Annagurt Salyryñ Saragytda
Maşat häkimine garşy… soñky döwürlerde Garry galaly Gökleñleriñ,
ýomutlaryñ we tekeleriñ birleşmegi bilen Eýranly Japarguly hany yýzyna
tesdirmgi, Gowşut hanyñ, Mara çözüp gelen Eýranly serkerde Abbas mürzäniñ
goşunyny derbi-dagyn etmegi, Hywa ýomutlarynyñ, gyljyndan gan daman rus
generaly Fon-Kaufmana garşy «Gazawat» göreşleri, Ahal
ilatynyñ Skobeleve garşy merdana göreşleri, Jüneýt hanyñ
Bolşeviklere garşy…garaz sanasañ sogaby bar. Bu göreşleriñ barysy-biziñ-
bir millet hökmünde- busanjymyz, barlygymyz hem milli kimligimizdir.
Magtumguly atamyzda şeýle bentler bar:
«
Gaplañ kimin arlap girse meýdana,
Tilki
kimin baazy berse her ýana,
Duranda gaýa dek durup merdana,
Alar
ýerden at salyşy gerek.»
Ýa-da
«
Ýigidiñ hyýaly bolsa serinde,
Çykar
bir gün, çöküp galmaz garnynda,
Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde,
Ony
başarmaga kişi gerekdir.»
Beýik Magtymgulynyñ «hile» diýen taktini, milli eposumyzyñ baş gahrymany
«Görogly»da örän jaý ýerinde ulanypdyr. Bu «hile» temrinine bu günki söz bilen
aýdylanda diplomasy, siýasat diýp düşünmeli. Dünýä belli harby serkerdeler
diñe goşun güýjüne, ynsan faktoryna daýanmandyrlar, olar gerek bolan wagtynda
duşmany bilen şertnama-da gol çekipdirler, islemdik ýagdaýlarynda tarapyñ
şertlerine-de boýun bolupdyrlar, biz muña dünýäde bolup geçen urşlaryñ
taryhyny okanymyzda göz ýetirýäris. Sözi uzadyp oturman rus adamsy edilip
görkezilen Hazar ýaka Türkmenleriñ belli ýaşulsy Kyýat han meselesine dolanyp
geleýliñ.
Golaýda taryh ylymlaryñ doktrory prfessor merhum Aga Garryýeviñ «Soviet
Edebiýaty» jurnalynyñ 1948/49-njy ýyldaky sanlarynda ýazan giýñişleýin iki
sany uly göwrümli makalasyny okamak meýesser etdi. Şonda alym, Eýran şalarynyñ
Hazar ýaka Türkmelere garşy agressiv hereketi hakda gymmatly maglumatlary hem
faktlary görkezýär. Alymyñ pikriçe eger şol döwürde Kiýat han Orsýet bilen
şeýle ylalşyga gelmedik bolsa, Etrek-Gürgen Türkmenlere öwezüni dolduryp
bolmajak zyýanlaryñ ýetjekdiginiñ hokmanydygyny nygtaýar. Eserde getirlen
faktlary bujaz makalada ýerleşdirmek mümkin däl, islene olary görkezip
bilerin, şeýle-de nesip bolsa olardan «Türkmenleriñ soñky 200 ýyl taryhy» atly
işimde peýdalanaryn.
Kyýat hanyñ tagallasy bilen Türkmen, pars arasyna araçäk bellendi, ol
araçäk parslaryñ taryhynda «Jer-r Kalbad/
جر کلباد
Kelbadyñ jary/käli» ady bilen meşhur. Araçäk, baryp Hazar ýaka pars otrymly
Behşeriñ Kelbad obasyndan başlanyp, Garasu akarynyñ ýany bilen Akgalanyñ
mañlaýyndaky geçip, Gürgeniñ/häzirki Kümmetgowzuñ garşyndan geçip
gidýär. Araçäk belligi henizem kä ýerlerde göze ilýär, ol edil «Gyzyl alañ»
ýaly depejik bolup görünýär.
Eger
Kyýat han 1928-njy ýylda Eýran bilen Orslaryñ arasynda baglaşylan «Gülüstan»
şertnama dabarasyna gatnaşyp, Türkmenleriñ bähbidine degişili maddany
girdirmedik bolsa, Türkmenler gaty horlanardy. Kyýat hanyñ tagallasy bilen
Eýranyñ harby gämileriniñ Hazar deñzine girmegi gadagan edildi. Ondan oñ,
Eýran harby gämileri bilen Kümüşdepäni, Hojanepesi top okuna tutup, Türkmeni
köp horlapdy.
Kyýat han Hazar ýaka Türkmenleriñ nebit, duz, deri hem balykçylyk söwdalarynyñ
ösmeginde, söwdügärlere täze bazarlary tapyp bermekde-de uly hyzmatlar
bitirdi. Hywa hany bilen ýaraşyp, bu ýerde asudalygy berkarar etdi. Bu
şahsyýetiñ, Türkmenleriñ bähbidini goramakda bitiren hyzmatlaryny inkär etmek
uly gödeklik bolar. Bu ýolda diñe Kyýat han däl-de hatta onuñ ogly
Ýagşymämet-de janlaryny gurban etdiler, olar ýat ýerde, watandan uzakda ýagty
jahan bilen hoşlaşmaly boldular.
Ruslaryñ hüjümine garşy Türkmenleriñ göreşi 1860-njy ýylda başlanýar. Ol
1881-nji ýylda barjak ýerine baryp ýetýär. Pioter 1-nji 1713-nji ýylda Hywa,
1715-nji ýylda bolsa Türkmenleriñ arasyna içlilerini gönderýär, 1716-njy ýylyñ
20-nji sentýabrynda Bekoviç Çerkasky 6350 adam hem 6 sany mis, 9 çoýun top
bilen Astrahandan, Hazaryñ gündogar kenaryna ugraýar. 9-njy oktýabrda Hazar
deñziniñ gündogarynda, Tüp-Gaganda-da harby berkitme gurýar, ol soñra
dura-bara Gyzyl suwy (häzirki Şagadamy) basyp alýar, soñra Hywa giden
bu hyýalbent rus harbysynyñ başy şol ýerde kesilýär. 1777-nji ýylda Mañgyşlak
Türkmenleri ruslaryñ täze hüjümine uçraýar. «Galtaman Türkmenlere» garşy
harby, jeza beriş ýörişleriñ yýzy üzülmeýär. Bir trapdan Eýran, bir tarapdan
Rus emperatory Türkmenleri gysaja salýar, esasan ruslar bäsdeşleri Britan
kloniýalystlary bilen biziñ topraklarymyzda güýç syýnaýar. 1813-nji ýylda
Rus-Eýran urşy, Gürgen Türkmenleriñ Astrabat häkimine garşy goranyş göreşleri,
Hazaryñ gündogarynda «Nebit dag»da nebit ýataklaryñ tapylmagy, bu ýerleri
basyp almakda ruslaryñ işdäsini açýar. Esasan 1867-nji ýylda Orta Aziýanyñ
baslyp alnan ýerlerinde Türküstan-gübernatorlygy emele getirilip, onuñ başynda
soñra Hywa Türkmenlerini gana çaýkan K.P. fon-Koufman goýulýar. 1869-njy
ýyldan başlap, ilki bilen Markozovyñ baştutanlygynda, soñra ermeni
asylly Lazarovyñ (onuñ hakyky ady Lazariýan) ýolbaşçylygynda,
Hazar ýaka Türkmenleriñ gozgalañlaryny basyp ýatyrylýar, şonda soñra, Köpet
dag eteklerine ýörişe girişilýär. 1881-nji ýylyñ 12-nji ýanvarynda Gökdepe
galasynyn syýnmagy Türkmenleriñ ýeñilmeginde öwrüliş nokat boýlar. Men bu
kijijik makalada hüjümleriñ jikme-jigi hakynda durup geçmedim, sebäbi ol
gürrüñi uzaga çekdirer hem biziñ orta atan esasy meslämizden daşlaşdyrar.
Sorag şeýle, näme üçin Türkmenler ruslaryñ, ýa-da eýranlylaryñ hüjümlerine
garşy agzybir durup bilmändirler? Ruslar Hazar kenaryna gelenlerinde,
olaryñ beýleki ýerleri, Ahaly, Maryny aljaklaryna göz ýetirilmedimi? Bitewy
bir millet bolup, «Gazawat» söweşinde näme üçin Hywadaky ýomutlara ýardam
berilmändirler? Näme üçin Gökdepe urşunyñ öñ ýanynda Ahalyñ ýaşullary beýleki
Türkmenler bilen birleşip bilmändiler? Duşmanyñ agyr leşgerini gören, olaryñ
ok-ýaraglarynyñ güýçlidigine göz ýetiren Ahalyñ hanlary, näme üçin diplomasy
taktikinden peýdalanmadylar? Diñe hyrly tüpeñler, gyrkylyklar we ýekeje mis
top bilen şeýle agyr goşunyñ öñünde durup bolmajagyna göz ýetirip bilmändiler?
Näme üçin Gurbanmyrat işanyñ «ýa alarys, ýa-da barymyz öleris, bu urşuñ
takdyryny Alla kesgitländir» diýen pikrine gulluk edilip, müñlerçe goragsyz
adam, aýal-ebtad gyrgyna berildi? Elbetde rus generaly Skobelev bilen
ýaraşyk ylalaşyga gelenem bolsa urşuñ netijesi başgaça bolmazdy, ruslar
Türkmen topragyny basyp alardylar, ýöne, belki-de ölüm-ýitim az bolardy
diýen pikri öñe sürýänlerem az däldi, urşuñ öñ ýanynda näçe gezek maslahat
geçirildi, şol maslahatlarda dürli pikirler orta atyldy. Indi, käbiri
öz-ara gürrüñlerde beýleki Türkmenleriñ Gökdepe urşunda Ahal ilatyna kömek
bermediler diýen ýersiz soragy ara atyp, tire parazlyk etmekçi bolýanlar-da
bar, beýleki Türkmenleriem: «biz gyrylýarkak, siz nirdediñiz?» diýen
soragy berip bilerler, ýöne beýle gapma-garşylygyñ dowam etmegi, henizem biziñ
«milletçilik» düşünjä ýetmänligimiz görkezip biler.
Bir söz bilen aýdylanda tire parazlyk düşünjesi bilen taryhy
wakalary beýan edip bolmaz, olara real baha berilmaz, beýle düşünje, emi
tapylmadyk keseldir.
Tire parazlyk belasynyñ
Türkmen diline,
Nähili zyýan ýetirýär?
Başda agzap geçişimiz ýaly häzirki Türkmen topraklarynda ýaşaýan ähli
tire-taýplar bir «Türkmen milletiniñ» durkuny emele getirýär. Olaryñ arasynda
dil hem söz babatyndan öz boluşukly şeýle bir baýlyklar bar welin, diýseñ
guwandyryjy. Hazar ýaka Türkmenleriñ arasynda deñiz, balykçyk, awçylyk bilen
baglanşykly sözler mysal üçin belki-de gündogarda ýaşaýan ildeşlerimiziñ
arasynda ýokdur, ýa-da gündogardakylaryñ arasynda ekerançilik, bakçaçylyk
hakdy sözlere, temrinlere, adalgalalara, günbatarda ýaşaýanlaryñ arasynda az
duwş gelinýär, maldarçylykdyr at bilen baglanşykly günorta hem Garagumda
ýaşaýan ildeşlerimiziñ arasynda örän köp söz baýlygyna gabat gelinýär.
Bulardan başga Türkmensährada, demirgazyk Owganystanda ýaşaýan ildeşlerimiziñ
arasynda-da dura-bara ulanyş galmak howpuna duçar bolýan söz baýlygynyñ
bardygyny bilýäris. Eger-de bu sözler ýygnalman, Türkmen diliniñ söz
baýlygyna, sostavyna/hataryna girizilmese uly ýalñyşlyk bolar, bolubam geldi
hem gelýär.
Türkmenistanda 1962-nji ýylda düzülen «Türkmen diliniñ sözlügi» kitabyñ
sözbaşy bölüminde: «18-nji, 19-njy asyr Türkmen edebiýatynda duş gelýän
düşünjesi kyýn bolan sözler… diýalekt sözler… seýrek ulanylýan temrinler,
geografik atlar, has atlar…sözlüge girizilmedi, alynmady.»
Diýalekt diýilýäni näme? Bary-ýogy näçe million Türkmen diliniñ ýarpy
sözlerini, terminlerini diýalekt diýip alman bolsalar, onda haýsysy «çyn»
Türkmen sözi boýlar? Belki-de sözlülkde ulanylan we olaryñ sany sözlügüñ umumy
sözleriniñ birnäçe protsentini emele getirýän rus-latyn «agrar», «agronomiýa»,
«adres» ýaly sözler Türkençedir?!
Dogrusy, «Sözlügi» düzenler-de tire parazlyk keselinden saplanyp bilmändirler
bu gaty gyýnandyryjy. Türkmenleriñ arasynda asyrlar boýy aýdylyp gelýän «däde»
diýen söz bar «eltme men han dädemiñ ýanyna- aýdymdan», günbatar Türkmenleri
agaçdan salnan jaýa «tam» diýýärler, onuñ üstüne/üçegine «çaty», ýerine
düşmedik emeli ýasalan «ýer zemiñ» ýerine «tam aşagy» diýýärler. Ähli
Türkmenleriñ arasynda şu we şuña meñzeş ýüzlerçe, belki-de müñlerçe sözi,
adalgany Türkmen diliniñ hataryna goşsa bolardy, olar goşulmady, hamana
«diýalekt» diýilip, alynmady. Beýle işe ýol berenler diñe Türkmen halkynyñ dil
baýlygyna görüpçilik etdiler, başgaça aýdylanda tire parazlyk etdiler. Bu iş,
biziñ henizem «milletçilik» düşünjä ýetmändigimiziñ şaýatydyr.
«Ýer
gaty bolsa öküz, öküzden görer» diýen nakyl bar. Şoña eýerýänler başymyza
inen ähli bela-beterleriñ sebäbini daşky faktorlardan gözläp, içerdäki
kemçilikleri görmezden gelýärler. Içki sebäp bolmazdan, daşky faktor doly
derejede emel edip bilmez, şoña görä bir waka baha berlende onuñ hem içki
hem-de daşky sebäplerine real baha bermeli, dar düşünje bilen taryhy wakalara
baha bermeli däl. Beýle edilse ol çäresiz tire parazlyga alyp geler, tire
parazlyk bolsa Türkmen jemgiýetine «AIDS» keselinden howpludyr.
Türkmen milletiniñ öwlatlarydygny, bir millete gulluk
etmelidigimizi unutmaýlyñ, şonda «milletçilik» düşünjä eýerip bileris. Men bu
makalany başardygymça sowuk ganlylyk bilen ýazmaga çalyşdym, «içi ýanan
Tañrysyna-da söwüpdir» diýýärler. Şoña görä galmdaşlar, gaýrat ediñ-de tire
parazlyk keselinden uzagrakda durjak boluñ.
Sözümi beýik Magtymgulynyñ şu beýti bilen jemlemýärin:
«Bir birini çapmak, ermes ärlikden,
Bu iş şeýtanydyr, belki körlükden,
Agzalalyk aýrar ili dirilikden,
Munda döwlet dönüp, nobat duşmana gelgeý.»
Prag- Çek jemhuriýeti,
2006-njy ýylyñ 14-nji ýanvarý
|
|
استفاده از
مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد |
|
|